DOÑUZ DIÑI
Gözüni ýumsa bes, öli ýaly sarsman ýatyp bilýän Narly bu gezek gapy kakylmasyna ýalpa oýandy. Oýansa-da oýandy weli, birsellem oýaly-ukuly doñuz diñini salyp, diñşirgendi durdy. Gapy ýene kakyldy. Narlynyñ turmaga hyýallanandygyny duýan Çemen ony özüne çekdi:
- Bor-la, Narym, ýatybersene. Arak diýip gelen alkaşyñ biridir. Ses bermeseñ gider özi.
Perigatanç gelniñ kereşmeli owsunjyramasyna eñki gowşan ýigit güberilip duran ter göwüslere sakgaly düýn-öññin syrylansoñ bu gün eýýäm dürterişip ugran tikenekli eñegini basdy... Göhi gelen geliniñ gözüni süzüp, birenaýy yñrap ýatyşy essinden aýyljaga meñzeýärdi. Emma Çemeniñ bir elini öz üstüne dag aýysy ýaly bolup çöken tüýlek ýigidiñ arkasyna atyp, soñam özüne çekişi, bir eli bilenem onuñ gatañsy döşünden yza itekläp dyrtmalaýşy, sarç bedewe çalymdaş gelini añsatlyk bilen birtaraplaýyn lezzete kaýyl edip bolmajakdygyny görkezýärdi..
Bolmajak bolsa bolmaz ekeni. Gapy ýene kakyldy. Narly sögünip başlady. Keýpine sogan dogralansoñ turmak bilen boldy.
Çemen howsalaly pyşyrdady.
- Dur, özüm açaryn. Birden tanyş-biliş bolup çyksa näme?..
- Bolsa bolsun.
- Aýalyña-da bu gün barjak däl diýip jañ etmediñ...
- Ol bumat sekizinji düýşüni görüp ýatandyr, çagalaryñ arasynda.
Çemen onuñ yzyndan:
- Gyýw, balagyñy bir ildiräýsene çöpür ören aýagyña. "Balu" ýaly bolup, nirä barýarsyñ. Gelşiksiz bor-a - diýip gygyrdy.
- Gije üçde ýatany örüzmek gelşiksiz däl-de, meniñki gelşiksiz bolýamy - diýip, hopudyklap barýan Narly eýýäm gapynyñ agzyndady.
- Onda-da ärsiräp ýatan dul heleýi...
Narly mesligine bäs edip bilmän kikirdän geliniñ soñky sözüni eşitmedi. Ol sag eli bilen gözüni owkalap, çep eli bilenem maýkasyna sygman ýarsy görnüp duran gäbe garnyny gaşap durşuna:
- Kim sen? Näme gerek? - diýip gygyrdy.
Jogap deregine bu gezegem gapy kakyldy. Öñem şöhweti ujuna gelende turmaly bolanyna gahary gelip duran Narlynyñ gany depesine urdy.
- Häý, çöýdüýbiden bolan çöpdüýbi... Mañlaýyñyñdan gapy açaýyn-la seniñ bir... - diýip, gapyny açanda, daş işikde serhoşlukdan ýaña aýak üstünde zordan duran orta ýaşly erkek adamyñ durandygyny gördi.
Düwülen ýumruk yza gaýtmady. Bat bilen inen ýumruk serhoş pahyryñ iki gözüniñ ortasynda jaý tapdy. Urgynyñ zarbyna arkanlygyna kelemenläp gaýdan görgüliniñ ýeñsesi gütüläp beton sekä uruldy.
Serhoş itjanly eken. Zat bolmadyk ýaly ýerinden turdy. Soñam daş-töweregini sermeläp ugrady. Onuñ eline ilen zady aýlap saljagyny añan Narly muña pursat bermedi. Ol ylgap barşyna garañkynyñ içinde dümtünip oturan serhoşyñ içine depdi. Içini tutup bir gapdala ýykylan serhoş zaryn-zaryn iñledi. Ýüregi sowan Narly gapdala geçip oturdy. Çilim otlandy. Indi bir demini dürsändir-dä diýip, henizem ýerinden galman ýatan serhoşa söz gatdy:
- Bar, gümüñi tap, şu taýdan. Ýogsa, häzir polisiýa jañ edip, gözüñi raşotkadan açdyrýan.
Serhoş içýakgyç güldi:
- Jañ et, köpeýogly. Polisiýañ başlygy meñ klasdaşym. Göreris kim kimi ýygnatdyrýa...
Narly çekip bolan çiliminiñ galyndysyny özünden ýaş boýunça ep-esli uludygy görnüp duran garşydaşynyñ üstüne pitikläp goýberdi. Munuñ bilenem kanagatlanman, onuñ üstüne gaýtdy:
- Diýmek, ýene edep sapagyña dowam et diýýäñ-dä, taýagyñ az bolandyr seniñ. Ýagdaýyña seret, günä menden gitdi...
Iki elini depesine aýlap, ýüzüni ýapan serhoş çem gelen ýerine zarp bilen inýän depginiñ astynda-da üzlem-saplam gygyrmasyny bes etmedi:
- Çemenistanyñ goýnunda po-oss-suj-jak mämelerini sokjap ýatan köp-pek diýerler saña. Ýagyny özüm ýalandyryn, galyndysyny sen ýuwut...
Daşardaky güpür-tapyrdylyga ynjalygy gaçan Çemen üstüne halat atynyp gapa çykdy. Ol bulaşyp ýerde ýatany gören badyna tanady.
- Hiýh, Arslanmy bi...
Arslanyñ aýdan soñky sözleri Çemeniñ gulagyna ýetdi. Bu onuñ Narla eşitdirmek islemeýän zadydy. Ol öñ nä görgi bilen tapdy ahyry ony. Bumat belli bir gyz-gelinde durýan erkek barmy näme. Ýelini ýatyrdygy boldy, köwşüni eline alyp, ökjä tüýkürmek bilen bolýarlar. Ýöne Narly olar ýaly oglanlaryñ tüýsünden däldi. Telekeçilik bilen meşgullanansoñ, garagolluk etmäge eli degmese-de, dogrusy, ärsiz gezip ýören ýaş gelin tapsa, belli-külli ham-çam edişmegiñ arzuwyndady. Ofisine işi düşüp gelýän gyz-gelinlere gabagyny galdyrmaýanam bolsa, bir gün işden soñ öýüne gaýdyp barýarka, köçäniñ ugrunda taksi tutmak üçin elini galdyryp duran öýmeli ýaş gelniñ deñesinde biygtyýar saklandy. Barmaly ýerine baran gelin düşjek bolanda pul uzatdy. Narlynyñ jogaby nagt boldy.
- Men taksi edem-mok!!
Ýedi derýanyñ toruny ýyrtan köpbilmiş ýaş geliniñ galam bilen çyzylana meñzeş owadan gaşlary ýazylyp gitdi.
- Näme edýäñ onda?!.
Narly çekinmän-zat etmän lak atyjylykly sowal bilen sürtenişindenem, onuñ özüne meýillidigini añdy. Ol ýüregini bire baglap matlabyny belli etdi:
- Başy boşmyñ?!.
- ...
Ölä jan salyp biljek oýnaklaýan ala gözler bilen berilen gyzgyn howurly sessiz jogabyñ garşysynda ýüregi howlap giden Narlynyñ eli zordan wizitkasyny uzatmaga ýarady. Bir hepde töwerek telefonda hymmyldaşdylar. Soñra Çemen Narlyny öz öýüne çagyrdy.
Her hepdäniñ şenbe gününi işden soñ Çemeniñkide geçirýän Narly "Mugt buharda barmy. Gel, elimden gelýän wagty şuña dükanjyk açyp bereýin, hem maña bähbitli bolar, pul-peç diýip azar berip durmaz. Sowalgasy özünden bolar" diýip, Narly onuñ öýüniñ podwalyny dükana öwrüp berdi. Diñe Çemeniñ ýaşaýan jaýynyñ ýaşaýjylary gelende-de, dükanyñ söwdasy ganymatja bolýardy.
Muny özem aýdarman bolup ýören Çemeniñ aşygy alçy gopdy. Şeýdibem ärsiz galan üç ýylynda on üçe golaý erkek bilen gezen Çemen diýdirmezden hajatyny bitiren düşbüje Narlysyny sypdyrasy gelmedi. Käbir joralary dagy gözigidijilik bilen oña: "Narymjygyñ başga gezýäni ýokdur öýdýäñmi? Erkek eşekdir-dä! diýselerem:
- Parhy näme, eşegem bolsa maña duşaklanan eşek, örki mendedir. Näçe maçy duşsa-da, aýlanar-dolanar ýene geler ýanyma. Özüñizde meñki ýaly gyzyl syçýan eşegiñiz bolmansoñ, içiñiz garalýa - diýip, olaryñ gonjuna gor guýardy.
Çemeniñ özi tetelli mes joralaram: "Aý, hawa-la, öý ýerinde öýüñ, pul ýerinde puluñ, oýnaş ýerinde oýnaşyñ bar. Señki ýaly bagt kimde bar? Narly ýaly oýnaşymyz bolsa, pohuny derman etjek-le..." diýip, dymyp oñaýardylar...
Bu gün lül-gammar bolup gapyny kakanam onuñ mundan ýarym ýyl öñ gezen ýigidi Arslandy.
Arslanyñ özi bir edaranyñ ýiligini sorup, süñküni gemirip ýöreniñ biridi. Weşeñ-weşeñ puly gaýgysyzlyk bilen sowuşy ýaly, gyz-geline gezek gelende-de, arrygyny gynamaýardy. "Baýguşyñ iýjegi agzyna geler" diýlişi ýaly, özi üstüne gelýän biri-birinden owadan gyz-gelinleri jorap çalşandan enaýy görmeýän Arslan, bir ýa iki, köp bolsa üç gezekden artyk tanşan gyz-gelniniñ ýanyna barmaýardy. Ol muny wezipesiniñ howpsuzlygy üçin edýänem bolsa, towguna tok diýilmedik bu ýaramaz gylyk uzak wagtyñ dowamynda gaýtalanyp duransoñ endige öwrülip gitdi.
Adamlar indi düýn-öññinem kabul edip bilmejek, kabul etmek beýlede dursun, eşidende ýakasyna tüýkürjek zatlaryny bu gün añsatlyk bilen kabul edýärler. Asla geñ-tañ görübem duranoklar. Erkek bilen bir ýassyga baş goýansoñ, onuñ yzynda janserek bolup ýören gyz-gelinlerem azalyşyberdi öýdýän... "Eşek eşekden galsa, gulagynam kes, burnunam..." diýlenini edip, Arslandan bähbit tapmajagyna göz ýetirenlerem, birküç gezek jañlary alynmansoñ, ýa-da alynsa-da ýüzlerine öçürilip goýlansoñ, bolan-geçen zatlary bolmadyk ýaly hasap edip, ýene-de bir pulluja erkegiñ gözlegine çykybererdiler.
Geñ göräýmeli. Ynha, şular ýaly häsiýetli Arslan alty aý owal bir hepde ýaly gezip taşlan zenanynyñ gapysyny kakdy. Belki-de, onuñ wyždany oýanyp, durmuşynda häzire çenli gelip-geçen we diýseñ arzan düşen söýgüleriñ iñ bolmanda biriniñ gymmatyny gaýtadan ölçeresi, apalasy we söýesi gelendir. Ýok-la. Muny kim etse-de, häzirki oturan wezipesinde otursa, Arslan etmez. Ahmal, wezipesinden taýdyrylsa, atdan düşürilip eşege ters mündürilen güni, bular ýaly duýgusy oýansa-da oýanar...
Käbir adam burnundan gelýänçä içensoñ, erki elden gidip, niýeti-pälem üýtgäberýär. Arslanam özünden wezipesi bir-iki basgançak ýokardaky başlyklar bilen bir oturlyşykda lül bolansoñ, göwni jalataýlyk küýsäp başlady. Ýöne, hany, her çirten gülüni hendege zyñýan Arslana edil şol wagt taýynja duran guş barmy?! Arslan ýadyna düşenje telefon belgilerine aýlap çykdy. Hiç haýsyndan derek bolmady. Biri öz edişi ýaly telefony ýüzüne öçürdi, biri jañyny almady, ýene birine düýbünden jañ barmady. "Haý, haram tulalar, işleri düşmejek ýaly elimi bloga salaýypdyrlar öýdýän..." diýip, sögünen Arslan bir elini alkymynyñ aşagyna diräp, birsellem doñuz diñini saldy. Birdenem Çemen ýadyna düşdi. Bu-da paşmady. Dogrusy, Çemeniñ ýakyn gatnaşan her erkeginden soñ telefon belgisini özüniñ gyz çalşyşy ýaly çalyşýandygyndan Arslanyñ habary-da ýokdy. "Öýüñ-ä daş däl, özümjik baraýaýyn-la" diýip, ol awtoulagynyñ magnitofonyny gataldyp, göni mikroraýonyñ içine sürdi...
Mazaly almytyny alan Arslan garşydaşy bir gyra çekilensoñ, yrañ-darañ edip awtoulagyna mündi. Arslandan gaýtawula garaşmadyk Narly bolsa halatly elem-tas bolup gelýän Çemene tarap ýöredi. Awtoulagyny işleden Arslan çyranyñ ýagtysyna öñünde garalyp duran turba bölegini gördi. Ol dessine ulagdan düşdi we turbany alyp Narlynyñ yzyndan ylgady. Çemen iñ soñky gezek garysyna galan ýaraly möjek kimin okdurylan Arslanyñ elindäki turbany görüp, elini agzyna tutdy:
- Narym, gaç!..
Narly gaçmaga ýetişmedi. Nämeden gaçmalydygyny biljek bolup yzyna seredenem şoldy welin, ýazzy mañlaýyna zarñyldap degen turbanyñ urgusyna dünýäsi daşynda pyrlandy. Gaşynyñ üsti bir gyzyp, birem sowan ýaly boldy. Endamyna sowuk der indi. Mañlaýyna elini degirdi. Zogdurylyp gaýdan gany görüp, başy aýlandy. Badyna Narlyny gujaklap ýetişenem bolsa, daýaw göwräni dik saklamak Çemeniñ çepiksije gollaryna başartmady. Inçemik göwreden sypyrlyp aşak gaýtdan ýigit serrelip gitdi.
Goñşy gelniñ başy açyk, aýak ýalañ, barlygy-ýoklugy belli bolmaýan ýukajyk ýüpek halatda daşarda bolup ýörşüne ören goñşularyñ birki sanysy: "Päheý-tt, Çemenjanyñ oýnaşlary indi bir ganjygy paýlaşyp bilmän köçä çykyp garpyşyp başladylarmy..." diýşip, geñ-tañlabam durmadylar we gijäniñ süýji ukusyny harama çykarmajak bolup ýerlerine geçip ýatdylar. Ýöne, ýokardaky gatda ýaşaýanlaryñ käbiri mugt tomaşanyñ hezilini sypdyrasy gelmedi...
Narlynyñ mañlaýyndaky gany gören Çemen guduzlan ite döndi. Ol barşyna Arslanyñ ýüz-gözüne ýapyşdy.
Aýal bilen ýakalaşmak islemeýän Arslan awtolulagyna tarap ýörejek boldy. Çemen haýýarlyk bilen onuñ ýakasynyñ yz tarapyndan tutup saklajak boldy. Arslan wakanyñ bu gidişine gitse, gowulyk bilen gutarmajagyny syzdy. Hudaý saklasyn, häzir ýolbaşçy wezipede oturan kişi bir bolmasyz iş etse, öñki-soñky eden-u etmedik işlerini boýnuna ýükläp, tagtyndan agdaryp goýberýärler. Horaz gygyrmasa-da dañ atýar. Sen bolmasañ senemjan edip ýeriñe şobada öñden pursat peýläp ýören dalaşgärem tapylýar, mynasyp başlygam...
Çemen köne oýnaşynyñ bu ätiýajyndan habarly bolansoñ, ony dawanyñ içine hasam çekmek isleýärdi. Her näme-de bolsa, Arslan parhly çykdy. Birem el galdyrmady. Gaýtam çem gelen ýerine başly-barat inýän şarpyklardan goranjak bolup durşuna, Çemeniñ bir elinden tutdy-da, ony özünden daşlaşdyrmak maksady bilen itekläp goýberdi. Öñem çalamydar ilişip duran sadap ilikler daş-töwerege pytrap gitdi. Dara-direde haladyñ ýeñi Arslanyñ elinde galsa näme... Diñe içki eşikde galan Çemen ýokarky gatda sime düzülen gargalar ýaly bolup tomaşa eýläp oturan goñşularynyñ bardygyny ýatdan çykardy. Ol göwüsbendini hem bat bilen sypyryp, Arslanyñ ýüzüne zyñdy-da:
- Waý, öldüm-eý, il-gün ýetişeweriñ! Bu haram eşek meni zorlajak bolýar... - diýip, hasam beterine tutdy.
Ýokardaky gatlaryñ birinde çilim tüsseledip wakany keýpihonlyk bilen synlap duranlaryñ biriniñ gülküli sesi gijäniñ ümsümligini ýañlandyryp gitdi:
- Götüñdäkinem çykarsana, bolanna görä...
Eýýäm huşuna gelip ýetişen Narly masgaraçylykdan gaçmak üçin awtoulagyna tarap ýönelen Arslanyñ yzyndan hasanaklady. Edil ýañy özüne bolan zat boldy duruberdi. Küdüñ ýaly ýaly ýumruk heniz yzyna öwrülip ýetişmedik garşydaşynyñ ýeñse çukuryndan indi. Südenekläp giden Arslan ýere ýüzin ýazyldy...
Megerem, tomaşaçylaryñ biri polisiýa jañ eden bolmaga çemeli. Onýança depesindäki çyrasyny ýalpyldadyp, "Şewrolet" hem geldi.
- Aý, dogan, raýatlaryñ rahatlygyny goramajak bolsañyz, sizi başymyza ýapalymy?! Geliñ-ä şeýdip. Serediñ, şu duran bizi nätdi. Ýatanyñ üstüne turan gelmesin. Ýaşap ýörseñ her zady görjek ekeniñ... - diýip, Çemen haladyny egnine atyp duran ýerinden möññürmäge durdy.
Belanyñ körüginiñ şu darsdabandan turandygyny añan ýaş leýtenant sowukganlylygy elden bermedi:
- Bagyşlañ weli, bu uly şäherde sizden başga-da adam ýaşaýar, gelneje. Edil ýañy şular ýaly dawalaşyp duran bäş-alty sany ýaş oglany bölüme äkitmeli boldy. Onsoñ gelýänçäk birneme wagt geçäýdi-dä. Arkaýyn boluñ, waka ikitaraplaýyn seljeriler we günäkäre çäre görüler.
Arslan öz awtolulagymda giderin diýse-de, leýtanantyñ ýanynda gelen iki sany kömekçi poliseý kes-kelläm ony diñlemediler. "Şewroletiñ" yzyna urşan tarapyñ üçüsinem dykyp diýen ýaly salan kömekçiler özleri taksi tutmak üçin ýola çykdy.
Ýaş leýtenant Çemeniñ "biz ikimiz näme içgilimi?" diýip gohlandygyna seretmezden, olaryñ üçüsinem äkidip, serhoşlyk derejesini anyklaýan merkezden geçirip geldi. Olar ýolda-da biri-birine haýbat atyşyp, sögüşip geldiler. Leýtenant olara hiç zadam diýmedi. Gaýtam ýolboýy olaryñ galmagalyny diñläp geldi. Getiribem nobatçy sülçiniñ ýanyna saldy. Ýene bir ýerden çagyryş jañy geldimi nämemi, sülçiden rugsat sorabam gyssagly çykyp gitdi.
Gerekli resminamalar toplandy, düşündirişler alyndy. Soñra Çemendenem, Narlydanam arza alyndy. "Äl-aýt, şu nobatçy ýerli wekillerem* ur diýseñ öldürýär. Bäş minut eşigini geýip çykýança garaşaýmaly ahyry" diýip, içinden pikir öwren sülçi Çemene zalda garaşmagy haýyş etdi. Ol ýukajyk hem-de darajyk haladyñ içinde suwa batyrylyp çykarylan pişik ýaly titir-titir edip duran zenana artykmaç sorag berip durmagy uslyp bilmedi.
Ertir çagyrylanda geljekdigi barada dil haty goýan Narly mañlaýyna ýeten şikesiñ agyrlyk derejesini kesgitlemek üçin ýarty kagyza ýazylyp berlen ýollanma hatyny goltuk jübüsine salyp, ýañy sülçiniñ otagyndan çykjak bolup durka, bar zat bulaşdy duruberdi. Sus oturan Arslan birden çaşdy. Gulakdan syrygyp başlan gany gören sülçi dessine nobatça jañ etdi:
- Gyssagly "Tiz kömege" jañ et!.. Gelen badyna-da ugrat meniñ kabinetime!
- Bolýa, ýoldaş kapitan! - diýen nobatçynyñ telefondan eşdilýän şaññy sesi sülçiñkiden batly ýañlandy.
"Tiz kömek" hamala jaña garaşyp duran ýaly çalt geldi. Gelen lukman ullakan şikesiñ ýokdugyny, muña garamazdan näsagy hassahana äkitmeli boljakdygyny aýtdy. Sülçi bilen Narly Arslany nosilka salyşdy. Lukmany ugradan sülçi Çemeni çagyrdy:
- Ýoldaş Hesenowa, siz arkaýyn öýüñize gaýdyberiñ.
- A Narly näme?
- Heniz Narlylyk işimiz bar. Bar arkaýyn gidiber, çagyrylanda gelersiñ...
Naýynjar halda gultunan Çemen gapyny daşyndan ýapdy...
Zalda daşlaşyp barýan aýak sesine diñ salyp, penjireden daşaryny synlap duran sülçi Çemeniñ bölümiñ howlusyndan çykandygyny görenden soñ, Narla tarap öwrüldi.
- Tak skazal bednýak. Näme edýäs indi?
- Näme etmekden Hudaý saklasyn, ýoldaş kapitan. Ýañam öz aýdyşyñyz ýaly men we Çemen jebir çeken bolup çykyş edýäs-ä. Düzgün bozuja çäre görüñ...
- Indi Harlamow Arslan jebir çekene, a siz bolsa düzgün bozuja öwrüldiñiz...
- Bäh, agyp-dönüp duran loly dünýe bu diýleni boldy bü-ýä. On minuda ýetirmän ýerimizi çalyşmaly bolaýdymy?!. Kanunam sakgyç ýaly zat eken-aý? Kime tarap süýndürseñ süýndürip oturmaly.
- Bagyşla weli, siz muny öýüñden ýaban bir lolynyñ gujagyna girip ýatmankañ pikir etmeli ekeniñiz.
- Erkek eşeklik edilýä-dä...
- Aý, hawa-da... - diýip, pallan sülçi bir elini agzyna tutup: -Men biraz gözümiñ awusyny alaýyn. - Soñra ol telefona elini ýetirdi:
- Nobatçy, kömekçi ugratsana!..
- Ýes! - diýen sözden soñra telefonyñ gukguldysy eşidildi...
Kömekçi seržant Narlyny alyp çykansoñ sülçi kabinetini içinden gulplap, çyrany öçürdi we kreslosynda oturan ýerinde uklap galdy...
Kömekçi seržant Narlyny äkidip düzgün bozujylary wagtlaýyn saklanýan otaga saldy. Hernä jübülerini barlap salmady. Sowuk betonyñ üstünde lampa oturan Narly bu ýerden nädende çalt çykyp bolýandygyny pikirlenip başlady. "Kim bar-aý, kim bar? Meni ýeke jañda bärden alyp çykyp biljek kim bar..." Birden onuñ ýadyna howpsuzlyk gullugynda işleýän bir tanşy düşdi. Jañ etdi. Sagat eýýäm dañdan bäş töwereklerini sermäp ýördi. Şonda-da, ol uzak garaşdyrman telefona jogap berdi.
- Salawmaleýkim, Çary! Dostjan, bimaza edýän däldirin-ä?..
- Ýok-la, señ jañyñam mazasy-bimazasy bolarmy. Bilýäñ-ä çekistleriñ gije ýatmaýanyny. Aýdyber, Narly näme gulluk?
- Gullugymy aýdar bolsam, iş pyrryk. Özüñ alyp çykmasañ bolmaýa. Polisiýada otyryn. Birini urdum. Indem näme boljagy belli däl.
- Adam öldürmediñ dälmi?
- Ýok-la, Hudaý saklasyn.
- Onda ertir ir sagat tegelek dokuza çenli gaýrat et. Baryp özüm alyp gaýdaryn. Olar ýaly zatlar mesele däl-ä!..
- Boldy agam, onda men arkayn.
Jogap deregine telefonyñ gukguldysy eşidildi. Çarynyñ gidişi gidiş boldy. Ertesi sagat dokuzda-da, agşam sagat dokuzda-da ony gelip alyp giden bolmady. El telefonynyñ zarýady çökensoñ hiç kime jañam edip bilmedi. Sülçiniñ ýanyna birki gezek äkidilip getirilenini hasap etmeseñ, aýak ýoluna-da çykmady. Ahyryn gözenegiñ öñünden geçip barýan kömekçini çagyrdy. Kel düşen kellesini gart-gart gaşanyp gelýän kelte boýly, garynlak kömekçi:
- Näme gerek? - diýdi.
- Agam, öýe jañ edip bolmazmyka?
- Puluñ barmy?
- Pullumy ol?
- Dagy näme sag bolsuna etdiräýer öýtdüñmi? Kireýsiz kilim kakylýamy şu döwürde?..
- Bolýa, agam. Näçe?
- Bir jaña ýigrimi manat.
Gapdalky gözenekde oturan biri ara goşuldy:
- Ýapban kel, sen-ä soñky bir ýylda diñe jañdanam bir maşynlyk pul edinensiñ, hä?!..
Gözenegiñ içinde oturanlar wakyrdaşdy. Ýapban muny ýüzüne-de almady. Gaýtam Narla:
- Bol, çaltrak! Nobatçy görse meniñ derime saman dykar, başlyga satýa derrew...
Ýañky gygyran ýene goşuldy:
- O bendä-de ujundan beräýmeli-dä, ýeke özüñi bilseñ bolaýjagyñ şol.
Gapdaldan ýene biri söz oklady:
- Ol erkek oglandyr, bu kel ýaly açgöz däl. Eger-eger öñünde kelle ýaly altyn goýsañam almaz...
Narly tanyş oglanlarynyñ birine - Perhada jañ etdi. Wagyrdynyñ içinde oña zordan derdini düşündirip bildi.
Ýarym sagada ýetirmän gelen Perhat göni sülçiniñ ýanyna girdi. Näme üçin gelendigini we öz kimdigini tanadandan soñ ol matlabyny belli etdi:
- Ýoldaş kapitan, menem öñ milisede işläp çykdym. Ol wagtlar polisiýa däldi, milisiýady. Men bulañ içinde edilýänje oýunlary gowy bilýändirin. Öññin agşam getirilenleriñ işi nähili bolarka? Ýarasy gaty agyr bolmasa, edilýänjesinden nemedeli, neneñ görýäñ, hä?
Sülçi kän pikirlenip durmady.
- Haýsy gerek saña?
- Narlyýyf gerek.
- Ýagdaýy biçeme däldir-ä?
- Ýagdaýy gaty ganymat. Telekeçi ahyryn ol. Elbetde, ynsap bilen aýt. Mesele däl, men kepil geçýän, gepsiz-gürrüñsiz sag bolsunyñy özüm elinjek gowşurýan.
- Tegelek on onda!
Perhat elini owkalaşdyrdy.
- On müñmi? Galyñrak bolanokmy ol?
- Laýyk bolýa şol agam. Häzir şol işi prokuratura geçiremsoñ, on sany on paçka çykarybam düzedip bilmersiñiz.
- Geçirme onda. Men bir sagadyñ içinde soraýan puluñy getirerin.
Çalt aşak düşen Perhat Narlynyñ deñesinde saklandy. Nobatçydan rugsat sorap gözenegiñ öñüne bardy we onuñ gulagyna pyşyrdady:
- On iki müñ soraýar.
- Gökdenmi-i-ii ?
- Hawa, dollardan.
- Göni öýe gaýdýanmy onnoñ.
- Göni! Özüm alyp gaýdýan.
- Dep onda ofise. Aýly jana aýt, jigim berer goýberer.
Perhadyñ gidişi gelişi deñ boldy. Sülçiniñ kabinetiniñ agzynda aýak çekip, puluñ ujundan ýigrimi sany ýüzlügi sogrup goltugyna saldy, soñam içerik ätledi. Ol elindäki pully dañyny sülçiniñ öñünde goýdy.
- Ylaýykdyr, sanaý!.
- Ýeri bolýa, sanap durjak däl. Öz paýyñam çykaransyñ-a?..
- O nähili? Başbitin öñüñde dur. Meñ bärde ýeke teññe-de peýdam ýok. Iş salşyp ýören adamym bolansoñ ýüzden geçip bilmedim.
- Onda bolýa-la. Agam, gep-gürrüñ bolmaz dälmi? Porsajak ýeri bolsa häzir aýt.
- Ed-dil daşa ýazylan ýaly bor. Sen diñe meni bil, inim!..
Sülçi nobatça jañ etdi:
- Narlyýewi häziriñ özünde goýberiñ. Näme diýýäñ? Hemme zady bilmek saña hökmanmy? Ýokardan jañ geldi. Goýbermesek bolmaýar. Gerek bolsa özümiz çagyrarys. Pasporty mende dur.
Sülçi sagbollaşyp çykan Perhat gapyny ýapan badynda kimdir birine jañ etdi:
- Starleý, näme uklap ýatyrsyñ? Herekete bereket diýipdirler. Ýatan öküze iým ýok. Harlamowdan derek çykmadymy? Gowja siltelemeli eken-dä. Aý, bähbit bolsun. Bolmanam başlyk adamy bize ýetiresleri ýok-la, başlyklañ özi soýar ony.
Bu Narlyýewdenem-ä ep-eslijäni ýonandyryn. Görgülini ýogsa hiç zadam edip bolanok-laý. Adamlaryñ kanuna düşünip barmaýanlygam bir gowy zat. Hawa, hawa-la, başda gürleşişimiz ýalydyr. Geliber, paýyñy aýryp goýaryn...
Perhat birinji gata düşüp, Narlyny aldy. Bogaz alakany ýada salyp duran gülkünç keşpli Ýapban kel olaryñ yzyndan ýalmanyp galdy:
- Ýokardan çözdürdiñ öýdýän, agam? Biziñ ýanymyza-da aýlanyp gidersiñ-ä?
- Hawa-la, Ýapban aga. Hökmany suratda - diýip, yzyna garaman çykyp gaýdan Narly dostunyñ awtoulagynda öýüne geldi. Perhat gaýdarman boldy.
- Uly iş bitirdiñ. Señem gadryñy biler ýörerin-dä. Ýör, gir öýe, çaýlaşman gitseñ aýyp bor.
- Ýene bir gezekde. Men häzir bir obadaşymyñ toýuna ýetişmeli, dawaý! - diýip, awtoulagyny peşedip giden Perhadyñ yzyndan gapyny ýapan Narly gujagyna üç ýaşan ogluny alyp çykan gelnine gözi düşdi.
- Narly, üç günläp nirde kañkadyñ? Çagalar ýadyña düşmedimi, heý? Bolmanda men pylan ýerde, alada etmäñ diýip jañ etseñ bolmaýamy? - diýip, ala gözlerini balkyldadyp bakan aýalynyñ gözüne göni seredip bilmän, ýüzüni kese sowdy.
- Möhüm iş çykdy, telefonymam ofisde galypdyr - diýip ýalan sözlän Narly, içindenem: "Men bir eşek, sizden ýaban ýatyp, düşüp ýören günümi diýsene. Gaýdyp şol emjegi kesileniñ gapysyndan barsammy..." diýip, ogly bilen bilelikde aýalyny gujaklady. Ol birdenem buduna bir şepbeşik zadyñ ýapyşandygyny duýdy. Aýalyna:
- Men bir hajathana girip çykaýyn - diýip, hajathananyñ gapysyny içinden kilitledi.
Jalbaryny çözdi. Şepbeşik suwuklyk onuñ ujydyndan gelipdi. Narly buşugjak boldy. Peşewiñ deregine gan gatyşykly iriñ geldi. Iriñ endam-janyndan ýygnanyp gelýän ýaly on iki süññüni elendirdi. Göbeginden aşagy bilen iki satanyñ arasyny tisgindirip gidýän awuly sanja çydap bilmän:
- Işim gaýtdy. Trifr tutdum öýdýän - diýip, şepbeşigi içki eşigine ýapyşyp, awusy barha artýan ujydynyñ iriñini gysyp-gysyp gutaryp bilmedi.
Ol hajathanadan çykyşyna dessine eşigini geýdi. Aýaly ylgap geldi.
- Ýene nirä? Ne ýuwundyñ, ne iýip-içdiñ?
- Ýarym sagatdan gelýän. Ýene bir iş çykdy.
Narly garažda ätiýaçda duran awtoulagyny işledip, ugrajak bolup durka, bir ýerlerden timisgenip Çary geldi.
- Geldiñmi sag-aman, Görogly!
Narly onuñ bilen sowuk salamlaşdy.
- Hawa, geldim öz-ä.
- Geldiñmi ýa getirdilermi?
- Parhy näme?
- Parhy kän. Neme men seni goýbertmek üçin näçe kişini gördüm. Indi şol oglanlara sag bolsun aýtmaly boljak.
- O nähili sag bolsun aýtmaly men? Iki günläp mentleriñ gözenekli porsy jaýynda ýatdym. Garañ görünmedi. Indi näme "ekgende ýok, tikgende ýok, harmanda häzir hoja" etjek bolýañ? Men ol ýerden ýañy geldim.
- Boljak zat däl! Şeýle goýberäýdilermi?
- Kim aýdypdyr şeýle goýberdiler diýip?.. On iki müñ dollary sanapjyk berdim...
Çarynyñ gözi çykaýjak boldy.
- Kime-e-e?
- Kime bolanda saña näme?
- Men o parahory edişime seret. Kim-aý ol eşşegataly, aýtsana?
- Näme etjek? Kimligi bilen işiñ bolmadyn. Puluny aldy, işini bitirdi. Sen ýaly ýitip gitmedi. Ýagdaý neneñ-niçik borka diýip, doñuz diñini salyp ýatan peläkediñ biri diýerler saña. Şoña görä hem menden pul aljak bolduñ. Onsoñam seniñ özüñ menden pul sorap dursuñ-a? Ýene-de utanman "o parahory edişime seret" diýen bolýañ-maý...
Çarynyñ ýüzüne kül sepilen ýaly boldy. Mundan soñ onuñ geplemäge ýüzi bolmady. "Aý bolýa-da. Ýol uzakdyr. Entek kän işiñ düşer maña" diýip tozanlap howludan çykyp gitdi.
Diýýäñmişem diýmän awtoulagyna münen Narly deri-wenerologiýa keselleri hassahanasynda işleýän tanyş lukmanyna jañ etdi:
- Salawmaleýkim, Kamran akga. Nirdesiñ? Nirde bolsañam sataşmasak bolmaýar häzir. Artyp galan akyp ýatyr. Keýwany bir bilmesin. Öñ näme gün görkezdim oña. Gaýrat et, agam. Näçe gün ukol almaly bolsa-da alaryn, bahasy hiç. Özüñem boş goýmaryn...
Awtoulagyny dazladyp howludan çykan Narly goñşusynyñ oguljygy Kerweni görüp sakga durdy.
- Narly däde, ejem dükana çörek diýip ugratdy weli, pulumy ýitiräýdim. Ejemiñ sowalga diýip süýşüren iñ soñkuja iki manadydy. Dükanyñ satyjysam ýazgysyna zat berjek däl diýýär. Iki manat karz beräý-dä? Ertir bazarda araba sürüp kireý ederin hemem puluñy getirip bererin.
Kakasy birki ýyllykda ýogalan on ýaşlyja ýetim oglanjygyñ sözüne ýüregi jigläp giden Narly oña ýigrimi manat uzatdy.
- Gerek däl, ertirem araba sürjek bolup ýörme, bormy?
Iki manadyñ deregine uzadylan ýigrimiligi gören Kerwenjik aljyrap ýeñsesini gaşady.
- Bor welin, men iki manat diýipdim...
- Galanyna süýji-köke alynaý körpäm.
- Alladan gaýtsyn, Narly däde. Ejeme aýtmarsyñ-a ýöne?
- Elbetde aýtmaryn! A sen süýji-kökäni jigileriñden ogrynça iýjekmi?
- Ýo-ok, ony diýmedim. Pul ýitirenimi aýtmasañ bolýa.
- Arkaýyn bolsana köşek. Ýöne senem indikiñe pugta bol. Gerek zadyñ bolsa-da ýuwaşlyk bilen maña duýduraý. Bar, Alla ýaryñ bolsun!..
Agyr durmuş tarapyndan şadyýan çagalygyna kast edilen on ýaşlyja oglanjygyñ buruk boýnuna nebsiagyryjyluk bilen seredip oýa çümen Narly: "Kimler iýmäge çörek puly tapmaýar, kimler bolsa gazananjasyny haram zatlaryñ ugrunda saman ýaly sowurýar" diýip, uludan dem aldy. Soñra rulda oturan ýerinden maşynyñ yza seredýän aýnasynda öz-özüne seredip, äht etdi:
- Şu ýigrenji keselden bir saplanaýyn. Dagy-duwara künti diýlen zadyñ garasyny görmejegme halal çagalarymdan ant içýän!..
____________________________
*Bellik: ýerli wekil - uçastkowoý
© Has TÜRKMEN.
Hekaýalar