Aglasam Sesimi eşidermiñ setirlerimden? Syparmyñ gözýaşymy Elleriñ bilen? Bilmezdim Aýdymlaryñ owazyn Sözleriñ jowahyryn Bu derde duşmazdan öñin. Bir ýer bar, bilýärin Herki zat aýtmak mümkin Epeý ýakynlaşypdyryn Düşündirmek kyn.
• ANLATAMIYORUM
Ağlasam Sesimi duyarmisin misralarimda? Dokunabilirmisin ellerinle Gözyaşlarima? Bilmezdim Şarkilarin bu kadar güzel Kelimelerinse kifaýetsiz olduğunu Bu derde düşmeden önce Bir yer var biliyorum Her şey söylemek mümkün Epeyce yaklaşmişim Anlatamiyorum.
Ağlasam sesimi duyar mısınız, Mısralarımda; Dokunabilir misiniz, Gözyaşlarıma, ellerinizle? Bilmezdim şarkıların bu kadar güzel, Kelimelerinse kifayetsiz olduğunu Bu derde düşmeden önce. Bir yer var, biliyorum; Her şeyi söylemek mümkün; Epeyce yaklaşmışım, duyuyorum; Anlatamıyorum.
Aglasam, eşidersiňizmi sesimi Setirlerimden? Degip bilersiňizmi Gözýaşlaryma, eliňiz bilen? Bilmezdim: aýdymlaryň şeýle gözel, Sözleriň ejizdigini Bu derde düşmezden ozal. Bir ýer bar, bilýän Mümkin her zady aýtmak. Gowja golaýlapdyryn, duýýan Düşündirip bilemok.
Myhman, dokunabilirmisin sözi degip bilermisiñ dp alanyñyzy halamadym. Göni manysy şolam bolsa goşguda türkmençesi gelşenok. Emma "sözleriñ ejizdigin bu derde duşmazdan ozal diyeniñizi dogry hasaplayan. Jowahyr sözi doly manyny berip bilmändir owadanlanyp alynsa-da. Berekella, dowam ediñ!
Aglamda Sesimi duýýañmy beýitlerimde? El sürüp bilermiñ gözýaşlaryma? Bilmezdim aýdymlañ neneñsi ajap, sözleriñem tagaşyksyzlygyn! Ýolukmazdan owal şeýle eleme, Bilýän şeýle bir künjegiñ barlygyn... Sygdyryp bor herki zady kelemä. Duýýanam mazaly golaýlanymy Düşündirjek söz gelenok dilime.
şo ýerin-ä menem birhili gördüm. terjimäni oňaramok. prozaň terjimesine synanyşyp gördüm. başarmanam taşladym. şolam kyn. goşgy hasam kyn. terjimeçi bolmak üçin ýazyjylykdanam (şahyrlykdanam) başyň çykýan bolmaly bolaýmasa.
ýokarkynyň orginaly (türkçesi) maňzyma batmady-da, internetden gözläp gördüm. biraz üýtgeşigräk eken. hem şony paýlaşaýyn hem sözme-söz terjime edip goýaýyn diýdim. soňam "hany-aý, özümi barlaýyn-laý" diýdim welin, ýokarky ýaly gurak zat çykdy. paçty sözme-söz terjime (beýle terjimeler gurak bolýa).
o söze derek ilki kelläme gelen "elläp bilermisiňiz" boldy. ol has birhili. yzynda "eliň bilen" diýen söz bar-da. "eliň bilen ellemek" :-)
iň gowusy çeper terjime. onam başaramok. başarýanlara berekella.
@haweranyňky çeper bolupdyr. ýöne asyl nusgadan biraz daşlaşýan ýaly(rak). gaty daşlaşanogam. başdaky duýmak "eşitmek" manyda, soňky "syzmak", ýagny "duýmak" manyda bolaýmasa, bilemok. hem (orginalynda) liriki gahryman bir kişä ýüzlenmän, umumy gürrüň edýän ýaly.
aý, türkçesiniň özi düşnüksiz, terjimeden nämä garaşjak. "duyar mısınız, dokunur musunuz" diýende haýyş edýämi ýa "başararsyňyzmy" diýýämi, Hudaý bilýä.
Indi birinji terjime hakdaky pikirim: Gowşak. @myhman agza dogry belleýär: Gurak. Gözýaşy sypap bolanok. Köplük san gerek däl - eliñ diýseñem ýeterlik. Jowahyr nirden geldi bäri? Aýdymlañ gowam bolsa, sözleñ ýeterlik däl, kipaýatsyz, ýerine düşmedik - tagaşyksyz diýýär. Geliñ, kifaýat sözüniñ manysyna bilelikde seredip geçeliñ: Kifaýat sözüniñ türkmen dilindäki manysy: ýeterli, ýeterlikli. Mysal: 1. "Pygly bet baýlardan pakyrlarga kifaýat galmady, Eý ýaranlar, bes niçik bolmasyn kim ahyrzaman". (Şeýdaýy). 2. "Bahyla ugramañ, güler ýüz bermäñ, Möhüm bitirmäge kipaýat ýagşy." (Magtymguly) Kifaýat sözüniñ türk dilindäki manysy: kifayet 1. yetecek ölçüde, miktarda olma, yeterli olma, yetme. (Sinonimi: ýeterlik) 2. bir işi başarabilecek, yapabilecek yetenekte olma. (достаточность) (Ýagny, iki dilde-de berýän manysy bir diýen ýaly). Görşüñiz ýaly, kipaýatsyz sözüniñ deregine @myhmanyñ terjimesinde alnan ejiz sözü-de ýerine düşmedik. Umuman, terjime sungaty inçe sungat, inçe senet. Näçe sünnäleseñ sünnäläp oturmaly. Ýöne munuñ üçin terjime edýän diliñem ezber bilmeli, öz gepleýän diliñdenem kipaýatly goruñ bolmaly. @myhman öz wersiýasyny höwesjeñlik derejesinde ýöne edip goýberendigini aýdýar. Oñky düşnükli. Her kes edip biler. Emma @Peroñ wersiýasy hiç bir babatda tapawutlanmaýar, hatda @myhmanyñ hödürlän wersiýasyndanam gowşakdygyny aýdyp biljek. Terjimä synanşyk gowy zat. Emma eser diýip okyja hödürlenjek bolsa, höwesjeñlik derejesinden epeý ýokary göterilmelimikä diýýärin.
Orhan Weliniň garaňky-pessimist pikirlerini terjime edişmeşege mendenem bir goşant bolsun. Aslynda Orhan abi hem gepini düşündirip bilmän aglaýa, göz ýaş edýä, soň aýtmaga söz ejiz (ýetersiz) eken diýýä, soň bir ýer bilýän aýdyp bolýan diýýä, soňam ýenede düşündirip bilmemýok diýo…. Bulaşykda garaz… üns berseňiz kafiýada ýokdur. Ýöne bir duýgusy-da.
Aň-aňlamak-aňlatmak - bular türmençe-hä osoňam…. şoň üçürip "Anlatamiyorum"-y "Aňladabilmeýän" diýip aldym.
AŇLADABILMEÝÄN
Eşdebilermisiňiz şygyrlarymdan aglasam nalyşymy? Uzadarmysyňyz eliňiz ýüzüme sylyp gözýaşlarymy? Aýdymlaň şeýle şirin, sözleň ýetersizligin bilmezdim bu derde düşmeýinçäm. Her zady aýdabilinýän bir ýeriň barlygyn bilýän. Ýakyn baranym aňýan.. Ah, aňladabilmeýän.