22:54 Döwletment sahawaty | |
DÖWLETMENT SAHAWATY…
Edebi makalalar
1991-nji ýyl bolsun gerek, türkmen sazynyň ussady Pürli Sarynyň doglan gününiň 90 ýyllygynyň toý dabarasyna gatnaşmak üçin Bamy obasyna barypdyk. Toý meýdanynda gurlan gara öýüň içinde köne tanşym Gutlumyrat aga bilen sazak odunuň başynda söhbetdeş bolupdyk. Gutlymyrat Begmyrat ogly Sary bagşynyň golaý garyndaşydy. Ol atlary külli türkmene belli ussat bagşy-sazandalary ýakyndan tanaýardy. 80 ýaşa barandygyna garamazdan, gaty ýatkeş adamdy.Durmuşyň köp şatysyny gören Gutlymyrat aga Beýik Watançylyk urşuna gatnaşypdyr. Köp ýyllaryň dowamynda mekdepde mugallymçylyk edip, taryhdan sapak beripdir. Ýaşuly şo gezek maňa, ine, şu zatlar hakynda gürrüň beren ekeni: - Gyzylarbatly Annamämmet Hajy diýen adam 1916-njy ýylda Marydan Gazanjyga çenli dürli gymmat bahaly geýim-gejim, mata-zatlaryň iki wagon zady, her stansiýada durup jar çekipdir, ilata hudaý ýoluna zat paýlapdyr. Gyzylarbada öýüne baran mätäç adamlara hem köp-köp zatlar beripdir, köp adamlardan bolan algysyny geçipdir: "Taňrýalkasyn diýäýiň” - diýipdir. Şeýle rehimdar, jomart adam bolan. Börmeli Mele Serrik diýen adam şeýle baýmyş, ol: - Hudaý maňa şeýle baýlygy atamyň arkasyndan beripdir, men adamlara haýyp-sogap edeýin, ilde bolan algylarymy hudaý ýoluna geçireýin, şeýle bir uly toý edeýin - diýip, ýaşulular bilen geňeş edýär. Olar Mele Serrige: - Eý, Mele, sen gowy iş etmekçi. Ýöne bir ýyl, iki ýyl öňünden taýýarlyk gör. Ählimiz seniň arkaňda durarys- diýenler. Mele Serrik bu toýa iki ýyllap taýýarlyk görýär. Hywa, Eýrana, dürli ýerlere birnäçe sapar uly kerwen iberip, dürli harytlar -- däne we ş.m. köp haryt getirdýär. Toýa Kesearkaç, ýomut garyndaşlar, gökleň, gerkez hem-de Hywadan köp myhman gelýärler. Üç-dört gün öňürti toýçylar Börmä ýygnanýarlar. Mele Serrik Börmäniň uly ilatyna ýüzlenýär: - Toýa gelen toýçulary hemmäňiz myhman alyň. Emma toý sowulýänça, özüňizden iýmekden, içmekden hiç bir zat harç etmäň - diýip, her öýe dir düýe un, çaý, süýji, ýag, tüwi we ş.m. zatlary eltdiripdir. Ýedi-sekiz ýüz goýny hem toýçylar üçin, ilat üçin getirýär. - Kime näçe gerek bolsa öldürip, myhmanlary sowsun - diýýär. Bir ýüzden gowrak düýe, bir süri dowar, näçe düýe ýüki don... baýrak üçin orta çykarýar. Özi hem iki ogluny bile öýerýär. Mele Serrigiň toýuna "toý goşant" diýip gelen mal, dürli zatlar örän köp bolan. Toý üç gün bolan. Börmäniň günbatar tarapynda iküç kilometrinde at çapdyrylýar, göreş tutulýär. Gyzylarbatdan Börmä çenli ula (ýaryşa) giden atlara on dört bogaz düýe baýrak goýlupdyr. Bamyly Annak diýen adamyň baýtaly öň gelip, baýragy alypdyr. Emma baýtal toýhana gelip, ýykylyp ölüpdir. Topluma giden atlara alty bogaz düýe baýrak berlen. Ýyndam at pellesinden goşulýan atlara bir düýeden, iki düýeden baýrak berlipdir. Dört uly pälwana iki düýeden baýrak berlen. Çapylýana goşulyp gelen atlara hem bir düýe baýrak berlen. Ownuk pälwanlara hem dörtden, bäşden goýun, dürli gymmat zatlar berlipdir. Toý üç gün bolan. Goşaja diýen ýerde toý bolupdyr. Mele Serrigiň il-günden köp mal-zat algysy bolupdyr. Hatamtaý ýaly Mele Serrik "Üç güne çenli maňa bergili adamlardan algymy geçýärin, meniň öýüme gelip, taňryýalkasyn – diýen” Köp-köp adamlar Mele Serrigiň öýüne gelip: - Mele aga, meniň saňa düýe we ş.m. bergim bar, Mele aga, taňryýalkasyn - diýen adamlara: - Sende bolan algymy hudaý ýoluna geçýärin, seni hem taňryýalkasyn - diýip, ilde-günde bolan bergili adamlaryň bergisini geçipdir. Emma bir erkek bergili bir adam obada ýokmuş. Ol bergili adam dördünji güni gelip: - Mele aga, men obada ýokdum. Men hem saňa bir erkek bergim bar, meniň bergimi geç - diýen. Mele Serrik: - Eý, pylany, iner ýozuldy - diýen. Mele Serrigiň aýaly: - Iner ýozulsa, maýa ýozulanok, bergiňi geçýäris - diýen. Mele Serrik diýen adam tüýs Hatamtaý kysmynda jomart, rehimdar adam bolan. Ýatan ýeri ýagty bolsun! Mele Serrigiňki ýaly uly toý bu jelagaýlara ozal bolmandyr. Gyzylarbadyň Hojagala obasynda oturymly Orazguly Hoja diýen adamynyň toýy, Mele Serrigiň toýundan özge toýlardan iň ulusy bolan. Toý üç gün bolan. Ula goşulmaga giden atlara alty düýe we ş.m. baýraklar berlen. Olam ilde bolan algylaryny hudaý ýoluna geçipdir. Toýuň ähli harajatyny özi çekipdir. Köne adamlar Mele Serrigiň, Orazguly Hojanyň toýlaryny guwanç bilen gürrüň ederdiler. * * * Gutlymyrat aganyň gürrüňlerinden bu adamyň ussat bagşy-sazandalarymyzyň köpüsini tanap, köpüsi bilenem gatnaşykda bolandygyna göz ýetirmek bolýardy.Başga bir söhbeteşligimizde ol maňa öz döwrüniň ýörgünli türkmen aýdym-sazlarynyň nähak ýatdan çykarlandygyny aýdypdy. - Öňki öten belli meşhur bagşylarymyzyň aýdyp geçen aýdymlarynyň otuz-kyrka, hatda ondan-da köpüsi biziň häzirki bagşylarymyz tarapyndan aýdylman gelýär - diýip, şol aýdymlaryň ýadynda galanlarynyň bir toparyny mysal getiriripdi. "Begler” ("Pany dünýä şum ajalyň elinden, gezmedi messana begler...”). Sary bagşy aýdýardy. "Eý, ýalançy pany dünýä ençeme emiýany nätdiň?..). Nazarbaga aýdýardy. "Ondadyr” ("Maral geldi” sazyna aýdylýardy). „Neýleýin dünýä malyny, hazynaly manysy ondadyr...”. Sary bagşy aýdýardy. "Mundan gider bolsaň baba, Mustapaga salam diýgeý sen”. "Babaröwşenden”. "Goç ýigit girse meýdana”. "Ymamlaryň kyssasyndan”. "Ogulbibi”. Çowdurkör bagşy aýdýardy. "Posly bolupdyr”. Çary Afzaldan. Sary bagşy aýdýardy. "Zarlap gezer”. Zeliliden. Halmämmet Allanur aýdýardy. "El göter”. Sary bagşy, Çowdurkör aýdýardy. "Jürjän”. Çöwdurkör aýdýardy. "Şasenem-Garypdan”. "Dörär” ("Il azanda halk içinde bir bidöwlet är dörär...” ). Aşykydan. Sary bagşy aýdýardy. Talybynyň "Dostlarym” diýen aýdymy. "Näzlijan” diýen aýdym. Orazmammet bagşy aýdýardy. "Oglanly jöhit”. Magtymgulydan. Sary bagşy aýdýardy. "Sähet bike”. Çowdurkör aýdýardy. "Getirer”. Zeliliniň goşgusy. "Söweşe begler”, Annahal bagşy aýdýarmyş. (Annahal bagşy ilkinji türkmen generaly Bagşy Ataýewiň atasy bolmaly. Daýna obasyndan. Kompozitor Nury Halmämmedow hem, akademik Tagan Berdiýew hem şol obadan –A.Ç.) "Bakyrhojam” diýen aýdym. Sary bagşy aýdýardy. "Maral göz” diýen aýdym aýdylmaýar. - Eger aýdymlaryň sözleri gerek bolsa, bilmeseler, mende ýazgylary bar - diýip, ýaşuly aýdypdy. Gynansak-da, Gutlymyrat aga bilen biziň bu söhbetdeşligimiz iň soňky sapar eken.Belki-de, aýdym-saz sungaty bilen iş salşyp ýörenleriň arasynda höwesek tapylyp, şol ýazgylar bilen gyzyklansa, ne gowy bolardy! * * * Gutlymyrat aga "Magtymgulynyň hiç ýerde çap edilmedik goşgusy” diýip, ine, şu goşgyny hem aýdyp beripdi. Goşgyny men gyzyl tapan ýaly begenip, derrew onuň dilinden ýazyp alypdym. Dogrudanam soň men bu goşgyny akyldar şahyryň kitaplarynyň hiç birisinden hem gözläp tapmadym. Ýitip gitmezi ýaly hem muny men Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutymyzyň gaznasyna tabşyrdym. • Jeset içre şirin janyň amanat Sanaglydyr munda alan demleriň, Kazaň dolsa lukman bilmez emleriň. Ajal tapar, perman bolsa çemleriň, Jeset içre şirin janyň amanat. Demiň bilen dagy-daşy eretseň, Haýbat atyp, derýalary ýöretseň, Höküm sürüp, bu jahana seretseň, Jeset içre şirin janyň amanat. Hatam taý kysmynda bir jomat bolsaň, Hajymelik kimin bir ämert bolsaň, Karun deý suhyt tüýs bir namart bolsaň, Jeset içre şirin janyň amanat. Isgender bolup, ýer ýüzüni alsaň, Aly kimin din gyljyny hem çalsaň, Eflatun deý dünýä ylmyny bilseň, Jeset içre şirin janyň amanat. Gudratlydyr hakyň ajap permany, Ajal ýetse bolmaz onuň permany, Adamzadyň galar şunda armany, Jeset içre şirin janyň amanat. Sözi bilip, jaý ýerinde sözlänler, Ýagşyny ýaýyp, ýamany düzlänler, Kazy bolup, şerigaty yzlanlar, Jeset içre şirin janyň amanat. Pany dünýä gülüp gujak açarmyş, Bir gün seniň kepen donuň biçermiş, Demiň seni mundan goýup gaçarmyş, Jeset içre şirin janyň amanat. Setdä duranlaryň üçdür mekany, Mydam açyk ajal ýolnuň dükany. Rehim ýeläp goýmaz köpi, ýekäni, Jeset içre şirin janyň amanat. Sen bolupsyň bu dünýäniň myhmany, Panydan geçersiň, ýokdur gümany, Hudaýym magşarda bersin imany, Jeset içre şirin janyň amanat. Kysmatdan gaçyp, gutulan bolmandyr, Könelerden hiç biri hem galmandyr, Aglap dogup, aglap ötüp gülmändir, Jeset içre şirin janyň amanat. Magtymguly dökme gözden ýaşyňy, Gamgyn bolup, ýere bakma başyňy. Tagat çekip, berjaý eýle işiňi Jeset içre şirin janyň amanat. Gutlymyrat aga şu goşgyny 1933-nji ýylda bamyly Eýeberdi molladan ýazyp alan ekeni. - Sary bagşy ony "Nowaýy” perdesine sanaýardy - diýip, Gutlymyrat aga ýatlapdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |