16:38 Emma sende bakylyk bar... | |
EMMA SENDE BAKYLYK BAR...
Goşgular
Bäş günlik seýrana gelip, Diýmişler amanat dünýä. Emma sende bakylyk bar, Aç syryñ, aýan et dünýä. Bolsam ýazlaryñda güller, Maña bakylyk dälmidir. Güýz gelende ýaprak deýin, Gaýsam, bu ajap halmydyr. Sary ýaprak saman bolup, Topragyña siñse dünýä. Mele ýare dökün bolup, Ýene güller dünýä inýä. Görüp durkam şeýle ajap, Bakylygy gözler bilen. Güýzde gaýsam ýaprak deýin, Gaýdyp geljek ýazlar bilen. Al öwüsýän güller bolsam, Maña dälmidir, bakylyk. Bu gün saralmagym, erte, Gül bolup dogma çakylyk... Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |