DÜNÝÄ TEJRIBESINI NAZARLAP
Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň düzüminde amala aşyrylýan düýpli özgertmelerde ýokary bilim ulgamyna täzelikler girizilýär. Hususan-da, ylmyň we tehnologiýalaryň ösmegi, innowasiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň we bilimler jemgyýetiniň kemala getirilmegi üçin düýbünden täze ugur alyndy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, mugallymçylyk däplerini umumydünýä ýörelgeleri bilen baýlaşdyryp, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň täze nusgalaryny kemala getirmek wezipesi öňe çykarylýar. Bu wezipäniň çözgüdinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek bilen, dünýäniň bilim giňişliginde mynasyp ornuny berkidýär.
Ykdysady we tehniki ugurly ýokary okuw mekdeplerinde häzirki zaman innowasion önümçiligi dolandyrmaga ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda daşary ýurtlaryň meşhur ýokary okuw mekdepleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün etmek wezipesiniň täzeçe çözgütleri öňe çykarylýar. Ýokary derejeli hünärmenler ylmy esasly önümçiligiň möçberini hem-de eksport kuwwatyny artdyrmakda täze taslamalary işläp taýýarlamaga we durmuşa ornaşdyrmaga ukyply bolmalydyrlar diýen ugur bizi täzeçe işlemäge mejbur edýär.
Täzeçe işlemek diýlende, giň möçberli taslamalary nazara almak bilen, hojalyk we maliýe, maýa goýum amallaryny guramagy, ýurdumyzyň daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürýändigini nazara alyp, dünýä bazarlaryndaky ýagdaýa baha bermegi başarýan ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny aňladýar. Şu meselede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan hünärmenleri taýýarlamak boýunça anyk garaýyşlar kesgitlenildi. Durnukly ösüş ylmy dilde aýdylanda, täzeçe, döredijilikli pikirlenýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, hünär maglumatlaryndan netijeli peýdalanmagy başarýan, halkara olimpiadalarynda, ylmy bäsleşiklerde ukyp-başarnygyny görkezýän hünärmenleriň milli ykdysadyýetiň pudaklaryna derwaýys gerekdigi bilen şertlendirilýär. Tehniki ugurly hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleri barada aýdylanda senagatyň ösüşine, eksport ugurly önümçiligiň döredilmegine ukyply hünärmenleriň taýýarlygy zerurdyr.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda eden taryhy çykyşynda şeýle diýdi: «Biziň döwletimiziň gazanýan üstünlikleri ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýaşlar eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini, at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýär». Şu nukdaýnazardan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtlaryň meşhur bilim ojaklary, ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy, tejribe alyşmagy, professor-mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy möhüm ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda halkymyzyň dünýäde at-abraýyny arşa götermekde we mizemez döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda ýaşlarymyzyň gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdyklaryna berk ynanýar. Gahryman Arkadagymyzyň ynamyny aňryýany bilen ödäp bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak, biz mugallymlaryň jana-jan borjudyr.
Merdan Durdyýew,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Maliýe we ykdysadyýet