18:09 Ene / nowella | |
ENE
Hekaýalar
"Aglasa enem aglar..." Ýigidiñ jesedi indi iki günden bäri derýanyñ añry etegindäki, keseki ýurda degişli bolan ýerde gara depe bolup gölerip ýatyr. Marçak obasy derýa ýeñsesindäki Owgan obalarynyñ biri bilen bir derýany orta alyp, bary-ýogy alty-ýedi ýüz ädim aralykda "onda sen, munda men" bolşup oturan goñşy obalaryñ birisi. Ýigidiñ yzyndan düýn şol ýerde owgan pelteñiniñ (pelteñ - esger) atan ýekeje oky ýetipdi. Ol indi şol ýatan ýerinde emedekläp derýa ýetip gelýäne meñzäp ýatyrdy. Pelteñleriñ ikisi şondan bäri ýigidiñ beýleräginde garawulçylyk çekip otyrdylar. Ýyl gurak gelipdi. Üstesine, ýurt içi hem bulaşykdy, kimse baý diýip türmä salynsa, ençemeleri maşgalalary bilen zir-zöwran edilip, alysdan-alys ýurtlara sürgün edilipdi. Hemişe gabahatlyk bolan ýerden göterilişi ýaly, bu obadanam rysgal ymykly göterilipdi. Ýigit dek mundan iki gün ozal, ýanynyñ iki sany ýoldaşy bilen, öýden tapan-tupan, bir put-iki put dänä çalşyp bolaýjak goşa bilezikdir haly düşekçesini alyp gidipdi. Alyş-çalyş bu iki goñşy obanyñ arasynda ozalam edilmeýän zat däldi. Diñe orus ýurdy alyp, "mundan bäri meniñki, ondan añry seniñki" edensoñ, gatnaşyk selçeñleşipdi. Ozallar derýanyñ ilersi onuñ gaýrasynda ýaşaýanlaryñ arzuwly ýeridi, köplenç, derýanyñ gaýrasynda ýaşaýanlar mal-gara sürüp gelip, ony bu ýerde bol bolýan bugdaýdyr mekgejöwene çalşyp, eşek, düýe ýüklenip giderdiler. Goñşy berekedinden peýdalanardylar. Täze hökümet gatnaşyk edilmegini islemeýän-de bolsa, barybir, henizem ogryn-dogryn baryş-gelişler galmandy. "Açlyk näme iýdirmez..." diýleni, soñky döwürde derýanyñ ilersindäki marçaklylar derýanyñ gaýrasyna ogryn-dogryn alyş-çalşa gatnamaly bolupdylar. Merhumy öýüne ýygnamak, ony öz topragynda ýer-jaý etmek üçim pelteñlerbaşy bilen edilen ilkinji synanyşyk netijesiz bolupdy, ýogsam, oña ýörite derýanyñ iki tarapynda hem tanalyp-hormatlanýan ahun adamy öñe salyp, ýüz tutup görüpdiler. Soñra ýigidiñ doganoglan agasy bir öküzi yzyna düşûrip getirip toraññylykda, owgan pelteñlerine görünýän ýerde dañyp, olar bilen gepleşik geçirmäge çalşypdy. Pelteñler öz arasynda it ýakalaşan ýaly wagyrdaşyp näçe maslahatlaşsalar-da, wagty bilen anyk bir netijä gelip bilmändiler. Ýigit bolsa henizem derýanyñ añyrsynda ýapynyñ ýüzünde şol ýatan ýerinde ýatyrdy... Öýde oturyp, erkekleriñ ol ýerdäki balasynyñ jesediniñ getirilmegine garaşa-garaşa halys bolan ene ahyr karar tapman, birki sany aýal bilen gijöýlänler derýanyñ boýuna geldi. Bu ýerde depäniñ üstünde oglanyñ garyndaşlary üýşüşip, öz keseki ýerinde ýatan jesetlerini gözleri bilen garawullaşyp, örtenişip otyrdylar. Enäni görüp, onuñ goñşy obadan gelen dogany alada galdy: - Sen oturybermeli ekeniñ-dä... - Oturyp bolýarmy? Ene ýüzugra oña guraksy jogap berdi-de, ot ýakyşyp, maslahat edip oturan hossarlaryñ gapdalyndan geçip, depäniñ eññidine ýetip aýak çekdi. Bu ýerden ýigidiñ ýatan ýeri has gowy görünýärdi, aşakda guduman derýa aýlanyp-öwrülip akyp ýatyr, ýigidiñ ýatan ýeriniñ aşak etegi on-ýigrimi ädim töweregi ýaýylyp oturan eññit, derýa tolkunlaty şol eññidiñ etegini ýalap, süýkenişip akýarlar. Ene bu görnüşi synlap, ilki: "Hä, balam derýa-ha ýetiberen ekeni, oña bir özüni zyñyp bilen bolsañ-a, tolkunlar seni öz kenarymyza aşyrdy" diýip oýlandy. Soñ bolsa suwuñ batly akyşyndan çen tutup: "Bu ýer şeýle çuñam bolmaly däl..." diýip pikir etdi. Soñam ene derýanyñ öz kenarlaryndaky başlaryny suwa egşip, haýsydyr bir añyrdan ýüzüp gelýäne kömek bermek üçin uzyn-syryk gollaryny uzadyşyp duran toraññy şahalaryndan wagty bilen gözüni aýyrmady. Pikirinde, añyrdan gaçyp gelýän ogluny şol toraññy şahalaryna ýapyşdyryp, bu kenara geçirdi. Ene birsalym derýa arkasyny synlap, bagry birýan-gözi girýan bolup duransoñ, bile gelen aýallaram alyp yzyna dolandy. Ot ýakyp oturanlaryñ tarapyna seretmän, öñe - birýerlere seredip, olaryñ gapdalyna geçdi. Gele-gelmäne-de, öýüñ bir duluna çekilip, üstüni köne don bilen bürenip, gabra meñzäp ýatdy. Garañky düşensoñ depede gözegçilik çekip oturanlar hem biraz ýylynmaga, ol ýerde ýatan merhumy almagyñ maslahatyny täzeden giñişlikde etmäge öýe ýygnandylar. Nädilende nä boljagyny ölçerişip-döküşip, pikir basyşyp otyrdylar. Gijäniñ bir wagty - ene aýak ýoluna çykan wagty hem goñşy öýde henizem adamlaryñ hümürdisi bardy. * * * Dañ saz beriberende ýeñsede birden oba itleriniñ gowurdysy artdy. Kim-de bolsa bir ýat adamyñ töwerekde peýda bolany belli boldy. Onýança kimdir biriniñ añyrdan aldyrany bar ýaly, itleriñ öñi bolup ylgap gelýäni göründi. Merhumyñ garyndaşlary bu mahal ýene-de depä gidip, merhuma gözegçilik edip, ony almagyñ täzeden ugruna çykmagyñ pikiri bilen otyrdylar. Añyrdan ylgap gelen adam gapynyñ öñüne hümerlenişip çykan adamlary görüp, demi-demine ýetmän: "...Ol ýere baryñ, derýa boýa baryñ!" diýip, bir bolmasy işiñ bolanyny öz howlukmaç hereketi bilen mälim etdi. Adamlar som-saýak bolup, ylgaşyp derýanyñ boýuna baran mahallary, öz öñlerinde süllümbaý ezilen enäniñ kuwwatdan düşüp, yzy bilen beýleki kenardan süýräp gelen toraññy salynyñ iki-üç ädim öñ ýanynda ýüzin düşüp ýatanyny gördüler. Toraññy salyñ üstünde merhum ýigit dem-düýtsiz ýatyrdy. Derýanyñ o başynda bolsa häzir ahmallygyny aldyran, başlary seleñ selleli, ak balak, sölite ak köýnekli pelteñler ahmyr edişip, bir-birleri bilen büküdişip, ellerini salgaşyp, gaharly wal-wallaşýardylar. Adamlar ýerli-ýerden gelip, goltugyndan göteren mahaly, surnugan ene dişinden syzdyryp eşidiler-eşidilmez dillendi: - Alyñ-da, indi ýer-jaý ediberiñ! Adamlar merhumy alyp ugran mahaly jahan henizem oñly ýagtylmaga ýetişmändi. Ýüzüne gara çeken sag kenar, çep kenardan daşlaşyp barýan toparyñ yzyndan düşnüksiz seredip galdy. Agageldi ALLANAZAROW. | |
|
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |