18:59 Döwletbaşy -4/ romanyñ dowamy | |
3.
Romanlar
Öňe ýaňy nahar alnypdy. Sähet «ýenjigiň» bu howdan kimin giňişleýin otagyna bujagaz ýigrimi adamyň-a däl, olaryň ýene ýigrimisi hem arkaýyn sygjakdy. Ortadaky derýa ýaly bolup, uzalyp gidýän klýonka-saçaga garanyňda-da, bu nygmat-owkadyň ýigrimä däl-de, segsen, ýüz adama niýetlenendigini soraman biläýmelidi. Saçagyň üstünde Aşgabatda ýa SSSR-de däl, dünýäde adyny tutan nygmatlaryň köpüsi goýlupdy. Üýtgeşik gaplyja «kola», «pepsi» diýlip gaýry dilde ýazylan ýürek sowadyjy içgiler, banan, daşy uruş döwrüniň granatlarynyňky ýaly kesik-kesik keşdesi tikenli, içi gawun ysly süýtden doly miweler, hurma, kömelek, bekre, işbil, leňňeç, aý, garaz täsinden-täsin miweler, dürli-dümen nygmatlara ýanalyp, agzyňy suwardyp ýatyrdy. Ýüzüne gaýry iliňhaty ýazylan dörtgyraňly, bokurdagy dikmi, bogukmy, içi durumy, almy, garagoýumy, garaz, her dürli içgiler boýlaryny ölçedip, görene özüni güjeňläp otyrdy. Her ýerde-her ýerdebu çaklarda garasy görünmedik tirek tokgasyna çenli mylgyrap ýatyrdy. Daşardan buglamanyň, kebabyň ysy içerä kürsäp urýardy. Sähet «ýenjik» eplenip ýazylan ýüpek halynyň üstünde bitaý gözüni töweregine dolap, käte bir saçaga ýa gultunyşyp oturanlara awuly nazar bilen garap, gyşaryp ýatyrdy. Häli haýbatly gap-gara «Wolgasy» bilen gelse-de, Şanazar Begow hem bir gyrada çugutdyryp otyrdy. Ol käwagt Sähet «ýenjige» tarap garaýardy-da, soň depesinde kel mekgejöweniň gulpagy kimin ülpüldäp duran saçyny sag eliniň barmaklary bilen ters ugruna darap goýberen bolýardy. – Eý, seniň bir... sagat näçe boldy? Sähet «ýenjigiň» bu sesi öňem oňaýsyz ýagdaýda oturan adamlary galpyldadyp goýberdi. Oturanlaryň biri sagadyň näçe bolanyny aýtdy. – Sekiz boldy? Sähet «ýenjik» ýene-de yzgytsyz sögünjiredi: – Beg, indi ýene kimiň gelmeli? Şanazar Begowyň sesi seresap çykdy: – Gelmeli öz-ä, içeri işler ministri gelmeli. «Birleşik» gelmeli. Söwdadan gelmeli. KGB-den oglanlar gelmeli. Gazetçiler gelmeli. Sähet «ýenjigiň» şikesli sag gözi bir çekgesine agyp, gulagynyň ýanlaryna geldi: – Heý, doganlaryny... Näme, bu wagta gelmän, o ýerde olar –Sähet erbet sögündi. Şanazar Begow giňgursaksyran boldy. – Geler, geler, azajyk darykmalyň! Sähet gazap bilen ýeke dyzyna galdy: – Beg, geler-geler diýip, jelep heleýiň gepini tapma. Men ýa bu oturanlar saňa «şesterka» däl, ýa kerýuha däl. Öňki sapar elli adam geljek diýip, pohuňy iýdiň. Bu sapar ýüz adam geljek diýip, ýene pohuňy iýdiň. – Ol agzyny-burnuny towlady. – «Ýaşulynyň» özem geljek» diýen bolduň. Hany geleni. «Içeri işler ministri, ýene on ministr geljek» diýen bolduň, hany geleni?.. Guljan aga Sähediň töweregine «bägülüň» ysyny ýaýradyp oturmagyny halamadyk bolara çemeli, ýuwaştap ses bilen töwella etdi: – Sähet jan, gyzma, aýyp bolar. «Myhman ataňdan uly» diýipdirler. Çaý ber, nahar ber, gelen geler, gelmedigem, öz nesibesindäkini görer. Munça zat döküp, munça halk ýygnap, indem tagamyňam, myhmanyňam azasyny almak aýyp zatdyr. Sähet «ýenjik» özüni ýassyga goýberdi. Soň halynyň üstüni ýumruklady: – Wah, jan agam, Guljan kaka, meniň janym ýanýar. Şu wagt kakamam bolsa, şol söz berip eglenenleriň garnyndan gapy açdyrardym, goý, ol hudaý bolaýsyn. Bu ýerde tertip ýok. Tertip bolmadyk ýerde äsgermezçiligem başlanýar, eden-etdiligem... – Onda-da salykatlylyk, sabyrlylyk gowy zatdyr. «Ýenjigiň» jany ýandy: – Şony bilmän, men posledniý twardyryn-ow, Guljan kaka. Senem, hil ýaşuly, hojam aga diýseler, agzyňa gelenini gusup goýberýäň-ow. Men-ä saňa ýagdaýy aýdýan, senem, bir durragyň gepini tapýaň. Hiç kimden ses çykmady. «Ýenjik» ýene-de hetjikläp başlady: – Bular swoloçlar, bular zarazalar!.. Özler-ä döwleti öz ellerine aljak bolýarlar. Özlerinde-de tertip ýok... Ine, şoňa janym ýanýar. – Toba, toba! Heý, beýle-de azgynçylyk bolarmy? Toba, toba... Agzyňdan çykýan söz näme? «Ýenjik» ýene köşeşmedi: – Toba däl, çyn bolansoň, şoňa janym tüteýär. Bir zady başlamaly däl, başladyňmy, yzynda erkek ýaly durmaly. Bular bolsa... Şol arada işikde galagoply hümürdi eşidildi. – Kim geldi? – Seniň ýanyňa, Aga-baý! – Gelsin! Içeri abraýly gazetleriň biriniň baş redaktorynyň inisi girdi. – Essalawmaleýkim, Aga baý! «Ýenjik» gyşaryp ýatan ýerinden üstüne abanyp, salam berýäne barmagynyň ujuny uzatdy. – Waleýk! Myhman sary-sadylla bolup durşuna, oturjagynam bilmedi, dik durjagynam... Gagşaýan ýaly, sesini tolkunlandyryp arzyny aýtdy. – Aga-baý, dogan, agamyň maşynyny redaksiýanyň işiginden alyp gidipdirler. Soň yz çaldyk, gördüm-bildim ýok. Redaktor adam-da. «Pylan redaktoryň maşynyny alyp gidipdirler...» diýip, ile dolupdyr. Milisä-de habar beripdir aljyrap ýörşüne. Indem içeri işler ugrundan işleýän bir garyndaşymyz: «Şol mert adamdyr». «Sen, agam, gaýrat et» diýseň düzeder» diýdi. Menem gaýtdym. «Hakynyň gürrüňi ýok. Şol masgaraçylykdan dyndarsa bolýar» diýdi, agam. – Näçe emlejek diýýär agaň? – Näme diýseňiz. Onda bir arta-süýşe zadam ýok-laý, kagyz ysgaýmasa... Barjasyna-da aýagulag aldy, onam... – Sähet «ýenjik» eplem-eplem bolup dik oturdy. – Näme, miliseler hossar çykmadymy? Şolara-da emlän bolsaňyz, tapyp bererd-ä. Aýaklaryna ýykylan bolsaňyz – Ol bitaý gözlerini töweregine aýlady. – Bular bir bajysyny kowaladygym-how. Milise size me – Ol süýem barmagy bilen orta barmagynyň arasyndan başam barmagyny çykardy. – Ine şuny tapyp berer olar. Şu wagta çenli milisäniň iş bitirenini gördüňizmi? Şonda-da şular şora eňen gotur düýe ýaly, milisä eňýärler. Bar, men bilmen, git, milise tapyp beribersin maşynyňy. Gelen ýigit özelenip ýalbaryp ugrady. – Aga-baý aga, jan agam, gaýrat ediň. Agamyň ýüreginden tutup, dört sapar «tiz kömek» çagyrtdyk öýe bir günde. Ol öljek. Ol ölse-de, yzynda sekiz sany gözmonjugy ýalyjak çagasy bar. Heniz birinem öýerenok. Gaýrat et! Sähet «ýenjik» hyrçyny dişläp, başyny arman bilen ýaýkady. – Soň-a bilýäňiz-le, käbir ýerleriňizi ýagşy derledeniňizden soň kimiň ýanyna barmalydygyny. Arman, men, eşek, gözüni çalyp, aýagyňa ýykylyp dursalar, «bolýa» diýäýýän. Etmelis-ä bar-la welin... Ol birden içerini tisgindirip, jynssyz gygyrdy: – Tentek! Aý, Tentek! Daýaw, gaşynyň üsti çapyk pyýada içerik girdi. – Hawa. – Şu dogansyzyň... işini bitirip goýberiň! – Nomeri näçe? Gelen adam maşynyň nomerini, reňkini aýtdy. «Tentek» diýýänleri oýly halda ýüzüni sallady? – Ol eýýäm nemedilen-ä. Sähet gazaply gygyrdy? – Diýlenini et, seniňem doganyňy... «Tentek» gidibermedi. – Onda üç gün garaşsyn! – Ýok, iki gün! – Ol ýene-de işige garady – Başgakim bar! Içeri ýaşy birçene baran pukara kişi girdi. – Manlykmy, man-saglykmy, han. – Ol töre garady-da, Şanazar Bege ýüzlendi. – Aga-baý aga haýsyňyz bolarsyňyz. – Ol «Ýenjige» tarap taşlanan nazarlary görmedi. – Aýdyber! Ýaşuly günäsi agyr biçäre bende ýaly, sary-sadylla bolup galdyrap durşuna, agyly ses bilen arzyny aýtdy. – Aga-baý agam, men bir ýazykly bende, hudaý uran, iki oglum owganda galdy, gyzym özüni otlady. Şolaryň ýylyna diýip saklap oturan iki goýnumy işigimden alyp gidipdirler. Palça bardym. «Malyň bar, ýöne güýçli goldawyň bolmasa, elden gidýär» diýdi. Mende arka näme işlesin. Seniň ýanyňa gaýtdym oýlandym-oýlandym-da. – Milisä bardyňmy? – Hudaýlarym saklasyn. Seniň ýanyňa geljek bolsam, milisesine-de barman, purkuroryna-da. Iliň indi milisesem sen, purkuroram sen. Ony men bilmesemem, il bilýän eken. «Ýenjik» daşary gygyrdy: – Jöwlan! Içeri başy çürüje bagana gulakçynly, ýüzi uruş döwrüniň künjarasynyň reňki uran ýaly, hor, çöpe jan bitdi kişi girdi. Ol burnuna salyp: «Näm-mold-ow, meýle!» diýip, hondan bärsi gürledi. – Ýaşulynyň dowarlary ýene bäş sagatdan öňki gazygynda daňylsyn. – Adyrisi näme? Ýaşuly gyssandy: – Wah, siňeklide Mele ussa diýseň, adyrisem şol, padyrisem... – Mor-da!.. Işikde maşyn sesi eşidildi. – Kim geldi? – «Ýenjik» bitakat bolup sorady – Kim?! Milisgeleň ministri! – Kim! – Dubronenkodyr, ol öz adamymyz, gelibersin – diýip, häliden bäri girmäge deşik gözläp oturan Şanazar Beg az-kem açylyşyp aýtdy. – Aýtdym-a, «az-maz howlukmalyň, geler» diýip. Içeri dört sany epeý adam girdi. Olar töre geçdiler. Gelenleriň ikisi öňki ministrdi. Ikisi bolsa häzirem ministriň kürsüsine çümüp otyrdy. – Hany, ýaşuly gelmedimi? –diýip, Şanazar Beg az-kem eýemsiräp, az-kemem ýallaklap aýtdy. – Ýok-la – diýip, ýaş ministr ýeňiljek sport finkasynyň üstünden geýen jalbaryny çykaryp durşuna aýtdy – Men jaň etdim «ýaşula». «Siz baryň, «Dikme» henizem otyr. Soramagy mümkin» diýdi. – Beh – edip, häliden bäri gürrüňdeş tapman oturan Aždar Dönmezow başyny ýaýkap aýtdy. – «Dikme» henizem gaýtmanmy? – Onuň yhlasy gaty zor-ow. «Sähel aýrylsam «elimden gidäýmesin» diýip ýapyşyp ýatyr. Dönmezowyň sesi dözümli çykdy: – Her näme etse-de, indi az galdy. Elinden gaňryp alarys welin şol kürsini, şonda-da bir çyksyn jany. On ýyl oturan kürsimi ald-a, nähili ministrdim. Takga janym çykmad-a. Onuňkam çykmaz... Gelmeli adamlar geldi hasap edilenden soň, nahar çekilip başlandy. Sähet «ýenjik» uzak oturyp bilmedi. Ilkinji tosty özi göterip, özi söz aldy: – Şu saçak, adamlar, geljekki patyşalyk saçagy bolsun! Hudaý jan bize şu günümizi köp görmesin!.. – Tüweleme, saçak kemi ýok, guşuň süýdi diýseňem tapyljak. – Aý, berekella! Şanazar Beg az-owlak içip, kellesi sämänden soň, sakynyň borjuny eline alyp başlady. – Onda, dostlar, men şu tosty türkmeniň başyndan musallat bolup inen «dikmäniň» ýykylmagy üçin içýän! – Toba, toba! – Aý, berekella! – Göteriň! Içi arakly, konýakdyr wiskili hrustal gaplar biri-birlerine degip, jyňňyrdaşyp başlady. Adamlar gybata ýatdy. Bidenem, bu bolşa «ýenjigiň» myrryhy atlandy. – Adamlar, meniň öýüm jelep heleýleň üýşüp gybat edýän ýeri däl. Öňüňizdäkini iýiň, omyn edip saçagy ýygnaň, soň ediň gybatyňyzy... «Maňa haçan söz berlerkä, men haçan içimi dökerkäm» diýip, gultunyşyp, böwregi böküp oturanlaryň keýpi uçdy. Diňe Guljan aga ekezlendi: – Ony oňardyň! Naharyň hormatyny saklamasaň, yrsgal durmaz içerde... Bu ýere üýşenlere häzir nahar-şor zeruram bolsa zerurdy welin, olaryň ediljek iş, çözgüt barada çaltrak bilesleri gelýärdi. Şonuň üçin saçak çalt ýygnaldy. Şanazar Beg dişini otluçöp dänesi bilen gorjap, demini dişleriniň arasyndan ýakymsyz «çyp-çyp» etdirip sorup oturyşyna, hökmürowanlygyň elinden gidenine ýarylyp bilenokdy. Häzir sähel gep bolsa ýarylyp, bu ýerden çykyp gidibermek hyýalam ýok däldi. – Saçag-a ýygnaldy – diýip, ol bir «Ýenjige», birem ak sakgaly nurana ýüzüne ýaraşyk berip duran Guljan aga garady. Guljan aga saýhally ses bilen omyn etdi-de, «agşam namazym geçip barýar» bahanasy bilen daşary ýöneldi. «Ýenjigiň» ony sypdyrasy gelmedi: – Guljan aga, otag kän-ä, gir-de okaber, namazyňy... Dogrusy, Guljan aganyň bu ýerde mundan artyk galasy gelmeýäni ýüzünden bildirip dursa-da, dagy alaç tapmansoň günbatar taýky otaga aýlandy. – Hany, indi kimiň näme keýpi bolsa edip, gürleşibereliň... Şanazar Beg howlugýardy. Ol gapdalynda keserip, garnyny halynyň üstüne agdaryp ýatan içeri işler ministrine aladaly garady. –Sähet jan, sen dogry aýdýaň, gürrüňe indi başlamaly. Özem, serýoznyý başlamaly. Häli seniň gaharyň gelende meniň ýüregime jüňk boldy. Dogrudanam, biz serýoznyý işe baş goşup, hallyň-sallyň etjek bolsak, onda bitiren goşumyz bolmaz... – Tertip gerek! – diýip, häliden bäri garaşyp halys aňkasy aşan, «ýene öýe pyýada barmaly bolsa, bu gije-de daşarda ýatmaly bolýan» diýip, gelni Bikäniň öçli ýanýan gözlerine hyýalynda grap oturan Aýly aýtdy. – Giden döwletiň garşysyna, hemme zady elinde saklap oturan döwletiň garşysyna nädip göreşjek, tertip bolmasa, şeýle dälmi? – O nähili diýip, elindäki burugsap duran düdäni gyzgyn simli tarelkanyň içine oklap goýberen «Ýenjik» gaharyna bäs gelip bilmän aýtdy. – Hany, aýt, döwlet nämäni öz elinde saklaýar häzir? Aýly dilini dişledem welin, indi giçdi. Onda-da ol syr bildirmedi. – Döwlet döwlet bolar-da. Konstitusiýasy bolsa, kanuny bolsa, häkimiýeti, hökümeti bolsa, şolara kontrollyk etse, ony inkär edip bolmaz-a. «Ýenjik» ýeke dyzyna galdy-da, bitaý gözleriniň şikeslisini hanasyndan çykarara getirdi. Soň inçejik, uzyn bileginiň gap bilinden çep eli bilen gysymlady-da, öňe-yza somlady. – Me, şuny eder kontrollygy seniň döwletiň. Seniň döwletiň, tfu, düşündiňmi? Döwlete men kontrollyk edýän, men. – Ol sowan simi gapdalda kiçijik maňňalda pessejik gaz ballonyndan akyp gelýän gaz bilen simleri gyp-gyzyl edip, garabaşyna gaý bolup oturan hüý gara oglana tarap dazyrdadyp saldy. Idemalyňy, ýogsa-da, ýok bol, harramzada. – Ol soň gyzaryp duran sim öňüne gelensoň oňa tokgalanyp duran tirek şiresini syryp goýberdi-de, elindäki düde bilen burum-burum bolup göge garşy uçup ugran tussäniň yzyndan kowalap başlady. Beýlekilerem şoňa eýerdi. Ol içindäki tütüni gemrik-gemrik dişleriniň arasyndan bolluk bilen zogduryp goýberdi-de, henizem hanasynyň agzynda duran şikesli gözüni ýerine getirdi. – Birhaýukdanam jansyz ses bilen süýkdürip gepledi. – Ahal-a däl, Aşgabadam däl, Daşhowuz oblastynda-da, Çärjew oblastynda-da, Mary oblastynda-da, Gyzylarbat bilen Krasnowodskide-de mensiz çöp başy gymyldadan kişä men «ärmämmet» diýeýin. – Ol işige gygyrdy. – «Tentek», näçe maşyna ýetirdiňiz? «Tentek» gözlerini elek-çelek etdirdi-de, işigiň agzynda söme-som bolup duran ýerinden: – Ýygnalanymy? – diýip sorady. – Ejjeň seniň! Men saňa hetjikläýin duraýynmy, doganyňy bir... Bol, seniň bir bajyňy... «Tentek» öňem çapgy ýassygy ýaly boýnuna agram salyp duran äpet kellesini elesletdi: – Üç ýüz altmyş, ýok, ýok, iki ýüz altmyş. – Respublika boýunça näçe? – Müň-ä bardyr. – Toçnyý aýt! – Ýetdi ýüz. – Ol asmana bakdy-da, gözlerini süzgekletdi. – Ýetdi ýüz segsen-togsan-a bardyr. – Bolýar, bar işiň bilen bol! – «ýenjik» razy halda düde bilen tütünläp duran şiräni demine sordy. – Bular maşynlar. Gerek bolsa, aeroportdaky samolýotyňam, awtobuslaryňam doňduryp bereýin. Ogrular, buw, olaryň oýnuny bir görsediňiz. Onsoň respublika kim kontrollyk edýär. Häzir şol sekiz ýüz maşynyň hersinden on müň manat gelse-de, milliard manat bolýar. Ogrular getirse milliardy. Neşe ýolundan şonça gelse, reketler şonça getirse, ine saňa bäş milliard manat. Oňa-da tutuş döwletiňi satyn alyp bereýin. – Onyň dogry – diýip, Aýly ýene-de sypalga gözledi. – Ýo-ok – diýip, «Ýenjik» ony sypdyrmady. – Biziň oglanlar aýdýar: «Respublikanyň ähli maşyny biziňki» diýip. Ogrular aýdýar: «Respublikadaky öýleriň bar baýlygy biziňki» diýip. Reketler aýdýar: «Ähli baýlar biziňki» diýip. Onsoň, çestnyý aýt, döwleti kim elinde saklaýar? – Hawa-la! Şanazar Beghem «Ýenjigiň» gapdalyndan atyny goşjak boldy. Ýenjik oňa ýol bermedi. – Otur, otur. – Ol başam barmagyny nagana öwrüp Aýla çenedi. – Sen meni tanaňok. Onuň üstesine, ähli wezipeli adam meniň gysymymda, düşnüklimi?! Kimi kyhlaýyn diýsem... – ol şol «nagan» bilen bokurdagyny syhady. – Şonam kyhlaryn. Kimi syhlaýyn diýsem, şony syhlaryn. Golaýyma geljek bolmaz. Hany, gelibem bir görsünler. – Ol garnyny göterip bilmän, elindäki düde bilen ujy gyzaryp, tütünläp duran simi sorup ýatan ministre, dodagyny çöwrüp, ýigrenç bilen garady. – Maňa kontrollyk etjek şol ýatan dälmi? Pf-uw, olar ýalyny men kän gördüm. Entek bir döwleti öz elimize alaly, ine, şonda görer- siňiz «Ýenjigiň» kimdigini... «Ýenjik» elindäki düdäni tabaga goýmaga-da mejal tapman, başyny ýassyga goýdy-da, özünden giden ýaly bolup irkildi. Şanazar Beg pursady gidirmedi: – Sen, ýegen, çaga bolma. Döwleti indi hökümet edara edenok. Döwleti ine, şu ýerde oturan adamlar edara edýär. Hudaýa şükür, «ýaşulymyz» öňümize düşüp ýör. Ol aýtdy: «Döwlet moral taýdan biziň elimizde – diýdi. Döwlet hukuk goraýyş organlary gutardy ahyryn. Ýaňy gördüň-ä, iki sany adam kömek sorap Sähet janyň aýagyna ýykyldy. Ynanmasaň, han-a, ministri otyr, sora. Şol respublikadaky durmuşa kontrollyk edýärmi ýa-da ministr? Ministriň özem gelip: «Biziň nobatçy maşynlarymyz ýitdi, şony tapmaga kömek et» diýip özelenip otyr-a... Bu gürrüňler Aždar Dönmezowyň ýeňse damaryndan tutdy. Ol hytdy-pytdysyz gürledi. – Beg, hany çaga gürrüňini etmeseňiz-läň. Öňki sapar, öňki sapar, bu sapar, bu sapar, ýöne boş gürrüňe tutup otyrsyň. Anyk netijä gelmejek bolsaňyz, geliň, dargalyň. – O nähili boş gürrüňmiş-äý – diýip, neşesi ýeten Şanazar Beg nury süzülen gözlerini Aýla dikdi. – Ol nähili boş gürrüň, ol. Biz, biz respublikanyň ähli ugruna kontrollyk etdikmi, etdik. Onda nähili boş gürrüň bolýar?! Dönmezowam gaýra oturmady. – Sen edilen zadam, edilýän zadam aýtma. Näme etmeli, şony aýt. Häliden bäri bu bolýan gürrüňlere ser salyp, elindäki diktofonynyň bagyny oýnap oturan Ak-Juma aralyk gep tapdy. – Gürrüňiň gidişi dogry. Beg aga dogry aýdýar. Biz näçe güýjümiziň bardygyny ilki bir saldarlap görmeli. Dogrudanam, näçe güýjümiz bar, näme edipdiris. Onsoň Dönmez aganyň aýdyşy ýaly, näme etmeli, şoňa geçmeli. Ol dogry, ýöne juda haýal. Anyk, çalt-çaltdan, birinjiden, nämämiz bar, ikinjiden, näme ediljek, üçünjiden, kim nirede nämä ýolbaşçylyk etmeli, şony anyklamaly, wessalam! Ak-Jumanyň bu maslahaty hemmelere ýarady. Şanazar Begow eline bloknotyny aldy-da, äýneginiň şahyny gulagyna geýdirdi. – Men güýçlerimizi sanabereýin. – Ol bloknotynyň üstüne egildi. – Gözümem ýetenok, walla, yşyk ýaman pes-läý. – Getir bäri, näme okamaly? Sende bolmasa, mende bar göz! Her näme-de bolsa, Şanazar Beg bloknotyny Dönmezowa bermedi. – Onda, diňläň, diňleýäňizmi? Men güýçleriň balansyny aýtjak. Başladym! Diýmek, bizde «Dikmäniň» döwlet dolandyryşyna düýpli garşylyk urup biljek güýç bar, olar: 1. Sähet – kanundaky ogry. Şonsuz maşynyňam, puluňam «dymp» etmeýär. Jogapkär – Sähet. Bütin respublika şoňuň elinde, birinj-ä şeýle. 2. Içeri işler ministrligi – kanunyň işlemegini saklamaly. Ana, Dubronenko. Biz olardan arkaýyn. Olar biziň sag golumyz. Ýolbaşçysam, Dubronenko. Respublikada näçe milise bolsa, bary biziňki – Ol Dubronenko ýüzlendi. – Wasiliý Ignatewiç, şu sud bar, respublikanyň prokurory bar, şolar ýene gelmedi. Ýapikirlerini üýtgedip ýören bolmasyn. «Ýaşul-a» arkaýyn boluň» diýipdi. Dubronenko ýassygy tirsekledi. – Siz olardan arkaýyn boluň. Olar öz adamymyz. Şanazar Beg arkaýynlaşdy. – Bolýar, olaram «ýaşulymyz» ikiňize tabşyrdyk. 3. Ministrler! – Ol barmaklaryny basyp sanap başlady. – Ol! Ol! Ol... Ine, bularam boldy bäş ministr. Içeri işler, içeri söwda, daşary söwda... Bulary men öz üstüme alýan. – Şeýle dälmi, Hajy – diýip, tüssäni köpräk ýuwudany üçin süňňüni ele alyp bilmän oturan ýaş ministr «dogry» diýip eňek atdy. – Dogly! – Indi, şu ýerde Dönmez aga seniň pursadyň geldi. Çykar gylyjyňy-da, eňöňe! Işden kowlan-uw, öňki ministrlerden kimi çekýäň? Özüň bar, aý, ministr gytmy, işden kowlanlardan, çöple ählisini! Baryny it öýkeleden ýaly etd-ä, ol. Dönmezowyň gözleri ýandy: – On ministr! Barysam işden nähak aýrylan. Özleriniňem men diýen wagty. Nirä eň, kime täsir et diýseňem, biz taýýar. Ähli ministr, şu wagtky ministrleriň bar-a, şolaryň ählisi biziň ekdimizdir. Baý, güjükligine dalanma kemi galan däldir-ä. Indi, bizi görseler, ellerini, aýaklaryny ýokary galdyryp, çyňsaşyp durandyrlar... Şanazar Beg begendi: – «Ýaşulam» aýtdy «Men Dönmezowdan arkaýyn» diýip, berekella! – Ol Aýla seretdi – Indi, apparatyň işgärleri. – Ol bloknotyny agdaryşdyrdy. – Olary, ýegen, sen gowy bilýäň. Bir-ä şol gyzyň bar, protokol bölümiň bar, oba hojalyk bölümiň bar, hemem transport bölümi. Şolary eliňde sakla. Ätiýaçdan, gerek bolmagy mümkin, «dikmäniň» janpenalaryndan azdyrany özüňki. Bu-da boldy, bäşinji. 6. Mejlis! Ýokary Sowetiň deputatlarynyň sekizisi biziň öz adamymyz. – Ol töweregine garady. Beýlekileri-how, bir süri mal! «Eliňizi galdyr» diýseler, ellerini göterýärler, «el çarpyň» diýilse, el çarpýarlar. Şol sekiz adam halk wekili hökmünde biziň aýamyzda. Olardanam käbiri gelmelidi welin, gelmedi, altynjyňam beýläkmi? 7. Din wekilleri! Olaryň ählisem biziň öz adamlarymyz-laý. Olara haçan «geliň-äý» diýseň, yzyňa düşýär. – Dur – diýip, Dönmezow ony saklady. – Sen eňip barýaň-aý. – Özüňiz diýdiňiz-ä hem konkret, hem çalt aýt diýip. – Çalt aýt – diýemok. Başga bir mesele bar. – Aýt-da! – Aýtsam, Täjigistanda metjitler gorhana öwrüldi: ýaragam, ok-därem metjitlerde saklandy. Döwleti ele aljak bolsak, şolaryň bu tejribesini bizem peýdalanmaly. Dindarlar, sellelerini tegeläp, «alma biş, agzyma düş» diýip oturmasynlar. Döwlet, azatlyk gerek bolsa, olaram göreşsinler... Namazyny okap, gelip bir gyrada çugutdyryp oturan Guljan aga zowzuldap başlady: – Haýt, inim, hudaýyň öýüni bir öz raýyna goý. Işiň bolmasyn metjit-medrese bilen. Dönmezow öňki badyhowalygy bilen ýaşula ajysyny pürkdi. – Aýt, aňkasy aşan çal, otur öňüňe berleni ýala-da. Ors metjidiňi, medresäňi ýykyp, «perýod» diýse-de «Ýaşasyn, Lenin!», «Ýaşasyn partiýa!» diýip ýördüň. Indi, ýagşy iş üçin sala salynsa-da, temegiňi göge tutýaňyz. Siz biziň otuz ýedini açmajagymyzy bilýäňiz, ýogsa, baý, bedene bolup saýrardyň-a. Ýöne, entejik bir duruň... – Indi, sekizinji! 8 – «Agzybirlik!» Ak-Juma oturyp bilmedi: – «Agzybirlik» öz pozisiýasyny üýtgedenok. Siziň şu ýygnanyşygyňyzam, blagodarýa «Agzybirlige». – «Agzybirligiň» pozisiýasy näme? Ak-Juma birneme öňe süýşdi: – Neme-däreý, Leniniň döwründe-de, ondan öňem döwlet basylyp alnanda ýa-da ol elden beýleki ele geçende, rewolýusiýa taýýarlanylanda bir esasy ýagdaýa uly üns berlipdir. Olam, birinjiden, döredijilik intelligensiýasy: ýazyjylar, hudožnikler, žurnalistler! Bizem, ine, şu çüýi berkitmeli. Meniň, toýest, «Agzybirligiň» elinde şeýle ýazyjylaryň on bäşisi bar. Şolaryň ýekejigi, Şirli şahyr bularyň başyna nähili oýunlary saldy. Onuň türmä düşmezden öň «Dikme» barada, onuň nökerleri barada ýazan klassyky goşgulary ýazylan kassetany biz saklap ýörüs. Gerek bolsa, şonam köpelderis-de, halka ýaýradarys. Ýigrimi sany azy ýaran žurnalist biziň çlenimiz. Hudožnikleriň-ä hemmesi diýen ýaly biziň öz adamlarymyz... – Daşary döwletler bilen näme baglanyşygymyz bar, şonam aýd-a – diýip, Aždar Dönmezow buýsançly aýtdy. – Daşary döwletlerden ABŞ biziň tarapymyzda. Onuň «Azatlyk» radiostansiýasy, häzir biziň organymyz diýen ýaly, «Ýaş geljek» diýen gazet biziň öz organymyz diýen ýaly. Şol gazetde işleýän otuz alty adamyň azyndan otuz bäşisi biziň öz adamlarymyz. Haçan köçä çykmaly diýseň, «urra!» diýip, çykyp bilýärler. Olar Gökdepe galasyndaky ýygnanyşykda «Dikmä» garşy uly iş geçirdiler. «Ýaş geljegi» ýapjak bolanlarynda tutuş kollektiw bolup iş taşlaýyş etdiler. Köçä çykdylar. Şol oglanlar «Azatlyk» radiostansiýasynyň hem esasy daýanjy. Şol redaksiýadan ýigrimi žurnalist «Azatlykda» «Dikmä» garşy çykyş etdi. Onsoň «Moskowskiý nowosti», «Komsomolskaýa prawda» biziň öz elimizde. Moskwaly demokratik liga, SSSR Ýokary Sowetiniň deputatlary, Pribaltikanyň demokratik merkezi biziň tarapymyzda. Şolar bizi häzirem moral hem maddy taýdan goldap ýörler... Ol birden özüne göwnüýetijilik bilen ýylgyrdy-da, horaz badyhowalygy bilen töweregine garady. – Bizi goldany üçin, geljekde goldajagy üçin, Amerika «taňry ýalkasyn» aýtmaly. Ýene bir zat, hudaý köp görmesin, bizi Sähet janam pul bilenem, ulag bilenem, dürli ýazgy gurallary bilenem goldap dur. Arada Şirli şahyry goldamaküçin on bäş ýurtdan tele-radio habarçylaryny çagyrdyk. Şonda şolary eklemegiň ähli serişdesini Moskwanyň demokratik ligasy, «Azatlyk» bilen Sähet jan çekdiler... Sag bol, gardaş, türkmen halky özüniň azatlygy üçin eden işiňi unutmaz. Ol ýadyna möhüm bir zat düşen ýaly, oýlanyp başlady: Men ýene bir zat aýtjakdym, dilimiň ujundan şeýtan kak... – Ol birden siltendi – Ähä, boldy, men şu ýerde Moskwadaky türkmen şahyrlaryna-da köp sag bolsun aýtjak. Olaram, tüweleme, goldap durlar. Başgasyn-a bilemok, maňa-ha: «Moskwada gyrlyşyk başlandy, siz näme otyrsyňyz, başlaň-da, agdaryp taşlaň!» diýip jaň edip otyrlar. Olar bärde biz bir başlap bilsek, yzyny alyp göterjekler. – Hä, dog-ry! – diýip, Şanazar Beg birneme aladalyrak aýtdy. – Bar zat biziň özümize bagly. Indi biziň «başladyk» diýerimize garaşyp ýatanlardan, ýaňkyny näçe etdig-äý: «Agzybirlik» sekizinji, «Azatlyk» dokuzynjy, moskwaly ýazyjylar onunjy, Moskwanyň demokratik ligasy on birinji, «Moskowskiý nowosti» on ikinji, «Komsomolskaýa prawda» on üçünji, «Pribaltikanyň demokratik merkezi» on dördünji, «Ýaş geljek» on bäşinji, türkmen baýlary on altynjy, mafiýa on ýedinji, studentler on sekizinji, öňki kommunistler on dokuzynjy, garamaýak halk, iň esasysy ýigriminjisi. Ine, şu ýigrimi uly güýji işe girizip bilsek, ony hökman girizerisem, «dikmäni» düňderýäris. Onuň üstesine-de, «ýaşulymyzam» araplar bilen meseläni çuňňur işläp ýör. Ol öň daşary ýurtlarda köp işläp, döwleti ol elden– bu ele nähili geçirmelidigini pugta öwrenen adam. Şonuň üçin bu meselede biz arkaýyn! Ak-Juma howsalaly gürledi: – Begaga, sen gepi başga ýere sowma. Dawaý, indi haçan galkynyşa başlamaly! – Wot, şony diýsene, «bal-bal» diýeniň bilen agzyň süýjemez. Herekete geçmeli. Beg oýa batdy: – Ine, şu gün geňeş «näme edeliň» diýseň «haçan başlalyň» diýseňiz, men taýýar. Tiregiň humaryndan az-kem açylyşan Sähet «ýenjigiň» sesi dury çykdy: – Meseläni gowşak çözýäňiz, walla çynym. Çig, munyňyz gaty çig. Meseläni çig goýşuňyz bilen, siziň şeýle bir syrtyňyza goýarlar, girmäge deşiktapmarsyňyz. Ýüp syrygyp toýnukdan geçende-de, garaňkyda ýaýnap, çyra ýansa-da, sumat bolýan saçakçylar ýaly, ataňyzyň görüne giren ýaly edip gümüňize gidersiňiz. Bolar-bolar, maňa bolar. «Sen «kanundaky ogry» diýerler. Ähli ýykgynçylygy meniň başyma atarlar. Men olardan gorkamok, ýöne maňa bir zat bolsa, siziň eliňizden poh işem gelmez... Onuň üçin näçe pul, harç, güýç gerek bolsa bereýin. Şu SSSR-iň territoriýasynda adyňyzy «it» diýip tutdurmaýyn. Ýöne bulaşdyrmaň, işi ýagşy bişiriň!.. Ýöne çalt! – Dogry! – diýip, Ak-Juma galkyndy. – Biziň bu bolşumyz bolanok. Ýaňky sanan güýçleriň hersiniň ýolbaşçylaryny çagyrmaly. «Sen pylan wagt, pylan ýerde şeýle iş etmeli» diýip aýtmaly. Onsoň, «ýaşulynyň» ýolbaşçylygynda hökümet düzmeli. Hökümetiň «rewolýusiýany» alyp barjak býurosyny döretmeli. Şol býuro öz borçlaryny ýerine ýetirmediklere jeza çäresini görmeli. Döwleti ele alanymyzdan soň, şu göreşe ýolbaşçylyk eden, ony gurnan, goldan adamlary sylaglamaly, serpaýlamaly. Ýogsa, «suw getirenem bir, küýze döwenem» boljak bolsa, biziň ne körümiz bar, beýdip, janymyzy orta goýup ýörmäne. Soň ne- tije bolmajak bolsa, elimem degirjek däl, işiňize... Aždar Dönmezow oturyp bilmedi: – Maňa Ministrler Sowetiniň başlyklygyny berseňiz bolany! – Menem teleradio komitetiň başlygy boljak! Onsoňam bir edişime seret! Şanazar Beg başyny sypalady: – Walla, dogry pikir. «Ýaşuly» bilen gowy bişireýin. Onda men «Dikmäniň» ýanyna günde kimiň gelýänini, näme mesele çözülýänini ýegene aýtdyrybam durmaýyn. Ýöne, ýegen. – Ol Aýla barmagyny uzatdy. – Sen şu işi gaty berk eliňe al. Sähel gymyldy bolsa, biz şomat bilmeli. – Ol töweregine garanjaklady. – Kimde başga näme mesele bar? «Ýaşuludan» näme soramaly zadyňyz bar? Aždar Dönmezow elektrik yşygyna öňküden hem beter lowurdap duran mawy gözlerini ligirdedip, ýüzüni jüýjertdi. – Neme, Beg, forma, forma! Baş-başdaklyk bolmaz-a, döwleti ele almagyň haýsy formasyny saýlap alýarys? Meselem, Sosialistik rewolýusiýanyň ýolunymy, Çiliniň ýolunymy ýa başga bir amatly ýolmy? – Çilide näme edildi? – Çilide mafiýa, söwdagärler birleşip, dükandaky ähli harydy güm etdi. Döwleti öň öz eline alan halk açlykdan boguldy. Bidüzgünçilik asmana ýetdi. Şondan peýdalanybam, on-on bäş sany harby adam döwleti eline aldy. Halkam äm-sämlikde, hiç zada düşünmedem, hökümetinem goldamady... – Beý, – diýip, Beg eňegini gaşady-da, aýgytly karara geldi. – Ýok, harbylary agzama. Biz-ä hemme işini ederis-de, soň olar goşulsa, ýene gyrada galarys, harbylaryňam taýýarja döwlete hekem bolar. Goý, o maslahatyňy goý! Ak-Juma elini galdyrdy: – Daşa gidip näme, Eýranyň ýoluny alaý. Halky aýaga galdyr. – Nädip? – Nädibi bolarmy? Söwdagärlere, mafiýa, baýlara ähli harydy ýygnat. Skladlara çenli boşat. Ministrlerem, hiç bolmanda, bir hepdeläp uny, eti, gandy respublika salmasyn. Sähet janyň oglanlaram görkezsin «gudraty». Iki müň Maşynyň eýesi ot alyp lowlasyn. Öýleri talanan adamlar: «Bu döwlet başyna gitdi» diýip, elewräp başlasyn. Milisäň, KGB-äň birnemejik heşelle kakyp ugrasyn. Ýaýrat dowluňy. Ur depregiňi! Studentler ala wagyrdy bolsun. Işçiler iş taşlasyn, köçä çyksyn! «Şanhaýyň» oglanlary bilen «Siňekliniň» pasanlarynam meňden doýrup goýber ors bazaryna. Çykar ýazyjylar biden žurnalistleňňem şäheriň ortasyna, «Dikme» ýok bolsun!» diýip uwlaşsynlar. Şol ýere azyndan ýüz müň adam-a üýşer. Baryny al-da, eň «gupba». «Dikmäňi» zyň-da, ýerine «ýaşulyňy» oturt. Doldur dükanyňy, maşynlary gaýtaryp eýelerine ber, ýüzlen halka! Daşary ýurt gazetlerine, «Azatlyga-da» «halk demokratiýasy ýeňdi» diýip jar etdir. Ine, şuňa «Eýranyň ýoly» diýerler. – Be-e! Aždar Dönmezowiç Şanazar Begiň sözüni agzyndan kakyp aldy: – Ine, ideýa bar. Özem ylmy ideýa. Ine, şuny forma geçirmeli-de, anyk plany düzmeli. Men alym däl, ýöne şuny goldaýan... Içeri ala wagyrdy boldy. Adamlar ukudan oýanana döndüler. – Duruň, haw, ýene kim näme sorajak? – Ýassy namazyny okap, gelip bir burçda çugutdyryp oturan Guljan aga ähüm-ühüm etdi-de, ara böwşeňlik düşen badyna söz aldy. – Neme-le, inim. Meniň aňyşymça, siz şu wagt Türkmenistan döwletini ele almagyň gepini edýäňiz, şeýle dälmi? – Hawa, aksakgal, hawa! – Şanazar Beg munça gürrüňden soň derisi giňäp oturyşyna göwünli-göwünsiz aýtdy. – Garaşyber, enşalla, döwleti bir ele alaly, özüm seni respublikanyň baş ymam-kazysy bellärin... Ýaşuly ynjalmady: – Öňem-ä biziň Prezidentimiz bardyr. Onam-a halk saýlapdy. Oňa näme kep tapýarsyňyz? Ak-Juma elini salgady-da, demi-demine ýetmän, gepläp başlady: – Häzirki Prezident hakyky däl. Ol dikme. Öň-ä ony totalitar Merkez kürsä çykardy, soňam... Ony Prezidentlige halk saýlady diýýän ýaşuly onuň ýakasyny goýbermedi: – Halk bolarmy. Ýokary Sowetiň sessiýasynda bir topar ýalynjaň, ýaranjaň, näme diýseň, el göterip duran deputatlar görkezdi ony. Soňam alternatiwasyz, getirip oturtdylar. Bize öz Prezidentimiz gerek. Ýaşuly ynjalmady: – Men-ä bir düşünibem baramok welin, ogul, ol deputatlaryň her biri halkyň belli bir böleginiň wekili dälmi? Olaram halk saýlap-seçip, adalatlysyndan adalatlysyny saýlap, özüne wekil saýlaýar. Şol wekillere ynanýar. Meniň düşünimçe, şol deputat «bolýar» diýip ony görkezen bolsa, olary saýlanlaryň «bolýa» diýdigi. Şol wekil «ýok» diýse-de, şony saýlanlaryň «ýok» diýdigi. Olaryň barysy agzybirlik bilen «şol bize Prezident bolsun!» diýipdir-ä. Soňam halk ony doly saýlady ahyryn, onsoň onuň niresi karam. Onsoň ol nädip kanuny däl bolýar. Ol kanuny bolmasa, haýsysy kanuny onuň, düşündirip ber maňa. Ýaşulynyň bu ters «dawasy» Şanazar Bege-de ýaramady. Ol ýaşuly sözlände başyny ýaýkady durdy. – Aksakal! – diýip, soňam ýüzüni kese sowup janagyryly sözledi. – Ol, görýäň-ä, respublikany başyna goýberd-ä. Baryny dargatd-a. Gazyň saman bahasyndan, nebitiň süplük bahasyndan akyp ýatyr-a. Iller ene dilinde gürleýä. Biz, näme, şolarça ýokmy? Ýaşuly ony burça gabady: – Ikimiz onda haýsy dilde gürleşýäs. Ak-Juma başyny ýaýkady: – Ýaşuly, sen köpbilmiş. Seniň ýaly adamlar dälmi, respublikany ýykan. – Toba, toba, – Ýaşuly gaty görse-de, öz diýeninden galmady. – Men köpbilmiş däl. Menem il ýaly, Siziň etjek bolýan oýnuňyza düşünemok. Sizem matlabyňyzy maňa, «köpbilmiş» adama düşündirip bilmeýän halyňyza, indi halky aýaga galdyryp, halka düşündirip, döwlete eýe boljak bolýaňyz. Ol pyrryldagyňyz başa barmaz, han. –Döwlete eýe bolarys – diýip, Ak-Juma ýaşulynyň üstüne herreldi. – Ony seniň ýaly misginsokara düşündirjegem bolmarys. Halk biziň bilen. Halkaç. Radio, telewizor, gazetler halky aldaýar. Prezident halky aldaýar. Halk aldanmakdan bizar boldy. Ol haçan köçä çyksa çykybermeli. Adalat ýok, tertip ýok bu respublikada. – Haý, ogul, ojagaz bahanaň bilen-ä halky Patyşanyň üstüne küşgürip bilmersiň. Onsoňam, saňa bir zat aýdaýyn. Seniň işiň alny ugur aljak iş däl. – Näme üçin? – Näme üçini şol. Seniň arka diräniň tüýkesme ogry. Heý, tüýkesme ogra-da bir ynam edip bolarmy? Onuň özi aç! «Ogry» diýmek, bidöwlet diýmekdir. Bidöwlet bilen döwlet diýen zat bir ýere sygşarmy, bu bir. Ikinjisi, Gurhany-Kerimiň 4-nji süresiniň 62-nji aýatynda: «Hudaýa boýun boluň, pygambere we häkimleriňize boýun boluň!» diýilýär. Siz şerigat boýunça-da günä iş edýäňiz. Patyşa hudaýyň ýerdäki wekili. Patyşa garşy göreşmek beýlede dursun, asyl dil ýetirmegem beýik Taňra şek ýetirmekdir. Onsoň ýaňy bu inim, «Dindarlar biziň öz adamlarymyz, haçan köçä çyk» diýsek, yzymyza düşer» diýdi. – Ol Şanazar Begiň ýüzüne garady. – Diýdiň dälmi? Diýen bolsaň, dindarlar patyşa, taňra dil ýetirilen ýerde garasynam görkezmez. Şuny bek belläň. Ýaşulynyň sesi gaharly ýaňlanyp başlady. – Guljan aga! – diýip, «Ýenjik» basygrak seslendi. – Indi bir «omyn» edeliň! Aždar Dönmezow ýassyga başyny goýup, assajadan hor çekip ýatan Dubronenkonyň sesine basalyk bermek üçinmi ýa-da olam tolgundymy, gürrüňi jemlemek isledi. – Hany, babaý, Sähet janyň döwletli saçagynyň hözirini gördük. «Mundanam köp bolsun» diýip, hemem şu başlan işimiziň rowaçlygyna bir «ak pata» berip, omyn galdyr. Guljan aga başyny ýaýkady: – Ýok-la, men on-a edip bilmen! – Hä?! Ýaşuly gaharly ýylgyrdy-da, saçaga goluny uzatdy. – Bu saçagyň üstündäki bereked-ä öz zadymyz. – Ol bitaý gözlerini tegeläp oturan Sähet «ýenjige» garady. – Ogrynyň zady iliň-günüň zady bolar-da, özümiziňki bolmazmy onsoň. Soňam, men bu bet işiňize şärik bolup bilmen. «Guljan aga, sadakam bar, bir omyn edip ber» diýensoňlar gaýdyberdim. Ol gojalygyna, agyr göwresine garamazdan, zarp bilen ýerinden turdy. Soň ähli ýigrenjini müýnürgäp oturan «Ýenjigiň» depesinden inderdi. – Sen, küle pysyladan wenezzyna, öň-ä gözüň türmeden açylman, obamyzy ogrynyň-orramsynyň ýatagyna öwürdiň. Indem watany satanlary, ýala giden ganjyk ýaly, yzyňa tirkäp getirip, bizi iliň-günüň içinde ýüzügara etjek bolýarmyň. – Ol gazap bilen gygyrdy. – Çyk obadan ertiriň özünde, ýogsa, sen meni gowy tanaýansyň. Götüňe tirkäp gelen bu gurrumsaklaryňam güm et obadan. Özünem, iň soňky görşüm bolsun! – Ýaşuly – diýip, bu zarply sesden gorkan Şanazar Beg hem laňňa ýerinden galdy. Oňa çenli «Ýenjigem» ýerinden turdy. – Guljan aga, jan agam, gitme, bor, men indi etmen. Men pohumy iýdim, jan aga! Ýaşuly yzyna-da gaňrylman, işige çykdy. Bady bilen turan Şanazar Beg onuň yzyndan gygyrdy: – Sen Sähedi tanaňok. Ol... Ýaşuly hyrra yzyna öwrüldi. – Wah, men tanaýan-da şony. Mençe ony hiç kimem tanaýan däldir, tanamanam gowy. Men guraýyn-da... * * * | |
|
√ Duman daganda: Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar - 19.06.2024 |
√ Ojak -2 -nji kitap -5: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
√ Bäşgyzyl -34: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Dirilik suwy -25: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |