08:18 Dostlar / hekaýa | |
DOSTLAR
Hekaýalar
Haýsydyr bir gün, niredenem bolsa bir ýerden gelip, nirädir bir ýere barýan dosty, dostunyň ýanyna sowuldy. Gelse, melleginde ýempik aýagyny süýräp, baglaň aşagyny gyrçap ýör. Salam-helik. Hal-ahwal. -Öýe girä:li, bolmasa?! -Jykk. “Aýagüsti degäýin” diýdim. -Geç onda, sekä! Dyz ep! Oturdylar. -Kofe, çaý? Ýa pil? Öý eýesi degişdi. -Sendenwir gyzyl dil,-diýip myhman, degişmäni alyp göterdi. Soňam üstüne goşdy:-şo bolar örän jaý. Ýylgyrdylar. -Baglar nähili? Gelen, mellege ümledi. -Meýwelermi? Ýetişdi. Näçe ýyl bäri ýaşap ýör. Şo ýyllaňam altysyndan galany şuň bilen kelte tirkelen. Bir, aralykda iki ýyl gulluk diýäýmeseň. Ýöne şonda-da, şuň sözleri şeýdip “kilçertmek” häsiýeti hiç gulagyna ýakmaýar. Ýogsa, anyk bilýä. Düzüwje geplejek bolsa, bü gapdalynda gözüni ýumjukladyp, yzaly aýagyny sypalap oturan, islendik gepi isleýşiçe süňk edýä. -Şunyň galman geçjeg-aý seň!-diýip ol, dostuna hüňürdedi. -Nämäň?-diýip, dosty mönsüredi. “Mydama şeýl-aý şy.” diýip ol, daşyndan syr bermese-de, içinden ýüzüni kürşertdi: “Şeýtana sapak beren ýeser. Gör-ä gepe düşmez tüntawsyran bolşuny...”. -Nämmor-aý? Hany, sen maňa aýtsana, şy sen nämüçin çagalykdan bäri islän gepiň-ä çepbesine çöwrüp aýdýaň, isläniňem şekelad edip, dürsje nemedýäň? -Süýji bolýa... Ýanynda oturan keýpihonluk bilen gözüni süzende, gözüniň çetjagazlary owunjak gasyndan doldy. Şo pille oň ýüzüne äňeden munuň, oňa ýüregi awady. “Bäh...dosam garraýjak eken-ow...öňler muň düzelmez ýeserligini, hemişeki alaýazlygyny görüp: “Kim garrasa-da şü-ýä şoňa: “Paşşol-laý, bratok, arawaňy daşrakda tigirläp gezsen-aý!” diýer ýörer-le” diýýädim...he-e-e-ý ýalançy...garrydy, garrydy, göwün garrydy, goja dagda gar galmaýyn eridi...”. Ol uludan demini aldy. Birneme bozulanyny ýaşyrjak bolubam, gepi başga ugra sowdy. -Bi nä dos, ýaňy gelemde sen mellekde biri bilen hümürdeşip ýören ýalydyňmy? Ýa nä, derman-därileň kellä depip, sähne deý öz-özi sarnap ýörene dönüp äpberäýdiňmi? -Heh,-edip, dosty matallyja gülümsiredi:-hurmalam bilen gepleşýän-le. Ol geňirgendi. Bärisine gaňryldy-da, ýanynda oturanyň ýüzüne siňe-siňe bakdy. Öý eýesi ýüzünden myssa ýylgyryşyny aýyrman, oňa gözüni gypdy. -Nä, ýaman çiňerildiň welin, kellesi üýtgäýendir öýtdüňmi? Myhman tersine döndi-de, kibtini gysdy: -Dagam morta: “agaç bilen gürleşýän” diýseň, näme pikir etjeg-aý?-diýibem eşidiler-eşidilmez hümürdedi. Dymdylar. Her haýsynyň aňy öz oýlaryna gümra. Birhaýukdan soň, myhman dillendi: -Onsoň olar saňa näme diýýäler? Öý eýesi, göýä bu sowala garaşyp duran dek, oň jogabyny mähetdel etmedi: -Haýsy biri? -Äý,-diýip, myhman sägindi-de, hasylyň agramyna ýegşerilip oturan hurmalaň hataryna bakdy:-Ine mysal üçin, ho bärkisi. -Akyllyjammy?! Myhman hasam geňirgendi: -Näm-aý, sen olaň her haýsyna aýratyn adam dakdyňmy? -Dagy nä?-diýip öý eýesi, hilebir iş gaýran dek, öz-özünden göwnühoş ýylgyrdy:-At dakman nä, hurma adam dämi? -Hurma?! Adam?! -Howwa, näme haýranyňy hüwwet etdiren bolýaň? Olaram özümiz ýaly Hudaýyň ýaradan janawer bendesidir-dä. -Agaçlar, “janawer”, “bende”?! -Bäh, kyn ýagdaý-aý! Nä dos, ýöne şowir zady sorap du:ň weli, kassetaň çeýneýämi? Myhmanyň: “Meňkä Hudaýa şükür, neme dä weli, bü aýdyp oturan zatlaňdan çen tutsaň-a, seňki birneme nemeräk ýaly-la-how, halypa!” diýesi gelip, dili gijäp gitdi. Diýmedi. Kim bilýär-aý, bü görgülä dugtorlaň “aýagyňy bejerjek” diýip, näme sanjyp, näme ýuwutdyranny?! Özi beled-ä. Olara: “kelläm agyrýa” diýip ýüz tutsaň, ilki bilen syrtyňy bejermäge başlap, babasiliňe em edýäler! “Eý dogan, bü nämetdigiňiz bolýa-how? Men, görgüsi erwediň, bümat syrtynyň özüni duýşy ýaman zakonnyý. Siz kelläni düzediň, kelläni!” diýip gatyrgansaňam, onda olar diýýäler: “Byratok! Bize maňlaý diräp gelliňmi, inni ussa ber-de eliňi çeksene, bomy?! Şumat sennen: “nämedeliň-aý?” diýip soraýan ýog-a. Şoň üçinem gaýrat et-de bize etjegimizi etmäge meşaýyt etmesene, “bolýa” diý! Özüňem dagy-duwara bilip goýguň byratok, sammyk kelläni elmydama akylly syrtdan bejerilip başlanýannyr...”. Onsoň bu bendänem “bejerýäs” bahanasy bilen şoň ýaly bir zat edip goýberen bolsalar, näbilýäň-aý?! Şo sebäpdenem muň ýaly ýagdaýda, bü dos ýalyny iň gowusy ugruna kowanyň bolaýmasa... Şu pikirleri aňynda aýlan myhman, uludan dem aldy-da, tassyklady: -Howwa, şo Akyllyjaň! Şo saňa näme diýýä? -“Edebiýat öldi!” diýýä. Öý eýesi gözlerini güldürdi. Myhman onuň henek edýänine-de, çynyny aýdýanyna-da düşünip bilmän, ýene-de uludan demini aldy. -Mynyňa,-diýip, sägindi. Birküç sekunt oýurganybam, üstüne goşdy:-Rableň “Pantagrýuelinde” diýýämidi, şoňa meňzeş birzat? -Heh,-diýip öý eýesi, ýüzünden aýrylmaýan ýeser gülümsiremesine kinaýa çaýdy:-Bülýoň-ow, seň war-a! Howwa. Ortaýer deňzinde gämide barýarkalar, ýunan adalary tarapda kimdir biri, agyr dem alýar-da: “Pan öldi!” diýip habar berýä. Şeýdibem adamlar, fereňgi Fransuaň horan mähnet hakdaky hekaýatynyň üsti bilen tebigatyň hudaýynyň amanadyny tabşyrandygyny eşidýäler. Şondan bärem olar tebigat babatda erkin. Çünki edeniňi ediber, o görgülini gorajak ýok bolýa... Şu sözleri diýende dosty nämüçindir ýüzünden ýylgyryşyny aýyrdy. Alnynyň gasyny köpeldi. Birsellem dymdy. Uludan dem aldy. Soňam ýene-de öňki keşbine dolandy: -Ýöne sen, meň bü Akyllyjamy plagiatda aýyplajak bolma, bolýamy? Hemme zat ondan öň ogurlanan... -Haçan?-diýip, özüniň jinnek ýalam maňzyna batmaýan, ýöne diňe dostuny ugruna kowmagyň hatyrasyna edip oturan bu bimany gürrüňini myhman dowam etdi. -Nişse. Özüniň deňsiz-taýsyz “Hudaý öldi!”-si bilen. Myhman saklanyp bilmedi. Dostuna alaryldy. -Näm-aý, dos, sen bü “Akyllyjam” diýýän hurmaň, “Nisşänem bilýä” diýjek bolýaňmyň-aý? -Elbetde. Ýene-de oň ýüzünde şo mekirje gülümsireme. -Goýsan-aý! -Näme “goýsana”?! Meň bulam gaty okumyş-ow, bilseň. Ine mysal üçin, sen bütin ömrüňe näçe kitap okadyň? Myhman iňkise gitdi. Gör-ä, muň berýän soragyny! “Dogrudanam, şyň kellesine derman-därisi çalak-çulak nemeden bolmaly. Sewäp diýseň, heý, seriň sag bolubam, özüň ýaly nemeden, “neme” diýip sorap bolarm-aý? Neme diýip...“näçe kitap okadyň?” diýen bolşuny görýäňmi? Özem: “bütin ömrüňe”...”. Ol jogap bermek üçin kükregini howadan doldurdy. Ýeri, näçe diýseň, dogry boljag-aý? Göniňden gelip: “bolaýsa, bäş-on” diýeniň ýagşymy? Ýa-da: “pesinden üç-dört ýüz-ä ba:dyr-la” diýip, gümmük-sümmügräk çypdyran ýaly edip, myny başyňdan sowanyň ibalymy? -Elli,-diýip ol öwhüldedi. Içindenem oýlandy: “Saňa-da dä, maňa-da. Pygammer söwdasy bolýa, şy”. Dostunyň ýylgyryşyndaky kinaýa hasam çuňaldy. -A meň bü Akyllyjam bolsa, men näçe kitap okan bolsam, olam şonçany. -A goý-a! Myhman haýran galdy. -Näme, edil şy, biziň kitaby elimize alşymyz ýaly, eline alýa-da okaberýämi? Dostunyň özüne garaýan teýeneden püre-pür nazarynda ol: “Dos batyr, başarmasaň ýaňsylajak bolup azara galmasana. Oňaraňog-a!” diýen manyny okady. Nazaryny sowdy. -Elbetde beýle däl. Özüm okaýan-da, soňam bulamma aýdyp berýän. -Onsoň? -Onsoňy şo. Olary ekenime ýene-de bir aýdan müçe dolýa. Şo müddetiň içinde-de olar meni diňläp-diňläbem şeýle netijä gelen bolaýmasa. Ine şuwunjyk Akyllyjam maňa, düýbüni ýumşadyp ýörkäm, birdenkä, sende ýok mende, şeý diýdi göweräýdi. “Edebiýat öldi!”. Menem onsoň edil şü ýaňky seniňki ýaly aňk-taňk boldum-da, soradym: “Nämüçin?”. Onda o jogap berýä: “Soramak nämä gerek? Öz-özünden düşnükl-ä...”... -Bäh,-edip myhman, ýeňsesini gaşady. Ýöne geplemedi. Öý eýesem şeýtdi. Ikisem, göýä, öý eýesiniň “Akyllyjam” diýýän hurmasynyň bärligine ýöräp geläge-de: “Näm-aý aňalyşyp otyňňyz-aý? Wäpşe-to özge birine beýdip, bezpriçin tiňkäňi dikip otummak safsym nepriliçno. Şonywir bilýäňizmi? Ýa, ikiňem wäpşe ku-kuwmy?” diýmegine garaşýan ýaly, bolup oturyşlary... Birsalymdan soň, myhman beýdip dymşyp oturmakdan ýadadymy nämemi, ýerinden turdy: -Bor, dost. Men-ä nemetjek...gaýtjak. Mazaly, ýagdaýyň ganymatdygyny gördüm. Ynjaldym. Hoş onda!-diýip ol, köçä ýöneldi. Ýöne birki ädim ätdi-de, aýak çekdi. Yzyna aýlandy. Iki ernini gulagyna ýetiräýjek bolup ýyrşardy-da, mellekdäki baglara garşy goluny salgady:-Sizem hoşuňlar! Köne dostlar düşünmeklik bilen, syrlyja-ýürekdeş ýylgyryşdylar. Hoşlaşdylar. | |
|
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||