15:51 Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Yhlas | |
YHLAS
Hekaýalar
Ak patyşany düňderilendäki, “Beýik ynkylap” diýlip atlandyrylan goh-galmagalyň altmyş ýaştoýy bellenjek-bellenjek bolup ýören günleri. Moskwaň etegindäki nusgalyk harby bölümleň birinde gulluk edýär. On bir aý bäri. Belli däl – ýa, oň çypar ýüz-keşbine birikmäň başlygynyň sülsat boýunça orunbasarynyň syny oturdy. Ýa-da ony ýaşyndan uly görkezýän salyhatly özüni alyp barşy, şoň göwnünden turdy. Has laýygam, onuň çagalykdan owadan haty, öz işi boýunça kän kagyz garalamaga mejbur, gartaşan serkerdäň ýüreginden ok bolup geçendir. Umuman, orunbasar ony birtopar özi ýaly salpygulak, çümretelpek, agzysary esgerleň arasyndan seçip-saýlap, öz ýanyna kätip edip aldy. “Huda hor etmese, dowzahda-da jennetdäki ýaly ýaşap bolýa” diýilýämi? Muňkam şo boldy. Oturýan ýer-ä karargäh. Gyşyn-tomsyn üşejek-yssylajak gümanyň ýok. Ýeke başlygyňam nepaga çykmaga galanja günlerini keýpine sanap ýören çalsaç kemennir. Olam lezzeti ýyldyza toýnak salýarka-ha özüne: “batýa” ýa-da “Pelany Pelanyýewiç” diýip ýüzlenmäge idin berýär. Ülpetleri bilen öten agşamky wurha-wurlukdan soň kellesi çat açyp gelýänem bolsa, diňe harby tertipnama jikme-jik laýyklykda: “Ýes, ýoldaş polkownikden!” başga dahanyň daşra söz çyksa kelläňi kakjakdan. Galan zadam – hezillik! Iýseň öňüňde, iýmeseň ardyňda. Sebäp diýseň, pişäň sülsat bolar-da, tüýs: “hor bolsaň garagyň aksyn” diýilýäni bolman, ne bolar?! Agyr ýükem, kagyz-ruçkadyr, “peçat maşyňka” diýilýän, “dokuwment” ýasalýan enjam. “Aptomat” diýilýän zad-a, şo başda: “uçebga” diýilýän mojukhanada elleme keýpinden çykyp, birki öwranam, atyjylyk ugrundan ýazylan harby tertipnamalaň göwni galmazlygy üçin tark-turk edip gören bolaýmasa, galan wagt: “garasyny gördüm” diýse-de ýalançy. Bir içini gysdyrýan zat, soňky bäş-alty hepde bäri, tutuş birikmäň çorbasy çykýany, “Beýik Oktýabr rewolýusiýasynyň 60 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe” taýýarlyk görmäge gatnaýar. Muňa welin: “bamysyň?” diýýänem ýok. Hamana o, şu giden lybaslylaň içinde harbam dä-de, öz dogduk kalhozyndaky kantur işgäri ýaly – günde işe gatnan pisint gatnan bolup ýör. Ine öýe dolanar. Öňküjesi ýaly meýdana – öz byrgatlaryna işe çykar. Onsoň obada ogryn-dogryn göz gypyşyp, gaş kakyşýanja byrgatdaş läleleri, ýeň astynda kikirdeşip, oňa selkiräge-de sowal beren borlar: -Gyýw, Nemejan, bi hany, sen o woýeňňä gidip, o taýda iň bärkisi, ibalyja “şagommaş” bolubam-a görmänsiň-ä! O pelany daga-ha, honha, hut woýeňňiňem göweginde çüýräp, bütin iki ýyllap, nan deregine diňe top-tüpeň çeýnäp geçipdirler. A seň bolsa, tutuş woýeňňiň kanturda çot şykgylladyp geçäýipdir ýaly-la, hä?! Ýa, nä, sen bennäni o taýda-da bü taýdakyň ýaly negodnyý görä:dilermikä, hi-hi-hi... Ine, şu oýlanmalaram ýaş esgeri otdan alyp suwa salýardy. Gursagyny gaplan şol galagoplugy zerarlam ol her edip hesip edibem bolsa, dabaraly harby ýörişe gatnaşyp galmagyň kül-külüne düşdi. Çünki owal-a o taýyk gatnaşanlar hökman surata alynýamyş. O suratlaňňam gazet-pazetde çap ediläýmegi ähtimal. Nesibesinden, şo çap edilen suratlaň birinde-de ho-o-l, goňşy obadaky bir ýigdiň üç-dört ýyllykda ýüzüniň çalasudur bolup gidişi ýaly, muňam görnüp galaýmagy ahmal. Onsoň-a oňa oba dolanansoň hiç kimem “gullukda kanturçy bolup gelen” diýip pitjiň atmaga het etmez. Bar, oň ýüzi gazede çykmasa-da, iň bolmanda öýe baransoň, şo owadan eşikli, gös-göni owadan sapda duran, özi ýaly esgerleň arasyndaky, gujagy aptomatly, owadan surat-a, oň çypbakaý-çyndanam woýeňňide diňe kagyz gemrip ýaşaman, il deňinde ädik süýräp, gülle gemrenine şaýatlyk edäýse gerek. Aýdyldy gutardy. Şu niýetini paşdyrmak üçinem ol, dabaraly harby ýörişe gatnaşdyrmak hakyndaky towakga bilen, her gün diýen ýaly özüniň ýalňyz kemenniriniň gulagyny gazalap ugrady. Ahyram irizip aldymy ýa-da çalsaç serkerdäň öz kätibine rehimine indimi, noýabryň bäşinji güni diýlende, gijara iş otagyndan çykyp barýan kemenniri oňa kesgin tabşyryk berdi: -Завтра генеральная репетиция парада. Подготовься как следуеть. Со мной поедешь. Şo pille bu buýruk oň gulagyna ejesiniň: “jana” diýen sözünden hoş ýakdy. Ol guş bolup uçup, karargähden ýatakhanalaryna gaýtdy. Gelşine-de bölümçäň ammarçysyny tapyp, ondan dabaraly lybasyny aldy. Uzak gije-de lybasyny aňrybaşy kämillige ýetirmek oňa iş boldy. Ütükledi. Tikdi. Süpürdi. Lowurdatdy. Ädiginde dagy ýüzüňi görüp, sakgal-murt alybermeli etdi. Daňa ýakyn birsellem ymyzganyp, gözüniň awusyny almaga-da wagt tapdy. Ir bilenem bir gyldan bezenip-beslenip, karargähiň öňünde gögerdi. Çalsaç serkerdäň ulagy gündeki gelýän wagtynda geldi. Mündüler. Olaň ulagy birikmäň harby ýörişe gatnaşyjy esgerlerinden doly ýük ulag kerweniniň öňüne düşüp, baş türgenleşik meýdançasyna ýöneldi. Bardylar. Düşdüler. Ol ulagdan böküşip düşüp, çalasynlyk bilen sapa düzülýän deňdeşlerini synlap durşuna, kemenniriniň özüne “aptomat al” diýmändigine geňirgendi. Ýa, oňa şu taýda berjeklermikä? Sewäp diýseň, aptomatsyz-a bulaň arasynda duruzmyýalar. Ýöne, beý diýseňem, o “aptomat” diýilýän zadam, tamdyr gorjalýan kesewi dä ahyry. Her tapan ýeriňden gabat gelen birini sogrup alaga-da, öňýeteniň eline: “Me, körpe, şuny birhaýuk tutup dur!” diýäge-de, beräýip goýberer ýaly. Magat ýadyna düşýä, şü bölüme gelen günleri her haýsyna şondan aýratyn birini berkidipdiler. Oňam tertip belgisini, soň başga biriniňki bilen bulaşdyrmazlyklary üçin öldir ýaly ýat bekledipdiler-ä... Beh... Inni nähili bolarka? Hemmeler-ä aptomatly. Bü bolsa ýo. ...Emma, çalsaç kemenniri oňa uzak oýurganyp durmaga puryja bermedi. Ulagyň ýeňsesine aýlandy-da, oň yzky gapysyny açdy. Oňa gaphanada duran ýigrimi litrlik uly kanistr bilen birem esgerleň nahar daşalýan termosyna çalymdaş, arka dakylýan, ýogyn kemerli gutusyna ümledi: -Возьми сынок! Канистра для того чтобы сходить по маленькому, а термос по большому! В этой холодрыге ребятки должны будут отстоять всю репетицию. А возможности отойти у них не будет. Да и некуда. И ты им будешь подносить. Понял меня, солдат-матрос? Вопросы? Ol düşünmedi. Aňk-taňk boldy. Haçan-da çalsaçyň sözleri aňyna ýetende bolsa, şugundyr ýaly gyzardy. Utançdanmy... Gahardanmy... Ýa sowukdan... | |
|
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 8 | |||||||
| |||||||