DÖWÜRLERIÑ GÖZGÜSI
Häzirki zaman maglumat jemgyýetinde medeniýetiň jebisleşdiriji hyzmaty barha artýar. Jebisligiň bar ýerinde bagtyň hem rysgal-berekediň boljakdygy aýdyňdyr. Agzybirligiň, sylaşygyň berkän, işjeňligiň ýokarlanan ýerinde ynsanperwerlik dabaralanýar. Munuň özi ruhy-ahlak gymmatlyklar arkaly gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly: «Ruhy-ahlak gymmatlyklar hemişe ähli adama hem derwaýysdyr. Şonuň üçinem ol külli adamzadyň ileri tutýan ýörelgesidir». Şol ýörelgeleriň arkama-arka dowam etmeginde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine uly orun degişli.
Habar beriş serişdeleri häzirki zaman maglumatlar jemgyýetinde esasy durmuş institutlaryň biri bolup durýar. Durmuşymyzy kitapdyr gazet-žurnalsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Döwrüň keşbi gazet-žurnallarda, kitaplarda şöhlelenýär. Şonuň üçin olar döwürleriň gözgüsi — aýnasy diýlip atlandyrylýar. Her gün säher bilen iş günümiz gündelik metbugat, ýagny täzeliklerdir habarlar bilen tanyşmakdan başlanýar.
Milli Liderimiz 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda bilelikde amala aşyrylmaly beýik işleriň ugurlaryny kesgitlemek bilen, jemgyýetiň döredijilik mümkinçiliklerini ýerlikli ulanmalydygyny nygtady. Döwletiň ösüşiniň köp babatda diňe bir ykdysadyýete bagly bolman, onuň ruhy-ahlak mümkinçiliginiň, akyl-paýhas, adam maýasy, halkyň beden we durmuş saglygy bilen şertlenýändigine üns çekildi. Hakykatdan-da, medeniýetiň, ylmyň pajarlan zamanasynda döwletiň gülläp ösýändigine taryh şaýatlyk edýär.
Ähli pudaklarda bolşy ýaly, milli metbugat, poligrafiýa ulgamy ösüşiň täze belentliklerine ymykly gadam urdy. Döwürleýin neşirleriň sany artyp, häzirki wagtda gazetleriň 27, žurnallaryň 29 görnüşi ýokary çap ediliş usulynda halkymyza ýetirilýär. Bu neşirler dürli ugurlarda zähmet çekýänler üçin hünär kämilligini gazanmagyň esasy çeşmesine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda döredilen «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly hem ýakyn wagtlarda okyjylara ýetiriler. Çap edilýän gazet-žurnallar, kitaplar bu günki gün okyjylara elektron görnüşinde-de elýeterli boldy. Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň resmi internet saýtynyň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Wakalary okyjylara gyzgyny bilen ýetirmekde ähmiýeti uly bolan bu döwrebap saýtdan peýdalanýan okyjylaryň sany barha artýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda Metbugat öýi toplumyny doly kuwwatynda ulanmak arkaly, ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallaryň, kitaplaryň sanyny artdyrmak we çap edilişiniň hilini ýokarlandyrmak, şeýle-de, çaphana hyzmatynyň görnüşlerini artdyrmak, welaýat çaphanalarynyň durkuny täzelemek we döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak arkaly ilatyň ýokary hilli neşirler bilen üpjün edilmegi göz öňünde tutulýar. Şoňa görä, bu ugurda işleýän ýaş hünärmenleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, olary daşary ýurtlara okuwa ugratmaklyga taýýarlyk işleri hem alnyp barylýar. Häzirki zaman çaphana enjamlary bilen enjamlaşdyrylan toplumda ukyp-başarnygyňy açmak, döredijilikli zähmet çekmek, sport bilen meşgullanmak, arkaýyn dynç almak üçin ähli şertler döredilen. Bularyň ählisi netijeli işlemäge uly mümkinçilik berýär.
Ýokary hilde çap edilýän, baý mazmunly neşir işleriniň halkara derejede ykrar edilmegi aýdylanlary tassyklaýar. GDA agza döwletleriň «Kitap sungaty» atly XV halkara ýubileý bäsleşiginiň baýraklary ýurdumyzyň kitap neşir edijileriniň hem-de neşirýat işgärleriniň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň subutnamasydyr.
Mekdebe çenli çagalar, umumy orta bilim, ýokary we orta hünär bilim edaralary üçin niýetlenen okuw kitaplarydyr gollanmalary çap etmek işine aýratyn üns berilýär. Şeýle-de, Watanymyzyň baý taryhyny görkezýän, gözel tebigatyny wasp edýän, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmaga ýardam edýän neşirleri, albomlary halk köpçüligine ýetirmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar.
Mälim bolşy ýaly, her ýyl ýurdumyzda «Kitap — ösüşiň we hyzmatdaşlygyň ýoly» atly halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat geçirilýär. Bu halkara çärelere dünýäniň ençeme ýurdundan neşirýat, işewür we edebiýat ulgamlarynyň wekilleri gatnaşýar. Munuň özi tejribe alyşmaga, maglumat, medeni giňişligiň ýaýbaňlanmagyna, ilatyň ruhy sagdynlygynyň ösmegine ýardam edýär. Ýetilen her bir sepgit, gazanylan her bir üstünlik rowaçlyga tarap ädilen ädimdir. Milli ösüşiň möhüm ugurlary her bir adamy alnyp barylýan ägirt uly işlere dahylly bolmaga çagyrýar.
Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýyly bolan 2019-njy ýylyň Arkalaşygyň çäginde «Kitap ýyly» diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň kitaba sarpasynyň ykrarnamasy boldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri, ruhy-ahlak gymmatlyklary dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!
Berdimyrat BÄŞIMOW,
Metbugat merkeziniň başlygy.
Publisistika