15:49 Döwletbaşy -17/ romanyñ dowamy | |
14.
Romanlar
Bu gün iş gunüdigine garamazdan, Aşgabadyň Swoboda prospektiniň ugrundaky Magtymguly-Pyragynyň ýadygärliginiň ýanyndaky meýdança adamdan doludy. Moskwadan, Pribaltika respublikalaryndan ýörite gelen telehabarçylar adamlaryň arasynda çarp urup, bu ýagdaýy surata alýardylar. Bir gyrada duran ses güýçlendiriji äpet maşynda oturdylan dinamiklerden Ak-Jumanyň gazaply hem-de zenanlaşan sesi tutuş töwerege ýaňlanýardy. – Eziz halkym – galkyn! Bu gün seniň galkynmaly günüň geldi! Şu gün rusparazlar, kommunistler, totalitar düzgün tarapyndan depäňde goýlan «Dikmäni» agdarmagyň wagty geldi. Häzir hemmäňiz lagşan döwlet apparatyny döwmäge galkynmaly. Biz şu günden gijä galsak, hiç haçanam bagtly bolup bilmeris. Eziz Türkmenistany ýokardan goýlup, edenini edip, halys dargadan «Dikmeden» azat etmeli. Men, häzir, siziň eziz görýän şahyryňyza söz berýän. Ýöne, diýjek bolýan zadym: Ýok bolsun, Prezident! Bize öz Prezidentimiz gerek! «Halk şahyry» Petdik Bitdikow! Petdik Bitdikow, halk şahyry bolmasa-da, bu söze monça boldy. – Adamlar! Men beýik şahyr derejesine, kämil şahs derejesine ýeten adam! Men şonda-da siziň öňüňize geldim. Şoňa begeniň, şoňa guwanyň. Bu gün begenmeli gün, bu gün guwanmaly gün. Çünki bu gün türkmeniň Ak-Juma ýaly, Petdik Bitdikow ýaly beýik ogullary hiç zatdan çekinmän, siziň öňüňize çykyp, sizi täze göreşe çagyrýar. Meni häzir atybam bilerler. Men bu dünýäden gitsem, nähili ýitginiň boljagyna düşünýänsiňiz. Emma men düşünýän. Prezidentler her gün, her ýyl doglup biler. Em- ma şahsyýet derejesine ýeten beýik şahyr Petdik Bitdikow müň ýyldan bir dogulýandyr. Şonda-da men şu ýere geldim. Men bu gün «Ýok bolsun «dikme» Prezident!» diýmäge geldim. Sagally-sarmykly žurnalistler, ýaş ýazyjylar mikrofona ýetmeküçin özlerini öldüräýjek bolýardylar. Olaryň ählisiniň sözi: «Ýok bolsun, Prezident!» diýen sözden aňry geçenokdy. Muňa Ak-Jumanyň gahary gelip başlady. – Eý, haramzadalar, halky öjükdirmän, gaýta özüňizi öwüp dursuňyz! Halky köşge tarap sürmeli. Şol barada aýdyň... Onuň gaharly sesini ses gataldyjy arkaly tutuş meýdança eşitdi. – Hany, sen nämä dursuň, çyk-da, aýt-da – diýip, ol bir gyrada ýumruk ýaljak kellesine buýra-buýra bolup ýapyşan saçyny eli bilen darap, ullakan gözlerini bakraldyp duran arrykdan uzyn pyýadany silterledi – Bar. Ol adam badyny saklap bilmän, mikrofonyň alkymyna bardy. – Men! Men! – diýdi-de, yzyna öwrüldi. – Näme diýmeli-haw! Gapdaldan bu çykyşa tomaşa edip duran Şanazar Begiň hem myrryhy atlandy. Ol köýen umytlarynyň ählisiniň deregine ýangynly sögündi. – Wah, siziň baryňyzyň bajyňyzy... Ak-Juma ol özüne bir zatlar diýýändir öýdüp, ylgap onuň ýanyna geldi. – Näme? – Sen, haramzada, bu ýerde wala-wala edişip dursuňyz. Ugraň köşge tarap! Seniň bir bajyňy.... Ak-Juma ýüzüni ak tam edip, aljyraňňy gepledi. – Şef, häzir, azajyk howlukma, azajyk! Gyzdyral-a. Şanazar Begiň garaklary hanasyndan atylyp çykaýjak boldy. – Seniň bir bajyňy. Näme, adamy oýnaýaň! Sen näme söz berdiň. Ugraň, köşge... Ak-Juma ylgap mikrofonyň ýanyna bardy. Emma hälki arryk ýazyjy ýaňy joşup başlapdy. – Menden beýikýazyjy ýok. Emma meniň gadyrym ýok. Bir zada düşüniň, watana ýazyjy gerek bolmasa, ýazyja-da watanyň geregi ýok. Ol nirede döretse, şol ýeri oňa watan bolar. Ak-Juma ony gyssady. – Adamlary köşge aýaga galdyr! Bol! – Nädip galdyraýyn-aý – diýip, arryk ýazyjy ondan närazy boldy. – Wo-obşe, sen näme üçin meniň sözümi kesýäň?! Ak-Juma gapdalda ýüzüni sallap duran Bege tarap gözüniň gytagyny aýlady. – Ber maňa mikrofony! – Wo-obşe, sen näme üçin ala-böle men geplämde mikrofony alýaň! Seň özüň-ä hukuk, demokratiýa barada gürrüň edýäň, özüňem meni öz erkin hukugymdan kesýäň... Sen, sen... Ak-Juma ony itip goýberdi. – Wagt gidip barýar. Adamlary aýaga galdyrmaly. Arryk ýazyjy silterlenip giden ýerinden dazanaklap gaýdyp geldi-de: – Hülwent sen! – diýip, Ak-Jumanyň ýüzüni dalady. – Sen märekäniň öňünde meniň hukugymy basgylar ýaly, kim sen? Ak-Jumanyň onuň bilen işi ýokdy. Ol adamlara özelenip ýüzlendi: – Kimiň bedeninde türkmen gany bar bolsa, meniň yzyma düşsün! Şu gün ýa almaly, ýa ölmeli gün! Arryk ýazyjy boýnuny süýndürip mikrofona gygyrdy. – Sen, hülwent, men saňa rastymy aýdýan. Sen meniň hukugymy depeläp! Sen ataň oglam däl, ataň ogly bolsaň, çyk beýläk, çyk ölesiň gelse!.. Ak-Juma mikrofony eline aldy. – Şu gün biz jan alyp, jan bermeli. Mertleriň merdi çyksyn, öňe! – Sen baryp ýatan namart – diýip, arryk ýazyjy hem gygyrdy. – Tüf-uw, seniň ýüzüňe. – Ol märekä gygyrdy. – Ol aferist haramzada! Namart, binamys, ol! Oňa ynanmaň! Kimdir biri arryk ýazyjyny yza tarap çekdi. Bu ýagdaýy synlap duran Şanazar Begiň bagry tütedi. Ol indi Ak-Juma öjügip başlan märekäni görüp, halys özüni ýitirdi. – Ýok, bol, haramzada! – Sen bar-da, öýüňe gan çaýka, nejis! – Milisiýa! Milisiýa nirä seredýär-ow, milisiýa! Ol näme, porsap dur. Ýok ediň ony! – Alyň, şonuň elinden mikrofony! Kimdir biri ses gataldyjy maşynyň aýnalaryny daş bilen kül etdi. Soň ýaşlar Ak-Jumany hem-de ony gallap duran sakgally-sarmykly adamlary daşlap başladylar. – Milisiýa! – Gyrlyşdylar! Ýetiň! Milisiýa! Aňyrdan milisionerler göründi. Ak-Juma dagy şol pursat ýere girene döndi. Şanazar Beg bu meýdançadan iň soňkularyň biri bolup gaýtdy. Onuň ýüzüne kül urlana dönüpdi. – Beý, bary puç boldy – diýip, ol ahmyr bilen başyny ýaýkady. – Bar ynamymyz şu çäredi. Bu-da öz başymyzy iýdi, ow-wf! Bolmady, bolmady-y. Ol ilki başlarda döwleti öz ellerine aljagyna jany-teni bilen ynanýardy. «Ýaşulam», Sähet «ýenjigem», ministrlerem, ylaýta-da içeri işler ministri bu işi ýüzüň ugruna, ýekeje zarbada bitirip boljagyna ynanypdylar. Emma, Şanazar Begiň çeni boýunça bu işiň sütünini süýndüren zat içeri işler ministriniň hem-de söwda ministriniň duýdansyz işden aýrylmagy bolupdy. Soňam, Konstitusiýanyňtaslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, olaryň ýanynda «şoňa garşy bolarys» diýen deputatlaryň «dönükligi» hasaplaýardy. Olar taslamanyň her bir maddasyna garşy çykyşam edipdiler. Ýöne olaryň çykyşyny Beg gaty gowşak görüpdi. Beýleki deputatlar edil dagdan gaýdan uly sil ýaly bolup, akymyň ugrunda duran bäş-alty sany «daşyňy» düňderip goýberipdiler. Öňki Prezidentiň ýeke-täk kandidaturasynyň Ýaşulularyň geňeşinde, soňam Ýokary Sowetiň sessiýasynda biragyzdan Prezidentlige hödürlenmegi olaryň oňurgasyny kül edipdi. Indi, iş jygba-jyga gelende Sähedem namartlap başlady. – Ol dogansyz, asyl, bizi burça gabap alyp barýar-haw. Siz entek pyýadaňyzy sürüň. Biz «şahdyrys». Ine, baryňy düňdereris. Bu wagt juda howply. Biz entejik gitmäli – diýýärdi. Dogrusy, täze içeri işler ministri geçeli bäri «Ýenjigiň» işi ugruna-da däldi. Haýsy ugra ýörese, alny gara daşa degip durdy. Köneürgenç geňeşinden soň-a ol öz sürenindenem çykyp bilenokdy. Ine, bu günem ol şähere ulukjyn bermelidi. Ondanam derek ýokdy. Ýomutjaýewiň pökür-pökür edip, ahyr soňunda boş çykmasy, Ýaşuzakowyň «şäheriň ähli studenti biziňki» diýmesi, Morta mollanyň «ähli dindary süreris» diýmesi – barysynyň bol saçagyň başyndaky par-par gürleme ekenligi, ahyr soňundanam Begiň paltasynyň daşa degmesi ony dälilik hetdine ýetirdi. – Haramzada! – diýip, ol Ak-Jumany ýatlap iňledi. – Sen meniň bajyjygymy üwrediň... Sen meniň enemi uwlatdyň. Nejis, haramzada, «arkaýyn bol, şähere gan çaýkaryn. Ähli ýazuw-bozuwçylar, «Agzybirlik» ýumsam ýumrugymda, açsam aýamda», diýip, meniň millionlap pulumy çildiň, millionlap, haramzada. Ana, indem, getireni on bäş adam! Olaram petekelerine urup: «Men beýikde! Men beýik» bolşup durlar. Masgara. Mende akyl ýok, mende... Ol maşynyny göni öýüne sürdi. Bara-barmana-da «ýaşula» jaň etdi. – Haramzada, Ak podwadit etdi. Bary köýdi. «Ýaşulynyň» näme diýýäni eşidilenokdy. Ýöne Şanazar Begiň galagoply ýüzi öňküdenem beter eňşeýärdi. – Bolar! – Ol baş atyp durşuna: – Bloklara entek hiç zat diýmäýinmi? – Ol başyny dim-dik etdi. – Onda bäşinji wariant-da. Bolýar, aýdaryn. Gelemsoň! Netijesini aýdaryn. Ol trubkany goýdy-da, birsalym ýere garap oturdy. «Bu nähili bolýar-aý? Ol bolgusyza awy berdik, alaç bolmady. Saýlawa goýbermejek bolduk, ýene bir ýerlerden urup çykdy, deputatlary garşysyna öjükdirdik, olaram lal-jim boldy. Iň soňunda şu gün halky aýaga galdyrjak bolduk, şeýdip güpbasdy etjek bolduk, gaýta özümiz wejera bolduk. Indem, erte-birigün saýlaw. Diňe «bäşinji wariant». Başga çykalga ýok... «Ýaşuly» dogry aýdýar». «Bäşinji wariant» olaryň bu işde iň soňky ýapyşalgasydy. Ony tapan «ýaşuludy». Ol öz wagtynda, dagy alaç bolmasa, iň soňky işi bitirip bermelidigini «Ýenjigiň» boýnuna goýupdy. Şonuň üçin onuň özüne ynamy güýçlüdi. – Diňe «bäşinji wariant! – diýip, «ýaşuly» gahar bilen aýtdy. – Şo-da bolmasa, onda özüňizi asmaly bolarsyňyz»... «O nähili özümizi asmaly?! O nähili biz günäkär?! Bizi aldaýarlar-a... Men priçýom bu ýerde...» Şanazar Beg aýak üstünde zordan dursa-da, aýagynyň agyrysyna dözüp, maşynyna mündi. «Ýenjik» ony keýpsiz garşy aldy. – Näme, syrtyňyza gömdürdiňizmi, bigaýratlar. Men sizi biderek ýallapdyryn. Beren pullam haram bolsun! Şanazar Beg ony köşeşdirjek boldy. – Rewolýusiýa etjek bolsaň, döwleti eliňe aljak bolsaň, onça-munça kemçilik bolýandyr. Sen oňa gaharlanma... «Ýaşuly» aýtdy... – Seniň «Ýaşulyňam» bäbegi ýansyn... Ak-Jumaňam ejesini üwrärin». Bary, kezzap!.. Şanazar Beg porsap bolýança ony sabyr edip diňledi. Ahyry ýuwaşja, gamgyn gürledi: – Dogan, indi ähli umyt saňa diredi. «Ýaşuly» «diňe bäşinji wariant» diýdi. Özünem «juda arassa etmeli» diýdi. «Eger – diýdi – Şol warianty bitirse, respublika şonuňky» diýdi. «Onuň «towugyna tok» diýjek bolmaz, men şony ene süýdünden halal söz berýärin» diýdi. Meniň başga aýtjak zadym ýok. – Ondan beter näme aýtjakdyň! – «Ýenjik» şikesli gözüni ok edip Begiň içinden geçiräýerli göründi. Sen şertiňi aýtdyň, meniňem şertim bar! Begiň gözleri mölerdi. – Seniň şertiň?! – Hawa. – Aýt! – Onuň sesi bokurdagyndan däl-de, başga bir ýerinden çykýan ýaly, ysgynsyz eşidildi. – Eşideli. «Ýenjik» ýeke dyzyna galdy-da, eline öňünde duran käsäni aldy. – Meniň şertim şeýle! – Ol käsäni patladyp, ýere urdy: – Şol, boýun alyp, soň heleýlän doganyňy alaýyn... ählisini şu ýerde dikersiň. Men şolardan hasabat sorajak. Olar adammy ýa-da haýwanmy? Ikimiz soň gürleşeris. Gep gutardy. ...«Ýenjigiň» bu şerti Begi näçe azara goýsa-da, ol gijäniň bir wagtyna çenli bloklaryň ýolbaşçylaryny «Ýenjigiň» saçagynyň başyna toplady. Ol şeýdäýmese, başga alaç ýokdy. Wagt iki aýagyňy bir gonja sokup durdy. «Ýenjik» Ak-Jumany görüp, gazapdan ýaňa däli-porhan boldy. – Öýüňi otladaryn, gyzyňy woýennilere oçura goýduraryn, özüňi «petuh» etdirerin, bajyňy s... Sen syrtyňy bermäge ilki boýun alýaňmy? Näme üçin nebir işi weýran etdiň? Näme üçin oňarmajak pohuňa burnuňy degirýäň? Ak-Juma titreýän elleri bilen ýüzünden inýän damja-damja deri sylyp, agyr-agyr ýuwdunyp otyrdy. – Jogap ber. Ak-Juma gözüne ýaş aýlady. – Elimde baryny etdim. Düýnem «bolýa» diýip duranlar edil jadylanan ýaly. Depgileseň, gaýra tesýärler. Halkam ýaman zaýalanypdyr. Hiç kimiň gymyldasy gelenok. Gaýta, üstümize daş zyňyp, tas gözümi çykarypdylar. Halk namart çykdy, halk! «Ýenjigiň» gazaby ýatyşar ýaly däldi, ol hapa sögündi: – Bajyňy s... seniň gözüňi çykarmaly ekenler. Men seniň syrtyňa näçe million pul dykdym. Iýip-içip, iş bitirmeli bolanda syrtyňy gaçyrýaň. Ertiriň özünde adamlary meýdança çykararsyň ýa-da özüm şol meýdançadan seniň läşiňi asdyraryn... Ak-Juma horkuldap aglap başlady. – Jan agam, öldür, ýöne indi halky ýygna diýme. Olar, walla, meni öldürerler. Ondan özüň öldür-de dyn... «Ýenjik» nejis zada garan ýaly, ýüzüni kürşertdi. – Tf-fuw, seni dogranyň süýdüne nälet... Sen erkek däl-ä, urkaç-a. Sähel gyssaberseň, oňyňam berjek sen, tf-fu. Çyk şu öýden, bajyňam bir... – Ol şikesli gözüni töweregine aýlady. Häzir oturanlaryň hiç birem onuň ýüzüne garap bilenokdy. Oňa geregem şoldy. Ol halynyň ýüzüni dyrmap oturan Weljäýewde nazaryny saklady. – Sen näm-ow, ýaman paňladyň-a ýüz müň adamym bar diýip. Jygba-jyga gelende näme heleýleýäň? Weljäýewiň agzy bir tarapyna ýirlene döndi. Ol kemşerýän ýaly bolup gepledi. – Meniň çynym. Arkamda ýüz müň adam bar. Ýöne biz olara habar berip bilmedik. «Glawlit» «Ýaş güýjüň» ýeke materialynam geçirenog-a, onuň ýaly habaryň-a beýlede dursun. «Ýenjik» ony-da ornunda oturtdy. – Saňa iki tarapyna-da nemetdirýän loly diýerler. Seniň arkaňda hiç kimiňem ýok. Ýöne alan hakyňa derek, indi özüm duraryn, arkaňda. – Men, men... Ol iki satanynyň arasyna başyny atdy. – Sen, ine! Gaýratyň bolsa, çykar ertir gazetde «Halkym, «Dikmä» garşy aýaga gal!» diýip. Başarmarsyň. Seniň ýaly lolulary kän görendirin. Seniň bilen gürrüň başga bolar! Ol Karun aganyň üstünden böküp, Ýomutjaýewe geçdi. – Näme üçin partiýaňy çykarmadyň? Ýomutjaýewiň eli däl, aýaklaram titräp başlady. – Aýtdym, baryna aýtdym. Etmediler. Biz diýýäler: «Nyýazowyň tarapynda» diýýäler. Hakyt şeý diýip durlar, gardaş jan. Ýüzügara bolandyryn. – Ol birneme hekgerdi. – Ýöne, aýdybersinler, özüm çykandyryn, aýdybersinler. – Ol başyny titretdi. – Beýlekiler, nämesindendir, bilmedim, çykmadylar, gardaş jan. Hemmesem şo-ol «Nyýazow!» diýip otyrlar, walla... «Ýenjik» porsy ys alýan ýaly, burnuny müňküldedip, dodagyny çöwürdi. – Sen näme, Ýaşuzak! Näme syrtyňy bulaýaň, hä. – Ol Şanazar Bege barmagyny çommaltdy. – Şu syrtyruşlar bilip goýsun, barysynyň doganyny dirärin. Ýöne – Ol Ýaşuzakowa barmagyny bulady. – Seniň bilenem gürrüň başgaça bolar. Öýüňi otlaryn, gyzyňy woýennilere oçura goýduraryn, seniňem... – Ol birden dälirän ýaly ses etdi. – Jogap ber, nämüçin studentleri çykarmadyň. Ýaşuzakow äpet garnyny gujaklady. – Men, men. – Pökürdeme, ejeňi üwräýin... Jogap ber... – Olar köçä gidenoklar. Olara ters agitasiýa geçipdirler. Olar gaýta biziň üstümize çozjak boldular. Şondan hudaý saklasyn. – Pohuňy iýme! Nigodýaý. Garnyňy bogaz eşegiň garny ýaly edip, sygyr ýaly symyşla diýseň, saňa. Ol sözüni goýaryna mähetdel, Morta molla-da gozganjyrady. – Agam, ýassy namazy geçip barýar, men, men... – Bar. «Ýenjik» bir salym sesini çykarman oturdy-da, az-kem gowşap başlady. – Indi nätmeli?! Hiç kimden ses çykmady. Diňe Ýomutjaýew ogurlykda tutulan oglanjyk ýaly, boýnuny burup söz sorady. – Dogan jan, döwlet ýaman güýjedi. Studentlerem aýagyny dymp edip basybam bilenok. «Ony diýeris, muny diýeris» diýýän köne kommunistlerem «Nyýazow ýaşasyn!» diýip otyr-a. Ol adam ýaman «eflatun». Gepledigi alýar. Başga çäre tapmaly. Ýa-da entejik şu gürrüňi goýbolsun etmeli. «Ýenjigiň» şikesli gözi gyrp-gyrp etdi. – Başga, näme diýýäňiz? Hiç kimden ses çykmady. «Ýenjik» ahmyrly hem-de gazap bilen sesine bat berdi. – Çykyň öýden, ýok boluň! – Ol işige bakan gygyrdy. – Eý, Gedaý, şular öýüne pyýada gaýtsyn. Kim şulary ulagyna mündürse, tutuň-da otlaň... Adamlar sypsa, ýeriň o taýyna pyýada gitmäge-de razy halda, daş çykdylar. «Ýenjik» gyňyr nazar bilen Bege garady. Men diňe «Ýaşuly» bilen şertleşjek. Gelsin, ýa jaň etsin. Gürrüň gutardy... | |
|
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Dirilik suwy -5: romanyň dowamy - 29.04.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Janserek -11: romanyñ dowamy - 04.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Duman daganda: Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar - 19.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |