12:38 Döwletbaşy -11/ romanyñ dowamy | |
8.
Romanlar
Aşgabadyň «Mekan» köşgi misli baharyň goýnuna düşen türkmen sährasynyň owadan didaryna meňzeýärdi. Al-elwan geýimdäki türkmen gyzlary, gözleri dury çeşme kimin ýagty nur bilen gaýnap duran ýigitler, dürli milletiň wekilleri, ýaşlar göreni täsin çigildem deňzine gark bolan ýaly edýärdi. Döwletbaşy özüni gutlap uzak wagtlap el çarpyp: «Ýaşa! Ýaşa! Sag bol, Prezident!» diýip, uly şowhun bilen gaýtalanyp, edil bir süri ak kepderi ýaly asmana gaýdyrylyp gidýän şatlykly şowhuna goşup elini çarpdy-da, ýerine geçdi. Zal köşeşenokdy. – Bold-ow, näme ýeriňizden turduňyz! – diýip, ekabyrsyraýan käbir ýaşlara garamazdan, zal köşeşenokdy. – Hormatly ýaşlar! – diýip, Döwletbaşy öz salykatly mertebesine gelşip duran hoş owaz bilen ýaşlara ýüzlendi. – Şu gün men siziň bilen duşuşaýyn diýip ýörite geldim. Dogry, men siziň bilen irräk duşuşmalydym. Emma birneme yza çekildi bu duşuşyk. Ine, bu gün men siziň owadan, mähriban ýüzüňize seredip, türkmen gyzlarynyň aýratyn näzik keşbini görüp, ýigitlerimiziň bürgüt bakyşyny synlap, juda tolgundym. Häzir tutuş ýurtda juda çylşyrymly ýagdaý höküm sürýär. Beýleki respublikalarda dogan doganyň garşysyna çykyp, birek-birege hanjar urýarka, siziň bir dogan bolup, şu köşge üýşmegiňiz, watanyň, halkymyzyň, agzybirligiň hatyrasyna pugta jebisleşmegiňiz meniň başymy asmana ýetirdi. – Biziň ogullarymyz-gyzlarymyz bolan siz başgaça bolubam bilmeli däl. Biziň elimizdäki döwletem, geljekki ajaýyp durmuşam siziňki. Siziň bagtly bolmagyňyz üçin, siziň şu döwletiňhakyky eýeleri bolmagyňyz üçin, hiç bir serişde-de, zähmetem gaýgyrmarys. Bu döwletem, geljegem, şonda sürüljek ajaýyp döwranam siziňki. Ol günler indi daşda däl. Ýöne oňa ýetmek üçin size watany, halkymyzy çyn ýürekden söýmek gerek. Kanagatly, sabyrly, agzybir bolmaly... Ol az-kem sägindi. Döwletbaşy köşgüň içindäki ýaşlaryň ýüzüni görýärdi. Olaryň ählisi deň däldi, käbiri juda eserdeňdi, käbiri ynamlydy, käbiri ünssüzdi. Käbiri bolsa: «Ene-de ýalan sözläp başlad-ow» diýip oturan ýalydy. Ýöne olaryň bary bigünädi, kalplary juda arassady. Heniz belli ýoly hem saýlap almandylar. Olaryň päk kalby türkmen sährasynyň mes topragy ýaly küpürsäp, tohum diläp ýatyrdy. Oňa näme ekseň parlap galjakdy. Ýöne olaryň umydyny hiç kime aldatmaly däldi. Olaryň kalbyna bahyllygyň, aldaw-hiläniň çigidini taşlatdyrmaly däldi. Eger şu ýaşlaryň kalbyny aldap, oňa agzy alaçylygyň, ganymlygyň, namartlygyň, binamyslygyň çigidini taşlasaň, onsoň olary ýene-de onlarça ýyllap, täze nesiller döreýänçä ýitirdigiňdi. Çünki arassa kalp aldansa, synan aýna kimindi, ony seýiklemek aňsat boljak däldi. Ol muny öz egninde çekipdi. Käbir watanparazsyraýan toparjyklar: «Bizde türkmen diline döwlet dili statusy berlenok» diýdiler. Türkmen diline döwlet dili statusy berildi. «Gökdepe galasy gömlüp ýatyr» diýdiler. Gökdepe galasynda şehit bolanlaryň hatyrasy tutulyp, olara sadaka berildi. Gökdepe galasynyň basylyp alnan güni tutuş respublikada «Hatyra güni» diýlip yglan edildi. Şol ýere Döwletbaşynyň hut özi baryp, ölen-ýitenleriň ruhuna degsin edip gaýtdy. Käbir toparjyklara demokratik meýliniň derejesinde üýşmeleň geçirmäge, öz pikirlerini aýdyp, seslerini ile eşitdirmäge jaý, ýer berildi. Emma olar köşeşer ýaly däldiler... Ýa-da döredijilik intelligensiýasyny alsaňam şeýledi. Ol diňe bir şu aýyň özünde ýazyjylar, hudožnikler, kino, teatr işgärleri, alymlar bilen iki sapar aýry-aýrylykda duşuşdy. Ol guramalaryň hersine kyrk-elli jaý, on-on bäş maşyn berdi. Her birine öz baýragyny döretmäge, çlenleriniň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, gowy işini höweslendirmek üçin döwlet býujetinden ummasyz serişde goýberdi. Ýolbaşçylaryna täzeje «Gaz-31» maşyn berdi. Emma olaryň özara oňşugynyň aňyrsyna çykyp bilmedi. Ahyr soňunda Döwletbaşy has mukaddes ýoly saýlap aldy. «Türkmen üçin Magtymguly-Pyragydan mukaddes öwlüýä ýok. Şulary beýik şahyryň guburyna-da bir zyýarata alyp gideýin. Belki, ýürekleri açylar...» diýdi. Ol türkmen döredijilik intelligensiýasynyň «men beýik» diýip döşüne urup ýörenleriniň ählisini Magtymguly-Pyragynyň Eýran topragynda ýatan guburyna zyýarata alyp gitdi. Baransoňam: – Adamlar, türkmen halkyna agzybirlýk, sabyrlylyk gerek. Geliň, agzybir boljagymyz barada Magtymguly-Pyragynyň guburynyň başynda kasam içeliň... Ýazyjylar ýeke-ekeden kasam içdiler. Emma olaryň käbiri Türkmenistana dolanansoň, öňküden hem beter müsginsokarlyga başlapdylar. Döwletbaşy ýazyjylaryň ýakynda bolup geçen gurultaýyny ýatlady. Şonda ol ähli iş-aladasyny taşlap, iki günläp gurultaýyň işine gatnaşyp oturdy. Gurultaýa gatnaşyjylara gymmat bahaly sowgatlar taýýarlatdy. Gurultaýdan soň döwletiň hasabyna uly meýlis gurady. Ýazyjylara Aşgabadyň ilersinden, iň elýetmez ýerden daça uçastogyny berdi. Gurultaýa gatnaşýanlara özelenip: «Eziz ýazyjylar, men size däl-de, siz maňa gerek, Türkmeni, Türkmenistany beýik umytlara ýetirmek üçin agzybirligimiz, bütewiligimiz gerek. Biziň ählimiz «Türkmenistan» diýen eziz enäniň mukaddes «süýdüni» emen eziz doganlardyrys. Siz şony unutmaň!» diýdi. Emma ýene-de bölünişik başlandy. Ýedi ýazyjy Döwletbaşynyň ýüzüne gelip, gurultaýyň ýüzüne urup, ondan çykyp gitdi. Ine, şolaryň arasynda araky ýanyna gelip aksakgalsyraýan ýazyjy-da bardy. Şol ýediniň ikisi bolsa Magtymguly-Pyragynyň guburynyň başynda «biz agzybir bolarys» diýip, erkek ýaly kasam içendi. ...Döwletbaşy Mekge-Medinä zyýarata gidişini ýatlady... SSSR-iň musurman halkly respublikalarynyň içinde ilkinji bolup ony Saud Arabystanynyň şasy resmi sapara çagyrypdy. Şonda döwlet delegasiýasynyň çlenlerine Mekge-Medinä zyýarata barmaga mümkinçilik bolupdy. Kommunistik imperiýanyň wekili bolup Mekge-Medinä zyýarata barmak öz başyňy gora salmakdan özge zat däldi. Emma Döwlet- başy töwekgellik etdi. Türkmenistan respublikasynyň döwlet ýolbaşçylary, hökümetiň çlenleri, ýazyjylar, alymlar, din wekilleri haç zyýaratyny etdiler. Şonda Döwletbaşy Muhammet Pygamberiň guburynyň başynda kasam etdi. – Doganlar, men şu mukaddes ýerde kasam edýän: – Azmaryn, azana-da ýol bermerin! – Onuň nurly gabaklarynyň astynda ýakut damja buldurap gitdi. – Men baýamaryn, galp ýol bilen halka, iliň yrsgalyna zulum, sütem edip baýajak bolýanlara-da ýol bermerin. – Ol gubura garady. – Men tire-taýpa dawasyna ýol bermerin! – Ol gözlerini aýasy bilen syldy-da, uludan dem aldy. – Men kasam edýärin, milletara dawalaryna hiç haçan ýol bermerin. – Döwletbaşynyň ýüzi merdana sypata girdi. Ol beýik Taňrynyň gulagyna eşidilip duran dem alşyna bakan gursagyny gerdi-de, jany-teni bilen sözledi. – Men türkmen halky üçin, eger gerek bolsa, janymy gurban ederin!.. Hiç kimden ses çykanokdy. Diňe Döwletbaşynyň nur gaýnap duran mähriban gözlerinden buldurap gaýdan goşa dänäniň onuň egnindäki yhram eşiginiň etegine gaçandaky «zenzelesi» hem-de beýik Taňrynyň dem alýany bildirip duran ses gulagyňa ilýärdi... Onuň ýanynda oturan orunbasarlaram, ministrlerem, alymlar, döredijilik işgärlerem «biz Prezidentimize, Türkmenistana, türkmen halkyna tä ölýänçäk, wepaly bolarys» diýip kasam içipdiler... Emma ýap-ýaňyja öz orunbasarlarynyň birküç sanysynyň, käbir ministrleriň bilelikde Prezidente, döwlete garşy «hyşy-wyşy» gürrüň edýändikleri barada ony habardar edipdiler. «Olaryň niýeti gowy däl» diýipdiler. Şol adamlar umydy ýaşlykdan aldanan, kalby zaýalanan adamlardy. Ol adamlary indi gör düzedäýmese, Magtymgulynyň guburynyň başynda beren sözem, Mekge-Medinä gidip, Muhammet pygamberiň guburynyň başynda içen kasamam düzedip biljek däldi. «Ine, şu ýaşlaryň umydyny şolaryňky ýaly edip, aldatmaly däl. Olaryň päk kalbyna ýalançylygyň, kezzapçylygyň, ikiýüzlüligiň, binamyslygyň galp tohumyny hiç kime taşlatdyrmaly däl... Döwletbaşy ýene-de sözüniň yzyny ýetirdi. – Häzir siziň üçin möhüm döwür. Iýjek, geýjek wagtyňyz. Kalbyňyzdaky hyjuwyň gursagyňyza sygmaýan wagty. Emma siziň päkize ýaşlygyňyz juda kynçylykly döwre gabat geldi. Özüňiz görýäňiz, daş-töweregimiz ot bilen ýalyn. Beýleki respublikalarda dogan doganyň ganyny dökýär. «Demokratiýa» diýen sözüň ody bilen indi ýetmiş ýyl bäri diş-dyrnak bolup gazanylan uly binýat opurylýar. Daşdan-içden şeýle ýangyny, gan döküşikligi biziň respublikamyzda hem tutaşdyrmakçy bolýanlar ýok däl. Ylaýta-da siziň ýüpek ýaly ýumşak, bägül gunçasy ýaly päk kalbyňyza-da ikiýüzlülik, dönüklik, närazylyk tohumyny sepjek bolýanlar bar. Emma siz geljegiň beýik ogullary boljak ýaşlar, şeýle bihaýalykdan daş duruň. Ata-babalarymyzyň müň ýyla golaý wagtlap özüni tutup bilmän gelmegine diňe agzalaçylyk sebäpkär bolandyr... Men... Döwletbaşy ýene-de az-kem sägindi. Ol öz sözüniň ýaşlara nähili täsir edýändigini synlamak üçin «Men» sözüniň yzyndan başga bir gowy pikiri çugdamlaýan ýaly edip, galamyny oýnady. Döwletbaşy ýaňy içeri girjek bolanda gapdalda duran iki sany ýigdekçäni synlapdy. Beýleki ýaşlar myhmanlary hormatlap gürre örse-de, olar, nämme üçindir, ýerindenem turanokdylar. Beýlekiler el çarpsalar-da, olar el çarpmandy. Daşarda baş- ga bir iki sany oglan bolsa Döwletbaşa tarap dyzanyp durka, gorag işgärleri olary saklapdy. Iller ýerlerinden turanda, ýene-de başga bir-iki sany oglan: «Oturyň-ow, nämä turýaňyz-aý!» diýip gygyryşypdy. Ol häzir şol oglanlary gözleri bilen idäp tapdy. Tutuş zal bir gulaga öwrülip otyrka, olar nämäniňdir bir zadyň hyşy-wyşy gürrüňini edýärdiler. Olaryň ýüzünden gar ýagýardy. «Ine, şu ýaşlar näme üçin beýle iliň tersine akjak bolýarka? Olara ýaşlygyň hözirini görmäge näme päsgel berýärkä? Ýa bularyň hem ýüregini eýýäm bulaýan barmyka? Häzirki döwlet apparatynyň işgärleri «halk gowy ýaşasyn, halk agzybir bolsun, gan dökülmesin» diýip, elinde baryny edip ýör-ä. Ol ýap-ýaňy, şu ýere gaýtmanka, SSSR-iň ilkinji Prezidenti Mihail Sergeýewiç Gorbaçýow bilen telefonda gürleşipdi. Gorbaçýow soňky wagtlarda her hepdede diýen ýaly birküç gezek Döwletbaşa jaň edýärdi. – Gadyrdan Saparmyrat Ataýewiç, ýurduň ýagdaýy gaty kyn. Men indi döwleti nädip dolandyrjagymam bilemok – diýip, ol zeýrenipdi. – Ýokary Sowetiň deputatlary SSSR-i dargatmagyň planyny çekýärler. Kommunistik partiýany, onuň Merkezi Komitetini dargatmak barada zor salýarlar. – Ol Russiýa Federasiýasynyň täze partiýalaryndan zeýrenýärdi. – Işlemek juda kyn. Häzir SSSR-iň iň soňky deminde duranyny duýup işlemekden elhenç zat ýok. Seniňki oňat. Maňa Türkmenistanyň asudalygyny habar berdiler. Wah, häzir mümkinçilik bolsady, siziň güneşli ülkäňiziň nurly, sahawatly asudalygyndan ýekeje gün kalbymy doldursamdym, onsoň, goý, ölsemem armanym ýok... Döwletbaşy ony köşeşdirdi. Oňa täze üstünlikler arzuw etdi. Gorbaçýow ýöne ýere jaň edenokdy. Ýakyn günlerde SSKP MK-nyň Syýasy Býurosynyň nobatdaky mejlisi boljakdy. Döwletbaşy Syýasy Býuronyň çlenidi. Gorbaçýow şol mejlisde Syýasy Býurony, SSSR-i saklamak baradaky öz pikirlerini goldamagy uzur ötünip haýyş edýärdi. Ine indi ýetmiş ýyl bäri ady dünýäni sarsdyryp gelen ägirtuly, kuwwatly döwletiň serdary bu gün birwagtlar hiç babatda äsgerilmeýän Türkmenistanyň ýolbaşçysyna sala salýardy. Onuň gününe höwes edýärdi. Elbetde, Döwletbaşy ony umytsyz goýmady. Hökman goldajagyny aýtdy. Hakykatyna garanyňda, SSSR-iň şeýle hala ýetmegi, gaty köp respublika üçin, onda-da Türkmenistan ýaly azhalkly, industriýasy gaty gowşak ösen, beýleki respublikalar bilen göbegi çatylyp, hiç haçan äsgerilmedik, başgaça durmuşy göz öňüne getirip hem bilmedik respublika üçin juda uly urgudy. SSSR öz salyny süýräp ýörkä, azam bolsa, azyk önümleri, zapas, ätiýaçlyk şaýlar, pul bellenilen planda gelip durdy. Halk şol azygyň, puluň hasabyna ýykma-ýykylma, gününi görýärdi. Respublikanyň ýolbaşçylaryna-da işlemek aňsatdy. Öz respublikaňdakylary, Merkezden gelýäni bilen goşup, halka paýlasaň, halkyň günem elhaldy. Munuň üstesine, daşyňy dolap duran goşunam öz azaryny ýetirenokdy. Ine, şonuň üçin Orta Aziýa respublikalary SSSR-iň ýaşamagynyň tarapdary bolup çykyş edýärdi. Olar öz geljekki ykbalyny SSSR-siz göz öňüne getiribem bilenokdylar. Türkmenistan hem şolar bilen pikirdeşdi. Çünki, entek-entekler Türkmenistana başga çykalga ýokdy. Orta Aziýa respublikalarynyň ählisiniň SSSR-i goldamagyna beýleki döwletler, käbir respublikalaryň metbugaty we beýleki habar beriş serişdeleri kast ediji, masgaralaýjy myjabatlary ýaýradýardylar. Haýbat atýardylar. Şeýle masgaralaýjy sözleri Döwletbaşam az eşitmändi. Ýöne ol giňlige salýardy. Baryp, geçen ýylyň başlarynda SSSR Ýokary Sowetiniň Gurultaýlarynda Kremliň Gurultaýlar köşgüniň tribunasy SSSR-e, onuň ýolbaşçylaryna töhmet atmagyň, goh-galmagal etmegiň, akyl satmagyň gorhanasyna öwrülip, zaldaky mikrofonlaryň daşynda saçýoldy oýnalýan mahalam käbir deputatlar gulagy deşilen ýaly bolup oturan türkmen deputatlaryna nejis bir zada garan ýaly bolup, dodak çöwürýärdiler. Onuň bilenem kanagatlanman: «Hezil edip ýatyrmysyňyz, ukyňyz noş bolsun!» diýip, içýakgyç henek atan bolýardylar. Telewizoryň kameralary bolsa türkmen deputatlary tarapda alahöwren bar ýaly, ol gapdala ýüzlerinem öwrenokdylar. Özlerine «mugtiýerler», «binamyslar», «ýatmaga gelenler» diýilýän sözleri ýüreklerine sygdyryp bilmedik deputatlaryň käbiri: «menem çykyp şularyň bir enesini üwräýin-le» diýip, türkmen gazaby bilen ýerindenem bir turýardy, ýöne Döwletbaşynyň rahat, nazarkerde didaryna gözleri düşenden özüni, oturgyja goýberenini duýman galýardy. Başga bir deputat bolsa agzyndan gulp asylgy, kresloda hor çekip ýatan adam şekili çekilip, aşagyna-da «Türkmenistanyň deputatlary SSSR Ýokary Sowetiniň Gurultaýynda» diýen karikaturaly gazeti alyp gelip, «menem çykyş etjek» diýip çemlenip başlaýardy. Başga bir deputat bolsa yzyndan gazap bilen: «Siz ol ýerde çykyş etmän, agzyňyza siňek gonduryp oturmaň. Türkmen halky siziň sözüňize garaşýar...» diýlip ýazylan telegrammany depesinde bulaýlap, öňem dawasy ýetik tribuna dyzaýardy. Döwletbaşy arakesmeleriň birinde tolgunyşyp duran deputatlary ýanyna ýygnady. – Adamlar, siz giň boluň. Bu adamlaryň gykylygyndanam, dawasyndanam halka çörek, ýurda hemaýat ýokdur. Bu ýerde her kim özüni tanatjak bolýar. Goý, bizi gykylykçy, dawakeş diýip däl-de, asylly, sabyrly diýip tanasynlar. Bize gykylygam, dawa- da derkar däl. Bize agzybirlik, sabyrlylyk gerek. Ine, biz şol ýol bilen gideris!.. Döwletbaşy şol sözüni bihal aýtmandy. Ol soň hem şol sözüne ygrarly bolupdy. Ol özüniň şol aýdan sözünden soň bir gün utanmaly bolmandy. Onuň şol ýerde aýdan pikiri dogry bolup çykdy. Deputatlar Gurultaýyň tribunasyndan nähili duýgy bilen çykyş eden bolsa, olaryň respublikasy-da edil şonuň ýaly duýgyny başyndan geçiripdi. Ermenistanly bir deputat aýal öz duýgusyna bäs gelip bilmän aglan bolsa, azerbaýjanly başga bir aýal gam-gussa çeken bolsa, häzirem olaryň respublikasy agy bilen gam-hasratyň kölüne batyp otyrdy. Ferganaly bir deputatyň dişleri jygyrdap, gözünden ýalyn syçran bolsa, bu gün şol ýalyn oda öwrülip, Fergana jülgesindäki türk-mesheatinleriň öýüni-ykbalyny ot-ýalna gaplap ýördi. Başga bir moskwaly deputat kümsüjek gürrüňleri bilen milli respublikalary yzagalaklykda aýyplasa, indi şeýle «demokratsumaklar» Moskwanyň meýdançalarynda hukuk goraýan milisionerleriň gürzüsiniň astyna alnyp ýördi. Bu gurultaýyň tribunasynyň her bir wekiliň öz halkynyň ykbalynyň geljekki ýagdaýyny görkezýänini şol wagt hiç kim görmändi. Emma Döwletbaşy tribuna çykmasa-da, şony duýupdy, özem halkynyň geljekki ykbalyny welilik bilen aýdypdy: « – Bize agzybirlik, sabyrlylyk gerek! Biz şol ýol bilenem gideris!» Onuň kän aý öňünden aýdan sözlerine perişdeler «omyn» diýen ýalydy. Ol häzirem agzybirligi, asudalygy, sabyrlylygy saklamalydygyny welilik bilen bilýärdi. Şonuň üçinem öz duýgusyna, bir atymjyk nas kimin agzyna atan gazabyna bäs gelip bilmän oturan bu oglanjyklara-da haýran galýardy... – Men – diýip, ol az-kem säginmesinden soň başyny galdyrdy-da, sözüniň yzyny ýetirdi. – Siziň bilen aç-açan gürrüň edeýin. Aýdyň, çekinmäň, näme kemçiligiňiz bar? Näme etsek, siz gowy okar ýaly, gowy ýaşar ýaly mümkinçilik döredip boljak? Ýaşlaryň biri tribuna çykyp, minnetdarlyk sözüni aýtdy. Döwletbaşa gül gowşurdy. – Mähriban Prezidentimiz, Siz hemişe bize: «Size näme kömek gerek?» diýip, atalyk aladasy bilen ýüzlenýäňiz, bu gün bizem size ogullyk mähri bilen ýüzlenýäris: «Bizden size nähili kömek gerek? Bizden size nähili goldaw gerek?!» Döwletbaşy heziller edip güldi: – Berekella! Maňa siziň diňe gowy okanyňyz, birek-birek bilen edil dogan ýaly bolup, agzybirligi saklanyňyz gerek. Ine, şeýtdigiňiz, maňa uly kömek etdigiňiz, gowy goldaw berdigiňiz... Ýaşlaryň şondan soň gürlän ýigrimisem şeýle ruhy saklapdy. Olar sypaýyçylyk bilen öz ýeter-ýetmezlerinem aýdypdy. «1. Umumy ýaşaýyş jaýlarynda sosial üpjünçilik gowulandyrylsa. 2. Studentlere talon arkaly azyk bermek ýola goýulsa. 3. Studentleriň naharhanasynyň üpjünçiligi gowulandyrylsa;. 4. Käbir wuzda okuw-önümçilik laboratoriýalary häzirki zaman enjamlary bilen berkidilse. 5. Käbir wuzda täze umumy ýaşaýyş jaý kompleksi gurulsa. 6. Studentleriň stipendiýalary artdyrylsa! Şol ýigrimi studentiň haýyşy, gelýän hatlardaky towakgalarda ine şu alty meselä jemlenilipdi. Döwletbaşy olaryň haýyşyny mähetdel etmedi. Studentleriň stipendiýasyny üç esse köpeltmek baradaky Permanyna şol ýerde gol çekdi. Studentlere talon bilen azyk bermekden başga-da, iň zerur azykönümlerini rektoratlar tarapyndan paýlamagy ýola goýmagy ministre tabşyrdy. Studentleriň naharhanasyndaky naharlaryň bahasynyň deň ýaryny döwlet býujetinden tölemek barada buýruk berdi. Umumy ýaşaýyş jaýlarynyň ýagdaýyny on günüň dowamynda gowulandyryp, özüne bu barada habar berilmegini berk tabşyrdy. Ol wuzlara täze enjamlar almak üçin döwlet býujetinden elli million manat goýberdi. Dört wuzda okuw-ýaşaýyş jaý kompleksini gurmak üçin gurluşyk ministrine görkezme berdi. Iň esasysy hem, Prezidentiň ýanynda Student ýaşlar sowetini döredip, student-ýaşlary ähli çäreler arkaly goldar ýaly, bu sowetiň fonduna ummasyz pul geçirmek baradaky Permana goluny goýdy... Ol bu duşuşykdan soň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň wekilini kabul edip, ýerinde jaýlaşykly otyrka-da, ýaşlaryň aýdan umytly-buýsançly sözleriniň täsirinden çykyp bilenokdy. «Siz bizi dogan-doganyň ganyny dökmekden gorap sakladyňyz! Siz bize öz ülkämizde rahat ýaşamaga, erkin ýaýnap ýaşamaga, gypynçsyz okamaga şert döretdiňiz! Siziň ömrüňiz, siziň alyp barýan syýasatyňyz biziň üçin baky nusgadyr! Biz size meňzejek bolarys! Siz bizden arkaýyn boluň! Siziň üçin, Türkmenistan üçin gerek bolsa, janymyzy bereris!» Ol tolgunma bilen «Berekella!» diýenini duýman galdy. Birdenem, edil gapdaljykdan ýene-de kimdir biri «Berekella!» diýen ýaly boldy. Döwletbaşy tisginip gitdi. Ýene-de agşam gören düýşüne dolandy. ...Onuň Pöwrizedäki daça-öýüniň giň otagynda arkalary şo-ol öňki tertipde hatar gurap otyr. Ak işan baba elindäki hasasyny törden dördünji adama uzatdy. – Hany, Artyk baý! Ogluňa özüňi tanat. Artyk baý başyny galdyrdy. Döwletbaşy ony görüp, bir ýagdaýa haýran galdy. Nesilbaşysynyň dördünjisi bolup Artyk baý däl-de, gara silkme telpek, gyrmyzy don geýnip, özi oturan ýalydy. Ol Artyk baý bilen bir almany iki bölüşen ýaly meňzeşligini duýdy. Artyk baý kakasy Taňryguly baýa garap ardynjyrady. – Taňrygulynyň ogly boljak bolsa-ha iliniň ogly bolmaklydyr. Taňrygulam-a tutuş Bamy, Börme galalaryny Nedir şanyň Hywa öten ýyllary açlykdan alyp galan ärdir – diýip, Orazmuhammet baý öz ogluny az-kem mahabatlandyryp tanyş etdi. – Hawa – diýip, Artyk baýam başyny aşak salyp oturyşyna, onuň sözüni tassyklady. – Nedir şa Hywa geçende-de1 Hywadan yzyna geçende-de biziň duzumyzy dadyp ötendir. – Ýene näme ýalkawy bardy, iline näme ýagşy at galdyrdy?! Annanyýaz arçyn kakasyna derek söz aldy: – Kakam giden sähra galla ekerdi-de, özüne geregini alandan soň tutuş-tutuş harmany ile bererdi. Biziň iliň arasynda «Muny beýdip alyp gidiberer ýaly, Artyk baýyň harmanydyr öýdýäňmi?» diýen ýaly bir gürrüňem ýaşap ýörendir. – Haý, berekella! Ak işan Döwletbaşa başyny atdy. – Oglum, sen öz arkalaryňdan kemsinmegin. Seniň ile çörek berip, iki dünýäsini gazanan, hakyň ýalkawyna mynasyp bolan kowumlaryň bardyr. – Işan aga – diýip, Agöýli baý ak sakgalyny sypalap oturyşyna, alada bilen Ak işana ýüzlendi. – Sen biziň serdar oglumyzyň tutumyny neneň gördüň? Ak işan ap-ak namazlyk ýaly düşekçäniň üstünde oturyşyna, elini sahawatly ýüzüne ýetirdi. – Üç ýüz altmyş piriň alnynda geçen geňeş, enşalla, oglumyzy myradyna ýetirer. Ol ärler-pirlerem bir «omyn» diýsin, onsoň onuň «tüf» diýen tüýküligi ýere düşmegeý, omyn! – Omyn! – Gutly bolsun! – Gutly-mübärek bolgaý! – Ogul! – diýip, Agöýli baý dikeldi. – Baý malyny bahyl gysganar etmegin. Iliňi hakyň eçilen yrsgyndan binesip goýmagyn! Ol «Be, atam beý diýmek bilen nämäni göz öňünde tutduka?» diýip oýlanyp durşuna, ýene-de ejesiniň mylaýym sesini eşitdi. – Köşegim, şol suwdan içme, içme! Döwletbaşy hut häzirem «bir çäýnek çaý diýeýin» diýip dur- şuna, agşamky gören düýşüni biygtyýar ýatlady. «Ýa-da men Köneürgençde geçjek maslahaty halys ýüregime alaýýanmykam?..» Ol bu pikirinden açylmak üçin Ýokary Sowetiň Başlygyna jaň etdi: – Sähet Nepesowiç, nähili, duşuşyk niçiksiräk boldy? Sähet Nepesowiçiň goýazy owazy kabinete ýaýrady: – Gaty gowy boldy, Sapar Ataýewiç. Men-ä ýaşlar örän razy boldumyka diýýän. Tüweleme, biziň örän arassa, akylly ýaşlarymyz bar... Döwletbaşy onuň sözüne «hä» berdi. – Dogry aýdýaň, Sähet Nepesowiç, juda gowy ýaşlarymyz bar. Nesip bolsa, şeýdip duşuşyp, «arassa, ynsaply boluň» diýip hoşamaýlap, gerek ýerinde käýäp, gerek ýerinde söýüp, goldap bilsek, ertirimiz ynamdar golda. Ýöne... Sähet Nepesowiç hem köňlüniň bikarar ýerini içinde saklamady. – Ýöne, ilçilik-dä, her hili gepe, gürrüňe gidip ýörenem bardyr. «Agzybirlik» diýen ýaly, başga bir şonuň ýaly topara goşulýanlaryňam sözüne ynanyp ýörenleriniň bolmagy mümkin. Ýöne olara-da Siz bu gün gaty gowy edip düşündirdiňiz. Ýöne seresaplygy elden bermeli däl. Iň esasy ýerem, berlen sözüň yzynda durmaly. – Dogry! Men oglanlar-a tabşyrdym «olary goldaň» diýip. Yzynda-da durarys. Sizem Ýokary Sowetiň sessiýasynda Konstitusiýanyň taslamasyny gowuja işläp geliň. Onsoň ýaşulularyň Köneürgençdäki maslahatynam abraý bilen geçireliň! Bormy? Sag boluň!.. Döwletbaşy Daşhowuz obkomynyň birinji sekretary bilen gürleşip, taýýarlygyň, umumy işiň ýagdaýlaryny bilenden soň, magaryf ministrine, soň bolsa gurluşyk ministrine jaň edip, duşuşykda aýdylan haýyşlar boýunça öňe sürlen çözgüdiň ýagdaýlaryny berkitdi. Aşgabat şäherkomynyň, şäheriň ispolkomynyň ýolbaşçylaryna hut ertiriň özünde studentleriň, tehnikumlaryň, uçilişeleriň umumy ýaşaýyş jaýlaryna aýlanyp, ýagdaýy özüne habar bermeklerini berk tabşyrdy. – Ministrleri, rektorlary ýanyňyza alyp, ýeke-ekeden aýlanyň. Bir umumy ýaşaýyş jaýynda gaz ýok, ýa suw ýok, ýa-da ýyladylyşy pes diýen gürrüň çykaýsa, soň menden gaty görmäň... Ol sagadyna garady. Sagateýýäm agşam sekizden işleýärdi. Döwletbaşy M.S.Gorbaçýow bilen bolan telefon gürrüňini, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň ýörite wekili bilen sagat ýaryma çeken gürrüňdeşliginiň netijelerini ýeke-ekeden analizledi. Soňra ýaşlar bilen bolan duşuşykda çykyş eden oglan-gyzlaryň ählisiniň haýyşyny ýatdan gaýtalap, başynda aýlady. Şondan soňam unudylaýmasyn diýlen ownuk-uşak meselelerine çenli bloknotyna belledi. Her meseläniň gapdalyna ony tabşyrmaly adamlarynyň atlaryny ýazdy. Ýerine ýetirilmeli wagtyny – aýy, güni, sagadyna çenli ýazdy. «Tüweleme, ýaşlaryň köpüsi rahat, sabyrly. Ýurduň içindäki rahatlyk olara-da geçip başlapdyr. Ýene-de ýekeje ýyl olary şu agzybirligi, rahatlygy bilen saklasaň, olar hiç bir kezzabyň hem girisine düşmez...» Umuman, Döwletbaşynyň şu günki synlaýşyna görä, ýaşlaryň kalbynda-da, ruhunda-da, hereketinde-de, gep-sözünde-de üýtgeşik bir howsalaly ýagdaý ýokdy. Hawa, ol muny ynam bilen belledi. Çünki, beýik Taňry Döwletbaşa adamyň on keşbini tanamak üçin üýtgeşik göz, üýtgeşik duýgy beripdi. Ol her bir adamyň häzirki «menini», göreşýän «menini», ýoldaky «menini», niýetdäki «menini», sözleýän «menini», hakykatyny aýdýan «menini», hakykatyny gizleýän «menini», ýasama hem ygtybarly «menini» görüp bilýärdi. Ýöne bu ýaşlarda welin ýasamalyk ýokdy. «Olar perişde ýaly arassa çagajyklar ahyryn!» Ol oýlandygyça, ýaşlar bilen bir umumylygy tapany, ony oňat alyp çykanyüçin, özünden razy boldy. Uly iş bitirdik. Gör, näçe ýaş ýürek razy bolandyr. Taňrym, sen bizi gykylyk-galmagaldan bir daş et. Ine şol bize çörekdenem zerurrak. Agzy açyk aç galmaz. Emma ömür ýansa, gan dökülse, ony çörek bilen ýuwup bolmaz. Ol hakykatdan hem gykylyk-galmagaldan juda çekinýärdi. Onuň ýüreginiň çuňňur gatlaklarynda gykylyk-galmagala uly protest, uly ýigrenç ody köräp durdy. 1941-nji ýylyň uly uruş-dawasy onuň mähriban kakasyny elinden alyp, üç sany neresse çaganyň boýnuny burupdy. 1948-nji ýylyň hasratly zenzelesi ony hem ata, hem ene ornuny tutup, ýetimligem, ýesirligem bildirmän oturan mähriban ejesinden aýrypdy. Soňam garyndaşlarynyň öýündekä-de, çagalar öýündekä-de dawa, gykylyk, her hili kemsitmeler onuň halys azasyny alypdy. Şeýle uly goh-gykylygy ol görüpdi. Indem ony öz halkynyň, ylaýta-da türkmeniň beýik sütüni boljak şu günki ýaşlaryň görmegini islemeýärdi. Şol goh-galmagaldan onuň ýüreginde nähilidir bir gorky, ätiýaç galypdy. Ol şeýle duýgy bilen öz geçmişinde diýmeli sözi tüýs ýerinde, aýtmaly pikiri tüýs aýtmaly wagty diýip-aýdyp bilmedik çaglary köp bolupdy. Ýöne şeýle duýgulary indiki ýaşlaryň başdan geçirmegini islemeýärdi. Ol bu gün ýaşlara ýene-de iki zady yglan edipdi. Birinjisi, ýaşulularyň Köneürgençdäki maslahatydy, ikinjisem, Nowruz gününi tutuş Türkmenistanyň milli baýramyna öwürmekdi. Nowruz diýilse, öň çekiniler ýörlerdi. Ol bu baýramyň tä köküne çenli öwrendi. Bu baýram baryp yslam dinindenem kän öň dörän eken. Ol duşuşygyň hem-de dostlaryň dosta, didarlaryň didara, ýagşylygyň ýagşylyga, gyşyň ýaza gowuşmagyň baýramy eken ahyryn. «Nesip bolsa, ony halk baýramyna öwrüp, Türkmenistanda juda uly toý tutarys...» Birdenem, onuň ýadyna ýene-de «Şol suwdan içme» diýen owaz eşidildi. Döwletbaşy gözündäki äýnegini çykardy-da, gabyna salyp, gapdalda goýdy. «Be, men häzir çaý hem içemok welin, bu owaz näme, meni goýanok-la. Çaýyň suwuny nireden alýarlar, maňa çaýy kim demleýär, haýsy suwdan çaý goýýarlar...» Ol kömekçisini çagyrdy. – Men şu günki çaýy içip bilmedim. Suwy niräniň suwy? Kömekçi arkaýyndy. – Suw dag çeşmesiniň suwy! – Näme bilen, kim getirýär? Kömekçi getirilýän gaby, getirýän adamyň adyny aýtdy. – Nämede gaýnadýaňyz? – Elektrik çäýneginde? Kim gaýnadýar. – Aýsona-da, menem, ikimizem gaýnadyberýäs. Ýöne demlände köplenç Aýsona demleýär... Döwletbaşy ýerinden turdy-da, kabulhana geçdi. Kömekçiniň jaýynyň bir burçunda plastmassa gap suwdan dolabara durdy. Onuň ýanynda bolsa çäýnek-käse» elektrik çäýnegi, bir gap atymlyk çaý bardy. Döwletbaşy oňa ünsem bermedik boldy-da, geçip gitdi. – Gaýdalyň, oglanlar. Onuň sesi ýadaw, ýöne, birhili, näzikden mähriban çykdy. Döwletbaşa berilýän çaýyň suwunyň alaň-açyk ýatmagy, çäýnek-käse, elektrik çäýnegi, olaryň daşyndaky çaň-tozan kabulhana bir iş bilen gelen gelen Aýlynyňam gözüne ilipdi. Ol daýysy bilen «Institut» uçastogyna barýarka, şu ýagdaýy oňa duýduranyny bilmän galdy. – Daýy, «Dikmäni» ýykmagyň başga-da bir ýol-a bar. Ýöne ony ýekeje adam etmeli. Özem örän inçelik bilen... – Hä, näme? – Şanazar Begiň birhili reňki agyp gitdi. – Nähili ýol? – Ol tolgunçly keýerjekledi. Bu gün gara «Wolgany» Begiň özi sürüp barýardy. Maşynda diňe ikisi bolandan soň Aýly arkaýyndy. – Onuň çaý içýän suwam, çäýnegem biziň elimizd-ä. Biziň ekdije guşumyz eltýär-ä oňa çaýy. Edil gözüm bilen gördüm. Öz ýanymda elektrik çäýnege plastmassa gapdan suw guýup, gaýnadyp, çaýynam özi atyp, alyp gitdi. Gidenden soň menem şol gapdan bir käse suw içdim. Özümem: «Bize-de Prezidentlik kürsüsi nesip etsin!» diýip, yrym bilen içdim. Beg gaty tolgundy. – Ýege-en! – Ol eli bilen öz agzyny tutdy. – Düşündiňmi? Bu gürrüňi özüňem ýadyňdan çykar. Bolýarmy? – Bor, daýy. Hakykatdanam, Aýly bu gürrüňi «instituta» baran badyna ýadyndan çykardy. «Ýenjigiň» öýünde beýle bir kän adamam ýokdy. Diňe «bloklaryň» «ýolbaşçylary» otyrdy. Saçak welin öňküsi dek bolsady ekilen ýalydy. Ýöne Begiň nahar bilen seri ýokdy. – Adamlar, ýagdaýymyz juda çapraz. «Dikme» ýa-ha weli – biziň pikirimizi içimizden okap otyr, ýa-da aramyzda bir şpion bar. – Ol gözünden äýnegini aýyrdy-da, ýerde goýman egniniň deňinde saklady. – Görýäňiz-ä, biz nämäni gowşatmaly diýsek, olam şony berkidip gidip otyr. Öň «tertibi gowşadaly» diýdik, «söwdany alan-alda bereliň» diýdik. Ol ikisiniňem ministrini duşaklap goýdy. Biz «ýaşlary aýaküstüne galdyralyň» diýdik. Ol adam däl, Eflatun, ýaşlary özüne garadyp, däli- mejnun etdi goýaýd-a. Indem ýaşululary Köneürgenje ýygnajak bolýar. Ol «Dikme» gaty hilegär, juda-juda hilegär-ä. Ýöne onuň ady ýaşulularyň maslahaty bolmaly. «Ýaşuly» aýdyp otyr onuň näme boljagyny: Ol Köneürgenje Türkmenistanyň çorba çykaryny ýygnar. Onuň gözüni bir gören adamam hüwiniň gözüni gören torgaý ýaly, ýöne pysyrdap durandyr. Ol şol ýerde Konstitusiýaňam tassykladar, beýleki kanunlaryňam geçirder. Kim bilýär, biziň adamymyz bolup duran ministrlerdenem käbiriniň çalşyrylaýmagy ahmal. Onuň näme etjegini bir hudaý bilýär. Han özi, soltan özi... Aždar Dönmezow Begiň müzzerilip, keýpiňi harap ediji sözleri aýdyp oturmasyny halamady. – Sen, Beg nagaraňy döwme gaýa ýok, gopuz ýok ýerden. Entek, hudaý bizlik bolsa, öwrüm kän. Edişjigimize seret. – «Ýaşuly» näme diýýär? – diýip, birneme howalasy peselen Ak-Juma sorady. –Bir zat diýendir-ä. Şanazar Begiň ýüzi hasam agraldy. – «Ýaşuly» näme diýsin?! Gaty gahary gelýär. Howlugýar. «Oglanlar nädýärkä? Howlukmak gerek» diýdi. Meni gyssap goýberdi. Eger beýdip, halaň-salaň etjek bolsalar, men olaryň oýnuna gatyşjak däl – diýdi. «Durjak bolsalar-a, är ýaly dursunlar durmaly ýerinde, bolmasa-da, durjaklara ýol bersinler» diýdi. Ýekeje sagadam bimany geçirmeli däl» diýdi... – Dogry aýdýar – diýip, Sähedem gyşaryp ýatan ýerinden şikesli gözüni oýnadyp, gaharly aýtdy. – Käbiriňizde çynlakaý pikir ýog-a. Onsoň, bu bolşuňyza sizden döwletem alma ýok, patyşalygam. Ol tarsa ýerinden galdy. – Dawaý, kim näme etdi, siziň bir doganyňyzy... Hany, näme etdiňiz? Söz berip yzynda durmasaňyz, bajyňyzy bir... – Ol akjaryp duran gözüni gorkunç ýagdaýda Bege ümledi – Başla! Beg elindäki bloknotyna garap oturyşyna, şu ikarada äýnegini nirede goýanyny bilmän, eli bilen etegini, soňra «saçagyň» üstüni sermenip başlady. Atanlykda öňünde duran çaýly ulrak çäýnegi täzeje türkmen halysynyň üstüne agdaryp goýberdi. – Tüf, doganyňy üwredigim... Beg ziňkildäp gitdi. – Wah... Ol öňünde duran ullakan polotensany, halyny göz-gülban edip, buglanyp ýatan gyzgyn çaýyň üstüne basdy. – Bagyşlaň. – Bol, haw, doganyňy seniň... Beýdip oturyşyňa, düşeklerimiň üstüni pohlaýaň sen... Ol äýnegini tapyp, bloknotyndaky ýazga barmagyny degirdi. – Şeýle, birinji «blok» – Sähet jan! Sähet oňa sag elini uzatdy. – Ýok, sen nokgy-nokgy edip, gep nokatlama-da özüňden, başla. Bu ýerde, sen-ä fraer bolup, öňüňde-de şesterkaň ýok. Dawaý... Çäýnekdäki çaýy dökenine-de aljyrap, heniz özüni ýagşy ele alybam bilmedik Beg: – Dogry aýdýaň, požaluýsta – diýse-de, aýdara söz tapmady. Bu sowala ol düýbünden taýýar däldi. Onuň üstesine-de, bu ganojagyň öz üstünden düşüp oturmagy onuň haýýatyny uçurdy. Ol oýlanyp başlady. Özüni gyssady. – Siz merkez hökmünde şu wagta çenli näme iş bitirdiňiz? «Merkez» sözi onuň dünýäsinde birden çalaja yşgalaň döretdi. Ol hetjikläp başlady. – Hawa, bizi «merkez» bellediňiz, şeýle dälmi? Biz «merkezden» hereket etmelidik, hereketem etdik. Hawa. – Ol özüni birneme dürsedi. Indi esasy ýapyşalga eline ildi. Ol şondan mäkäm tutdy-da, arkaýyn gürläp ugrady. – Biz esasan, «ýaşuly» bilen gatnaşykda bolduk. Ýaşuly bilen «bloklaryň» bitiräýjek işini ölçerip-dökdük. «Ýaşuly» gaty nadyl bolýar. «Uly güýç elimizde, ulanyp bilemzok» diýýär. – Onsoň? – Onsoň, biz esasan «Dikmäni» kontrollyga aldyk. Onuň işe näçede gelip, näçede gidýänine çenli, her sagatda däl, her minutda näme iş edýär, kimi kabul edýär, kime näme hat iberýär, näme kagyza gol çekýär, ýanyna kimler girip çykýar, olar näme gürrüň edýärler – barysyna kontrollyk edýäris. Dažy, çaý içýän suwy-da biziň elimizde. Ondan başga «ýaşulynyň» tabşyryklaryny «bloklara» ýetirýäs. Diňe meniň özüm alty blogyň ýolbaşçysy bilen gürleşdim. Şu günki duşuşygy men guradym. Ýene näme iş bolsa, aýdybermeli... «Ýenjik» ýene-de Bege elini uzatdy. – Belle! Üç ýüz maşyn ele salyndy. Dört ýüz öý uruldy. Respublika boýunça müňe golaý täze baýan adama «elli müňden getirmeseň, janyň jähenneme gider» diýildi. On bäş topar. – Ol gapa tarap gygyrdy. – Eý, «jüwlik», gel bäri, – «Çigem» al-da gel. – «Jüwlik» diýilýän şilliň pyýada boýuny ölçedýän ýaly bolup, «Ýenjigiň» garşysyna geçdi. – Näçe banda diýdiň? – On iki, ýok, on dört! – Ine, on dört banda-da ot gorsaýar. «Gyjagymyzyň» sesini eýýäm eşidip başlansyňyz. Ogurlanan gyzlar barada-da uly dowul turuzdyk... Şanazar Beg bloknotyna garady. – Ikinji «blok» bilen gürleşdim. Ol «menden arkaýyn boluň, gürleşişimiz ýaly bolar» diýdi. «Gijräk Sähediň ýanyna özüm bararyn» diýdi. Hiç kimden ses çykmady. – Hany, indi üçünji blok. – Ol Ak-Jumanyň ýüzüne garady. – Hany, Ak... Ak-Juma özüni hondan bärsi tutup, bloknotyna pitikledi. – Okaýynmy ýa-da şeýle aýdybereýinmi? Plan-a düzülendir... Onuň öz öýünde hondan bärsiligi, gürrüňi çagaladyp oturaýmagynyň mümkinligi neşesi öňem alakeýp edilen «Ýenjigiň» jebegesini darykdyrdy. – Bolsanaý, seniň bir. Kemçin heleý ýaly, buruljyrap oturma-da – diýip, jabjynyp goýberdi. Ak-Juma nämedir bir zat diýjek boldy-da, gözlerini bakraltdy. – Bolaweri – diýip, oňa çenli Begem «Ýenjigi» goldan bolup, ony gyssady. – Wagt gidip barýar. Diňlenmeli adam kän. – Biz kän iş etdik – diýip, Ak-Juma gözüni gyrp-gyrp edip töweregine seretdi. – Moskwadan başlaýyn: «Moskowskiýe nowosti» gazetinde «Dikmäniň» külüni çykarýan iki makalam ýatyr. Merkezi telewideniýe sesimi ýazyp alyp galdy. Aşgabada «Azatlyk» radiosynyň ýolbaşçysyk Nazar-Muhammet geldi. Şondan on dokuz ýazyjynyň sesini ýazyp iberdim. Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň täze ýolbaşçylary bilen ýazyjylaryň gurultaýyndan çykyp gaýdanlaryň arasynda uly dawany guradyk. Ol gyrlyşyga baryp ýetäýmegi mümkin, «Edebiýat we sungat» gazeti ýazyjylary bölmek, öjükdirmek üçin uly işleri edýär. «Sowet edebiýaty» žurnalynyň kollektiwi «Dikmä» hem-de Ýazyjylar soýuzyna garşy berk göreşe girdi. Häzir «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaktorynyň elinde bäş müňe golaý student bar. Ol elini çala salgasa, şol studentler köçä çykýar. «Sowet edebiýaty» žurnalynyň baş redaktoram «köp adamymyz bar diýdi. Mundan başga-da «Agzybirligiň» iki ýygnanyşygyny geçirdik. Nesip bolsa, indiki aýdan ähli döredijilik soýuzlarynyň birleşen plenumyny geçireris. Onuň temasy «häzirki döwürde «Agzybirlik» saklamak» bolar, düşündiňizmi? Biziň guramamyzy nädip saklamaly. Emma bu syry plenuma çenli açmarys. Plenumda ähli güýç «Dikmä» garşy guralar. «Dikmäni» abraýdan düşürmeli. Häzirem, türmede ýatan Şirli şahyryň goşgularyny magnit lentasyna ýazyp, müň ekzemplýar köpeldip, bazarlarda satyp ýörler. Studentler köçä çykmaga şu günem taýýar. Radioda, telewideniýede, juda kynam bolsa, çykyş edýäris. Indi, şol aýgytlaýjy gün Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda şahyrlaryň, ýazyjylaryň onusy, žurnalistleriň onusy, hudožnikler, kino işgärleri «Ýok bolsun Prezident!» diýip çykyş eder. Şolaryň ählisi bilen gürleşildi. Üç şahyr «Dikmäni» masgaralaýjy güýçli goşgy düzdi. Ine, gysgaça şular. Şol gün daşary ýurtlaryň, Moskwanyň, Pribaltikanyň habarçylarynyň uly topary Aşgabada geler. Aý, uly goh turzarys-laý. «Ýaş hyjuw» gazetiniň redaktory söz berlerine-de garaşmady. – «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktorynda bäş müň adam bolsa, meniň elimde ýüz müň adam bar. Ol gazet diňe ýazyjylary öjükdirýär. Biz ähli demokratik güýçleri goldap, tutuş halky döwlete garşy aýaga galdyrjak bolýarys. – Bolýar – diýip, Beg Karun aga seretdi. – Bäşinji blok – Karun aga! Karun aga syrylgy başyndaky çürrüje tahýasyny ileri-gaýra süýşürdi. Soň inçejik ses bilen assaja gürledi. – Bizem, näme, ähli zatlar-a ýygnap bilemzok. «Entek dükanlarda birlän-ikilän haryd-a ýok diýjek däl. Her dürli gürrüňler bolsa ýaýrap dur. «Prezident «eý» diýdiler, ol «beý» diýdiler gürrüň-ä köpeltdik. Bazaryň bahasyny üç esse galdyrdyk, bazalaryň köp harydy öýlere geçirildi. Galanam, boluberer kem-kemden... Beg Karun agany birneme gyssady: – Karun aga, köp zat saňa bagly. Bog, eşitdiňmi, ähli zady bog. Ilat aç galyp elewresiň. Bormy?! Bir döwüm çörek üçin gyrlyşsynlar, bormy! – Bolýar-eý. Ýomutjaýew Şanazar Begözüne garandan, başyny atyp ugrady. – Bäş ýygnak geçirdik, bäş ýygnak! Baý, goh turýandyr-a. – Ol oturany bilenem kanagat etmedi. – Ýerinden turdy. – Sokurow bilen Teşäýewany Pyryzdentiň üstüne iberdim. Döşleri doly orden-mydal. Mundan bardyk diýdi. Bilseňiz Teşäýewa otuzynjy ýyllaryň komanysty. Zähmet weterany, partiýa meterany Sokuruk uruş, inwalyt. Gaýduwsyz. Stalynyň nesli. «Za Ystalyn» diýip purontda ataka giden. Şol meteranlary ýörite iberdim. Olaram barypdyrlar... – Ýomutja aga – diýip, Beg onuň sözüni kesdi. – Sen altynjy «blok» dälmi? – Altynjy «blok» bolmaly. Öň-ä şeýledi. Dur hany, Ýazgymam-a bolmaly. Beg howlukdy: – Gerek däl, bolýar, düşnükli! Emma Ýomutjaýew henizem dik durdy. Ol elini galdyryp, özelenip başlady: – Men, men bar-a, ýekeje zat aýdaýyn. Ýekeje zat... – Aýt. – Ýene bir ýazywjy meteranymyz Meskewe sentralny gazete makala çykardy. Getirip, özem okatdy. Şonda-da «Türkmenistan partiýa kamytetiniň sikasynyň köşgüni dänim, samawolny özüne priswoit etdi diýip dänim ýazdy. Bolupmy? – Oňarypdyr. – Adynam aýdaýynmy? – Gerek däl, gazetde çykan bolsa okarys. Sag bol, Oturaý! Beg uniwersitetde studentlere leksiýa berende bir ugra kyrk bäş minut gepläp ýagşy öwrenen adamyň ýene-de bir gep taparyndan gorkup, Ýaşuzakowa garşy gözüni ümledi. – Ýedinji blok, sen ýaman arkaýyn otyrsyň-a. Duşuşygy gördüňmi, duşuşygy. «Ýaşuly» senden bynjalyk bolýar-a. Ýagdaýlaryň neneň? Ýaşuzakow agyr göwresiniň, jugurdap duran garnynyň garbanara bir zat diläp oturyşyna çydaman, öňündäki tarelkadaky bidäne kişmişden bir gysymyny ýaňy agzyna salypdy. Ol Begiň birden üstünden düşerine garaşmandy. Ähli adamyň nazary özüne tarap sowlansoň, olara «bul-a symyşlap oturan eken-ow» diýdirmejek bolup, ýüzüni gök dalak edip, dirije kişmişleri şol durşuna ýuwdup goýberdi. Soňam: – Aý, bolubersin – diýip, arkaýynsyrap aýtdy. – Näme bolubersin! – Duşuşyk bolubersin. Biz eýýäm etjegimizi etdik. – Näme etdik? Hany düşünikliräk aýd-a. – Ýaşuzakow aljyraňňylygyny gizläp bilmedi. – Aýtdym-a näme edenimizi. Wuzlara bardyk. Baran ýerimizde ýaşlar bilen gowy gürrüňler geçirdik. –Nähili gürrüň? – «Adalatsyz – diýdik. Şirli şahyry basdyrdy – diýdik. Ýaşlara üns berlenok, ýaşlar depelenýä» diýdik. «Agzybirligiň» oglanlary-da gürleşdi. Şirli şahyryň goşgularyny magnitofonda diňletdik. – Onyň bolanok –diýip, Beg «doňzy batgada bas» diýlenini edip, Ýaşuzakowy: «Şu-ha maňa jabjynyp durmaz-la» diýen pikir bilen aljyraňňyka ony çeýnedi. – Seniň ol diýenleriňi şu günki duşuşyk şemalyň ugruna üfläp goýberdi. Täzeden başlaň, özem, «alma biş, agzyma düş» diýişleri ýaly, haçan «taýýar aş öňümize gelerkä» diýip oturman, birneme janlanjak boluň... Şanazar Beg beýleki bloklaryň ýolbaşçylary bilenem janlyja gepleşdi. Etmeli işleriň aýyny, gününi anyklady. Ol häzirem öz maşynynda, bahardan hem öňe düşüp, ýarygijäni parran böwsüp ösýän sergin, mylaýym şemala keýp edip hiňlenip gelýärdi. – Walla, ýegen, näme diýseňem, şu haramzada Sähet «ýenjik» zor-ow, zor. Ol-ow, adam başyna ýigrimi müň manady zyňyp goýberd-ä. Häzir ýigrimi müň manada iki sany maşyn alyp bolýar... – Millionlap girende, iki ýüz müň manadyň näme onuň ýanynda – diýip, Aýlam jübüsinde pökgerip duran puluň üstünde goýan elini yzyna çekip bilmän durşuna, begençli aýtdy. – Ýöne, daýy, biziň herimize häzir ýüz müň manat berseňem az-a. – Dogry. – Biz, «dekabristler» ýaly, ömrümizi goýup işleýäris-ä. Leniniň doganyny nätdiler, bilýäň-ä. Bizem biläýseler, eýgilige ulaşdyrmazlar, şeýle dälmi?! Şanazar Begiň sarymtyl, öňden gelýän maşynlaryň yşygy düşende ýympyk ak öwüsýän ýüzi, indi her yşyk düşende, gök, gyrmyzy öwsüp ugrady. – Agzyňy haýyr aç! – Ol agyr myşlady. – Wapşe-de, ýegen, sen dogry aýdýaň. Biz açyk ýürekden, dilimize gelen sözi samrap ýörüs. Kim bilýär, bularyň içinde möýi barmy, içýany barmy?! Ol ýene-de ýola, rula güýmenen boldy. Soň başga hörpden gopdy. – «Aý, haramzada, şu sapar-a jomartlyk etdi. Sen diýýäň «azrak berdi» diýip. Ýöne oňa-da sag bolsun. «Ýaşulynyň» näçe pulunyň bardygyny bilýäňmi?.. – Ýok. – Tutuş Türkmenistanyňy satyn alar ýaly puly diňe Arap emiratlaram berendir şoňa. Özem dollardan. Ýöne, swoliç, gaty gysyk. «Rewolýusiýa ediň, soň dökerin puly...» diýýä. Aýly gepi ýene-de Döwletbaşa eltdi. – «Dikmede» barmyka, birneme?.. – Kakoý tam, ol doga gedaý-a, özüne berlen sagat-pagadam ile paýlaýar. Pully, baýlykly adam bolsa, ilem sylardy şony. Ol birden içini tutdy. – Ýegen, sen-aýt, meni uly bükgüldä goýduň-aý. – Näme üçin? – «Birden biläýseler» diýip. Tüweleme, sen ýaşam bolsaň, akyllam. Men däli öküz ýaly bolup, eňip ýörşüme, şony oýlanmandyryn-da. Aýly gürrüňi çuňlaşdyrjak boldy: – Üsti açylmagy gaty mümkin-ä?! Beg ony ugruna kowdy. – Mümkin dagy diýme. Açylar, wah. – Ol ýene böwrüni tutdy. – Ýegen! – Ol agyr oýa batana meňzejek bolup, gaşlaryny gabaklarynyň üstüne eňterdi. – Bir maslahat edeli, bor diý. – Bor, daýy. Begiň sesi dabaraly çykdy: – Häli «suw» diýdiň, ýadyňdamy? – Ýadymda. – Şony «rewolýusiýanyň açary» edip ulanaýsak, neneň bolar? «Birinji wariant!» diýäkgetdin-ä?! – Nädip? Beg üsgürinjirän boldy. – Gorkma, diňle. – Ol ýegeniniň ýüzüne garady. – Sen ýene-de ol gyzyň ýanyna barýaň. Şol suwa bir «Tabletkajyk» atýaň-da gaýdyberýäň. –Ýok, daýy. – Aýly örän kesgin jogap berdi. Emma daýysam ony sypdyrmady. – Sen, ýegen, entejik «ýok» diýme. Entejik diňle. – Ol gürrüňi daşdan aýlady. – Sen pikir etme bu iş diňe «ýaşuly» bilen Şanazar Begiň işidir öýdüp. Ýok, biziň arkamyz güýçli. Daşary ýurt razwedkasy bu iş üçin milliardlap pul goýberdi. Döwlet agdarylyşygy üçin biz millionlap pul harçlap ýörüs-ä. Ýene-de harçlarys. Eger şol işi sen, ýeke özüň etseň, şol milliardlaryň üçden biri seniňki bolar. – Ýok, ýok. – Dur, howlukma, daşary ýurduň nähili maşyny gerek diýseň, işigiňde hatarlanar. Aýly bir depen ýerini depdi. – Diňle. Tä ölýänçäň, bal iýip, ýüpek geýersiň. Özüňem telewideniýe we radio komitetiniň başlygy borsyň. Döwletiň iň sylagly adamy bolarsyň... Nämüçindir, Aýly bu sapar sesini çykarmady. Begiň ýene-de bir uly zady wada beresi geldi. Emma ýigidiň başga bir gyzygaýjak zadyny tapmady. – Isleseň, sekretar SK-a bolarsyň. – Ol-a däl. Men žurnalist, ýaňky diýeniň maňa gowy ýaraýar. – Gowy ýarasa, al bäşi! Aýly elini daýysynyň uzyndan gödeňsi barmaklarynyň arasyna goýdy. – Onda, gepleşdik. Ertir irden men saňa bir kapsul berýän. Şony diýýän suw gabyňa, edip bolsa, elektrik çäýnege at. – Çaý demlenýäne atsa näme? Beg gorkdy: – Ýok, ol gaty güýçli zäher. Çäýnekde duýulmagy mümkin. Aýly tolgunyp gürledi: – Men, men ony haçan... – Ertir. Ýekeje minidem garaşmaly däl, düşündiňmi? Meniň göwnüme indi her zatlar gelip başlady. Häzir işigimde «Dikmäniň» adamlary duran bolsa, kim bilýär. – Ol titräp başlan barmaklaryny bloknotly jübüsine sokdy-da, barmaklarynyň ujy bilen bloknoty çekip çykardy. Ony bir eli bilen dişine saldy. Beýleki eli bilenem maşynyň roluny saklap durşuna, tüýdüm-tüýdüp edip, maşynyň aýnasyndan şemala berdi. Aýly daýysynyň başagaý bolup oturmasynyň soňuna çenli garaşyp ep-esli oturdy-da birdenem: – Daýy! – diýip goýberdi. Beg ziňk edip ýegenine garady. – Seniň ol işiňi boýun aldym. – Berekella, ýegen, yzyny gaýgy etme. – Senem maňa bir hakykaty aýt. – Ol daýysy ýagşy eşider ýaly, ýüzüni onuň gulagyna tarap öwürdi. – Näme üçin «Dikmäni» beýle ýigrenýärler, ýöne, dogryňy aýt. Ol il-gün diýip, özüni oda urup ýör. Indiki mundan gowy boljakmy? Şanazar Beg gözüni ýoldan aýyrman, perwaýsyz: – Kän duşman gazandy-da – diýip goýberdi. – Diňe «kän duşman gazandy» diýip, ony ýok etmek ýa-da döwleti elinden alyp bolmaz-a. Özüňem «işlänoklar» diýip, işgärleriňi gyran-jyrana salýaň-a. Beg ýüzüni şindem öwürmedi. – Ol demokratiýany bogýar. Diýýän sözi köp-de, bitirýän goşy ýok. Aýly daýysy görmese-de, başyny ýaýkady. – Ýok, daýy, meniň çakym çak bolup, şol diýýän adamym «ýaşuly» bolýan bolsa, ol «Dikmäniň» basyp giden yzyça-da iş bitirip bilmez. Sen dogry gepiňi aýt. Soň özüňem «ýegen, seniňki dogry eken» diýersiň... – Şol Türkmenistan üçin näme etd-äý? – diýip, Beg gaharlanyp başlady. – Gümüne gitsin. Il «erbet» diýýämi, senem «erbet» diýiber. Il «gerek däl» diýýämi, senem şeý diý. Şonda hor bolmarsyň. Aýly ynjalmady. – Ol diýýäniň dogry, daýy. Ýöne bu diýýänleriňiz ownuk-uşak bolýar. Men saňa wepalydyryn. Agzyma-da bekdirin. Ölsemem, menden gep çykmaz. Ýöne, näme üçin ölüme gidýäniňi bilmel-ä. Şeýle dälmi? Şanazar Beg sesini çykarmady. Soň welin az-kem badyny gowşadyp, ýegenine garady. Ýöne şonda-da öz pynhan niýetini gizledi. – Hakykaty bilesiň gelse, ýegen, diňle. Ýöne agzyňa bek bol. Bu işleriň aňyrsynda daşary ýurduň razwedkasy dur. Olara «Dikme» däl-de, «ýaşuly» gerek. Sebäbi «ýaşuly» öň şolaryň ýumşuna ýaran. Şolar ony gowy görýärler. Türkmenistan ýerleşişi boýunça-da, ýerasty, ýerüsti baýlygy boýunça-da dünýäniň möhüm obektleriniň biri. Oňa-da NATO-nyň hem, araplaryň hem öz «dikmesini» goýasy gelýär. Häzirki dikme olara ýaramaýar. – Näme üçin ahyryn? – Nämüçini şol, ol orslaryň terbiýesini alan. Ýaşlygynda Leningradda okan. Ors gyzyna öýlenen. Çagalary ors. Terbiýesi orsuňky. Kommunist, partiýanyň ogly. Merkezi komitetiň birinjisi boldy. Aslynda, seni güjükligiňe kim dalasa, sen şonuň gulusyň. Ol «Dikmäni» orslar güjükligine dalandyr, emma biziň «Ýaşulymyzy» güjükligine araplar bilen amerikanlar dalandyr. Indi olara orsa wepaly dikme derkar däl. Düşündiňmi? Aýly ýene-de sadalyga salan boldy. – Ikisem-ä bir «dikme» boljak bolsa, öňki duruberse bolmaýarmy? Şanazar Beg maşynyň gapdal aýnasyndan daşary tüýkürip goýberdi. – Indi orsuňda çörek ýok. Amerika, araplar «kommunizmde» ýaşaýar. Özem olaryň çyny. Alarlaram, agdaryp urup, öz «dikmelerini» dikerlerem. – Onda munça halky azara goýup, öjükdirip, gan çaýkamak nämä gerek? Alybersin özleri... – Ýo-ok, ýegen. Olar iki aga-da gulluk etmäge endik eden. Özleri goşulmaz. Eli bilen ot gorsara samsyk, paňkelle türkmen gytmy?! Ine, bar-a, Şirli şahyr diýdi, Ak-Juma diýdi, pul berseň, enesiniň ýelnini kesip getirjekler. – Sen, men näme? Beg agyr ýuwdundy. – Biz näme, şolardan gowumy? «Poha batsaň, boýuň bilen» diýipdirler. Bir saý-sebäp bilen poha batdyk. Indem «akja jüýje» bolup gyra çykmaga-da giç. Onsoňam, seni hälki, göwreli heleý ýaly çäşerilip ýatan nigodýaýa tabşyrsalar, ol öýüňi otlamagam eşekden palan alança görenog-a. Birsalym olaryň ikisindenem ses-selem çykmady. Ahyry Beg dillendi: – Indi giç-haw, ýegen jan. Başa gelenini görübermeli. Ol ýeňse, onuň tarapynda bolarys, ol galsa, onuň tarapynda. Bizem ýaşamal-a, dogry dälmi? Ýöne, ýaňky tabşyrygy bitiräýseň, ömürbaky ýalkanarsyň... Maşyn şähere bakan gyssanman aýlananda, sagat gije bir bolup barýardy. _____________________________________ [1] Nedir şa ölmezinden birnäçe ýyl öň Çärjewe, Hywa çozuş edýär. Şonda Hywa tarap geçende-de, Hywany boýun egdirip yzyna geçende-de Durun galasynda düşläp geçýär | |
|
√ Duman daganda: Söz bilen işiň arasynda dag ýatyr - 05.06.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat gyzyl almadyr, suw düýbünde gizleseňem iru-giç böküp çykar - 23.06.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -34: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Duman daganda: Peýdasyz perişde kime derkar!? - 10.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |