11:40 Döwletbaşy -10/ romanyñ dowamy | |
7.
Romanlar
Bu gije Bikäniň Aýlynyň gelerine garaşasam gelenokdy. Ir bilen düşegine girmekçi boldy. Ýöne ýene-de göwni «Ýatsaň ýat welin, gijäniň bir çaky äriň seniň süýji ukyňy burnuňdan getirmese ýagşy...» diýdi durdy. Ol baryp telewizory açdy. Telewizorda Türkmenistanyň Prezidentiniň respublikanyň söwda işgärlerinden hasap soraýan pursady gaýtalanyp görkezýärdi. Telewizoryň ekranynda boş tekjeler bilen agzy-burny azyk önümlerinden doly sklad jaýlary görkezilýärdi. Bike magazinçilere, magazin müdirlerine gelen gaharyny kimden çykarjagyny bilmän: – Haram, nejisler – diýenini duýman galdy. Soň bolsa ýalt edip töweregine garady. – Bary Prezidentiň ýumşaklygyndan, telewizorda görkezýär-de, «sag boluň» diýýän ýaly, boşadyp goýberýär. Men bolsam baryny atardym... Bike şu gün öz okadýan auditoriýasynda studentleriň arasyn-da bolan gohy ýadyna saldy. Ol politehniki institutyň ykdysadyýet fakultetiniň üçünji kursunyň studentlerini «ykdysadyýeti dolandyrmagyň mehanizmi» diýen kursdan okadýardy. Dünýä ykdysadyýetiniň taryhyny, şu günüň ykdysadyýetini dolandyrmagyň mehanizmini bäş barmagy ýaly bilmese-de, ol indi üç ýyl bäri öz okadyşyndan nadyl däldi. Baryp iňlis ykdysatçylarynyň kommuna döwründe sosializm gurmagyň pikirlerini edýän pursadyndan ösen sosializm diýilýän SSSR-iň «yzyndan bireýýäm kowup ýetdik» hasap edýän ABŞ-nyň ykdysady derejelerine çenli yzarlap bilýärdi. Dogry, onuň hasaplap çykaran özbaşdak çaklamalary, gelen uly netijeleri ýokdy. Ol häzirki ýagdaýda mümkinem däldi. Institutda EWM programmaly uly hasaplaýyş merkez-ä däl, adaty, amerikanlaryň her bir çagasynda, her bir öýünde bir wagtdan bäri bar bolan, adaty kompýuterlerem ýokdy. Bike mundan bir ýyl öň Moskwanyň Bauman adyndaky ýokary uçilişesinde stažirowkada bolup gelipdi. Şonda bir garry professor öz işläp çykaran çaklamasyny bu naşyja türkmen gyzyna görkezipdi. «Biz SSSR-iň ullakan saçagyndan iň soňky çörek owuntyjyklaryny iýýäris, gyzym. Beýle diýmek, biz SSSR-iň iň soňky günlerinde ýaşaýarys» Dogrusy, ol goja jöhit professorynyň sözlerine-de, çaklamasynyň esasyna-da kän bir düşünmändi. Ol professor: «Ykdysadyýet bilen syýasatyň biri-birine gatnaşygynyň jemleriniň gabat gelmezligi» diýen ýaly düşnüksiz söz düzümlerini ulanýardy. Soňam syýasy ideologiýanyň sosial ideologiýasyny baýdak edip göterip, ony isleg ideologiýasynyň derejesinde goýmagy, ykdysady ideologiýanyň bolsa ýerinden gozganmazlygy durmuşa zarba urýar. Ol häzir bizde şeýle bol- dy diýýärdi. Ol professoryň başga diýýänleri düşnüksiz bolsa-da soňky mysaly az-kem düşnüklidi. – Sizde at çapylýarmy? – Çapylýar. – Aýlawa baryp gördüňmi? – Telewizord-a gördüm. – Aý-ýaý-ýaý, aý-ýaý-ýaý. Ykdysatçy bolup öz atyňyzyň ýagdaýyny, onuň toýnagynyň aşagyndan her basanda näçe köpük atylyp çykýandygyny bilmeseň, aý-ýaý-ýaý! – Ol professor birdenem öz pikirine geçýärdi. – Şol aýlawy, zyýany ýok barmasaň, bararsyň, göz öňüne getir. Getirdiňmi? – Getirdim. – Şol aýlaw ykdysady älem. Ykdysady arena, ýagny durmuş. Seniň, meniň ýene uly döwletleriň hem durmuşy. Biz SSSR-iň aýlawyny alaly. Indi düşündiňmi? – Düşündim. – Şol durmuşda ýüz sany, ýok, on sany at aýlawa goýberildi. – Oňa-da düşündim. – Aýlawda at çapmaly bolsa, aýlawda çapyp, bizi hem aýlawy geçip, pellehana ýetip, hem baýrak almaly ata biz arpa berip başladyk. Arpadan doýan at bolsa çapmag-a däl, gaýta yza tesip başlady. Netijede, näme boldy, indi şol çapmaly, pellehana ýetmeli, baýrak almaly aty özümiz güýç bilen itip başladyk. Iň soňunda-da ony idip däl-de, göterip ugradyk. Ine şeýdibem, biziň ykdysadyýetimiz döwleti, halky götermän, döwlet, halk yza tesip barýan ykdysadyýeti göterjek bolup ugrady. Ykdysadyýet degirmeniň çarhyny aýlaýan güýç. Şol güýje biz degirmen aýlatman, gaýta degirmen şol güýji aýlamaly bolýar. Bu-da hiç bir sülä gelýän zat däl. – Düşündiňmi? – Düşünmedim! – Onda ýene diňle. Döwlet birki ýyllykda ýurtda «azyk programmasyny» durmuşa geçirmeli diýip, milliardlarça pul harç etdi. Dogrumy? – Dogry! – Ine, şol gaty köp pula täze-täze önümçilik ojaklary gurulmalydy. Şol ojaklaryň täze çöregi ýurduň bedenine täze güýç bermelidi. Emma döwlet nätdi, şol pullara çörek bişir- ýän täze tamdyrlar ýasap, onuň çöregini iýmän, şol pula daşary ýurtdan çörek getirip iýip başlady. Indi çöregem gutardy, pulam gutardy. Köne tamdyram ýykyldy, oňa ýapmaga hamyram ýok. Halkam aç. Öňki ykdysadyýet-ä täzeçe ýaşap bilenok. Halkam öňki ykdysadyýete görä ýaşamak islänok. Ykdysadyýeti täzeden gurmaga-da güýjem, serişde-de, sabram ýok. Ine, şeýdibem, şol ykdysady ideologiýa sosial ideologiýanyň hem, syýasy ideologiýanyň hem gabryny gazdy. Beýik-beýik diýlen ideologiýa «siz dok bolarsyňyz» diýen sözüni çörek bilen berkidip bilmedi. Çörek islegi ähpi öwgüdenem, propagandadanam üstün çykdy. Halka bermäge çöreg-ä ýok, onuň isleýşi ýaly, biz sosializmde, kommunizmde has gowy ýaşarys diýmäge-de moral hukugyň ýok, halkyň islegi-de uly, ine, şeýdibem, ýurt weýrana geldi... Düşündiňmi? – Düşünmedim! Professor «men saňa başgaça nähili düşündirjegimi bilemok» diýen manyda gollaryny gerip, boýnuny naýynjar burup, gaşlarynam närazy halda serip goýberdi. Bike, dogrudanam, ol professoryň çaklamalaryna, teoriýasyna düşünmändi. Ýöne başga bir zada welin düşünýärdi. Sosializm teoriýasynyň teoretiki we ykdysady esasy işlenip taýýarlanylmandy. Ol Karl Marksyň «sosialistik rewolýusiýa aýratyn alnan bir ýurtda däl-de, ösen kapitalistik ýurtlaryň uly sistemasynda ýeňip biler...» diýen pikirine ynanýardy. Çünki Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýaly dok, baý ýurtda düşünjeli adamlaryň tagallasy birleşse, onuň goňşy ýurtlaram şol derejede bolup, olar hem şol maksada gelseler, içerden, daşardan garşylyk ýok bolsa, onda sosializm gurmak mümkinçiligi bardy. W.I.Leniniň ýalňyşy «aýratyn alnan bir ýurtda-da sosializm gurup bolar» diýen nädogry ideýany ösdürmegidi. Onuň ikinji bir ýalňyşy, Russiýa ýaly hemmetaraplaýyn syrtyny takyr ýere uran, juda yzagalak, heniz kapitalistik formasiýasynyň belent işiginde açlygyndan sandyraklap duran ýurtda heniz bişişmedik, çigtolkunyşygy rewolýusiýa derejesine çykarmagydy. Onuň esasy ýalňyşlarynyň ýene biri Pugaçýowyň gozgalaňyndan sähel tapawutlanýan topalaňy «rewolýusiýa» diýip jar etmegidi. Bu topalaň aç, görip, ýalta, işýakmaz adamlaryň tozdurylan ýer eýelerine, gurpdan düşen kärhana hojaýynlaryna, tozup barýan ýurduň tertip-düzgünini saklamakda halys ugruny ýitiren döwlet ýolbaşçylaryna garşy topalaňydy. Bu topalaňyň öňden düzülen teoretiki çäreleri ýokdy. Durmuş şu gün nähili täleý berse, şoňa görä-de teoretiki esas berlipdi. Şu gün nähili waka bolsa, şoňa laýyk teoriýa ýazylypdy. Leniniň üçünji bir ýalňyşy, olam bolsa «kapitalizmiň garasyny görmedik ýurtlar hem güýçli döwletiň hemaýaty bilen feodalizmden böküp, sosializme geçip biler» diýen teoriýasydy. Orta Aziýanyň heniz feodal-patriarhal derejesinde ýaşap ýören halklarynyň gözlerini daňyp, «sosializme» garşy goýun sürüsi ýaly edilip sürülmegi öňem halys lagşan Russiýanyň eňkamyny aşyrypdy. Leniniň ýene bir iň uly ýalňyşy, ruslar aýtmyşlaýyn «süýtli aşy bişirip, özi iýmeli» halyna, ölüp, öz başyny gutarmagydy. Lenin ölmänkä, öz ýalňyşyny görüpdi. Bike Maksim Gorkiniň «Lenin» oçerkini okanda bir ýagdaýa gabat geldi. Gorkiý şeýle ýazýardy: «Lenin: «Biz şunça adamyň ömür tanapynyň kesilmegine ýol berdik. Geljek bize düşünermikä, ýa-da bizi näletlärmikä?» diýip gussa batyp oturýardy» diýip ýazýardy! Lenin gürrüňsiz beýik, akyldar adamdy. Ol özüniň ýalňyşyny görmän biljek däldi. Ol gözsüz batyrlyk edip, şeýle yzagalak, harsydünýä, çüýrän halkyň, tozan döwletiň öňüne düşenine, indem alaçsyz galanyna düşünmän biljek däldi. Lenin özi ölenden soň bu bibaş, düzgünsiz döwletiň Staliniň eline geçjeginem duýupdy. Ol Stalini «Syýasy Býuro açyk hatynda» doly paş edipdi. Ýöne ýene-de alaçsyz şol çaşgyn döwleti oňa miras goýup gidipdi. Bu bolsa Leniniň iň uly, bagyşlap bolmajak ýalňyşydy. Ol öz döwründe kemally, arassa pälli şägirtleriň ýekejesinem terbiýeläp ýetişdirip bilmändi. Staliniň «kazarma» sosializmi ol ölenden soň doly dargapdy. Ýöne şol döwürde «Sowet Soýuzy» diýilýän uly lageriň «men» diýen akylly, ynsaply, ykdysadyýeti ykdysadyýet edip biljek ogullarynyň barynyň başy alnypdy. Stalin her bir işe garanda güýç, gamçy nazarýetinden garaýardy. Ol ykdysadyýetiň çarhlaryny polat dişlerden däl-de, ynsan ömründen goýýardy. Ol otuzynjy ýyllaryň başynda orta daýhanlaryň ählisiniň malyny-mülküni talap, olaryň barysynyň gözüni zyndanlarda, ýat ýurtlarda açypdy. Şeýdibem, ýurduň ykdysadyýetini ata-baba saklap gelýän adamlardan gedaýlaryň täze armiýalaryny döredipdi. Şol gedaýlaryň köpüsini bolsa ýeke okdan geçirdip, şolaryň mal-mülküniň hasabyna ýurdy az-kem galkyndyrypdy. Şolardan talanyp alnan ýerleriň, mal-mülkleriň hasabyna kolhoz birleşiklerini döredipdi. Tä 1938-nji ýyla çenli düşünjeli, pähim-paýhasly adamlaryň ählisini diýen ýaly türmelere dykdyrypdy. Şolaryňam çorba çykarraklarynyň başyny kesdiripdi, galanlaryny özi diri wagty türmelerden çykartmandy. SSSR-iň üstüne gitler Germaniýasynyň çozmagyny onuň özi gurapdy. Oňa aç-açan ýol beripdi. Bu ýowuz urşa sowet adamlarynyň kyrk-elli millionynyň ömrüni goýupdy. Sowet Soýuzy pähimi, paýhasy, ýaragy ýa-da gahrymançylygy bilen däl-de, adam ömürleri bilen urşy ýeňipdi. Duşmanyň bir adamyna on adamyň ömri goýlupdy. Häzirki «ýeňiş» diýen sözi geljekki nesilleriň «biziň ata-babalarymyzyň horlanan hem-de parçalanan ömri» diýip ulanjaklary, Bikäniň pikiriçe, ikuçsuzdy. Stalinden soň ýurdy alan N.S.Hruşýow öňem salyny suwa beren halky agyrdan agyr hala getiripdi. Onuň «ýigrimi ýylda kommunizm gurmak» baradaky çagalyk höwesi öňem tozup galan halky agyr ykbala getiripdi. Adamlaryň elindäki maly, baýlygy döwletiň hasabyna geçirilipdi. Adamlar kem-kemden mal saklamagyň, ekin ekmegiň endigini ýitirdiler. Olaryň ähli umydy dükanlara baglandy. Dükana näme gelse, şonuň bilen gün görüldi. Sähelçejik mala, ýere gümra bolanlar «ilden çykan» harsydünýä diýlip yglan edildi. Hruşýow hem özüniň «ýigrimi ýylda kommunizm gurmak» baradaky çaga hyýalbentliginiň gurbany bolup, öz başyny alyp, arenadan düşüpdi. Şeýlelikde, ýurt öňküden hem beter tozgunçylykda galdy. Ýurda mirasdar bolup gelen L.I.Brežnew bu tozgunçylygyň öňüni alyp bilmejegine bada-bat düşündi-de, ýaşlaryň bar ünsüni Baýkal-Amur magistralyna çekdi. «Hamana, şol ýerde jennet bolup, şol demir ýol çekilse, şol jenneti Merkeze getirip bolýan ýaly, täze ideologiýa öňe sürüldi. Munuň üstesine, «sosialistik sistemanyň duşmanlary SSSR-e çozjak bolýar, basym uruş, ýadro urşy turjak, şonuň öňüni almaly» diýen ýaly, halkyň ünsüni ykdysady tozgunçylygy görmekden saklaýan täze ideologiýa ähli güýji bilen öňe sürüldi. Bu tozan ýurtda Brežnewiň «şöhratly» ady baýdak edilip göterildi. Oňa uludan-uly atlar dakyldy. Ähli ýygnaklar, mejlisler, gurultaýlar şonuň adyny mahabatlandyrmak bilen başlanyp, ýene şeýdilibem tamamlandy. Emma garny aç, umydy gap bilinden döwük halk bu däbi uzak saklap bilmedi. Ýurduň ykdysadyýetiniňopurylmagy, ynamsyzlyk adamlaryň işden elini sowatdy. Adamlar indi öz işleýän ýelerinde, gurluşyklarda, dükanlarda döwleti, biri-birlerini talap başlapdylar. Öňem döwlet mehanizmi ony saz işledip bilmäni üçin, lagşan ykdysadyýetiň jesedini adamlar parçalap, paýlaşyp başladylar. Oňa Andropowyň «kazarma sosializminiň» zabun gamçysyny az salymlyk eline alyp şarpyldatmasy-da, Çernenkonyň «Azyk» programmasy üçin diýip, döwlet gaznasyny taňkyradany bilen çäklenmän, daşary ýurtlardan hem karz alyp, azyk hökmünde puly samana garyp bermesi-de täsir edip bilmedi. Gaýta adamlar aýlygy köp alsalar-da, satyn almaga zat tapman başladylar. Daşary ýurt imperializminiň SSSR-i içinden opurmak baradaky doktrinasy hem doly güýjünde işläp başlady. «SSSR uzak ýaşamaz. Ol adamlaryň demokratik hukuklaryny kemsidýär. SSSR-de adam hukuklary kemsidilýär. Ýaşlara rol berlenok. Ýaşlaryň ýaşlygy elinden alynýar...» diýlip, baryp ellinji ýyllardan bäri ýaş nesliň gulagyna her hili ýoljagazlar bilen guýlup gelinýärdi. Şol döwrüň Saharow, Solženisin, Popow ýaly, ýaşlary häzirki döwrüň sözi diňlenilýän gojalary bolupdylar. Olarher hili maddy, material serişdeleri bilen goldanylyp, sosializme, ýagny ýykylan döwlete garşy meçewlendirilýärdi. Munuň üstesine, Owganystana gabahatlyk bilen girenligini bahanalap, daşary ýurt imperialistik döwletleri SSSR-e gaty güýçli ykdysady gabawy aç-açan yglan edipdiler. Öň daşary ýurtdan gelýän senagat harytlary, azyk, iň esasy hem senagat industriýasynyň ätiýaçlyk şaýlary gelmesini doly bes etdi. SSSR-iň ölüminiň her bir minuty, sagady dünýä ýüzüne paş edilip başlanyldy. Mihail Sergeýewiç Gorbaçýowyň tribunadan çykýan her bir janyýangynly sesi «sosializm» diýen galp imperiýanyň ölümini görüp duran adamlarda gülki döredýärdi. Şu ýagdaýy duýan Pribaltika respublikalary SSSR-den uly goh bolup aýrylypdylar. Kawkaz respublikalary özlerini aýry döwlet diýip yglan etdiler. Ukraina, Belorussiýa respublikalary SSSR-den aýrylmak baradagizlin dilleşip başladylar. Moldawiýa SSR-i Rumyniýanyň ganatynyň astyndan pena gözleýärdi. Häzirki waggda SSSR-iň iň soňky demi gelip-gidýärdi. Ýurt ot-ýalnyň içine düşüpdi. Moskwanyň merkezi telewideniýesi SSSR Ýokary Sowetiniň deputatlarynyň tribuna çykyp, biri-birleri bilen ýolmalaşyp durşuny, Daglyk Garabagdaky, Ermenistandaky, Bakuwdaky, Moskwadaky, Pribaltika respublikalaryndaky, Kişinýow bilen Duşenbedäki, Ferganadaky, Täze Uzendäki gan döküşikli tolkunyşyklary begenji bar kimin, örän güberçekledip görkezýärdi. Ine, ýurduň ykdysadyýetiniň şeýle taryhyny, şeýle masgaraçylykly ölümini görüp, duýup durka, Bike öz studentlerine näme öwretjeginem bilenokdy. SSSR heniz göre girenokdy. Ertir nähili öwrülişik bolsa bolaýmalydy. Köp respublikalar özlerini «özbaşdak respublika» diýip yglan etseler hem, olaryň ýüreginiň sarsgyny, kalbynyň howsalasy köşeşer ýaly däldi. Iň bärkisi, häzire çenlem Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň açary Merkeziň elindedi. Agzyňa damdyrylýan ölmez-ödi yzgar Merkeziň elindedi. SeniňsenagatyňSSSR-iňbeýleki respublikalaryna baglanyp goýlandy. Oba hojalygyňdan alynýan önümler merkeziň gaznasyna girip, seniň altynyňa kül ýa-da saman derejesinde baha kesilip, onuňam sähelçejigi özüňe gaýdyp gelýärdi. Türkmenistan henizem Merkeziň çig mal alýan kömekçi hojalygy bolup durdy. Nebitiň, gazyň, pagtaň, ýüpegiň himiki çig malyň, etiň, süýdüň, gök, miwe önümleri beýleki senagat önümleri Merkeze akyp durdy, akyp durdy. Il deňinde «bizem özbaşdak respublika bolduk» diýlip, geçen ýylyň aýagynda yglan edilse-de, daşyňy SSSR-iň goşuny gabap durdy. SSSR-iň radiosy, telewideniýesi, aždarha ýaly demi bilen janyňy alyp barýan Merkezi depäňde gürzüsini galgadyp durdy. Ähli ýollar halky gyrlyşyga, gan döküşiklige çagyrýardy. Ine, şu ýagdaýda-da Döwletbaşynyň öz halkyny rahat, agzybir saklaýşyna Bike haýran galýardy. Bu salykatly, jany, jigeri bilen Türkmenistany şer işiň zabun derýasyna gapgarmajak bolup, ýeke-täk özi göreşýän adama ol ynanýardy. Ýap-ýaňam onuň zehinini ýakyp, ile-güne bolsun diýen niýet bilen dükandan-dükana ylgap ýörşüne nebsi-jany agyrdy. Emma oňa ynanmaýanlaram kändi. Iň bir ýaramaz ýeri, ýaşlaryň arasynda her hili göwnüýetmezçilik bardy. – Mollum, näme üçin bizde demokratiýa ýol berlenog-aý? – diýip, hemişe gäwüşäp ýören, bitüwli student oňa her sapar sapak geçmäge maý bermän soraýardy. – Moskwany gerýäňiz-ä, ýa deputatlary görüň, öz pikirlerini islän ýerlerinde aýdyp otyrlar. Bike indi bu studente kän bir ýüz berenokdy. – Hany, Wekilow, meniň sapagym syýasat sapagy däl, gowuja otur – diýýärdi. Wekilowbolsa: – Başyna gitdi-läý bu ýurt. Her kim edenini edip ýör. Ondanam bir Prezident bolarmy? – diýip samrap otyrdy. Bikäniň gahary bokurdagyna geldi: – Wekilow, tur ýeriňden! – Näm-aý? – Çyk auditoriýadan, güm bol! – Şol-a çykylmaýar. Bike onuň edil garagyna bakdy. – Sen, bu günki bolan serçejik, nämä jüýk-jüýkleýäň? Seň özüň kim? Seniň döwletiň Prezidentine at dakmaga moral hukugyň bir barmy? Sen agzyňa bir gysym nas guýup, göm-gök, porsy gyllygyňy akdyryp oturyşyňa, ýene döwlet ýolbaşçysyna at dakan bolýarmyň? – Mollum! – Sen Prezidente: «Ondanam bir pylan bolarmy?» diýer ýaly, bile işleşdiňmi ýa-da aýbyny gördüňmi? Halka erbet boluň diýdimi? Ýa-da ilatyň ganyny Aşgabada çaýkaň diýip meçew berdimi? Näme üçin sen meniň sapagym geldigi, diliňi-başyňy çeýnäp ugraýaň? Bike çydamady. Ol studenti sapakdan çykaryp kowdy. Soň sapak gutarýança köşeşmedi. Ýöne ol studentiň: – Meni beýdip gepletmäniňde-de, tutuş halkyň agzyny ýygyp bilmersiň. Ine, azajykgaraş, seniň bilenem, Prezidentiň bilenem haklaşarys! – diýmesini ýüregine sygdyryp bilmedi. – Mugallym, Prezident öňki aýalyny kowup, on sekiz ýaşly gyz alypdyr – diýýärler-läý, şol dogrumy? – diýip, başga bir gyz sowal berdi. – On sekiz däl-ow, ýigrimi dört ýaşly gyza öýlenipdir diýýärler-ow – diýip, başga bir oglanam gapdaldan goşuldy. Bike az-kem köşeşdi. Jaň bolandan soň, ýerine geçip oturdy. – Oglanlar, gyzlar, siz näme üçin boş geplere gulak gabardýaňyz? Düşüniň, biziň ykdysadyýetimizi göterip biljek ýeke-täk adam şol. Ol partiýa işinem, hojalyk işinem, döwlet işinem, kanunçylygam bilýän adam. Ol ykdysadyýetiň gözbaşyny bilýän adam. Şol türkmen döwletini halas etjek ýeke-täk adam, düşüniň. – Mugallym – diýip, başga bir oglan jedirdedi. – Il aýdýar-a, il aýtsa-da, düýbünde bir zat bardyr! – Hawa-laý, hemme kişi şony öwüp ýör-ä, nämä gerek şol?! – Oglanlar – diýip, Bike ýerinden janyýangynly turdy. – Biderek günä galmaň. Ýene-de aýdýan, bir adamy görmän-bilmän, günä ýöňkemäň. Onda-da ýurduň Prezidentine. Kim görüpdir, kim bilýär onuň öýlenip-öýlenmänini. Günä galmaň! Ony halkam halamaz, hudaýam. Ol şu wagta çenli halka, gör, näçe ýagşylyk etdi. Gökdepe galasynda wepat bolanlaryň hatyrasyny tutmaga rugsat berdi, Eýrana, Magtymguly atamyzyň guburyna zyýarat etdirdi. Mekge-Medinä zyýarata gidip geldi. Halkyň agzybirligini saklajak bolup diş-dyrnak bolup ýör. – Gazymyz-a Orsede mugt akyp dur! – Howlukmaň. Biziň ähli açarymyz häzir Moskwanyň elind-ä, Merkez barka, entek bize galkynma ýokdur. – Iliň ony öwüp ýörmesi gerekmi? – diýip, hälki student ýene-de öz sözüni hetjikledi. – Ol şahsyýet kulty bolýar-a. – Ýok, indi biz öz Prezidentimizi öwýän bolsak, ol Prezidentiň däl-de, Türkmenistanyň şahsyýet kulty bolar. Türkmenistan müň ýyla golaýlap töhmete, nälete, gargyşa, ýanalma sezewar bolup geldi. Onuň iki egni bykynyna çümen. Ony diňe hoşamaý söz bilen hassalykdan gutarmaly. Biz şu wagta çenli biri-birimizi ýere sokmany, birek-biregiň aýbyny tapyp, ony masgara etmegi öwrendik. Indi birek-biregi öwmegi, belende götermegem öwreneliň! Onda-da Prezidentimizi başymyza täç etmegi öwreneliň, öwmek dagy näme?.. Studentlerden gaýdyp ses çykmady... Ol hut häzirem telewizora garap oturyşyna: «Ol adam-a iline ýagşylyk etjek bolýar, emma onuň duşmany näme üçin beýle köpkä? Ol ile ýamanlyk edýän ynsan balasy däl ahyryn. Iň bärkisi, käbir studentlere, mugallymlara näme gerek diýsene. Şolaram geplemelimiş diýseler, indi Prezidentiň gürrüňini edýärler. Näme, gep etjek bolsaňyz, şondan başganyň gepi gutardymy...» Onuň ýadyna birden ejesi düşdi. Suraý gelneje üç gyzy nädip ekläp-saklady. Nädip bulary adam edipdi. «Eje jan, seniň bize «adam bolmaň, erbetçilik ediň» diýen ýekeje gezegiň barmy? Hemişe ýagşylyga ýar bolmagy ündeýäň-ä. Şonda-da üç gyzyň alyp bilmeýän galasy sen bolduň-a. «Şu mamam-aý, otursana, sen näme bilýäň» diýen bolýas. Emma indi sen ýanymda ýok welin, ýüregim çatlap barýar göresim gelip. Gyzy ak süýt beren enesini şeýdip kyhlap otyrka, bu başyna giden halkyň käbir bihepbesinden nämäni gaty görjek diýsene. Türkmenler aslynda-da biri-birini, goý, ol ene-atasy bolsun, goý, ol adamsy, dogan-garyndaşy bolsun, ýitirenden soň ezizlän, gadyrlan bolup başlaýar-a. Häzirem, beýdip at dakyşan bolýarlar welin, ýöne bir haram süýt emeniň gamçysynyň astyna düşäýseler-ä «şol perişde eken» diýjeklerini bilýän-le...» Bike soňky döwürlerde, nämüçindir, Döwletbaşyny söýüp başlapdy. Onda henize çenli söýgi diýen duýgy bolup geçenokdy. Ol kakasyny gowy görýärdi. Goýazy mähribanlyk, goýazy sylag, hiç bir gaýtargy talap etmeýän uly söýgi onuň kalbyny ýyladýardy. Ol diňe şujagaz mähir üçin kakasynyň ýolunda şirin janyny bermäge taýýardy. Emma ejesiniň diýenem dogrudy. Gyz maşgala göze görnensoň kakasyna gysylyp otursa, ondan beter edepsizligi gözläp tapybam boljak däldi. Ol Aýla-da şol edepsizligini basmak üçin, ejesini, ylaýta-da kakasyňy az-kem bolsa-da, bir pursatlyk begendirmek üçin durmuşa çykypdy. Kakasy sözünde-de durdy. Uly gyzy üçin köşk ýaly howly alyp berdi. Içersini depseň deprenmez etdi. Işigine maşyn «daňdy». Bikäniň dünýäde kem zady ýokdy. Emma ol indi Aýlyny kalbyna sygdyrman başlapdy. Ylaýta-da onuň öz daýysynyň yzyna düşen bolup, daýysyny mazamlan bolup, çaga gürrüňini edip ugran pursadyndan başlap, ony kalbyna sygdyryp bilenokdy. Aýly erbet oglanam däldi. Diýenediji, hoşgylyk, sada ýigitdi. Ýöne ol henizjuda ýaşdy. Ol Bikäniň dünýäsine girerden juda uzakdady. Ejesi «är-aýallykda üç-dört ýaş näme?» diýýärdi. Emma Aýly ondan on-on bäş ýaş kiçi ýalydy. Oňa bolsa akyl käsesi goýalyşan, kämil adam, salykaty, agraslygy, kakasynyňka çalym edýän edim-gylymly, kakasynyň ysy gelip duran adam gerekdi. Ol Aýlynyň daýysy Şanazar Begowy göz öňüne getirdi. Agzyndan hemişe sarymsagyň porsy ysy gelip duran, gözleri içiňden geçip barýan bu adamy ýatlanda, ol tas gaýtarypdy. Ol her sapar şony ýatlasa ögeýärdi. Bu saparam şeýle boldy. Şanazar Begowyň Aýla bolan hormatyna ol öňem sarpa goýýardy. Onsuzam Anna Berdiýewiň çagalarynda adam saýlamak, adamy äsgermezlik etmek edähedi ýokdy. Ol adam-a Aýlynyň çyn hossarydy. Ony gorap, goldap ýördi. Aýlyny Prezident Sowetine işe ýerleşdirenem şoldy. Olaryň öýleriniň myhmansyz güni, şagalaň geçirmeýän hepdesi ýokdy. Aşgabada gelip, Suraý gelnejäniň duzuny datman giden garyndaşlaram ýokdy. Onsoň olara-da salam edebi, adama sarpa goýmak edebi doglan gününden öwredilip başlandy. Gelen myhmanlar sowgatsyz gelmezdiler. Gelenleriň bu üç sany naşyja gyzy ezizlemedigi, läliksiredip gujagyna almadygam ýokdy. Ylaýta-da Bikä aýratyn gadyr goýulýardy. «Meniň gyzymda – meniň gyzym» boluşýanlar kändi. Şol adamlar hem edil Anna Berdiýewiçiň özi ýaly, gyzlary görse, ylaýta-da Bikäni görse gujaklap, ogşaýardylar. Muny Bikäniň özem adaty bir hormat hökmünde görýärdi. Aslynda, bu ýerde bir kesä çeker ýaly many-da ýokdy. Emma... Emma Şanazar Begiň geçen saparky bolşy Bikäniň gutunyny guradypdy. Ol adam serhoşlukdan ýaňa derdi özüne ýetik Aýla käýýän bolup Bikäni gujaklap, soňam onuň gursagyna el ýetiripdi. Bike aşhana girensoňam, onuň yzyndan baryp, direnip durdy. Bike şonda etmedigini etdi. Suwdan doly demir çäýnegi bu adamyň depesinden aýlap salypdy. Şondan bärem ol adam gara berenokdy. «Gara bermese, owarra gitsin – diýip, Bike göwnübir halda oýlandy. – Öz ýegeniniň maşgalasyna, öz gyzy ýaly adama şeýle daraýanda ynsabam, messebem ýokdur...» Ýöne ol bu adamyň bu işi ýöne goýmajagyna-da ynanýardy, pynhanlykbilen çekinmänem duranokdy. Işik şykyrdady. – Kim? –diýip, ol işige bakan ýöneldi. – Kimsiň? Ol Aýlynyň kimdir biri bilen hümürdeşýän sesini tanady. Işigiň ilgençegini açdy. Işigiň daşynda Aýly eplenip, elenjiräp durdy. – Bikäm! – Ony görüp, Bikäniň myrryhy atlandy. Ol yzyna bakan öwrüldi. Aýly welin içeri girmedi. Birsalymdan soň Şanazar Begiň şahandaz sesi eşidildi. – Ýegen gyz, barmyň-ow? – Ol Aýlyny yzyna tirkäp, içeri girdi. Elinde kagyza dolangy ullakan düwünçegi stoluň üstünde goýdy. – Bu saňa! Aýly neresse çaga ýaly, boýnuny burup, galdyrap durşuna, çekine-çekine düwünçege elini uzatdy. – Haýt! – Daýysynyň sesine ol ziňk edip gitdi. – Özi açsyn, ýok, nämedigini aýtsyn! Bikäniň ýüzi açylanokdy. Onsoň Şanazar Begiň özi kagyzlary bir ujundan şatyrdadyp başlady. Ol kagyzyň içinden lowurdap duran gap-gara, gaýyş plaşy silkip goýberdi. Bikäniň gözi duýdansyz ýandy. Şanazar Beg plaşy boýa-boý galdyrdy-da, pyrlandyryp Bikäniň egnine geýdirdi. – Bu-uw! – Ol ýylgyryp duran Bikäniň yzyndan geldi-de, onuň elleriniň arkasyndan gujaklap, ony ogşady – Bu plaş üçin. – Ol ýene-de dodaklaryny Bikäniň ýaňagyna ýetirip şapladyp aldy. – Bu-da ol günki üçin. – Soň ol Bikäniň elinden tutdy-da, ýene ogşady. – Ýaraşdykmy? – Ýaraşdyk! Aýly bu «töwella» özi üçin edilýändir öýdüp: – Ýaraşdyk! – diýip, gapdalda ýygrylyp duran ýerinden aýtdy. Şanazar Beg şondan soň kän eglenmän, çykyp gidenden soň hem Bikäniň ýüzi açylanokdy. Ol adamsyna çaý demläp, onuň öňünde nahar goýdy. Emma Aýlynyň nahar bilen seri ýokdy. Ol şonda-da syr bildirmediksirän bolup, «süýji bolupdyr» diýip, çem-çüm edýärdi. Ahyry Bike ýaryldy. – Sen gijeden-gije bu adamyň yzyna düşüp ýörsüň welin, nirä gidýäň, näme gürrüň edýäň? Aýly eline alan süňküni şip-şip edip ýalap başlady. Bikäniň bolmajysy boldy. – Hany, goý şol süňki? – Bor, Bikäm! – Bike gaharyny saklap bilmedi: – Ýa indi mendenem syryňy gizläp ýörmüň? Ýa şu öýden başga öýüň, aýalyň, çagaň barmy? – Hudaý saklasyn, Bikäm! – diýip, Aýly elindäki süňki tabaga goýup, çemçäni oýnap başlady. Bike ondanam beterine tutdy. – Il-ä öýe gelmeýän bolsa, gelende syryny aýtmaýan bolsa, şol düzüw däldir diýýär. Eger şu öýden, şu ojakdan gowusy bar bolsa, menden gowyň bar bolsa, hana, ak ýoluň. Alla ýaryň, gidiber! Aýly aljyrap ýerinden turdy. – Ýok, ýok, Bikäm. Men, men... – Ýa-ha nirede bolýanyňy, näme iş bitirýäniňi aýdarsyň. Bolmasa-da, kakaňam, öz kakamam çagyryp, ertiriň özünde bellisini ederin. Saňa gerek däl abraý maňa-da derkar däl. – Ýo-ok – diýip, Aýly uzur ötünip başlady. – Men, haw, erbetçiligiň ugrunda däl. Ol günem aýtdym-a, döwletli işiň başynda biz – diýip.. – O nämäniň döwletli işi? Aýly bolan wakany, edilen gürrüňleri ganyny ýere degirmän aýalyna gürrüň berdi. – Sen bolsa... – Ol ýaýdandy. – Ýöne, Bikäm, hiç kimiň ýanynda dil ýarmaly däl. Ýaman apasny! Bike jibrinip başlady: – Sen oglan, «daýym-daýym» diýen bolup, başyňa belany satyn alýan bolma. Bu iş ýaman gabahat işdir. Ol oýnuňdan oýun bolmajagyna düşünmez ýaly, sen, näme, çagamy! Seniň bu işiňden ganyň ysy gelýär-ä... Aýly hem birneme gorkuly görnüşe girdi. – Hemme zat mensizem çözüld-ä Bikäm. Olar döwleti ele almagyň planyny çekdiler. Men näme edeýin, indi! Bike gorkuly elendi. – Üstüň açylaýsa, döwlete kast edeniň üçin näme boljagyny bilýäňmi? – Bilýän-le. – Bilýän bolsaň, aýt, Prezident saňa näme ýamanlyk etdi? Siz ondan näme aýyp tapýaňyz? Ýerine geljek ondan gowy boljakmy? – Men-ä bilmedim. Bike meseläni kesgin goýdy: – Onda ertiriň özünde milisä baryp, bolan işler barada jikme-jik habar ber. Aýly egnini gysdy. – Milisäň ministrem, KGB-de, respublikanyň Baş prokuroram bar şol gürrüňiň arasynda. Ministrlerem bar. Olar eýýäm bir çukura tüýkürdiler. «Barma» diýseň, barmaýyn, ýöne olara garşy çykmaga ýa olary paş etmäge gorkýan. Olar, men aýtmaýyn, gaty aýylganç güýç, Bikäm. Olar Prezidente kast etjek bolup durkalar, men dagy näme?! Birden Bikäniň hem ýüregine gorky guýuldy. Onuň endam-jany jümşüldäp gitdi. – Eý, alla jan, onda näme etmeli? – Bilmedim. Ýöne entek sesimi çykarmaýyn. Senem sesiňi çykarma, Bikäm. Olar gaty aýylganç. Öýüňi otlap gitmegem, maşynyňy garažyňdan alyp gitmegem, garaňky burçda böwrüňe hanjar diräp, talamagam olaryň ýanynda hiç zat. Bike gorkudan ýaňa hanasyny dolduryp balkyldaýan gözlerini adamsyna dikdi. – Studentlerde şolaň eli barmy? – Bar. Olar on sany uly blok. Bir blogy studentleri Prezidente garşy, döwlete garşy öjükdirjek. Olar eýýäm işläp ýörler. Ýöne haçandygy belli däl, bir gün Aşgabada gan çaýkamaly. Şoňa-da studentleriň ählisi, mugallymlar, okuwçylar, ýaşlaryň ählisi sürülmeli. – Toba, toba. – Olar gaty erbet, Bikäm... Saçagy ýygnap ýerine geçensoňam, Bikäniň gözüne uky gelmedi. «Eý, allam, bu nähili ilden çykgynçylyk! Ýa Aýla aýtman, özüm Içeri işler ministrligine hat ýazaýsammykam. Ýa olaram bizi yzarlap ýörerlermikä? Ýa rektorymyza aýdaýsammykam? Onda-da: «Kimden eşitdiň, nireden eşitdiň?» diýip, yzarlap, müň gepiň başyny agyrdyp ýörseler. Ýok, garaşmaly. Belki, bu gürrüňler Aýlynyň serhoş başy dumanlap durka özünden tapýan zadydyr. Çala ýa-da öte eşiden bolmagam mümkin-ä. Gowusy, garaşaýyn. Soň bary anyk bolar...» Onuň göz öňüne ýene-de Döwletbaşynyň nurana keşbi geldi-de, görülmedik göwnüniň näzik tarlary üýtgeşik owaz bilen saýrap başlady. «Ine, seniň göwnüň tesellisi. Şol seniň derdiň dermany...» Bike öz hyýalynda Döwletbaşynyň mähriban keşbini bagryna basdy-da, ýuwaşja pyşyrdady: – Ylahym, ömrüň uzak bolsun! | |
|
√ Duman daganda: Dumanlar, gümanlar... - 11.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Janserek -3: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -16: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Gala -8: Duşuşyk - 16.02.2024 |
√ Dirilik suwy -10: romanyñ dowamy - 08.05.2024 |
√ Gara ýyldyrym -20/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Köne mülk -6: romanyň dowamy - 13.06.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |