16:56 Dirilik suwy / roman | |
BIRINJI BÖLÜM
Romanlar
1. «Biz üçdüris – lukman, hassa, kesel. Hassa haýsy tarada bolsa, şol tarapam ýeňýändir» Lukman Hekim. «Saglygyň gadryny bilgil, Hassa bolmazdan burun» Magtymguly Pyragy. «Bendäm bendäme sebäp» Halk nakyly. «Düýedabanyň hurmasynyň suwuny gözüňe damdyrsaň, gözüňde bar dertlere derman bolar. Eger içseň ýüregiňe, bedeniňe, aşgazanyňa, bagryňa gurbat berer» Gündogar lukmançylygyndan. Gün dogup al-asmana galypdy. Dawut henizem baglaň gür ýapraklarynyň arasyny böwsüp gelýän güneş tyglarynyň zarbyna ýüzi-assary jirim-jirim bolan köne ýorganyna bulaşyp, özüni alyp bilmän, ýarym ukuly, ýarym oýa, çalajan, serim-sal bolup ýatyrdy. Etrabyň «Akgala» daýhan birleşiginiň arryk malyny bakýan Aman aga bu bolgusyz, indi on-onki ýaşasa-da, hiç zadyň alyndan bolman, gününi bihepbelik bilen geçirýän, çalajan agtygyna näme diýip-aýtjagyny bilmeýän ýaly, onuň edil üstüne abanyp, hemişekisi ýaly heňkirip başlady. – Abbab, pah-pah, lem-lem, häk, lem-lem, häk! Aman aga doga laldy. Ol sözüni düşündirip bilmese-de, närazylygyny, razylygyny bildirýärdi. Özüniň ýakynlaryna, esasanam uly ogly Toýly öküzüň nowbahar ogly Dawuda hökmürowanlyk bilen diýenini etdirýärdi. Häzirem, ol arryk malyň sürüsini ýoluň sag ýüzündäki öleňlik käle kowup gelenden soň, çaý-suw tamakinçiligi bilen agtygyna habar gatýardy.... Aman aganyň agtygyndan diýeni çykybam baranokdy. Indi tomsuň ortaky aýy gojanyň süňňi gyzyp, göwni çaý küýseýärdi. Emma suwy allaowarralardan getirmelidi. Suw bolaýanda-da, bir ýerlerden çyrpy, beýleki getirip, ot ýakmalydy. Ot-ojak bolup, çaý gaýnanda-da, saçakda bir dişlem çörek ýokdy. Goja düýn agtygyna «oba gidip, çörek alyp gel» diýe-diýe, dili syrylara geldi. Emma Dawut ýaltanyp, atasynyň diýenini etmedi. – Han-a, etmese, onuň özem, açlygyndan ýerinden galyp bilmän bulaşyp ýatyr-a. Aman aga «ýatsaň ýatyplar geç, seniň çydan ýeriňde menem öz günümi görerin...» diýen manyda jibir-jibir edip wala-walalap, hababaýlap, ýene sürä bakan gitdi. Dawut atasynyň bolşuny hiç halamaýardy. Ol «Abbab, pah-pah, lem-lem, häk, lem-lem, häk!» diýip, gaty-gaty gygyryp, atasynyň agzyna öýküne, öýküne özüni ele aldy. Ol atasy gidensoň: – Öläý, keçje tentek lal! Öläýseňem, etjek däl! – diýip töweregi ýaňlandyryp gygyrdy. Barybir onuň gargynmasynam, sögünmesinem Aman aganyň bagly gulaklarynyň ömür-hä eşitjek gümany ýokdy. Ýöne indi Dawudyň özüniň hem içi gorlap gidipdi. Bir zatjagaz garbanaýmasa, boljak däldi. Dawut yra-dara bolup düşeginden galdy. – Aý, menem-äý, ýatanam bolýan-a. Ýatanyňa-da degenok-laý. Gaýta ýadap turýaň-ow. Indi ölsemem ýatjak däl. Däli ýaly, gijesi-gündizi sümsünip, şu töwereklerde tentirejek ýörjek. Ol bir salymdan pikirini üýtgetdi. Bir gapdalda tozanyň içinde bulaşyp, ýykylyp ýatan tüňçä gözi düşdi. Ol öten agşam baryp, «Gotur gowagyň» gapdalyndaky şaglawukdan atasyna sowujak suw getirip beripdi. Aman aganyň hiç kimiňkä meňzemeýän bir täsin häsiýetleri bardy. Ol bir-ä, garaňky ýerde öldür, ýatyp bilmeýärdi. Şonuň üçin bu obadan-ilden kowlan ýaly, bir çölmaganyň çölünde, ne ot bar, ne odun bar, ne-de çyra-pyra bar ýerine hyklap-çoklap ýörşüne, güni şu bolgusyz çaga galypdy. Näme diýse-de, ýalta, iş hoş ýakmaýan ýakymsyzja bolsa-da, lal gojanyň dadyna ýene şol oglan ýetişýärdi. Häzirem, Dawut özüne zor salyp diýen ýaly, ýatan tüňçäni alyp, şarlawuga bakan keýpsiz mytdyldap, haly harap ýaly bolup ýöräp başlady. Ol atasynyň ikinji bir häsiýetini ýatlady, goja öldür, gara suwdan ganmaýan adam boldy. Her gije, ýatmazynyň öň ýanynda onuň gapdalynda bir kündük sowuk suw bolaýmalydy. Onuň öz-ä gije sürüden daşa öldür, aýagynam sekmezdi. Onda-da, gijesi-gündizi içinde it ölen ýaly, ýakymsyz bir ys porsap duran «Gotur gowak» tarapa aýagynam ätmeýärdi. Onsoň, suw getirmek gezegi diňe Dawuda galýardy. Onuň atasynyň ýene bir «ile gelmeýän häsIýetjiginiň bardygyny» oglan gahar bilen ýatlady. Atasy mahal-mahal bir ýerjagazda ýygşyryp goýýan alýumin tüňňürjigini eline alyp, agtygynyň ýanyna gelip, garşydaky gara daglara elini uzadyp «haba-baý-lap» başlaýardy. Bu onuň, «bar, şu golaýlarda ýatak tutup ýatan tanyş çopanyň sürüsine bar-da Aga Jumanazardan epirik alyp gel» diýdigidi. Ine, atasynyň bar ýumşy bir ýana, Dawut üçin şu ýumşy bir ýaňady. Birinji bilen, eşegi bir ýerlerden tutup, alyp gelip palanlamalydy. Soň güni bilen gidip, gidip, baryp, ýüzünden gar ýagyp duran çopandan epirik dilemelidi. Aga Jumanazar ýüzi awulykly ýaly agyr, hyrsyz bolsa-da, gowy adamdy. Ol oglanyň atasyny sylama kemini goýanokdy. – Ho-ho, açjan, gel! – diýer. – Soňam öz eşeginiň üstünde güni bilen bulkuldap, ýaýylyp ýatan deri ýanlygy getirip, oglanyň elindäki tüňňüri ýagly eprikden doldurar. – Al, Açjan, özüňem iç! – diýer. Dawut «ýok» diýse-de, ýoguňa-poguňa bakman, hiç bolmanda bäş-alty owurd-a içirerdi. Dawut ol ýerde birhili, utanypmy, gelşiksiz görüpmi, içmese-de, ýolda eprikden ýagşy ganýardy. Ol gidende näçe kynam görse, gelensoň, atasy bir gönenip içensoň barysyny ýadyndan çykarardy. Ýöne Aga Jumanazar aganyň: – Nädýä, Aman aga azar berenokmy? – diýmesi, soňam, – Açjan, azar berse-de, näme diýse, heýç «ýok» diýmegin. Bo-ow, ol işleriň bilýeňmi, näçe sogaby bardyr. Bo-how. Hudaý seni gaty gowy göreni üçin egsilmez hazynanyň başyna eltendir. Olara hyzmat etseň, ýagşylygyň, sogabyň hazynasydyr, bo-ow! – diýmesi welin, ýaş oglanjygyň hiç ýadyndan çykanokdy. Ol şu tomsuň özünde, şu ýarawsyz halyny eýýäm, iki-üç sapar Aga Jumanazaryň goşuna eşekli gidip, atasy üçin epirik alyp gelip, şol sözleri telim eşidipdi. Ol «Gotur gowakdan» keseräkden akýan şaglawugyň başyna baryp, ýüzüni-gözüni ýuwdy. Soň tüňçesini ýuwup, çaýkady. Suwdan doldurybam, yzyna gaýtdy. Ol häzir şaglawukdan çaýa, ondanam tutuş jülge bilen aşaklygyna syryp ilerki ýylçyr gaýalara bagryny oýkap gidýän bulut ýaly gara baglaryň owadan keşbini, bu töwerekleriň ertekidäki ýaly keramatly owadanlyga beslenip durşuny görüp bilmeýärdi. – Haý, gutaran çopan-eý – diýip, ol ýokardan aşaklygyna kynlyk bilen düşüp gelşinie, demini däbişekläp alyp – nähili ýagşylyk, nähili ýamanlyk, ony ýanynda bolan bolsaň bilerdiň welin. Näme, gury öwüt bermek aňsat-da– diýip çaga gaharjaňlygy bilen özbaşyna hüňürdedi. Ol ajaýyp owadanlyga çümüp üýtgeşik ysa beslenen salkyn demini burkudyp oturan baglaryň aşagy bilen goşa bardy. Aman aganyň goş tutan ýeri, hakykatanam, juda täsin ýerdi. Öz-ä maşyn ýoluň gapdaly. Täsin bir göwün göteriji baglyja böwür. Iki sany garry türkmen arçasy, iki düýp erik, iki düýp injir, iki düýp nar, ýere ýapyrylyp, nähili miwesiniň bardygam belli däl üzüm, iki düýp hoz, iki düýp endap, iki düýp alyç, alçek, iki düýp garaly, birküç düýben itburun. Gyrada-da iki düýp dag armydy bilen bir jübüt dag üljesi, bolany. Bujagaz bagyň giden gyrasynam garamykmy, beýleki gyrymsy baglap tutup gidýärdi. Kim ekenem bolsa, olary goşa-goşadan-a ekipdir. Geň ýeri, bu ýerde suw-söl ýogam welin, agaçlar, edil günde suwarylyp, derslenip, timar berlen ýaly. Juda timarly. Asyl. ýekeje-de döwlen, guran şahasyny tapjak gümanyň ýokdy. Gyradaky ullakan armytlar edil, bolsady ekilen ýaly, miweden basyrylyp durdy. Iň geň görmeli ýeri, itburunyň miwesi tomsuň şu yssy günlerinde-de düzüm-düzüm bolup durdy. Bu ýeriň haýran galmalyja bir täsinligi bardy. Bu baglyja böwre möjekmisiň, tilkimisiň, şagalmysyň, aýagyny ätjek gümany ýokdy. Onuň näme sebäpdendigini Dawut bilenokdy. Ondan başga-da bu ýerde, iň bärkisi garynjaň, möýüň, içýanyň bir bolsun-la. Şolar, egdil, derman diýseňem tapdyrjak däldi. Näme üçin, belli däl! Has geň görmeli ýeri, bu ýerdäki itburunlaryň aşagynda süri-süri bolup, käkilikler ýatýardy. Olar gündiz-ä däl, agşam arryk mallar şu ýere gelende-de ýatan ýerlerinden butnaýynam diýenokdy.... Iň bir täsin ýeri gidip, gidip, ýeriň aşagyndan edil bir aždarha molan ýaly, bir edrenç ses gelip-gelip gidýärdi. Bu ýeriň syrly täsinlikleri kändi, bujagazlar diňe ýaş oglanyň geçen birki aýda görüp, bilenleridi. Beýleki syrlaryny kimden eşitjek, kimden diňlejek. Atasy Aman laldanmy?!. .... Oglanyň oturyp karary ýetmedi. Her näçe hykylasa-da, atasynyň halyna halys dözmedi. Ol gaýraky çaglymtow şiremden aňyrda bir wagtlar kimdir biri odun üçin kerkawlaryň ýogynrak ýerini alyp, taşlap giden gurap süňke dönen çyrpylaryndan süýräp gaýtdy. Getirip, tüňçesini ojaga goýup, onuň aşagyna ot ýakdy. Töwerekleri süpürişdiren boldy. Töweregiň arassa kemi ýokdy. Aman aga gijäni ot ýakyp geçirensoň, bu töwerekleriň göze ilerräk odun-çöpün-ä däl, dyrnak ýaljak saman-süplüginem gyzylyň gyryndysy ýaly edip, çöpläp, ojaga atýardy. Şonuň üçin, bu ýerleriň arassalygyndan Dawut gaty arkaýyndy. Şonda-da özüniň pür-pudakdan ýasan sübsesi bilen bu töwerekden birlaý geçdi. Emma ol eýýäm ýadap, derden ýaňa, gara suw bolupdy.... * * * Aslynda-ha, Dawut doglanda kemis doglup, indi-indi adam sanyna goşulan bolup ýördi. Ejesi Annajemala nowbahar ogly ölmese boljakdy. Ol ogluny mekdebe ugradanda-da yzyndan boýurganyp-boýurganyp galýardy. Gün yrman, hut ogly bäşinji synpa geçýänçä, Alladan ogluna ak bagt, saglyk diledi. Ýöne Dawut iliň çagasy ýaly, ers-mers bolup gidiberenokdy. Gaýta, gün-günden çyrçyklan çaga ýaly, ebgarlap barýardy. Ýöne, enäniň aladasy, derdi, gorkusy, bu «haýwandan sähel tapawutly» erkekleriň ne azaryna, olar Annajemalyň haýyna-waýyna bakman, hal-ha, ýarawsyz balajygyny «Gotur gowak» diýen ýere alyp gitdiler – diýip närazylyk bilen oýlanýardy. Özem, ogluny göresi gelip, ýüregi üzülip barýardy. Dawudyň içine giden goýun gözli, çekgeleri içine çöküp, hor maňlaýynyň, duluklarynyň derisi sypyrylyp, maňlaýyna ýygnanany üçin gaty myrtar görünýän gorkunç ýüzi, gözüniň aşak ýüzündäki süňkleri çykyşyp, jallyk agzy, hor bedigörk görkezýän böwrek ýaly dodakly, tutaç ýaly gulakly didary boýurganyp, ýene-de onuň düýşüne girdi. Annajemal daň ataryna howlukdy. Onuň göwnüne bolmasa, bu hor, betbagt ogly, gözünden gaýyp bolaly bäri, bogazyndan ýeke damja suw ötürip bilmän, öňküdenem hor-homsy bolup ýören ýaly duýgyny başyndan geçirdi. Ol adamsy turan badyna onuň yzyna düşüp, hajathananyň işigine barýança gitdi. – Näm-how, beýle, ir bilen yzyma düşüp ýörsüň. Näme düýş dagy ýordurjak bolýaňmy? Annajemal hamsykdy. – Dawut jan bir erbet bolup düýşüme giripdir-de, Toýjan däde jan. – Näme bolup? – Boýurganyp, boýurganyp, «Eje jan, ýetiş!» diýýe, balajygym. Bir bala bolandyr, Toýjan däde, bolmasa beýdip düýşüme girmez-ä, çaga… Sen olaryň yzyndan gidip, birje baş çekip gaýt. Iki sany ýarawsyz adamy beýdip, it iren ýaly edip idegsiz, soragsyz goýmaly Toýjan däde jan. – Ol jalbaryny çekip hajathana girip barýan adamsyna özelenip ýalbardy. – Toýjan däde, olaryň hurşam, çörek-çaragam gutarandyr indi. Ýa özüm gidibereýin-hä? Toýly öküz sögünjiräp, hüňürdeý-hüňürdeý hajathana kürsäp urdy. Annajemal ol çykýança şol duran ýerinde sary-sadylla bolup durdy. Adamsy çykandan soňam, ýene hamsygyp gepläp, şol bir diýenini tutdy oturdy. – Jan Toýjan däde, neneň dözýesiň, biri, dädeň, biri balaň. Olaryň gidenine näçe gün boldy. Gidenlerinde sähel çörek äkitdiler-ä. Hurş barada gepem ýok. Sen adam çagasy ahyryn, jan Toýjan däde, sen neneň dözýeň, neneň şirin janyň agyranok. Men gijeler ýatyp bilemog-a. – Ol silkinip, silkinip eňredi. – Balajygym, ejeň gursun, seni nädip şol ýerlere dözüp bildim. Men diri bolsaňam razy indi. – Annajemal edil bir aklyndan azaşan ýaly, düşnüksiz-düşnüksiz gepleý-gepleý içeri sümlip gitdi. Toýly öküz apaň-apaň basyp öýe girdi. Onuň öküz diýseň bärden gaýdýan, edil bir däli öküzüňki ýaly käse ýaly, bitaý ala gözleriniň biri ýere, beýlekisi kesä garap, mölterlip, töweregine şübheli garady. Ol aýalynyň kendirik ýazyp, un eläp oturşyny görüp, öküzüňki ýaly äpet kellesini göterdi. – Haçan?! – diýip düşnüksiz samyrdady. Annajemal onuň ýüzüne mölterlip seretdi. – Gitjekmi, hä, özüňjik gidagajakmy? Derrewjik, men bişirip alagaýyn. Açjyk otur, azajyk.... Toýly öküz ýuzüni kesä sowup, gyňyr gepledi. – Özüň-ä, adam-a ýorgandan turup turman dökýeň ýagyny. Indem «açjyk otur» edýäsiň. Bilemok. Ýarym sagatdan gidýen. Ýetişmeseň, özüň äkidiberiň! Annajemal elindäki elegini saklap durşuna: – Waý, Toýjan däde jan, men nädip äkideýin. Ine, şu şeýle-dä. Toýly öküzüň gyssamasy haýyr etmänem durmady. Annajemal edil bir aýagy bişen ýaly, ylgap-ylgap çörek bişirdi. Agşamky çykaryp goýan etinden tamdyra bäş-alty sany somsa ýapdy. Işikdäki agaç paýadan asylgy süzme haltany getirip, syrçalyja pitini dolduryp, süzme guýdy. Bulaň baryny ýüň saçaga düwüp, edil ýarym sagatda däl, ondan sähel aňňyrrak wagtda, taýýarlap, köne motorynyň daşynda köw-söw edip ýören adamsyna eltip berdi… * * * Tüňçe lakyrdap başlady. Çaý bolanda näme, gäwüşär ýaly zat bolmasa, saçak şyr takyr, töwerekde, miwe beýleki bar bolsa-da, heniz suwy süýjän zat ýok. Oglan oýlandy, oýlandy, ahyry, «gömme bişirmegi» niýetine düwdi. Ol heniz hamyr diýen zada elini urup gören adam däldi. Ýöne öýde ejesiniň, düzde atasynyň hamyr edip, çörek bişirişini görüpdi. Atasy bolsa, hamyra bulaşyp, ýary ýanan, çig-çarsy gömme bişirýärdi. Dawut atasynyň kirli, gap-gara eli bilen mynçgylap bişirýän gömmesini ýigrenýärdi. – Eliňi bir ýuw-ow! – diýip jynssyz ses bilen hyňranýardy. – Ony adam iýmel-ä! Aman aga däliräp açylan öküzüňki ýaly gyp-gyzyl gözlerini agtygyna tarap bir agdaryp: – Hawub, hamyň pah, pah, bäk-bäk! – diýip goýbererdi-de, ýene öz işi bilen bolubererdi. Ýöne dogrusyny dogry aýtmaly. Ilki bir halamasaňam, ýigrenseňen, içegeleriň jugurdaşyp alyp barýarka, şol «ýigrenji « gömmeden bir bölegi iýende, jany heziller edýärdi-de, atasynyň gara, kirli eli, myrtar ýüzi ýadyndan çykardy. Ol häzirem, baryp, tamçadaky unly sanajy sermeledi. Sanaçda ýeke gysymam un ýokdy. Ýöne, it ýaly üçin unly sanaç welin ep-eslije bolup durdy. «Atylan ok daşdan gaýtmaz» diýenleri ýaly, oglan it ýaly üçin getirilen undan ep-eslini jama guýdy. Soň hyklap-çoklap hamyr etdi. Ol öz ýanyndan atasyna «Eli-dagy hapadan, kirden görer ýaly däl» diýip girrelen bolsa-da, öz eli-de şonuňkydan arassa däldi. Ol şonda-da «elimi ýuwaýyn» diýmän, gaýta: – Aý, birinji sapar bir bişireýin, özümiz iýmesek, itlere bolar-a. Özüm-ä öläýsemem datman, bu it ýalyňyzdan, gedaýlar!– diýip, hüňürdedi. Aman aga kömekçi bolup ýören iki iti bardy. Ýöne, geň ýeri, itler bu böwre, goşa aýagynam sekenokdy. Olar mydama süriniň ýanyndady. Aman aga özi aç bolsa bolýardy, emma itlerini hor etmeýärdi. Ol ýanynda itleri üçin bir zatjagaz göterer ýörerdi. Oglanjygyň eden hamyram ile meňzeş bolmady. It ýalylyk un, durşuna kepek bolup ýatyrdy. Onuň üstesine, hamyrmaýa daşa dönüp, göm-gök zeň bolup ýatyrdy, duz gaty iridi. Onda-da Dawut işini taşlamady. Ol howlukman, oturan ýerinde telim wagtlap işi bilen hysyrdandy oturdy. Gün edil depä galanda kölege ýagşy goýaldy. Baglyga ýakymlyja aram akyp geldi. Oglan közi çöken ojagy dörüp, çörek üçin takyrjak ýer etdi. Soň näme bolsa bolaýmaly, tegelek hamyry közüň demine bugaryp duran takyr ýere goýdy. Gyralaryny düzetdi-de, üstüne ýukajyk kül, onuň üstüne-de, köz çekişdirdi. Ol dikeldi-de, atasynyň geläýmeli ýoluna seretdi Sürem, atasam görnenokdy. Gaýnap-gaýnap tüňçäniň suwy egsilipdi. Ol gaýnap duran tüňçäniň suwuny jama eňrerip, ýene şaglawuga tarap eňdi. Soň ep-esli ýerden yzyna gaýdyp, jamdaky suwy töwerege seçip goýberdi. Suwdan boşan jamy hem ýanyna alyp, ýoluna gitdi. Aman aga tüňçe täzeden gaýnan mahaly geldi. Onuň hor, tüý basan türşek ýaly bolup giden kiçijik myrtarja ýüzi gara ýanyk bolup gidipdi. Ýaşuly öňüne salyp gelen eşegini bir gapdala kowup goýberdi-de, Dawuda garap: – Ba-bab, akl-agyl, ma-mah – diýip, elini ýoluň aňyrsyna uzatdy-da, gap-gara kirli aýasy bilen bokurdagyny syhady. – Pyh, ikk, badu mykku! – diýdi. Soň eli bilen kirden, derden ýaňa, reňkiniň nähilidigi bildirmän duran melemtil köýnegini egninden çykarjak ýaly etdi. Dawut atasynyň ýüzüne garap durşuna, gojanyň ýüzüniň edil tamdyrdan çykan repidäniňki ýaly ýüzüni, jöwzadan, teşnelikden ýumulmaga-da ýaraman duran kesmek-kesmek, kirli dodaklarynyň, tüýe basdyrylan dişsiz agzynyň daşyndaky ýary kesmege öwrülen, ýarysy heniz ýakymsyzlygyna duran ap-ak köpügi, şullaryp, tepbet yssydan ýaňa gyp-gyzyl bolan hyýrsyz gözlerini çaga dözmezçiligi bilen synlady-da, başyny atdy durdy. Ol atasynyň näme diýjek bolýanyna düşündi. Ýaşuly oňa şu gün meýdanda haram ölen arryk mallar barada aýdýardy. Olary soýup, derisini alyp, maslygy ýoluň aňyrsyndaky «maslyk agaçdan» asmalydy. Bu iş oglana öňem tanyş bolsa-da, onuň iň ýigrenýän işidi. Ol atasynyň tabşyrýan haram ölen mallaryny keseri halys giden ötmezek pyçak bilen soýmakdan halys bizarlar bolupdy. Şonda-da ol mölerilip, ýüzünde Aý biten ýaly edip seredip duran atasyna garap baş atdy. Soň jamdaky suw bilen atasynyň ýanyna gelip, onuň eline suw akyzdy. Atasy edil bir ýanyp duran peç ýalydy. Ondan oglanyň ýüzüne ýalyn çabyrap gitdi. Aman aganyň eliniň yssa-çoga bişip galan kiri, gap-gara kesmegi eýle-beýle suw bilen asylam, aýrylaýar ýaly däldi. Onda-da ol, oňa kän bir üns bermän, köneje at keçäni silkip-silkip, kölegäniň goýurak ýerine ýazdy. Tüňçä atasynyň karzinkasyndaky düwünçejikdäki çaýdan gysymyny ýagşy dolduryp atdy-da atasynyň oturmaly ýerine eltip goýdy. Şondan soň gömme çöreginiň üstüni çöp bilen syrdy. Aman aga edil bir agtygy hazynanyň ýüzüni syrýan ýaly bolup, gömme çörege seretdi. Soň bir ýylgyrdy. Ony agtygyny görkezip: – Ihhi, päk, bah-bah, mäk, mäk! – diýdi. Dawut atasynyň göwnüniň bitendigini aňdy. Goja halys aç bolara çemeli. Ýüzi küljerip duran gömmäni görüp, bokurdagy gulk-gulk etdi. Dawut çöregiň külüni kakmagy atasyna goýup, ony saçagyň üstüne geçirdi. Ýaşuly boýnuna dakynan kirli ýaglygyny alyp, açlykdanmy, suwsuzlykdanmy, titiräp duran elleri bilen çöregiň ýüzüni süpürdi. Soň ondan ep-esli döwüp aldy-da, hil bir gaty lezzetli lukma eline düşen ýaly bolup ep-esli wagtlap çeýnedi-de, soň düşleriniň arasyna barmaklaryny sokup arpa gylçygynyň bölegini çykaryp, ony öküzüňki ýaly goçak gözleriniň içine sokaýjak ýaly edip bir seredip, soň gyra taşlady-da, ýene çörekden döwüp alyp, agzyna salyp, lezzet bilen çeýnäp başlady. Ol çöregiň ýaryragyny iýensoň, turup, gidip karzinkasyndan kiçijik düwünçek alyp gelip, ýerine geçip oturdy. Çaýyny gaýtardy. Soň howlukman düwünçejigi açyp, onda edil, gyzjagazlaryň keýp edip boýunlaryna düzýän hünjüjikleri ýaljak edilip döwlen gant bölejiklerini çykaryp, öňünde, saçagyň üstünde ýazyp goýdy. Şondan soň howlukman çaý içip başlady. Atasynyň işdämen topulmagy, Dawudyň hem işdäsini açdy. Ol hälki eden şertini ýadyndan çykaran ýaly edip, saçagyň üstünde duran ýarty gömmeden iki barmak ýaljagyny döwüp alyp, agzyna saldy. Ol haýran galdy. Gömme, dogrudan hem erbet bolmandyr. Iýdigiňçe, çeýnedigiňçe, janyňa lezzet berýärdi. Tagamy, duzy, oduň, ysy onuň içine lezzet bolup giren oguşýan. Oglan atasy omyn edensoň, saçagy ýaňy ýygnan wagty uly ýoldan matoryň gürrüldisi eşidildi. Dawut ýola bakan üşerildi. Motor baga bakan gaýtdy. Ep-esli wagtdanam goşa gelip saklandy. Aman aga ogluny keýpiçag garşylady. – Mäk-mäk, pah-pah, patdy-pakty!.... – diýdi-de bokurdagyny hokurdatdy. Toýly kakasy bilen salamlaşandan soň oňa baş atdy. – Hawa, köp salam aýtdylar. – Näm? Bak, bosy? – Hemmesi gurgun! Olaram salam diýdiler. Toýly öküz ogluna seretdi. – Mah, ejeň iberdi, şuny! – diýip, içi azyk-suwlukly ullakan düwünçegi oňa berdi. – Sen haçan gaýtmaly? – diýip, matorynyň eýlesini-beýlesini eliniň aýasy bilen süpürişdirip durşuna, sorady. Dawut eýýäm, keçä geçip gyşarşyna, pinek atyp ýatan atasyna garady. – Men atamy taşlap nirä gideýin? Toýly öküz edil bir agzyna nas alan ýaly, el ýaly dodaklaryny çommaldyp pyşgyrdy. – Näme, indi ataňa sen seretmelimi? – Dagy näme?! Oňa biri çaý-suw bermel-ä! Toýly kakasyna bakan möle, bitaý gözlerini aýlady-da, motorynyň pedalyna depip goýberdi. – Ataňy it iýesi ýok-laý. Gitseň-ä äkideýin. Oglanjyk ýüzüni sallap durşuna: – Özümem tapýan ýoly, gitjek bolsaň, bar, gidiber! – diýdi. Toýly öküz bir depende motoryny otladydy-da, hoşlaşman, etmän, tutuş bagy motoryň ýakymsyz tüssesine gapladyp, bydyr gitdi. Dawut kakasynyň getiren düwünçegini açdy. Ejesiniň iberen dört sany tamdyr çöregini, bäş-alty sany etli somsasyny, bir piti gowurdagyny, kiçiräk tüňňürjikdäki süzmesini, dört bäş tokga soganyny, birki gysym pomidor kakyny görüp, şu günki agyrylarynyň, ýaltalygynyň, azaplarynyň baryny unudyp, begenmekden ýaňa süňňi ýeňläp gitdi. Ol bada-bat iki sany somsany lak-luk atdy. Soň atasynyň çaýdan boşadan tüňçesini alyp, şaglawukdan suw alyp getirdi. Häli atasynyň eline suw akyzan jamyny boşadyp, çal etdi. Özi içip bolandan soň, atasyna-da, çal edip, onuň öňünde goýdy. Soň ony turuzdy. Aman aga gyp-gyzyl gözlerini owkalap durşuna, nämedir bir zatlar diýip samyrdady. – Bah-hh-h! Pawil, mat-ti! Dawut baş atdy. Atasynyň öňüne saçak ýazyp, kakasynyň getiren azyklaryny onuň üstüne goýdy. Oglan, «atam bu azyklary görse gaty begener» öýtdi. Emma diýeni çykmanyna haýran galdy. Aman aga edil bir hiç zat bolmadyk ýaly, saçaga parhsyzlyk bilen seretdi-de, bir somsany alyp, elinde saklady-da, çally jamy göterip, ony ýaryna çenli içdi. Soň edil Dawudyň lukmany agzynda saklap-saklap, ýagşy ýumşandan soň howlukman, ýuwaşja çeýnäp iýişi ýaly, howlukman çeýnäp, çal bilen hurş edip iýdi-de, çala-çula el galdyryp, turup, sürä bakan gitdi. Dawut atasynyň «Hany Toýly, nirä gitdi? Gaýtdymy? Gaýtmadymy?» diýibem soramaýşyna haýranlar galdy. – Adam ker, lal bols-a erbdem däl eken – diýip, Dawut saçagy ýygnap, azyklary ullakan düwünçege salyp, bekje dolap, daňyp, gapdaldaky tamçada ýygnandan soň, atasynyň ýüzi az-kem zeň tutan köneje pyçagyny alyp, haram ölen mallary soýmaga baryşyna aýtdy. Ýoluň aňyrsyndaky garry tuduň aşagynda bir horja toklynyň, hemem gotur geçiniň maslygy bürmege, gylçyga bulaşyp porsap ýatyrdy. Bular Dawudyň şu günki iň agyr işleriniň biridi. Howa yssy bolansoň, «maslyk agaçdan» asylyp, indi guraberen mal jesetleri şeýle bir erbet porsaýardy welin, onuň ysy edil beýniňe süssürilip, aňryňy bäriňe getirip barýar. Şol ýakymsyz ys uly ýol bilen dagyň etegine tarap akýan çaýjagaz aralykda durar ýaly edenokdy. Dawut çydajak boldy. Ýöne ol uly tuduň saýasyna gelip, yssydan ýaňa eýýäm derlän bedenini sypalaşdyryp, ýaltalyk bilen işe başlady. Tuduň kölegesi näme diýseňem seleňdi. Bir ýerlerden şemal gelýärdi. Ol işi tokludan başlady. Tokly arrykdy. Özem urkaçy eken. Urkaçy maly soýmak has kyn bolýar. Onuň ýelnini, guýrugyny soýkap, deriden çykarmak aňsat däl. Dawut her näme-de bolsa, hykylap-çokulap azar baryny çekip, toklyny çala soýdy. Näme-de bolsa, haram ölen-dä, emma halal mal bolsa, soýmanyň işi bar. Derisini sypyrdyňam-da, sen onuň iç göşunam tertipläp, ýerbe-ýer etmeli. Oglanjyk haram ölen maly soýanda, onuň içini ýöne silkip goýberýärdi. Bu sapar ol toklynyň iç goşuny, howlukman açdy. Toklynyň bagry çüýräpdir. Öýkenem, edil düwün-düwün bolup galypdyr. – Janawar, gyşyň aýazyna galan bolmaly! Soň bilinmändir-dä, bilnen bolsa, gapyda saklap, elde iýmläp, gökje narpyz bilen şinelän arpa berseň, açylybam giderdi. Ol şondan soň, haram ölen, indi bu jowzaly yssa birneme üýtgäp başlan garry geçiniň daşyna geçdi. Onam hykylap-çokulap, ep-eslije wagtda zordan soýup boldy. «Bu geçiniň diline ýara çykypdyr. Ol janawar ot iýip bilmän, açlygyndan ölen bolmaly. Onuň üstüne-de, onuň tutuş göwsüni sakyrtga tutup ýatyrdy. Ol şondan goturlan bolmaly. Ýagşy ebgarlansoň, öz süňňüni oňarman, açlykdan özüni ajala beripdir» Oglan soýup bolandan soň burnuny tutup, haram ölen mallaryny «maslyk agajyň» ýanyna süýräp alyp gitdi. Bu agajy kolhozyň weterinar wraçy Oraz Rejep aga dikipdir. Ol Dawudyň atasyna: – Aman aga, sen azara galyp, haram maslyklary oba alyp gitjek bolma-da, şujagaz ýerde dikilen agaçdan asyber – diýipdir. Ýogsa, kolhozyň her bir maly üçin, hasap bermeli. Mahal-mahal Oraz Rejep aganyň özi gelip, haram ölen malyň gulagyndaky ilik ýaljak demir nyşanjyga seredip, ony soň umumy hasapdan öçürýädi. «Maslyk agajam» belentjedi. Dawut-ha, oňa çykyp bilerinem öýdenokdy. Aýdyşy ýalam boldy. Ol agaja çykyp bilmedi. Sähel çykjagam bolýardy. Onda-da başy aýlanýarmy, ýüregi bulanýarmy, aý, garaz, haram ölen maly galdyrmaga güýjem ýokdy, onuň bedeninde. Şonuň üçin ol «atama garaşmaly» diýip oýlandy. Mazaly, ol yzyna gaýtmanka Oraz Rejep aganyň özi geläýdi. Ol burnuny tutup durşuna, oglanjyk bilen salamlaşdy-da, atyndanam düşmän: – Hany, maňa alyp ber, ony. – diýdi. Şol ýabysynyň üstnde arkaýyn oturan ýerindenem durşuna demir bolup duran ullakan dişlerini gyjyrdadyp, özüne zor salyp, maslyklary kynlyk bilen agajyň şahasyndan asyp, olaryň gulagyndaky nyşanjygy ýan depdere ýazyp aldy. Soň birneme öwrenişip, burnuny tutup durman, Dawuda garap: – Sowuk suwuň barmy?! – diýdi, soňam: – Gowy itleň-ä bar eken diýip, kölgede maslyk taýa ymsynyşyp ýatan itlere garap durşuna: – Sowuk suwuň barmy – diýýen-eý – diýdi. Oglanjyk weterinar wrajyň hälkije agramdan gyp-gyzyl bolan süýri ýüzüne, gazaply gözlerine garap baş atdy. – Äkeleýinm?! Ol adam birhilije edip, meger pikirini jemläp bilmeýän ýaly bolup, ýokarky dodagyny galdyryp, demir dişlerini görkezdi-de: – Çalt bol! Çalt bol! – diýip samyrdady. Dawut goşa bakan ylgady. Baryp atasynyň ýaňy çaý içen tüňçesini kakyp aldy-da, şaglawuga bakan eňdi. Ol elini ýüzüni ýagşy ýuwandan soň, tüňçäni üç gaýta çaýkady. Soň ony buz ýaly sowuk suwdan dolduryp, Oraz Rejep aga bakan, eňaşaklygyna ylgap gaýtdy. Oraz Rejep aga uly tuduň kölegesinde, atynyň üstünde irkiljiräp oturşyna: – Gelmän geçdiň-äý, näme beýle rikgä eder ýaly, satyn alýaňmy? – diýip, tüňçäni eline alyp, onuň daşyna, ýigrenji bir zada sereden ýaly, ýakymsyz duýgy bilen seretdi. – Häk, ýaňy tabşyrmandyryn, eliňi bir ýuwduňmy? – Ol tüňçäniň daşyna ynamsyzlyk bilen gaýta-gaýta seredip durşuna – Çaýkadyňmy? Häk, ýaňy «Gowja çaýkaweri « diýip tabşyrmaly ekenim diýdim-le welin.... Ol Dawudyň ellerine ynamsyzlyk bilen seretdi. – Sen at dakýa diýme, haram mal ellediň-ä, birhili-däý, birhili.... Dawut ýylgyrdy. – Arkaýyn içiber, agam. Elimem, ýüzümem ýuwdum, tüňçänem üç sapar çaýkadym. Nazar Rejep aga ynamsyzlyk bilen bir tüňçä, birem oglanyň ellerine seretdi. Soň tüňçäni yzyna, oglana uzatdy. – Aý, bolýa-la, ölesim ýok-la, häzir oba bararyn-la.... Men şuny içmäýin-le. –diýdi. Şol wagt ýol bilen etrap tarapdan tozan turzup gelýän lökge – Gaz-69 maşyn garry tuduň deňesinde saklandy. Ondan harby eşikli adam düşdi. Ol adam Oraz Rejep aga bakan, elini burnuna tutup gelşine, bir zatlar diýdi. Oraz Rejep aga atynyň üstünde oturan ýerinden: – Ýest, ýest! – diýip baş atdy. Soň Dawuda garap: – Suw barmy? – diýýe-leý. Ol harby adam yzyna gidip, çemlije akja demir gap getirdi. – Bar, şuny suwdan dolduryp getirip ber, şulara – diýip, Oraz Rejep aga Dawuda buýruk berdi. Dawut ýene şaglawuga tarap, ylgady. Ol ýoldan geçip barýarka ses geldi. Oglan yzyna garanda, maşyndan düşüp, özüne bakan ylgap gelýän dokuz-on ýaşlyja gyzy, onuň yzyndan gelýäz ak ýüzli inçejikden näzik, akja, owadan rus aýalyny gördi. Ol owadanja aýal aldygyna ýüzüni ýelpeýädi. Dawut gyzjagaz bilen ol aýal deňine gelýänçä garaşdy. Olar Dawuda deňleşensoňlar, rus aýaly gyzjagazynyň bir zatlar-bir zatlar diýip aýdýan sözlerine jogap berip, Dawudyň ýüzüne seretdi. – Sen adyn kim? – diýdi. – Men – Dawut! Ol aýal baýra dyrmaşyp barşyna: – Sen okaýaň? Dawut tutuş bedroýlygyny güjeňläp, ýylgyrdy. – Bäşinjä geçdim. – Gaty gowy! Men Albina Nikolaýewna. Bu kiz Lena – Ýelena! – Olar şaglawugyň ýanyna bardylar. Albina Nikolaýewna suw gaby özi alyp, ony çaýkap, suwdan doldurdy. Soň ondan lena suw berdi, soň özi içdi-de: – Ýakşy suw! – diýdi. Soň ol «Gotur gowagyň» döwüň agzy ýaly bolup, jallaryp ýatan garaňky agzyna üýşenjeňlik bilen seretdi. – Nämäň ysy? Bir ys-a gelýär. Kükürdimi, hekmi, öz-ä bir tüýsli ys?! – diýdi. Dawut Lenanyň ýüzüne ýylgyryp bakdy-da, baş atdy. – Gaty gowy suw! Olar suw gaplaryny alyp, maşyna bakan gaýtdylar Ýolda Dawut suw gaby alyp özi götermekçi boldy. Emma Albina Nikolaýewna ony bermedi. Lena bu ýerlerdäki del seslere bimaza bolup, indi daga dyrmaşyp barýan käkilikleri görüp, ejesine seretdi. – Oý, eje, seret, ol käkilikleri. Gör, näçe, gaty köp eken.... Albina Nikolaýewna bu böwürjikdäki gara baga gözigidijilik bilen seretdi-de, Dawuda garap: – Dawutçik, şipownik možno?! – diýdi. Dawut oňa düşünmese-de, başyny atdy. Albina Nikolaýewna miwä basyrlyp oturan itburun miwesinden bäş-on sanjagyny ýolup aldy-da, ýoluny dowam etdirdi. Şonda Dawut itburun diýmegiň şipownik diýmegi aňladýandygyna düşünip galdy. Bu sözi tä ýola çenli içinden gaýtalady gitdi. Ýolda Lenajyk Dawudyň elinden tutdy. Oglan näçe utansa-da, gyzjagaz kakasynyň ýanyna, maşyn ýola barýança onuň elini goýbermedi. Olar maşynyň ýanyna baranlarynda, harby adam bilen Oraz Rejep aga nämäniňdir bir zadyň gürrüňini edip durdylar. Harby adam Albina Nikolaýewnanyň elinden suw gaby alyp, ony başyna çekip, suw içdi. Soň ondan eline akdyryp, ýüzüni, boýnuny ýuwdy. Soň hoşlaşyp maşyna mündüler. Maşyn wagty bilen ugramady. Bir salymdan maşyndan Lena çykyp, Dawuda gygyrdy. – Dawut, al! Dawut tüňçesini eline alyp, ýola bakan ýöredi. Soň Lenanyň özüne uzadan kagyz düwünçegini aldy. Maşyn ugrandan Oraz Rejep aga kagyza dolanan zat bilen gyzyklandy. – Näm-äý, onyň? Dawut kagyzyň gatyny açdy. Onda birki sany bulka, birki gysym kemput, iki sanjak kagyz gutujyk bardy. Oraz Rejep aga ýylgyrdy. – Baý, sen-ä sylapdyrlar. Ol harby – Akgaýa serhet zastawasynyň naçalnigi Smirnow-laý. Ýanyndakam aýaly – tohtor. Etrapdan gelýelled-äý. Men geljek otduhda oduna barjak, meni serhetden aňry geçir – diýdim-leý. Olam «geläýiň» diýdi. Mazzaly seniň ýanyňa sowulanym bähbitli boldy. Sag bol, ataňa salam aýt. Oraz Rejep aga Dawut bilen hoşlaşyp, oba tarap gitdi. Dawut täze tanyşlaryna, olaryň beren sowgadyna begenip, uçaýjak boldy. Soň atasynyň pyçagyny, tüňçäni, haram ölen mallaryň derilerini alyp, goşa bakan gitdy. Gün aşak sallanypdy. Dawut deri sowanyndan soň, öňküsindenem beter ebgarlan ýaly bolup, bagryny ýere berdi. Ol atasynyň bir salymdan geljegini bilse-de, ýerinden galyp bilenokdy. Ýöne atasyny begendiresi geldi. Özüne zor edip, ýerinden galyp, yra-dara bolup, tamçadan şu ýere geleni bäri ýeke saparam ojakda goýulmadyk gazançany alyp çykdy. Ýene şaglawugyň başyna baryp, gazany telim sapar ýuwdy, çaýkady, ýuwdy, çaýkady. Soň kynam bolsa, ony suwdan dolulygyna alyp gelip, suwuny jama, tüňçä boşatdy-da öňden duran kiçijik ojagyň üstünde goýdy. Ot ýakyp, ejesiniň edişi ýaly, gyzan gazana ýumruk ýaly gowurma atdy, sogan dogrady. Soň jamdaky suwy gazana eňterdi. Gazanyň içindäki çorba gaýnap başlansoň, ýuwup, bäş-alty sanjak pomidor kakyny atyp, ýene şaglawuga gidip, tüňçesini, jamyny dolduryp, suw alyp geldi. Aman aga güni ýaşyryp geldi. Gojanyň ýöremäge-hä däl, agzyny açmaga-da ragbaty çatmaýan ýalydy. Ol gele-gelmäne, jamdaky sowuk suwy başyna çekdi-de, şol duran ýerine çökdi. Özüne nebsagyryjylyk bilen garap duran agtygynyň ýüzüne dözmezlik bilen seredip, durşuna tüý, kir bolup duran başyny ýaýkady. – Bah, bah-lebbyk. Bak-bah, pyh. Happby, happy! – Oglanjyk atasynyň gelşiksiz jygyldaýan bokurdagyna, gödeňsi ellerine seredip durşuna, başyny atdy. Ýaşuly ýene jamyň düýbünde galan suwy bokurdagyny hykyl-hykyl ses etdirip, başyna çekdi. – Kiti-byh, byk, mah. – diýdi. Oglanjyk çörba duz atdy-da, jamy alyp, ýene şaglawuga bakan gitdi. Ol gaýdyp gelende, Aman aga köne atkeçä geçip, ädigini, güpbüsini çykaryp, gazana seredip otyrdy. Dawut atasynyň elini, ýüzüni ýuwdurdy. Soň elini gazana tarap uzadyp, soň tüňçä uzatdy. – Naharmy, çaýmy? Goja gazany nyşanalap, baş atdy. – Hap! Hap! Dawut näme etjegini bilmän ýaýdandy. Çorbany guýar ýaly gap ýokdy. Eger jamdaky sowuk suwy serpip goýberse, Aman aganyň oňlamajagyny bildi. Başga nämä guýjak? – Ata, nahary nämä guýaýyn?! – diýip, gazan bilen suwly jamy görkezdi. Aman aga bir zatlar-bir zatlar diýip, ýerinden turdy-da, baryp, ojagyň üstünde duran gazany alyp gelip, düşegiň üstüne goýdy. – Mah, mah, Çözze, çözze! Dawut içi çörekli saçagy getirdi. Aman aga ýarty çöregi alyp, ony gazana dogrady. Soň agtygynyň ýüzüne bakyp: – Kaş! Kaş – diýip, elini agzyna ýetirdi. Dawut oňa ojaga söýelgi duran gyralary gemrik-gemrik çemçäni alyp berdi. Aman aga çemçe bilen gazana dogran çöregini birküç gaýta bulady-da, gapdalyndan ýer berip, «gel, senem otur-da iý» diýýän ýaly gapdalraga süýşdi. Dawut atasynyň göwni üçin nahara ilki bir çem-çümläp, göwünli göwünsiz ýapyşsa-da, soň işdäsi açylan ýaly bolup, atasy bilen çemçäni alyşyp, gazan boşaýança iýdi. Nahar tagamly bolupdyr. Iýilip-içilenden soň Aman aga ýene suwa ýapyşdy. Ol tä jamdaky suw gutarýança, şol içdi oturdy. Dawut çaý demledi. Ýaşuly çaýa-da, edil bir içi ýanyp barýan ýaly topuldy. – Beh, niresine içýärkän-äý?! Ýaňja bir jam suwy başyna çekdem welin.... – diýip, ogan Albina Nikolaýewnanyň beren süýjüje zatlaryny alyp gelşine oýlanyp, başyny ýaýkady. – Ata, şulary berdiler, alyň iýiň! Aman aga agtygynyň bir agzyna, birem ellerine garady. – Hakky, hakky! Batty, makgyş!.... Dawut azap baryny edip, serhetçileriň naçalniginiň gelendigini, onuň ýanynda aýalynyň, kiçijik gyzjagazynyň bardygyny düşündirdi. Aman aga düşündi. «Bulary şolar berdimi» diýen manyda, kagyzyň üstünde duran zatlara razylyk bilen baş atdy. – Sas-syn. Aty-syn, syn.... Dawut iň esasy zada geçdi. – Ata, haram ölen mallary soýdum – diýip, eli bilen mallary soýuşyny, soň olary asyşlaryny düşündirdi. – Weterinar wraç gelip, asyp berdi. – diýip, Oraz Rejep aganyň demir dişini nyşana alyp, öz dişlerine pitikledi. Onuň gulakjynly, atly keşbini suratlandyrdy. – Or-r, bah, bah, ýap.... – diýip, atasy bokurdagyny harladyp, baş atdy. Dawut goltugyndan kagyz çykaran ýaly edip, oňa ýokary seredip bir zatlar ýazan görnüşde, ellerini ýoluň aňyrsyna uzatdy. – Ýazyp aldy. Ýaşuly «düşündim» diýen manyda baş atdy. – Or-r! Bak, ma-tt-y, ma-t-ty!.... Dawut atasynyň aýdýan zatlaryna özüniň düşünmeýändigine gynandy. Ýöne ol nätsin. Onuň şu adamdan başga atasam, edil häzir gürrüňdeşem ýokdy. Ol şoňa-da şükür edip, atasy çaý içip bolandan soň, gazany, tüňçäni alyp, şaglawuga tarap gitdi. Ol suwa birküç gaýta gatnap, gazany, tüňçäni, jamy suwdan dolduryp, suwly jamy getirip, atasynyň başujynda goýdy. Agşam ot ýakmak üçin, ojagyň ýanyna çyrpy üýşürdi. Aman aga az-kem irkildi. Dawut atasynyň juda birahat ýatyşyny gördi. Aman aga dem saýyn hykylaýardy. Gidip-gidip, gorkunç «hababaýlap» tisginip turýardy-da, gan guýma gyzaran ullakan ala gözleri bilen töweregine gorkuly, eýmenji seredip durýardy. Soň nazary agtygyna düşensoň, bir zatlar samyrdap, ýene uka gidýärdi. Dawut mallardan baş çekip geldi. Dünýä asudalykdy. Bagyň içinde salkynlykdan ýaňa, ýakymlylygyň eşreti burjy baglap durdy, onuň üstesine, goşdan çorbanyň tagamly, oduň ýakymly, arassa ysy burk urup, edil janyňa siňip gidýärdi. Emma oglanjygyň seri bu jenneti eşretdan gaty daşdady. Ol begenji bar ýaly bolup, Albina Nikolaýewnanyň ýaş, näzikden owadan, mähriban ýüzüni, eginlerine düşüp duran ýüpek ýaly mele saçyny, onuň gyzjagazy Lenajygyň ap-akja, näzikden owadan, arassaja ýüzüni, ejesiniňkä meňzäp duran saçyny, edil gökden bir bölejik asmanyň mawy döwüjegi gaçan ýaly gözjagazlaryny, akja, ýylyjak, pökgüje elni, aýdan sözlerini heziller edip ýatlady. – Itburun, orsça «şipownik» eken. Käkilige olaram «keklik» diýýän eken. Eje diýmek, «mama» diýmek eken.... Gör, Albina Nikolaýewna türkmençe bilýän eken. Men welin, ýekeje sözem bilemog-a. Biziň mekdebimizde-hä, rus dili heniz okadylanok. Okatsalar-a şular bilen-ä gepleşibem bolardy. Ýöne ol şu ýarawsyz halyna mekdepde rus dilini öwrenip, ýat adamlar bilen gepleşip biljegine ynam etmän, bu hyýalyny şol ýerde unutdy. Ol şujagaz yhlasyna-da güýçden, gurpdan gaçyp, baryp atasynyň gapdalyna geçip, süýnüp ýatyşyna, şu günki bolan wakalary aňynda aýlap, hem begendi, hemem keýpi bozulyp, galdy. Näme üçin onuň keýpi bozulmasyn. Ol öz keşbini, mekdepde, obada iliň oňa diýýän sözüni bilýär-ä. Oňa çagalar «yşarat» diýip at dakypdylar. Onuň görk-görmeginiň beýle bedroýlyg-a, indi iliň bilýän zady. Emma iliň bilmeýän ýowuz dertleri Dawudyň içindedi. Ol çagalygyndan bäri iýme-içme hözirin bilmeýärdi. Ilk-ä, onuň agzynda çagajykka çykan dişleri henize çenlem düşmän, gara kötük bolup galany üçin, gaty-gytyny çeýnäp bilmeýärdi. Agzyndan näme girse-de, sähel salymdan awy-zäher bolup agzyndan gelýärdi. Şol awy-zäheriň yzy bolsa iküç sagatlap yza bolup durýardy. Soňabaka, onuň iýýän zatlary bilen içine bir gysym iňňe girýän ýalydy. Aşgazanymy, gyzylödegimi, öz-ä bir ýerleri, edil, päki bilen kesilip, soň ot basylan ýaly bolup durdy. Ony ol diýseň, ol indi köp wagt bäri ugurly buşugybam bilmeýärdi. Ilki bir gyssap, edil sapak ýaljak inçe, sähel peşew çüwdürilip gidensoň, kesilen ýaly bolsa-da, balagyny çekensoň, ony öl-myžžyk edip taşlaýardy. Ony esasy heläk edýän zat, ula meýdan edeýärkä, surty daşyna çykýardy. Ol kiçijik wagty balagyny çekip bilmän, töwereginden kömek gözlär ýörerdi. Emma indi ol on-onki ýaşansoň, başga bir adamy bu işe goşmaga namys edýärdi. Aý, onuň derdi munuň bilen gutarar ýaly däldi. Onuň gidip-gidip ýüreginiň erbet urmasyny, sähel sowuk bolsa, burnunyň gapyşyp, howa çala bulutlaşsa, demini gysyp, gök daş edip taşlamasynyň, keýpiniň her bäş minutdan üýtgäp, ylgap barýarka durasynyň gelmegimi, duranda oturasynyň gelmegi, otursa, ýere özüni taşlamasa bolmaýanlygynyň ýowuz dert kemi ýokdy. Onuň pikirinde, niýetinde-de, sazlaşyk ýokdy. Gidip-gidip kellesi boşap galýardy. Gidip-gidip bolsa, söze öwrüp aýtjak bolup duran sözi diliniň ujundan uçup gidýärdi.... Iň esasysam, onda hiç hili işdä ýokdy, onsoň ýaşaýyşa edil dyrnak ýalyjagam höwesi ýokdy. Ol özüne zor salyp, bir zatjagazlar garbanaýmasa, näçe iýmese, keýpi şonça kökdi. Garabagyr ejesi birki ýyllykda ony etrap doktorlaryna aýlap, görkezdi. Olaryň diýeni, edil dilleşen ýaly «Nesil yzarlaýan keseller ulgamy bar ganynda, psihikasynda. Biraz garaşmaly» Atasy ker, lal, telim kesel göterip ýören adam. Kakasy Toýly öküz bir ker, lal däl diýmeseň, Aman aganyň ähli keselini göterip ýör. Ol şol gezip ýörşüne, keselleriň çemenine meňzeýärdi. Onuň üstesine, Toýlynyň akyl-huşunda-da ýetmezçiligi görer göze-de bildirip dur. Doktorlaryň gorkýan zady, basa şypa edlibermese, oglanyň akyl-huşunyňam üýtgäýmegi daş bolmaly däldi. Şonuň üçin Annajemal ogluny Biribaryň özüne tabşyryp goýmakdan başga alaç tapmady. Ine, indem, Dawut ölmän, üýtgemän, bäşinji klasa geçdi. Onuň dertlerem, edil oglan bilen aýyny, gününi, sagadyny sanap, güýjüne gelip, onuň özündenem has ösüp, berkleşýärdi. «Belki, ölmeli wagtym golaýlaşýandyr» diýip, Dawut şu ýagdaýlaryny ýatlap ýatyşyna, uklap galdy. Dowamy bar >> | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -16: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Köne mülk -4: romanyň dowamy - 11.06.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýola taýýarlyk - 23.08.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -17: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -5: romanyň dowamy - 11.07.2024 |
√ Duman daganda: Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar - 19.06.2024 |
√ Janserek -6: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -13: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |