13:41 Ekilmeli däne sözler | |
EKILMELI DÄNE SÖZLER
Sözler
Il meni elinde göterip barýar diýip begenme, olaryñ gonamçylyga barýan bolmaklary mümkin. * * * Garry köpek oturtma dişiñ arzuwynda, onuñ ýene adam dişläsi gelýär. * * * At münen atasyny tanamaz, "Mersedes" münen enesini. * * * Onuñ huzuryna baranyñda, ilki telpegiñi, soñam gapjygyñy çykarmaly. * * * Ýedi ölçe-de, gaýçyny başlyga ber. * * * Iliñ agzy keramat, başlygyñ - möhüri. * * * Göreşde atañam bolsa ýyk, emma pensiýasyna degme. * * * TÄZE LÄLE: "Näderin-ä, näderin, Hossardan dat ederin. Mal ýaly satyljak däl, Has gymmadrak giderin." * * * Diliñi dişleriñ añyrsynda saklamagy öwrenýänçäñ dişleriñ dökülip gutarar. * * * Pikiriñem hilini gowulandyryp bolýar, ony aýalyñ pikirine sapmaly. Toplan, düzen: Gurbangylyç HYDYROW. | |
|