02:50 Dostoýewskiniñ ýigrenjiniñ tersine, Tolstoý uly türk we yslam dostudy | |
DOSTOÝEWSKINIÑ ÝIGRENJINIÑ TERSINE, TOLSTOÝ ULY TÜRK WE YSLAM DOSTUDY
Edebi makalalar
Lew Tolstoý Rus edebiýatynyñ iki uly wekili Dostoýewskiý we Tolstoý bütin dünýäde bolşy ýaly, biziñem ruhy-magnawy dünýämize ýiti täsirlerini ýetirdiler. Olaryñ yslama we türklüge garşy şahsy pozisiýalarydyr özlerini alyp baryşlary elbetde iki ýazyjynyñam ýeten edebi beýikliklerinden hiç zady egsildip bilmez. Şu gün bolşy ýaly ertirem olaryñ eserleri kitap söýüjileriñ elinden düşmän okaljakdygyna şek-şübhe ýok. Şeýle-de bolsa Dostoýewskiniñ we Tolstoýyñ bize bolan garaýyşlarynyñ biri-birine doly çaprazdygyny şu makalanyñ çäginde görkezmäge synanyşarys. • Dostoýewskiý bizi onçakly halamaýar Bu barada ýazan öñki makalalarymyzyñ birinde-de görkezişimiz ýaly, Dostoýewskiý bizi onçakly halap barmaýar. Gynansak-da, onuñ eserlerinde türk we musulman obrazlary erbetligiñ iñ elementar obrazlary bolup garşymyza çykýar. Bu ýagdaýa mysal bermeli bolsa, "Doganlar Karamazowlar" romanynda türkler çagalary we göwreli aýallary rehimsizlik bilen öldürdän, talañçy, azgyn iblis hökmünde suratlandyrylýandygyny ýatlamak ýeterlik bolsa gerek. Fýodor Dostoýewskiý Şeýle-de ol bu eserinde Stambulyñ türkler tarapyndan basylyp alynmagyny ullakan betbagtçylyk hökmünde öwran-öwran nygtaýar. Ýazyjy "Ýazyjynyñ gündeligi" eserinde Stambula tiñkesini dikendigini we ruslaryñ şäheri hökmany suratda türklerden halas etmelidigini aýdýar. Türkleriñ Stambulda ýaşamagy we şäheri dolandyrmagy pikirini goldan ýazyjylar bilenem kes-kelläm ylalaşmaýar. Ýazyjy şol sanda Tolstoýy-da itden beter ýigrenýär. Onuñ pikiriçe, hamana Tolstoý türklere janköýerlik edýärmiş we gizlin musulmanmyş. Hut şular ýaly adamlaryñ edýän eglişikleri sebäpli türkler ruslaryñ başyna şeýle dertleri açanmyş. Dostoýewskiý hereket we dialog bitewiligiñ çäginde eserleriniñ otrisatel gahrymanlaryny türklerden saýlap almaga üns beripdir. Dostoýewskiniñ döreden iñ ýaramaz gahrymanlarynyñ biri Gazziniñ türk bolmagy-da tötänlik däl elbetde. Fýodor Dostoýewskiý • Tolstoý we biz Tolstoý edebi garaýşynyñ esasynda "Ýolukma teoriýasyny" ("Теория заражения") orta atýar. Bu teoriýa laýyklykda gowy ýazyjynyñ iñ uly baýlygy dogruçyllykdyr. Adam belent ahlak gymmatlyklaryndan söz açanda muny durmuşyna kybap getirmese, eseriniñ estetiki gymmaty nähili bolanda-da, zibilden enaýy däldir. Eseriñ merkezine dogruçyllygy oturdan ýazyjy yzynndan şirmaýy diñde ýaşaýan intellektuallara däl-de, köpçülikleýin halk gatlaklaryna seslenmelidir. Tolstoý şeýle-de temalaryny hemmetaraplaýyn-üýtgewsiz gürrüñleriñ arasyndan saýlap alýar. Mysal üçin, onuñ "Perzent söýgüsi" eseri Anadolyda ýaşaýan türk üçinem gymmatly, şaly meýdanlaryndan çykman işläp ýören hytaýly daýhan üçinem. Tolstoý eserlerinde dogruçyllyk, giñ halk köpçüligine ýüzpenmek we hemmetaraplaýyn tema saýlawlarynyñ yzysüre dil meselesini merkeze alýar. Ýazyjynyñ dogruçyl dili doly açyk bolmaly. Bu garaýyş Tolstoýyñ asyrlar boýy könelmejek eserleri döretmegine sebäp boldy. Elbetde, bular ýaly pozisiýa Tolstoýa dostdan köp duşman gazandyrypdy, çünki onuñ hemmetaraplaýynlygy we gowy zady öñe tutýan pozisiýasy öz mäkäm çäklerinden çykýandygyny pikir eden birentek akyldary we ýazyjyny ynjalykdan gaçyrypdyr: "Maña bolan gazaply ýigrenç bar. Durmuşymyñ öñki gowy günlerini, şatlygymy, hemmesini elden giderdim. Dost-ýarlarym, hatda maşgala agzalarym hem menden ýüz öwürýär. Käbir liberallar we estetikler meni Gogol ýaly dälidir ýa-da akyly kemterdir öýtselerem, radikallar meni mistik we ýañra görýärler. Döwlet işgärleri meni betniýetli rewolýusioner hökmünde görýär. Prawoslawlar meni şeýtan hasaplaýar. Bu ýagdaýyñ meniñ üçin agyr düşýändigini boýnuma alýaryn. Maña ýokuş degýändiginden däl-de, durmuşymyñ baş maksady we şatlygy bolan zadyñ ýoýulandygy sebäpli bu ýagdaýyñ gaty agyrdygyny aýdýaryn". Lew Nikolaýewiç Tolstoý Wagtyñ geçmegi bilen Tolstoý durmuşynyñ ähli gyzygyny ýitirýär. Soñabaka ol alýan demini duýmajak we iýip-içýän zadyndan lezzet alyp bilmejek ýagdaýa gelýär. Bu göwnüçökgünlik ony yslamyýete we yslam pygamberine ýakynlaşdyrypdyr. Munuñ bilen birlikde onuñ gursagyndaky adama bolan söýgüsi-de rus intelligensiýasynyñ we halkynyñ arasyndaky ötüşen türk duşmançylygyny ýer bilen ýegsan edipdir. Intelligensiýa we buthana onuñ üstüne çöwjedigisaýy Tolstoýyñ gursagyndaky yslama we türklere bolan söýgüsi barha güýjäpdi. Musulman bolandygyny aç-açan aýtmasa-da, yslamy tanadygysaýy yslamyñ argumentleri bilen ilkibaşda "ata-ogul" we "üç mukaddes ruh" ynanjy ýaly buthananyñ dogmatlaryna garşy barlyşyksyz göreşipdjr. Dostoýewskiniñ tersine Tolstoý türklere elmydama dost gözi bilen seredipdir. Hatda ol Kazanda türk-arap dili we edebiýaty boýunça bilim alypdyr, emma ony doly tamamlamandyr. Mürze Kazym beg ýaly belli adamlaryñ elinse arap we türki dilinde bilim alanda, türk medeniýeti boýunça-da çuñ tejribe toplapdyr. Türklere garşy Sewastopol söweşine gatnaşan Tolstoýyñ pikirleri kämilleşip, ýetjek derejesine ýetipdir we doly türk dostuna öwrülipdir. Tolstoý öldürmek üçin gelen türklerinde gaýtadan direlipdir. Onuñ bu özgerişi maşgalasynyñam ýigrenjine sebäp bolýar. Mundan beýläk Tolstoý diñe buthanany tankyt edýän ýazyjy däldi. Ol indi muhammedilik diýýän garaýşyna jany-teni bilen berlen adamdy. Tolstoýyñ hiç bir ýerde "men musulman" boldum" diýen ýeri ýok, megerem ol döwletiñ we buthananyñ etjek basyşundan çekinen bolmagy mümkin, ýöne ýazyjy adamzadyñ halas boluşyny yslam pygamberi Hezreti Muhammetde (s.a.w) we onuñ sözlerinde görýändigini belent heñden aýtmaga çekinmändir. Gürrüñimiz bilen baglanyşykly köp agzalýan Muhammet pygamberiñ (s.a.w) Hadyslaryndan toplanan kitabyñ Tolstoýa degişlidigi entek doly subut edilenok. Şonsuzam bu eseriñ biziñ üçin ullakan ähmiýeti ýok. Tolstoýyñ hatlary we eserleri onuñ pikirlerini orta çykarmak üçin bize ýeterlik subutnama berýär. Şol sanda kawkazly tanymal awtorlaryñ Tolstoý hakynda ýazan makalalary-da gyzyklanma bildirýän okyjylar üçin indi internet saýtlaryndan doly tapyp bolýar. 1901-nji ýyla gelinende Tolstoý "mürtet" ("dinden çykan") yglan edilip, "aforoz" edilýär. Tolstoýy umuman yslamyýete bolan pozitiw garaýşa iterenem beýik nemes filosofy Kantdyr. Onuñ aýratynam Gündogara bolan söýgüsi Tolstoýyñ türklere we yslama bolan gyýa pikirlerinden saplanmagyna getiripdir. Kant we Gýote ýaly nemes progressiwleriniñ sekulýar sufizmi Tolstoýa gönüden-göni täsirini ýetiripdi. Tolstoý aýaly Sofiýa Andreýewna Tolstaýa bilen 1902-nji ýylda Krymda / Fotosurat: Fine Art Images / Ideal Image "Ýasnaýa Polýana depderi" atly eserinde Tolstoýyñ maşgala agzalaryna we şahsy hatlaryna esaslandyrylan pikirlere görä, Tolstoý yslamy elmydama hem hristian dininden ýokarda görüpdir. Şol eserde yslamyýeti hristianlykdan ýokarda görenem bolsa, Tolstoýyñ pikiriçe prinsiplerini saklan we ýoýulmadyk dinleriñ hemmesiniñ düýbi bir. Şop sebäpden yslamyýetiñ bolşy ýaly, buddizmiñem aslynda hak din bolandygyny, emma buthananyñ öñe sürýän pikirleriniñ dini ynsanperwer prinsiplerden daşlaşdyrandygyny aýdýar. "Depderden" düşünişimizçe, Tolstoýyñ buthana bolan duşmançylygy yslam söýgüsinden has güýçli. Şuny aýratyn nygtap aýtmagymyz gerek: Dostoýewskiýlniñ Stambuly täzeden basyp almagyñ hamhyýalynda gezendigine we türk-yslam ýigrenjiniñ tersine, Tolstoýyñ frontda söweşendigine garamazdan türklere we yslama bolan diýseñ položitel garaýşy bar. Belki-de, bularyñ barsyny göz öñüne tutyp, onuñ musulman bolandygy netijesine gelip bilmeris, emma juda üns bereniñe degýän türk we yslam dostudygyny welin arkaýyn aýdyp bileris. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Ýekşenbe, 24.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |