10:47 Döwletbaşy -8/ romanyñ dowamy | |
5.
Romanlar
Bu gün Sähet «ýenjigiň» howlusy görmedigini gördi. Bu howludaky tutuş hatara goýlup atarylýan gazanlar, olardan çykýan ýakymly yslar, hatar-hatar bolup duran dürli kysymly maşynlar uly toýuň, juda bolmanda-da, ýagşy niýet bilen guralan döwletli maslahatyň nyşanyna çalym edýärdi. Işikde garawullap duran ýigitleriň, çaý-nahar çekip ýörenleriň aýaklaryny basyşlaryndan, howlynyň işiginde, ýoluň çatrygynda şumroýyny akdyryp oturanlaryň biri-birlerine yşaratyndan bolsa, bu üýşmeleňiň başgarak bir tilsiminiň bardygyny aňmak kyn däldi. Ýöne bu ýagdaýlara içgin üns berýänem ýokdy. Her kim: «Binamysa günde toý» diýenleri. «Ýenjig-ä» ýene-de bir şagal mesligini edýär-ow» diýip geçýärdi. Başga birleri bolsa: «Depegenden daşrak» diýlenini edip, Sähediň ýaşaýan köçesiniň ýedi ýakynynda köwlenip geçýärdi. – Indi pursat gutardy – diýip, Içeri işler ministri içen konýagynyň kuwwatyna gyp-gyzyl bolan ýüzüni güjeňläp aýtdy. – Ol adam däl. Barysyny häzir telewizorda görersiňiz. Ol jadygöý, içiňdäkini bilýär. Ol bu işleri anyk aýtmasa-da, bir zat aňýar. Maňa-da ite diýmezini diýdi. Beýle sözi men ömrüm-de eşidemok. Onuň päli azypdyr. Ol öz ajalyny görýär. Öz ajalyny görýän adamdan gowulyga garaşmaly däl. Indi «pursat gutardy» diýip, ýaşuly dogry aýdýar. Indi döwleti näçe çalt ele alyp bolsa, almaly. Bir gün – bir gün... Içeri adamdan doludy. Sähet «ýenjigiň» gapdalynda paçak aljak oglanjyk ýaly elewräp, kim näme diýse baş atyp oturan Şanazar Beg ýeke dyzyna galdy. – Wasiliý Ignatewiç gaty dogry aýdýar. Ol adam däl, ol Eflatun. Geçen sapar dälmidi, iliň degnasyna deger ýaly goh turuzmaly diýenimiz, han-ha, ministriň özi aýtd-a hemme zady görüp dur diýip. Ýogsa ol «halk birahat edilse, respublikada baş- başdaklyk dowam etse, ýekeje günem işlemersiňiz» diýmezdi. Biz-ä ähli azygy skladlara basmaly ýa-da ýok etmeli» diýýäs, olam şu gün baryp «halk azyk-günlükden hor bolsa, siziň biriňizem işlemersiňiz» diýip, söwda ministriniň başyna ala ýabylynyň gününi getiripdir. Özi baryp biziň iň ynamdar magazin müdirlerimiziň onusyny işden kowupdyr. Şol magazinleri-de ministriň hut özüne berkidipdir. Ýaňy ýanyna barsam: «Dat men gitmäýin, salym suw üstünde, on-on bäş gün bir diýenini edeýin, bolmasa, çagajyklarymy çörekden kesjek ol» diýip şumjaryp otyr... Aýraram işden... Ak-Juma Begiň sözüni kesdi: – Goý, aýyrsyn işden. Onsuzam islendik rewolýusiýa pidasyz bolmaz... Begiň gaharly ýüzündäki çiller sarsyp-sarsyp, pökgerip gitdi. Ol içine çökeni üçin hol aňyrda goýun çöri ýaly bolup ýatan bulançak gözüni gazaply ligirdetdi. – Bäh, senem-äý, Ak, aýdyberýäň. Ol «söwdany» aýyrsa, «içerini» aýyrsa, bir daşaryň» galýar. Ýaşuly kim bilen rewolýusiýa etsin. Bar daýanjyň, ähli umydyň-a şol. Onam zyňyp goýberse... – Dogry aýdýaň... Beg Ak-Juma uran okunyň nyşana degenini duýdy-da, eginlerini ýazdy. Ol söz aljak bolup, gezek sorap, agzyny müňküldedip oturanlara hor, gap-gara ellerini gerdi. – Nem-e, duruň, adamlar. Hemmämiziň içimiz ot şondan ýaňa. Ýöne boş gürrüňi goýalyň. Ine, «ýaşulynyň» buýrugy: açyk söweşe geçmeli. Ýekeje minutam elden bermeli däl! Aždar Döwmezow gepiň arasyna urduryp girdi-de, tulum ýaly çişip duran duluklarynyň arasynda çömmelişip duran dodaklaryny öz badyna goýberdi. – Sen, toçny aýt, näme etmeli? Şu bar-a, ministrler, öňki ministrler näme etmeli, şony aýt. – Dur – diýip, ylkyrap, özüne Jüneýit han däldirin öýtmän, egnine gyrmyzy dony ýelbegeý atynyp ýatan Sähet gozganjyrady. Beg näçe gyssansa-da, oňa «sen dur, soň geplärsiň» diýip bilmedi. Sähet aýaklaryny däbşenekledip, deňagramlygyny saklaýan ýaly etdi-de, elini-aýagyny ýygnap, çök düşüp oturdy. – Tap, doganyňňy diýsssäni... näme, gürrüňi çagaladýaňyz-aý. Öňki sapar diýdiňiz, «açyk söweşe geçmeli», bu sapar diýdiňiz «açyk söweşe geçmeli». Boş gürrüň na... – Ol hapa sögündi. – Hany, şol dogansyz ýaşulyňözi. Ol, näme, ili oda goýup, indi heleýlejek bolýa. – Sähediň tüňçe ýaly süýri kellesinden temen ýaly gap-gara saçlary eliň aýtymy ýaly çüri ýüzüne dökülip, onuň akjaryp duran gözlerini gizledi. Ol egrelip duran çep eli bilen saçyny gaňtaryp goýberdi-de, gazapdan köpürjikläp ugran agzyny süpürdi. – Dogansyzlar... öljek bolsaňam, erkek bolmaly. Men – Onuň badyhowa, gyrykdan serhoş, gaharly sesi howla ýaýrap başlady. – Men, şu döwletiň işine elimi uran adam däl. Türkmenistanda, tutuş türkmenlerde ilkinji «wor zakon» boldum. Meni işletjek bolup on bäş sapar türmä saldylar, gorkmadym. Meniň endamymda, pälimden gaýtarjak bolup, döwmedik ýerleri ýok. Emma hemmesini ýeňdim. Men hemmäňizden kiçi işgär. Ýöne elimde on sany türme bar. Tutuş respublikanyň pulam, harydam, öýlerem, maşynlaram, adamlaram meniň elimde. Doganynam bir... ýekeje kişi jyňk etsin. Emma, pikir ediň, menem «aý, çagam bar, aý, wezipäm bar» diýip gorkan bolsam, beýle şöhrat, me... Ol keýik aşygy ýaly ýumrugyny hellewletdi. – Men öňem ýeňdim, ýene-de ýeňerin. Ol dogansyz-a, heleý ýaly bolup, gelip meniň aýagyma ýykylyp, «gel bile göreşeli. Men Prezident bolsam, şu ülkede han özüň, soltan özüň» diýen bolup, indem syrtyny gaçyrýar. Onuň doganyny kowalatdyryn... Seniň «ýaşulyň» heleýçe-de ýok. Şanazar beg «ýenjigiň» gazaply gürrüňiniň dowamynda ýüzüne ýylgyryş yşaratyny berip, başyny titredip tassyklap oturyşyna, «seniňki dogry» diýen manyda gözlerini açalak-ýumalak etdi. Soňam bu gürrüňi ýuwmarlap başlady. – Görýäňmi, dogry-da – diýdi. «Ýaşulam» gaty ötünç sorady, gaty ötünç sorady. «Men – diýdi, hökman barjakdym – diýdi. Ýöne araplardan myhman geldi, onam «Dikmäniň» haçan çagyrjagy belli däl diýdi. Ýöne – diýdi – «Sähet jana salam aýt» diýdi. – Şu gün bellisini edeliň – diýdi. Nesip bolsa, indi gaty az galdy – diýdi. Oglanlaryň beýik hyzmaty unudylmaz diýdi. – Ýöne diýdi – şu günden gijä galman, göreşe başlamaly – diýdi Sähet jana. – Ol töwereginde özüne hüşerilişip oturanlary görüp, «birden bulaşdyraýmaýyn», ýöne Sähet diýip otyr-laý, bu haramzada» diýäýmesinler» diýen manyda beýlekilere-de göz aýlady. – Aždar Dönmezowiçe, Ak-Juma, Aýly ýegene, ministrlere, habarçylara, aý, garaz haý, sanap oturmaýyn-la, baryňyza ullakan, mukaddes sargyt iberdi. Hiç kimden ses çykmady. Gürrüňi ýene-de Begiň özi gozgady. – Doganlar, lapykeç bolmaň. Ruhdanam düşmäň, ol adam nirede bolsa-da, ed-dil, gaýadan gaýdan şir ýaly, etjegini edýär. Şu işi onuň özi başlady. Ol alybam çykar. – Dogry aýdýaň – diýip, Ak-Juma gürrüňe goşuldy. – Bilýäňiz-ä, Leninem, Homeýnem, Pinoçetiň özem göreşi ilki gurap, iň bir kulminasiýada özüni aýan edýändir. Biz öz «serdarymyzy» aýamaly. Biziň köpimiz onuň kimdigini bilemzok. – Biz-ä bilýäs – diýip, Aýlam bir burçda oturan ýerinden gygyrdy. – Tüýs Prezident bolmaly adam şol! – Hany-hany – diýip, Beg başyny bulady. – Wah, ýene gürrüňe geçdik. «Men plany aýdýan. Ol «Ýenjige» bakan juda aýawlylyk bilen garady. – Sähet Jan – diýibem, oňa ýakymly ýylgyryş bagyşlady. – Sen, Sähet jan, är ýigit, «hatarda ner bolsa, ýükerde galmaz» diýipdirler. Sen ilki başla, gardaşym. Söwdanam bagla, maşynlaram bagla, ogrularyňam, mafiýa-da hut ertirden başlap «ur-ra» diýmeli. – Soňra ol guýlunyp ýatan içeri işler ministrine garady. – Wasiliý Ignatewiç, agam, senem başla. Seniň eliňde uly güýç bar. Ähli toparlar işe başlasyn. – Ol toparlar bilen işiň bolmasyn – diýip, «Ýenjik» ministre haýbat atdy. – Özüm oňararyn olary... – Bulýär, bulýär – diýip, ministr süzük gözlerini gypyp, türkmençe gürlän boldy. Şanazar Beg elindäki bloknotyna garady. – Gadyrdanlar, şu iki blok, ýok, duran... – Ol birden, sägindi-de, otagda oturanlaryň ýüzlerine ýeke-ekeden garap başlady. Ahyr soňunda edil garşysynda oturan Ak-Jumanyň alynyda gözlerini saklady. – Ak, «ýaşulynyň» esasy ynamy sen. Ol-a bulam-bujarlyk, ol beýläk, kanun, tertip, beýläk, – Ol Ak-Juma elini uzatdy. – Üçünji blok sen! Sen ine, indi syrtyňda baryny etmeli. Esasy güýjem sen... – Näme diýip, esasy güýç bolýar-aý? – diýip, ýaşlar gazetiniň Ak-Juma bilen hyltly baş redaktory sorady. – Dur, howlukma – diýip, Beg elini galgatdy. – Ähli döredijilik işgärleri şonuň elinde, ýazyjylar şonuň elinde, Orsediň gazetleri şonuň elinde, Amerikanyň habarçylary şonuň elinde, «Azatlyk» radiostansiýasy, şonuň elinde, Pribaltikanyň, Moskwanyň demokratik bloklary şonuň elinde, iň esasysy, «Agzybirlik» şonuň elinde... Hiç kimden ses çykmady. – Biz haçan, nämeden başlamaly? Ak-Jumanyň bu sowaly Begi oýlandyrdy. Ahyr soňunda ol aňsat çykalga tapdy. – Häzir fewralyň başymy? Onda sen eýýäm mart aýyndan goh turzup başlamaly. – Ol elini bulady. – Özüň, kim bilen geňeş etseň, ýaňky agzanlarym bilen nähili we nirede işlejekdigiň barada gowuja plan düz. Soň göreliň. Häzir bolsa saňa esasy tabşyryk, üçünji bloguň eýesi sen. Ertirki gün iş prowal bolaýdygy, günäkäri sen bolarsyň. – Gazetler haýsy bloga girýär? – diýip, baş redaktor jazy ýanyp barýan ýaly bolup gygyrdy. – Dur-haw, dur! Bolmasa, sizem üçünji bloga giräýiň? – Ýok, biz-ä Ak-Jumanyň bloguna girjek däl. Biz näme, olardan kemmi. Ýaşlar gazetindäki otuzdan gowrak adamyň ählisem söweşe taýýar. «Azatlygyň» düýbem biz. Türkmenistanda demokratik rewolýusiýany başlan-a biz, ýene-de bizi äsgermezçilik etjek bolýaňyz. – Ol ýene-de bir zat diýjek boldy. Emma Beg onuň sesini kesdi. – Bolýar-ow, gardaş, siz dördünji blok. Özem özbaşyňyza, ýöne beýleki redaksiýalara-da täsir edersiňiz. Ýöne... – Biz «Agzybirligiň» hem, demokratik soýuzyň hem organy hasaplanýas-ow. Bizi kiçi görüp äsgermezçilik etmäň, ýüz elli müň okyjy dur arkamyzda... – Bor, bor, aldyň-owf, aldyň! – Ýok, bize beý diýmäň, dogrud-aý! Şanazar Beg ýene-de oturanlary gözi bilen eläp başlady. – Bizmi, ministrler näme etmeli? – diýip, Dönmezow taýparyp duran kellesini zordan göterýän boýnuny süýndürdi. – Duruň, duruň, Karun agany tapamok? – Men bu ýakada – diýip, inçejik, aýalyňka görä gödegräk ses edil gapdalyndan çykdy. – Mana, men seniň hemsaýaň-a. Beg gapdalyna öwrüldi. – Karun aga, nomeri bäşinji blok sen. – A, bolýar şol! – Bolsa, Karun aga, fewralyň aýagyndan: «Ýene-de baha galjak, zat gymmatlajak» diýib-ä gep ýaýratmaly. Mart aýyndan tä awgusta çenlem dükanlarda ýekeje harydam bolmaly däl. – Bolar, şol! – Bolsa, Karun aga, jygyllykdaky zatlaryň bahasyny bäş-alty esse galdyryň. «Ýaşuly» şeý diýdi. Onsoň ýene: «Bazalaram baglasyn» diýdi. – Bolar, şol! – Belle! – diýip, Beg ýaşulynyň gaty jaýly oturyşyna, başyny ýaýkap aýtdy. – Bäşinji bloksuň, belle... Karun aga inçejik barmaklary bilen takyr kellesine geýen tahýasyny öňe-yza süýşürdi. – Bolar şol! Bäşinji bolsa, bäşinji! Şanazar Beg gözlerini ýaldyradyp, ýene daşyna garady: – Indi, kommunistler, siziň gezegiňiz. Sizem ähli weteranlary, köne kommunistleri «Dikmä» garşy küşgürmeli. Siz altynjy blok bolup, Ak-Juma bilen dilleşikli hereket etmeli. – Beg uniwersitetiň ýaşuly mugallymlarynyň biri Ýomutjaýewe garady. – Sen, ýoldaş mugallym, gaty berk durmalysyň. Özüň bilýäň-ä, «Dikme» kommunistik partiýany äsgerenok. Ol partiýaň jaýyny özüne «Prezident köşgi» diýip yglan etdi. Kommunistik partiýanyň apparatyny baryp Ministrler Sowetiniň jaýyna taşlap goýberdi. Işgärleri gyran-jyran etdi. Ýomutjaýew bitüwli göwresine gelişmeýän ýeňillik bilen ýeke dyzyna galdy. – O zatlary biziň bir weteran ýazyjymyz merkezi metbugata ýazdy. Basym çykar, ine şonda şol «Dikmä» uly zarba uruldygy bolar! – Wot, wot! – diýip, Beg ony goldady. – Bize şeýle makalalar kän gerek. Ondan başga-da siz ýöne ýatmaň. Radioda, telewideniýede çykyşediň, gazetlere ýazyň, «kommunistik partiýanyň mertebesini peseltdi» diýip. Beýleki respublikalaryň Merkezi Komitetlerine, SSKP MK, Syýasy Býuro, gerek bolsa, Amerikanyň, Hytaýyň kommunistik partiýalaryna üýşüp-üýşüp hat ýazyň. Konferensiýalar, ýygnaklar geçiriň. Ilatyň agyraýjak ýerinden tutuň... Ýomutjaýew hem Begiň gapdalyndan goşulyp gepläp başlady: – Biz watan üçin göreşdik, kommunistik partiýa üçin göreşdik. Lenin-Stalin diýip, Kommunistik partiýa düşündik. Biz açlyk çekenimizde, garyp wagtymyz, ezilýärkäk, Kommunistik partiýa bizi halas etdi, indi Kommunistik partiýa ezilýärkä, horlanýarka, biz ony ýeke taşlamarys. Ine, meniň şygarym. Men özüm urşa-da gat... Kimdir biri: – Saklaweriň ony, kyrk bäş minutlap leksiýa okamaga öwrenen adamdyr, gider oturar... – Hawa –diýip, Ýomutjaýew ýene başlady – Men özüm-däni, urşa-da gatnaşdym, dikeldişe-de gatnaşdym. Siziň rewolýusiýaňyza-da gatnaşaryn. Okuwçylarymam gatnaşdyraryn... Men... – Duraweri – diýip, bu sapar Dönmezow birneme gaharly aýtdy. – Bizi nätdiň-haw! – Dur! – Durmarys-aý. Sen häzir bizi yzky bloga taşlap, iş bitensoň wezipe paýlaşanyňyzda-da «wah, bilmändirin» diýjek bolýansyň, Beýtm-ä? – Dur, entek ýaşlary, studentleri ýedinji bloga belläýin! – Ol birki ýyllykda aýalbazlygy üçin ýaşlaryň merkezi komitetinden işden kowlan Ýaşuzakowa barmagyny dikdi. – Ýaşuzak, seniň ýaşlaryň ýedinji blok. Ähli ýokary okuw jaýy seniňki. Özüňem üçünji blok bilen, hana Ak-Juma bilen gatnaşykda bolmaly. Studentler bilen «Agzybirligiň» çlenleriniň aragatnaşygyny hasam berkitmeli, düşündiňmi?! – Indi bizmi? – diýip, Dönmezow ullakan bloknotyny öňüne ýazdy. – Senem halys aldyň-aý, Aždar. Azajyk duraýsan-a. – Näme durub-aý! Näme, biz ilden kemmi? Dogrud-aý. – Kem däl-ow, jan gardaş, dindarlar bar-a, şolary sekizinji bloga bellemeli? Dönmezow elindäki ruçkasyny bloknotynyň üstüne gahar bilen taşlap goýberdi. – Diýýän-ä, men aýdýan-a... – Sekizinji blok, ähli dini işgärler şu bloga girýär. – Ol töweregine garady. – Hany Morta molla? Morta molla depesine geýen ullakan tahýasynyň eteginde hüwiniňki ýaly bolup lowurdap duran ullakan gözlerini bakraldyp Bege garady. – Enşalla, aýdyberiň! – Aýtsam, respublikanyň ähli dindary seniňki. – Biz näme etmeli? – Garaş! – Beg başyňy ýaýkady-da, ýüzüni sallap oturan Dönmezowa garady. Soňam dabara bilen: – Dokuzynjy blok – işinden kowlan ministrler – diýdi. – «Işinden gyrakladylan ministr» diý, haw! – Tapawudy näm-aý. – Tapawut kän, kowulma bar, kowulma bar. Iş bilmän ýa iş oňarman işden çykarylsaň, başga gep. Emma «öz ýerime dalaş edäýmesin» diýip yrsarap işden aýyrma, başga gep... Beg ýüzüniň derini eli bilen syldy. – Sen näme etmelidigin-ä bilýäň. Öňki ministrler, orunbasarlary, bazalaryň öňki başlyklary, ýene-de öz şägirdiňizden täze ministr bolanlary bardyr, ählisini eliňe alýaň. Gürrüň geçirýäň. Näme etmelidigini bolsa häzir aýtjak! Onuň köýnegi derden ýaňa sykybermeli bolupdy. Şonuň üçin öňündäki çäýnekde sowap giden çaýdan bir käse aldy-da, guran dodaklarynyň arasyna eňterip goýberdi. – Dokuzynjy blok – deputatlar! Ýolbaşçysy – Garabegif. – Onunjy boldy-how. – Hawa, onunjy Garabegif! Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň sessiýasy döwründe her bir mesele boýunça özüni telewizoryň öňüne zyňyp, bolsa-da, bolmasa-da, sakyrdap ýören, «bir görlen adama meňzeýär öz-ä» diýdirän gara pyýada gyşaryp ýatan ýerindenem turmady. – Ýest, dokuzynjy, toýest onunjy blok! – Soňundanam: «Näme etmelidiginem bir aýt!?» diýýän görnüşde ýüzüni eňşitdi. Siz sessiýada «Dikme» näme diýse, edil öňkiňiz ýaly, eddil bokurdagyndan almaly-da, halkda şoňa ynamsyzlygy güýçlendir- meli! – Ýest – diýip, Garabegow galkyjaklap gepledi. – Dört klas bilim bilen, işsiz entäp ýöreniň Ýokary Sowete deputat bolanyn-a görkezdim. Indem şonuň ministr bolanynam bir göreliň-dä! Hä-häh-hä-h, şeýle dälmi?! Hiç kim oňa üns berenokdy. – Apparatdakylar haýsy blok-haw! Beg ýadapdy. Ol derli eli bilen bloknotynyň ýapraklaryny şapyrdadyp oturşyna: «Onunjy, on birinji» diýip samyrdyklady. Ahyry gözleýän ýerini tapdy öýdýän, onuň üstune ýapyryldy. – Alymlar bar! Işçiler bar! Radio-telewideniýe bar! – Apparaty on birinji bloga belle! Beg elini silkdi. – On birinji blok, apparatyň işgärleri! Indi diňläň, – Ol elini galdyrdy. – Diňläň, men täzeden sanajak: – Ow, aragatnaşykçylar, transportçylar bar-a. Beg elini galdyrdy. – Okaýan: Birinji blok – Aý, men-ä ýöne Sähet diýäýjek. On-da diňläň: 1. Birinji blok – Sähet. 2. Ikinji blok –içeri işler ministri Dubronenko. 3. Üçünji blok – Ak-Juma: «Agzybirlik», döredijilik soýuzlary, «Azatlyk» radiostansiýasy, «Moskowskiýe nowosti», «Komsomolskaýa prawda», habarçylar. Orsediň, Pribaltikanyň partiýalary we ýene-ýeneler. 4. Dördünji blok – «Ýaş hyjuw» gazeti, baş redaktory Weljäýew. 5. Bäşinji blok – Karun aga – mafiýa, söwdagärler, bank, bazar, bazalar. Pul, haryt! 6. Altynjy blok – köneki kommunistler. Ýolbaşçysy – Ýomutjaýew. 7. Ýedinji blok – molla, müfti, din işgärleri, ýolbaşçysy – Morta molla! 9. Dokuzynjy blok – köne we täze ministrler, bloguň jogapkäri – Dönmezow. 10. Onunjy blok – deputatlar – Garabegow! – Şanazar beg bloknotyna garady-da, ýene-de elini galdyrdy. – Stop! Stop! Ýaňy ýalňyşmyka-da diýdim-le! – Ol Aýlynyň ýüzüne garady. – Ýegen, şu apparaty blogam etmäli-le. Siz ştab bolaýyň. Bormy! – Ol ýene-de bir käse çaýy başyna çekdi. – Öldüm-ow, adamlar, ýuwaşrak bolaýsaňyzlaň! Işi bir jemläliň-ä. Ministrleriň biri ony gyssady. – Bol-haw, näme etmelidigini aýt, içler eljuk diýýär-ä! Beg gyssandy. – Men bloklara böldüm! Şol düşnükli dälmi? – Düşnükli! – Düşnükli bolsa, yzyny diňläň. «Dikme» ýeke. Biz, ine, şu on blok, şol bloklarda-da bäş, on topar, her toparda-da, gör, näçe adam bar, uly güýç! Şoňa garşy hüjüme ähli güýji jemlemeli. Halky köçä çykarmaly. Gerek bolsa, gany derýa edip akdyrmaly-da, «şol bize gerek däl!», «Şol Prezidentlikden gitsin!» diýdirmeli. Zor salmaly. Şeýdibem, ol gaçyp gider ýaly etmeli. Iň soňunda halk-a uly sil bolup köçä çykýar, Aşgabada gan çaýkalýar, «Doloý Prezident!» diýilýär. «Dikme» büdür gaçyp gidýär. Ýerine-de halkyň güýji bilen «ýaşuly» tagta çykýar. Ine, bar maksat şol! Dönmezow ýene-de oturyp bilmedi. – Wezipeler haçan paýlanjak? – Entek, ýurdy bir alalyň-a! – Onuň işi haýyr-la! – Beý diýmäň, her kim wezipe diýip, bähbit diýip, janyny orta goýup ýör-ä... – Goý-haw, gürrüňi, nahar çekilsin-le! Dönmezow ynjalanokdy. – Häzir-ä nahar diýen bolup, soňam erte-erte diýip, wezipe paýlananda bizi beýlä goýup, ýene adalatsyzlyk edäýseňiz, eşitdim-eşitmedim diýmäň, sizem aldarys! Sizem uzak durmarsyňyz. Adamlar gülüşdiler. – Dogry-da, ministrlik kürsüsi bolmajak bolsa, elimi ondan-oňa-da goýjagam däl! Poşýol diýjek. Nahar çekilip başlandy. Garaşylman durka «Ýenjik» ýerinden galdy: – Adamlar! Men öňňin täze molla tutundym. Ol meniň hut öz mollam. Ady – Morta molla. Şol päl-niýetlerimizi gutlap bir doga okap bersin, bormy! – Ol molla azgyryldy – Bol-ow. Hiç kimden ses çykmady. Morta mollanyň aglaýan kempiriňki ýaly hasratly sesi iýmek-içmekden doly saçagyň üstüne gultunyp eglişip oturan adamlaryň depesinden gaýyp başlady. | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -31: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |