00:51 Döredijilik adamsy adam hak-hukuklaryny nähili goramaly? | |
DÖREDIJILIK ADAMSY ADAM HAK-HUKUKLARYNY NÄHILI GORAMALY?
Edebi makalalar
Adamlaryñ hak-hukuklary nähili goralmaly ýa-da döredijilik işgäri, ýagny ýazyjy-şahyr, režissýor, artist, aýdymçy, kompozitor, suratkeş, heýkeltaraş adamlaryñ hak-hukuklaryny nädip goramaly? Roman ýazyp, aýdym aýdyp, surat çekip adamlaryñ hak-hukugyny goramak ýeterlik bolýarmy? Adam-hukuklaryny goramak meselesinde, mysal üçin, Azerbaýjandaky adam hak-hukuklaryny goraýjylaryñ tüýsüne girenleriñ edişi ýaly "watanym, jan watanym, döwletim, jan döwletim!" diýip zowlatmalymy ýa-da Uilýam Folknerden eden terjimämde aýdylyşy ýaly derisiniñ reñki sebäpli öldürilen çaga zerarly "Amerikanyñ gyrgynçylyga mynasypdygyny" aýtmalymy? 1955-nji ýylyñ iýul aýyny Ýaponiýada geçirip, ýaşlara ýüzlenip çykyş edenden soñ Ýewropa giden Folkner hiç wagt taşlap gaýtmagy pikir etmedik dogduk depesi Missisipä gelende, 14 ýaşlyja garaýagyz çaga Emmett Tilliñ teniniñ reñki sebäpli iki akýagyz ýetginjek tarapyndan öldürilendigini eşiden badyna "United Press" habarlar agentliginiñ Rimdäki býurosyna şeýle gazaply beýanatyny beripdi. Emmett Till Uilýam Folkneriñ Emmett Tilliñ öldürilmegi boýunça 1955-nji ýylyñ sentyabr aýynda "United Press" habarlar gullugyna beren beýanaty şeýledi: "Missisipi ştatynyñ etraplarynyñ iñ bolmanda biriniñ ýaşamagynyñ diñe ähli ştatlaryñ ýaşamagyna baglydygyna biz ahyrynda haçan düşünerkäk? Ýa bolmasa ştatyñ ömrüniñ diñe ABŞ-nyñ ömrüne baglydygyny? Hem ABŞ-nyñ ömrüniñ uzamagynyñ diñe akýagyz jynsyñ hemmesiniñ ýaşamagy arkaly mümkin boljagyny? Akýagyz jyns Ýer şarynyñ akýagyz, bugdaýreñk, saryýagyz, garaýagyz ilatynyñ bary-ýogy dörtden bir bölegini düzýär. Akýagyz jynsyñ adamzadyñ galan dörtden üç böleginiñ oña jogap berjek hereketleri etme batyrgaýlygyny tapmaga hukugynyñ ýokdugyna düşünmeginiñ wagty gelip ýetdi. Şu ýagdaýda syýasy sebäplerden ötri Günbatara duşman bolan ariýa halklaryna näme diýip bileris? Hem hakykatdanam şular ýaly hereketleri eden ýa-da şular ýaly hereketlere şert döreden biz akýagyz amerikanlar on bäş ýyl öñ häzirki batan ýagdaýdaky ýaponlaryñ (adalaryñ 80 millionlyk ilaty) bize şeýle çemeleşendigini hakykatdanam ýatdan çykardykmy? Şeýle ýagdaýyñ gaýtalanan ýagdaýynda diñe tenleriniñ reñki bilen däl, ideologik seredişleri bilenem bizden tapawutly ýagdaýdakylar ar almaga synanyşanlarybda ikinji Pýorl-Harboryñ aşagyndan çykmaga nädip umyt bildirip bileris? Çünki biz başyboşlygyñ we azatlygyñ gürrüñini edende öz çemeleşmelerimiz bilen ne-hä birini, ne-de başgany kepillik astyna alýarys. Derisiniñ reñki bizden üýtgeşik bolanlaryñ diñe azatlygyny, adalatyny, hatda ýaşaýşyny goramagy kepillendirip bilmeýşimiz ýaly. Diñe Günorta Afrika garaýagyzlarynyñ däl, şol bir wagtyñ özünde ABŞ-nyñ garaýagyz halkynyñam. Hem bularyñ barsyna garamazdan, biz amerikanlaryñ ýaşamaga haky bar bolsa, munuñ özi diñe amerikan taryhynda ilkinji gezek biziñ akýagyzdygyna, garaýagyzdygyna, goñrasdygyna, mawydygyna ýa-da ýaşyldygyna garamazdan bir bitewi parçalanmaz halda bolmagymyz arkalydyr. Häzir biziñ ýaşap-ýaşamajakdygymyzyñ soragy berilýär. Dogduk depäm Missisipide iki akýagyz ýetginjegiñ bedibagt garaýagyz oglana garşy gynançly tragiki hereketi, megerem biziñ ýaşamaga hakymyzyñ bardygynyñ ýa-da ýokdugynyñ jogaby bolar. Eger ABŞ-da umyt döredip bilmeýän medeniýetimizde sebäbi näme bolanda-da, teniniñ reñki sebäpli çagalary öldürme tapgyryna gelen bolsak, biz ölmäge mynasyp we hökmany suratda gyrylmaga degişli, gyrylarysam!" Folkneriñ bu sözleri döredijilik adamlarynyñ jemgyýetçilik hadysalary bolup geçende özlerini nähili alyp barmalydygy barada iñ gymmatly materiallardan biri bolup hyzmat edýär. Sentýabryñ ortasynda Pariže uçan Uilýam Folkner şol ýerde "American Information Service" habarlar gullugynyñ wekili Sintiýa Graýnere giñişleýin beýanat beripdir. Biz şol gürrüñdeşligi terjime edip dykgatyñyza ýetiripdik. Parižde neşirýatçysynyñ guran üýşmeleñinde Alber Kamýu bilen tanyşan Folkner şol ýerdenem Londona uçupdyr. Maýis ALIZADE. Ýekşenbe, 14.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |