20:49 Ol hojanyñ aýagy batyp galanda... | |
Ol hojanyň aýagy batga batyp galanda,
Goşgular
«Ýazgyt gelse - gözler kör» diýilýäni bolandyr. Ýere degmesin diýip, galdyrardy syýyny, Aşyklyk oýun diýsek, açdy ol öz syryny. Nijeme guşlar uçar, uzak bolup duzakdan, Ýöne, täleýiň oky uçup geler uzakdan. Ol hoja hem serhoşdy, meslikden hetden aşyp, Ululyga aldanyp, Hak bilen güýç synanyşyp. Ýazgydyndan bihabar, burnuny göge tutdy, Jübi tylladan doly, gulagy öwgi gapdy. Aýagna ýykylmakdan, halkynyň aşa söýüp, Şahyrlar ýalan öwdi, saýdy bolşundan beýik. Keremde hem apat bar, döredýär ulumsylyk, Ýaranjaňlar wehme eltýär, duçar bolup hassalyk. Haýyr-yhsan eden bor gazanmadyk pullaryn, Amanatdan yhsany, sogap saýyp bilmerin. Ol bir Pyrgun, bir Şetdat, tulum-howadan doldy, Garynjady, ýylan çykdy, soňra aždarha boldy. Yşk mübärek syr bilen Musa hasasy göýä. Bukudan bir ok atdy, egreldi ýaýa görä. Ýüzin ýykdy hojany, saldy-da agyr ýara, Jan alyjy ses edip, togalandy ol ýere. Masgara boldy, hatda duşman aglap halyna, Dogan-gardaş ýas tutup, perýat bolup iline. Ol «Men Alla!» diýerdi, Pyrgun, Nemrut ýalydy, Boýny omruldy welin, «Rebbim!» diýip nalady. Ýüzi - zagpyran sary, şirin söz, şeker dodakly, Gözel açdy ýarany, gaýry ýarasy ýokdy. Gözel oky geňmidir ýa-da ýaýy geňmidir? Aňka guşa ýa ýalança bu dünýäge deňmidir? Jan syrymy aýdaýyn, aşykdan alyp mysal, Gulak as, gizlin gulpdan hem zynjyrdan halas bol. Özüni bilmeýände diňläre gulak barmy? Başga halasgär ýokdur, bilmeseň Taňryň zorny. Bu goh edýän hojanyň, ýoluk siňek ganaty, Aýşaň yşky gözüne ak düşüren halaty. Heläk bolduk biz sizden, rehim ediň siz bize, Ýoklugyňyzda ölümdir ýaşaýyş, dönüň bize. Akyl size girew berlen, derdimize ýok doga, Köňli dowzah içinde synagy gördüň rowa. El-aýagy sag goja! Ýazgyt aýagyň döwdi, Syndyrdyň köp köňli sen, jeza aýagyňa degdi. Enaýat bil muny Hakdan, yşga goňşyň keşbidir, Taşla wagtlaýyn yşgy, haky - Allaň yşgydyr. Öwrenişsin, kämil çyksyn diýip ogluň eline, Gazy tagtadan gylyç berýändir ilki diňe. Ynsana aşyk bolmak, ol hem tagta gylyç dek, Sowulansoň belalar, yşk eýesi bolar Hak. Züleýha mubtelady, Ýusup ilki, öňürti, Soň Haky aşyk, magşuk hem oňa köňül berdi. Gaçdy Ýusup – yzynda, köýnegine urdy el, Soň tersine, Ýusubyň köýneginden tutdy ol. Diýdi ol: «Köýnegimiň aryn alyp men bu gün», Allanyň yşky içre barysyn duýdy göwün. Bolar ondan isläniň, pesdemiň - üste elter, Kereminden dileseň, dilegiň kybla ýeter, Söz inçeldi, bu ýerde dem agza sygmaz haldyr, Indi galat söz aýtjak, emma rowa däldir. Ol «men-kimdirin?» diýýär, toprakdan surat düzýär, Guma pal atýan bolsa, dogry-ýalňyş zat çyzýar. Bu sözi hoja goý-da, gel, gör, seret maňa sen, Diýdi: «Yşky sakgalyn otlana bak siňe sen». Keremli hoja, gitdim, ýöne şu kyýamatda, Halyňy dünýä ýaýmaga geldim, elbetde! Akmak näme aýdarka? Diňe bir zerre - Günden, Beýan eýlän bilermi, katra Gulzum deňzinden? Bir damjany görkezse, baryna göz ýetir sen, Degirmen aýlananda, uny synlar otyr sen. Sen bir köne ammarsyň, ol bir owuç bugdaýy, Degirmene äkit-de, görgün soňky ýagdaýy. Ol älem bir degirmen, bu älem bolsa harman, Munda-bugdaý, noýbamyň? Onda şolsuň biarman. Kejirligi taşla, ýör, gör, ol hoja garaşýar, Ýarym etmek işini oňa örän ýaraşýar. Eý, hoja, sen, bilýärmiň, pitnäge ulaşypsyň, Bir çäresiz dert içre topraga bulaşypsyz. Hoja aýdýar: «Musulman meniň ýaly bolmasyn, Dökülen ganym olaň başyna bir gelmesin!». Aşyklaryň azabyn görüp men kän ýazgardym, Aýtdym erbet köňülden çykan erbet sözlerden. «Ähli gybatçylaryň halyna waý» aýaty, Olar hakda – özleriniň töhmet otda halaty. Ol ynsanyň agzymy, hinimi ýa içýanyň, Palçyk bilen suwaň siz, görmäýin men açýany. Yşga düş, ady terk et, duzakdanam uzak bol, Diýgin daşa-altyn sen, jepa-jebri şeker bil! | |
|
√ Eý, ademden älemi mowjud eden... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Musanyň kelamy / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Merhum dostumyñ gelnine / Goşgular - 19.08.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Bu mekana gelmişem / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |