15:46 Döwletbaşy -16/ romanyñ dowamy | |
13.
Romanlar
Baharyň sergin şemaly Wasyň ýagşylygyň ruhy çogup duran sähralaryndan bir mähribanlygy juda aýawlylyk bilen alyp gelip, Köneürgenjiň gapdalyndaky ullakan bagyň içindäki han tagty kimin owadan sekilerde döwre gurap oturan adamlaryň köňlüne guýup durdy. Hatarlanylyp, üstüne heniz adam dabany degmedik gülgüne halylar düşelen şol sekileriň üstünde oturan adamlaryň ýüzünden ýagşylygyň boz bulagy akýardy. Türkmenistanyň ýüzüniň tuwagyna deňelýän gojalar, ýaşuly aýallar, ýaşlar, döwlet, partiýa, komsomol işgärleri, ministrler, edaralaryň, kärhanalaryň, hojalyklaryň ýolbaşçylary, ýazyjy-şahyrlar, habarçylar, artistler, bagşylar, aý, garaz, respublikanyň güli-gunçasy, bagşy-sazandasy, mertebeli myhmanlary mesaýy gürrüňleşip, çaý içip, geňeşiň başlanaryna garaşyp otyrdylar. Guljan aganyň orny Döwletbaşynyň oturmaly belent münberiniň golaý garşysyndan düşüpdi. Gara silkme telpegi, täzeje agar çäkmeni öňem päkize ýaşulyny birhili perişdeleşdirýärdi. Ol häzir türkmen gojasyna däl-de, şol gadymy eşige giren, ýöne hä diýmän göge garşy uçup gitjek perişdä çalym edýärdi. Şonuň üçin telewideniýäniň operatorlary teledürbülerini ondan aýraslary gelenokdy. – Tüweleme, tutum-a ul-ow – diýip, ol edil gapdaljygynda oturan Atamyrat bilen Amanmyrada aýtdy. – Ine, öwrenmeli zat. Daşhowuz topragy yrsgally, bereketli diýýändirler welin, adamlary gaýratly, ynsaply bu topragyň. Gör-ä, näçe seki, näçe haly, näçe gap-gaç! Ol gazanlara gar-a, ýüz-ä bar. – Hawa-la, olaryň munça myhmany agşam kabul edişlerini diýseňe – diýip, Atamyrat aýtdy. – Bular üýtgeşik-le – diýip, Amanmyradam kakasynyň sözüne goşuldy. – Biz-ä oňaryp bilemzok şularyň edýänini... Ýaşulynyň oglundan galan öýkesi henizem synmadyk bolarly, ol birneme gyňyrrak gürledi: – Sen oňarmarsyň. Ýüregiňizde «etsem» diýen niýet ýok. «Eliňizi degrip, syrtyňyzy gaçyrýaňyz». Diýýäler-ä, «elidöwük işlär, göwni döwük işlemez» diýip. Seniň göwnüň döwük, göwnüň... Amanmyrat sesini çykarmady. Oňa derek Atamyrat gowy bahana tapdy. – Beý, Könürgenjiň minarasy bu ýerdenem görnüp dur-ow – diýdi. Guljan aga töweregine gözleýänçä, adamlar ör turup, el çarpyp başladylar. – Prezidentimiz gelýär! Döwletbaşymyz gelýär! Guljan aga sekiden düşdi-de, Döwletbaşynyň ýoluna bakan üç ädim ädip, dileg etdi. – Eý, ata-babalarymyň ruhy, eý, beýik Taňrym, şu oglanyň alny-bagtyny açyk et. Şu oglanyň köňlüne sahawat, işine rowaçlyk ber. Ýörän ýoluna ýetir, tutan işini bitir. Ömrüni uzak, mertebesini belent et! – Ol «omyn!» diýip, elini üç sapar ýüzüne syldy. Oňa çenli Döwletbaşam ýerine gelip oturdy. Ýaşuly kiçi oglunyň egnine dürtdi. – Maňa söz bersinler. Ýene-de ejeňe diýdirmeli etme. Ejeň ýokdur bu ýerde. Atamyrat mys-mys güldi. Emma Amanmyradyň gahary geldi. – Bolýa-laý, kaka, etimi çişe düzdüň-le. Diňledäýsene. – Haý, köpeý ogly. Gör, munuň tapýanyny. Döwletbaşy märeke bilen salamlaşdy. – Eziz doganlar, agalar, uýalar, eneler! Hormatly myhmanlar. Geliň, ata-babalarymyzyň mazary ýatan mukaddes toprakda, gök çaýyň başynda gowy geňeş edeliň. Biz geçen ýyl näme etdik, şu ýyl näme etmeli? Geljegi nähili gurmaly? Häzir juda kyn döwür geldi. Ýöne biziň juda uly bir baýlygymyz bar, olam agzybirlik. Şol baýlygyň bolmasa, başga bir harman-harman baýlygyň hem peýdasy ýokdur. Biziň welin ähli baýlygymyzyň başynda halklarymyzyň agzybirligi bar. Türkmen halkynyň bu mukaddes baýlygyny sabyrlylyk, asudalyk bilen berkideliň. Bize gepem, gykylyk-galmagalam derkar däl. Diňe agzybirlik gerek. Olam size bagly. Döwletbaşy halkyň aýlyk-günlüginiň ýokarlanandygyny, çöregiň, beýleki azyk önümleriniň, etiň, mesgäniň gymmatynyň başlangyç derejede saklanýandygyny aýtdy. Geçen ýyl senagatdan, oba hojalygyndan köp peýda aldyk. Şolary halkymyza bereliň. Ol aýlyk-günlükleriň ýene-de artdyrylýandygyny aýtdy. – Eziz adamlar! Men şu ýerde ilki bilen bir ýagdaýy yglan etjek! Geljek ýyldan, ýagny 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanyň halkyna suwy, gazy, elektrik energiýasyny mugt berip başlajak. Märeke hürre ördi-de, el çarpyp başlady. – Sag bol, ogul! – Alla ýalkasyn! – Ömrüň uzak bolsun! Döwletbaşy zordan köşeşen märekä baş atdy. – Eziz doganlar, halkymyz asyrlar boýy kösenme, kemsinme kemini goýmady. Indi hem hözirini göreliň. Şeýle dälmi? Razymysyňyz! Märeke ýene el çarpyp ör turdy. – Razy! – Sag boluň! – Eziz doganlar, eger makul bilseňiz, täze ýyldan aýlyklarymyzy hem ýene artdyralyň! Biziň indi birneme ýagdaýymyz bar. Beýleki ýerlerdenem hakymyzy gideremzok. Gerek enjamlary, eti, uny, mesgäni alyp durus. Ýöne, iň esasy zat bize agzybirlik gerek. Şol bolsa, galanyny, gürrüňsiz, berjaý ederis, – Görsene, ýene-de aldap başlady. «Agzybirlik! Agzybirlik!» diýen bolup, iliň gözüne çöp atjak bolýar – Guljan aga bu sözlere ziňkildäp gitdi. Ol Prezidentiň sadadan sypaýy, diýseňsada, ýürekdeş sözlerini paýhas eleginden geçirip, «berekella, ogul!» diýip, süýji hyýala gark bolup otyrdy. Bu sözler öz kiçi oglunyňkydyr öýdüp, onuň gara jany galmandy. Kalbynda Döwletbaşa bolan mähribanlygyň ýüzüne, gözüne şöhle berip duran ýagty çyrazlarynyň ornuny gahara berip ýetişmän, ogullaryna garady. Emma onuň gözi ogullarynyň gapdalynda oturan arryklaç pyýada düşdi. – Ine, ýene-de, boş ýaňrama, şundanam bir geňeş bolarmy? – Ol pyýada beýleki sekide oturanlaram eşitsin diýýän ýaly, bilgeşleýin gaty gürleýärdi. – Indi ýarym sagad-a boldy, bir özi boş gürläp otyr-a... Ýaşuly mylaýym ýylgyrdy-da, ol kişiniň gulagyna çawuş çakdy: – Inim, adyň näme diýýän? – Adym Şanazar Beg! Ýaşuly başyny atdy-da, onuň gulagyna ýene-de çawuş çakdy. – Syrtyňy ýedi ýerinden gysyp otyr. Ýogsa sylap goýmaryn... Şanazar Beg bu ýaşulyny bada-bat tanapdy. Ony Sähet «ýenjigiň» öýündäki duşuşyklaryň birinde görüpdi. « – Sen, haramzada, öň obamyzy ile metgi eden bolsaň, ony indi ile gülban etjek bolýaňmy?» diýip, «Ýenjigiň» üstüne gygyranam ýadyndady. Şonda Sähediň, onda-da respublikany ýumrugynyň içinde zagyrdadyp saklaýan Sähediň bu goja gürlände agzyna suw alan ýaly bolup, «agam, agam» diýip durşuna häzire çenli haýranlar galýardy. Ol bu gojanyň ýanyndakylary-da tanady. Biri uniwersitetiň rektorydy, beýlekisem Gäwers raýon Sowetiniň başlygydy. Iki sany abraýly adamyň bu bolgusyz garra gysmyljyrap oturmasyna-da onuň myrryhy atlandy. Ol şu adamlaryň ýanynda bu goja almytyny beresi geldi. – Goja kişi, näme agzyňy öweldip, titräp otyrsyň, agzyndan ak-guş gaçar öýdýäňmi?! Siziň ýaly aňy gidenler şony iliň depesine çykardy. Niräniň bir detdomskisi gelip, iliň öňüne çykýar. Sizem ony hudaý edinýäňiz. Ýaşuly sypaýy gürledi. – Ol hudaýymyň bize iberen wekilidir. Entek näme görýäň? Oňa men ýa-da külli türkmen däl, älem ýüzi tagzym eder, enşalla! – Aý, ýaşuly, şuna çypdyrdyň! – Aýt, agzyňy haýyr aç, ýogsa otuz ikiňi gaňryp eliňe berýän – diýip, Amanmyrat birden gazaba mündi. – Hany, ýok bol şu ýerden, tur gurrumsak. Tur diýýä-än men!.. Şanazar Beg gaşlaryny bürüşdiren bolup, oňa hyňrandy. – Seňki näm-aýt, barsan-oý... Guljan aga arslana dönüp barýan körpesine azm urdy. – Aman-myra-at! Diňläli-le! Döwletbaşy Türkmenistanyň täze Konstitusiýasynyň taslamasynyň üstünde döwnäp ugrady. – Şu Konstitusiýa biziň durmuşymyzy özgertmegiň esasy kanuny bolmaly. Bu öňki, SSSR Konstitusiýasyndan göçürme däldir. Biz dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iki ýüz ýylda bäş maddajygy üýtgedilen Konstitusiýasyny görüp, şolary ýedi ölçäp bir kesdik. Nesip bolsa, bu Konstitusiýa ýagşy günlerimiziň kanuny bolar. Ol biziň Ýokary Sowetimiziň sessiýasynda iki sapar okaldy. Ol Konstitusiýany maddama-madda okap, soň düşündirýärdi. – Ine, şu ýerde respublikanyň Prezidenti barada madda bar. Prezident diňe türkmen bolmaly. Kyrk ýaşan, akylly, paýhasly adam bolmaly. Ol altmyş ýaşdan soň Prezidentlige saýlanyp bilmez. – Ol okap oturan kagyzyny goýdy-da, äýnegini eline aldy. – Konstitusiýamyzy kabul edenimizden soň, täze Prezident saýlanmaly, ine, şunam aýdaýyn. Özem şol Prezident näçe adamyň içinden iň ynamdary, iň pähim-paýhaslysy saýlanmaly. Şu mesele barada-da oýlanyň. –Sen-ä saýlanmarsyň! – diýip, Şanazar Beg jany ýangynly hümürdedi. – Ýalançy, deý... Ýaşulynyň gapdalynda oturanlar ony gözleri bilen iýäýjek boldy. Ýaşuly körpe ogluny beýledir öýtmeýärdi. Ol, asyl, märeke bar, ýogsa bu adamy çigligine çeýnäýjek. Häzirem, ýumrugyny düwüp, dişlerini gyjyrdadyp, zordan otyrdy. – Amanmyrat! – diýip, ýaşuly ogluna haýbat atdy. – Her kim bilen deň boljak bolma, otur! Amanmyrat köşeşerli däldi. Döwletbaşy Konstitusiýanyň taslamasyny gapdala goýdy-da, halka ýüzlendi: – Eziz doganlar! Meniň ýeke özüm gürläp oturmaýyn. Indi gezek siziňki. Göwnüňizde näme bolsa aýdyň. Siziň sözüňiz, pikiriňiz, maslahatyňyz respublikanyň geljegi üçin programma bolar. Mary oblastyndan bir Goja mikrofonyň ýanyna bardy. Ol Döwletbaşa halky agzybir saklany üçin, köp-köp minnetdarlyk bildirdi. – Hormatly Prezidentimiz, öňki aladaň üçin hem, ýaňky yglan eden aladalaryň üçin hem seni taňry ýalkasyn! Ýöne, sen, gaýrat et-de, tertip-düzgünem has berkit. Biz indi ogrularyň derdinden öýümizde arkaýyn oturyp bilemzok. Öz goşumyzdan, mal-garamyzdan geçdik, indi özümizi ogurlap gitmeseler razy bolduk!.. Märeke «dogryda-dogry» boluşdy. Döwletbaşy başyny galdyrdy. – Ine, indi öz türkmen oglanymyzy Içeri işler ministri goýduk. Döwlet howpsuzlygy komitetinem tertip-düzgüni gowulandyrmaga çekýän. Indi ýagdaý düzeler, arkaýyn boluň. Şony size söz berýärin. Adamlar el çarpdylar. – Me, şuny düzedersiň – diýip, Şanazar Beg ýumrugyny görkezdi. Guljan aga adamlaryň el çarpmasyny goýaryna-da garaşman, mikrofonyň ýanyna bardy. Adamlaryň çykyşyna serenjam berip oturan daýaw pyýada onuň ýanyna ylgap geldi. Ýaşuly nobatyňa garaş, häzir welaýatlar boýunça gürlemel-ä. – Menem welaýatdyryn, oglum! – Serenjam beriji ýaşulyny kowup aýryp bilmejegine göz ýetirdi-de, adyny, familiýasyny soramakçy boldy. Oňa çenli Guljan aga başlady: – Külli türkmen halkym, boýuňyza döneýin, geňeş toýuň mübärek bolsun! – Ýaşulynyň ýürekden çykan sözüne adamlar el çarpdylar. – Şu mukaddes güni menem türkmeniň ak sagal gojasy bolup, bir döwletli geňeş bereýin. Men ömrümde haram iýmedim, çagalaryma hem haram çörek iýdirmedim. Ýalan sözlemedim, ýalança, ýamana ýaran bolmadym. Alla keremdir, ýapjalyk edip, köňlümde ýok sözi diýmedim. Ine, şu günem ýüregimdäkini aýdaýyn. – Ol Döwletbaşa garady. – Ine, öňümizde Taňrynyň nuruna beslenip, bir nazarkerde bala otyr. Onuň ýokarda beýik Taňrysyndan, bu dünýäniň ýüzünde-de öz halkyndan özge hossaram, howandaram ýokdur. Ol beýik Taňrynyň nuruny emip ulalan baladyr. Taňrym ony ýeňi ýansyz, dony işliksiz, ösdürip şu hala getirip, indem, bize patyşa etdi. Şa taňrynyň ýerdäki wekili bolsa-da, patyşa bar, patyşa bar. Men bu balany köpden bäri synlap ýörün. Onuň köňlüniň ýekeje maksady bar. Olam: il agzybir bolsun diýýär. Näçe sanaç uny degirmenimizde üwesegem, agzybirligiň, kanagatlylygyň abraýdygyna, ähli gowulygyň çeşmesidigine düşünemzok. Bu bala ýaşam bolsa, şoňa düşünmeg-ä beýlede dursun, öz halkynam şol ýol bilen äkidip barýar. Indem, şondan ötribem, meniň bir geňeşim bar. Ýaňy täze Prezident saýlamaly diýildi. Goý, şu bala şol Prezidentlige kandidat bolsun! Gapdaldan kimdir biri: «Reglament. Gysgalt!» diýip gygyrdy. Ýaşuly hälki ýanynda oturan pyýadanyň sesini tanady. Ol elini daldalady. – Boldy, gutardy. Ýöne, ýeneki geňeşim. Şol balanyň gapdalyndan at goşdurmaly däl. Ýagny Nyýazowyň ýeke özüniň kandidaturasyny goýmaly. Ine, meniň bar geňeşim... Märeke ör turup, ýarym sagatlap el çarpdy. Guljan agadan soň on adam çykyş etdi. Olaryň ählisem şol teklibi ýanjap-ýanjap goldady. Ýöne olaryň başga-da sargytlary bardy... «1. Agzybirlik, tertip we ýene tertip! 2. Ogrular, orramsylar ile ulukjyn berdi, heý olara haý-küş edip bolmazmyka?! 3. Mafiýa başyna gitdi! 4. Maşyn ogurlygy halys degna degdi. 5. Hannaslar, spekulýantlar halkyň depesine çykdy. 6. Dükanyň ununy, etini, ýagyny atalarynyň alty bahasyndan gypynçsyz satýarlar. 7. Gaz ballonsyz, içimlik suwsuz hor bolýarys. 8. Täze baýanlar, kooperatorlar halky talap başladylar. 9. Raýon ýolbaşçylary, milisiýa işgärleri, ministrler halka, döwlete garşy işleýärler. 10. Ýokardakylaryň halkdan habary ýok. Özleri bal iýip, ýüpek geýensoň, halkam şeýledir öýdýärler...» Döwletbaşy köňül depderiniň ak sahypasyna «Tertip, agzybirlik we ýene-de bir gezek berk tertip!» diýip ýazdy. Guljan aganyň ýerine geçip oturaryna mähetdel, Şanazar Beg oňa ajysyny pürkdi: – Baý, kiş-ä iş bitird-ow! Ýaşuly jogap bermänkä, ogullary kakalarynyň elini gysdylar. – Oňardyň, kaka! – Sag bol, kaka. Şanazar Beg ýanyndaky epeý pyýadalaryň bu goja «kakada-kaka» diýip duranyny görüp, hymyr-symyr bilen, ol ýerden süzmek bilen boldy. – Be-e –diýip, Guljan aga göge garady. – Şitir-pitir etjek bolýarmy? Döwletbaşy şol wagt adamlara ýüzlendi: – Doganlar! Alada, ünji etmäň, enşalla, biz geňeşimizi gutarýançak, ýagyş ýagmaz. Ýagyş işimizi bolup, öýümize ugramyzsoň ýagar... Näçe günki göwnüniň törüni agraldyp ýatan niýetini döken, jany ynjalyp, çynar boýly ogullary bilen gaýdyp barýan Guljan aga, adamlar ulaglara ýagşy ýerleşensoň, kasty bar ýaly edip guýan çabga garap durşuna, Döwletbaşynyň ýagyş barada aýdanlaryny ýadyna saldy. – Eý, taňrym. Bu oglan welimikä ýa-da bir gudratmyka? Munuň agzyndan çykan sözüne asmanam «lepbeý» diýip dur-la! – diýdi. – Beý, dogrudanam, «geňeş gutarýança, ýagyş ýagmaz» diýdi welin, çyn bolaýdy bu-ýa! Amanmyradam agasyny tassyklady. – Ýaňy ertirem, tä geňeş gutarýança ýagyş bolmaz, ala-gury, salkyn howa bolar – diýd-ä. Hany, ertirem bir görel-ä. Dogrudanam, ertesi ala-gury, mylaýym howa boldy. | |
|
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -5: romanyň dowamy - 29.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -34: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -5: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Köne mülk -6: romanyň dowamy - 13.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -11: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |