09:30 Ene / powest - 1-nji bölek | |
ENE
Powestler
…1948-nji ýylyň 5-nji oktýabrynyň öýlänidi… Ýüzi mürşük-mürşük, bili bükülen, hor göwresi sähel şemala-da yrgyldap duran ene asyr bilen ýaşytdaş bolsa-da daşyndan görene: “büý-ä iki sapar togsan ýaşapdyr-ow” diýdirýärdi. Ýekedyz oturyp, geçen ýaz gyrkymyndan galan ýüňi darakdan geçirýän garry zenanyň aňynda başly-barat pikirler bir pursatlyk peýda bolýardylar-da derrewem ýitip gidýärdiler. Durmuşdanam, duýgulardanam, pikirlerdenem juda ýadan garry aň öňki ýaş döwürleri el işe gümra bolanda edişi ýaly, indi öz-özüni süýji geljek hakynda arzuwlardyr-umytlar bilenem, geçmişiň ýakymly ýatlamalary bilenem güýmäp bilmeýärdi. Wagtynda gorky, howsala, ägirt uly ynam, yhlas, umyt, hyjuw, şatlyk, hasrat dek, birtopar güýçli-güýçli duýgulardandyr soňy gelmeýän, uç çykaryp bolmaýan oýlanmalardan ýaňa hiç haçan rahatlyk diýen zadyň nämedigini bilmedik aň indi halys bolup, uklap galana çalym edýärdi. Ol göýä bolgusyzja, biderejik pikirjikler bilen öz-özüni güýmän bolup ýatana meňzeýärdi. Edil näçe kösense-de, näçe agyrsa-da entegem köşeşmedik ýüregi huwwalaýan ýaly… “Häzir ýüňi darap bolaryn. Onsoň ikindi namazyny okap, agşamlygyň ugruna çykaryn. Soňam näme, ýassy namazyna çenli ýag çyranyň yşygyna bujagaz ýüňi egrerin-dä…Garaz bir ýüň joraplyg-a bolar. Onsoň şu joraby tikip satanymdan soň-a ýüňüm hem gutaraýýar…Soň nätmeli bolarka?!… …Wa-eý…” -Tüf-tüf-tüf!… Ene reňki solup, göwşüllän köýneginiň ýakasyna elini ýetirdi-de, üç mertebe tüýkürdi. “Nätmekden hudaý saklasyn, toba! Hökman jorap örüp satyp, iýjegiňi tapmalymy?! Hudaý ýetirer bir ýerden… Tüweleme! Uruş sowuldy. Gidenler gaýdyp gelýärler. Il-gün öýüniň eşigini, öz eşigini täzeleýär. Keçe basyşaryn, kilim çitişerin…Garaz-haý il-gün meniň kimin ýere urup ýeke galan garryny ajyndan öldürmez…Indi hudaýa şükür, öňki döwür ýaly däl. Garaz çörek tapdyrýar. Muny il-günde toý-tomgynyň köpeleni hem aýdýar ahbeti. Hanha düýnüň özünde-de köçäniň aýagujunda ýaşaýan garrylar, Halsona bilen Welli kel 39-dan bäri diri ýitig bolan ogullarynyň sag-aman gaýdyp geleni mynasybetli toý tutdular. Ol oglan aýdyşyna görä, nimisi ýeňenlerinden soň gyýyk göz jäpuna garşy hem urşanmyş. Soňam Siwirde ýesirleri saklanmyş…Welli kel garry ömürboýy syrnyhyňam syrnyhy bolup ýaşandyr welin, toýunda-ha elini açdy. Işigindäki ýekeje baggoýnuny ýykyp, daş-töweregi etden doýurdy. Süýjem bolupdyr, sadagasy boldugym!” Ene darakdan elini aýyrman gözlerini ýumdy. Düýnki naharyň tagamyny täzeden duýjak bolýan deýin, agzyny şapbyldatdy. Toýa söwüş edilen baggoýny göz öňünde janlandyrjak bolup hyýalyna zor saldy. Emma oňa derek garrynyň hakydasynda Welli keliň ýylgyrjaklap duran oglunyň jemaly peýda boldy. Şol bada hem aň hernäçe basalyk berjek bolsa-da oňa baş bermedik kakabaş ýürek sorkuldap-sorkuldap gitdi. Enäniň gözleriniň öňünde urşa gidip diri gaýyp bolan körpejesi Nurmyradyň bugdaýreňk keşbi peýda boldy. Onuň kükregini nähilidir bir ot ýaly gyzgyn gysaçlar gysýana döndi. Owasyna çöküp köwelip duran, reňksize ýakyn, bulançak gözler çygjardylar-da, ýaňaklaryň gasyn-gasyn hamynyň üstünden durulykdan ýaňa buldurap duran ajy gözýaşlar syrygyp başladylar. Düýnden bäri etmezlige çalşylýan pikir ýene-de garrynyň aňynda oýandy…”Wah, öz eljagazym bilen iň soňkujamy ugratdym-da…Wah, heleý kemakyllylygym gurasyn! Ýeri öň ol Yssalyn diýilýän ýer ýuwdandan näme gördüň diýsene?! Ilk-ä “baý-gulak” diýip gaýynlaryňy ýer ýuwdana dönderdi. Soňra “dildüwşüge gatnaşyjy” diýip mugallym bolup ýören ulujamy hem-de ýanýoldaşym neressäni 37-de ýurtdan çykardylar. Ekleýjilerimiz alnandan soňra gedaýa dönen bizi bolsa “halkyň duşmanlarynyň masgalasy” diýip bir ýekirdiler, bir ýekirdiler. Onsoň şeýdip asuda maşgalaňy tüweleýiň demine düşen gummaýraga dönderen ýalmawuzdan ýamanlykdan başga näme hantama bolduň diýsene?! Wah, şu zatlary diýdimem-le, balama! “oglum, ata-babaňy gabra dykanlaryň öňünde borjuň ýokdur” diýsemem, neressäm şol akýürekliligi-dä. “Hä-hawa” diýmegiň deregine gaýta: “Beý diýme eje,” diýýär, “Men ahyrsoňy ol öňki ýalňyşlyklaryň üstüniň açylyp, Jumany hem kakamy azat etjekdiklerine ynanýaryn. Häzir bolsa ýurdy bu gelen nägehandan halas etmeli. Ýogsa ol giden ili gaty harap eder” diýýär. Hanha, şeýle diýibem dirije gitdi. Ondan galan zadam diňe “dereksiz ýitdi” diýen sygryň dili ýaly kagyz…Wah, balajygym, heý çykmazmykaň?! Heý, gelmersiňmi?! Kyrk sekiz ýaşda ülhit garra dönen ejeňi beýdip diri maslyk bolup ýörmekden heý gutarmazmykaň?!…” Aşa tolgunan enäniň gözleri gözýaşdan ýaňa ümezläp gidenden soň ol daragy görmän, işini taşlady-da, başyny aşak egdi. Gözlerini ýumdy. Şol pille-de her sapar şeýle bolanda bolşy deýin, körpejesi Nurmyrat öňünde peýda boldy. Özem hemişekisi dek ýene-de onuň ýanyna bir-iki ädim ýetmän togtady. Garry zenan gabaklaryny göterse oglunyň zym-zyýat boljakdygyny bilýändigi üçin gözüni açman büzük dodaklaryny müňküldedip, pyşyrdady: -Oglum, näme ol taýda duruberdiň-le? Gel, ahyry ýanyma! Nurmyrat ýüzüni sallady-da, jogap gaýtardy: -Ýanyňa barsam aglaýarsyň ahyry, eje! -Wah, aglamaýyn, Nurmyrat jan! Ine gaýta öňkülerimi hem süpüreýin! Ine, ine!-diýip öz aňynyň döreden salgymyna aldanýan garry, gözlerini birmahal çüýräp giden, eleme-deşik ýeňi bilen süpürişdirdi. Emma gözýaşlar guramakdan geçen, gaýta beter çogup çykdylar. Muny gören Nurmyrat birdenkä iki eli bilen ýüzüni ýapdy-da, hamsygyp goýberdi: -Aglama ahyry, eje jan! Sen ýene-de aglaýarsyň-a! Beýtme ahyry, meni, eje!-diýende onuň sesi agyly çykdy. Jigerbendiniň zarynlaýşyna ýüregi para-para bolan ene gollaryny giň gerdi-de, gujagyny açdy: -Wah, balajygym, men guraýyn! Aglasam aglaplar geçeýin-le! Gel ahyry! Seni bagryma bir basaýyn-la! Indi ýedi ýyldyr seni aýatda görmänime… Emma Nurmyrat ýuwaşlyk bilen ondan barha daşlaşyp barýardy: -Aglama eje, aglasaň men gitmeli bolýaryn! -Wah, jan balam, gitmäý-dä!-diýip ene ogluny saklajak bolup ümzügini öňe atdy. Şol pursadam enäniň ýeňsesinden duýdansyz eşidilen pessaýdan gussaly ses gözlerini ýalpa açmaga mejbur etdi. -Meni welin, ýatlamaýarsyňam-da, eje jan! Ene bu owazy bada-bat tanady. Bu Jumanyň sesidi. Ol tarsa ýerinden turdy-da, ýeňsesine öwrüldi. Emma ol ýerde buýr-bulaşyk şahalaryny ýeliň ugruna ykjadyp oturan garry tut agajyndan başga hiç zat ýokdy. Özüniň hemişekisi ýaly ýene-de bir gezek hyýalynyň oýnuna aldanandygyna düşünen ene birden gurruk guýy deý boşap galan gözlerini berk ýumdy. Daragynyň başyna çökdi. Soňam birhili gazaply hyruç bilen ýüň tüýdüp ugrady. Edil iki penje ýüňi tüýdüp-tüýtmänem, birdenkä ýüňli eli bilen ýüň daragy pyzyp goýberdi. Aýalary bilen ýüzüni ýapybam bir sykym bolup ýygryldy-da, bady-baran aglap başlady: -Wah, Juma jan! Wah, nurana ýüzli, derek boýly balajygym! Wah, Nurmyrat jan! Gözümiň doýup ýetişmedik röwşeni!…Hudaýym ýer ýuwutsyn! Şu Yssalyn diýen ýurt ýykan ganhoram, onuň agzy ganly köpegi Ỳežöwam…Hudaýym dirikä-hä el-aýagyny şel açdyryp, kösäp almasaň, öleninden soňam nesilleri mazaryna tüýkürmese, senden o dünýä bu dünýä yrza bolmaryn. Ol Nurmyrat janymy iki jahan owarrasy eden albassy sypat paşis-ä (faşist) dowzahyň odunda ýakyp kül etseňem, çaga öldüren Ýezit şanyň eline berseňem azdyr…Hudaýym ikisem pällerinden tapasy… Şeýdip ene tä ysgyny gidýänçä aglap-eňräp, gargynyp oturdy. Oňa çenli garaňkam gatlyşdy. Töwerek garaňkyrap ugranyndan soň ene-de assa-ýuwaş köşeşdi. Ýöne şonda-da aglamasyny goýanyndan soň hem göwnüne bolmasa bir ýerden Nurmyrat ýa-da Juma çykaýjak ýaly bolup esli oturdy. Ahbetinem daşarynyň çigregine üşäp, zatlaryny ýygnaşdyrdy-da: -Eý hudaý jan-eý, özüň gowusyny edewer!-diýip on ädim beýle ýanynda garalyp duran kepbesine ýöneldi. Kepbesine giribem garaňkynyň içinde öz aýaklarynadyr, düz ýere büdräp-südenekläp, goýan ýerinden nebit çyrany hem otlyçöpi aldy-da, içerini ýagtyltdy. Ölügsije yşyga öýüň içi garaz aýyl-saýyl eder ýaly boldy. Içeriniň arassaçylygynyň başdan aýlanyp urlandygy göz-görteledi. Kepbäniň üsti basyrylan hyşa-sazaklar üçekden çykyşyp durdylar. Olardan asyl-asyl bolup sallanyşyp duran möý kereplerem gapynyň yşlaryndan girýän şemala galgaşyp, gowy suwalmadyk, palçyk diwaryň jaýryklarynyň ýüzüne täsin-täsin kölegeleri düşürýärdiler. Tördäki ojagyň tüssesinden ýaňa hüýt-gara bolan diwaryň ýüzünden bolsa ýagta çykan möýlerdir-aslar, sudurlary bilen birlikde äpet bir zat ýaly bolup, zymdyrylyp geçýärdiler-de, başga jaýryga sümlüp, ýitip gidýärdiler. Kepbäniň dyzboýy aşak gazylan astyna düşelen üç-dört sany köne keçäniň ýyrtyklaryndan bolsa gaty ýer garamtyldan ak tegmilt bolup görünýärdi. Çaň-kirşen basan keçeleriň üstünde-de garaňkynyň gatlyşandygyna garamazdan henizem hinlerine ýygnanmadyk garynjalar eýläk-beýläk, ibirtde-zibirt gezişip ýördüler. Dulda bolsa öýüň barja goş-golamy jemlenendi. Hatda darakdan geçirmäge-de ýaramsyz bolan hapa ýüňden doly, çüýrük torba, içinde iki gysym un galan torba görä täzeräk çuwal, bitläp giden, güýe iýen içmek, düňderilgi ýatan gulagy döwük gazan, iki-üç sany çemçesi içinde ýatan oňat ýuwulmadyk okara we içi tozanly kesmek bilen kesmekläp duran nahar galyndyly çanak hem jürnügi moý açan toýun çäýnek bilen iki sany-da käse…Onsoňam ençeme ýerinden deşikleri berçinlenen, orsuň getiren demir setili. Kepbäniň içi dymyljak, porsy ys bilen aňkap durdy. Ýöne haçandan bäri endamyna suw degmändigi üçin özi hem der, kir ysy bilen porsap durandygy zerarly ene bu ysy duýmady. Ýagçyranyň şöhlesine içerik gözüniň gyýtagyny aýlap çykan ene bu hapaçylyga başyny ýaýkady-da: -Eý hudaý-eý! Biliňde gurbat bolmasa, aňyňdan şatlyk-höwes gideninden soň edil ýöne, doňza dönäýýän ekeniň-ow!-diýip eşidiler-eşidilmez pyşyrdady. Soňra dilini jukguldadyp, ýene-de üstüne goşdy: -Juk-juk…Şu hasylygy görüp heý, ynanar ýalymy diýsene, birmahallar gül ysyny kükedýän gyz bolandygyňa, öpüp-ogşap doýup bolmaýan tämizje balajyklaryny daşyna toplap, aý dek bolup oturan gelin bolandygyňa…Heý, ynanar ýalymy?! “Balajyklary” diýeninde enäniň ýadyna ýene-de ogullary düşdi. Ýene-de döşünde ýakymsyz alas-gopaslyk döredi. Öz ýagdaýyndan gorkup giden garry özüne basalyk bermäge, rahatlanmaga gyssandy. Birsellem gözüni bir nokada dikip, dikilgazyk bolup duransoň, ahyry köşeşdi-de, ikindi namazy ýadyna düşüp, daşaryk ýöneldi. Çykdy. Çöňelen gözlerine zor salyp, itenek-çomanak hereketleri bilen zordan sapy ýok kündügini tapdy-da, yrgyldadyp gördi. Kündügiň içindäki suwuň “julkuldysyndan” “dola-bara bar öýdýän” diýen pikir bilen täret kylmaga ugrady. Täret kylyp, soňra namaz okap güýmenýänçä garaňky hem mazaly gatlyşdy. Ene namazlyk edinýän köne başatgyjyny düýrläp, tördäki ojakdan daşraga zyňanyndan soňra, indi näme etjegini bilmeýän ýaly birsalym muňalyp oturdy. Ahyrynam açlyk özüniň bardygyny duýdurdymy nämemi yra-dara ýerinden turdy-da, ojagyň gapdalynda kiçijek üýşmek bolup ýatan odunlardan aldy we kükürt çyzdy. Çig kerpiçden örülen tüsseçykaryň tüssäni düzüwli çekmeýändigi zerarly içerini dessine ajy tüsse tutdy. Oduň ýagtysyna gurumdan ýaňa syrçalanan ýaly ýaldyraýan dört diwaryň arasynda, tüssä boglup, gazany suwa çaýkap, oduň üstüne goýýan enäniň gaýmalap ýörşi ertekilerdäki ýekemen kempirleriň bolşuna çalym edýärdi. Gazan gyzanyndan soňra içindäki nahar hem “jyzyrdap” başlady. Ene bolsa aşak çökdi-de sandyr-sandyr edip duran kellesini otdan goramak üçin keseräk tutup, çemçesi bilen nahary bulaşdyryp başlady. “Ind-ä gyzandyr-da, janlarym!” diýip gazany otdan aýyrmakçy bolany hem şoldy welin, birdenkä tüsseçykardan gaçan as “pat” edip gyzgyn naharyň ortarasyna düşdi. Muňa enäniň jany ýandy: -Häý, wäheri ýanan haramy! Gazandan başga gaçmaga ýer tapmadyňmy diýsene?! Bu günküje nesibämi harama çykardy-ow!- diýip ene gargyndy-da, özüni lampa aşak goýberdi. Bir çäýnek çaý içim salym hem gazandaky nahara gynanyp oturdy. Ahbetinem: -Beýdip oturanyňdan peýda ýok-la, indi dökäýmeseň alajyň näme?-diýip hüňürdeşdirdi-de, gazany zoraýakdan göterip daşary çykdy. Patdyk-putduk ýöräp, garry tuduň düýbüne eltdi-de: -It-guşuň ryzkyna bolan zatdyr-da!-diýip döküp goýberdi. Gazany öýe-de saljak bolman kündügiň gapdalyna düňderdi. Sümelgesine dolanybam başga zady bolmansoň görgüli, gaty-guty çörekdir, gurt, sök bilen ýürekselik edindi-de, ýene-de ýüň daragyň başyna geçdi. Ysgynsyz ellerini titredibem, hälki galanja ýüňüni tüýdüp ugrady. xxxxx Birsalym başyny galdyrman işledi. Ýöne işledigisaýy ýadap, elleriniň hereketini haýalladyp başlady. Hereketi haýalladygyça-da häli gozgalaň tapan aň her dürli pikirleri oýaryp ugrady. “Şü Alla janyň türkmen hatyny pahyra el hünärini bereni hem oňat bolaýpdyr. Şu tikin-çatyny dagy bolmasa bu zenan görgüli özüni nämä siňdirjegini hem bilmejek ekeni. Erkek kişä-hä näme, at müner, zähmet çeker, gezer, ýurt görer… Garaz özüni güýmemäge zat tapar. Sebäbi ol erkin. Ýöne heleý görgüli näme etsin? Ähli gizlin-gizlin pikir-hyýallaryny, ýaşyryn syrlaryny nepis-näzik keşdelerdir, owadan-owadan nagyşlara siňdiräýmese nädip özüni egissin?!… Äý ýöne, aýal üçin ýene-de çagalary hem bar ahbeti…” “Çagalary” diýen söz enä ýene-de Juma bilen Nurmyrady ýatlatdy. Emma bu gezek näme üçindir ýürek howsala tapmady. Ol diňe ynjy bilen, çalaja sanjyp-sanjyp gitdi. “Juma jan bilen Nurmyrat jan!… Ol hem şolara ähli ulanylman galyp, baslygan yhlasyny siňdiripdi. Ýaş gursagynda döräp, ýöne paýlaşmaga diri adam tapylman gemre baglap giden, juwan köňlüniň juwan duýgularynyň ählijesi çüýräp gitmän, Juma jan bilen Nurmyrat jana nesip edipdi… Ýene-de…Ýene-de şol haram tula…” Enäniň aňy gahar-gazap bilen “jaslap” gitdi. “Ýeri ol aýgyr kemçin nirden kelläme geldi diýsene. Indi ol loly aýbygadymy ýatlamagyň özem hudaýyň öňünde günä gazanmakdyr.” Emma näçe gahary gelse-de, näme pikir etse-de ene Jumanyň aşak ýanyndaky gyzy, Keýikjemaly hakydasyna getirmän bilmedi. Ünsüni hernäçe başga zada sowjak bolsa-da bir almany iki bölen ýaly özüne meňzäp duran gyzynyň aýyň bölegi deýin keşbi şol göz öňüne geldi durdy… Keýikjemal çaga döwürleri-de gaty täsin gyzjagaz bolupdy. Ol beýleki çagalar ýaly, ýüregindäkini diline alyp ýörmezdi. Gaýta gizlärdi. Ýaşajyk göwnüni gozgalaňa salýan duýgulardyr-pikirleri jahan ýüzüniň iň gymmatly hazynasy deýin olary hiç kim bilen, hatda meniň bilenem paýlaşmazdy. Deň-duşlary bilen-ä asylam… Dogrusy başga zatda onuň hereketlerinde beýleki çagalaryňkydan üýtgeşik zady hem ýokdy. Ýaşytdaş gyzjagazlary bilenem oýnardy. Birtopar mata gyýkyndalarydyr-köne esgileri toplap, “gurjak-goş-a” hem güýmenerdi. Gyzlara mahsus häsiýet, tikin-çatynadyr, biş-düşe-de höwes ederdi. Ýöne içki dünýäsini hemmelerden ýaşyrmak hem-de gijelerine düşegine geçeninden soň gözüni bir nokada dikip arzuw edip ýatmak häsiýeti welin, onda juda güýçli ösendi…Özem nämäniň pikirini, nämäniň arzuwyny edýär, haýsy gyzykly albaý bilen hyýalyny güýmeýär?!…Alla bilsin! Haçan görseň çete çekilip oýa batyp oturandyr, ýa-da gijelerine gözüni dikmaýtaryna dikip şol ýatandyr. Şeýle pursatlaram Keýikjemalyň ýüzünde diňe lezzet bolardy. Gyzynyň bu arzuwçyllyk endigi ýetişip, göze görnüp başlanyndan soňra hem galmady. Belki belanyň körügi hem şol hyýalbentligi bolandyr?! Belki şol süýji arzuwlaryny durmuşa geçirjek bolup hem Keýikjemal ýoluny urduryp iliň gözünden düşendir?!... Kim bilýär?! Muny indi anyklajak gümanyň ýok… Belki-de gyzynyň şeýle bolmagyna, halal nikaly äriniň başyna ýetdirip, il-halkyň jellady bilen binika ýaşaşyp ýörmegine onuň özi günäkärdir?!… Aňynda dörän bu täze pikirden ene gorkup, tisginip gitdi. Uýaldy. Ol bir aýyp işi ýüzüne basylýan ýaly, bu pikiri we göwnünde oýanan günäli adamyň müýnli duýgusyny derrew özünden kowmaga howlukdy. “Hudaý saklawersin! Daş edewersin! Ýok-la, heý, ene-de bir öz perzendine ýamanlyk edermi? Haýsy ene öz bagryndan önen zürýadyny azgynlyga itersin?!…” Emma wyždanyny köşeşdirjek bolup şunça çytraşsa-da, ökünçli utançdan doly oýlanmalar enä per bermediler. Belki,…Dogrudanam onuň özi Keýikjemalyň şeýle bolmagyna sebäpkär bolandyr?!…Şol sapar şeýtmedik bolsa arzuwçyl gyzjagazynyň durmuşy beýle bolmasa-da bolmazlygy ahmaldy… Enäniň göz öňünde mundan on-on iki ýyl ozalky wakalar janlandy… …Otuz bäşmi, otuz altynjymy ýyldy. Keýikjemalyň ýaňy açylan gunça meňzeýän, on ýedi ýaşly döwrüdi…Şol gije ol ýatyp bilmän aýakýoluna gidip gelmek üçin daşaryk çykdy. Ýaňy bir öýüň ýeňsesine aýlanany hem şoldy welin, birdenkä garry tuduň düýbünde duran iki sany gara gözi düşdi. Olaryň hümürdisini eşidenindenem biriniň-ä Keýikjemaldygyny, beýlekisiniň hem bir nätanyş erkek kişidigini tanady. Şonda ilki bir gidip Jumany hem kakalaryny turzaýyn hem diýip niýet edindi. Emma bada-bat akylyna aýlanyp, goh turuzsa ile masgara boljakdyklaryna düşündi. “Häý, ýaşy kesilmişler!” diýip olara eşidiler ýaly, ýöne assarak gygyryp, üstlerine gaýtdy. Nätanyş gaçdy. Gyzy bolsa ejesini tanap düýrükdi. Şonda ol gyzyny baý, urmak-urandyr-a…Kesewi bilen saýgylap-saýgylap, endamyny gök-nil edip taşlady. Ýöne näçe ýençse-de, näçe jibrinse-de ärinedir-ogullaryna bolup geçýän zatlaryň sepini bildirmedi. Näme bolan hem bolsa eneli-gyz ikisiniň arasynda gömlüp galdy. Nätanşyň kimdigini biljek bolup hem gyzyny köp çürkedi. Emma gyzynyň özi-de ol hakda düzüwli zat aýdyp bilmedi. Diňe bir dilinden sypdyrany: “pylanylaryň toýunda tanyşdyk” boldy. Şondan soň ol gyzyny çaltrak ýerlemese bolmajagyny duýup Keýikjemalyň başyny bogdurmagyň ugruna çykdy. Şol mahallar olara gyzyny diläp Mireweden* bir daşkyrak garyndaşlary gelýärdiler. Ol bolsa birki gezek sawçylara oňly jogap bermän: “gyzymyzy ýaşrak görýäris, oýlanyşalyň” diýip gümürtik edip goýberipdi. Şol wagt bolsa ol gark bolup barýanyň sypala ýapyşyşy dek şolary ýadyna salypdy. Ärine duýdurmanam, assyrynlyk bilen olara “geliberiň” diýip habar ugradypdy. Kän wagt geçmänkä-de kejebeläp, atbaşçy bilen gyzyny ugratdy. Şonda ol: “bir uly aladadan” sypandygyna şükür edip, uludan demini alypdy. Gyzyň ahmyr bilen balkyldaýan ýaşly gözleri, ýüzünde doňup galan ölüme äkidilýän adamyň boýunalyklygy deýin takdyra ten bermek bolsa gözüne-de ilmändi. Asla gyzynyň ýagdaýyna düşünmek hem islemändi. Ol mahal bar pikiri ile peçan bolmazlykdy. Jumanyň, Nurmyradyň, ýanýoldaşynyň ýüzlerini ýere salmazlykdy… Keýikjemal baran ýerinde ilki bada erbedem ýaşamady. Gaýtardylar. Soň äkitdiler. Günlerde bir günem… Soňky bolan zatlary ýatlanynda enäniň ini düýrükdi. On iki süňňi bilen gagşap gitdi. Emma şonda-da şol gorkunç günleri ýatlaman bilmedi… Ilk-ä obalardan öňe düşýänräk adamlar şähere çagyrylyp, yzlaryna gelmän ugradylar. “Halkyň duşmany, baý-gulak, içaly” diýen sözler ýygy-ýygydan eşidilip başlady. Bir günem Keýikjemalyň garryja gaýny erbet habar bilen geldi…Işikden giren ýerinde ýagyrnysyny diwara berdi-de, bir sykym bolup çugutdyryp oturdy. “Haşlap” uludan bir demini alybam, ogluny, ärini “eňkewedäň”* ýygnandygyny, Keýikjemalyň bolsa bir hepde bäri “eňkewedäň” başlygy bilen ýaşaşyp ýörendigini aýtdy…Ine şonda-da onuň hakydasyna şol gijeki nätanyş gaçgak düşdi...Gudasy görgüli bolsa aglamak-aglady. Gözleri dagy gyzaryp gitdi… Soňra Keýikjemala elleri deger ýaly bolmady. Ilk-ä ýanýoldaşyny “ene-atasy baý-gulak bolan” diýip ýygnadylar. Soň Jumany “dildüwşüji” diýip yzsyz-tozsuz gürüm-jürüm etdiler. Şonda ol halys ruhdan düşüp, Keýikjemalyň ýanyna baraýynam, aýagyna ýykylaýynam bir diýdi. Emma körpesi goýbermedi. Ýaňy murty taban jahyl bolsa-da: “Eje, öňlerinde kiçelseň ikisiniňem damagyny çalaryn” diýip haýbat atdy. Onsoň ýalňyz umydyny hem aldyraryn gorkusy bilen gitmedi. Keýikjemaldan bolsa tä urşuň üçünji ýylyna çenli habar-hatyr bolmady. Bulaşyp ýörenini Ahalda eden zalymlyklary üçin beýgeldip, Mara geçirenlerinden soň-a asyl ol ýatdan hem çykaňkyrlady. Ýöne urşuň üçünji ýylynda welin, ol açlykdan “öldüm-öldüm” diýeninde Keýikjemal işiginde peýda boldy… Enäniň hyýalynda gyzynyň şol günki owadan, ýalpyldap duran köýnegi hem-de horluk görmedik, ter ýüzüne hasam gelşik berýän, balkyldap duran, gara gözleri geldi. Gyzynyň görmegeýligi onda nähilidir bir buýsanja kybapdaş duýguny oýardy. Emma bu duýgy ýeke pursatlyk gymyldady-da, dessine hem ýitip gitdi. Oňa derek bolsa gyzynyň gülläp duran jemalynyň gapdaly bilen bir sykym bolup zarynlaýan gudasy görgüli, ýitirim edilen Juma hem-de beýleki neresseler, şol pille açlykdan ýaňa syryljap ýatan goňşulary peýda boldular… Emma näme üçindir bu sapar enede hemişekisi ýaly gazap oýanmady. Ýöne welin, bu gezek oýanmasa-da, şonda gahar onuň süňňüni sandyradypdy. Öýüň bir burçunda buruljyrap ýatyrdy welin, gyzyna gözi düşeninden nireden güýç tapyp, nädip dikelenini özem duýman galdy. -Näme üçin geldiň? Nädip gelmäge het etdiň, ysnady?!-diýip jabjynanda Keýikjemalyň gül ýüzüni hazanyň aňzagy dalan dek bolupdy. Emma şonda-da ol ýüzüne almadyksyrady. Syr bildirmedi. Gaýta güler ýüz bilen getiren iýer-içer ýaly zatlaryny törde çykaryşdyrdy. -Eje, gaharlanmasana, men ine, saňa azyk-owkat getirdim. Horlanýansyň öýdüp geläýdim. Öýmüzem gum basypdyr. Zeleli ýok-la, häzir gül pürkülen ýaly edäýerin…-diýip pyşyrdapdy. Ol bolsa muňa hasam möwç alypdy. -Çyk! Deýýus, haramzada! Indi maňa gana ýugrulan nanyňy iýdirjek bolýarmyň?!-diýip öňe-öňe omzap, gyzynyň üstüne çöwjäpdi. Şondan soň gyzy göwnüne deglen çagajyk kimin, müzzerlip, çykyp gidipdi. Ol hem yzyndan gygyryp-gygyryp galypdy. Emma “gana ýugrulan” diýse-de, näme diýse-de açlykdan ýoldaş bolmajak ekeni. Iýmejek bolup bir sagat çydady. Iki sagat çydady. Gün ýaşýança çydady. Iňrik garalandan soň bolsa öz-özünden utanýan ýaly, kemsidilmekden, ejizlikden, depgilenmekden ýaňa aglap-aglap, Keýikjemalyň getiren zatlaryny gözýaşyna garyp, iýip başlady…Iýdi. Edil şol ýok edilen neresseleriň, uruş zerarly açlykdan ölýän adamlaryň etini iýýän ýaly bolup, iýdi… …Bu wakany ýatlanynda enäniň ýüregi bulanyp gitdi. Hälkije ýürekselik edinen gaty-guty çöregi bokurdagyna geleninden soň, ol ýüň daragyny taşlady-da, dyzanaklap, daşaryk alňasady. Gyssanjyna daşaryk hem çykman bosagadan boýnuny uzadyp, aşak egildi. Ýöne ögese-de gaýtarmady. Gaýta çigreklije, arassa howa ýüzüne uranyndan soň nepesi düzelip, ýüň daragynyň başyna gaýdyp geldi. Birsellem hem hiç zadyň pikirini etmän, ýüň tüýtdi. Ýöne işledigisaýy ýene-de oý-pikirleri herekete girip ugradylar… Ýogsa-da näme üçin gyzy şeýle bolduka? Oňa erbet terbiýe-de berilmedi ahbeti. Ýa ony şol gezek urman-ýençmän şu mahalky bulaşyp ýörenine nikalap bermelidikmi?! Ýöne şol wagtam “eňkewedäň” başlygy bolmasa-da işgäridi ahyry. Diýmek ökünsem hem ökünmesem hem bu ýerde meniň günäm ýok. Onda kim günäkär? Maňlaýyna ýazylanymy? Haýsy doňýürek perişde beýle şum ýazgydy meniň akýürekli, arzuwçyl gyzjagazymyň maňlaýyna ýazdyka? Näme Haktagala bu bolan zatlary görmeýärmikä? Adamlaryň ähli pikirleri-duýgulary olaryň kalbyna Hudaýtagalanyň emri bilen salynýan bolsa, Biribar nädip gyzymyň ýüreginde şeýle jellada höwes döretmäge ony dözdükä? “Hudaý” diýmek ilki bilen “adalat” diýmek dälmi? Bu ýerde bolsa hany adalat? Eger ol ýok bolsa, onda diýmek Hudaýam ýokdur… Eý, Hudaý-eý!… Öz pikirinden enäniň özi elheder aldy. Bu küpür gepi üçin Haktagalanyň öz başyna nä günleri saljakdygy hakynda oýlananda bolsa enäniň süňňi sandyrady. Edil Hudaý bada-bat özünden ar almaga girişiberjek ýaly durkuny wehim gaplady. Şol wagtam aňynda peýda bolan bir ýaňsyly pikir ony öz gorkusyna seňrigini ýygyrmaga mejbur etdi. “Ýeri, Hudaý indi ýanyp duran ot bolup, ony ýakyp-ýandyryp kül edäýeninde-de, mundan beter oňa näme etsin?!…Barça zadyny alyp, onuň ýalňyz özüni jahanyň orruk-ortarasynda gugardyp goýdy ahyry. Indi ol oňa näme etsin? Edäýjegi, janyny alar-da! Ondanam bir jeza bolarmy?…Dogrusy, eger-de Nurmyrat janyň bir ýerden çykjagyna sähelçejik umydy körän bolup durmasady, birmahal özüni bu ýalançynyň azabyndan dyndarmagyň alajyny tapardy…” Emma ene her näçe gaharly hem ajy oýlansa-da ganyna siňen endigine eýerip, içinden üç mertebe toba etmän bilmedi. “Toba, toba, toba! Hudaýdan bir nadyl bolup, daş düşmäweräýin! Alladan dilgir bolup, onuň edenine gynanyp-gaharlanmak musulmana gelişmez hem, dürsem däldir. Toba, Hudaý jan! Şeýtanyň alyna gidenim üçin men pakyryň günäsini öteweri!” Ýöne içinden nähili ökünçli pikir öwürse-de, ene bu sözleriň ýürekden däldigini duýýardy. Bu oýlar ýöne bir, ýönekeý ätiýaçlyk üçin, öz bähbidiňi arap Perwerdigäriň öňünde sapalak atmakdy. Emma bu zatlara gaty oňat düşünse-de ene üýtgeşik bir janyny agyrtmady. Diňe: -Beterinden beteri bardyr. Şondan Allanyň özi gorasyn!-diýip ýene-de işine gümra boluberdi. xxxxx --Lä-ä-le-e, lä-ä-le-e… Daşardan gelen bu assaja owaz gulagyna ileninden ene birhili ýakymly gobsundy-da, durşy bilen gulaga öwrülip, üşerildi. “Ýene-de Durdy golaklaryň kepbesiniň ýanynda gyzlar läle kakyşýarlar-ow! Sadagasy boldugym, bujagaz jaň ýalyjak owazyň gowy eşidiläýşini. Äý, aramyzda bary-ýogy iki-üç jaý barlygyndandyr-la…” diýip ene içinden çak urdy. Onýança şemal gyzlaryň kakýan lälesiniň dowamyny ýalňyzlykdan doly bu öýe getirdi-de, onuň galan pikirlerini hem buýr-bulaşyk etdi. --Lä-ä-le-e-lä-ä-le-e! Lä-ä-le-e-ja-a-na-a! Gyzla-a-ar ka-a-aksyn-n! Lä-ä-le-e-ja-a-na-a… Gyzlaryň goşulyşyp kakýan läleleriniň owazy şeýlebir şirindi, şeýlebir duýgulydy. Edil ýöne aňyňa aralaşyp, bedeniň her bir öýjügini dolduryp, süňňüňi söküp gelýärdi. Bujagaz owazda durmuşyň yzly-yzyna külpet baryny getirýändigi barada çensiz-çaksyz gussa bardy. Gyzlaryň özleri hem duýman enäniň ähli aglap ýetişmedik agylaryny aglaýan ýalydylar. Şol bir wagtda-da bujagaz näzijek lälede ýagty ýalançynyň ähli şatlygy, umydy, wysal bolmaklaryna garaşyp ýatan juwan yhlaslary gizlenýän ýalydy. --Lä-ä-le-e-lä-ä-le-e, Lä-ä-le-e-ja-a-na-a… Üýtgeşik jadyly heňlere ýugrulan sadaja sözler köne agaç gapynyň ähli yşlaryndan, jaýryklaryndan emaý bilen girip, içerini doldurýardylar. Belende galyp, üçegiň aşagyna ýygnanýardylar-da, ondanam erkinlige çykmaga ýer tapman, garry zenanyň göwnüne siňýärdiler. Gaty köp zatdan ýadap, ondanam kän zatdan iren bolsa-da, henizem her bir zatjagaza gynanyp-begenip ýörmek ukybyny ýitirmedik ynsan köňlünde köne duýgulary gozgaýardylar. Sary giden ýüregi assajadan götergiläp, elenmäge mejbur edýärdiler. Kalbyna aralaşan her bir heň, her bir owaz hem enäniň göwnüne bolmasa: “Durmuş agyr boldy! Agyr boldy! Bükdi hem ýakdy! Ýöne adam pahyra ruhdan düşmek bolmaz! Geljege umyt bolawersin, ynam bolawersin! Şeýlebir gün geler; ähli jebir-jepalara derek bagt paýlanylar. Çünki adam pahyra ölüm küýsemek ýaraşmaz! Göwniçökgünlik ýaraşmaz!” diýip pyşyrdaýan ýalydy. …Birsellem läläniň owazyna maýyl bolup oturanyndan soň ene ýene-de işine gyzykdy. Işläp oturyşyna-da ýatlamalar ummanyna çümdi. Gyzlaryň lälesi birmahallar özleriniň läle kakyşlaryny onuň ýadyna salypdy. Birwagtlar, mundan otuz-kyrk ýyl ozal ol hem öz boýdaşlary bilen jem bolup läle kakardy. Entek durmuşa arzuwlardandyr-bägül düýşlerden doly ertekä garalyşy dek garaýan, ýaňy açylan gunça meňzeş gyzlar gelin kürtesiniň düwmeleriniň şyňňyrdysy deýin owazlaryny sahylyk bilen äleme ýaýardylar. Şeýle pursatlarda-da olaryň sesleri eşidilip ugran badyna obanyň ýetişen jahyllary ogryn-dogryn gyzlary synlamaga üýşerdiler. Olaryň nebsewür gözleri-de üýtgeşik bir gudraty gözleýän yaly gyzlaryň topbagyndan iň görmegeýlerini agtarardylar. Tapyp hem mähri giden gyzlarynyň her bir hereketini, her bir gymyldysyny sypdyrman özlerine siňdirerdiler. Işekçer jahyllaryň nazaryny iň köp özünde ägindirýän hem onuň jorasy Aýsenemdi. Özlerine dykgat bilen tomaşa edilýändigini gyzlaryň hemmesi bilseler-de, biri-birlerinden bilýändiklerini we aý şöhlesine özlerini şol täsin duýgy oýarýan nazarlaryň öňünde ogrynça sereşleýändiklerini ýaşyrmaga çalşardylar. Olar hatda iň köp we aňrybaşy höwes bilen synlanylýanyň Aýsenemdigine-de, ony ýigitleriň arasynda kimiň has köp synlaýandygyna-da beletdiler. Muňa Aýsenemiň özi hem beletdi. Özi-de muny bilýändigini we munuň özünde-de, täsin ýakymy döredýändigini käte özem aňşyrman dilinden sypdyraýýardy. Şeýle pursatlarda-da ol içine ot salýan bahyllyk sebäpli: “Aýsenem şowlulygyny güjeňleýär.” diýip oýlanýardy. Bu pikir bolsa onuň gatym-garym duýgulardan ybarat ýetginjek gyz göwnünde görip gahary dörederdi. Dogrusy Aýsenemiň bagtyna gözüň gitmez ýaly hem däldi. Nazar… …Bu ady pikirlenende enäniň gursagynda könelip giden süýji hem ynjyly bir zat gozganyp gitdi. Bada-bat hem hakydasynda hemmelerden pynhanlykda “ah-lar” çekilip synlanylan arzyly didar peýda boldy. …Nazar! Ýogsa-da onuň ünsüni şeýle özüne çeker ýaly beýleki oglanlardan onuň nämesi üýtgeşikdi ahyry? Şunça ýyldan soň hem hyýalyny gozgar ýaly onda neneňsi jady bardy?…Şu pikiri eden badyna onuň şol köne duýgusy örç alyp galdy. Edil şol geçen ýyllar, äri neresse, basha-baslyk, çagalary, uruş bolmadyk deý, edil ol öňküsi dek on ýedi-on sekiz ýaşly juwan gyz deý, içiňi hiç hili erk edip bolmaýan takatsyzlykdan doldurýan şol duýgusy göwnüniň törüni eýeledi. “Wah, üýtgeşikdi-le, üýtgeşikdi-le! Gözleri dagysy, edil ýöne ýanyp durdy. Göwnüňe bolmasa beýleki ýigitler bilen toýa-tomga çykanynda-da olar ondan bir garyş pes ýaly görünýärdiler. Dogumlydy. Obada ilkinji bolup gaýyş papak geýen hem, “kemsemol” bolup, barlylaryň bagtyna baran ýagdyryp başlan hem şoldy…Belki Nazaryň dogumyny, hyjuwyny nirä sarp etjegini bilmän, şol näletsiňmiş yşarat-şypyrmany geýendigi üçinem Aýsenemiň ene-atasy ony giýew edinesleri gelen däldir?…Ýöne dogrusyny dogry aýtmaly, iliň gözünden-ä düşibildi ol. Dagy hem il malyny gaňryp alsaň, goranjak bolany bolsa döwlete daýanyp omrup ýörseň halk halarmy? Bu zatlar barada oýlananda enäniň göwnünde ýene-de şol wagtky gümürtik duýgy oýandy. Bir tarapdan-a uly iliň gargynjy-näleti ýetip dursa, beýleki tarapdanam göwnüň: “diňe şol, şol, näme diýseler-de, diňe şol!” diýip dursa gaty erbet bolýan ekeni… Dogry, şol wagtlar hem ol Nazary kämahallar şeýlebir ýigrenip başlaýardy. Ýöne ol ýigrenji iliň ony ýazgarýandygy üçin tutaşmaýardy-da, Nazaryň özge gyzlara, esasanam Aýseneme köp üns berip, onuň bolsa ýagty ýalançyda bardygyny hem aňşyrmaýandygy üçin tutaşýardy. Onsoňam beýle pursatlar uzak dowam etmeýärdi. Ýekeje gezek tötänlikde Nazaryň nazarynyň onda äginmegi ýeterlikdi. Ähli gizlin gahary, ýaşyryn öýke-kinesi dyr-pytrak bolýardy… …Enäniň ýatlamalary syrygyp-syrygyp, ahyrsoňy şol, özüne juda agyr degendigi üçin gaty berk hakydasyna ornaşyp galan güne diredi. Şol gün ol Aýsenemiň Nazar bilen gaçyp gidendigini eşidipdi… Şol saparky ajy duýgusy täzeden enäniň süňňüni doldurdy. Şol güni ýaňadan başyndan geçirýän ýaly, onuň göwnünde haňlap ýatan boşluk emele geldi. Asla tutuş göwnüniň özi hem nirädir bir ýere gürüm-jürüm bolup, ornuny jansyz çöle goýup gitdi. Agyryly ýa-da şatlykly ýatlama gezek gelende hemişe ony hut şol pursatda başdan geçirýäne dönýän ýürek hem ysgynsyz syzlap, beýni-de: “näme üçin? Näme üçin? Näme üçin ýaşamaly?” diýen lapykeç pikiri döretdi. Ene işlemesini kesdi-de, “haşlap”, uludan bir demini aldy. Birsellem hem böwrüne diň salyp oturdy. Birdenem öz pikirlerinedir-duýgularyna ýaňsyly ýylgyryp goýberdi: …Heý kempir, kempir! Aňkasy aşan kempir! Etegiň dyzyňa ýetipdir. Dişiň dökülip, dodagyň kemperipdir, gözüň şullarypdyr. Saçyň tüýdülipdir. Özüňem-ä zibilli händek ýaly aňkap dursuň… Ýene-de şu ýagdaýda-da şol zatlar hakda oýlanan bolup özüňi köseýärsiň…Päheý! Şü adam pahyryň özüni kösemegi gowy göräýşini diýsene, hiý goýaýyň! Kösenmäge-gynanmaga onuň sebäbi hem köp…”şol gün, şol zat”… Her bir adamda ymgyr köp “şol gün, şol zat” bar. Özem geň ýeri öz-ä şol özüni gynaýan zady ýadyna salmaga, ýene-de gynanmaga çekinip, onuň dogry adyny tutup bilmän “şol gün, şol zat” diýýär. Ýene-de başyny gemirýän hem özi…Heý pahyr-pahyr! Ýöne näçe pikirlerini ýaňsylasa-da ene ýene-de gaçanlaryndan soňra Nazar bilen Aýsenemden habar-hatyr bolmandygy hakda, özüniňem ömriboýy Nazary arzuw edip geçendigi, häzirem ony göräýse bir-ä bir ýüreginiň gobsunjakdygy barada oýlanman bilmedi. Emma ýene-de bu pikirleriniň üstünde özüni tutanynda ol öz-özüne: “bäý, meniň ýelmeşekdigimi.” diýip gatyrgandy. Ýöne aňyna gelen täze bir güýçli pikir onuň bujagaz gaharjygyny duw-dagyn etdi. …Ýeri porsy bolanyňda näme? Ýeri garry bolanyňda näme? Näme geçeni ýatlap, agyryly hem bolsa göz öňüne getirip, özüňde geljege höwes oýarmaly dälmi? Näme: “öň ýaşdym, arzuwlarym kändi, ýöne ykbal arzuwlarymy puja çykardy, özüm bolsa garradym, porsadym” diýip, dünýäden ýüz öwrüp, boýuň bilen batga batyp barmaga kaýyl bolaýmalymy?!…Ýok, ýok! Hiç haçan! Hudaý jan gaýrat berewersin, kuwwat berewersin! Tende jan barka ähli güýjüň, ähli etsem-petsemiň, umydyň-yhlasyň hem ýagşy-ýamanyň we ruhubelentlikdir-göwnüçökgünligiň bilen ýaşamaga dyrjaşmaly…Belki bir ýerden Nurmyrat janym çykar. Belki bir ýerden Juma jan hem çykar… Şu ýerde näme üçindir oslagsyz enäniň pikirleri düýbünden ters ugra syrykdy… Ýöne şü Nurmyradym Nazara meňzemänem durmaýardy…A belki şonuň üçin Nurmyrat jan beýleki perzentlerinden jigere ýakyn saýylandyr?!… Bu pikirine enäniň ýüzi gyzaryp gitdi. “Toba, toba! Ýok-la, hudaý saklawersin! Heý ene-de perzent saýlarmy, şonuň ýaly zat üçin balalaryny saýry tutarmy? Daş edewersin-eý! Men bihaýa wejeranyň kellesine gelýän zatlary diýsene…”Ýekelik hudaýa ýagşy” diýilýäni biçak hak aýdylan söz. Ýeke bolsa adam diýlen mahlugyň aňynyň azmajagy ýok ekeni…” Emma enäniň beýdip özüni köşeşdirjek bolmagyna, oýlanmalaryny başga tarapa gönükdirmäge çytraşmagyna garamazdan müýnürgemesi aýrylyp gidibermedi. Haçan-da hiç wagtam üýtgeşik bir öte bagyr paralanyp ýatlanylmadyk ýanýoldaşy pahyr hakydasyna geleninde bolsa ol duýgusy hasam çuňlaşdy. Elbetde ol şonça ýyl bile ýaşaşsa-da, ondan ogul-gyzy bolsa-da, durmuşyň ajysyny-süýjüsini deň paýlaşsalar-da hiç haçanam onuň üstünde ölüp-öçüp barmandy. Çünki elmydama köňlüniň bir çetjagazynda Nazaryň otlukly gözleri ebedi sönmez alaw deýin, lowurdap ýanyp durdylar. Dogrusy äri şol “dogumly” diýilýän ýuwaşlaryň hilindendi. Kesekä süýkenmezdem, süýkendirmezdem. Oňa-da aýaly bolsa-da setanda-seýranda, kämahal bir juda gaharlananda azgyrylaýmasa, käbirleriniňki ýaly, otursa-tursa: “pylanyňy näme edeýin.” diýip agzyny hapalap ýörmezdi. Urmak-ýençmek hakda gürrüňem ýok. Sylardy. Ýöne pahyr, edil beýlebir köpleriňki deýin naçaryny göreninde eräp-akyp hem barmazdy. Oňatdy pahyr. Akyllydy. Sowatlydy. Düşünjelidi. Sylag-hormaty göterip, sylag-hormat edibilýän adamdy. Ýöne pahyryň ykbaly keç ekeni. Mollum halyna ene-atasy “gulak-burun” bolan diýip ýokladylar. Şonda bir dogrusy, gynandy hem. Sebäbi her näme-de bolsa otuz ýyl bir düşekde ýatan adamsy, çagalarynyň kakasydy ahyry… Äý ýöne, ol hem ekleýjisiz galanyndan soň: “indi maşgalany näderin” diýip aljyranyndan bolaýmasa… Eý Hudaý-eý, toba! Ene bu pikiri eden badyna, utançdan ýaňa ýüzüniň lap-lap gyzýandygyny duýdy. “Adam pahyr öz sulhy almadygyna nähili doňýürek bolýan ekeni” diýip oýlanan ene ýanýoldaşy pahyra gynandy hem dözmedi. “Ol neress-ä hanha, öldi gitdi. Yzynda dul galan mes heleýi bolsa kesekiniň äri hakda arzuw edip ýör.” diýip içinden pikir öwrende ol bu sözleri bigäne biri ýüzüne bazladyp basýan ýaly, öz pikirine jany ýandy. “Mes bolaýşymy! Mesmi men?! Beýle “meslikden” ynsan bendesini Hudaý saklasyn!” Emma şol bada enäniň gahary öz-özünden sowady: “Bäý-bä, “Dogry sözlüniň dosty ýok” diýýärler welin, gaty dogryňdan geliberseň özüňi hem duşman saýyberjek-le!” Birdenem niredendir bir ýerden eşidilen täsin owaz gulagyna ilip, enäniň ünsüni böldi. xxxxx …Dutaryň owazynyň Welli kellerden gelýändigini çak eden ene: “Deň-duşlary keliň ogly bilen saz-söhbet edýärler öýdýän.” diýip oýlandy. Çalynýan saz birhili gulagyna tanyş, göwnüne-de ýakymly eşidilen soň, ol yhlas bilen diňşirgendi. Daşarynyň şemallydygy zerarly sazyň heňleri birsydyrgyn däl-de, üzlem-saplam gelýärdiler. Emma şonda-da birsellem dykgatly diň salyp oturanyndan soňra ene birdenkä öwrenjäniň eli bilen çalynýan sazy tanady. …Mukamlarbaşy! Tanan badyna-da ene tolgunyp gitdi. Çünki bu saz onuň iň söýgüli sazydy. Özüni bilip, aýdym-saza düşünip başlaly bäri hem bu sazy näçe diňlese-de ondan hiç ganyp bilmeýärdi. “…Mukamlarbaşy! Mukamlarbaşy!”diýip ene tolgunmadan ýaňa tow berlene döndi. Ýerinden galmaga-da howlugyp, dyzanaklap-emedekläp bosaga süýşdi. Sazyň eşidilişi bu ýerde-de tördäkiden tapawutly bolmasa-da, ene gulagynyň agzyna elini ýelken edip, ýapyryldy. Bada-bat hem, göwnüne bolmasa, sazyň her bir heňini, inçe barmaklaryň yrgyldadýan goşa kirşiniň her bir sarsmasyny eşidýän dek boldy. Saza maýyl bolan ene özüniň näme edýändigine-de düşünmän humar bolan tirýekkeşiň edişi kimin, eşret bilen gözlerini süzdi-de, ikiýana yraň atyp ugrady. Dünýäsini gaplan sazdan ýaňa-da onuň ýüregini nähilidir bir ýumşajyk eller edil bir tokga hamyry ýugran dek ýugurýan ýaly boldy. Mukamlarbaşy şeýlebir ýumşakdy. Şeýlebir mylaýymdy hem mähirlidi welin, göwnüňi edil ýöne, birmahal, çagakaň ejeň garaja galpaklaryňy sypandakysy ýaly edýärdi. Ene muňa çydamady. Bogazy “lyk” doldy-da, hünji deýin gözýaşlar gözlerinden paýrap gaýtdylar. Bu gözýaşlary bilenem onuň göwnüne bolmasa ýyllarboýy gursagynda berçigen hapa-jerhedi, gam-gussasy ýuwlup-ýuwlup aýrylýan ýaly boldy. Gözýaşlaryň derdini ýeňledýändigini syzanyndan soň-a ol hasam beter silkinip-silkinip aglady. Mukamlarbaşynyň köňlüne aralaşan nagmalary onuň gözlerinden çogup, ýadaw göwnüniň ähli agramyny-da özleri bilen alyp çykýardylar. Şeýdip birsalym aglap-eňräp, göwün solpusyndan çykandan soňra ene hemişekisi ýaly, öz-özünden köşeşip, “hyk-çoklap” ýerinden galdy. Ýegşerilip, bir eli bilen bilini tutdy-da, ýüňdaragynyň başyna bardy. Aşak oturyp, işe başlady. Ýaňky agysyndan soň diňe göwni däl, eýsem göwresi hem boşap, hoňkaryp galana dönüpdi. Indi onuň saz diňläsem, oýlanasy hem…asla hiç zat edesi gelmeýardi. Yaňky öňe-öňe omzadan dutaryň sesi bolsa indi onuň azaryna däldi. Biperwaýlykdan doly ene ýöne, boş oturmazlyk ücin, göwnibir halda ýüňüne dümtünen bolýardy. Ýöne soňabaka dura-bara işine gyzykdy. Emma ýaňybir on-on iki penjäni tüýtdümi-tüýtmedimi, golaýjakdan gelen bäbegiň “jägildisi” ony ýene-de bimaza etdi. “Hudaý jan-eý, bu gijä ne döw çaldyka, ýöne owazlardyr-seslerden ýaňa “hyň” berip dur-la!” diýip ol içinden zeýrenje çalymdaş käýinjiredi-de, “jägildini” piňine almazlyga dyrjaşdy. Emma bäbek şeýlebir çyrlaýardy welin, çydar dagy eder ýaly däldi. Edil ýone ähli beýni damarlaryňy kiriş kibi dartdyryp, gyrym-gyrym edip gelýärdi. Enäniň girre gahary geldi. “Häý, ýelni kesilen, tula! Näme indi bolup oýanmaýarka?! Ýa gulagy gapylyp, güň-ker boldumyka?” diýip ol bäbegiň ejesi—goňşy gelne käýindi. Öz käýinjine-de onuň hasam gahary möwjäp, içinden janyýangynly jümleleri yzly-yzyna suňşuryp başlady. “Ýerkümede ýaşaýarlar ahbeti! Güýz ahyry, bu wagt! Çygjaryp dur ahyry, bu sadagasy boldugym toprak! Içerisi yzgarlydyr. Suw ýaly çaga-da endamyna çydaýan däldir… Är-kaka bolup ýören sölpi haýranam entek bolup hütdükleriniň boýuny ýetirip bilmän, bäş-alty aabegi bilen ýaş gelni görgülini gazma hinde ýaşadyp ýör… Göçüp gelenlerine bir aý boldy. Ýaňy bir tarapynyň diwaryny galdyrdy. Ol hem ýerkümesiniň girelgesine howala bolup dur… häý, erni suwly lellim, bidöwlet! Heý, islesem, bir aň dowamynda erkek halyma nowbahar oglum bilen heleýimi bir palçyk kepbä ýerleşdirip bilmerinmi?! Asla sölpi ykmanda bolmasam Garrygala ýaly ýerden: “Äşgäbät” diýen bolup, kowmy-hyşymy taşlap, göçüp gaýdarynmy?… Wa-eý, oýand-a indi oýanjak bolsaň, ukusyna ejiz zaňňar-heleý! Çagaň neresse özüni öldürdi-le…” Emma ene içinden näçe gargynsa-da bäbegiň sesi ýatar ýerde ýatmady. Muňa onuň hasam kejebesi daraldy. Ýöne çaga agladygyça soňabaka näme üçindir onuň gazaby ýatyşdy-da, kükreginde nähilidir birhili ummasyz takatsyzlyk oýandy. Göwnüne bolmasa bu bäbejik goňşulykda ýaşaýan juwan maşgalanyň däl-de özüniňki ýaly,…sallançagy üwrelmesi galandygy üçin bimahal çak oýanyp, “jägildeýän” Nurmyratjygy ýaly boldy durdy. Bu pikiri eden badyna enäniň ýüregine tüweleý girene döndi. Bir demde perzentleriniň ählisiniň bäbekligi, olaryň başujunda käte käýinip, käte söýünip ukusyz geçiren gijeleri, olaryň şatlygy hem gaýgysy… bar zat ýadyna düsdi. Hersiniň özboluşly “jägildisi” hem gulagynda ýaňlanyp giden ýaly boldy. Juma janyň, Keýikjemalyň, bir ýaşamanka aýrylan ilkije Nurmyradyň, şojagazyň ady dakylan körpesi, söýgüli Nurmyrat janynyň…Hersiniň agysy, hersiniň jägildisi…Enäniň kalby lerzana geldi. Ol nädip turanyny hem duýman, tarsa ýerinden turdy-da, atylyp daşaryk çykdy. Özüniň näme edýändigine-de düşünmän ellerini owkalap, barmaklaryny döwüp, iki-ýaňa zowzuldap başlady. “Wah, agla neressejigim! Agla, sesiňe döneýin! Wah, ajygansyň, arlyjagyň öldür, sallançagyň togtandyr, yzgara endamjygyň syzlaýandyr…Aglasana, sesiňe gara başym sadaga bolsun, balajygym! Ejeň bolsa ýatandyr, oýanmaýandyr, ýaş ukudyr, wah neressejigim! Wah, jägildiňden aýlanaýyn!” Ene şeýdip bu sözleri doga sanaýan ýaly, içinden gaýtalap, birsellem goňşularynyň kümesiniň daşyndan perwaz urdy. Asyl ýassy namazyny okamalydygyny hem unutdy. Ahyrynam ol mundan artyk bu jebre çydap bilmän, göwnüni bire baglady. Içerdäkileri gapyl basmazlyk üçin üsgürinip-ardynjyrady-da, serpigi serpip, içerik ätledi. Gujagy bäbekli gelin ýerkümäniň üçegine degmejek bolup, ýapyrylyp, törde ot-elekdi. Ýumrujaklaryny düwüp çyrlaýan bäbejigi diňdirmek üçin ony “kişşüwlän” bolýardy. Garşy-garşy hem onuň agzyna emmesini sokýardy. Ýerkümä gireninden gelniň ýüzündäki aljyraňňylykdyr-gahary, çaganyň öte emelsiz gundalandygyny saýgarmaga ýetişen ene: “Birinji garnyň bolsa şeýle-dä. Soň-a öwrenýärsiňem-le welin,…”diýip oýlandy. Oňa gözi düşenden tüýs ugruny ýitirip, başagaý bolup duran gelniň ýüzi ýagtylyp gitdi. Şol bada-da goltugy çyr-çyr aglaýan bäbekli halyna uýaljaňlyk bilen ýaşynmaga hem-de akjaryp duran göwsüni gizlemäge çalyşdy. Muny gören ene içinden monça boldy. “Tüf, tüf! Göz degmäwersin, asylly maşgala ekeni!” Daşyndan bolsa: -Azara galma, gelin! Bujagaz bu wagt şonsuzam seniň aňkaňy aşyrandyr! Getir hany!-diýip bäbegi aldy. Üznüksiz çygylmadan ýaňa çym-gyzyl bolup, çişen ýüzjagazy maňlaýyna togap etdi: -Wah, uçmahyň ysyna deň ysyňa döneýin, keýik owlajygym! Soňra tiz-tiz hereketler bilen öte artykmaç dartylyp gundalan bäbegi arlyklardan azat etdi-de, täzeden ýeňiljek dolap, ellerinde hem huwwalap, hem gerişjigini sypalap ugrady. Dili-de dek durmady. Edil gulagyňa ýag ýaly siňip barýan mähirli äheňde aýdylýan labyzly sözler bilen oglanjygy höre-köşe etmäge durdy: -Wah, senjagazyň gaharyňy getiripdirler-ä! Gaharjygyny getiripdirler-ä, şujagaz köşejigimiň! Wah, gaharjygyňa döneýin, gölejigim! Öýkeläniňden aýlanaýyn seniň, guzujygym! Wah, seniň ukyňa şü garry eneň başy gurban bolsun! Häýt etje, häýt! Heýem bir şujagaz balajygy öýkelederlermi?!… Bu mähirli sese, arkasyny mylaýmlyk bilen sypalaýan ýakymly eliň lezzetine çaga ýuwaş-ýuwaşdan köşeşdi-de, ahbetinem mysylapjyk, uklap galdy. Şondan soň ene ony emaý bilen ýüp sallançakda ýatyrdy. Sallançagyň kiçidigi zerarly daýawja bäbek oňa zordan ýerleşdi. Ýuwaşjadan, gaty bat bermän sallançagy üwräp başlady. Ýerküme dardy. Şoňa görä-de sallançagy gaty hallanladyp bolmaýardy. Birhaýukdan soň ene oglanjygyň mazaly uka gidendigine göz ýetirip, assalyk bilen ýerinden turdy. Göýä pyşyrdaýsa-da bäbek oýanaýjak ýaly, üm bilen: “üwräber” diýip düşündirdi-de, sallançagyň bagyny gelne tutdurdy. Soňra bolsa “taňryýalkasyn” diýen terzde ýaşmagyny dişläp, baş atýan gelne kellesini silkip, pişik basyşy bilen işige garşy ätledi. Ädeni hem şoldy welin, misli özüne rahatlyk beren adamyň gapdalyndan gitjek bolýandygyny duýan dek, bäbek gozganjyrap-yňranjyrap oýandy-da, ýüz-gözüni bürüşdirip çygyldy. -Häýt, oýandy-ow!-diýip burnuna siňdirip hümürdän ene derrew öwrüldi-de, sallançagyň bagyny alyp hüwdä başlady. -Hany, hany… Huw-wa-a, huw-wa-a huw balam! U-u-uçu-u-p barýan guw balam!… Ençe bäbegi uka batmaga mejbur edip, meýmireden enäniň ýürekden sogduryp çykarýan mährem sesi bujagaz oglanjyga-da, entek doly ukudan açylyp ýetişmänkä gözüni süzdürdi. Çaga uklanyndan soň ene ýene-de ýerinden turmakçy boldy. Emma şol pursat gelniň özüne garaýan özelenmeden doly naýynjar bakyşyna gözi kaklyşdy. Ol pikirini üýtgetdi. Täzeden ykjam oturdy-da, sallançagy dartyp goýberdi. -Men gelin, bu gije seniň ýanyňda bolaýyn-la! Bujagazyň görýän welin, saňa azar ýamanyny berýän ýaly-la! Öte bimaza öýdýän?! Enäniň bu teklibine gelniň gözleri dagysam birenaýy bolşup, ýylgyryşyp gitdiler. Ol monça bolup, makullaýan äheňde baş atdy. -Bi, ýanýoldaşyň hem ýok ýaly-la?! Bir ýere gidäýdimi? Dessine gelniň ýuzüne kölege indi. Ol göwünli-göwünsiz baş atdy-da, gözlerini gizledi. Muny gören ene birhili çuw-ýalaňaçlygyna suwa düşüp duranyň üstünden duýdansyz baran ýaly uýaldy hem puşman etdi. “Häk, wawwaly ýerinden basdym öýdýan! Diýmeli hem däldim welin,…Muny diýsene… Äý şü iki barmak gyzyl dile hiç erk edip boljak däl-ow! Ýeri iliň äri bilen nä işiň bar diýsene…” Emma näme, öküneniň bilen agyzdan sypan sözi gaýtaryp bolýarmy?… Soň gelniň ýüzi açylmady. Gaýta beter keşbine duman çökdi. Muňa-da ene müýnürgäp, şol iňňäniň üstünde oturan ýaly oýkanjyrady oturdy. Ahyrynam uzak çydamadyk ene “bir zady bahanalap gaýdaýyn-la” diýen niýet bilen, dikeldi. -Men gelin, ojakda tüňçäni goýupdym welin, şondan habar tutaýyn, onsoň geläýerin-dä!-diýip ol daşaryk çykdy. Gijäniň sergin şemaly ýüzüne uranyndanam edil zyndandan boşan ýaly, uludan bir demini aldy. Mytdyldap öýüne ugrady. Barsa çyranyň peltesi gutarjak-gutarjakda ýanyp duran ekeni. Burmajygyny towlap, täze pelte çykardy. Muňa öýüň içi oňat ýagtyldy. Daşardaky şemala çalaja üşändigi zerarly ol içerini hem sowugrak görüp, ojaga ýandak bilen garylyp eýlenen tezekden oklady. Endamyna ýyly aralaşýança-da ojagyň başyndan turmady. Haçan-da biraz gyzynanyndan soň bolsa gaňrylyp, ýüň daragyna garşy tukat içgysma bilen garady. “Äý, ýok. Iş-ä edesi gelmeýär. Onda nämä güýmenmeli? Ýa gidip namaz okap geläýsemikä?” Ene ikirjiňlenip, böwrüni diňledi. Şol pille-de ýary gijäniň bolandygyny mälim edip gygyryşýan horazlaryň sesi gulagyna ýetdi. “Äý, bolýar-la! Ýarygije bolupdyr-la! Bimahal çak okamaýyn. Erte kazasyny okaýaryn…Häzir bolsa iň oňady birsalym oturaýaýyn-la! Soňam näme, nesibämizde bolsa ýatarys-da… Dogrusy uky hem ýok-la welin, biz pahyr-da…” diýip oýlanan ene jaýlaşykly oturdy-da, ellerini eňegine diredi… xxxxx …Emma beýdip uzak oturyp bilmedi. Näme üçindir içini it ýyrtyp gelýärdi. Takaty ýetmän, turup daşaryk çykdy. Daşary gum-guklukdy. Hatda çybyn-çirkeýleriň jyňňyldysy hem ýokdy. Bütin tebigat bir gaty mähnet hem elhenç zatdan eýmenjine öz tünegine girip gizlenen ýalydy. Bu adatdan daşary dartgynly dym-dyrslyk enä ýaramady. Şol bir wagtda-da onda nähilidir birhili wehim we dünýaniň başyndan inip gelýän aýylganç betbagtlygy öňünden syzmak duýgusy oýandy. Öz duýgusyndan ýaňa-da enäniň on iki süňňi gagşp gitdi. Ol howsala düşdi. Ýaňky bäbejigiň hem şu dünýäde ýaşaýandygy, bu abanyp gelýän nämälim apatyň ony-da ezýet-süteme sezewar etjekdigi barada oýlananynda bolsa onuň ýüregi birtopar doňbagyr bezzadyň eline düşen gyzyletene guşjagaz ýaly, kükreginde elenip başlady. Ol şeýlebir gyssandy welin, edil ýöne, özi baryp ýetişäýse şol şumluk çagajyga degsinmäge milt etmäýjek ýaly, howlukmaç turdy-da, daş çykyp, goňşularyna haýdady. Öz kepbesi bilen ýerkümäniň aralygyny nädip geçendigini hem duýmady. Ol göz açyp-ýumasy salymda goňşusynyň işiginde peýda boldy. Gapyny itse-de itdi welin, çenden aşa alňasaýandygyna düşünip, bosagada kürtdürdi. Soňam serpigi serpip içerik girdi. Çagajyk “myrlap” ýatyrdy. Gelniň ýuzi bolsa hälkisi dek, gamaşykdy. Gelin ony göreninden gözlerinde: “Diýjegiňi diýip, ýarama duz basyp, ýene-de gelmäge het edýärmiň?!” diýen ýaly kine salgym deýin, ýeke pursatlykça emele geldi-de, ýitip gitdi. Şonda-da onuň närazylygyny aňşyrmaga ýetişen synçy ene özünde şol duýga jogap hökmünde dörän ulumsy gahary: “haý gelin, gelin…Heniz juda gögele bolýarsyň-da!” diýen ajy pikir bilen basyrdy. Daşyndan bolsa parahat äheňde: -Otyrmyň, gelin? Sen gyşar-aý, getir, men üwräýerin.-diýdi. Gelin dem salym ikirjiňlendi-de, birhili bildirer-bildirmez tasanjyrama bilen sallançagyň başyndan süýşdi. Ýüpi eline alan ene bolsa oturan ýerinden bäbejigi ýüzüne syldy. Soňra ýene-de iki mertebe şýtdi. Beýtmesine-de ol birhili, edil ýöne bir demde köşeşip gitdi. Yaňky düşnüksiz gorkusy-da, soňky gedem gaharjygy-da perişdä duçar bolan melgun mysaly zym-zyýat boldy. “Toba-toba…” diýip içinden pikir öwreninde bolsa ol öňem nijeme sapar ýaňkysy ýaly, sebäpsiz we howsalaly gorkyny duýandygyny, köplenjem olaryň ýöne bir öz-özlerinden döreýän bolgusyzlyk bolup çykandyklaryny ýadyna saldy. Ol uludan demini aldy. “Eý, Hudaý jan-eý, şü namart hem akmak ýürekden ynsan pahyry sen, gora! Onuň ýöne ýerden hem döretmejek zady ýok-la.” Şeýdip ene her zat hakynda bir pikir öwrüp, sallançagy üwredi oturdy. Soňabaka bolsa ol ýüp sallanň birsydyrgyn jygyldysynadyr, çepinde irkilen gelniň sodaja hor çekmegine meýmiräp, ymyzgandy-da, özem aňşyrman uklap galdy… …Näçe ýatandygyn-a bilmedi welin, ol oýananda nämedir bir zatdan howpurgap, tisginip oýandy. Gursagynda dörän ilkinji duýga eýerip, sallançaga garşy ýalta seretdi. Çagajygyň ýatyşy juda täsindi. Peträp duran garaja gözlerini dikmaýtaryna dikip, hiç hili yňňyl-çyňňylsyz, jyňkyny çykarman ýatyrdy. Käte bir “şukguldadyp” elini soran bolýardy. Çaganyň bolup ýatyşy hasam enäniň inini düýrükdirdi. Ol döşünde ulalyp barýan howsaladan ünsüni sowmak üçin sallançagyň ýüpüni çekip goýberdi. -Hany, ýat hany! Be-e, bu näme etdigiň boldy, toba etdik janlarym! Bi ýatyşyň nämäniň alamaty, masgara janlarym?!-diýibem, burnuna salyp hüňürdedi. Emma beýdeni bilen düşnüksiz wehimden saplanyp bilmedi. “Halasgär daň atmadymyka?1” diýip ol göýä jahan ýagtylsa howsalasydyr-hederi dep bolaýjak ýaly, umyt bilen serpigiň yşlaryna siňe-siňe seretdi. Yşlardan daşarynyň alagaraňky bolup ugrandygy bildirýärdi. Ýöne şapaga çenli entek uzakdy. Ene gorkusynyň alajyny ýene-de özi tapaýmasa bolmajakdygyna düşünip, pikir bilen özüni rahatlandyrmaga dyrjaşdy. Beýtmek oňa az-kem başartdy hem. Ýöne köşeşip ugrany hem ýaňydy welin, birdenkä beýnisinde Nurmyrat janyň howsalaly owazy ýaňlanyp giden dek boldy. “Halas bol, eje jan!” Enäniň kalby sarsyp gitdi. Misli Nurmyrat şu ýerkümäniň bir çüňkünde gizlenip, ses berýän dek, ýeke pursatda içerini gözleri bilen dörüp çykdy. Heniz köşeşmäge ýetişmänkä-de näme üçindir onuň hyýalynda ýanýoldaşy neresse, Nazar, Aýsenem, Juma jany, Keýikjemal, öňküje Nurmyrady, körpesi Nurmyrat jan…umuman ömürboýy bile ýaşaşan adamlarynyň barysy peýda boldular. Ene öz ýagdaýyndan elheder aldy. “Hudaý jan, men durmuşym hakda çenden aşa kän oýlanyp, dälireýän bolaýmaýyn?! Bi nä aňym indi öz-özünden her dürli zatlary döredip başlady-la?” Şu pikiri edeni hem şoldy welin, birdenkä onuň gulagyna nähilidir bir “güwwüldi” eşidildi. Ol bu “güwwüldiniň” nireden gelýändigine düşünmek üçin üşerildi. Emma bilip bilmedi. Ol hut gat-gat zeminiň jümmüşinden çykýan ýalydy, göýä, haýsydyr bir aýylganç kuwwatly, äpet gol zeminiň işläp duran gyzgyn jigerini penjeläp, gysyp, ony togtatjak bolýana çalymdaşdy. Birdenem ýaňky gol zeminiň ýüregini erkine goýdy-da, onuň döşüne çaňňalyny urdy. Aranly goly bilen gysymlap, silkip goýberdi… Ene näme bolandygyny-da aňşyryp ýetişmedi. Ömralla mizemejek toprak bir gapdala pişik gören syçan ýaly, towusdy-da, çarpaýa galdy. Ýeke salym şeýdip doňup durup hem, şol ýeten belentliginden “güwläp” aşak gaýtdy. Aşak düşen badyna-da ony ýaňky mähnet gol üç-dört sapar elek elän ýaly eläp goýberdi. Soňra bolsa edil göz açyp-ýumasy salymda ýarak itiň demine düşen deýin tüýt-müýt bolan zemini, gerekmejek esgi ýaly, zyňyp goýberdi. Bu sarsgyna ýerküme opuryldy. Asla ony ýer hopana döndi. Gorkudan ýaňa jany bokurdagyna gelen ene bolsa tüm-garaňky hine meňzeş, darajyk bir zadyň içinde galdy. Howsaladyr-aljyramakdan ýaňa ol özüniň ýaňy nirede oturandygyny-da, bäbejikdir-gelni-de unutdy. Janhowluna hem gyssanjyna sesinden baryny edip, ulili bilen gygyrdy: -Wa-a-aý, eje-e-e! Soňam darajyk hinde tozan turzup, urunmaga başlady. -Wa-a-aý! Kömek edi-i-iň! Gorkudan ýaňa onuň aňy öçüpdi. Ýöne şonda-da birdenkä onuň kellesine bihuda ýere tozan turzup, hindäki bolanja howany zaýalaýsa özüne kyn bljakdygy hakyndaky pikir geldi. Bu oňa depesine sowuk suw eňterilen ýaly täsir etdi. Ol rahatlandy. Aşak çökdi-de, özi bilen nämeleriň gopýandygyna akyl ýetirmäge synanyşdy. “ Hudaý jan-eý, bu näme boldugyka? Ýer elenip lerzana geldi-le! Ýa kyýamat-magşarmyka?!…Wa-eý, toba estagpurulla…” Ene bu çaklamasyndan şeýlebir üýşendi welin, inkär etmäge gyssandy. Emma ret etse-de, göýä häzir, dessine ahyrzamanyň perişdeleri yzyndan gelip özüni Hudaýtagalanyň huzuryna tarap süýräberjekler ýaly, barça günälerini hakydasyna getirdi… Gazabyna bäs gelip bilmän Haka gargan gezekleri, ondan närazy bolup ýa-da göwni geçip, onuň barlygyna müňkürlik eden pursatlary, adamlara eden ýamanlyklarydyr-agzyndan sypdyran ýalan-ýaşryk gybatlary…Ählisi ýadyna düsdi. Ol eýýäm Iň Adyl Kazynyň öňünde muňalyp duran mysaly özüni aklamaga howlukdy. “Diňe erbet işler däl ahyry, Alla jan! Ýagşylyk hem etdim ahbeti! Çaga terbiýeledim, ýagşy adamlary söýdüm-syladym, kişi hakyny iýmedim, abraý-mertebämi goradym. Ýaman işleri etsem-de soň hemişe toba geldim. Ökündim. Iň bolmanda edenimiň bet işdigini bilsem-ä şeýle boldy…” Şol müddetem enäniň aňynyň bir künjünde dörän täze pikir ony bada-bat köşeşmäge mejbur etdi. “Eger ahyrzaman bolan bolsa saňa beýdip öz günä-sogabyňy seljerip oturmaga maý bermezdiler…Onda näme, men öläýdimmikäm?… Wa-eý! Toba-toba, Hudaý jan-eý!” Bu çaklamasy ýaňybir göwnüne aram giren enäniň köňlünde kiparlan wehimi ýaňadan tutaşdyrdy. Dili tutuldy. Ol: “Bu gabyr bolaýmasyn” diýip, töweregini eli bilen sermeleşdirjek boldy. Emma näme üçindir goly gymyldamady. Onuň heýýaty göçdi. Gygyrjak bolanynda sesi çykmandan soň bolsa ýagyrnysyna sop-sowuk der indi. Ol şeýlebir gorkdy welin, ýüreginiň urgusy kükregini ýarara getirdi. Bu halyndan çykmaga alaç tapman ol tas çyndanam ýuregi ýarylyp, ölýärdi. Hernä çagalygyndan gulagyna guýlan bir tär kellesine geläýdi. Hemişe öte gorkanynda edişi kimin, bat bilen özüne zor salyp: -Älhämdilulla!-diýip goýberdi. Şol bada hem onuň göwresinidir-göwnüni sykajyga salýan wehim gysajyny gowşatdy. Begenip giden ene içinden ýetişibildiginden “alham” dogasyny sarnaşdyryp başlady. “ Bissimyllahy arrahmany errahymy, Älhemdilullahy rebbinälemini…” Şeýdip ol “fatyha” surasyny üç-dört sapar gaýtalandan soňra kalbyna rahatlyk aralaşdy. -Hudaý jana şükür! Soňam “gorksaň alhamy okaýgyn” diýen enem pahyra alkyş!-diýişdirdi. Birdenem ol öz şatlygyna birhili bolup gitdi: -Taňrym, men samsyk heleý, nämäme begenýärin-ä?! Şü hinde gömlüp ýatanymamy?! Enäniň göwresi lagşady. Ony lapykeç göwniçökgünlikmi, gorkumy, terk edileniň höwessizligimi… garaz birentek garaňky duýgularyň dürüşdesi doldurdy. Asyl şu salymdan artyk ýeke pursat hem ýaşasy gelmedi. Elleri sallandy. Pikirleridir-duýgulary bolsa nähilidir bir gos-goýy erginlige öwrüldi. Bedeninde-de göwnüňe bolmasa hiç haçan, hiç zat bilen ýeňip bolmajak ýaly bolup duran, ummasyz lellimlik emele geldi. Ene hiniň darlygyna sygmak üçin bolşuna görä bükülip, ýanyn ýatdy-da, gözlerini ýumdy. “Indem Hudaý jan, eger sen nirededir bir ýerlerde bar bolsaň, şü ýerde gelip janymy alaweri!” diýen buz ýaly pikir göýä un bulamak deýin, “jomp” edip aňyna damdy. Bu pikir hem onuň kalbyndan gorkudyr-höwessizligiň galanja düşnugini ýom-ýok etdi. Tendäki ruhuň ýaşaýan böleginde diňe ägirt uly boşlukdan özge hiç gymyldy-hereket galmady. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -10: Çarhy-pelegiň oýny - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||