19:26 Dünýäni toba halas eder -7/ romanyñ soñy | |
5.
Romanlar
Horazly meseleden dynmak üçin, şondan soň olar Gülkeşdäniň teklibi boýunça agşamaralar, towuklar ketege girenlerinden soň gepleşmeli etdiler. Bir günem zerurlyk ýüze çykyp, gündiz gürleşmeli boldy-da, Gülkeşde horazyň gözüne güýdüşip, edil öýleriniň ýanyndaky, gadymy galanyň diwarynyň üstüne dyrmaşyp, şahyr bilen ýaňy bir gürleşip ugrapdy. Bimahal öwsen ýylymsy şemal sesini gulagyna ýetirendir-dä, horaz ilk-ä diwara tarap çiňerildi, soň «hüžžerildi», nämäniň-nämedigine gözi ýetendenem gözlerini çaşardyp, aýaklaryny çaýşanakladyp diwaryň düýbi bilen şol tarapa şeýle bir eňdi welin, öz tozanynyň içinde özi görünmedi. Edil bir inçejik tüweleý süýşüp gelýän ýaly. Şol barşyna-da onuň öňünden ― kim bilýär, nireden düşenini, näçe wagt bäri ýatanyny ― el ýaljak gyýtak daş çykdy. «Şu gezek bir şuň damagyny çalyp dynaýyn-la» diýýän dek, horaz sakga saklandy-da, gazap bilen şol daşa ilk-ä çüňküni, soňam dyrnaklaryny çaldy. Bu ýagdaýy görüp, dogrusy Gülkeşde eýmenmänem durmady. Şonuň üçinem, ol şahyr bilen howul-hara hoşlaşdy-da, howlukmaçlyk bilen ýerinden turup, diwardan düşdi. Şondan soň horazam ähli hereketlerini togtatdy. Eýesi käýiner öýtdimi, ýa özüniň oňa käýedigimi, tä duşundan geçýänçä, Gülkeşdeden ýüzüni sowup, bir aýagynyň üstünde «liňk-liňk» etdi durdy. ...Umuman, şol horaz bilen baglanyşykly bolup geçen wakalar başga-da kän. Ýöne, olaryň haýsy birini gürrüň berjek oturjak... 6. ...Elbetde, Gülkeşde ýaly ýaş gelin bilen indiden soň «Zöhre-Tahyr» bolşup bilmejekdigine, onuň bilen gol tutuşyp kino, teatra gidip bilmejekdigine, häzir-ä aýaly bar, bolmaýanda-da onuň bilen nika köşgüne baryp nikalaşmajakdygyna, toý tutmajakdygyna, has takygy oňa öýlenip bilmejekdigine şahyryň gözem, akylam ýetmän duranok. Ýöne, göwün welin, bu zatlary islemänem duranok. Ýüregem şonuň ýaly. Gije-gündiz Gülkeşde diýip, atygsap dur. Şu zatlaryň barysyny aňynda aýlaý-aýlaý, Ömruzak ony ahyrsoňunda: «Gaýybana söýgi» diýip, atlandyrdy. Gelniň öz şahyranalyk dünýäsine, şahyrçylygyna, ýürek joşgunyna, ylham möwjüne edýän oňaýly täsirlerine bolsa, «ylahy güýç» diýip düşündi. Belki şonuň üçindir, goý, içi horazly bolsun, horazsyz bolsun, telefon arkaly geçirilýän gepleşikler indi ony kanagatlandyrmaýar. Göresi gelip, ýüregi üzülip barýar. Muny ol Gülkeşdäniň özüne-de aýdýar. Myhmançylyga-da çagyrýar. «Juda bolmasa salgyňy ber, men özüm baraýyn...» diýýär. Gülkeşdäniň bolsa hemişe şol bir berýän jogaby: «Her bir zadyň öz wagty bardyr, halypa». Ýaman dert, soňky hepdäniň dowamynda ondan ýekeje gezegem jaň gelmedi. Bu, şahyra diýseň agyr degdi. Şol döwür ol asyl ýekeje setirem ýazmady diýen ýaly. Şeýdip, serim sal bolup ýörkä-de, bir gije daňdanaralar gapy kakyldy. Adam pahyr bimahal gapy kakylsa, jaň gelse, halamaýar. Göwnüne her zatlar getirip, aljyrap başlaýar. Howsala düşýär. Ilkagşamdan bäri diwanyň üstünde ha eýläk, ha beýläk agdarylyp ukusyz ýatan Ömruzagam şol hala düşdi. Tisginip tirsegine galdy-da, eýläk-beýläk garanjaklady. Turup çyrany ýakdy. Şypbygyny geýjek bolup, duran ýerinde çalarak entirekledi. Näme üçin turandygyny ýadyna salmak üçin sag eliniň aýasy bilen maňlaýyny tutdy. Gapy ikinji gezek kakylandanam: «Hä-ä...» diýdi-de, daş işige tarap «tüwdürildi». ― Kimsiň? Işigiň aňyrsyndan aýal sesi eşidildi. ― Men-n... ― Sen bolanyňda kim bolýa?.. ― Gorkmaň halypa, ýanymda horaz ýok. Şahyr öz gulaklaryna ynanmajak boldy. ― Gülkeşde-e?!. Şahyr jogaba-da garaşman, «şark-şurk» kildini ýazdyrdy-da, gapyny giňden açdy. Gulagynyň eşidenini gözleri tassyklady. Bosaganyň agzynda ýylgyryp duran gelin, hakykatdan-da Gülkeşdedi. Ýöne, näme üçindir göz öňüne getirişi ýaly garaýagyz däl-de, akmapraç. Gaty bir çepiksem däl. Özem ökjesi pes ýaz köwşünden başlap tä başyndaky ýaglygyna çenli zybrym ak eşikde. Meňden, haldan welin ýekejesem ýok. Şeýle-de bolsa, o zatlar barada sorag-ideg edip oturmaga bu wagt şahyryň wagtam ýok, onuň geregem ýok. Şu duran şolmy ― şol! Bolany!.. Şonuň üçinem ol: ― Eý, Huda-aý!.. ― diýip, uly-ili bilen gygyrdy-da, onsuzam özüne tarap owsunjyrap duran gelni garsa gujaklady. Ýumşak hem yssy ýumry kükregine kaklyşanda, şahyr hakykatdan-da gelniň göwsüne kem baha berendigini duýdy. Gülgün öwsüp duran ýaňaklaryndanam taýly gezek, işdä bilen, «şapbyldadyplar» ogşanyndan soň, ol gelniň ak goşaryndan tutup öýe saldy. Töre geçirdi. Eltip diwanyň bir gyrasynda oturtdy. Beýleki gyrasynda özi oturdy. Gyýalap-gyýalap myhmanynyň ýüzüne seretdi. Synlady. Hyradyň pissesine meňzäp duran dodajyklaryndanam ogşaýasy gelip, göwni hernäçe imrindi welin, bolmady. Ynsaby rugsat bermedi. Ynsap ýüregiňem talabyny ret etdi. Ahyram dili dil açdy. ― Gör, sen nähili ekeniň, Gülkeşde... Gelin nepis hünji deýin owadanja dişlerini akjardyp, birenaýy ýylgyrdy. ― Näme, meňzämokmy? Göz öňüne getirişiňiz ýaly däl ekenimmi? ― Tersine! Ondanam has owadan ekeniň... ― Ol birdenkä gyssanjyrap başlady. ― Sen otur, Gülkeşde, men häzir çaý goýaýyn, «Myhman geldi, bazarlap geliň» diýip, çagalaryma jaň edeýin. Ylaýyk dynç güni-dä özem. ― Ýok, ýok! Azara galmaň! Hiç zat gerek däl... ― diýip, gelnem şahyr bilen deňeçer ör turdy. ― Men gyssagly. Onda-da juda gyssagly. Häziriň özünde gitmeli. Ömruzak duran ýerinde doňup galdy. ― O nähili gitmeli? O nähili gyssagly? Ömür gelmedik gapyňdan birinji gezek gelibem, bir käse çaý içmän, duz datman gidibermek bolarmy? ― Ýagdaý şeýle, halypa... Onsoňam... ― Gelin oýurgandy. ― ...Onsoňam, edil bir käse çaý içere, bäş-üç agyz söz alşara maý bolmanam durmaz, ýöne, bazarly gürrüňiňizi goýuň. Çagalaryňyzam çagyrmaň... ― Gelin ýerinden turdy-da, göwni galmakdan ýaňa ýüzüni ak-tam edip duran şahyryň ýanyna bardy. Ak öýmeli gara başyny şahyryň yşkdan ýaňa «gürsüldäp» duran kükregine goýdy. Köşek gözlerini balkyldadyp, öý eýesiniň ýüzüne seretdi. ― Gümürtik gürrüňler bilen, onsuzam aladasy ýetik başyňyzy agyrdyp oturmaýyn, halypa... Men... Men neme... Men Gülkeşde däl... Akguş... Özümem juda uzakdan geldim. Şondan soň ol henizem özüne gelibilmän sömelip duran şahyryň elinden tutup, diwanyň gapdalyna eltdi. Öňki ýerinde oturtdy. Özem oturdy we Haraý dagyndan başlap, tä şu günki güne çenli bolan wakalary birin-birin beýan etdi. Ömrüni pelekýat ylmy bilen gyzyklanyp geçiren, şeýle hem Galandar Bükdüzow ýaly ugurdaş hem beýleki dünýäleriň efir tolkunlaryny gözläp ýören bilen ýakyn aragatnaşykda bolan adam hökmünde şahyr Ömruzak Çardagla myhman gelniň bu aýdanlary elbetde, geň däl. Soňky wagtlarda ýeke bir adamlaryň däl, eýsem bütin dünýäniň görnetin üýtgemeginiň, heýhatyň sowulmagynyň, galyberse-de, ajal bilen ölüm dalaşyna girip ýatan halyna özüniň birdenkä aýak üstüne galyp gidibermeginiň ýöne ýere däldiginem bilmän duranok. Ýöne, bu wagt ony iňkise goýan zat ol uly öwrülişikler däl-de, şu gelen gelniň Gülkeşde bolman, Akguş atly başga bir gelin bolup çykmagy. Içki dünýäsiniň bozulmagy. Göwün şähriniň synmagy. Onuň üçin şol wagt dünýe düňderilsin welin, gaşynda duran gelin Gülkeşde bolsun. Onuň nä hala düşendigini myhman gelniň özem aňdy. ― Gaýgy etmäň, halypa. Men Gülkeşde dälem bolsam, siz Gülkeşdesiz galmarsyňyz. Men gitsemem ol geler. Öý salgysynam, telefon belgisinem berer. Gatnaşarsyňyzam... Dostlaşarsyňyzam... Ýöne, oňa men hakda hiç zat aýtmaň. Sebäbi, ol bu zatlardan bihabardyr. Ýüregine agram düşmekden ýaňa demi-demine ýetmän oturan şahyr kükregini «hyjyrdadyp» zordan gepledi. ― Dur entek!.. Sen entek dur!.. Men seniň dünýe barada, edip ýören işleriňiz barada aýdanlaryňa düşündim. Ýöne sen maňa bir zady aýyl-saýyl edip ber... Egerde, öz aýdyşyň ýaly sen-ä ol däl bolsaň, o-da sen däl bolsa, onda o kim, sen kim? Telim wagt bäri meniň bilen telefonda gepleşip ýören kim? Horaz kimiňki? Haýsyňyz Bazarbaýyň kursdaşy?.. Şahyryň bolup oturyşyna haýpy gelen gelin garaçyny bilen janykdy. ― Men şolam, şol dälem. O-da menem, men dälem. Gepleşenem şol ikimiz... Ýöne, hakykatdanam ol Gülkeşde. Men Akguş... Men... Biz... Akguşuň bu düşündirişi şahyry öňküsindenem beter bulaşdyrdy. Şonuň üçinem ol sowalynyň terzini üýtgedäýenini kem görmedi. ― Ýeri bolýa, goýaý, men muňa barybir düşünmen. Ýöne, sen maňa näme üçin ýardamçy hökmünde ala-böle meni, meniň dünýäme aralaşmak üçin bolsa Gülkeşdäni saýlap aldyň? ― Siziňk-ä düşnükli. Siz, şahyr, halkyň öňüne düşüp, onuň ruhy dünýäsine, aňyna täsir edip bilýän adam... Şonuň üçin, size men ýapyşmasamam başga birileri ýapyşardy. Ýapyşandyrlaram, ýöne, siz Gülkeşdä gyzyp, beýlekileriň täsirini duýanam dälsiňiz... ― Akguş kiçijik eljagazyny şahyryň derläp duran, ullakan, damarlak eliniň üstüne goýdy.― Gülkeşde barada aýdanymyzda bolsa, başda-da aýdyp geçişim ýaly, men şu dünýä bilen ugurdaş dünýäden geldim. Ol bolsa şu dünýäniň ekiz taýy. Şunda bar zatlaryň ählisi şol ýerde-de bar. Adamlaram edil aýnada görnen ýaly gaýtalanyp dur. Gülkeşde hem meniň şu dünýädäki taýym. Belki-de, men onuň taýydyryn. Şonuň üçinem, siziň dünýäňize onuň ruhy arkaly aralaşmak maňa amatly boldy. Beýleki dünýälerden gelenlerem şol usul boýunça «işleýärler», ýöne, olaryňky birneme başgaçarak. Käte bizem olaryň usullaryny ulanmaly bolýarys. Mysal üçin siziň ýaly agyr ýatan hassalary aýak üstüne galdyrmakda... ― Akguş şeý diýenden bar agyrylary gaýdyp gelen ýaly şahyryň enjam-jany «jümşüldäp» gitdi. Ýüzi erbet çytyldy, çalaja iňlän ýalam boldy. Yzasy süňňünden çykýança bir dem sesini çykarman oturan şahyr gözlerini tegeläp Akguşuň ýüzüne seretdi. ― Belki, ol ýerde meniňem taýym bardyr? Gelin «myssa» ýylgyrdy. ― Elbetde... ― Kim ol?.. Bu gezek gelin çalaja gyzardy-da, uýalyp aşak bakdy. ― Siziň taýyňyz meniň adamym... Ýaňy aýdyp bilmedim, indi aýdaýaýyn. Ala-böle sizi saýlap almagymyň esasy sebäbem şol... ― Ol ýaşmy? ― Howwa. Çünki, ol ýerde hiç kim garramaýar, kesellemeýär, ölmeýär. Uzak ýaşamagyňyzy arzuw edip, adyňyza Ömruzak dakypdyrlar. Ol ýerde welin ömür baky. Basym şu ýerde-de şeýle bolar, egerde adamlar kylan tobalaryna ygrarly bolup, şeýtandan daşlaşmany başaryp bilseler... ― Sen gowy zatlar aýtdyň, Akguş... Edip ýören işleriňiz ondanam gowy. Ýöne, bu zatlardan dünýäniň ärleri habarlymyka?.. ― Elbetde! Çünki, birinjiden-ä özüňizem bilýänsiňiz, bu biziň bu ýere birinji gezek gelşimiz däl. Ikinjiden bolsa ― Ol dodaklaryny çommaldyp çalaja pyşyrdady. ― Öz aramyzyň gürrüňi hökmünde aýtsam, birnäçe wagt bäri, biziňkilerden siziňkiler bilen goşulyp-garyşyp ýaşap ýörenlerem, uly-uly wezipeleri eýeleşip oturanlaram bar. Olar ugurdaş dünýäler bilenem häli-şindi habarlaşyp durlar... ― Bükdüzowyň gözläp ýören zady asyl, eýýäm ulanylybam ýör, diýsene... ― Eýýäm däl, halypa, bu üşük adamzada Hudaý tarapyn owalebetde berlen. Ertekileriňizdäki «göz açyp-ýumasy» wagtyň içinde pylan ýerden pylan ýere bardy diýen ýaly sözlere üns berdiňizmi? Berensiňiz. Emma siz ony «berbes» hasap edýäňiz. Hakykatda welin, şol üşük bir wagtlar sizde-de bolan. Ýöne, siz ony şeýtanyň ugruna gidip ýitirdiňiz. Indem ony öz güýjüňiz bilen, tilsimaýy usullar bilen gazanjak bolýaňyz. Ol bolmaz. Boljak-boljak ýalam eder welin, emma bolmaz. ― Akguş «ýalt» edip, Ömruzagyň ýüzüne çiňerildi. ― Siziň ylmyňyzda Aýa nähili kesgitleme berilýär? ― Ylym oňa «Ýeriň hemrasy» diýýär. ― Dogry. Aý Ýeriň hemrasy. Ýöne, emeli hemrasy. Bir wagt ol asmanda ýokdy. Soň ony adamlar Älemiň haýsydyr bir künjünde, üýtgeşik serişdeden öz güýçleri bilen ýasap, aň güýçleri bilenem, häzirki duran ýerine getirdiler. Nämüçin?!.. ― ... ― Gaýry dünýälere, ýyldyzlara, planetalara, hatda galaktikalara gidenlerinde, gelenlerinde düşläp, dem-dynç alyp geçerleri ýaly... ― Ömruzak: «Çaý-suw içip, çilim çekip geçer ýalydyr-da...» diýip, garaşylmadyk ýerden oýun etjek boldy. Herniçik hem bolsa, düşünilmez gorky ony bu ýerliksiz degişmeden halas etdi. Şahyryň bolşundan birsalym alasarmyklyga düşen gelin sözüni dowam etdirdi. ― ...Siziň ölçegiňiz boýunça, Aýyň otuz metrlik gabygy bar. Içi boş... ― Habarymyz bar... Anyk bolmasa-da, şeýleräk maglumat ylmy dolanşykda bar... ― Bir zady gaýtalap oturmagam-a birhili welin, ýaňam bir ýerde ýaňzydyp geçişim ýaly, şu düşen ýoluňyzdan sowulman gidiberseňiz heňňamyň bir ýerlerinde galdyryp gaýdan şol ukybyňyzy Barhuda size ýene-de gaýdyp berer. ― Akguş birdenkä, towsup ýerinden turdy-da, uly hyjuw bilen öňkülerindenem has joşgunly gürledi. ― Hudaýyň göz öňüne tutýan indiki işleriniň biri ― älem içre ýaradan dünýäleriniň barysyny bir dünýä birikdirmek. Şondan soň bu uç-gyraksyz giňişlikde juda uly işiň gurluşygy başlanjak. Başky ukybyňyza eýe bolanyňyzdan soň, şol ylahy işe sizem öz goşandyňyzy goşup bilersiňiz... ― Düşündim. Meniň ýaly müňlerçe, belki-de millionlarça agyr ýatan hassalaryň nädip birdenkä aýak üstüne galyp gidendikleriniň sebäplerine-de, boýnumyza düşýän bergi-borçlaryň nämelerden ybaratdygyna-da göz ýetirdim. Aňyrsynda Biribaryň hut özi duran bu beýik işiňiz üçin, ähli adamzadam sizden müdimilik minnetdar bolar. ― Şahyr birazajyk ikirjiňlendi. ― Ýöne, ine, seniň bilen telefonda gepleşip başlanymdan soň welin, gün-günden ýigdelip ugradym. Göwräme gurp geldi. Göwnüm howalandy. Zehinim açylyşdy. Beýnim durlandy. Ýüregim yşga düşüp, dar kapasada depirjikläp başlady. Elbetde, bu zatlar üçinem saňa minnetdar bolmalydygymy bilýän, ýöne, şol hal meniň ýadyma: «Adamyň özi garrasa-da, göwni garramaz...» diýen nakyly saldy-da, aňymda üýtgeşik bir pikir döretdi. Ýagny, eger-de şeýle bolýan bolsa, onda, belki, adamyň özi öleni bilen onuň göwni, ýagny, ýüregi ölýänem däldir? Belki, jeset bilen bile bir gabra girýänem däldir. Belki, bu dünýäniň gözel gyzlaryny taşlap gidibilmän, perwaz urup ýörendir? Eger-de, bir söý bilen şony yşga salyp bolsa, onda, belki, gabyr içre sowuk gumy ýassanyp ýatan jesedem gozganjyrap başlar? Çakyry çykanam bolsa, entek äňleri ýazmadyk süýeklerini «şakyrdadyp» ýerinden galar? Asgyryp, üsgürip gaflatdan oýanar-da, kebir, şor topragy egninden syrykdyryp durşuna içi gyjyrdap duran guraksy gök çägeden doly bokurdagyna salyp, alyslarda galan ala gözli ýar hakynda aýdymlar aýdar? Eýýämhaçan öz sesine ses goşup, beýewan çöl şemalyndan salamlar gönderip ugran söwer ýaryna şunça aýralykdan soň, indiberin basymrak ýetmek üçin, sal-sal bolan kepenini galgadyp, jaýryklarynyň içi çakyr tikenlerden doly, toýunsow, tarkyş goluň içi bilen, oba tarap rowan bolar?.. ― Uly bir dessany bir demde aýdyp bolan rawy ýaly, şahyr sojap-sojap dem aldy. ― Şu zatlar barada sen nähili pikir edýäň, Akguş?.. ― Pikirimi aýtsam, halypa, birinjiden-ä yşgyň etdirmejek zadam bolmaz, etmejek zadam. Aslynda Biribaryň özem bu dünýäni yşk era ýaradandyr. Ol häzirem älem giňişliginiň dürli künjeklerinde täze-täze dünýäleri döredip ýör. Ol durşy bilen yşk!.. Söýgi! Bu barlykda bar bolan zatlaryň barçasy söýgä daýanýandyr. Ikinjidenem şü, siziň dünýäňizden beýleki dünýäleriň hiç birinde-de ölüm diýlen zat ýok. Asla ölüm ýok. Çünki, Barhuda öz bendelerini ölmek üçin däl-de, ýaşamak üçin ýaratdy. Siz ýöne şeýtanyň ugruna gidip, ylahy elmaýyşlardan daşlaşmak bilen şol hukukdan mahrum bolduňyz. Ölmi öz boýnuňyzdan özüňiz asdyňyz. Şol nägehandan dynmak-dynmazlyk, öňki hukugyňyza eýe bolup-bolmazlyk hem siziň özüňizi mundan buýana nähili alyp barjakdygyňyza bagly. Eger-de şony başaryp bilseňiz, onda, garramarsyňyzam, ölmersiňizem, ýürekleriňizem jesetden aýrylyp jebirler çekip ýörmez, özüňizem mazarystançylyk bilen obanyň arasyndaky gumak ýok bilen «ha» eýläk, «ha» beýläk tasaşyp ýörmeli bolmarsyňyz... ― Akguş hopugyp-hopugyp, uludan demini aldy-da, aşaklyk bilen şahyryň ýüzüne seretdi. ― Nätdi halypa, meniň jogabym sizi kanagatlandyryp bildimi ýa... ― Kanagatlandyrdy. Sen öz pikiriňi örän aýdyň we düşnükli beýan etdiň, Akguş. ― Nähili pikir edýäňiz, adamzat öz eýesiniň talaplaryny ödäp biler öýdýäňizmi ýa ýene-de şeýtanyň çoçgaryndan çykabilmän, şu ölümli dünýäniň girdabyna gark bolar galaýarmyka? ― Adamzadyň diňe çykgynsyz güne düşen wagty akylyna aýlanmak edähedi bar. Şoňa çenli ol hiç zady äsgermeýär. Bar zady oýun bilýär. Meniň pikirimçe heýhatyň howsalasam ýöne bir geçip gidäýen-ä däldir. Köpleriň kalbyna wehim salandyr. Akyllaryna aýlanmaga, düýp terbiýesine ser salmaga mejbur edendir. Şonuň üçin meniňem gelejekde adamzadyň diňe ylahy ýol bilen gitjekdigine ynanasym gelýär... ― Ömruzak birdenkä dymdy. Oýa batdy. Gözünde gaýgy-gam alamatlary peýda boldy. ― Indi bolsa meniň saňa başga bir soragym bar, Akguş... Eger-de mümkin bolsa... ― Wiý, hiý onuňam bir mümkini, mümkin däli bolarmy. Aýdyberiň. Soraberiň. Bilsem-ä jogap bererin, bilmesemem bilemok diýerin-dä... ― Ýagşy... Ine, sen ýaňy ugurdaş we beýleki dünýäler, olaryň özara gatnaşyklary barada söz açdyň... Elbetde, bu zatlar biziň üçinem gaty bir syr-a däl. Şol tema boýunça bu ýerde jan teslim eden adamlaryň ruhlarynyň gaýry dünýälere geçýändigindenem türkmen alymy Galandar Bükdüzowam kän iş etdi. Meniň diýjek bolýan zadym... ― Şahyryň bokurdagy doldy. Gözleri çygjardy. ― Diýjek bolýan zadym. Mundan ýigrimi ýyl çemesi ozal, men ajala bir goçgar guzujygymy aldyrdym. Alym Bükdüzow şonda öz terjibehanasyndaky bar bolan mümkinçiliklerine daýanyp, takyk bolmasa-da, şol dünýäleriň birine aralaşandygyny anyklap berdi. ― Ömruzak çaga ýaly özelendi. ― Sen ana, meniň şojagazymdan derek tapyp bilmezmiň? Ir ertir, giç agşam diň salsaň, belki goňşy dünýäleriň birinden sazyň ýa kindiwanja çekijiň sesi eşidiler? Eşidildigi ylgap bargynyň, Akguş. Çünki, şol meniň oglumdyr. Gara bagrymdyr. Jiger bendimdir. Sebäbi, ol hem sazanda, hem zergärdi. Meniň taýym seniň adamyň bolsa, onda ony mendir öýdüp, çagajygymyň şol jelegaýlarda jöwlan urup ýören bolmagam mümkin. ― Şahyryň dodaklary «titir-titir» etdi. ― Ol hemişe Aýdan kümüş gülýaka, Günden altyn bilezik, ýyldyzlardan hünji ýasap, asmanyň boýnundan asmaklygy arzuw ederdi. Nädipdir, ol şol islegini amala aşyryp bilipmi? Şonam sora. Bellisini bilibem maňa habar et. Menem indi ony uzak garaşdyrman. Ölmüň gadagançylygyna hakdan buýruk bolýança ýetişjek bolaryn... Şahyryň uly göwresini kiçeldip, mugruljyrap oturyşyna Akguşyň nebsi agyrdy. Göwnüni awlamak üçinmi ýa hakykatdanam şeýtjekdigine gözi ýetdimi, garaçyny bilen: ― Bor, halypa, şu ýerden bardygym siziň şu soragyňyzyň ugruna çykaryn ― diýdi. ― Dünýämi täzelän günüm eglenmän ugrabererim ýaly, sen maňa onuň takyk salgysynam aýt, Akguş. Belki meniňem nesibäm, onuň ýaşap ýören dünýäsine düşer... ― Onuň salgysynam bilip bererin, halypa. Ýöne, siziň nesibäňiz welin Andromeda dumanlygyna tarap... ― Siziň dünýäňiz ondan bärdemi ýa aňyrdamy?.. ― Bärde. ― Onda men deňiňizden geçip barýarkam, hökman saňa golumy bularyn. ― Menem size ak öýmämi galgadaryn... ― Muny görüp äriň gabanmazmy? ― Bizde beýle duýgy ýok. ― Örän geň hem ajaýyp dünýä ekeni. ― Howwa. Biribar dünýäleriň ählisini, şol sanda siziňkinem, bir dünýä birikdirenden soň siz şol dünýäler bilen, edil şu ýerde telefonda biri-biriňiz bilen gepleşişiňiz ýaly, ol dünýeler bilen üýn arkaly öz güýjüňiz bilen arkaýyn gepleşip bilersiňiz. ― Oglum bilenemmi? ― Elbetde. Ýeke bir gepleşmek däl, barşyp-gelişibem. Günde-günaşa görüşibem bilersiňiz. ― Alym Bükdüzowam şeý diýerdi. Ýöne, oňa köpler ynanmazdylar. Men welin ynanýardym. Şeýle döwrüň basymrak gelerine garaşýardym. ― Siz häzir şol döwrüň bosagasynda dursuňyz halypa... ― Eýsem-de bolsa, ýene bir sorag... ― Howwa?.. ― Ýaňy sen: «Ylahy söýgi ölmi aradan aýrar» diýdiň. ― Howwa. ― Egerde şeýle bolýan bolsa, onda ýeriň ýüzi adamdan ýaňa «hyň» berip, ekin eker ýaly garyş ýer tapdyrman durmazmy?.. ― Men ýaňy älemde dünýe köp diýdim. Biribar ýene-de dünýe baryny gurup ýörem diýdim. ― Howwa, diýdiň. ― Ana, şol dünýeleri Ol özi üçin guranok. Öýlendirjek ogly üçin jaý taýýarlaýan aladaçyl ata ýaly, şol dünýelerem Ol öz bendeleri üçin gurýa. Diýmek, sizem ähli dünýäleriň ýaşaýjylary ýaly belli bir möwritden soň, dünýelerden dünýelere geçer gider oturarsyňyz. Biribar öz ýaradan dünýälerine öz bendeleriniňem özi bilen deň derejede, akylly-başly eýelik etmegini isleýär. ― Diýmek onda, biziň ýaşap ýören dünýämiz «pany» däl-de? ― Ýok, «pany» däl. Baky. ― Onda «pany» nirede? ― Ölmüň bolmaýşy ýaly, «pany» hem ýok. Biribar hiç haçan «ýalan», ýagny «pany» zatlar döretmeýär. Özüniň Baky bolşy ýaly, Ol diňe Baky zatlary döredýär. Panylyk hem bakylyk, hak hem nähaklyk, ölüm hem geldi-geçer söýgi baradaky ýalňyş düşünjäni kalbyňyza guýmak bilen, siziň beýniňizi bulaşdyran şeýtan... Biribar sizi synaga saldy. Emma, siz ol synagdan geçip bilmediňiz... Şondan soň ara elhenç dymyşlyk aralaşdy. Şahyr şeýle bir çuňňur oýa batdy welin, hatda Akguşuň: ― Indi bolsa rugsat beriň, halypa, men gideýin... ― diýeninem aňşyrmady. Diňe ikinji gezek gaýtalandan soň gözlerini elek-çelek edip, gelniň ýüzüne seretdi. ― Näme?!.. Rugsat?!.. Gideýin?!.. O nähili gideýin?!.. ― Birdenem kellesi göçen ýaly boldy-da, eýýämhaçan akja goljagazlaryny galgadyp, özüne tarap sunjyrap ugran gelni garsa gujaklady. ― Ýok! Gitmersiň!.. Goýbermerin!.. Gelin agzyny şahyryň gulagyna golaýladyp dodajyklaryny çalaja gymyldatdy. ― Men hökman gitmeli halypa. Gidäýmeli. Ýaňky aýdyşym ýaly entek iş köp. Iň ýamany aramyzda entek şeýtanam işläp ýör. Myhman gelniň ýürejiginden syzdyryp aýdan bu sözleri şahyry ymykly özüne getirdi. Şol pursat Akguş onuň gözüne hakykatdan-da keçjal çal horaz bilen «menjeşip», antennasyndan nalynyp oturan oba gelni Gülkeşde däl-de, her säherler umytly ojaklara rysgal paýlap ýören, ak ganatly perişde bolup göründi. ― Hoş onda, halypa!.. Şahyr gelniň gyzgyn dodaklarynyň öz ýaňaklaryna degenini duýsa-da, gujagynyň boşap galandygyny duýmady. Bir görse Akguş eýýäm gapydan çykypdyr-da, keýik owlajygy kimin keýerjekläp, gatdan-gata inip barýar. Hamala şahyryň ozalam az ejir çekmedik ýüreginiň baglarynam özüniň ýürek tarlaryna çolaşdyryp alyp barýandygyndan bihabar ýaly, ýüzi-gözi şadyýan. Ruhy belent. Her gatyň meýdançasyna baranda çalarak säginýär-de, sag eliniň süýem hem orta barmaklaryny ilk-ä dodaklaryna degrip, soňam ony şahyra tarap «üfläp» howaýy salam gönderýär. Akja hem nepis dişjagazlaryny güjeňläp, birenaýy ýylgyrýar. Kem-kemdenem daşlaşýar. Daşlaşdygysaýam şahyryň ýürek urgusy güýçlenýär. Kapasasyny ýaryp çykaga-da, baryp Akguşuň kükregine giräýerli, ýüreginiň daşyna oraşaga-da, şol ýerde müdimilik galaýarly görünýär. Onuň bu halyny duýmakdan ýaňa, Akguş geleli bäri gör indi näçenji gezekdir şahyryň öz ýüregine çyn ýürekden nebsi agyrdy. Şonuň üçinem, ol arzan bahaly betondan guýlan, çalamydar, gyralary gemmik-sümmük, kä ýerinde armaturlaryň uçlary somalyşyp duran basgançaklaryň germewindenem ýapyşman, dördüsini-bäşisini birden geçip, ätmerläp barşyna göz açyp-ýumasy salymyň içinde Akguşuň yzyndan ýetdi. Öňüne geçdi. ― Dur! Gitme! Gal! Gaýrat et! Gitme!.. Akja barmajyklary bilen şahyryň gamly başyny sypalap duran gelniň gözýaşlary paýrap ýere döküldi. ― Meni mundan beter kyn güne goýmaň, halypa. Ýüz-gözlerimiz meňzeş bolsa-da, biz aýry-aýry dünýäleriň adamlarydyrys. Ykballarymyzam başga-başga. Şol ykballaryň bir ulgamda utgaşmaklary üçin bolsa, ýaňky aýdyşym ýaly entek-entekler edilmeli iş köp. Şonuň üçinem, özüňizem, ýüregiňizem gynamaň-da, maňa rugsat beriň... Ýaňky aýdyşym ýaly, basym Gülkeşde geler. Şondan soň siz meni gaty bir küýsäbem durmarsyňyz. ― Akguş aýajyklarynyň burnuna galdy-da, akja gollary bilen özüne görä kän daýanykly görünýän şahyryň boýnundan aslyşdy. ― Hoş, meniň hormatly halypam! Şahyr ýene-de gujagynyň boşanyny bilmän galdy. Bahar bilen bile gelen ap-akja ýaz kebelegi kimin, uçganaklap barýan Akguş umumy girelgäniň daşky gapysyna barşy ýaly, şahyryň gözleriniň öňünde ganatlaryny «pasyrdadyp» duran ak kepderä öwrüldi. Ýöne, ümdüzine çykyp gidibermedi. Ýene bir gezek, ýöne indi ymykly hoşlaşmak üçin bolsa gerek, kelteräk bir öwrüm etdi-de, yzyndan ylgaşlap çykan, indem aljyraňňy halda ellerini özüne tarap galgadyp, «has-has» edip duran halypasynyň depesinde «pyr-pyr» edip pyrlanmaga başlady. Arasynda has golaýlap, ganatlary bilen ýüzüni-gözüni ýelpedi. Käte ganatlaryny «şyg-şyg» etdirip, o ýanyna geçse, käte «şuw-şuw» edip bu ýanyna geçdi. Al-asmana galyp, şol ýerden dikbaşak gaýdan gezeklerem boldy. «Şapyrt-şapyrt», «şap-şap» etdirip, howada aşyr atdy. Tans etdi. Oýnady. «Lugur-lugur» edip, birenaýy aýdym aýtdy. Birdenem arkan serpildi-de, tözi gaty sary ýaýdan sypan keýmiri ok kimin asman sary zymdyryldy ötägitdi. Bir menzile baranyndan soňam gönükdi-de, gözýetimi nazarlap rowana boldy. Hä diýmänem, içine mukaddes sözler ýazylan gökje depderiň iň soňky sahypasyna goýlan akja nokada meňzedi. Edil şol wagtam, şäheriň dag tarapyny jähekläp oturan, daşy ak mermerli, belent-belent binalara baý mähelläniň üsti bilen ak nokady nazarlap gelýän, başy ýaşyl täçli, boýny zerewşan öwüşginli, gumry sypat başga bir kepderi göründi. Bir nokat ― iki nokada öwrüldi. Bu zatlary göz arkaly gören ýürek erbet ynjady. Sançdy. Badyna garry göwre yranyp gitdi. Leňňer atdy. Yranjyrap durşuna ýüzin ýa arkan gaýdaýarly göründi. «Enem gitdi, men galdym» oýnaýan çaga ýaly, ellerini serip entirekledi. Şol aralykda-da, eýýämhaçan gözden ýiteňkirläberen goşa nokada tarap owsundy. Bokurdagyny dolduryp bir zatlar diýjek boldy. Emma aňyrdan dyňzap gelen gury agy gepläre maý bermedi. Şahyry şeýle bir ýadawlyk basdy welin, ol kimdendir birinden haraý gözläp daş-töweregine garanjaklady. Emma şol wagt, şowhuny hemişe gyzan bazaryňkydan kem bolmadyk meýdançada hiç kim görünmedi. Hatda hatar-hatar bolup duran akly-gyzyllyja hojalyk ulaglaram ýok. Ikibir-üçbir, ol-bu zatlar barada gümür-ýamyr edişip oturýan pensioner gojalardyr-kempirlerem edil ýer ýuwdan ýaly. Essim aýylyp ýykylaýmaýyn diýen gorky bilen, şahyr girelgä bakan «dähedem-dessemläp» ugrady. Iň bir eý görýän oýunjagyny elinden alandyklaryny atasyna arz etmek üçin öýüne ugran ýuwaşja çaga ýaly «kemiş-kemiş» edip barýan şahyr geçmeli ýoluny göz çaky bilen ölçäp görmekçi bolýan dek, dördünji gatda ýerleşýän dört otagly öýüniň açyk eýwanyndan çykyp, ýazyň mymyk hem ýylymsy şemalyna dyngysyzlyk bilen ykjap duran ýaşyl tutusyna içine gum dykylan dek agyr gabaklaryny zordan diýen ýaly galdyryp seretdi. Aralyk juda daş, çykmasy kyn göründi. ...Ýöne, her niçik hem bolsa ol oňa çykmaly, öýüne girip özüni ― goý, birazajyk könelişen, gyralary üpürjiklän bolsun ― özüni mähriban mele diwanynyň üstüne atasy, yzyndan alty aý dagy oýanman, gaflat ukusyna gark bolup ýatasy geldi. EPILOG ...Apyla-sapyla sowlup, dünýä doly köşeşenden soň, bolup geçen wakalaryň hemmesi, habar beriş serişdeleri arkaly ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryna äşgär edildi. Olara ylmy hem ylahy nukdaýnazardan düşündirişler berildi. Owalebetden bäri Hudaý bilen basdaşlyk edip gelýän şeýtanyň ahyrsoňunda ýeňlenini boýnuna alyp, ümdüzine gaçyp gidendigini eşiden halk, bir adam ýaly bolup, uludan sowuk demini aldy. ...HET-iň agzalary bolsa, BMG-niň Baş Assambleýasyna özleriniň heýhata garşy göreş döwri alyp baran işleri barada hasabat gönderdiler. Şeýle hem onuň gapdalyna: a) Aslyýetinde Biribaryň özünden başga hiç kime degişli bolmadyk topragyň, onuň ýerasty we ýerüsti, suwasty we suwüsti baýlyklarynyň üstünde hemişe bolup gelen döwletara dawa-jenjelleriň, halkara agzaçylyklarynyň mundan buýana gaýtalanmazlygy, şonuň netijesinde birek-birek bilen uruşmak, birek-birege garşy ýaraglanmak, ok-däri, bomba, raketa öndürmek diýen ýaly düşünjeleriň öz-özünden ýok bolup gitjekdigini, şeýle hem älemdäki ugurdaş we gaýry dünýäleriňem bir dünýä birikmek ähtimallyklarynyň bardygyny göz öňüne tutup, ähli özboluşlyklaryny, milli kimliklerini, dilini, medeni we döwlet gurluşlaryny, syýasy hem ykdysady akymlaryny saklap galmak şerti bilen, ýer togalagynda ýerleşýän döwletleriň barysyny birikdirip, bütewi we ýeke-täk döwlet döretmek; b) Hudaýyň huzuryna dürli ýollar bilen barýan dünýä dinleriniň barysyny bir dine öwürmekligiň adamzat üçin haýsy jähtden alanyňda-da, iňňän bähbitli boljakdygy, köp-köp agzaçylyklara getirýän düşünişmezlikleriň kem-kem ýok bolup gitjekdigi dogrusynda dini hadymlar bilen yzygiderli gepleşikler geçirip durmak; w) Oýlanyp tapylan gününden bäri tapdyrmasy hyllalla bolan, adamzady adam syýagyndan aýyrmaga ukyply, ony al bilen köp-köp nogsanlyklaryň, betbagtçylyklaryň üstünden elten, ýene-de şeýdäýmegi mümkin bolan pul atly nägehanyň nagt görnüşini dolanyşykdan aýyrmak, oňa adam oglunyň eli degmez ýaly, ýüzüne gözi düşmez ýaly, ini tisginip niýeti-päli üýtgemez ýaly etmek; g) Öz döwründe dünýä uruşlaryny döredip, ýer ýüzüne ot beren, millionlarça adamlaryň ganyna galyp, indem hiç zat bolmadyk ýaly bir daban dar ýer içre topraga bukup ýatan şahsyýetleri: «Beýik serkerdeler», eden gyrgynçylyklaryny bolsa: «Harby sungat» diýlip atlandyrylmagyny, taryhy diňe ýeňijiniň nukdaýnazaryndan ýazmaklygy bes etmek we adam diýen belent ada ysnat getiriji, ony öz mertebesinden has pes görkeziji arassa terbiýä, ylahy söýgä ras gelmeýän başga-da birnäçe pis zatlary aradan aýyrmak dogrusyndaky öz tekliplerini hem goşdular. ...Birkemsiz dynjyny alandan soň, özünden edilýän talaby ödemek üçin, dünýäniň ähli döredijileri bilen bir hatarda türkmen şahyry Ömruzak Çardagly hem öňkülerindenem has güýçli hyjuw we gaýrat bilen işläp başlady. Arasynda, ömürboýy edip gelen endigine görä, ýyldyzly gijeler kä eýwana, kä balkona çykyp, nazaryny asman sary dikip, sagatlarça oturmany welin ýadyndan çykarmady. Öňkülerinden bir tapawutly ýeri ― ol indi asmandan näme gözleýändigini, ol ýerde näme-nämeleriň, kim-kimleriň bardygyna, özüni ol ýerde haýsy güýjüň özüne tarap çekýändigini bilmän duranok. Sentýabr aýy, 2016 ý - Awgust aýy, 2019 ý. Aşgabat. Juma HUDAÝGULYÝEW. | |
|
√ Ojak -2-nji kitap -19: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Duman daganda: Serçe-de bolsa, piliň gözüni çokaýan serçe - 06.06.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat gyzyl almadyr, suw düýbünde gizleseňem iru-giç böküp çykar - 23.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -5: romanyñ dowamy - 14.09.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Duman daganda: Söz bilen işiň arasynda dag ýatyr - 05.06.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -11: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |