15:41 Döwletbaşy -15/ romanyñ dowamy | |
12.
Romanlar
Şanazar Beg ýegeni «iş bitirdim» diýip habar edenden soň «ýaşulynyň» edarasyna jaň etdi. – Bir möhüm waka barada maslahat bar. «Ýaşuly» oňa edara gelmegem, jaň etmegem gadagan edipdi. Olar köplenç Begiň maşynynda gürleşýärdiler. – Sen gel onda – diýip, «ýaşuly» sagadyna garady. Ýene on bäş minutdan şol öňki ýerde garaş... Şanazar Beg öňki ýerde gazyk boldy. Emma... «ýaşuly» gelmedi. On minut geçenden soň «ýaşuly» Saglygy saklaýyş ministrliginiň 4-nji uprawleniýesi tarapdan geldi-de, maşyna-da garaman, burçdaky süýşürintgiler kassasyna girdi. Beg hem onuň yzyndan kassa girdi. Olar baş atyşyp görüşdiler. – Bagyşlaň, ruçkaňyz ýokmy? – diýip, Beg «ýaşula» ýüzlendi. – Bardyr. Kassada iki sany rus zenany hyzmat edýärdi. «Ýaşuly» elinde blanka tutup, ruçkasyna garaşan bolup, Beg «hasaplaýyş» blankasynyň ýüzüne näme ýazarka diýip garaşyp otyrdy. Beg howlukmaç, ýöne düşnükli edip: «Meniň «köşkde» işleýän ýegenim «Dikmäniň» çaýyna awy goşdy. Häzir şonuň netijesi belli bolmaly. Taýýar bol!» diýip ýazdy. «Ýaşuly» tolgunmadan ýaňa garört bolan ýüzüni sypjyklatdy. – Haçan? – Çto? – diýip, kassir aýal özüne nämedir bir zat aýdylýandyr öýdüp sorady. – Ýok, ruçkam gerek! – Bärde bar ahyryn ruçka! – Ine, boldum! – diýip, Beg oňa ruçkasyny uzatdy. – Men öýde garaşýan. Şu gün irden boldy. Giç galsa, ertire çenli. Spasibo, doswidaniýa... Ol çykdy-da, maşynyna mündi. Soň hälki kagyzy tüýdüm-tüýdüm etdi-de, agzyna salyp ýagşy çeýnedi. Şondan soň ýarysyny onda, ýarysyny munda taşlady. Aýly agşama-da garaşman, günorta nahary wagty daýysynyňka geldi. Bolan wakany hetjikläp-hetjikläp gürrüň berdi. – Men-ä şol dermany gaýnap duran çäýnege atdym. Iki minutdanam Aýýa ony çäýnege demläp, içeri alyp gitdi. – Ond-a kaput! – Ol hem begenip, hem tolgunyp – Ond-a, ýegen, ol kaput – diýip, samrady. – Gel, onuň kelemesini bir çöwreli. Ol ylgap baryp, edil agşamky ýaly edip, saçak düzetdi. Ýene agşamky şakur-şukurlaryny getirdi. – Ine, agşamky habarlarda tutuş respublika jar bolar. Wah, şoňa çenli bir sabyr bereweri, alla jan!.. – Ýaşula aýtdyňmy? – Onda-da nähili aýtma! – Näme diýdi? Şanazar Beg sesini çykarmady. – Hany, ýegen, haýsyny edeli? Aýly kebşirgije barmagyny uzatdy. – Hany, bir keýpleri kebşirläli-le. Şanazar Beg güldi. – Şahyr bol-a ýegen.., Olar «Habarlara» çenli keýp çekip oturdylar. «Habarlar» olaryň bar keýpini aldy. –Bäh-ä diýip, Beg keýp çekmeden ýaňa mölerip giden gözlerini gorkuly gyrpyldatdy. – «Içeri işler ministri Moskwa işe gidýänligi sebäpli» diýdimi? Söwda bilen Taýýarlaýşam aýrypdyr. U-uf! Biziň kökümize palta urlupdyr, ýegen! «Habarlarda» «Prezidentiň tarpa-taýyn aradan çykmagy» baradaky habaryň bolmazlygy Aýlynyň hem keýpine sogan dogrady. Onuň häliden bäri çekip oturan keýpi harama çykdy. – Ol ölmedimikän-aý? Beg degirmen daşy asylana dönen ýüzüni galdyrmady. – Çaýyna şony atanyň bir çynmy? – Öwlüýä çapsyn, daýy. Ýalan sözlesem, garagym gapylsyn! Beg agyr oýlara gark bolup oturyşyna: – Belki, ertire çenli tükgerer – diýdi. – Hany, garaşaly bakaly. Telefon jyňňyrdady. Beg«Ýaşulynyň» hökman jaň etjegini bilýärdi. Ol trubkany göwünsiz göterdi. – «Ýaşuly», salawmaleýkim. Haw-waý, bizem «toýa» garaşyp otyrys. Hudaý bizlik bolsa, ertir bolmagam mümkin. Ertire bir garaşaly. – Ol trubka diň saldy. – Men düşündim. «Goňşular» göçüp başlady. Aý, bek öwrenişipdik. Ylaýta-da beýleki şähere göçene aýalymam aglady. Toýumyz, ýasymyz goşukdy-da. – Ol ýene trubka diň saldy. – Bolýar. Toýuň geňeşi gutarman, onda bäri gelem etmeris. «Geňeşem» indi golaýlady-la. Bor, sag bol. Ol trubkany goýdy-da, agzyny öweldip oturan ýegenine derdini aýtdy. – «Ýaşuly» ýaman gorkupdyr. «Bloklara» aýt, Köneürgençdäki maslahata çenli başlaryny galdyrmasynlar» diýýär. Ýegen, seni öýüňe eltip geleýin-de, men olar bilen gepleşeýin. Sen «meni öýden kowýar-a» diýme. Dogrusy, men öýde adam bolsa, işläp bilemok. Aýly tasanjyrap, öýkeli ýagdaýda çykyp gitdi. | |
|
√ Janserek -11: romanyñ dowamy - 04.05.2024 |
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -11: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Dirilik suwy -25: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |