11:04 Dowzaha girmeli alty aýal we olaryñ günäsi | |
DOWZAHA GIRMELI ALTY AÝAL WE OLARYÑ GÜNÄSI
Magraç gijesi Muhammet pygambere (s.a.w) behişt we dowzah görkezilipdir. Ynha, şonda dowzahy aýallar we olaryñ dowzaha iteren azabyñ sebäpleri şeýleräk görkezilýär... Bir gün Hezreti Aly (r.a) aýaly Hezreti Patma (r.a) bilen bile Resulallanyñ (s.a.w) huzuryna girende, ony gözi ýaşly halda görüp birhili bolýarlar. Hezreti Aly (r.a) pygamberimizden: - Ýa Resulalla, size şular ýaly gözýaş etmäge näme sebäp boldy? Näme üçin beýle zary-girýan agladyñyz? - diýip soraýar. Şonda pygamberimiz (s.a.w): - Eý Aly, magraç gijesinde Rebbim maña jähennemiñ suratyny görkezdi. Ol ýerde ýanmaly aýallaryñ keşplerini gördüm. Olara dürli-dürli azaplar berilýärdi. Şonuñ üçin gözýaş döküp otyrdym - diýip jogap berýär. Hezreti Aly (s.a.w) soragyna dowam edýär: - Olar niçiksi azaplary görýärdiler, ýa Resulalla? Pygamberimiz (s.a.w) gören-eşdenlerini şeýleräk gürrüñ berýär: - Bir aýal gördüm - saçlaryndan asylgy ýagdaýda durdy. Bir aýal gördüm - dilinden asylgy ýagdaýda, agzyndanam garaýag (деготь) dökülip durdy. Bir aýal gördüm - göwsünden asylgy halda perýat edip durdy. Ýene bir aýal gördüm - aýaklary göwsüne, elleri başyna baglanypdyr, töweregi-de ýylan-içýanlardan doludy. Ýene bir aýal gördüm - göwresi eşek, başy-da hynzyr (doñuz) kimin. Ýene bir aýal gördüm itiñ şekiline girip, agzyndanam ýanyp duran ot dökülýärdi. Perişdeler bolsa dökülmesin diýip ony otdan gamçy bilen saýgylaýardylar. Bu aýdylanlaryñ Hezreti Ala (r.a) nähili täsir edendigini söz bilen beýan etmek mümkin dälem bolsa, Patma enemiz (r.a) pygamber pederi kimin boýur-boýur gözýaş dökmäge başlapdyr we kakasyndan şeýle sorapdyr: - Ýa Resulalla, ol aýallary amallary nämedi, olar haýsy ýagdaý we eden işleri sebäpli beýle azap görmelikä? Gelejekde bolmaly wakalary misli kino lentasy deý hutma-hut gürrüñ bermegi başarýan Resulalla (s.a.w) şeýle diýipdir: - Eý Patma, olaryñ şeýle jezalara duçar bolmagyna dünýädäki şu-şu amallary, şu boluşlary we hereketleri sebäp boldy - diýipdir-de, dowzaha girjek alty dürli aýal-gyzy we olara azaba duş eden sebäpleri şeýleräk suratlandyrypdyr: 1). Saçyndan asylgy aýalyñ günäsi - saçyny örtmändigi (kelleýalañaç gezendigi), nämähremden (keseki gözden) goramandygy üçin. (Diýmek ýaglyk dakynmak aýal-gyzlarymyzyñ ahyretiniñ gowulygy üçin bahasyna ýetip bolmajak nygmatdyr). 2). Dilinden asylgy aýalyñ günäsi - adamsyna jogap gaýtarýanlygy, dili bilen adamsyna ezýet berýänligidir. 3). Göwsünden asylgy aýalyñ günäsi - adamsynyñ düşegine girmekden gaça durmagy, ony özünden daşlaşdyrmagydyr. 4). Aýaklary göwsüne, elleri-de boýnuna dañylan aýalyñ günäsi bolsa - onuñ ini haram (gusulsyz), jübütlik edenden soñ ýuwunman gezenligidir... Gusuly, täreti terk edip, ybadatlaryny ýerine ýetirmezligidir. 5). Göwresi eşek, kellesi doñuz kellesi kimin bolan aýalyñ günäsi - yzygiderli ýalan sözlemegidir (ýalançylygydyr). 6). Itiñ keşbine meñzeýän we agzyndan ot çykýan aýalyñ günäsi bolsa - goñşa ýamanlyk edýän, görübilmezçilik edýän, elmydama goñşusynyñ aýbyny, kemçiligini gözläp ýörenligidir. Resulalla (s.a.w) soñra gyzyna ýüzlenip şeýle diýipdir: - Gyzym Patma, ärine ýerliksiz ýere garşy gidýän aýallara gynanýaryn. Olara nebsim agyrýar. Etmesinler şeýle! Ybadatlaryny etsinler, tenlerini örtme meselesine hüşgär bolsunlar! # Internet materiallary esasynda taýýarlandy. | |
|