05:03 Dünýäniñ derdi | |
DÜNÝÄNIÑ DERDI
Goşgular
Gussa batyp deñ çekişdim derdini, Dünýä meni gysymyna gyssa-da. Ne-hä, dünýä peýda berdi gussalam, Ne men peýda tapdym gamdyr-gussadan. Şonda-da, gussadan elimi çekmän, Onuñ bir çüñküñde derdini çekdim. "Dünýäñ derdi diñe ýagşylyk"- diýip, Ýerde ýagşylygyñ nahalyn ekdim. Köpler bolmasa-da, ýekeje kişi, Meni "Ýagşy" - diýip çaklaýan bolsa. Eger bu dünýäni aýdylşy ýaly, Diñe ýagşy niýet saklaýan bolsa. Bir gün bu zamana soñlanjak bolup, Agyp-dönüp dursa dünýäniñ gerşi. Üzülmän saklansa şo pursat onuñ, Ýagşy işler bilen işilen erşi. Meñem şol erişde dahylym bolsa, Hemem ýagşylykdan eken nahalym, Zeminde kök ursa hem saýa bolsa, Ýagşylyk küýsäne meñ ýok mahalym. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 5 | |
| |