00:53 Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! | |
DÖREDIJILIKDE IDEÝA MEÑZEŞLIGI BOLUP BILERMI?!
Edebi tankyt
Bir şahyry öwübem, hatda nähakdan tankyt edibem ony beýgeldibem-peseldibem bolanok. Her bir ýazyjy-şahyryň öz ilinde, eger ol has mynasyp eserleri döretse, beýleki halklaryň arasynda hem olaryň gazanýan orny bar. Şonuň üçin islendik ýazyjy-şahyryň döredijiliginiň halkyň hakydasynda galmagy ýa unutmagy üçin edebi tankydyň beýle bir ähimýeti ýok. Ýöne edebi tankyt okyja-da, hatda awtora-da hakykaty bilmäge ýardam edip biler. Bizem şu asylly maksatdan ugur alyp: “Biz birini söýýäris, ýassykdaş bolýar bir ýat” diýen kyssam hem şol kyssamda getiren şu rubagym hakynda söhbet etmekçi: Bedbagtlykmy ýa-da bagt, Bu nä geň, agyr kysmat, Biz birini söýýäris - Ýassykdaş bolýar bir ýat. Meniň ýokarda ady agzalan kyssam özümiň doganoglan agam Şir (Olaryň adyny ütgedip aldym) bilen onuň maşgalasy bolan Sona gelnejemiň ykbaly. Onuň içinde getirilen rubagy bolsa agam Şiriň köýen söýgüsiniň ahyny beýan edýär. Meniň kyssamda anyk durmuş hakykaty ýatyr. Kyssamyň hem onuň içindäki rubagymyň doglan ýeri-Polşanyň Swentoşuw şäheri, döredilen senesi 1987-nji ýylyň iýuny. Türkmenistanyň Halk artisti Juma Ýazmyrat 1987-nji ýylyň iýulynda meniň bu kyssamy türkmen radiosynyň birinji kanalynyň edebi gepleşiginde ikä bölüp okapdyr. Halypa Juma Ýazmyrat bu kyssamyň bir harpynam üýtgetmän okandygyny tekrarlady. Gullugy tamamlap, 1989-njy ýylda ýokary okuw jaýyna girenimden soňra, bu kyssamy özümem radioda okadym. Studentleň edebi çykyşlarynda hem bu kyssam gaýtalanyp-gaýtalanyp okaldy. Men 1989-1993-nji ýyllarda, has anygy student döwrümde şol zamanlar her aýda diýen ýaly halypa ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmagynda ýaşlaryň döredijiligine bagyşlanýan maslahat geçirilýärdi. 1989-njy ýylyň dekabrynyň başlarynda (Anyk güni ýadymda däl) nobatdaky gezek geçýän ýaşlaryň döredijiligine bagyşlanan maslahata şol wagtlar ussat estrada bagşymyz Akyş Saparowyň örän meşhurlyk gazanan “Razy men” klassyky aýdymynyň sözlerini ýazan halypa şahyrymyz Aşyrguly Baýryýewem gatnaşypdy. Men şonda bu halypany ilkinji gezek görşüm boldy hem şonda onuň bilen tanyşdym. Asla A.Baýryýewiň meniň ýaşlaryň döredijilik maslahatyna gatnaşýandygymy bilip gelendiguini aýtmagy meniň üçin hasam buýsançly boldy. Şonda Aşyrguly Baýryýew 15 minut ýaşlaryň döredijiligi hakynda gürrüň edip, mysallara ýüzlenende meniň “Biz birini söýýäris, ýassykdaş bolýar bir ýat” diýen kyssam hakynda gürrüň etdi. Özem Aşyrguly halypa bu kyssamyň diliniň örän çeperdigini, emma gahrymanlaryň obrazy (şahslaryň-gahrymanlaryň keşbi meselesinde) meselesinde kemçilikleriň bardygyny aýdanda özümem ylalaşdym. Kyssamyň adynyň türkmen edebiýatynda jüpüne düşen täzelikdigini aýdyp, ol “Kemçilikleriň bardygyna garamazdan, Döwletmyradyň bu kyssasy ýaşlaryň nusgalyk eserleriniň biridir” diýip, sözüni jemledi. Edil şol maslahata şahyr Nobatguly Rejebowam gatnaşyp, Aşyrguly Baýryýewiň bu kyssam, rubagym hakynda aýdanlaryny üns berip diňledi. Ýalňyşmaýan bolsam şol maslahata halypalardan Titkiş Jumageldiýew, Sapar Öräýew, halypa mugallymyz Bäşim Şamyradow, Nurmuhammet Ýusubowam gatnaşdy. Meniň bu zatlary çintgäp aýtmagymyň sebäbi Nobatguly Rejebowyň bu kyssamdanam, onuň içinde getirilen rubagymdan habarsyz bolmagy mümkin däldi. 1991-nji ýylyň ikinji ýarymynda Nobatguly Rejebowyň “Jemşidiň Jamy” atly kitaby çapdan çykdy. Ynha şol kitabyň içinde şahyryň “Gözdaňdy” (53-nji sahypada bolsa gerek. D.Ý.) diýen şygry ýerleşdirilipdir. Şol şygry dolulygyna alyp, şol goşgunyň soňky bendiniň ahyrky iki setirini ünsli okamagyňyzy sizden haýyş edýärin, ine, şonda meniň näme hakda söhbet etjek bolýanym düşnükli bolar. Gözdaňdy oýnuny oýnaýar ýaşlar, Tutan oglan posa alýar muzduna. Tutup bir-biregi ogşaýar ýaşlar, Biz bu oýny oýnapdyrys mugtuna... Gözi daňlan aýlanyp ýör arada, Ol derleýär, ol sermeýär howany: «Jadyly gyz, nirede sen, nirede?» Nirede sen, onuň söýýän juwany? Til bile däl, jiger bilen seslenýär: «Men bärde, men bärde! Tutaý bol basym!» Oglan gyzlaň birin jeren deý garbap, Öpýär söýýänin däl, onuň boýdaşyn... Biz dünýäni oýun sanyp köýýäris, Çyn sanybam, halys dönýäs bijine. Bu bir durmuş: biz birini söýýäris, Ýassykdaş bolýarys gaýry birine... Bu şygryň soňky iki setiri başgarak sözler bilen aýdylsa-da, meniň rubagymyň ideýasyna gabat gelmegi meni haýran galdyrdy. Dogudanam, şol zamanlar Nobatguly Rejebow ussat şahyr hökmünde ykrar edilensoň, meniň rubagymyň awtory hem bu halypa diýip, pikir edýänler az däldi. 1992-nji ýylyň 25-nji martynda uniwersitet mugallymyz Nnurmuhammet Ýusubow şahyr Nobatguly Rejebow bilen uniwersitetimiziň aktlar zalynda studentleriň duşuşygyny gurnady. Dogrusy, bu duşuşyk örän şagalaňly hem täsirli geçdi. Ol haýyşlar boýunça şygyrlaryny okap berdi. Men bu halypa şahyrdan “Gurdum” diýen şygryny aýtmagyny haýyş etdim. Meniň bu haýyşym üçin ol maňa minnetdar boldy. Onuň özem bu şygryny aýratyn gowy görýär eken. Duşuşygyň soňunda halypa şahyr bilen sowal-jogaba geçildi. Men Nowbatguly Rejebowdan “Nämeüçin meniň “Biz birini söýýäris, ýassykdaş bolýar bir ýat” kyssamdaky rubagym bilen siziň “Gözdaňdy” şygryňyzyň soňky iki bendiniň ideýasy meňzeş” diýip soradym welin, bu şahyr ussatlygyna gelişmejek gahar etdi. Menem yza çekilerli däldim. 1989-njy ýylyň dekabrynda geçen ýaşlaryň döredijilik maslahatyna onuň, mugallymyz Ýusubowyňam gatnaşandygyny, şonda meniň kyssam hem rubagym barada gürrüňi edilip, şol edilen söhbetleri ýadyna saljak boldum welin, ol: “Ýok, Döwletmyrat, men ol ýygnaga gatnaşammok” diýdi. Mende bu şahyr barada aýdara sözem galmady. Mugallymyz Nurmuhammet Ýusubow “döredijilik çekişmesiniň” ýitileşendigini duýup, meseläni ýumşatmaga çalşyp, duşuşygy derrew tamamlamak bilen boldy. Belki, şahyrlaryň ideýasy gabat gelip biler. Ýöne Nobatguly Rejebowyň şygrynyň ideýasynyň meň rubagymyň ideýasyna dogry gelmegi sypaýyçylyk bilen aýdanyňda tötänlik däl. Men kyssam hem şonuň içinde getiren rubagym hakynda men şu hakykaty gaty açyk aýdyp biljek. Men Nobatguly Rejebowdan täsirlenip, kyssamam, rubagymam döretmedim. Emma Nobatguly Rejebow meniň kyssam-rubagym bilen tanyş bolandan soňra, asla “Gözdaňdy” şygrynyň many-mazmuny bilen utgaşmaýan, meniň rubagymyň ideýasyna kybap setirleri döretdi. Nobatguly Rejebowyň “Gözdaňdy” şygry awtoryň arzuw-hyýalyndaky çagalaryň “oýnaýan oýny”. Türkmenistandaky türkmenlerde däl, ýer ýüzündäki türkmenlerde hem şahyryň aýdyşy ýaly “Gözdaňylyp, tutan gyzyňdan posa alynýan oýun ýok”. Şol sebäpli bu şygryň haýsy maksat üçin döredilendigem belli däl. Elbetde, Nobatguly Rejebow studentler bilen duşuşygymyzda “Gözdaňdy” şygrynyň ideýasynyň meniň rubagyma meňzeşdigini boýun almady. Ýöne şol duşuşygymyzdan soňra, ol meni nirede görse-de menden 20 ýaşdanam köp uludygyna garamazdan, maňa salam berýär. Nobatguly Rejebowyň maňa salam bermegini onuň boýun alyp bilmedik hereketiniň boýun almasy diýip düşünýän. Emma menem Nobatguly Rejebowyň ýazyjy-şahyrlarymyzyň arasynda halypalyk derejä ýeten şahyrdygyny tassyklap biljek. Pederlerimiz aýdypdyr: Bir kemsiz gözel ýok. 2012 ý. | |
|
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |