9.
Guljan aga henizem ýatanokdy. Morta mollanyň getiren habary onuň öňki derdiniň üstüne dert goýdy. Ýogsa Döwletbaşynyň ýaşlar bilen duşuşyp, şonda aýdan sözlerine öz ýanyndan buýsanyp otyrdy.
Ol bu günem Aşgabada gidipdi. Emma oňa ogly Prezident bilen duşuşyga gitdi diýdiler. Ýaşuly ogluna öwüt-ündew berip ýören adamam däldi. Ýöne arada öýe baranda:
– Atam, sen bikemal ogul dälsiň. Eliň-aýagyň bilen Döwletbaşyny goldagyn. Ejizler öz gününi görer, ýöne şol ejizlere arka durjak güýçlä-de goldaw gerekdir. Ol iliň sütüni bolsa, sen onuň söýesi bolgun – diýip tabşyrypdy. Häzirem oglunyň Döwletbaşy bilen duşuşýanyna iki bolup bilmedi. Asyl, şol duşuşykdan teleberlişde öz oglunam gördi.
Ol Aşgabatda barara gapy, görere adam tapman, yzyna gaýtdy.
–Sen ýene-de bir hyýal-a münüpsiň – diýip, Nursadap ýeňňe ol ýüzüni sallap şäherden gelende, adamsyny gepletjek bolup aýtdy.
– Düne gapyşdy – diýip, Guljan aga ýüzüni torsardyp, öňüne getirilip goýlan çaýa-da garaman, gaharly gürledi. – Bary sürrenekleşip gidipdir.
– Kim gerekdi?
– Şäheriň ketdesi gerek?
– Weý, eýgilikmi? – diýip, aýaly ýaşulyny ilkinji sapar görýän ýaly, geň galyp sorady. – Öz yraýkomymyz bar-a. Sen indi şähere gitmäniňde, ýa...
– Şol yraýkomyň gurasyn. Bar zady bulaşdyryp ýören seniň şol yraýkomyň-a.
Nursadap ýeňňe ýylgyrdy:
– Goýaweri, çal. Öz körpe ogluňa «gursun» diýip durma. «Toba» diý, «gaýtmyşym» diý. Hany, dök etegiňdäki daşy.
– Bularmy? – diýip, Guljan aga çyny bilen gaharlandy. «Gursun» diýmez ýaly däl, keýwany. «Köneürgençde ýaşulularyň maslahaty bar, gidip bilermiň?» diýip, menden soradylar. Menem ilk-ä «hä» diýmedim. Soňam hudaýtagala köňlüme bir ýagşy niýet saldy. «Giderin» diýdim. Bor, onda «şaýyňy tutuber» diýdiler. Emma seniň ol girrigiň meniň adymy çyzýamyşyn. Olar-a eltýäler, olam çyzyp durmuş. Onsoň ýanyna bardym.
– Aý, kaka, «ogly kakasyny iberipdir» diýmesinler-le. Soň ejem ikijigiňizi özüm bileje ýadygärliklere aýlamaga elin äkideýin diýýär, dogman geçen.
– Wa – diýip, Nursadap ýeňňe hezil edip güldi.
– Çagam oňarypdyr-da, tüýs bolaýypdyr.
Ýaşulynyň bolmajysy boldy.
– Sen, heleý, çagalaryňa ters akyl berip, ters görelde görkezip, indem meniň garşymda «oňarypdyr» diýen bolup hekgerýäňmi? Indi men-ä Mortaça-da bolmadym? Şol kelpeň gitmeli-de, men gitmeli dälmi. Akmak ol.
Nursadap ýeňňe hem ondan galmady:
– Wiý, çagajygyň hakyňdan çykypdyr.
– Hakymdan çykmaz!
– «Hakykat işinde, adalat işinde ataňam bolsa sylamagyn» diýip öwreden özüň-ä. Indi näme öz akylyň tersine gidýäň? Indi ogluň seniň beren akylyňa gitse, ol akmak boldumy? Dogry aýdypdyr, goý, beýlekiler gitsin, seniň näme işiň bar? «Öz kakasyny iberipdir» diýip, ilki aýtjagyň, dostuňam bolsa, Morta molladyr.
Ýaşulynyň sesiniň bady az-kem gowşasa-da, hörpi aşaklamandy.
– «Molla» diýme, şoňa. Ol meniň dostumam däl. – Guljan aga bir salym ýüzüni sallady-da, indi gaharly hüňürdäp başlady. – Men giderin. Ýöne, Aşgabadyň başlyklarynyň bary ýok bolup gidipdir. Men, barybir, giderin, juda bolmasa, öz pensie puluma giderin. – Ol aýalyna alaryldy. – Siz entejik, ogluň ikiňiz Guljany tanaňzok.
Nursadap ýeňňe indi ony hoşamaýlap başlady.
– Entek, duraweri, sabyr et, şol geňeşe gidýän göç geçip baranog-a. Nesiplisi bardyr-a. Çaýyňy-çöregiňi bir iý. Galanynam hudaý oňarar.
Ýaşuly küpür gepläp, gazaba münüp oturanyny indi duýdy. Çykyp, el-ýüzüni ýuwup, çaýyny öňüne aldy. Bir käse çaý içensoňam, çyg gelip, açyldy.
– Wah, men, «Köneürgenje barsam, maňa sylag-serpaý ederler. Töre geçirip, öňümde dürli nygmat goýarlar. Ýadygärlikleri synlap hezil görerin» diýip gitjek bolamok. Men üç ýüz altmyş piriň bir sargydy bar. Şony halka aýtmaly. Düşünýäňizmi? Men şol sargydy halka aýtmasam, halk ony tutmasa, onuň yzynyň haýhady bar!
Ýaşuly soň sesini çykarmady. Arada oraşan gören bir düýşi indi düýş däl-de, oýalykda bolup geçen waka kimin onuň aňyny ýagtyldýardy.
...Ol şol sapar Morta mollanyň beren gürrüňine gahar edip, giç ýatypdy. Daňa golaý bolsa ony kimdir biri yralap turzupdy.
– Hany, tur, namazyň gijä galýar. – Ol gözüni açsa, bir nätanyş kişi, sellesiniň astyndaky saçy boýnuny ýapyp duran ýigit üstüne abanyp dur. Ol tisginip gitdi.
– Näme?
– Turuň, geldiler!
– Kim geldi?
– Üç ýüz altmyş öwlüýäler!
Ol «Weý, bu nähili bolýar-aý, ýaňkyň samraýan zady näme?» diýip ýerinden turup kyblasyna garasa, ak guş ýaly bolup, üç ýüz altmyş adam namaza dur.
«Baý-buw, meniň täretimem ýok. Nädip dursamkam» diýip oýlanýança ol «ak guşlar» namaz okap boldular-da, juda nurana gözlerinden sahawat ýagşylygy dökülip duran gojanyň yzynda durdular. Şol goja ýuwaşja ýöräp, ýaşulynyň alnyna geldi.
– Köşek, gurgunmyň?
– Şükür!
– Geňeşiňiz mübärek bolsun! Patyşa oglumyz biziň huzurymyzda bir geňeş kylmagy müwessa bilipdir. Enşalla, oňuna bolar. Bize Ak işan öwlatlary habar berdiler. Ahyr soňunda hak Tagalla türkmeni indi ýalkandyr. Ol oglan öliniň-diriniň başynyň täjidir. Ol hiç gypynç etmesin. «Tüf» diýen tüýküligi ýere düşmez. Alny, bagty açykdyr...
Şol ýaşuly sözledigiçe eräp barýardy. Ahyry ol hasasy bilen Guljan agany dürtdi.
– Sen geňeş güni şol ogly ýene-de patyşalyga görkez. Ine, biziň islegimiz şudur. Ol külli patyşalaryň serweri bolar, omyn! – Ol adamyň yzynda ak guş ýaly bolup duran üç ýüz elli dokuz öwlüýäler hem ellerini göterip «Omyn!» diýdiler.
«Ak guşlaryň» serweri ony hasasy bilen ýene-de dürtdi.
– Namaza gijä galyşyň ýaly, oňa-da gijä galaýmagyn! Ol serwer iň soňky sözüniň içine eräp gitdi.
Guljan aga hälki ýigidiň syýyndan ýapyşdy.
– Kim, ol goja!
– Ol üç ýüz altmyş öwlüýäniň serweri hoja Garaalaw pirdir.
– Ýanyndakylar?..
– Olar hakyň nuruna miýesser bolan üç ýüz altmyş öwlüýälerdir. Hoş. «Omyn!»
– Sen kim?
Ol tisginip oýandy-da:
– Sen kim? – diýip, otagy ýaňlandyryp gygyrdy.
– Waý-eý – diýip, Nursadap ýeňňe baryp çyrany ýakdy. – Çagalaryň atasy! – Ol Guljan agaň oýa batyp oturanyny görübem ynjaldy. – Näme, basyrgandyňmy?
– Ýok-la, basyrganma näme, oraşan gördüm-le.
Aýaly aňk-taňk boldy:
– Kimi?
– Aý, hiç! «Namaza gijä galyşyň ýaly, muňa-da gijä galaýma» diýdiler. – Birden törde duran sagada onuň gözi düşdi. – Bu-uw, edeniň bar bolsun. Namaz geçipdir-ä...
Guljan aga oýundan tisginip açyldy-da, sagada garady.
– Bu-uw, edeniň bar bolsun, öýläm geçip barýar-a – diýip ýerinden galdy.
Nursadap ýeňňe adamsynyň näme hyýala münenini bilmese-de, juda binjalyk bolup ýörmesini halamady. «Adam öljek bolanda-da bir aljyrap, juda ynjalykdan gaçýarmyş», şonuň üçin: «Bu näm-aý, ötüp-geçip barýan ýaly, ylgaşlap ýör-ä. Ýalançyny tutaýaryn diýýärmikä» diýýärler. Adamyň ýaradylyşy täsinmişin. Ol dünýä gelende eli açyk bolýarmyş. Çagajyk ene süýdüni emip, dünýäniň tagamyny dadandan soň: «Dünýä meniňki» diýip, elini şeýle bir ýumarmyşyn welin, dyrnagy etinden geçermişin. Onsoň şony açmak ejesine iş bolarmyşyn. Adam ýaşap-ýaşap, ahyrsoňy bu dünýäden gitmeli bolanda-da «bu dünýe meniňkidir. Men henizem az ýygnadym, şuny köpräk edip bolmazmyka? Men köp zada ýetişmedim, şony bitirip bolmazmyka» diýip hars urup ýörşüne-de, ýykylyp amanadyny tabşyrarmyşyn...
Nursadap ýeňňäniň ýadyna ýene bir tymsal düşdi.
...Dünýä azm urup, onuň ep-esli bölegini alan Isgender patyşanyňajal peýmanasy dolupdyr. Ol özüniň serkerdeleriniň birini ýanyna çagyryp:
– Ýanyňyza müň janpena, müň tebip, müň ahun alyň-da, tabydymy ejemiň alnyna alyp gidiň. Ýöne bir elimi tabytdan çykaryp goýuň. Il sorasa-da: «Isgender patyşa dünýäniň baýlygyna eýe bolsa-da, görüne eli boş barýar» diýiň. Özümem gözüm ýumlan ýerde jaýlaň!» diýip, yzyny aýdyp ýetişmänkä jan berenmiş...
Şondan soň älem patyşasyny oba-oba, kent-kent gelip alyp barýarmyşlar. Her obada, her kentde-de: «Eý toba, näme üçin merhumyň elini tabytdan çykardylarka?» diýip soraýarmyşlar, olaryň ählisine-de:
– Dünýäniň baýlygyna eýe bolan Isgender patyşa görüne eli boş barýar, görüň-diýip, jogap beripdirler.
Merhumy arassa bala gaplap tabyda goýsalar-da, gün-günden ynjap barýarmyşyn. Onsoň bir aksakgal türkmen gojasy bularyň alnydan çykypdyr-da, olary saklapdyr.
– Siz bu merhumy jaýlaman, nirä alyp barýarsyňyz? – diýipdir.
Agyr tabydy götermekden halys surnugan nökerleriň ekabyrragy:
– Häkim bize «nirede gözüm ýumulsa, şol ýerde-de jaýlaň» diýdi. Şunça ýol geçdigem welin, munuň gözi ýumlanok – diýipdir.
Hälki türkmen gojasy eglip, ýerden bir gysym topragy alypdyr-da, jesediň üstüne sepipdir welin, onuň gözleri şol bada ýumlupdyr. Muňa tabydy gallap duranlar haýran galypdyrlar. Olaryň serkerdesi:
– Eý, babam, sen munuň ugruny tapdyň, indi manysynam tirip ber – diýipdir.
Türkmen aga «bor» diýen manyda başyny atypdyr.
– Ynsan dünýä inensoň, onuň gözüne maldan, didardan, dünýeden doýmak ýokdur. Häkimiňizem: «Men dünýä azm urup, onuň tas hemmesini diýen ýaly aldym. Gözüm doýmady. Hany, ölenimden soňam bir dünýä aýlaň, gözüm doýarmyka» diýen eken. Emma siz näçe aýlasaňyz hem, onuň gözleri dünýäden doýmandyr. Adamyň gözüni bir gysym toprakdan başga hiç zat doýrup bilmez, goý, ol dünýäniň özüni ýuwdaýsyn...
Merhumy şol ýerde jaýlapdyrlar. Bir ýazylganlyga çykan adamlar ýene-de hälki «makul gep» tapan türkmen gojasynyň töweregine üýşüpdirler. Hälki serkerde türkmen aga ýene-de ýüzlenipdir.
– Eý, babam, sen häkimiň bir sargydynyň manysyny tirdiň. Indi ikinjisini hem tirip ber. – diýipdir. – Häkim azaba goýup, öz tabydynyň yzyna müň sany güýçli tebibi saldy-la. Bu nämäniň alamaty? – diýipdir.
Türkmen aga känbir oýlanmandyr.
– Häkimiňiz jahana ineniňizden soň dünýä kowalaşman, jan saglygyňyzyň gadyryny biliň, ajal azy urandan soň giç bolar, ony älemiň müň sany güýçli tebibem halas edip bilmez – diýipdir.
– Onda bu janpenalar, mollalar näme?
– Janpenalaryň-a şeýle, sanalgyň dolandan soň, ajal atly pälwanyň elinden seni iň wepadar janpenalaryň hem müňüsi jemlenende-de adyp bilmez. «Alaç ýokdur ajala», onuň üçin bu dünýäde baky galaryn, dünýäni tutaryn diýmäň» diýipdir. Ol dünýäniň düýbüniň deşikdigini ýaňzydypdyr.
Türkmen aga az-kem säginipdir.
– Mollalaryň manysam, dirä hormat goýuň. Adam bir ölenden soň müň molla gije-gündiz takat kylyp, haka ýalbaranda-da, onuň didarynyň gaýdyp geljegi gümanadyr – diýipdir. – Adamyň gadyryny adam diri wagty biliň. Ol öldügi, oňa gadyr agajyny dikip, üstüne kümmet galdyranyňda-da, oňa bir şaýylyk peýdasy ýokdur...
Nursadap ýeňňe bu rowaýaty her sapar ýatlanda kalby päklenen ýaly bolýardy. Bu saparam şeýle boldy. Onuň atasyny ynjydan ogluna gahary geldi. Otagyň burçunda duran telefonyň ýanyna baryp, ogluna jaň etdi. Oglunyň ýerinde ýoklugyna-da gynandy.
– Näme göwni bar ataň. Bu güni bolsa, ertesi ýog-a. Bu adamlar indi güne däl-de, her sagadyňa myhman-a.
Adamsy namazyny okap, saçagyň başyna geçensoň, onuň öňünde ýumşajyk edilip bişirilen gutap goýdy. Nahardan soňam:
– Çagalaryň atasy, anna agşamsydyr. Gowuja doga oka, şu saçakdan umydygärleriň «alnyna barsyn» edeli. – Ol doga okalýarka «täze oglunyň» ejesi ak Sadabyň didaryna gark bolup oturyşyna:
–Şeýle goç ogly dünýä berip, özi şem ýaljak bolup giden Sadap jan, ylahym, jaýyň jennet, imanyň hemra bolsun-da. Sen menden razy bolgun, dogan! – diýip, elini ýüzüne syldy...
Romanlar