22:34 Döwletbaşy -3/ romanyñ dowamy | |
* * *
Romanlar
Gijäniň birmahaly bolupdy. Penjireden Aşgabadyň agşamynyň lälezar goýnunyň süýjümtik, ýakymly ýagtylyga beslenip ugrandygy görünýärdi. Döwletbaşy giňişleýin kabinetiniň töründäki pessejik kreslosynda gözlerini süzgekledip, haýsydyr bir dokumenti syntgylap, okap otyrdy. Ol şu gün daşary ýurt delegasiýalarynyň bäşisini, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň iki toparyny, ministrleriň dördüsini, ýene daşyndan gelen dört arzaçyny kabul edipdi. Şolaryňhersinde-de telim-telim meseleler gozgalypdy. Şol meseleler boýunça çözgütler edilipdi. Şolary anyklamak, degişli adamlara görkezme bermek uçin sistemalaşdyrmak gerekdi. Döwletbaşynyň bir häsiýeti bardy. Ol gürrüňçilikde aýdan sözüni, berjaý etmek üçin kabul eden borçnamasyny, şahsy haýyşlary, şahsy ýüzlenmeleri, döwlet ähmiýeti bolan meseleleri, olaryň çözgütlerini hiç haçan bloknota ýa-da kagyza bellemeýärdi. Hudaýtagala oňa özüni bileli bäri üýtgeşik «bloknot» – göwher ýaly ýiti, kesgin ýat beripdi. Gürrüňleşip başladygy, onuň aňynda ýalkym salyp duran täsin sahypa açylýardy. Şol sahypada üýtgeşik hasap ýöredilýärdi. Eger kimdir biri nämedir bir dileg bilen ýüzlendigi, şol sahypada «1» diýlip, şol adamyň keşbi, ady, dilegi ýazylýardy. Haýsydyr mesele gozgalsa-da, üns berilmeli teklip hödürlenilse-de, şol sahypa öz tertibi bilen ýazylýardy. Soň şonuň gapdalyna kime tabşyrmaly, haçana çenli çözmelisem ýazylandyr. Käte ol bir gürrüňe kän bir gulak asmaýan ýalydyr welin, şol gürrüňçilikde gozgalan problemany ertesi özi degişli ýolbaşçylara tabşyryp durandyr. – Beh, biziň Döwletbaşymyzyň ýatkeşligin-äý – diýip, deputatlaryň biri haýranlar galýardy. – Men şu çagyrylyşyň başynda bir zat haýyş edipdim. Şony iki ýyldan soň duşanda hakyt adymy tutup, «Şol işiňi tabşyrypdym, düzeldimi?!» diýip soraýdy-how. Özüm-ä ýaş başyma çagalarymyň adyny gowy ýatlap bilemok. Berdä Durdy diýýän, Enä Jeren diýýän – diýdi. – Weý, sen ony diýýäň. Men bir sapar çala salamlaşanda: «Ýoldaş Prezident, özüm-ä owarram, dädeme bir aýagulag gerek» diýdim, «Bor» diýdi. «Şa seniň aýdanyň Tähranda galdy» diýenmişin öňde biri. Menem şol bold-ow biý-ä – diýip ýörün. Geçse ýigrimi gün geçendir, ispolkomyň başlygy: «Gel, puluňy töle-de, maşynyňy al-da git» diýip tilpun edip dur. Bäýt, maňa kim berjek ekeni «Moskwiçi», meni oýnajak bolma diýýän. «Ýak, oýnamok, hut Prezidentiň özi berdi saňa maşyny» diýip dur. Barsam, gözüňe söweýni, täzeje «Moskwiç» lowurda-ap dur. – Ol şeýledir! – Men-ow bir zada geň galýan. Ol meni tananok. Adym neme, adresim nire, ýok – bilenog-a. Respublikada müň sany Arazweli bar, haýsysyny tanasyn. Şol-a meni tanapdyr. Men-ä telpek goýdum şonda... Bu hakyky gürrüňdi... Döwletbaşyda ýene bir taňrynyň sylap beren häsiýeti bardy. Onuň nazary kime düşse, hälki ýalkymly sahypada şol adam baradaky ähli maglumat ýazylýardy. Köňlünde bolsa şol adamyň ýüregindäki duýgulary sözläp başlaýardy. Bir sapar ministrleriň biri onuňýanyna täze kitap çykarýan liniýanyň meselesi bilen gelipdi. Ýöne ministriň ähli ünsi öň satyn alnyp, indem ulanylman ýatan, montaž ediljek bolanda bijaý goýlany sebäpli käbir bölegine zeper ýeten çap maşyny baradady. «Wah, eger şony soraýsa, şol maşyny işe girizmän, ýene täze maşyn üçin daşary ýurt puluny soraýarmyň?» diýse, näme jogap bererkäm» diýen pikirdedi. Döwletbaşy onuň haýyşyny kanagatlandyrdy. – Hudaýberdi, sen ministr adam. Özüňi gaýga, agyr pişre basdyrma-da, merdemsi hereket et. Bu linýana guruň. Şol pikir edip ýören çap maşynyňam kem ýerini çalşyr. «Haçan çagyryp käýýärkä» diýip ýörme. Şuny käýedigim hasap et. Hudaýberdi soň elheder alýardy: – Eý, hudaý jan, şol wagt başga bir bolar-bolgusyz pikiriň kelläme gelmänine müňde bir şükür... Döwletbaşy häzir oýlanýardy. «Oba hojalyk ministri iým ýok bahanasy bilen näme üçin kolhozlardaky ähli jüýjäni satdyryp oturyberýärkä? Iými oňa kim tapyp bermeli? Ot-iým, bugdaý-arpa öz elinde ahyryn. Ýa indi olam: «Meni Daşhowuz obkomynyň birinjiliginden getirip başymy oda sokdy» diýip, edýänje pyrryldagymyka? Jüýje bolmasa, towugyň, towuk etiniň, ýumurtgaňyň bolmajagyny ilden öňürti şol bilmel-ä. Satypdyram diýeli, pul bilen adamlaryň garnyny doýrup bilmersiň-ä...» Ol söwda ministriniň meselelerini birlaý gözden geçirdi. «Oglanlar ep-esli walýutanyň her dollaryny otuz rubla çalşyp, oňa-da Orsetiň şäherlerinden kyrk müň tonna sygyr etini almaga şertnama baglaşypdylar. Häzir bize et bar zatdan zerur. Nesip bolsa, gazymyz Ýewropa akyp dursa, walýuta bolar. Ýöne, iň esasy zat, häzir halky aç goýmaly däl». – Eýran Yslam Respublikasy hyzmatdaşlygy teklip edýär.Karz bermäge, söwdany ýola goýmaga, iki tarapdan giň aragatnaşyk açmaga ýol salgy berýärler. Rafsanjany gowy adam. Oňa ynanyp boljak. Ýöne howlukmaly däl. Indi öz delegasiýamyzy gijä goýman, Eýrana ibermeli. Belki, uzagyndan ilçiler alşylar. Bizden kim ilçi bolup biljek? Ol pars dilinde gürleýän kadrlary, ilçilige laýyk geläýjek abraýly kişileri gözden geçirdi. – Muňa-da howlukmaly däl. Durmuşyň özüniň salgy beräýýän pursatlaram bolýar. Ol telefona ýapyşdy: – Alýo, näm-ow, Abdy Kulyýewiç, habar tutaňok-la tutuş günläp.Ähli dünýä seniň üstüňden geçýär. Senem, «ol ýerde bu bar, ol ýerde o bolupdyr» diýäýjek ýaly welin. Hä, näme, «ýapyrylyp işläp ýatyrys» diýýäňmi? Ýatma, ýatma, birneme turubam işle. Eýranlylaryň öňe sürýän tekliplerini nähili gördüň? Hawa, gowyteklipler. Näme, beýleki goňşular nähili görerkä» diýýäňmi? Sen bir zady unutma. Gadym wagt birini «goňşymyň göwnüni görjek bolup çagajygym kakasyna meňzemedi» etmeli däl indi. Syýasat syýasatdyr, emma öz döwletiň, öz halkyň bähbidini hiç haçan unutmak bolmaz. Sen Eýrana gitmeli delegasiýanyň düzümini taýýarla. Soň göreris, goşmaly, aýyrmaly adam bar bolsa, maslahat ederis. Bolýar, sag bol. «Ilçi meselesini bu wagt agzap durmaýyn...» Ol ýene-de telefony göterdi: – Alýo, Halnazar, bu Orsetden gelmeli etiň ugruna özüň çyk. Ony başga bir gowşagraga ynanyp, agza-burna gelen awuňy asmanda kakdyraýmaň. Demir ýol bilen getirseňem, samolýotly getirseňem, saňa bir hepde wagt. Biziň on bäş gün iýmäge etimiz galdy. Siz «mesgämiz-ä bar» diýip arkaýyn gürläp otyrsyňyz. Mesgäniň bolany gowy zat, ýöne mesgeden et bolmaz-a. Hany, ugruna çyk-da, bitiren işiňiz barada maňa her gün habar berip duruň. Ýagşy, sag bol!» Ol trubkany gaýtadan galdyrdy: – Alo, nätdiň, ähli oblasta habar berdiň dälmi? Näme, ýetişemok, sen, neme, ýetişmeseň, öýüňe gaýtma-da ýetişýänçäň işle. Näme, beýle buýtar-suýtarlyk edýäň. Men galan zadyňy bilemok, ertirden ýekeje jüýje satylsa, ikimiz başgaça gürleşeris.Onsoňam, sen bu ýerde arkaýyn otyrsyň. Ýaňam aýdaňok, Gyzylarbada şu gün irden agyr gar düşüp, mallar gyrlyp ýatyrmyş-a. Oňa näme çäre görýäňiz? – Ol trubka gulak asdy. – Men dagyňy bilemok. Ertiriň özünde şol ýerde otam, iýmem bolsun. Gerek bolsa, awiasiýany peýdalanyň. Men bu ýerde halka bir dogramça et tapman, öz etimi iýip otyryn. Ol ýerde bolsa döwletiň müňläp maly haram gyrylýar. Ertir maňa ýagdaýy aýdarsyň. Ol ynjalmady. Krasnowodsk obkomyna jaň etdi. Soň Gyzylarbadyň birinji sekretary bilen gürleşdi. – Ertir däl, häzirden çopanlara eşik, azyk, mallara ot- iým eltmegiň ugruna çykyň. Döwletbaşy ýene ynjalmady. Ol Daşhowuz, Mary, Çärjew obkomlaryna-da jaň edip, maldarlaryň, mallaryň ýagdaýyny sorady. – Ertir çopanlara egin-eşik, azyk, mallara ot-iým ugradyň. Ähli oblast, raýon edaralaryny aýaga galdyryň, malyňyzdan bähbitli işiňiz ýok şu wagt, göz-gulak boluň! Ertirden ýeke jüýje-de satylmasyn. Jüýje üçin iými rezerwiňizden alyp beriň... Mesele şu ýere gelende unuň ýagdaýy ony ýene-de öz erkine goýmady. Ol Oba hojalyk ministrliginiň baş taýýarlaýyş uprawleniýesine jaň etdi. Hiç kim ýokdy. Ol kömekçisine til kakdy. Baş taýýarlaýyş uprawleniýesiniň naçalnigini tapyň... Sagat dokuz bolupdy. Ol telewizory açdy. Türkmen telewideniýesi asudady. Birsydyrgyndy. Ol merkezi telewideniýä geçirdi. Şoňa seretse, edil ekrandan gan syrygyberýän ýaly duýgyny başdan geçirýärdi. Moskwa buýurda-bulaşyk. SSKP MK-nyň ýolbaşçylary bilen SSSR Ýokary Sowetiniň deputatlarynyň dawasam alyp ýatýardy. Azerbaýjan hem-de Ermenistan respublikalary ýene-de Daglyk Garabagyň üstünde gan dökýärdiler. Gazagystanyň Uzen oblastyndaky bitertiplik, Özbegistanda Fergana jülgesindäki çaknyşyk, türk meshetinleriniň öýüni otlamak, diňe bir türkler däl, ýol urmak, döwlet edaralaryny, hukuk guramalaryny talamak ýetjek derejesine ýetipdi. Moskwa «Yslam Karimow Fergana geldi» diýip habar berýärdi. Täjigistanda din wekilleri hökümetiň sostawyny üýtgetmek barada täze hökümli maslahaty öňe sürýärdiler. Gazagystandan nemes milletiniň wekilleri köpçülikleýin göçýärdi. – Indi biz bu ýerde ýaşap biljek däl. Üstümize haçan döküljekdigi, «faşistler bu ýerden güm boluň!» diýiljegi belli däl. Hökümet bizi goranok. Ýerli millet başyna goýberildi. Biz nemes milletinden bolsagam, Gazagystan biziň watanymyz. Bu ýerde biziň näçe arkalarymyzyň mazary ýatyr ahyryn – diýip, bir sypaýy aýal maşgala hunubirýan gözýaş döküp, habarçynyň öňünde zeýrenýärdi. – Hudaý saklasyn, goý, az-kem, wagtlaýynça aç-hor bolsagam, gan bir dökülmesin. Asudalyk, agzybirlik, abadançylyk bolawersin!.. Onuň gözüniň öňüne şu gün işiň ikinji ýarymynda duşuşan ýazyjylary geldi. Öň başlyk bolup, ýazyjylaryň agzyny alartmakda uly ýol goýup giden ýazyjynyň ähli duýgusy onuň süňňüni yralady. Ol demokratik meýilli partiýany gurmak üçin jan çekýänleriň biridi. Ol ýaş oglany birleşigiň başlyklygyna göz baglamak üçin hödürleýärdi. Onuň kalbynda Prezidente-de, beýleki döwlet ýolbaşçylaryna-da uly ýigrenç bardy. Ol özüniň indi başlyk saýlanmajagyny gowy bilýärdi. Ýöne oňa elinde saklap biljek oýnatgyrak adam gerekdi. Olam şol oglandy. Ol oglan bolsa bu ýazyjynyň her bir ideýasyny doga edip ýakasyndan dakynýardy. Ol bu adamyň sözüni ýykmazlyk üçin, kimdir biri bilen ýakalaşmag-a däl, döwlete garşy göreşmäge-ede taýýardy. Bu partiýa bir goluny «Agzybirligiň» – jalataýlaryň ýygnanyşygy diýip at alan guramajygyň egnine goýýardy. Bu ýazyjy öň merkezi gazetleriň biriniň habarçysydy. Häzirem onuň bu okaradan duz iýşen demokratsyraýan ýoldaşlary uly horjun bilen Russiýany öňki hetdine getirmek üçin çarp urýardylar. Olar bu ýazyjyny hem şol çarha diş edip saljak bolýardylar. Türkmenistany, onuň ýolbaşçylygyny nähilidir bir garajagaz bilen «bezejek» bolsa, şol bada merkezi gazetleriň birinde günübirin çap edýärdiler. Olar geljekki partiýanyň liderini, «Agzybirligiň» çlenlerini moraltaýdan goldaýardylar. Ol ýazyjynyň hondan bärsi bolup, bir toparjygyň aksakaly hökmünde özüni görkezen bolmagy, gurultaýyň işini bozmaga öňünden berk wada berip oturmagy ýöne ýere däldi. Ol ýazyjylaryň beýleki toparyny ýigrenýändigini gizlejegem bolanokdy. Özüni asyl Prezidentdenem ýokary saýýardy. «Men baky galaryn, seni indiki saýlawdan galdyrsalar, il bilen deň adamsyňda...» diýýärdi. Prezident heniz TKP MK-nyň birinji sekretary wagty edebiýat gazetleriniň biriniň redaktory bilen üç sapar üç sagatlap oturypdy. Şol döwürler hem onuň üçin iň kyn pursatlaryň biridi. Ýaşlygyny, ýigitligini, kämilligini ýekebararak, okuw diýip geçiren, öňem halkyňhakyky ruhundan üzňeräkbolup, duýdansyz ýerdenem respublikanyň, iliň agyr keşigi gerdenine düşen adam üçin çyn goldaw häzir gerekdi. Ol hemişeler diňe horlanana, garyba, ejize hemaýat gerekdir öýdüp düşünerdi. Emma güýçlä-de, patyşa, döwlet ýolbaşçysyna-da hemaýat gerek eken, onda-da juda kuwwatly, mert hemaýat, hemaýatçy gerek eken. Onuň ýanynda Moskwanyň dikme-geňeşçileri, Moskwanyň ideologik merkezlerini tamamlan aznawur ýaly, ur diýseň, gözüni çykarjak bolup duran, telpegini al diýseň, başyny getirjek adamlar häzirem kändi. Oňa welin bular däl-de, halkyň ruhunyň sütüni, türkmen edebiniň, akyl-paýhasynyň mumyýasy bolup giden adamlar gerekdi. Onuň halk barada, halkyň ýitirilen ruhuny, medeni däplerini nähili götermelidigini aňýan, paýhasly, dana, sabyrly hem-de päli pes adam bilen iç döküşesi, maslahatlaşasy gelipdi. Ol şeýle adamy gözläp ýörşüne, telewizorda, gazetlerde danasyrap, yzygiderli çykyş edýän bir şahyry ýanyna çagyrypdy. Ol-a «ony ýok etmeseň, muny ýok etmeseň, özüňi ýok ederler. Sen meni golda. Türkmen kowmynda menden beýik şahyr ýokdur. Men eýýäm şahsyýet derejesine ýetdim. Akyldarlyga-da ýetmäge indi sähelçe galdy. Sen meni goldasaň, menem seni goldaryn. Erbet adamlara garşy bile göreşeris. Şonda men seni hor etmerin...» diýipdi. Bu günki gelenleriň arasynda şolam otyrdy. Olam biz bilen bolmasaň, «gurultaýy bularys» diýip gözlerini jüýjerdip oturanlardandy. – Meniň üçin-ä barysy öz halkym. Men öz halkymy erbet adamlar, gowy adamlar diýen topara bölüp bilmerin-ä. Maňa halka garşy göreşýän adam däl-de, özümde halkyma söýgi döreder ýaly paýhas berip biljek adam gerek. Sen bolsa gepi pylanam erbetdir, pylany ondanam erbetdir – diýen sözden başlaýaň – diýipdi. Gaýdyp ol şahyryň adynam tutmandy. Şahyr bolsa öz ýanyndan öýkelän bolup ýördi. Soň oňa şol ýazyjyny salgy beripdiler. – Bu-uw, men kän-kän ýolbaşçy görendirin. Döwlet başyna geçýän adamlar tupoý, diňe «Prawda» bilen «Izwestiýa» gazetinde çap edilýän makaladan başga zady bilýän adamlar däldir. Aýt, özüň meniň romanlarymy okadyňmy? – Ýo-ok, indi okaryn! – Ana, gördüň dälmi? Ýo-ok, sizmi, siz okamarsyňyzam. Siz hiç haçan öz kelläňiz bilen däl-de, gep-gybat bilen adamlara baha berýärsiňiz. Ine, ýakynda meniň bir romanym çykdy. Sen meniň bilen gürleşmezden öň şony okamal-a. Il şeýdýär-ä. – Wah, bilýän, men seniňem eserleriňi, beýleki türkmen ýazyjylarynyň hem eserini okajak. Ol ýazyjy ellerini serdi: – Ana, muňa seret, düşün, sen bir zada düşün, menden başga türkmen ýazyjysy ýokdur. Meniň Moskwada çykan romanyma hut SSKP MK-nyň apparatynda işleýän jogapkär işgär: «Romanyň üçin sag bol, gardaş!» diýip hat ýazypdyr-a. Şolaryň eli degýär maňa hat ýazmaga. Sen hat-a däl, okamaga-da wagt tapaňok. Duruberiň, meni geljek apalar. Şonda «menem şol ýazyjy bilen duşuşypdym» diýip öwnersiňiz. Ýöne giç bolar. Sen meni tanaňok. Menden belent ýazyjam, ynsanam bolup bilmez. Görýäň-ä türkmeniň men-men diýen hanlary galmandyr-a. Magtymguly galypdyr. Ýene-de şeýle bolar... Üç sagatlap şeýle notadaky gürrüňden soň, ol ýaňka ýazyjyny höreläp-köşeläp ugradyp, başyny zordan gutarypdy. Soň bolsa kellesini tutupdy: – Eý, allam, bulara ne döw çaldyka? Haýsy birini gürletseň, «ol erbet-de, men beýik, men geni-de, men geni-le». Ýa biz şeýle beýgelipdiris, ýa-da juda aşak düşüpdiris. Heýem, döwlet ýolbaşçysynyň ýüzüne bakyp «sen akmak, men akyldar...» diýip bolarmy? Döwletbaşy şol döwürde-de pul, serişde bolmasa-da, her ýol bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ali Akbar Rafsanjany bilen dil tapyşyp, Magtymguly-Pyragynyň Eýranda ýatan guburyna zyýarata barmaga rugsat alypdy. Şonda türkmen intelligensiýasynyň güli hasap edilýän uly adamlaram zyýarata öz ýany bilen alyp gidipdi. Zyýarata barlansoň, oltürkmen ýazyjylaryny beýik akyldarlaryň – ataly-ogul, Magtymguly bilen Azadynyň guburynyň ýanyna çagyrypdy. – Ýazyjylar şu gün türkmen üçin mukaddes ýerde durus. Türkmen ýazyjysy üçin şundan mukaddes ýeri men-ä bilemok. Geliň şu ýerde Watanyň, il-günüň bähbidi üçin şahsy öýke-kinäni, dawa-jenjeli unudalyň. Indiden beýläk oňşuksyzlygy şu ýerde taşlap, diňe agzybir boljakdygymyz barada beýik akyldarlaryň mukaddes guburynyň başynda kasam ediň! Olar «borda-bor!» bolşup «agzybir bolarys» diýşip, kasam edipdiler. Emma, «ýagşy ata birgamçy, ýaman ata müň gamçy» diýişleri ýaly, ýene-de «Şa seniň diýeniň Tähranda galdy», «biz kasamy Eýranda etdik, bu ýeri Türkmenistan» diýen ýaly, öňküje boluşlaryna gelipdiler, gaýta indi öňküden hem möwç alyp, ýazyjylary biri-birine garşy öjükdirýärdiler. «Hälki gelenleriň dördüsi-bäşisi Magtymgulynyň mazarynyň başynda «Men indi azgynçylyg-a etmerin, etjege-de ýol bermerin» diýip, uly boýuny kiçeldip kasam edenler-ä. Emma «o topar erbet, biz gowy» diýip gelenlerem ýene şolar. Heýem, öz mukaddes öwlüýäň başynda kasam edip, onam bozup, şahyr-a diýmäýin, adam bolup bolarmy? Ýüregiňde gara pikir, gara, hapa niýet saklap, ak, arassa, päkize ýürege barjak goşgy döredip bolarmy? Gara ýürek, ýaman päl bilen asyrdan asyra aşjak gowy eser ýazyp bolarmy? Seniň niýetiň, päliň, demiň, ynsabyň şol esere geçmel-ä...» Ol oýlandygyça, ýazyjylaryň bolşuna öňküdenem beter haýran galýardy. «Olaryň kalbyny arassalamaly! Gurultaýlarynada gatnaşmaly, sözem sözlemeli, olary ýene-de bir sapar adamkärçilige, agzybirlige çagyrmaly...» Agzybirlik diýende onuň ýadyna ýene bir zat düşdi. Ol trubkany göterdi: – Alýo, sen ideologiýa boýunça sekretar bolup, haçan özüňe jaň edilerkä diýip garaşyp oturma. Ol «Garaşsyzlygyň» oglanlary indi bir köşeşýärmi? Ýa henizem boýny ýogynlyk edip ýören barmy? Men saňa günde habar ber diýdim ahyryn. – Ol trubka diň saldy. – Şu gün Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda ýigrimi-otuz adam ýygnandy? – Sen özüň bardyňmy? Ýok, näme üçin özüň barman, bölüm müdiriňi, instruktorlaryňy iberýäň?! Özüň barmaly! Belki, degerli teklipleri bardyr. Olaram öwrenmel-ä. Olaryňam gowy pikirleri bar bolsa, almaly. Olaram şu topragyň, şu Watanyň ogullary. Bu gün az-kem boýnuýogynlyk etselerem, olaryň gitjek ýerleri ýokdur, ertir, belki, ikimizdenem köp kömek eder halkyna. – Ol ýene-de az-kem trubka gulak asdy? – Bölüm müdiriň geldimi, näme habar getirdi. – Näme, wah, oglanlyk edýäň-ow, oglanlyk edýäň! Halkyň, ýurduň rahatlygyndan başga-da bir möhüm iş bolarmy?! Seniň üçin, ideologiýa sekretary üçin şol iň howply nokat, ot alyp barýan harman bolmaly! Otuz-kyrk adam seniň alyp barýan ideologiýaňdan, döwletiň alyp barýan syýasatyndan närazy bolup, şäheriň ortasynda döwlete garşy üýşmeleň gurap otyrka, seniň, bagyşla welin, oslugyň ýyly ýerden çykýar, «Men pylanyny kabul etdim» diýip, ýüzüň gyzarman aýdýaňam. Häzir bölüm müdiriň bilen habarlaş-da, näme hekaýat bolan bolsa, maňa habar ber... Ol trubkany goýandan soň, ýene-de gynançly oýa batdy. «Agzybirligiň» döreýşiniň taryhyny yzarlady. Bu toparjygyň peýda bolmagynda Moskwanyň SSSR-i opuran bir topar demokratsumaklarynyň eli bardy. Olar Moskwada demokratik partiýanyň düýbüni tutýarka, öňki hemşerlerine daýanyp, Özbegistanda «Birlik», Aşgabatda «Agzybirlik», Bakuwda, Almaatada-da şuňa meňzeş at bilen respublikalary bogmak üçin täze toparjyklar döredipdiler. Türkmenistanda onuň başy «Köpetdag» restoranynda, on-on bäş ýazyjy-şahyryň gatnaşmagynda başlanypdy. Restorana baranlaryň köpüsini «çaý başynda Ata Gowşudowyň «Perman» romanynyň gürrüňi boljak. Şoňa gatnaşyň» diýip, bir al bilen äkidipdiler. Her kimden on manatdan pul ýygnalyp, nahar iýlipdi. Şonda bu çakylygyň inisiatory Şirli şahyrdy. Şirli şahyr soň käbir ýaş ýazyjylary öýüne hem «Aýalymyň doglan gününi belleýän» diýip, on manatdan pul ýygnap çagyrypdy. Şol ýerde-de, restoranda-da eýle-beýle gürrüň etjek bolanlara gaty berk gaýtawul beren ýazyjylar tapylypdy. – Oglanlary ýagşy niýet bilen ýygnap, Watanyň, halkyň gybatyny etjek bolsaňyz, siziň ýüzüňize köz degsin. Sizi agzybirlige çagyryp ýören ýolbaşçylarymyzyň yhlasy urar. Gürrüň ediljek bolsa, adamkärçilikli gürrüň edilsin. Çola çykyp, loly heleý ýaly, bolgusyz gürrüň etmersiňiz – diýip, «Sowet Türkmenistany» gazetinde işleýän bölüm müdiri gaty berk durup aýdypdyr, onuňam tarapyny tutan köp bolupdyr» diýip, şol günüň ertesi birinji sekretara habar beripdirler. Soň «türkmen dininiň meselesi boýunça» ýygnanyşyk edilende ol bölüm müdirinem, beýleki yrgarak ýazyjylaram «ynamdan gaçan» hökmünde çagyrmandylar. Ine, şeýdibem, «Agzybirlik» başlanypdy. Bu toparyň şähere dowul salan pursatlaram bolupdy. Döwletbaşy ýadawlykdan ýaňa nury goýalan owadan gözlerini süzgekledip, geçen günleri ýatlap oýa batdy. ...Ýokary Sowete ýaňy başlyk bolan döwrüdi. SSSR-iň gowşamagy, SSKP MK-nyň, onuňSyýasy Býurosynyňöz hökmürowanlygyny Ýokary Sowete beren uçurlarydy. Telewizory haçan açsaň, SSSR Ýokary Sowetiniň deputatlarynyň ýa SSKP MK-nyň ýolbaşçylaryny, ýa SSSR-iň Konstitusiýasyny, ýa-da biri-birini aýyplap duran pursatlaryny görüp bolýardy. Moskwanyň köçelerinde bolsa döwlet syýasatyna garşy çykyşlar, Ýokary Sowetiň kabul edýän, heý bolmanynda indi kabul etjek bolýan Kanunlaryna garşy ýygynçaklardan, üýşmeleňdir dürli çykyşlardan doludy. Pribaltika respublikalary bolsa özleriniň SSSR-e birikdirilmegini döwlet derejesindäki jenaýat hökmünde öňe sürüp, Gurultaýlary, işlemäge goýmaýardylar. Rus «demokratlary», Kawkaz respublikalarynyň alymlary öz halklaryny kemsidilen halk hökmünde görkezmäge jan edýärdiler. Diňe Orta Aziýanyň deputatlary asyllylygyň, sabyrlylygyň üýtgeşik nusgasyny görkezýärdiler. Bu ýagdaýlar bolsa käbir «gul märekä bolmaz, däli serhoşa» diýilýänräk adamlarda Moskwadaky «demokratik» hereketlere gyjynyp, käbir moskwaly, o daşary ýurtly «hossarlaryň» gižželemegine meçew alyp, Maryda, Aşgabatda-da topalaň turuzmaga hyjuw oýarýardy. Aşgabatda «Agzybirligiň» döremegi, onuň Pribaltika respublikalarynyňkydan durşuna göçüren, döwletiň alyp barýan syýasatyndan gyrp-çyrp edip alan programmasy bilen gözboýagçylyk etmegi häzirki döwlet ýolbaşçylaryndan nägile adamlara iş başarmaýanlygy üçin ýumşajyk kürsüsinden pyzylan ministrleri, türmeden boşap gelen asly bidöwlet ýeksurunlary, enesi urup, atasy käýýän ýalýagylaryň birtoparyny, özüni dogan gününden akyldar hasap edýän, ýöne jemgyýet tarapyndan kabul edilmeýän körzehin döredijilik işgärlerini, özleriniň deputatlyga görkezilmäni üçin, uly atlar berilmäni üçin juda kemsidilen ýazyjylary, hudožnikleri, kino işgärlerini, žurnalistleri, öňki sistema döwründe juda ezizlenilip, indi kän bir üns berilmeýän atly adamlary täze durmuşa, üýtgeşik «adalatlylyga» ymsyndyrmagy käbir sada adamlarda-da gyzyklanma döretmän duranokdy. «Agzybirligiň» çlenleri halkyň a:mlygyndan, duýgusy paýhasyndan, hyjuwy salykatlylygyndan rüstem adamlaryň alasarmyk ýagdaýyndan peýdalanyp, olary Türkmenistan Ýokary Sowetiniň sessiýasy işini dowam etdirýän günleri deputatlaryň üstüne sürüpdiler. Şol döwürde Aşgabadyň demirgazyk etrabynyň ýetginjekleriniň altmyş-etmiş sanysyna meçew berlip, milletçilik meýli bilen şäheriň merkezine sürlüpdi. Olara käbir jaýyň aýnasyny daşladyp, käbir dükanlaryň işigini, penjiresini döwdüripdiler. Şeýlelikde, şol döwürde «Agzybirligiň» topary şäheriň içinde kiçiräk-kiçiräk topalaňlar, tomaşalar guramagy başarýardy. Beýle toparyň arkasynda nähili güýjüň, kimiň durýandygy heniz belli däldi. Şonuň üçin beýle topara birbada geleňsiz garamak döwletiň duşmanlaryny äsgermezlik etmekdi. Döwletbaşy şol döwürlerem olary gözden salanokdy. Birki ýerde bolsa olary paş edip, döwletiň howpsuzlygyny, içerki tertip-düzgüni goraýan adamlaryň ünsüni bu meselä berkrägem çekipdi. Ýokary Sowetiň başlygy bu «demokratik» güýçlere Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň uly mejlisler zalyny berkidipdi. Şol ýerde bu topara, onuň işine nähilem bolsa, kontrollyk edip boljakdy. Onsoňam, mejlisler zaly meýdan däldi. Bu ýerde aýdan sözüňe-de, her bir hereketiňe-de jogap bermelidi. Zalda oturjak adamlar seni synlap durdy. «Agzybirligiň» çlenleri bu eglişigi özleriniň uly ýeňişleri hasap edýärdiler. Olaryň pikiriçe, döwleti öz ellerine almaga indi sähelçe «iş» galypdy. Şeýle pikir edýän bu topar döwletiň «Dil hakynda» kabul etjek Kanunyna, beýleki käbir aktlara-da gatyşyp başlapdylar. Ine, şeýle günleriň birinde bu toparyň ýolbaşçylarynyň biri, öňem aýal maşgalany zorlany üçin dokuz ýyl türmede ýatyp gelen Şirli şahyr gaty köp adamy aldap, köp mukdarda karzyna pul alyp, ýygnaga diýip, Pribaltika gaçyp barýarka, ele düşýär. Onuň günäsi boýnuna goýulýar. Indi ony sud etmeli bolanda «Agzybirlik» toparlanyşygynyň çlenleri özleriniň wepaly «dostlaryny», özlerini ýalbar-ýakar edip ondan-mundan pul ýygnap, maddy taýdan ekleýän hossarlaryny adyl suddan boşatjak bolup çarp urýardylar. «Eger Şirli şahyr sud etmeden boşadylmasa, Aşgabat şäheriniň ilatyny aýak üstüne galdyryp, tutuş respublika gan çaýkarys» diýip, bu toparlanyşygyň wekilleri onda-munda agyzlaryna gelenini ýaňraýardylar. Olar şol gan çaýkaljak günem belläpdiler. Oňa daşary ýurt radio we metbugat agentlikleriniň habarçylarynyň ýigrimä golaýy çagyrylypdy. – Bir gozganman duran Türkmenistandy, indi onda-da gyrlyşyk, gan çaýkanyşyk başlandy – diýip, şol habarçylar uzak-uzak illerine iberjek reportažlarynyň taslamasyny eýýäm taýýarlapdylar. Bu howsalaly ýagdaýyň öňüni almak üçin berk çäreler görlüpdi. Şäher asudady. Şäherde üýtgeşikýagdaýyň ýokdugy her ýarym sagatdan Döwletbaşa habar berilýärdi. Ine şonda Ýokary Sowetiň başlygyna täsin wakany habar berdiler. «Ýokary Sowetiň Ýaşlar, bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary Aýýa «Agzybirligiň» ýolbaşçylygyny kabul edýär!..» Bu habara ol ilki ynanmandy. Hakykatda welin bu waka çyndy. Agşamara, sagat dörtlerde Nury Kulyýew diýen biri jaň edipdi. – Aýýa Girmanowna, siz Türkmenistanda iň demokrat, iň batyr deputat. Bize Ýokary Sowetiň başlygam bir köpük, sud, prokuratura-da bir köpük. Biziň sizi göresimiz gelýär. Diňe SSSR däl, daşary ýurt hem size guwanýar. Ýakynda Germaniýada bolupsyňyz. «Azatlyk» radiostansiýasyna interwýu beripsiňiz. Olaryň bary size salam aýtdy. Men şolaryň Türkmenistandaky habarçysy. Ondan başga-da «Moskowskiý nowosti» gazetiniň hem ýörite habarçysy men. Size köp salam aýtdylar, bize kömek etmegem haýyş etdiler, olaram... Galanyny ýanyňyza baranymda aýdaryn... – Aýýa Girmanowa beýle abraýly ýerleriň wekiliniň özüne ýüzlenilmegine monça bolup begenýärdi. – Näme mesele bilen geljek bolýaňyz? Nury Kulyýew niýetini gizläp oturmady. – Diňe Şirli şahyryň meselesi. Eger meni kabul etmeseňiz, onda görüň, bizde siziň geçmişiňiz bilen baglanyşykly «gaty gowy» materiallar bar. Şol materiallary işe girizsek, siziň ýüzüňiz-ä sypamazlar... – O, o nämäniň materialy? – Özüňiz gowy bilýänsiňiz. Onsoňam siz kabul etmeseňiz, kabul eder ýaly adam tapýas. Ýöne Türkmenistana bir gan çaýkalansoň, sizem sylanyp goýulmarsyňyz. Aýýa Girmanowa diýmäge söz tapmady: – Geliň onda. Men propusk býurosyna jaň ederin. Nury Kulyýew özüni juda gödek alyp barýardy. – Şu gün boşadyň Şirli şahyry. Ýogsa Aşgabada gan çaýkadýan! Häzir ugra başlygyňyzyň ýanyna. Janyndan irmedik bolsa, boşatsyn. Siz Nury Kulyny tanaňzok. Häzir meniň taýýar duran bäş müň adamym bar. Ýokary Sowetiň jaýyndan çykyp, elimi salgadygym, barysyny çepbe çöwürýär olar. Bol, basym. Aýýa Girmanowa oňa ýalbaryp başlady. – Jan dogan, beýtmäň, çagyrmaň şol adamlaryňyzy. Gurbanyň bolaýyn, men şol oglany boşatdyraýyn. Häzir başlygymyzyň aýagyna çökerin. Ol meniň diýenimi eder... Ýöne, Aşgabada gan çaýkamaň, haýyş edýän... Nury Kuly köşeşenokdy. – Saňa näçe sagat wagt gerek? Seret, soň özüň günäkär bolarsyň, düşündiňmi? – Düşünmedim. Men öz nökerlerimi çagyrmak üçin näçe wagt garaşmaly. – Jan dogan, entejik howlukmaň. Men özümi bir dürsäýin. Bu gykylyga daşky otagda işine dümtünip oturan baş spesialist oglan kürsäp kabinete girdi. Ol komitetiň başlygynyň orunbasaryna herrelip duran, eli diktofonly epeý pyýada garady. – Bu gykylyk näme?! – Neme, bu korrespondent! Şirli şahyryň meselesi boýunça – diýip, Aýýa Girmanowa öňürtiledi. – Ol meniň ýanyma... – Näme, korrespondent bolanda, ol aýal adamyň üstüne gygyryp durmalymy. Hany! – Ol habarça garady. – Otur aşak. Tapdyň gygyrjak adamyňy, gurrumsak. Beýle-beýle haýbata garaşmadyk Nury Kuly ýaýaplap başlady. – Ýaşuly, ýaşuly – diýip, ol ýeli duýdansyz boşan pökgi ýaly birden ýumşady. – Men Şirli şahyryň meselesi bilen-läý. Ony nähak basdylar. «Şony boşadyň» diýip, öz aýal doganymyzyň ýanyna geldim. Ol bir uly şahyr-daraý. Bigünä ýatyr-daraý. Biziň özümiz gürleşeris, bormy. Baş spesialist ýigidiň ýüzi açylmady. – Sen Şirli şahyry näçe ýyl bäri tanaýaň? – On aý bäri. Gowy oglan-daraý. Şahyr-daraý. Baş spesialist Nury Kulyny gemrerli göründi. Ol has gazaply gürledi. – Sen on aý bäri tanasaň, şol adamy on bäş ýyl bäri tanaýan men. Şondan aýalbaz, arakkeş, şondan neşebent bidöwledi Türkmenistanda gözläbem tapyp bilmeýäň. Onuň her günki harjyna ýüz manat gerek. Ony gazanmaga onda, näme, gaýrat barmy. Ýalta – bidöwlet! – Aý, ýok-la. Ol azajyk içýär. Pul tapsa, dogry, tiregem edýär. Kim etmeýär ony. – Ine, şol tiregi üçinem ilden elli müň manat karz alypdyr. Indi bäş ýyl bärem iller ony gözläp ýör. Eger algydarlar tapaýsalar, bilýäňmi ony näderler... – Aý, beýle däldir-le?! Baş spesialist ody onuň özüne basdy. – Şu on aýda özüňden näçe manat karz aldy ol? – Beýle sowala garaşmadyk «habarçy» aljyrady. – Hiç zat! – Ýalan sözleme! – Dogry, müň manat karz aldy. Men ony geçdim. Başga-da bar. On-a aýtjagam däl. – Gördüň dälmi? Ine, şol tireki, namyssyz bihepbe üçin Aşgabada gan çaýkaryn öýdýäňmi? Şolar ýaly dogman geçen üçin sen eliňi bulasaň geler ýaly, oýnatgy türkmeniň ýok bu ýerde. Häzirem ugra şu ýerden, ýogsa «Azatlyk» radiostansiýaňam, «Moskowskiý nowostiňem» eliňdäki apparatlaryň bilen bilelikde gözüňe görkeziler, haramzada. Tapdyň bu ýerde keçe telpek türkmeniňi. Nury Kuly Aýýa Girmanowanyň ýüzüne garap, «gideýinmi» diýen manyda gözlerini sypjaklatdy. Biline urlan ýaly, iki baka towlanjyrady. – Bolýa, men sözümde tapylaryn. Ony boşatdyraryn. Ýöne bir zat, men siziň öz uýaňyz-a. Meniň adymy-abraýymy masgara etmäň, bormy? Men-ä sizi goldaýyn, sizem meni goldaň, bormy... Men ony boşatdyraryn... Bu gürrüň özüne ýetende Ýokary Sowetiň başlygynyň birneme gaharam gelmän durmady. Ol Girmanowany ýanyna çagyryp, ýeke zat diýipdi. – Ýokary Sowetiň Prezidiumynyň çleni bolup, respublikanyň deputaty bolup, komitetiň başlygynyň orunbasary bolup döwletiň Konstitusiýasynyň abraýyny sen saklamasaň, kim saklasyn. Şirli diýeni bir jenaýat eden adam. Sud derňemese, çözmese, sen ony nädip boşatjak? Sen «aýdaryn, boşadaryn» diýip, oňarmajak zadyňy başga biriniň üstüne atýaň. Häzirki ýaly kyn pursatda özüň-ä bir abraýdan gaçyrýaň. Bize-de gep getirýäň... Sen-ä akjajüýje, bizem gara donly. Umuman, şony seniň, onda-da ýeke özüň kabul etmegiň nädogry. Olardan, ynanyň, bäş wagt namazdan başga ähli şerraýlyk çykar... Telefon jyňňyrdady. Kömekçisi oňa baş taýýarlaýyş uprawleniýesiniň naçalniginiň trubkada garaşýandygyny aýtdy. – Seniň un ýagdaýyň nähili? Şeýlemi, kyrk gün iýmäge barmy? Azrak. Ýene ugruna çykyň. Nireden, Türkie Respublikasyndanmy? Onam, Ukrainanyň ununam alyň! Türkmen halky undan, tüwüden hor bolmasyn. Tüwiň-ä ýeterlikdir. Bor, ýöne dellallaryň eline düşmesin. Halka ýetiriň. Onsoň, iým ýagdaýyň nähili? Respublikadaky ähli jüýjäni ýok edip ýör seniň ministriň, iým ýok diýip. Şeýdiň, şeýdiň, iým näçe gerek bolsa beriň. Ýetişip barýan jüýjeler üç-dört aýdan ýumurtga berip başlaýar. Un üçin pagta-da, nebitem gaýgyrmarys. Tomsa bir çykaly, soň unam, tüwinem, etem bol ederis. Ýagşy. Indi gapdaldaky uly apparatyň gyzyl çyrasy şykgyldap ýanyp başlady. – Hawa, ol toparçylaryň näme iş bitiripdir? Şeýlemi, on bäş-ýigrimi adam üýşüp, soňam tertip goraýan milisionerleri görüp, gaçyp gidipdirler. Bolýar. Ertir şolaryň ýolbaşçysyny meniň ýanyma alyp gel. Men onuň bilen ýene bir sapar gürleşjek... Ol trubkany ryçaga goýmaga ýetişmedi. Halkara telefony «sygyryp» başlady. Ol elindäki trubkany ornuna goýup, beýlekini göterdi. – Bo-ow, Yslam Abdyganiýewiç, salawmaleýkim. Walla, seni ýaňy telewizorda görüp, janyna berekella – diýip otyryn. – Ol ýüzüni gamgyn hala getirip, başyny atdy. – Dogry, dogry, Fergana üçin juda gynanýan. Özbek halkam, türkmenler ýaly, juda sabyrly, dana, kanagatly halk ahyryn. Elbetde, olaram oda goýýanlar bardyr-da. Wah, hawa-la, bardyr. Şeýlemi? Hawa, «pagta mafiýasy, Raşidowyň guýrugy, artdyryp ýazma boldy» diýip, gaty köp adamlary ýanap, köp adamlaryň gözüniň oduny aldylar, dogry aýdýaň. Gahar diýlen zat kem-kemden gelip, ýalyn bolubam partlaýar. – Ol trubka gulak asyp, başyny atdy – Dogry aýdýaň, şol erbet ýagdaýlar öz yzyny goýsa-da goýandyr – Sag bol, bizem, şükür, asuda ýaşap ýörüs. Halkymyz gowy. Gaýta, olar, «Ýoldaş Prezident, darykmaň, hemmesi düzeler. Siziň janyňyz sag bolsa bolýar» diýip, meni köşeşdirýärler. Şükür, unumyz, etimiz, mesgämiz bar. Gyş beýle bir gazaply däl. Mallaryň ýagdaýy gowy. Diňe Gyzylarbat raýonynda agyr gar ýagypdyr. Oňa-da kömek barýar. Häzirjik beýleki oblastlaryň ýolbaşçylary bilenem gürleşdim. Ýagdaýlar erbet däl. Sag bol, ýagşy, parahatçylyk. Siz nähili? – Yslam Karimowyň zeýrençli sesi kabineteýaýrady. – «Birlik» bizi halys bizar edýär. Ne bir olaryň özi işleýär, ne bizi işledýär. Halkyňam elini işden sowadýar. Iň erbet ýeri, meniň orunbasarlarymyňam käbiri şolara hemaýat berýän eken. Beýleki ministrler barada aýdybam durjak däl. Men özüm olaryň ýolbaşçylary bilen iki sapar duşuşdym. Indi öz ýerimi berip, otstawka gidibermesem, başga näme etjegimi bilemok... Döwletbaşynyň sesi hatyraly çykdy: – Yslam Abdyganiýewiç, gyssanmaň, gyssanmaň. Siz özbek halky üçin köp zähmet çekip, kän iş bitirýärsiňiz. Tüweleme, diňe bir Özbegistanda däl, tutuş Orta Aziýada sizi uly lider hökmünde tanaýarlar. Siz «gitjek» diýeniňizde-de, halk sizi entek-entekler goýbermez. Ýöne hemmämize-de häzir aňsat däl. Onuň üçin darykmaň. Nesip bolsa, bary düzeler. Häzir, iň esasy zat, halkyň agzybirligini saklamaly. Agzybirlik bolsa, nesip bolsa, yrsgalam, döwletem bolar... Karimowyň sesi ýene-de ynjyly çykdy: – Wah, şol agzybirlik dilde aňsat. Seniňki hezil. – Nämesi hezil! – Döwletbaşy hezil edip güldi. – Sen başdan «Agzybir bolalyň!» diýip başladyň. Sen soňunyň näme boljagyny bizden kän öň gowy bilýän ekeniň. Biz welin başdan: «Halka demokratiýa bermeli!» diýip, ýok zat, düşünmeýän zadymyz üçin sesimiziň baryndan gygyrypdyrys. Indi bolsa, izwini menýa, şol falşiwyý «demokratiýa» depämize çykyp, ýüzümize gamçy bilen urýar... – Ýok, beýle hapa bolmaň – diýip, Döwletbaşy ony köşeşdirmäge durdy. – Sizem az iş edeňzok. Özbek halkynyň juda uly bölegi agzybirligiň, siziň tarapyňyzda. Az-owlak bizde-de bar, gözli körler. Ýöne tutuş halk asylly. Karimow sakyndy. – Şu gün «Azatlyk» radiostansiýasy «Aşgabatda «Agzybirlik» guramasy şu gün uly üýşmeleň geçirýär» diýip habar beripdir. Şondan biynjalyk bolup jaň edýän. Nusga alýan ýerimiz, gowy diýip mysal alýan ýerimiz siz, siz bir asuda bolsaňyz gowy. Ýogsa bizdäki ýalyn size-de baryp tutaşaýsa, şol kyn. Türkmen bir galmasyn! Ol ot tutuş dünýä bolanyňda-da aňsat öçürtmez. Ony taryh aýdyp dur-a. Döwletbaşy «dogry aýdýaň» diýen manyda başyny atdy-da, trubkany gulagyna ykjam tutdy. – Ýaňy oglanlar: «Şol toparjykdan on-on bäş adam Magtymgulynyň Swoboda köçesindäki ýadygärliginiň ýanyna üýşdi. Soňam tertibe seredýän milisionerleri görüp dargap gitdiler» diýip habar berdiler. Bizde beýle bir uly, aýratyn matlaply gurama bardyram öýdemok. Moskwa öýkünip, şolara meňzejek bolup ýören birlän-ikilän boýnuýogyn ýa-da öýke-kineli adam bardyr. Olar bilenem ertir özüm gürleşjek... Köpüň ýüzi hanjak bolsa, olaryň ýüzem ol tarapa bolar-la... – Şeýle bolsun! Ýogsa, merkezi gazetlerem, daşary ýurt radiostansiýalaram biz büdresek, heşelle kakjak bolup durlar. Bolýar, onda... – Yslam, gadyrdan, jaň edeniň gowy boldy. Men özüm seniň bilen bir zady maslahatlaşaýyn, jaň edeýin diýip ýördüm. Ikimiz söwer dost, jaň edýän, derdinişýäs, goýýas. Gel, halklarymyzyň dostlugyny çuňlaşdyrmak üçinem bir gowy iş edeli. Şu aýyň içinde Daşhowuz oblastynda gaty gowy toý edeli. Olar özbek halky bilenem müň ýyl bäri gatnaşyp ýör. Sen orunbasarlaryň bilen gel. Halk biziň çyn dostlugymyzy bilsin. Soň men baraýyn. Eger, garşy bolmasaň, ýanwaryň aýagyna, soňky hepdäniň şenbe, gününde belläli. Yslam Karimow bu teklibe begendi. – Ol hemişeki mähribanlygy bilen hoşlaşdy: – Size, ähli türkmen halkyna rowaçlyk arzuw edýärin! – Menem Size, mähriban özbekhalkyna agzybirlik, rowaçlyk arzuw edýärin! Sag boluň! Döwletbaşy trubkany goýdy-da, bu ýagşy niýetli mähriban adam barada oýa batdy. Onuň Yslam Karimowa diýseň göwni ýetýärdi. Bu adam Orta Aziýanyň uly ykdysatçysy, reformator hökmünde özüni tanadypdy. Ol soň Daşhowza jaň etdi. Obkomyň birinji sekretaryna häziriň özünde goňşy halkyň goňşy oblasty bilen şu maslahat barada geňeşip, ýagşy bişirip, «ertir irden maňa habar beriň» diýdi. Sagat on bolup barýardy. Nämüçindir onuň öýe aýagy çekenokdy. Nämedir bir ýagdaý, niredendir bir ýakymsyz habar oňa tarap ganat gerýän ýalydy. Ony nämälim howsala gaplaýardy. «Hudaýa şükür, respublika asuda. Dynçlyk. Iýere çöregimiz, etimiz, mesgämiz, gandymyz bar. Eýran goňşymyz bilen dostlugymyz gowy. Özbek doganlarymyzdan howsalam ýok. Owganystan birneme asuda däl. Moskwa bilen irden gepleşdim. Ýa owgan serhedinde biynjalyklyk barmyka?..» Ol serhetçileriň baş ştabyna jaň etdi. Serhetleriň asudalygyny sorady. Oňa düýn, şu gün serhetleriň örän asudalygyny habar berdiler. «Ýa hälki, Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanyndan gidenler bir ýere baryp «opurylyşyk edeliň!» diýip otyrmyka? Ýa ýazyjylar üýşüp, bikarar bolýarmyka? Ýok, ýazyjylary närazy edip bolmaz...» Ol ýazyjylaryň näzini çekmelidigine düşünýärdi. Hudaýtagala olary näzik, ynjyk duýguly ýaradypdyr. Halk bir hili, ýazyjy başga hili. Beýleki adamlar pähim bilen iş etse, ýazyjy-şahyrlar öz duýgusynyň dünýäsine gark bolup ýaşaýar-a... Ol Stalin bilen bolan wakany ýatlady. ...Urşuň yz ýany Stalin SSSR Ýazyjylar soýuzyna wekil edip WK(b)P MK-nyň jogapkär işgäri Polikarpowy iberipdir. Polikarpow Soýuza baryp tertip-düzgüni ýola goýjak bolýamyşyn. Ýok, bolar ýaly däl diýýär. Ýazyjylara görelde bolmaly, SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň başlygy Fadeýewiň özi ertir irden kabinetine barman, bufete baryp tä guşluga çenli arak urup otyrmyşyn. Beýleki ýazyjylar ondanam beter diýýär. Tertibem şol, beýlekisem diýýär. Muňa-da Polikarpowyň gahary damagyny çalaýjak bolýarmyşyn. Bir günden bir gün Stalin Polikarpowa gabat gelýär. – Ýeri, Polikarpow, ýazyjylar bilen nädýäň? Birneme tertibi ýola goýup bilýäňmi? – diýýär. Polikarpow ýüregini dökýär. – Ýoldaş Stalin, ýazyjylar tertibe geler ýaly däl. Olaryň başlygy ýoldaş Fadeýewiň özi ertirden gelip, kabinetine barman, işi bufetde «akmämmetden» başlaýar. Onsoň ol ýerde nähili tertip bolsun! Stalin elini jübüsine ýetirýär-de: – Mende Fadeýewiň başga ekzemplýary ýok. Nätjek-dä – diýip gidiberýär. Respublikanyň ýolbaşçylarynyň hem öz sylaşýan, gepini çekýän ýazyjylary bolupdyr. Şaja Batyrow Berdi Kerbabaýewe uly sarpa goýupdyr. Balyş Öwezow Beki Seýtäkowy örän sarpalap, köp meselede onuňsözüni diňläpdir. Muhammetnazar Gapurow Kaýum Taňrygulyýewiň mertebesini göteripdir. Ýöne olaryň hemmesem ýazyjylaryň gepini çekipdir. Döwletbaşa bir gülküli ýagdaýy gürrüň beripdiler. Ol ýadyna düşse, şoňa henizem ýylgyryp ýördi. ...Bir sapar Şaja Batyrow birinji sekretar wagty öz kabinetinde döredijilik intelligensiýasy bilen bir maslahat geçiripdir. Oňa Ata Gowşudow hem çagyrylypdyr. Hemişe biynjalyk Ata Gowşut birneme irräk gelipdir. Gelibem Şaja Batyrowyň kabinetine girip, şonuň gözüniň düşäýjek ýerinde oturypdyr. Birinji sekretaryň aladasy özüne ýetik bolara çemeli. Ol ýüzüni agraldyp, hatyna dümtünip otyrmyşyn. Birhaýukdan soň ol känbir ähmiýetem bermän: – At-a! Bu günler näme işleýäň? – diýip, ýaşuly ýazyja ýüzlenýär. Deň-duş adamyň, ýaňam bileje işleşip, gidişip-gelşip ýören adamyň wezipä ýetip, hondan bärsiräp, işlisirän bolmasy Ata Gowşudyň ýeňse damaryndan tutan bolara çemeli. – Bu günler oglum bilen... deňeşdirýän – diýipdir-de, kesesine garaýypdyr. Şaja Batyram onuň kinesine düşünip, loh-loh edip gülmek bilen oňupdyr... «Ýok, ýazyjylary närazy etmeris!» Döwletbaşy gaýtmak üçin maşyn häzirlemegi sargady-da, şu gün getirilip berlen kassetany diňlemek üçin kiçijik magnitofony açyp goýberdi. «Azatlyk» radiostansiýasyndan Näzdürliniň sesi kabinete dolup gitdi. – Häzir bolsa sözi aşgabatly ýazyjy Ak-Juma berýäris. Ak-Juma gepi aýlap-aýlap, Döwletbaşynyň üstünden eňterdi. «Ol aslynyň kimdigi belli däl, çagalar öýünde ulalan, türkmen ruhundan öte daşdaky, rus terbiýesinden ganan, dar düşünjeli adam. Ol bu wezipä totalitar Merkeze ýapjalyk edip biljekdigi, aýaly-çagalary rus bolany üçin, dikme edilip geçirildi. Indem respublikany öz dar düşünjesiniň derejesinde saklajak bolýar. Ol demokratiýanyň ganym duşmany. Ýöne Türkmenistanyň demokratik güýçleriniň öz aýgytly sözüni onuň ýüzüne aýtjagy indi uzakda däl...» Bu ýazgy Döwletbaşynyň müň tüýünden birinem gymyldatmady. Oňa mundan beterräk töhmetlerem aýdýardylar. Ýöne bu ýerdäki iki zat onuň ýüregine batmady. Birinjisi, oňa «demokratiýanyň duşmany» diýen töhmet agyr degdi. Ikinjisi, hawa, ikinjisi, «aslynyň kimdigi belli däl» diýen töhmetdi. Bu agyr töhmetdi... * * * Ol maşyna münüp, Pöwrizäniň tämiz howaly, rahat ýoly bilen Aşgabadyň dür sepilen ýaly ýagty, parlak ruhly gijesiniň mahmal keşbini synlap barýarka-da, öýüne baryp, saçak başynda bir käse çaý içip otyrka-da, gijäniň bir wagty geçen günüň edilen işlerini seljerip, ertiriň edilmeli işleri barada oýlanyp otyrka-da, hälki sözleriň bagryna sünjülen awusyny unudyp bilenokdy. «Akmak asla darar, tentek töre» diýişleri ýaly, akmagyň atan bir okuny müň akylly çykaryp bilmez diýenleri ras boldy. Ak-Jumanyň ar almak üçinmi, duşmançylykdanmy – atan oky onuň bagryny, gan öýdürýärdi. Onuň depesindäki ýary agaran saçlaryň galan bölegem şyrtyldap, patrak ýaly ýarylyp agaryp, agaryp durdy. «Aslyma ýeter ýaly, dünýä derejesinde aýyplanar ýaly, men näme günä etdimkäm? Hiç haçanam wezipä, şöhrata kowalaşan adam däl men. Seredip otursaň, menden betbagt adam ýog-a. Kakam üç sany gözmonjugy ýaly çagany otuza-da ýetmedik biçäre zenanyň başyna taşlap, fronta gitdi. Ejem görgüli bizi hor-zar etmejek bolup, saçyny sübse edip işledi. Ol görgüliniň gündizler göreni dokma, gijeler göreni çaluw çalmak boldy. Çagalary ýaňy bir oda-suwa ýykylmaz bolanynda-da, iliň başyna inen bela iki doganym bilen käbämi alyp gitdi. Iliň hossary gelip yzynda galana eýe bolsa, meniň hossarlarym kesegiň aşagyndan çykarylan goş-golamy terekä salmagyň agysyna agladylar. Ýene el ýaly babam bilen garabagyr mamam maňa eýe çykdy. Sekizinji klasdan soň ýetimhanada gören horluklarym azmy?Soň Moskwada, aýagymdan ýara çykyp, aglap-aglap yzyma gelenimde gören horluklarym azmy? Soň Leningradda ýat ilde, ýalazy ýerde, iýmäge tapman, geýmäge tapman, Aşgabada gaýdýanlaryň yzyndan ilimiň, watanymyň zaryny çekip, yzylap galanym azmy? «Wah, meniňem atam-enem, ýol harjym, barmaga ýerim bolsady, menem ezizlerimiň mukaddes ruhy ýatan topragy, hiç bolmanda, görüb-ä gaýdardym» diýip, gultunyp, damak bolup yzylap galan günlerim azmy? Maňa «rus maşgalasyny aldy» diýýärler. Dogry, menem garagöz türkmen gyzyny halapdym. Onda-da ne halamak. Ýüregim, şirin janym bilen ony söýüpdim. Ýöne ýetim ýigide, girere öýi, barara gapysy, iýere çöregi bolmadyk ýigide kim gyzyny bersin?! Hany gyzyň yzyndan gadyr bilen baryp, atasyny apalap, enesini öwüp, asyl yzarlaşyp, salsa çekip, il duran ýerinde mert durjak ata-ene barmy mende?! Maňa aýal ekleme-hä beýlede dursun, özümi eklemäge hossar gerekdi. Şol rus gyzy maňa hossar boldy. Aç wagtym hemaýat berdi, gussalykam ruhumy göterdi. Aýdanyma dogry diýdi. Eşigimi ýuwdy, naharymy bişirdi. Söýdi, sylady. Nowbahar oglum Myrat janyň ejesi boldy. Okuwymy tamamlanymdan soňam, bir gurply maşgalanyň ýalňyz dikrarydygyna garamazdan, şol döwürde «dowzah» hasaplanylýan Türkmenistana Ýewropanyň jennet sallançagy bolan Leningrady taşlap, yzyma düşüp gaýtdy. Gelip aç ýerimde aç, dok ýerimde dok boldy. Mähriban gyzymyň enesi boldy. Men oňa «bir wagt Prezident bolaryn, şonda ilimiň gyjalatyna galaýyn» diýip öýlenmändim. Ony maňa alla ýazypdy. Ol meniň ykbalymdy. Ol meniň bagtymyň bir bölegi. Belki, men şol rus gyzyna öýlenmedik bolsam, ruhy çökgünlikden, gam-gussadan sargaryp-solup, bozulyp ýa-da ölüp-ýitip giderdim. Men ömrümde ene, eje, aýal dogan, uýa mährini görmedim. Şol rus gyzyna şolaryň ählisiniň öwezini dolmak paýy düşüpdi. Indem, men bu ýurduň Prezidenti boldum, il maňa «aýalyň başga milletden» diýýär diýip, otuz bäş ýyl ýaşaşan aýalymyň ýüzüne urup bilmerin ahyryn. Bu gün men belent derejä ýetdim diýip, meni şu güne çenli bäbek saklan ýaly apalap, söýüp, sylap saklan maşgaladan ýüz öwürmek adamçylyga-da, şerigata-da, beýleki pygamberleriň dinine-de sygýan zat däldir. Ony meni sylap, özüne ýolbaşçy saýlan halkymyň özem halamaz. Olaryň demokratiýany söýmeýär diýýänlerem galat! Demokratiýa näme?! Demokratiýa halkyň umydyna gowuşmagy. Meniň halkymyň agzybirlikden özge umydy ýokdur. Meniň hem maksadym şol. Demokratiýa näme – halkyň agzybirligi! Asudalygy! Nesip bolsa, Türkmenistanda ýaşaýanlaryň ýeke katra gany dökülmez! Halkymyň umydam şol. Demokratiýa näme? Halkyň azat, erkin ýaşamagy! Öz sözüni erkin aýtmagy. Olara-da hiç kim päsgel bermez... Ol birden tirsegine galdy. – Ýok, häzirki geçiş döwrümizde anarhiýa, baş-başdaklyga welin ýol berdirmeris. Olaryň «demokratiýa» diýen bolup, şony göwünleri isleýär. Konstitüsion demokratiýa diýip, öz gazetlerini açjaklar. Halka, Watana, döwlete, onuň ýolbaşçylaryna garşy agyzlaryna geleni otarjaklar. Ýa-da köp partiýalylyk diýen bolup, biri-birine garşy partiýa döretjekler. Şeýdibem, halkyňaňyny bulaşdyrjaklar. Ýok, beýle baş-başdaklyk, ynsapdan çykma meniň halkyma gerek däl. Nesip bolsa, agzybirlýk bilen diýen menzilimize ýeteris. Halkymyz demokratiýanyň düýp özenine düşünsin, soň dürli partiýalylyga-da, «demokratik» meýilli metbugat organlaryna-da ýol açylar. Häzir güýji bölmeli däl. Ol ýene-de oýa batdy. «Aslynyň kimdigi belli däl!». Ol birhili gussa batdy. «Meniň aslym kimkä, jan allam...» Ol bürlüp barýan gözlerini ýumdy... * * * Ol ýene-de şol öňki ýer yranmasyndan ozalky howlularyna, Daşkent köçesiniň 24-nji jaýyna geldi. Geň zat, bahar aýydygyna garamazdan, işiklerindäki belent tuduň tudanasy seçek ýaly bolup, burjy baglap dur. Bir şahada agasy Nyýazmyrat, bir şahasynda bolsa inisi Muhammetmyrat aldygyna tudana iýýär. – Salam, Nyýazmyrat, agam! Nyýazmyrat şahadan sallanyp, ýeňiljek düşdi-de, heniz süňklerem bekemedik ellerini çal saçly, epeý inisine uzatdy. – Tudana iýjekmi? – Menem salamlaşjak, menem düşüriň tutdan – diýip, Muhammetmyratjyk tuduň depesinden gygyryp başlady. – Menem düşüriň. Döwletbaşy ony şahadan bökdürip gujagyna aldy-da, ýaňagyndan ogşady. – Sen henizem bezzatlyk edýäňmi? Muhammetmyrat Nyýazmyrada barmagyny uzatdy. – Hol bezzatlyk edýär. Ony ejeme aýtjak. Tudana ýatdan çykdy. – Ejem öýdemi? – Öýde, ýöne ol öýde adam bar, daşarda oýnaň diýdi. Döwletbaşy elliden geçip, birneme agralan göwresine garaman, bir wagtky sekiz ýaşly oglanjygyň yhlasy bilen öýe garşy ýüwürdi. Işikden üç tirkeş bolup giren balalarynyň didaryny gören Sadap gelniň ýüregi sarsyp gitdi. Ol alma ýaly owadan, balkyldap duran gözlerinden iri-iri kümüş däneleri seçelendirip işige ýüwürdi. – Balam, Sapar jan. Boýuňa döneýin, guzym, geldiňmi? Ol eziz balasyny bagryna basdy. Döwletbaşynyň burnuna şunça ýyllap zar bolan, ýüreginiň başy, gursagynyň deramaty şol diýip ýören mähriban ysy urup gitdi. – Eje jan, gör, sen nähili ekeniň? Men bolsa seniň ysyň-a däl, owadan didaryňam unudypdyryn, eje jan! Sadap gelin tisgindi: – Heý, ak süýt beren enäniň mährinem bir unudyp bolarmy, balam?! – Ýok, käbäm, mähriňi unudamok. Ýöne käte keşbiň hiç göz öňüme gelenok. Onsoň suratyňa bakýan welin, ýüregim ýerine geläýýär. – Döwletbaşy birwagtky eýjejik bala bolup özelendi. – Eje, aý eje, ýene-de öýümiziň töründe, çaluw çalyp otursa-na. Görüp-görüp, gözüm bir gansyn. Ýene bir didaryňdan doýsam, tä ölýänçäm şol bolar. Seni onsoň hiç haçan, hiç haçan unutmaryn... Sadap gelin töre tarap ýöneldi-de, birdenem: «Hih» edip içini çekip durdy. – Guzym, men saňa «balam» diýip durun welin, sen ejeňdenem, agaňdanam, kakaňdanam uly bolup galypsyň-a. Saçyň dagy ne bela, balam... Ap-ak-la?! Ol gözüniň ýaşyny seçelendirip, ho-ol bir wagtky oturan ýerinde, gyzka dokan palasynyň üstünde aýbogdaşyny gurup alyndaňysyny çözüp, sag egninden goýberdi-de, bir gyrmyzy dona çaluw tikip başlady. Döwletbaşy oňa mundan artyk garap durup bilmedi. Ol: – Eje jan! – diýip, özüni ejesiniň gujagyna oklady. – Saçlarymy bir sypalasana. Ukusyzlyk derdi, ýowuz kellagyry hiç aýrylanok. Amerikada ýasalan dermanlary içip zordan uklaýan, käbäm. Sadap gelin, otuz bäş ýaşly nowjuwan gelin elli ýaşly balasynyň başyny dyzynyň üstüne aldy-da, mähirmi, ýüpekmi, nurmy – henize çenli görülmedik, şeýle gudrat bardyram öýdülmedik bir üýtgeşik süýjülik bilen balasynyň başyny sypap başlady. Döwletbaşy meýmireýärdi. Indi kyrk sekiz ýyl bäri zar bolan didarynyň, umydynda gezen mähriniň, arzuwynda ýören ezizliginiň çuňlugyna çümüp meýmireýärdi. – Wah, wah, oglum, sen ne günlere sataşypsyň, balam, gamlar ýuwda-ýuwda ýaşapsyň-a, balam. – Ony sen nämeden diýýäň, eje?! – Saçlaň aýdyp dur-a, her ak saçyň bir hasratyň taryhy ahyryn, jan köşegim. – Saçyň agarmagynyňam manysy barmy, eje? – Döwletbaşy ýerinden galdy-da, dik oturdy. – Bardyr, balam, han-ha çatlap agaran saçlaryň kalbyň hesretiniň yzydyr, balam. Bir ýürege munça hesret köp dälmi, oglum. Bir ýaş başa munça ak saç kän dälmi, balam. Sen munça hesreti nädip göterdiň, jan çagam. Döwletbaşynyň birden kemligi geldi-de, ejesiniň nurana ýüzüne bakdy: – Eje, seniňem alyn saçyň agarypdyr-a, öň ýokd-a. Sadap gelin ýere garady. Owadan didesinden goşa damja ýaş etegindäki ýüpek donuň üstüne patlap gaçdy. Ýöne ýarylmady-da, dür monjugy ýaly buldurap galdy. – Ol saç seniň üçin agarandyr, balam. Biz bu ýerde, ähli kowum-hyştyň bilen otyrys-a. Bir sen ýok, balam. Seniň çekýän dertleriň, ejeň bagryny besse-besse baş etdi. Onsoň alyn saçymda şu saç çatlap agardy, köşegim... Döwletbaşy ýadyna möhüm bir zat düşen ýaly üşerildi: – Eje, meni külli türkmeniň döwletbaşysy saýladylar. Döwletbaşy bolup aňryňy bilmeseň bolmaz-a, şeýle dälmi? Aňrymyz kimler, eje?! Sadap gelin enaýy ýylgyrdy: – Balam, şu gün geleniň gowy boldy. Seniň aňryň beýik ärleri ol jaýda halka gurap otyr. – Eje, men şolary birje göreýin-le. Kimler, olar? Men salamlaşyp çykaýaýyn. Sadap gelin oýa batdy: – Men onda babaňa aýdaýyn. Seniň sygnyp ýören babaň alyp gitse, taňyşdyrsa dürs bolar. Olar seni päk ruh bolup, elleriniň aýasynda göterip ýörendir, emma sen olary tanamarsyň, balam. Sadap gelin gapdaldaky ak hasany syrdy. Aňyrda ak tämiz eşikli, ak selleli goja kybla bakyp namaz okaýardy. Onuň astynda namazlyga derek üýtgeşik bir bulutmy, bugmy ap-ak düşek bardy. Ol «namazlygam» bu adamy ýerden ep-esli ýokarda saklaýardy. – Eje, ol ak sakgal baba kim? – Ol, oglum, Ak işan babaňdyr. Döwletbaşy onuň namazlygyna haýran galdy. Ejesi ony duýdy. – Henizem, babamyzyň az-kem göterilip durşy. Şeýle bir döwür boldy, Ak işan janyň ýarpy göwresi topraga batdy, balam. Ol öz halky diýip, beýik ýaradanyň alynda gije-gündiz dilegde. Halky welin şol döwürde ony ýere çaldy, balam. Indi, hudaýa şükür, babamyz kem-kemden göge göterilip barýar. – Ejesi ýuwaşja pyşyrdady. – Häzir namazyny okap bolsun! Döwletbaşy bu bolýan zatlara haýran galýardy. Ejesiniň aýdýan sözleri, onuň pikirleri oňa hem düşnükli, hem düşnüksizdi. – Eje, sen Ak işan babamyzyň halkynyň öz är-pirlerini öň ýere urup, indi götergiläp ýörenini näbilýäň. Ýa... Sadap gelin alyndaňysyny az-kem ýakasyna çekdi. Oňa derek ak sakgal baba gürledi: – Köşegim, biz beýik ýaradana ýakyn bolduk. Siz bir zady unutmaň: bize siziň her kylan işiňiz aýandyr. Siziň sahawatyňyz, ýagşy işleriňiz biziň ganatymyzdyr, siziň ýaman işleriňiz biziň bagrymyzyň ýarasydyr. Ol ak donuny serpdi-de, arkasyny görkezdi. – Ine, gördüňmi? – Onuň arkasy besse-besse, iriň baglan ýüzlerçe çybandan doludy. – Bu başlar meniň ilimiň-günümiň derdi-belasydyr. Olar günäni edip, sogaba garaşyp meni çagyrýarlar. Olar ýalan dünýäde ýalkansyn diýip, men çyn dünýäde ebgar boldum. Elbetde, bu zatlaryň-da öz hasaby bardyr. Ol Döwletbaşynyň elinden tutdy: – Sen türkmeniň maňlaýyndan Hydyr ata bolup çykdyň, oglum. Ylahym, tutan işiň rowaç, ýörän ýoluň açyk bolgaý. Iki dünýäň abat bolgaý. Baba omyn etdi-de, «bismilla» diýip, tördäki perdäni syryp goýberdi. Onuň gözi döwre gurap oturan nazarkerde adamlara düşdi. Baba olara elini uzatdy. – Ine, oglum, sen öten gije «meniň aňrym kimlerkä» diýip gama batyp, kän hesret çekdiň. Biz halyňa dözmän, seni bärik alyp geldik. Seniň arkalaryň – bular. Sen bir zada düşüngin: seniň uýalar ýaly, kiçeler ýaly, beýle pes arkaň ýokdur. Olaryň bary türkmeniň han ogullarydyr. Olaryň, ynsabynyň alnynda-da, iliniň alnynda-da, Taňrynyň alnynda-da çigidiň gabygy ýaly ýazygy ýokdur. – Ol Döwletbaşyny döwre gurap oturanlaryň ortasyna ýeňiljek itip goýberdi. – Alyň, müň ýyldan soň türkmeniň bagtyny açan serdar ogluňyzy ýüzüňize sylyň. Döwre gurap oturanlar hüwwe ördi. Silkme telpegi seçelenip duran nurana kişi Döwletbaşyny bagryna basdy. – Müň ýyldan soň serdar çykan inerim. – Men seniň ýedinji arkaň Agöýli handyryn. – Ol soň Döwletbaşyny çep gapdalyndaky ak ýüzli, peşeneli ýaşula tarap emaý bilen itdi. – Bu seniň altynjy arkaň, Orazmuhammet baý! Onuň aňyrsyndaky – Taňryguly baý, bäşinji arkaň. O-da Artyk baý, dördünji arkaň, Annanyýaz arçyn – üçünji arkaň, Atanyýaz – kyblaň. Senem biziň balamyz, köşek. Sen biziň üçin kemsinmegin. Bizem özüň üçin kemsinmeli etme, bala. Indi, kowumlaň bilen görüş. Ony atalary gezek-gezegine bagyrlaryna basdylar. Kimdir biri onuň maňlaýyndan ogşady. Ol gözüni açdy: – Kaka! – Oglum! Ol uruşda wepat bolan kakasyny tanady. Otuz iki ýaşly kaka elli ýaşly ogluny bagryna basdy. – Berekella, inerim. Sen ataň tüýs ogly bolduň. Olar ýene-de Ak işan baba bakan üşerilişdiler. – Serdar oglum, saňa ölüm ýokdur. Saňa atylan oklar gelip bize deger. Seni betnam etjegiň özi betnamdyr, omyn. Ak işan baba onuň golundan gaýtadan tutdy. – Gel, Agöýli ataňy diňle! Ol ärleriň äridir. Agöýli han Döwletbaşynyň ak sepen başyny sypalady. – Men barada gam iýme, bala. Men Keýmir kör bilen teke ilini baryp Wasdan garry watana getirendirin. Keýmir teke iliniň sag goly bolsa, men çep goludyryn. Keýmir jan teke iliniň gaýrasyny goran bolsa, men ilerden ilime guş uçuran däldirin. Arman, ondan bäri köp suwlar akdy. Şaýatlar şehit boldy. Ýyllaryň ýüzüni ýel-ýagmyr bozdy. Eger, bir yz galan bolsa, Hywa hany Şirgazy hanyň köşgünde bardyr Keýmir ikimiziň at-owazamyz. Näme diýselerem, Şirgazy han mert handyr. Ol teke türkmeniniň söwer dostudyr. Arman, olam şer işi edenleriň girdabyna gark boldy. Sen Agöýli ataňy tanajak bolsaň, Keýmir bilen Şirgazydan habar alyber... Ol «indi men aýdyp oturmaýyn» diýen manyda ogly Orazmuhammet baýyň ýüzüne garady. Ak işan baba assaja ähüm-ühüm etdi. – Serdar oglumy gaty ýadatmaň – diýdi-de, Döwletbaşynyň elinden tutdy. – Çyn söhbet indi başlanýar. Barysy öňdedir. – Ol perdäni ýapyp goýberdi-de, ony ýene-de ejesiniň alnyna getirdi. – Me, ýagşy gan, gyzym, Serdar balaň didaryndan... Sadap gelin balasyny ýene-de bagryna basdy: – Balam, men seniň türkmeniň patyşasy boljagyňy baryp lerzandan öň bildim. – Ol nädip, eje jan? – Bir gün Nurtäjiňkä bardyk. Ho-ol halyçylaryň başlygydyr-a. Şonda biri «Şaja Batyr birinji sekretar bolupdyr» diýen habar getirdi. Menem hasratdan ýere siňip ýördüm. Kakaň «öldi» habary geldi. Gahatçylyk. Üç sany çülpe çagany eklemek aňsat däl. Şonda nadyl boldum, balam. Biziň-ä birinji sekretar boljagymyz ýok, ärimiz frontda galdy. Bu çagajyklarymam aman-sag ile goşsam bolany – diýdim. Ine, şonda Nurtäjiň ejesi Ogulnyýaz daýza al-petimden aldy. – Goýaweri, gyzym, goýaweri. Seniň ýaly asylly, namazlyk ýaly päkize aýalyň dogran çagasy birinji sekretaram bolar, patyşa-da bolar, ahunam bolar, şükür et – diýdi. Şondan öňem birki sany aýal: «Oturyşyň-a patyşanyň ejesine meňzeýär» diýip aýdypdy. Göwnüme bolmasa, beýik Taňrynyň perişdeleri şonda «omyn» diýen ýaly boldy. Şonda men muňa çynym bilen ynandym, balam. Lerzanda-da gözüm açykdy. Bir uly agaç seniň üstüňe gaýtdy. Emma bir gudrat agyr stolumyzyň astyna seni iterip goýberdi. Onam anyk gördüm, balam... Şonda seniň goraglydygyňa ynanypdym. Indi men senden razy. Ýöne, birje dilegim bar. – Aýt, eje jan! – Aýtsam, anna agşamy men seniň ýanyňa barýandyryn. Şonda «Raçki» – «leňňeçjikler» diýen bir kemput bardyr. Şony bir käse çaý bilen iý-de: «Allahy ekber, ejemiň alnyna barsyn» diý. Men şol kempudy gowy görýändirin, balam! Bormy!.. Döwletbaşynyň ýüzi solan ýaly boldy. – Eje jan, men muny näme üçin öňräk bilmedimkäm? Geregiň «Raçki» bolsun! Sadap gelin üýtgeşik mähir bilen ýylgyrdy: – Ýok, oglum, munam sorap duraňsoň, gepiň gerdişine aýdyp goýberdim. Mensizem seniň aladaň ýetik, çagam. – Ol ýene bir begençli habary bar ýaly ýylgyrdy. – Meniň bilen bileje işlän, şol uly halyny dokanlaram bir tirsegine galdyrdyň, ogul. Olaryň hem bary şu ýerde. Olar seniň ýagşy dilegiňi edip ýaşap ýörendirler, balam. Käbede eden doga-dilegleriňem bary kabuldyr, oglum! Döwletbaşy gysylyp gepledi: – Sen razy bolsaň bolany, eje jan. Sadap gelin birden gyssandy: – Kakaň hiç zat aýtmadymy? – Ýok, eje! Ol gussaly gürledi: – Özüňi aýa, oglum. Özüňi gora. Hiç bolmanda: il-günüň, bu şehit ýatanlaryň päk ruhy üçin özüňi aýa. Seniň duşmanyň köp, gaty köp, balam. Agşamky ýüregiň gysanynyň näme üçindigini bilmediň. Öz daşyňdakylardan ägä bol. Şol ezizläp ýöreniň päli düzüw däl. Men ýüregiňi çişirmäýin. Kim saňa kiçi dilden «sen-sen» etse, şondan ägä bol. Geleniň gowy boldy, çagam. Saňa atyljak gülle külli türkmeniň ajalydyr, oglum, özüňi aýa... – Bor, eje jan! Döwletbaşy syçrap ýerinden galdy-da, körek ýanýan yşyga gözlerini süzgekledip, özbaşyna pyşyrdady. Bor, eje... – Soň birden özüne geldi-de, tarsa ýerinden Turdy. – Sen nirede, eje? – Soňam bu zatlaryň barynyň düýşdügini bilip, özüni düşege lampa goýberdi. Soň tä daňdana çenli gözleri çirim etmedi. Uky dermanynyň hem, ir säher çekilen çilimiň hem delalaty ýokdy. Onuň bar hyýaly ýap-ýaňy şeýle aýan, aýdyň görüp oýanan oraşan düýşüne gitdi. – Ejesi näme üçin howsala düşýärkä? Kimkä ýüzüme dostsuran bolup, gözüm sypyndygam, bagrymdan otlajak bolýan. Aý, ýok-la, ýoldaşlarym, egindeşlerim-ä türkmeniň men diýen gerçek ogullary. Ýa bularyň bary bir biynjalyk ukynyň oýnumyka? | |
|
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Dirilik suwy -25: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |