06:45 Ene gaplañ / hekaýa | |
Ene gaplaň
Hekaýalar
Awçy halky başdan geçiren aw wakasyny gürrüň berende, aýaklaryny ýerden üzäýgiç bolýar. Eger şony duýsaňyz: «Ýere düşewer!» diýip duýduraýyň. Hawa, men ol wagtlar ýaňy murty taban ýetginjekdim. Kakama Sapar gapançy diýerdiler, meni her gezek awa gaýdanda, ýany bilen bile alyp gaýdardy. Awlajak haýwanymyzyň gabarasyna, güýjüne laýyk gapanlary olaryň gatnaýan ýodalaryna, aw edýän, otlaýan ýerlerine guruşdyryp çykanymyzdan soň, bir çete çekilip, çerdejik edinip, şol ýerde ýaşap, wagtal-wagtal barlap başlardyk. Et üçin tutýanlarymyzy ýanymyz bilen elten düýäň örküç ýagyna gowrup, ýörite gaba gaplardyk ýa-da içgoşuny aýryp, kakadardyk. Derisi üçin tutýanlarymyzy bolsa derisini soýup, duzlap, Güne sererdik. Ol döwürde aw diýseň boldy. Bäş-alty gün deňizýaka gumda bolsak, özümize ýeterlik et bilen dolanardyk. Derileri satybam sowalgamyzy edinerdik. Ynha, şeýle aw saparlarymyzyň birinde, daňdan turup, guran gapanlarymyzy birlaý barlap ýörkäk, möjege diýip guran gapanymyz ýerinde ýok. Çuň kakan gazygymyzdan goparylyp, arany süýrenip gidipdir. Kakam gapany äkiden yzlara äňedip: «Gaplaň düşüpdir, penjesiniň ululygyndan çen tutsaň, äpet bolmaly» diýdi. Gapanyň yzyny alyp, şol gidip barýarys. Aran ilişen sazaklardyr sözenleriň ýogyn-ýogyn kökleri ýolnup galypdyr. «Juda güýçli gaplaň ekeni» diýip, kakam elindäki tommaýly taýagyny häzirläp barýar. Meniňem elimde aw çarşagy. Biz gapançy bolamyzsoň, tüpeň götermeýärdik. Taýakdyr aw çarşagyndan başga diňe bilimizde aw pyçagymyz bardy. Bar ýaragymyz şoldy. Ýaraty bolan gaplaňyň ýa-da onuň taýynyň haýsy ojardyr sazagyň düýbünden turup, üstümize zyňjagy belli däldi. Şonuň üçinem töweregimize ýagşyja äňedip, diňşirgenip ätiýaçly ýöreýärdik. Şeýdip gidip barşymyza kakam: «Dur!» diýip yşarat etdi. «Hanha, hol ojaryň düýbüne äňet». Men ojaryň düýbünde tapdan düşüp süýnüp ýatan gaplaňy gördüm. —Urkaçy gaplaň ekeni. Gapan öňki sol aýagyndan düşüpdir –diýip, kakam ýagdaýy düşündirdi. Onýança-da, gaplaň bir-iki gezek ýuwaşja arlady. Arlan dessine gaplaňyň ýanyna iki sany çagasy ylgap geldi. Olar heniz kiçijikdi, naşyjady. —Häý, bolmady-ow. Çagalary-da bar ekeni. Gowagynyň ýanyna gelip ýykylyp ýatan ekeni. Muny gapandan boşatmasak, aw edip bilmän, özi-de, çagalary-da ölüp galar –diýip, kakam başyny gynançly ýaýkady. Gaplaň çagalary enesiniň düşen halyna gynanyp, çyňsap, töwereginde aýlanýardylar. Birdenem ene gaplaň ýerinden turdy-da, guduz açan ýaly gazaba münüp, gapanyň demir sallaryny gemirmäge başlady. Emma bu synanyşygynyň şowsuzdygyna, «Aýagyndan agyz salan jandaryň äňleriniň dişini döwüp barýan pugtadygyna» göz ýetirip, gapany gemirmesini goýbolsun edip, ony penjeleri bilen aýyrmaga synanyşdy. Gapan iri ýyrtyja niýetlenendigi üçin onuň sallary juda pugta hem diş-dişdi. Şol dişler mäkäm çümendigi üçin gaplaňyň bu synayşygy-da şowsuz gutardy. Ol ýadap, haşşyldyly arlap, süýnüp ýatdy. Çagajyklary bolsa nätjeklerini bilmän, enesiniň başujunda oturdylar. Ene gaplaňyň gözgyny bolup ýatyşyna nebsi agyran kakam: —Muny beýdip goýmaly. Derrew ineri mün-de, oba eň. Deňizçi Kowus dädeňe ýagdaýy aýt. Berkiräk tor bilen iki-üç sany adam alyp gelsin. Ätiýaçdan tüpeňem alsynlar. Muny gapandan köpleşip boşatmasak, biz ikimize boşatdyrmaz –diýdi. Menem awa münýän inerimizi aldygyna patanakladyp, şol wagtky oturýan deňizýaka obamyza gaýtdym. Gowy ýeri Kowus dädem öýünde eken. Ol ýagdaýy aýtsam, tordur tüpeň aldy-da: —Hany, ýör, ýegen, hol nebit gözleýän geologlaryň ýanyna baraly. Şolardan haýyş edip, bir-iki adam alyp gideli –diýdi. Deňizden täzeje balyk tutup berip duransoň, Kowus dädemiň olar bilen arasy sazdy. Biz onuň gozakly motoryna atlanyp, geologlaryň ýanyna gitdik. Ol döwürde Hazarýaka çägelikleriň astynda ägirt uly nebit ýataklaryny açansoňlar, olaryň abraýy uludy. Öz wertolýotlary, ürgün çägede-de emgenmän ýöreýän maşynlary bardy. Kowus dädem geologlaryň ketdesine haýyşyny aýdan dessine, ol kömek etmäge döwtalap boldy. Ýanyna iki sany ýigidi çagyrdy-da, bolan işi düşündirip: —Gaplaňy gapandan boşadyp bilersiňizmi? –diýdi. —Hek ederis! Kolýa ikimiz sibirli ahyryn –diýip, egninde ogşuk göteribermeli daýaw ýigit ýylgyrdy. —Bular aýy bilen göreş tutup ulalan oglanlardyr. Birine Dima, beýlekisine Kolýa diýýärler –diýip, geologlaryň başlygy Kowus dädemi olar bilen tanyşdyrdy. —Baryň, şu adam bilen gidip, ýumşuny bitirip beriň. Geologlaryň gumda ýöremäge ezber maşyny bilen aw edýän ýerimize derrew aşdyk. Barsak, kakam yzyna —çerdegimize gelip, meniň iş bitirip biljek-bilmejegimiň gaýgysyny edip, biynjalyk bolup oturan eken. Kowus dädem hem-de ýaňky ýigitleriň birisi aw çarşakly, beýlekisi tor alyp, kakam hem ätiýaçdan tüpeňe ok sürüp, gaplaňa golaýladylar. Bizi görenden, süýnüp ýatan gaplaň ýerinden galyp, arlap topuldy. Çagajyklary bolsa gowagyna girip gizlendiler. Gapanyň ojaryň düýbüne ilişen arany goýbermän, gaplaň ýykyldy. Şol pursatdan peýdalanyp, eli torly ýigit çalasynlyk bilen onuň üstüne tor zyňdy. Gaplaň urnup–urnup, tora çolaşdy. Eli aw çarşakly ýigit gaplaňyň kellesini, Kowus dädem art aýaklaryny ýere mäkäm basyp durdular. Tor taşlan ýigit bolsa onuň öň aýaklaryny saklap, kakama gapany aýyrmaga kömekleşdi. Gapany aýransoňlar, kakam maňa: —Gel-de tory kes! Biz onýança gaplaňy tutup duraly. Tor kesilen dessine, hemmämiz birden ony goýbäris –diýip, buýurdy. Men gaplaňy ýaralamazlyga çalşyp, tory uzynlygyna kesdim–de, çete çekildim. Gaplaňy saklap duranlar: —Bir! Iki! Üç! Goýberdik! –diýşip ony goýberip, ätiýajy goldan bermän, yza çekildiler. Gaplaň silkinip tordan çykdy-da, bize tarap bir-iki gezek gaharly arlap seretdi. Ýöne hüjüm etmedi. Penjesini «elhenç jandaryň äňinden» boşadandygymyza düşünmekdenmi ýa-da şol berk äň biziň äňimizdir öýdüp, salyşsa, ýene öňki gününe düşmekden gorkusynamy, garaz, köşeşdi. Gowagynyň agzyna baryp, gaplaň dilinde ýuwaşja arlap, çagalaryny çagyrdy–da, olary yzyna düşürip, agsaklap, ojar tokaýlygyna siňip gitdi. Biz olaryň yzyndan ýylgyryşyp seredip galdyk. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Bagtymyzyñ başy bolsun-da... / hekaýa - 22.12.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |