09:35 Dördemler bandasy | |
DÖRDEMLER BANDASY
Publisistika
Öwran-öwran okaýan pähimdarlarym bar: Professor Samir Amin (1931-2018) bularyñ başyny çekýär. Meni onuñ adamzadyñ azatlygyna bagyşlanan intellektual döredijiligi hemişe haýrana goýup geldi. Ol Parižde ýañy 20 ýaşynda Marksyñ "Kapitalyny" okaýar. "Kapitalizme we onuñ ideologik elementlerine dahylly ajaýyp medeniýetinden we analiziniñ subut edijilikli güýjünden artygy bilen täsirlenipdim..." Ondan soñam her ýigrimi ýyldan gaýtalap okaýar. Näçe okasa-da onuñ islegi kanagatlanmaýar we şu soragyñ üstünde kelle döwýär: – Berbat sistema bolan kapitalizm Hytaýda, musulman-arap Ýakyn Gündogarynda däl-de, nämüçin Ýewropada döredi? - Taryhçy adyna mynasyp hakyky taryhçylar medeniýetiñ başlangyjynyñ Ýewropa (Grek-Rim) däldigini gowy bilýär. Kapitalizm Müsürde, Hytaýda däl-de, nämüçin Ýewropada döredi? Samir Amin sowalyñ jogabyny Marksyñ eserlerinden tapmaýar. Engelsiñ "Maşgalanyñ, hususy eýeçiligiñ we döwletiñ gelip çykyşyny" okaýar. Ondanam jogap tapmaýar. Gözlegini dowam etdirýär. Edil Marksdyr Engels ýaly köp okaýar, yzygiderli ylmy-gözlegleri geçirýär... Sorbon uniwersitetiniñ professory Rene Etemblyñ Hytaýda geçiren ylmy işleri ünsüni Gündogara gönükdirýär. ("Dile geldi, bile geldi", ýeri gelende aýdaýyn: Samir Aminem, Etemblem Günbatarda "genosidiñ tarapdary", "hemjynslygyñ duşmany" ýaly bolmajak ýalan töhmetler bilen hemişe garalanyp gelindi). * * * Gürrüñi süýndürmäýin: Samir Aminiñ pikiriçe, Ýewropa yzdadygy üçin - zerurlyk sebäpli 1000-1250-nji ýyllar aralygynda ösüş maksatly birinji ädimini ätdi. - Sistemanyñ yz hataryndakylar ynjyk jemgyýetlerde ýaşaýarlar, şonuñ üçinem maýyşgak bolýarlar. Ýagny, "täzeçillige" açyk bolýarlar. Kapitalizm adamzat taryhyna "öñdebaryjy" hökmünde çykanda, Marks aýtmyşlaýyn, kapitaly "ilkibaşky tejribelerden" aldy: Genosid etdi, gul eýeçilik düzgünini ýöretdi, işçileri rehimsizlik bilen eksplutatirledi, adamlary ýersizleşdirdi, tebigaty öldürdi, jemgyýetleriñ we ýurtlaryñ arasyna tow saldy... Samir Amin kapitalizmiñ döreýşi we dünýä derejesindäki giñelmesi boýunça dört uly üzülmeden söz açdy: 1500-nji, 1800-nji, 1880-nji, 1990-njy ýyllar… Kapitalizmiñ elmydama imperialistik häsiýetiniñ bolýandygyny nygtan Samir Amin bolup geçen iñ soñky - 1900-njy ýylly tapgyr babatda şeýle diýdi: - Buržuaziýa köplükdi, biri-birine bagly garaşsyz, özygtyýarly we biri-birleri bilen hemişe basdaşlykdaky maşgalalardan ybaratdy. Şindizler köp sanly, merkezileşen oligarhiýadan ybarat we önümçilik sistemasyna tutuşlaýyn, hasam beteri, syýasy, medeni, ideologik ulgamlara-da gözegçilik edýär. Hem bu globalçy imperializme "taryhyñ soñy" diýdiler, başga sistema ýokdy! Sagy, çepi, sowatlysy, sowatsyzy, yslamy toparlary, faşistleri... hemmesini şu "torbanyñ" içine dykdylar. Partiýalary, guramalary biri-birine meñzetdiler... Eýsem şeýle talañçy neoliberal imperialistik sistemadan çykma-arany açma nähili bolmaly? * * * Samir Amin "deñsiz söwda" ýaly tezisler bilen "Üçünji dünýä ýurtlary (ösüp barýan ýurtlar) imperialistik häsiýetli kapitalistik eksplutasiýadan arany açman geljegini gurup bilmez" diýdi. Hakyky ösüş reformasyna diñe anti imperialistik çemeleşme arkaly ýetip bolar. Şonuñ üçinem kapitulýasiýalara garşy göreşmeli diýýäris. Şonuñ üçinem "doly garaşsyz ýurt" diýýäris. Şonuñ üçinem eksplutatirlenýänleriñ azatlygy diýýäris, täzeçillige diñe şolar açykdyr. Şoñ üçin Samir Amin, Immanuil Wallerstaýn, Argiri Emmanuel, Andre Gunder Frank... diýýäris. Kapitalizme garşy düýpli tankydy bellikleri eden bu pähimdarlara Günbatarda "dördemler bandasy" adyny berdiler! Üýtgeýän zat ýok: anti-imperialist bolsañ hökman myjabat atýarlar, globalçy neoliberalizme soragsyz-sowalsyz boýun bolmagyñyzy isleýärler, bir torba dykylan partiýalaryñ biri-birine meñzemeýändigine ynandyrjak bolýarlar, kabul etme (восприя́тие) operasiýalaryny hakykat diýip añyñyza guýýarlar. Intellektual derñew geçirmäge ukypsyz progressiwler ýurtlarynyñ garaşly ýagdaýa düşendigi, şular ýaly ýeke tipleşendigi üçin jogapkärdirler. Neoliberalizmi kada-kanunsyz durmuşa geçirýän häkimiýet bilen neoliberalizmi kada-kanunly durmuşa geçirjegini aýdýan oppozisiýanyñ arasynda gysylyp galaýmaly bormukak? Halkçy düşünjäniñ ýoly "dördemler bandasynyñ" ýoludyr. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 28.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |