23:48 Eger-de | |
EGER-DE
Goşgular
Eger-de sen biziň obadan bolsaň, Bir zady hiç mahal çykarma ýatdan: Durmuşda nähili ornuň bar? Kim sen? Dostuň üçin ýer goýduňmy gursakdan! Gözel arzuwlara bolýarmyň syrdaş, Sylaýarmyň obaň däpdir kadasyn? Özüňem günäkär gardaş, Ot bassa atalaň geçen ýodasyn? Gamyşgulak, ýyndam aty çapaňda, Ýatlaýarmyň pyýadaňam bardygyn? Bilýämisiň, dag gerşine çykaňda, Saňa medet beren zadyň Ýerdigin. Ýürek bilen guwanýarmyň topragma, Saýýarmysyň oň namysyn namysyň? Şonuň üçin geçip biljekmi jandan, Diňläp giň sähramyň düzyäň nagmasyn? Hawa dost, sen biziň obadan bplsaň, Sowallarma jogap gaýtar gursakdan! – Il bilen deň aglap, deň gülüp bilseň, Biziň obaly sen... ýogsa-da ýat sen. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||