16:43 Dogduk obam | |
DOGDUK OBAM
Goşgular
Arada aýlandym, dogduk obama, Ýar üçin gül-çemen bogduk obama. Barsaň çynar başyn egip garşylar, Sumbar derýa bol suw bilen pagşyldar. Ak gara bürenen berdaşly daglar, Gök kürtä bürenen syrdaşly baglar. Könekesir, dogduk depäm, eserim, Senden aldym, zehin, ylham, edebim. Göwnüň islän naz-nygmaty munda bar, Danasy bar, şahyry bar, begi bar. Goşa çynar hakda,goşa tar hakda, Näçe ýazsam azdyr söwer ýar hakda. Obaň aksakaly, garry -- ýenesi, Ýokdur olaň saňa öýke-kinesi. Gulagyňdan gitmez ene hüwdüsi, Henizem dur bugdaý döwen sokusy. Çilik oýnan, aşyk oýnan çaglarym, Göz öňüme gelip gitdi janlarym. Bu zatlaryň bary ýatlatdy maňa, Mert duran başymy batyrdy gama. Ýetmişe ser uran çaglarym maňa, Ak mekdep şuglasyn çalýar herýana. Köne mekdep täze röwşe giripdir, Ýerinde dört gatly bina gurlupdyr. Binaň ak alnynda halk bagşyň ady, Okuwçysy deň-duşlarmyň zürýady. Pyragynyň goşga joşan ýerleri, Meňli gyza aşyk bolan ýerleri. Döwletgeldi düzen şanyna aýdym, Size tagzym edip, başymy goýdum. Döretdim, döredi, kyssadan-kyssa, Ýürek telwas urýar, urýar müň esse. Eserlermiň bolup hamyrmaýasy, Dagy-düzi misli eliň aýasy. Injir, üzüm, hozuň naryň mekany, Synlamaga geliň, Sumbar akary. Aşyk boldum, aýdymyna-sazyna, Hemem derýaň gubasyna-gazyna. Ajaýyp howaly, Sumbar jülgesi, Şildir-şildir eder çeşmeleň sesi. Bulutlary guçar, goňur reňk daglar, Daglaň gujagynda gök köýnek baglar. Baglarda her haýsy ýumruk mysaly. Ýaňaklary Günüň ýaňagy ýaly. Miweleň gowusy ýetişýär narlar, Ol narlardan birje gezek dadanlar, Bu ajap jülgäni mydam ýatlarlar. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
√ Baýlygym meniň / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Iki jahan zyndan ise, gerek maňa bossan ola... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Hindi gyzy / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Dag säheri / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Eý, beden patyşasy, janlaryň şasy... / Goşgular - 08.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |