21:44 Döwletbaşy / roman | |
BIRINJI KITAP
Romanlar
«Etiullahi we emri-resule we ulil emri minkum» (Hudaýa boýun boluň, pygambere we häkimleriňize boýun boluň!) Gurhan: 4-nji süre, 62-nji aýat. Gara «Wolga» Aşgabadyň etegindäki bu çolaja obanyň asudaja köçesiniň inini dygladyp, derwezesi demirden bejerilen howlynyň işiginde saklandy. Howlynyň içinde biynjalyk bolup duran adamlaryň üçüsi birbada derwezä tarap haýdaşyp ugrady. Kim derwezäni açdy, kim gelýän myhmanlara merhemet etdi. Kim maşyny goýmaly ýerini salgy bermäge häzirlendi. Aýly howlynyň orruk ortasynda garantga ýaly bolup durşuna, gapdal jaýlaryň birinden akyp gelýän naharyň ýakymly ysyna jugurdaýan garnyny iki eli bilen tutup, gara «Wolganyň» yzy bilen lemmer-lemmer bolup eňip gelýän läheň bulutlar, olaryň öwzaýynyň bozuklygy, bu ýerden Aşgabada aşmagyň kyn boljaklygy barada agyr oýa gark bolup durdy. Ol gara «Wolga» bakan ylgajagam bolmady, beýlekiler ýaly, maşyny dabaralap garşylajagam. Bu gelýän adamlaryň abraýam, derejesem, päli-niýetem häzir ony tolgundyranokdy. Ýöne şu gün, ertirki abaý-syýasatyň äheňi welin ony haýykdyrman duranokdy. Her näme bolsa-da ol özüni saklajak bolýardy. «Akyma labyryňy bermek, gark bolmakdan başga zat däl» diýen ýaly bir pikir häzir ony eýerläp münüpdi. «Bolsa özümçedir-dä, menden ýokarsy ýogam şularyň» diýip, özüni hasam epeý görkezesi gelýärdi. Aslynda Aýlynyň özem şu gara «Wolgadaky» adamlar bilen göbegi çatylandy. Ýöne bu adamlaryň özüne bolan eýemsiremesiniň astyndaky äsgermezçiligi welin ol ýüregine sygdyryp bilenokdy. «Bulary ähli habar-hatyr, ýol-yz bilen gerk-gäbe edip ýören men-ä. Bular bolsa...» Ol gara ýelnini obanyň üstüne sagaýyn-sagaýyn diýýän öwzaýy bozuk bulutlara wehimli garap, ýene-de geçen saparky ýag- daýy gahar bilen ýatlady. Geçen hepdäniň anna günem daýysy Şanazar Begow oňa jaň edipdi. – Ýegen, ýeke özüňmi? Aýlynyň Iş dolandyryş uprawleniýesiniň hojalyk bölüminde ekabyr işgärdiginem, onuň ýeke özüniň bir jaýda oturýandygynam Şanazar Beg gowy bilýärdi. Ýöne, nämüçindir, her sapar ol ynanmazçylykdanmy ýa-da at oýnadypmy, «eke özüňmi?» diýip, Aýlynyň al petinden alyp başlaýardy. – Hawa! – Sen «hawa» diýen bolup, içi güjükli gürlemesene. Ýanyňda adam barmy diýýän! – Aňyrdan gelýän sesiň gazaby Aýlyny aljyratdy. – Hawa! – Onda näme, ýaňy çaga dogran heleý ýaly, sesiň başga ýeriňden çykýar. Özüňem trubka geple. Haý, bidöwlet. – Salawmaleýkim, daýy! – Aýlynyň bu zoňtar sesi hasam gelşiksiz çykdy. – Hä, näme diýýäň? – «Salawmaleýkim» diýýän. Telefondaky sesiň gazabyna trubkanyň içi ala jagyrdy boldy. – Diňle. Salamyňa, git-de, piwo iç. Sen meni diňle. O «tilkini» gowşurdyňmy? – Hä? – «Gurjagy» «tilkä», wiý, «tilkini» «gurjaga» gowşurdyňmy? – diýýän. – Hawa! – Näme diýdi? – Begendi! – Berekella! Onsoň näme diýdi? – Pulunymy? – Hawa! Puluny berdimi? – Ýok, «gyssanma» diýdi. – Bolupdyr. «Şir» ýerindemi? – Ýerinde. – Haýsy dereden suw içýär? – Kerkawlydan. – Baý-bow! – Awçylary görnen däldir? – Ýok. Neme... – Aýly ýaýdandy. – Bilmedim! Trubkadaky ses öňküden gowşaşdy. – Haý, ýegen-eý. Sen şony bilmän näme işleýäň? Bil. Agşam, eşidýäňmi, «institut» obasyna bararsyň. Şoňa çenli ählisini bil. «Gurjaga» ýene-de gurçuklyja çeňňek at. Süýjüje gurçuk bolsun! Ýöne, kelesaňlyk edip, syr bildiräýme. Özüňem mazaly bol. Bikä aýdaryn. Iller-ä seniň Bikäňe ýetip bilenok, senem «gurjak» görseň... Degişýän, ýegen! – Näçä baraýyn! – Ýedide ştyk bol! Gijä galsaň, «ýaşuly» halanok. Özem baraýmagy ahmaldyr... – Meniň aýagulagym ýog-a, daýy. Oglanlaryň biri taşlaýsyn-da. Trubkadan gelýän ses zoňtar çykdy: – At oýnatma! Gijä galsaň, näme boljagyny özüň bilýänsiň. Gaýdyşynyň bir alajyny ederis. Beýlä özüň bar... Aýly öýüne bir ýalan sözläp, işine iki ýalan sözläp, ak öýländen rugsat alyp, diýilýän ýere barypdy. «Institut» obasy Oba hojalyk ministrliginiň institutlarynyň biriniň işçi posýologydy. Ol bir wagtlar institutyň hajatlary üçin gurlanam bolsa, indi ol giden posýologa öwrülipdi. Ilki-ilkiler onda institutyň alymlary, kömekçi hojalygyň işgärleri ýaşaýardylar. Wagtyň geçmegi bilen, alymlar bu jaýlaryny Aşgabada çalşyp başlapdylar. Häzirki wagtda bu ýerde Aşgabada sygmadyk adamlar, «oba ýeri» diýip şäherden bäri jaýyny çalşyp gelenler institutyň işgärleri bilen garym- gatym bolup, küren tutun ýaşaýardylar. Ol bu posýologa barmak üçin ilki awto-wokzala gelip, etrap merkezine, soň bu posýologa awtobusly barmalydy. Onuň ýetmeli ýeri duralgadanam bir kilometre golaý uzakdy. Aýly üçin bu oba barmasy o diýen kynam dälse däldi. Emma geçen gezek gaýdanda welin itiň görmedik gününi görüpdi. Ilki «bile gideris» diýip oturanlaryň biri gadyr edip duransoň, şol ýerde ýatmaga galarman boldy, beýlekisiniň maşyny adamdan doly bolan boldy, başga biriniň gitjek ugry gabat gelmedi, ine, şeýdibem, ol garaňky gijede ýat ýerde it syňsyraklan ýaly, çarkandakdan çarkandaga süsdürilip ýörmeli boldy. Oňa çenlem tutdy bir çabga, döw dursun alynda. Öz-ä çalarak serhoş, onuň üstesine-de garaňky meýdanda birki gaýta büdräp, üst-başy gömgeden çykan mekejiniňkä döndi, süllümbaý halyna-da, arwah ýaly bolup, geçen maşyna elini galdyrdy durdy. Ahyry tigirlenýän zat tapmansoň ýoluň ýarysyny pyýada geçdi. Şähere ýetiberende yzyndan milisiýanyň nobatçy maşyny ýetdi. – Hany, dokumentiňiz?! Ol jübüsinden lowurdap duran şahadatnamasyny çykardy. Nobatçy milisioneriň haýbatly ýüzi üýtgäp gitdi. – Bagyşlaň! – Ol maşynyň gapysyny ýapandan, Aýly bagyrdy: – Jan agalar, meni siz bir taşlap gitmäň-ä! Daňdanyň biçak wagty adamsyny milisiýa maşynynyň getirip, işikde taşlap gitmegi diňe bir Bikäni däl, giden goňşularynam alada goýdy. – Huşa getirijidenmi? – diýip, Bike işigi açan badyna sorady. – Ýöne dogryňy aýt, ýene bir iş etdiňmi? – Ýok-la – diýip, Aýly üşemekden göm-gök bolan dodaklaryny biri-birine getirip bilmän durşuna aýtdy. – Da... Daý-ýym-lal-dan! Bikäniň öňem bulaşyp, aý ýaly ýüzüne dökülip duran saçy ýalkymly ýüzüne gap-gara bulut bolup döküldi. – Näme beýle ýalan sözleýäň? Daýyň-a saňa garaşyp, häli gitdi. Sen, sen... Aýlynyň öňem hanasyny çöwreýin diýýän ullakan gözleri pökgi ýaly atylyp Bikäniň maňlaýyna degäýjek-degäýjek ýaly göründi. – O nähili? Şonuň bir doganyny s... Şonuň bir bajysyny s... Bike gyňyr ses bilen haýbat atdy. – Porsama! Seniň haýsy gapydan gelýäniňi bilýän. Porsama, entek menem saňa bir oýunjagaz görkezerin, şonda görersiň tomaşany... Ol badyna içerdäki owadan şifoneriň gapysyny zarply açyp, içinden germewe ildirilen egin-eşikleri daşary pyzyp başlady. Aýly baryp ony gujaklady. – Bikäm, öwlüýä kessin, Bikäm, dur... Men, men... Bike oňa diýýämişiňem diýmedi. – Bar, bar, gidiber halanýan ýeriňe... – Bikäm! – Bar, bar, nejis. Sen-ä gören ýeriňde agynap, her gün agşam masgaraň çykyp gelmeli. Menem seniň hapaňy ýuwmalymy? Gidiber. – Ol aýasy bilen bokurdagyny syhalady. – Seniň ýalylar şundan. Menem kem galman, tapmaly bolsa... Aýly işikde gyzyl-ýaýyrt bolup duran eşiklerini çöpleşdirip durka, işik zarp bilen ýapyldy. – Bikäm! – Aýly, işiňişden geçendigini aňyp, goltugyndaky goşlary ýere gahar bilen oklap goýberdi-de, ýeri gazap bilen depdi. Ol näçe özelense-de, näçe ýalbarsa-da, Bike işigi açmady. Diňe ol işe barýarka Aýla onuň bilen gürleşmek başartdy. – Ynan, Bikäm, öwlüýä kessin, meni daýym çagyrdy. Senden sorajak bolup şunça jaň etdim. Sen bir iş bilen çykan ekeniň. Soň... Bike uly boýuny kiçeldip, özelenip ýalbaryp duran adamsyny ýigrenç bilen başyndan-aýagyna çenli synlady. – Onsoň bu mysalaň näme? Sen nädip, şu hala ýetip bilýäň? Men-ä garamaňlaý etdiň. Indi ilden-günden bir utan-a. Aýly özelendi. – Sabyr et, sabyr et, düşündireýin. – Sabyý et, sabyý et – Bike onuň agzyna öýkünip, dilini-başyny çeýnedi. – Sabrym gutardy meniň. Men haçana çenli sabyr edeýin saňa. Aýtman, ýom-ýok bolup gitmäň bir çöpüniň baryny bilýän men. Ahyram ýetdim yzyndan. Indi sen maňa derkar däl. – Düşün, Bikäm. Daýym «hökman gel, zerur iş bar» diýdi. «Juda zerur» diýdi. Dogrusy, ýene-de maslahat boldy. Özüň bilýäň. Gaty serýoznyý. Menem şonuň çleni. Barmasam, mensiz olar gymyldap bilenok. Ähli swedeniýe mende. Onam özüm baryp aýtmaly. Bardym, aýtdym. Bike haýbat bilen azgyryldy. – Näme boldy? – Bolan zat ýok. Ýöne taýýarlanýarlar. Basym bellisi bolmaly. Güýç köp. Ýöne baryny bir ýumruga jemläp, depesinden inderip bolanok. – Kimiň? – Prezidentiň, döwletiň. Ýöne basym barysy bolar... Bike az-kem gowşady. – Ýalan sözläňok gerek? Aýly ör gökden geldi. – Aý, ýok-la, Bikäm. Men saňa ýalan sözlärinmi? – Eliň-ä boş. – Bike näzli ýylgyrdy. – Daýyň-a başga zat diýipdi. Aýly oda düşüp, ýalym-ýulum etdi. – Işde. – Näme? – Gowy palto. Daýym ikisini alypdyr. Biri seňki, biri... – Bike ýene-de gyzdy. – Şol – diýip, şony aradan aýyrman geçdiň. Maňa güni bolup sataşdy şol aýjyn. Aýly ýaýaplap gürledi. – Oňa degme, Bikäm. Ol bize kän zat berýär. Ähli informasiýa şondan gaýdýar-a. Bike indi ärine başga göz bilen garady. – Bu sypatyň näme? Indi işe şeýt-de bar! Aýly utançly halda peltekledi. – Ýagyş, çabga, garaňky, büdräp, neme, ýykyldym. Suwa ýykyldym. Hiç göremok. Saňa aýtman gidenime-de nerwniçit etdim. Ol haramzada, daýymam, «Ýegen, sen gidiber, men gijräk bararyn» diýen bolýa. Soňam, maşyny saklaman, duşumdan geçip gitdi. Bike adamsyna dözmedi. Az-kem aýak çekip, soň Aýlynyň ýakasyny düzedişdiren boldy. – Işe şu mysalaň bilen gitjekmi indi? – diýip, ýene dözmezlik bilen sorady. Aýly ýaýdandy. – Näbileýin, sen näme diýseň... Bike äriniň ýüzüne garaman, açary oňa uzatdy. – Bar, ugra öýe. Utançsyz... Aýly açary ýeňillik bilen kakyp aldy. Soň öýe tarap ýöneldi-de, birdenem sakga durdy. – Daýym näme diýdi? Bike ondan arany ep-esli açypdy. Şonda-da, ol bu sowala garaşyp duran şekilde saklandy-da, bir zarbada: – Daýyňdyr-da, şony tanaňokmy – diýip goýberdi. Soň ýene-de yzyna gaňryldy – Sakyrdap-sakyrdap gitdi. Aýly «aý, ol şeýled-ä» diýen manyda başyny ýaýkady. – Azar bermedi dälmi? Bike «ýok» diýen manyda elini kelemenletdi-de, «men howlugýan» diýýän ýaly, gaty ýöräp, jaýyň burçundan öwrülip gitdi. Aýalynyň garasy ýitenden soň, Aýlynyň böwrüne müňküldi aralaşdy. «Ol meni näme üçin soradyka? Bimahal çak-a gelmeli däl öýe. Ýa ýolda meni görmän geçdimikä? Aý, şeýledir. «Ýegen sag-aman geldimikä» diýendir. Görse, men ýok. Bikäniň ýanynda birsellem oturandyr. Bike-de daýymy ýaman bek sylaýar. Başga garyndaşym ýaly däl. Daýym geldigi, çaý-suwuň ugrunda ot-elek. Aý, daýymam ony sylap bilýär-ä. «Me, şunam ýegen gelne äkit» diýip dur-a. Ejem, kakam edenok beýle hezzeti. Daýym zor-la. Eýtdi-beýtdi, tüweleme, menem ýola saldy. Indi, kimsiň, Prezident Sowetiniň işgäri. Üstümden guş uçuranog-a şol ýerde-de. Iş dolandyryjymyzam, ýöne «Begowiç» diýip dur-a. Bu zatlaryň gadyryny bilmeli...» Ol pereň anbarynyň ysy kükäp duran içerä ýeňillik bilen ätledi. Stoluň üstündäki küldanda ýarysy çekilen üýtgeşik sigar durdy. – Daýymyňky! – diýip, Aýly sigary garbap aldy-da, aşhanada ony otlap çekdi Soň eşiklerini içeri saldy-da çykaryndy. Ýuwnup, sakgalyny syryp durşuna, ol haýsydyr bir aýdymyň süýji labzyna meňzedip sygyrdy. Saçyny ýaglady, darady. Çilimini çekip tükedenden soňam peti gitmedik jalbaryny, doglan gününe daýysynyň sowgat getiren ýyldyrawuk ilikli köýnegini geýdi. Iş ýadyna düşende onuň ýüreginiň başy hemişe süýjüje galpyldap gidýärdi. Häzirem şeýle boldy. «Aýiçka nähilikä? – diýip, aýnada keşbini synlap, uzak gije çirim etmäni üçin, pökgerip duran gabaklaryny gypyp goýberdi. – Aýiçka, Aýiçka!» diýip hiňlenen boldy. Soň: – Adyna gurban, Aýiçkam! Janyňa derman, Aýiçkam, Sen-sen kararym, Düýşümde görýän, Aýiçkam, Çekdirme arman, Ýanyňa barýan, Aýiçkam! – diýip, bar sesi bilen otagy ýaňlandyryp hiňlendi. Ol bu gygyrany bilenem kanagatlanman, gollaryny uçar guşuň ganaty ýaly ýaýdy-da, birki sapar pyrlandy. – Düýşümde görýän, Çekme sen arman, Ýanyňa barýan, Janyma der... Telefon jyňňyrdady. Ol bet işiň üstünde tutulan ýetginjek ýaly, agzyndaky sözüni pytradyp, «ja-ju-ma...» diýen ýaly manysyz sesleri ysgynsyzja samyrdady. « – Kimkä?» Bu sowal ýyldyrym çaltlygynda onuň aňynyň tutuş alyslygynda at çapdy. «Daýymdyr, agşam bardym, gelmediň diýjekdir. Ýa Aýiçkamyka, işe bileräk gideli diýjek bolýandyr. Şodur!..» Ol trubkany badyhowalyk bilen göterdi. – Alo! Aý... Aňyrdan Bikäniň sesi dözümli çykdy: – Näme, trubkany alaňok, wagty bilen! – Bikäm, men!.. Ol başyny atdy. – Gördüm, daýymyň çilimi? Aýyrdym. Bor, swedi öçürerin, gazam barlaryn. Bor, ütügi ellemerin. Bor. Bor, häzir ugradym... Ol trubkany ýerinde goýdy-da, başyny ýaýkady. – Bäh, zalym, aljag-aý, owf. Eşigini çalşyryp, ýüz-gözüniň durlananyny görensoň, aýaly bilen ýaraşdym hasap edenden soň, Aýlynyň keýpi birneme göterildi. Göwni işine bakan uçdy. – Aýiçkamy görerin! * * * Prezident Köşgüniň öňi bu gün ibirtde-zibirtdi. Bir topar adam düýrlenip, minder edilen haly dorožkany maşynlaryň duralgasyna çenli ýazyp ýördi. Türkiýe Respublikasynyň, Türkmenistanyň baýdaklary top-top bolup işikde ýatyrdy. – Aýly, geldiňmi? Bar, sklady açyň-da, ýene bir top dorožka bardyr, şonam alyp geliň. Bu ýetmez – diýip, Iş dolandyryjynyň orunbasary oňa ýumuş buýurdy. – Ýeter-ow, bolmasa, ýeten ýerine çenli äkideris, galanynam düşemerisem... – Ýok, getiriň-de düşäň – diýip, orunbasar hökümli aýtdy. – Çaltrak getiriň. Aýly özüne ýumuş buýrulmagyňa monça boldy. Ol hä diýmän, täzeje haly-dorožkany iki sany ýetginjege göterdip, alyp geldi. – Ýazdyrybereýinmi? – Ýazdyr, ýazdyr. Bu iş boldy edilensoň, Aýly baýdaklary görkezdi. – Dikmelimi? – Aralaş-aralaş goýuň-da, dikiň! Işigiň öňünde üýşüp duranlar Aýlynyň guramaçylygyna, iş edişine höwes bilen garaýardylar. Aýly, çisňeýän ýaz ýagşyna ezilip, işläp ýörşüne, günorta bolanynam duýman galdy. Ahyry, ol işige haly düşäp ýörenlerden Türkiýe Respublikasyndan mertebeli myhmanlaryň gelýändigini bildi. – Ilçihana açjak bolýarlar! – Beh, Türkmenistanam daşary ýurtlar ýaly boljag-ow onda! – Daşary ýurt-da indi biz! – Hawa-la, indi öňüňde Moskwaň ýok. – Moskwa gutardy. Indi öz ýurdumyzy özümiz dolandyrmaly. – Aý, näbileýin-dä. – Aýly bu sözi agzyndan nähili sypdyranyny duýman galdy. Ol ýalt-a töweregine garady. Bolsa-da, üýtgeşik adam ýokdy. Şonda-da ol ynjalmady. – Moskwasyz aňsad-a bolmaz. Şony her ýerde-de aýdyp bereýin... Üsti-başy ýagşa myžžyk bolan ýaş ýigidem kem galmady. – Kyn boljakmyş diýip, haçana çenli kesekiniň syrtyna düşüp ýörmeli. Özbaşymyza döwletmi, öz Prezidentimiz barmy, halkymyz, ýerimiz, suwumyz barmy, indi özümiz gaýrata galmaly. Malades, Prezident, oňarýar. Türkler bilenem, Eýran bilenem, gerek bolsa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilenem ilçi alşybermeli... Ol ýigidiň sözi Aýla ýaramady. – Hawa-la, yzynda durup biljek bolsaň, açybermeli. Ýöne Amerika bir diýmäweri, ili güldürmäli... Ol ýigit ýene bir zat diýjek boldy welin, Aýly çydamady. – Ata, sen dorožkanyň şol egri ýerini düzetsene. – Ata giden badyna-da, Aýly oňa tarap eňek atdy. – Bujagaz oglanyň göwni köp zat isleýär-ow, Amerikanyň ilçihanasyny açmaly diýen bolup. Amerika seniň dargap ýatan Türkmenistanyňda ilçihanasyny açarmy? Heý-de Moskwa Türkmenistana hakyny giderermi?! Ine, azajyk garaş, şonda Aýly dogry aýdan eken-ow – diýersiňiz. Aýly bu sözleri aýdanyna ökünenokdy. Ol häzir ýene-de birküç aýdan, aňry gitse, ýene ýarym ýyldan 1991-nji ýylyň aýaklaryna döwletiň başga heňe gulluk etjekdigine ynanýardy. Daýysy Şanazar Begiň: «Az galdy, oglanlar, nesip bolsa, ýene sähel salymdan döwlet öz elimize geçýär. Ýöne gaýrat etmeli. Mugt buharda ýok. Azap çekmeli. Halky yzymyza eňtermeli. Halk eňse, dagyň sili ýalydyr. Döwlet elimize gelensoň, ähli ýadawlygymyzy çykararys» diýýän dabaraly sesi gulagyna gelip durdy. Ol ilki-ilkiler bu aýdylýan zatlary boş gürrüň hasap edýärdi. Emma daýysynyň yzyna düşüp, birküç ýygnanyşyga gatnaşandan soň welin, edilýän gürrüňleriňhakykata golaýlaýandygyny aňdy. Ine, şonuň üçinem ol bu gün öz pikirini çekinmän aýdypdy. Agşamky bolan gürrüňçilikde bolsa Aýlyny esasy sütünleriň biri hökmünde orta çykarypdylar. – Biziň ähli ugur boýunça habar alyş merkezimiz bar. Diňe Prezident Soweti boýunça hakyky informasiýamyz ýokdy. Ine, «ýaşulymyzyň» maslahaty bilen öz ýegenimizi mundan dört aý öň Prezident Sowetine işe ýerleşdirdik. Tüweleme, ol zerur aragatnaşygy dikeltdi. Indi Prezidentiň ýanyna kimiň girip çykany-ha däl, şol ýerde näme gürrüň edilse-de, bilmäge mümkinçiligimiz bar. Şonuň üçin, «ýaşulynyň» adyndan Aýly ýegene minnetdarlyk bildirýärin... Daýysynyň giden märekäniň, onda-da geljekki döwletiň ýolbaşçylarynyň öňündäki bu öwgüsi Aýlynyň başyny göge ýetirdi. Oňa häzir daýysynyň öwgüsi juda zerurdy. Çünki, şu işiň bähbidi diýip, ol belli-belli ministrden pulam, gytharytlaram çekinmän alyp bilýärdi. Şol ministrler bolsa häzir onuň gapdalynda otyrdy. – Daýy! – diýip, Aýly tolgunmadan gyzyňky ýaly etlek ýaňaklaryny nara dönderip gürledi – Maňa şu işi ýola goýmak üçin hemaýat berip dursuňyz, oňa sag boluň. Ýöne, şony kesmeseňiz gowy boljak. Göz baglamak üçin aldawaç gereg-ä. Biz häzir rewolýusionerler bolup otyrys. Rewolýusionerler hemişe maddy goldawa mätäj-ä... Şanazar Beg ýegenini kän gepletmedi. – Ýak, ýegen, senem çaga gürrüňini edýäň. Onuň gürrüňi bormy... Sen tarhansyň, ýöne iş bitirmelisiň... Aýly häzir ýyljakdan ýagty kabinetinde haýbatly kreslo çümüp, daýysynyň mahabatyna, ol adamlaryň ýanynda öz sözüniň ýer alanyna, indi özüniň hem kiçi-kirim adam däldigine begenjinden lezzet alyp otyrdy. Ol şu begenji bilen Aýiçka jaň etmek isledi. Ýöne saklandy. Öýleden soň Prezident daşary ýurtly myhmanlary kabul edýän bolsa, olaryň kimlerdigini, näçe adam bolup onuň ýanyna girip, näçe wagt oturanlaryny bilip boljakdy. «Ertirden kimi kabul etdik-ä Prezident?» – diýip, bar pikirini berip oýlanyp oturyşyna, ol telefonyň jyrryldysyna ziňkildäp gitdi. – Alo! – diýip, ol trubkany aljyraňňy halda göterdi. Onuň ýüzi pikirinden öň açyldy – Aýiçkam! – Aýal sesi trubkadan kabinete akyp gitdi. – Görünmediň-ä? Aýly ýüzüni asmana tutup gürledi. – Aý, şu türkleriň ugrunda-laý. Prezident kabul etjek diýdiler. Haly ýazdyk, baýdak dikdik. Ýagşa-da gowy ezildik. Sen geleňokmy? Aýal sesi gowşak çykdy. – Ýo-ok. Girjek bolup otyrlar-a. – Kimler? – Dört-bäş adam bar. – Türkler girenokmy? – Olar öýlän. Aýly gep içinden monjuk dördi. – Seňkem aňsat däl öýdýän. Adamlaram şol ýere ýöne eňip dur öýdýän. – Hawa-la. Söwda ministr-ä düýnem girdi, ýene-de otyr. Hol, aňyrda akademiýanyň Prezidenti otyr. Goňşy kolhozyň başlygam bar. Daşary işler ministr-ä taňry gün berse şu ýerde. Häzirem otyr. Aýly trubka üfledi. – Sluşyý, sen telefonda beýdip oturma. Diňlenýär-ä, bolmanda-da olar eşidip, soň şefiňe aýdaýmasynlar... Aýýa güldi. – Olar aňyrda. Men, näme, olara eşitdirip, samsykmy? – Eger Prezident eşidäýse näme diýjek? – Prezidentiň bir başy, müň işi bar. Onuň maňa eli ýeter ýaly däl-ä. –Trubkanyň içi ala şakyrdy boldy. Aýlyny der basdy. Ol howsala bilen trubka üfledi. – Alo! Alo!.. Bir salymdan Aýýanyň demi eşidildi. – Alo, eşidýäňmi? – Näm bold-aý. Men-ä bar aýbymyz açylandyr öýdüp gara janym galman otyryn... – Eşidýäňmi? Alo. Prezident çaý sorady-laý! Aýly haýran galdy. – Çaýam sen berýäňmi? – Dagy kim bersin! – Eý-ho-ow! Aýýa ýene-de trubka üfledi. – Alo, eşidýäňmi? Günorta naharyndan soň ýeriňde boljakmy? Aýly tolgundy. – Hökman! – Men barjak. Bir zat görkezjek. Ýöne gutlugymy berersiň, bormy! – Ol trubkany goýdy. Aýly sagadyna garap, naharyny nähili iýenini, soň öwrülip kabinetine nädip gelenini bilenokdy. Ol guş bolup uçýardy. Bu gyzyň kabinetine gelmegi onuň üçin toýdy. Ol Aýsonany öň tananokdy. Ýöne bu ýere işe gelenden soň, bu gyz bilen bir kabinetde oturmaly bolupdy. Aýsona Aýla juda kyn öwrenişdi. Ilki-ilkiler bu adamy ýadrak görüp, onuň bilen gepleşesem gelenokdy. Nahara ýa-da başga bir iş bilen gitjek bolsa, ruçkasyndan başlap, bozgujyna çenli, ähli zadyny çekerine salyp, onam gulplap gidýärdi. Aýlynyň öler jany türkmen aýdym-sazydy. Şonuň üçin onuň radiosy hemişe açykdy. Bu bolsa Aýsonanyň çydam edip bilmeýän zadydy. Türkmen aýdym-sazy onuň gyr-jynydy. Ilki-ilkiler-ä ol: «Bu ýeri edara, radioňyzy ýuwaş açyň!» diýýärdi. Niçikmidir Aýly kabinetden çykdygam, ylgap baryp onuň radiosyny öçürýärdi. Aýsona ahyry çydamady. Hojalyk bölüminden diňe özi üçin elektrik bilen işleýän üç kanally radio alyp gelip, gapdalynda oturtdyrdy. Onsoň Aýlynyň radiosy türkmen aýdym-sazyna başladygy, Aýsonanyň radiosam ýa «Maýaga», ýa Alla Pugaçýowa başlaýardy. Bir kabinetde iki radio, hersi öz dilinde aýdym aýdyp keýpden çykýardy. Aýly gelen gününden Aýsona aşyk bolupdy. Bu gyzyň nurdan ýasalan ýaly owadan ýüzi, balkyldap duran gözleri, tylla oýmak ýaljak dodaklary, lowurdap duran tokmak ýaly saçy ony özüne bendi edip taşlapdy. Ol bu ýere işe geleli bäri öz Bikesini görenokdy. Öýünde, aýalynyň durkunda, ýüz-gözünde Aýsona ýaşap ýören ýalydy. Ol aýalyna ýüzlenende «Aýýa» diýeninem duýman galýardy. Şonuňüçin «Bike» diýmän, «Aýbike» diýmänem çykarypdy. Aýsonanyň owadan didary, baş bermezek häsiýeti Aýlyny diýseň gyjyndyrýardy. Bu gyzyň radio aýtdyrmagyna gaharlanmagy, ruçkadyr galamynyň ellenilmegine däliremegi onuň hoşuna gelýärdi. Şonuň üçin ol Aýsona kabinetden çykdygy, onuň stoluň üstünde ýatan galamlaryny terslin-oňlyn goýuşdyrýardy. Aýsona gelerem welin, Aýly beýlesine öwrülen bolup ýa-da telefonda gürleşen bolup oturandyr. – Kim eli guramyş elleýär şu artyby? Aýly trubka gygyryp, gürrüňi hasam gyzdyran bolar: – Alo, siziň o diýen meseläňiz juda serýoznyý, ony başlyklar bilen çözüň. Bilemok, başlygym bar. Şoňa ýüz tutuň. Hawa, Aýsona Akyýewa, telefonam kyrk bäş, kyrk bäş, kyrk bäş. Öýlän bolar. Bolýa, sag boluň. Aýsonanyň ýene myrryhy atlanar. – O kim? O näme üçin meniň telefonymy berýärsiňiz. Meň, näme, siziň başlygyňyzmy? Näme beýdýäňiz?! – Ol sögünçli hüňürdeýärdi. Aýly sesini çykaranokdy. Aýsonanyň gahary ýetjek derejesine ýetýärdi. – Näme, diýjegiňizi diýip, indem agzyňyza suw aldyňyzmy? Aýly howluganokdy. – Ýazyjylar birleşiginden jaň edýärler. Telefon kitapçada olaryň nomeri ýalňyş gidipdir. Maňa «şony düzediň» diýýärler. Menem: «Men oňaramok. Bu mesele bilen Akyýewa ýüz tutuň» diýdim. Näme bolupdyr, bu ýerde üýtgeşik zat ýog-a meniň üstüme gygyrar ýaly... Aýsona mähirden doly gabaklaryny kösük ýaly barmaklary bilen sypalap: – Men seniň başlygyň däl-ä – diýip goýberdi. Aýly ýylgyrdy. – Men seni öz başlygym hasap edýän. Aýsona düşünmedi. – O näme üçin siz meni öz başlygyňyz hasap etmeli. Menem özüňiz ýaly işgär – diýdi. Aýly gaharlanan boldy. – Ýoldaş Akyýewa, meniňem nämedir bir zada hukugym bardyr-a. Eger şeýle bolýan bolsa, öz hukugymdan peýdalanmaga bir mümkinçilik beriň. Şojagaz hukugam elimden aljak bolýarsyňyz. Aýsonanyň gahary ýetjek ýerine bardy. Ol gara çyny bilen: – Şol hukuk size adam oýnamaga berlenok. Öz hetdiňizi tanaň – diýdi. Şondan soň ol üç günläp Aýly bilen gürleşmedi. Aýly şu üç günde Aýsonanyň ýene-de bir gowşak tarapyny aňdy. Telefon trubkasyny tersine goýdugyň, Aýsonanyň harmanyny otlanyň bilen des-deňdi. Ol Aýsonanyň geläýjek gabady onuň telefonynyň trubkasyny ters ýüzüne goýdy. Radiosyny hem türkmen aýdymyna düzdi. Özem telefonda gepleşen bolup oturdy. – Waý, nejis, kim beýdýä muny?! Aýly Aýsonanyň gelenini görmedik, bilmedik bolup, telefona janykdy. – Dogry, häzir juda kyndyr. Ýöne beýle goýmaň-a. Gaty owadan maşgala. Şoňa-da birini tapyň. Ýok-la. Meni görse, myrryhyny gören ýaly. Elbetde öwrenişer. Ol gepleşenok diýip, men ony wnimaniýesiz goýman-a. Gaýrat ediň. Maňa gerek däl. Şoňa bolsa bolýar. Aýsona birhili ýuwaşady. – Aý, oglan, sen gowuja bol. Meniň janymy ýakmaňy bes et. Telefonda näme üçin gybatymy edýeň! Aýly sesini çykarman oturan boldy. Birdenem: – Bagyşlaň! – diýdi-de telefonyň diskini aýlady. – Aman aga, bagyşla, ýene bir zat soraýyn. Neme, telefonda gürrüň edilende gapdalyndan diňläp, şol gürrüň boýunça-da saňa töhmet atylsa, näme jezasy bar. Şeýlemi, üç ýyla çenli türme ýa-da bäş müň manat jerime, sag boluň! Bor! Ol ýerinden turup nahara gitdi. Gelende Aýsona ýerinde ýokdy. Geň galmaly ýeri, onuň çekerem açykdy, galamlaram stoluň üstünde ýatyrdy. Aýly onuň galamlaryny elleşdirdi. Radiosyny Aşgabada geçirdi. Telefonynyň trubkasyny tersine öwürdi. Soňam bu gyzyň gözüniň düşäýjek ýerinde bir guty pereň anbaryny goýdy. Aýsona içeri giren badyna doňup galdy. – Bu näme? Aýly sesini çykarmady-da, ýene telefona ýapyşdy. – Bagyşlaň, Aman aga ýokmudy? Bolsa Prezident Sowetinden soradylar diýiň. Bir jaň etsin. Aýly sözüni jogapsyz goýandan soň, Aýsonanyň gahary ýetjek hetdine ýetdi. Ol öňünde duran galamlary şakyrdadyp, stoluň üstüne oklap goýberdi. Sahy Jepbaryň «Agam senisiniň» orta bilinden jorta üzüp, radiony äkidip şkafa taşlady. Soň aglap başlady. – Nejis. Doňbagyr, deýýus. Niräniň ykmandasyny meniň alnyma getirip dikýärler. Ertire bir çykaýyn, ýa şol oturar şu ýerde, ýa men. Nejis!... Aýly ýene-de trubkany aýlady. – Aman aga ýokmudy? Aýsonanyň gözi, eli ýazyp oturan işinde bolsa-da, gulagy telefona dikildi. – Aman aga, walla, ýene men-läý. Bir zat soraýyn-la. Ýok, ýok, iki zat sorajak däl, ýekeje. Aýtsana, birine kakdyryp saňa sökseler, kemsitseler, meselem, şonuň jeza maddasy barm-aý. Ýok, ýok, maňa diýilýän zat ýok. Diýibem bilmezler, ýöne biri roman ýazypdyr. Şeýle ýagdaý üçin sögeniň işini suda berdirýär. Oňa-da üç ýyl kesdirýär. Roman ýazanam tanyş adam, onyň ýalňyş, beýle zat ýogam diýýän welin, «Jenaýat kodeksiniň» ...-nji maddasyny göräý diýýär. Bäh, dogrumy?! Onda men ýalňyşypdyryn. Bäh, üç ýyl diýsene. Kän dälmäý?! Bäh. Sag bol. Ol trubkany goýup, işlän bolup başlady. Şondan soň Aýsonadan ses çykmady. Ýöne ol gaýtjak bolanda anbarly gutujyň sumkasyna saldy. Aýlyňyň oýny tükenmedi. Ertesi Aýsona işe gelen badyna, ol gyzyň ýanyna bardy. – Aýsona, bagyşla. Düýn şu ýerde biri «Fransuz» duhisini galdyryp gidipdir. Menem hiç üns bermändirin. Agşam öýe jaň edip, janymy alyp barýar. Gören-ä dälsiň? – Bilemok! – Aýsona «bilemok» diýse-de, saly gowşakdy. Ol girdi, çykdy. Arkaýyn oturyp bilmedi. – Alýo – diýip, Aýly ýene trubka ýapyşdy. – Aman aga, men seni bir zat üçin bimaza edýän. Bir gelşiksiz ýagdaý boldy-laý. Bir dostum ýanyma salama geldi. Şonda gaty üýtgeşik, gymmat bahaly zadyny goýup gidipdir, neme, unudypdyr. Onam menden görýär. Menem göremogam, alamogam. Hawa, ýanymda bir gyz bar. Ýo-ok, hudaý saklasyn. Ol aljakmy? Ol perişde ýal-a. Aý ýaly. Ýok, ýok, oňa «sen aldyňmy?» diýme-hä däl-le, ýene-de iki sanysyny getirip bermäge-de razy. Ýöne, indi maňa näçe ýyl keserlerkä? Bä, üç ýyl. Bä, onda aýagymy sallap, gidibermeli diýsene. Bor-da... Ol ýüzüni asan boldy. Aýsona onuň ýüzüne garady-garady-da, çykyp gitdi. Aýly düýn Türkiýe Respublikasyna sapara gidip gelen ýoldaşynyň sowgat beren ruçkasyny owadan gaby bilen Aýsonanyň stolunyň üstünde goýdy. Ruçka örän owadandy. Ony synlaman, oňa höwes etmän, beýlä süýşürer ýaly däldi. Aýsona gele-gelmäne, ruçkany eline aldy. – Oý, mamoçka! – diýip, agzyny şapbyldatdy. Soňam – Maňamy? – diýip, Aýla begençli garady. Aýlydan jogap bolmansoň, telefon trubkasyna ýapyşdy. Diskini aýlan boldy. – Alýo, maňa Aman aga gerekdi. Wiý, bagyşlaň, asyl özüňizmi? Siz baý adam bolarsyňyz, Aman aga, sizi tanamandyryn, hawa. Men bir zat sorajak bolýan. – Ol Aýla garady, sesini ýognaldan boldy. Aýly hiç zada düşünmän, bu gep çynmy, ýalanmy diýen manyda işine güýmenen bolup otyrdy. Çyn diýsä, onuň Aman agasy oýundy. Oýundyr diýse-de, ýedi günläp ýençseňem, Aýsonadan oýun çykjaga meňzänokdy. – Neme, Aman aga, halys ýürekden sowgat berlen zady alsaň, näçe ýyl berler? Ýok, men ony bilýän. Ýöne joramyň bir gowy tanşy bar. Şol oňa birgymmat zady sowgat berenmiş. Indem ol «şol zady yzyna ber, ýogsa türmä basdyraryn» diýýärmişin. Hä, şeýlemi? Arkaýyn bolaýsynmy? Sag bol, Aman aga... Ol trubkany goýdy-da, ýene-de «wiý» diýip, ony göterdi. Soň gabat gelen nomeri aýlady. – Aman aga, bagyşlaň, joram ýene jaň edýär. Şol adam oňa ýene bir sowgat beripdir. Alaýynmy diýýär. Alaýsynmy? Bor. Sag boluň. Ol ruçkanyň gabyny aldy-da, begençli ýylgyrdy. – O-oý, nähili owadan! Baý-baý, muny kim getirdikä? Öz-ä hakyky žentlmen bolmaly. Ertesi Aýsona düýbünden başga adam bolup geldi. Ol gele-gelmäne radiony açdy. Çaý goýdy. Iki çaşka kofe demledi. Soň telefona ýapyşdy. Aýly bu gyz ýene-de oýun edip, Aman agasyna jaň eder öýtdi. Emma duýman durka, öz telefony jyrlady. – Alo! – Aýly Aýsonanyň ýüzüne garady. –Eý, gözel oglan, bäriňe dolan, men seni kofä çagyrýan... Aýly bu gyz bilen işläp başlan döwründe ilkinji sapar ýürekden ýylgyrdy. Ol dodagyny telefonyň trubkasyna degrip gürledi. – Dolandym yza, gurban men gyza, başym üstüne... Ol trubkany goýdy-da, Aýsona bakan gaýtdy. Gelibem, Aýsonanyň bagtyýarlykdan ýaňa bägülüň açylmadyk lälesine dönen ýaňagyndan ogşady-da, ony bagryna basdy. – Ysyňa döneýin, Aýiçkam! Şeýdip açyl-a. Aýsona ony näz bilen itdi. – Aýryl, ýogsa, Aman aga aýdaryn! Olaryň ikisem badyhowalyk bilen gülüşdi. * * * Aýsona bilen Aýlynyň bu pynhan, ýöne dünýädäki ähli lezzetden süýji söýgisi uzaga çekmedi. Aýsonany kabulhana myhman gelende çaýa-suwa garaýan nobatçy topara işe aldylar. Bu aýralyk Aýla agyr degdi. Ol Aýsonany bir salym görmese, ýüregi üzülip barýan ýalydy. Üzümiň suwy ýaly bu näzikden owadan gyzy ýanyndan aýrasy gelenokdy. Oňa düne malyny-ha däl, şirin janynam gaýgyrasy gelenokdy. Ol Aýsona bilen duşuşmagyň hatyrasyna, aýalynyň kurortlaryň birinden pul köküni döküp satyn alyp gelen, indem telim ýyl bäri aýap, dakynman ýören monjugynam getirip sowgat berdi. Her gün onuň Aýsona bir gowuja sowgat edip, ony begendiresi gelýärdi. Aýsonanyň özem bu görmegeý ýigidiň eldekisine öwrülip gidipdi. Ol her gün Aýlynyň ýanyna gelmese, çöregini gury iýýän ýalydy. Geldigem, içindäki ähli syryny daşyna çykarýardy. – Bu gün Prezidente üç sapar çaý äkidip berdim. Pylan ministr, pylan ýazyjy, pylan alym Prezidentiň ýanyna girdi. Pylan ministr girmänkä şeýle bir titreýär, çykanda ýylgyryp çykdy. Gelip: «Aiçka gurgunmyň?» diýip, elimden ogşaýar. Pahyr, girmänkä bir sagat otursa-da, gözüne ilmändirin. Elimden tutdy welin, eliniň içi gara suw. Ýaşuly suwuna degipdir öýdýän! Araky «institutdaky» maslahatda Aýly şol ýere ýygnanyşanlary bir meselede haýran galdyrdy. Oturanlaryň biri «pylanynjy gün Prezident işe gelmedi» diýen ýaly gürrüň etdi. Aýly onuň gepini ýalana çykardy. – O nähili geldi? Meň özüm şonuň şaýady ahyryn! – diýip, institutlaryň birinde direktoryň ylmy işler boýunça orunbasary bolup işleýän alyn saçy düşen, garaýagyz pyýada Aýlynyň üstüne heňkirdi. – Men bir zady toçnyý bilmesem aýtman... Aýly gyssanmady. – Ýok-la,Prezident şol gün üç ministri, iki alymy, Döwlet howpsuzlygy komitetiniň başlygyny kabul etdi. Şol gün ABŞ-dan ýörite wekilem kabul etdi. Ol on dört dokumente şol gün gol çekdi. Şolaryň ikisi ylym bilen baglanyşykly... – Başga gündür seniň diýýäniň. Aýly az-kem gyzjak boldy. – Ana, ýanyňda şol gün Prezidentiň kabul eden ministri otyr-a... Çig mal taýýarlamak boýunça öňki ministr Aždar Dönmezow boýnuna agram salyp duran äpet kellesini göterdi. – Näme? – Seni Prezident haçan kabul etdi. Dönmezow Prezidentiň kabulhanasynda bolan gününi aýtdy. – Indi boldy dälmi? – Boldy, ýegen, berekella! Şanazar Beg Aýlynyň beren informasiýasyna haýran galdy. Ol her ýygnanyşyga bolmasa-da, aralaşrak bu ýere gelýän içeri işler ministri Dubronenkodanam beýle habarlary eşidenokdy. Ýygnanyşykdan soň daýysy elin, öz maşynynda Aýlyny öýüne äkitdi. Daýy-ýegen ikisi etli böregiň başynda kellelerini dumanladansoňlar, Şanazar Begow mysapyrsyrap başlady. – Ýegen, sen, walla, zor çykdyň. Jik-jik edip, hälki alymsumak ýygnanyşykda, her sapar ara sokulyp durdy. Asyl how, ol edil Prezidentiň ýanynda oturan ýal-a. Sen oňardyň. Hany, hany, ýene bir elli gram... Ol rýumkalary doldurdy. Soň boşan çüýşäni gapdala ýykdy-da, söýgüli sigaryny otlady. – Ýegen, senem birjejigini çekäý. Aýlynyň ýetip bilmeýäni daýysynyň sigarydy. Ol höwes bilen sigarlaryň birini aldy-da, kinolarda Çerçilliň edişi ýaly, onuň pürçügini çürtdi. Soň otlap, lezzet bilen demine sordy. «Rasputin» aragyndan soň sigar onuň başyny aýlady. Ol göýä bäbejik bolup sallançakda üwrelýäne döndi. – Ýegen – diýip, Şanazar Beg gözlerini süzgekledip oňa ýüzlendi. – Men bir zat soraýyn. Jogap berseňem özüň bil, bermeseňem... – Aýdyber, daýy! – Aýlynyň deminiň içinde eräp giden bu sözler gowşaksy, pytraňňy eşidilse-de, Şanazar Beg oňa üns bermedi. – Ýegen, sen ýaňy ol alymsumagy ompa oturtdyň. Saňa göwnüm ýetdi. Sen giden KGB-niň komitetinden köp bilýäň, maladis. Ýöne, aýt, fakty nireden alýaň? – Şanazar Beg aňry ätlemedi. Ol ähli ünsüni Aýla berdi. Aýly henizem özüni sallançakdadyryn öýdýärdi. Ol yranyp oturyşyna, bazzyk-buzzuk gürledi: – Aýlynyň ýalan gepi bolmaz. Aýlynyň başaranyny hiç kim başarmaz. Ine, basym Aýlyny tanarsyňyz!.. Şanazar Begiň içini it ýyrtdy: – Fakty, fakty nireden?.. – Fakt kän. Ony aýtjak däl. Ýöne, şol ýerde bir gelin bar,şony hor etmeli däl, düşündi... Ol hazyna, öz adamymyz, dü-şündi... Aýsona sagat birde geldi. Ol elindäki ullakan gapdaky daşary ýurt şokoladynam gapdala goýman, özüni Aýlynyň gujagyna urdy. Aýly onuň gözlerinden ogşady. – Beýtme! – Hä? – Reňk-ä, gara reňk. Dodagymam reňk. Ostorožno, ýogsa köýnegiňi zaýalaryn. – Ol Aýlynyň gujagyndan suwlup çykdy-da, onuň ýakasyna siňe garap başlady. – Aýtdym-a, ana, hapalapdyryn. Aýly işigi içinden kiltledi-de, köýnegini, maýkasyny çykardy. Soň baryp Aýsonany täzeden gujaklady. – Aiçkam, janym. Men seni... Aýsona Aýlynyň posalaryndan ýaňa gözlerini bagtyýarlyk bilen ýumup, eräp-akyp durdy. – Düşegi ýazaýaýyn! – Ýok, ýok! – Aýsona birden tisginip gitdi. – Meniň bilim... Bolanok. Beýtme. Aýly şonda-da köşeşmedi. Aýsonanyň gujagyny dolduryp duran göwüslerine, biline düşüp duran lowurdyly gara saçyna ýüzüni oýkady. – Janym, Aýiçkam, älem-jahanym! Aýsona ony köşeşdirjek boldy. – Özüňi horlarsyň. Men-ä hiç. Aýly ony täzeden gujaklap, boýnundan ogşady. – Boýnuňdan jennetiň ysy gelýär. Aýsona onuň gujagyndan ýene-de sypdy. – Gel, kofe içeli! Bu teklip Aýla-da kem ýaramady. Ol elektrik çäýnegi toga sokdy-da, ýerine geçip oturdy. – Armaweri, Aýiçka! Aýsona gaşlaryny bürüşdiren boldy. – Ýaman ýadaýan. Adamlar, nähil-äý. Prezident pahyr adamdyram öýdenoklar-a, Howpsuzlygyň başlygy agşamam girdi ýanyna. Ýene-de ho-ol ors adam bar-a, Içeri işler ministri, şol ikisi garaşyp otyr. Olar girdi welin, menem bäri gaýtdym... Aýly kofeli gabyny ýany eline alypdy. Telefon ýene jyrlady. – Alo! – Ol daýysynyň sesini tanady. – Ýeke özüňmi? – Ýok. – Bildiňmi? – Hawa. Agşam öňki ýere barmaly. – Men soň jaň edäýeýin? – Ýok, gepi köpeltme-de bar. Sen hökman barmaly. Aýgytly gürrüň boljak. Ýagşy. Ol trubkany goýdy. – Aýalyňmy? – diýip, Aýsona hem ýüzüni kölegeledip sorady. – Wah, ýok-la, daýym. Aýsonanyň ýüzi ýagtyldy. – Düýnkini görkezjekdim. Şeýle bir gowy gelişdi. Ýene yssy gün palto geýip, ile gülki bolmaýyn diýdim. – Ol ýerinden turdy-da, gelip Aýlynyň kofäniň ysy kükäp duran dodagyndan öpdi. – Bu şonuň üçin... – Bary şolmy? Aýsona güldi. – Galanyny soň, gutulaýyn-a entek. Ýogsa özüm-özümi ýigreniberýän-ä... Aýly sesini çykarmady. Ol öz Aýiçkasyny sowuk ugratdy... Ol pikirini jemläp bilmedi. Gara «Wolga» süýnüp, edil garşysynda gelip durdy-da, ony erbet tisgindirdi. Ol ukudan açylan ýaly boldy. Başyndan ýyldyrym çaltlygynda ötlem-ötlem bolup geçen pikirlerem zym-zyýat boldy. Aýly gözlerini «Wolganyň» tutawajyna bakan dikip, öňe, işigi açmaga okduryldy. | |
|
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Duman daganda: Peýdasyz perişde kime derkar!? - 10.06.2024 |
√ Dirilik suwy -25: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -11: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -30: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |