09:32 Ene / powest - 2-nji bölek | |
xxxxx
Powestler
…Ýürek öňküsi dek urup durdy. Emma enäniň göwnüne bolmasa ol urmasyny barha we barha haýalladýan ýalydy. Dymyljak howa-da öýkenine dykylyp dem almasy hem müşgilleşýän mysalydy. Ýöne haýsydyr bir sebäbe görä ene özi üçin ölüp barýan dek bolsa-da, jinnek ýaly hem gorkmaýardy. Gaýta nalajedeýin boşlukdan dolup, sarsman ýatyrdy. Bu ýagdaýy uzak dowam etdi. Emma ene näçe garaşsa-da, islese-de ölmedi. Gaýta bedeni aňyna garşy gozgalaň turzup ugrady. Endamy guruşdy. Içi “eljuk” diýip başlady. Onsoňam beýdip, gymyldy-hereketsiz ýatmak ahbetin ýüregine düşdi. Öz bolşundan özi uýalýan ýaly, ene dikelip oturanyndan soňam esli wagtlap müýnürgäp oturdy. Ahyrsoňy açlygyna çydaman özüne näme bolýandygyna düşünmäge, hinden çykmagyň alajyny agtarmaga başlady. “…Be, Hudaý jan, bu görden nädip çykyp bolarka? Asla nädip men bu tüm-garaňky gabyrda galdymkam? Ýerküme näme üçin ýykyldyk… Eý, Hudaý-eý!” “Ýerküme” diýeninden enäniň huşuna özüniň nirede oturandygy, gapdalynda uklap ýatan gelin, sallançakdaky çaga geldi. Hasam çagajyk hakyndaky pikir aňyndan parran geçdi. Ol şeýlebir gorkdy. Howsala düşdi. Gyssanjyna özüniň näme edýändigine-de düşünmän, eli bilen töweregininiň garaňkylygyny sermeläp ugrady: -Gelin, gelin! Aý, gelin! Öz sesinden heder edýän dek, pyşyrdaýan enäniň gyryljak sesi onuň öz gulagyna çirkin gykylykdan enaýy täsir etmedi. Emma şonda-da ol pyşyrdap sermenmesini kesmedi: -Gelin, gelin! Çep tarapyna sermendi. Diwar! -Gelin, gelin! Sagyna garşy ellerini ýöretdi. Diwar! Gerşi hem diräp dur. -Gelin, gelin.-diýip ol ýene-de diwara sataşmakdan gorkusyna derläp, ellerini öňe uzatdy. Elleri hiç zada diremedi. Muňa juda begenen ene ýene-de gorka-gorka ümzügini öňe atdy. Boşluk. Göwni aram tapyp tapyp, ol biraz ekezlendi. -Gelin!-diýeninde-de sesi öňkülerinden merdemsi çykdy. Şeýle diýibem dyzlaryny ýere goýdy-da, öňe emedekledi. Ýaňybir iki garyş süýşüp-süýşmänkä-de elleri gum diwara dirediler. Muňa ýüreginiň rişdesi üzülen ýaly, ol gynanyp gitdi. Gynanjynyň yz ýany hem şu garaňky gapyrjakda ýeke özüniň gömlüp galandygy hakdaky depe saçyňy dim-dik edýän pikir peýda boldy. Ene öňünde duran gum diwar däl-de, nähilidir bir eýmenç mahluk ýaly, götin-götin süýşdi. Arkasyny diwara ýaplap hem gabat garşysynyň garaňkylygyna gözlerini petredip seretdi. Seredip oturyşyna-da kellesinde müň dürli pikir oýandy. “Indi şeýdip gyşda gatan gurbakga ýaly açlygyndan syryljap şü zyndanda ölüp gidibermeli bolarmy? Ondana özüňi öldüreniňem müň paý gowudyr… Ýöne nädip? Nädip bu hinde özüňi öldürjek? Eý Hudaý-eý, hany bu adamlara näme boldyka?! Gyryldylarmyka? Näme kömege gelmeýärlerkä? Hudaý jan-eý, ýene-de uruş turup, şol “emrikän”* ýer ýuwutmyşlar şol köp agzalýan “otum”* bombasyny oklaýdylarmyka?” Bu pikirine ene birhili düýbünden ynamsyzlyk bilen garady. Ýöne şonda-da ätiýaçlyk üçin hemişeki diýýän jümlelerini diýmän diýlip bilmedi. -Daş edewersin-eý, hudaý jan! Agzymdan al kakawersin! Beýle zat bir bolmawersin! Öňki neresselerdir-pahyrlar azmy diýsene, ýene-de birtopar bigünä bendeleri ýer-ýegsan edäýer ýaly… Bolmawersin, Huday jan… Ol bu pyşyrdysynyň soňuny özem bilmän pikire ýazdyrdy… “Bolmawersin welin, Hudaý jan, ýöne bu wagt ne bela gopduka? Ýa ýer dagy titräýdimikä?!” …Edil şol pursadam birdenkä enäniň gulagyna çepinde assaja hyklama-gozganjyrama eşidilen ýaly boldy. Ol allaniçigsi bolup, tisgindi-de, özüne zor salyp çepine bakdy. Tüm-garaňkylyk. Ene hiç zat saýgarmady. Emma ynjalmady. Elleri bilen sermeleşdirip ugrady. Elini çala hereketlendirip-hereketlendirmänkä-de, ýorganmy-nämämi, bir zadyň çetini tapdy. Ene ony çekip gördi. Ýorgan eline gelmedi. Onuň üstünden nämedir bir zat basyp durdy. Näçe seretse-de ýorgany saklaýan zadyň nämedigini görüp bilmejekdigine düşünýändigi zerarly ol ýene-de ellerine bil baglady. Ýorganyň çetiniň töwereginde aýalaryny ýöretdi. Agaç. Ýüzi beýlebir ýylmanan bolmasa-da garaz togalak edilip ýonulan sütün, ep-esli gum-topur gatyşykly, büdür-südür agaç bölekleri… Sazaga meňzeýär. Hä, bildim! Bu aşak opurylan üçekdir. Ýöne onuň astynda näme galdyka? Bü, ýorgan öz-ä… Hany dur-la, pikirimi bir ýere çugdamlaýyn-la!… Eger men ýerkümä girişim ýaly oturan bolsam, onda meniň çepimde sallançak bardy. Diýmek üçek çöküp bäbegi gömen bolmaly. Bu ýorganam şonuňkydyr. Onda… wah-heý, neressejik! Heý-wiý! Ene birhili özünde peýda bolan bu pessaýja dözmezçilige we bäbegiň ölümi barada şeýle arkaýyn oýlanyp bilşine geň galdy. Öňki durmuş tejribesine hem-de özüni bilşine görä-hä bu mahal onuň ýüregi ýarylara gelmeli ahyry. Onda bu nä boluş?! …Ýöne ene bu duýgusyny özüne düşündirmäge ýetişmedi. Göwnüne bolmasa ýrgany saklap duran eli nähilidir bir hereketi-gymyldyny syzan dek boldy. Enäniň dulugyna şarpyk çalnan ýaly boldy. Ony gözüniň alnynda biriniň gark bolup barýandygyny görýän, ýone düýbünden ýüzüp bilmeýän adamyň takatsyzlygy doldurdy. Şonuň bilen birlikde-de ol özüniň ýerkümäni hasam aşak ýumurmazlyk üçin seresaply hereketler bilen, howlukman sütüne ýapyşyşyna haýran galdy. Bu hiniň hakykatdanam öz mazaryna öwrülmeginden howatyr edýändigi üçinmi nämemi ol juda sowukganlylyk bilen toýun keseklerei aýryşdyryp, tozan turuzman öz astyna rejeläp goýmaga başlady. Birini gopardy. Ikinjini, üçünjini hem aýyrdy. Haçan-da dördünjini almakçy bolup goluny uzadanda bolsa eli boşluga gitdi-de, tasdanam döşüni sütüne berýärdi. Zordan saklandy. Begendi. “Asyl üçek opurylyp, diwar ýaly bolaýan ekeni-ä! Sallançagy-da mynjyratman, diňe öňüni ýapypdyr ahyry! Hudaý jana alkyş! Gör-ä bi bolýan gudraty!” diýip ol içinden samraşdyrdy-da, elini sokan deşigini giňeldip ugrady. Bir çäýnek çaý içesi salym geçip-geçmänkä-de deşigi çaga sygar ýaly etdi. Soňra sütüne säwlik bilen degip, aňyrlygyna gaýtdyraýmazlyk üçin gaty hatyrjem hereket etdi. Emaý bilen sermäp çagany tapdy-da, ýuwaşjadan göterip, çekip aldy. -Iň-ň-ň-ňä-ä! Hälden bäri oýa bolsa-da näme üçindir diňe yňranjyrap-gozganjyrap ýatan bäbek, ynsan elini duýdumy-nämemi çirkin sesi bilen bogazyna zor salyp başlady. -Iň-ň-ňä-ä! Iň-ň-ň-ňä! Bu sesden ýaňa enäniň gulak perdesi böwsülen deýin, beýnisi sorkuldap gitdi. Edil biri dyrmyk bilen demri dyrmalaýan ýaly, aňynda dişini döwüp gelýän gyjyrdy emele geldi. Şonuň üçinem ol çagany haýal-ýagallyk etmän diňdirmek üçin hiniň garaňkylygynda bolşuna görä “kişşüwlän” boldy. -Hany, hany, balajyk! Goýsana aýyp bolar-a! Emma bu jümlesi, bu sözleri şu ýerde, şu ýagdaýda diýýandigi üçin oňa şeýlebir ýalan, suwjuk, nakys hem boş bolup göründi welin, onuň birhili on iki süňňi bilen ýüregi gysyp gitdi. Şol zerarly ol bu sözleri ikilenç gaýtalamady. Çagany bolsa diňe çalaja aşak-ýokaryk oklap-gapyp, “kişşüwlän” boldy. Emma beýdeni bilen oglanjyk diňmedi. Gaýta bäş beter çyrlady. Ýaňky heýhatly duýgularynyň üstesine bu çaganyň gykylygy-da urna bolan enäniň endamy hem, aňy hem kiriş ýaly, dartyldy. Birdenem gahar bilen, şarta üzüldi. -Häý lal açasyň, lal açmyş! Goý-da indi! Men indi näme edeýin saňa?! Beýdip men görgüliniň ýene-de bir jebir-jepasy boljak bolsaň gazyp almazdym-da! Häý sesiň kesilsin, sesi kesilen! Beýdeniňden-ä gömlüp galanyň gowy ahbeti… Şeýdip birsellem jabjynyp, çagany silkeläninden soňra onuň gahary az-kem kiparlady. Onsoň ýene-de çagany köşetmegiň najadyna garap ugrady. -Ýeri muňa näme bolýarka? Ýa garaňkylykdan gorkýarmyka? Ýeri gorkanda men bu taýdan yşygy nädip tapaýyn?… Bu ýer ýuwutmyş ýer ýuwdan goňşulara-da näme bolduka? Näme indi bolup bu ýerkümeden habar tutmaýarkalar? Äý hawa-da, ogluň-gyzyň bolmasa, hossaryň hem galmasa kim seni başyna ýapsyn? “Garyp ölse üç günden soň biliner” Ine şeýdip diri halyňa gabyrda açlygyňa öler gidersiň. Adam seni idemez… Wah, bu görgülijige näme bolýarka? Ya ejesini küýseýärmikä? Wah, ejeňi küýseýärmiň, neresseje ýetimjik?- diýip ol birhili nalajedeýin söýünç bilen gujagyndaky bäbejige ýüzlendi;-Wah, küýsäňde nädeýin? Ejeň pahyr hanha, guma garyldy gitdi ahyry! Wah, goýsana-a, paralamasana-a, bagrymy balajygym! Beýle zarynlamasana-a, ýetimçäm! Men nädeýin, wah, menem pahyr nädeýin-le-e-eý, men nädeýin-le! Enäniň jowranmasynyň soňy gözýaşa ýazdy. Ol gözlerinden boýur-boýur döküp, çagany bagryna basyşyna yranmaga başlady. -Wah, nätdi-le-eý, nätdi bizi! Hudaý diýilýän adam bolsa, heý, şeýdermidi? Bärde nädip takdyra ten berjek ahyry? Wah, ýetim-le, ikimizem ýetim-le, ýetimçäm! Ýetim galdyk-la biz, galdyk-la! Şeýdip aglap-eňräp oturyşyna-da birdenkä onuň aňynda: “çaga aç bolaýmasyn” diýen çaklama döredi. Ol bu pikire aýňaldy. Agysyny tapba kesip, ýüzjagazyny görmese-de, açdygyny okajak bolýan ýaly bäbege çiňerilip-çiňerilip garady. -Wah, hawa-la, açsyň sen! Başga hiç zadam däl-le. Haçanky emişiňdir ahbetin!… Wah ýöne, aç bolanyňda saňa süýdi nirden tapaýyn? Enäniň aňy bu ýagdaýdan çykalga gözleginde pelesaň kakyp başlady. Emma alaç ýokdy. Diňe ýekeje ýol, çagany “kişşüwlän” bolup oturmakdy. Çünki özi gazyp azatlyga çykjak bolsa, ilki bilen-ä bujagaz hiniň hem opurylmagy gaty ähtimaldy. Onsoňam iň esasy zat, dyzap-gazyp çykmaga güýç-kuwwaty ýetjek däldi…Onda nätmeli? Çaga açlygyndan öler ahbeti… Birdenem enäniň kellesine täsin bir pikir geldi… “A özi… Özi göwsüni tutduraýsa neneňsi bolarka? Elbetde kör emjekdir welin, heý çaga görgüli aldanyp, sokjap-sokjap uklap galmazmyka? Dogrusy bolaryndan bolmazy ýakyn welin, onda-da şeýdäýmese, çaganyň gahary gelse-de başga alaç ýok.” Şu pikir bilen ene göwsüni çykarmak üçin ýakasyna elini ýetirdi. Çaga emdirmekden bir mahal galandygy sebäpli köýneginiň ýakasy tikilip, daraldylandy. Şoňa görä ol göwsüni isleýşi ýaly ap-aňsat çykaryp bilmedi. Onuň girre gahary geldi. Hüňürdäp, elini dartyp goýberdi welin, köne köýnek “jaýyrdap” ýyrtyldy. -Wah-heý, muny görsene, ýyrtaýdym-da.- diýip ýekeje köýnegine dözmedik ene gynandy hem, öz emelsizligine içi ýandy. Emma muňa kän pitiwa etmän, göwsüni çykardy-da, emmäni bäbegiň agzyna tutdurdy. Del emmäni, enäniň nätanyş ysyny duýan çaga emibermedi. Gaýta öwrenişen emmesiniň berilmeýändigine sesinde baryny edip öňküsindenem beter çyrlady. Bäbegiň neçün aglaýandygyna düşünýän ene zor bilen emmäni onuň agzyna dykmaga synanyşdy. Emma bäbek baş bermedi. Gurçuk ýaly towlanjyrap, tenini gatadyp, ýüzüni sapajak-supajak etdirip, tüýs eýgertmedi. Enem dargursaklyk etmän, hötjetlik bilen göwsüni onuň agyzjygyna tutdy oturdy. Ahyrsoňy-da neressejik açlygyna çydan däldir-dä, içi boş ýanlyk deýin, salparyp öwse ýelmeşdi. “Şok-şok” edip, sorup başlady. Maksadyna ýeteninden soňra ene hem az-owlak ynjaldy… xxxxx Çaganyň mazaly içi syrylan bolara çemeli, aňyrsyna hiç zat barmasa-da gyssanjyndan ýaňa düwünip, boş göwsi sormagyny dowam edýärdi. Bäbegiň inçejik dodaklary ýumşajyk, mymyjak hem güýçlüjediler. Olaryň terpenip-süýkenmesi enäniň salpy göwsüniň uçlaryndan bütin bedenine nähilidir birhili juda ýakymly gyjyk-gyjynmak duýgusyny ýaýradýardy. Edil ýöne, bu oglanjyk “şokguldadyp” onuň ýureginiň şiresini, tutuş kalbyny sorýan ýalydy. Gözedürtme tümlükdigi zerarly çagajygyň ýatyşyny seljermese-de, birdenkä onuň bolşy ähli jikme-jikliginde enäniň göz öňüne gelip gitdi. Onuň siýdikden hem tozandan palçyksöw bolup giden arlyjagynyň iäki gyzyletene guşjagazyňky deýin ýarym-ýalaňaçja göwrejigi, şepbeşik galpajygy we kör emjege kinniwanja eljagazlary bilen ýapyşyşy… Enäniň jigeri ýüzünden päki ýöredilen dek daraw-daraw boldy. Hasam dyrnak ýaly bäbejigiň ynanjaňlyk bilen boş göwsi yhlasly sokjaýşy hyýalyna geleninde erbet bozuldy. Gursagyny pişik dyrnaçaklaýan ýaly eden gynanjyna döz gelmän hamsygyp goýberdi. Gözlerinden syrygan ilkinji damjanyň yzy bolsa sessiz-sessiz aga ýazdy. Haýsydyr bir düşnüksiz duýga görä bäbejigiň haly öz durmuşynyň gaýgy-hasratyny, ömrüniň dowamynda gabat gelşen adamlarynyň ykballaryny… umuman töwereginde ýaşan tutuş halkyň täleýini onuň ýadyna düşürdi. Onsoň ýüzler, gözler, ýazgytlar yzy üzülmez hünjüler kimin ýaňagyndan aşaklygyna togalanyp gaçyberdiler, gaçyberdiler… -Wah, ykbaly agyr gelen, Türkmenim! Maňlaýygara halkym! Döräliň bäri takdyr seni läliksiretmedi. Asyrlarboýy sen bir basybalyjynyň ýowuz deminden sypsaň, beýlekisiniň ajal howry çabraýan holtumyna düşdüň. Ýurduňda agzyňy alardyp, öz teniňi özüňe iýdirdiler. Kowdular. Gaçdyň. Ýetseler, gan dökdüň. Göýäki tazylaryň demine düşen ýaraly böri deýin, şo-o-ol ata mekanyňda alakjadyň ýördüň. Ýöne hernäçe kösenseňem pederleriň ganyna suwarylan topragyňy taşlasyň gelmedi. Wah, maňlaýy şor halkym, seniň basybalyjylardyr-ýurtýykan zalymlardan ezýet çekeniň-ä çekeniň, indi Hudaýam senden ýüz öwräýdimi?! Gel-gel indi seniň suw ýaly oguljygyň ejesinden aýra düşüp bir lagşan enäniň kör emjegine aldanyp ýatmalymy?! …Ene bu eňremesini entegem goýmakçy däldi. Ýöne aldanandygyna gahary gelen çaga ony jibrinmesini kesmäge mejbur etdi. Ol köp aglandygy üçin sojap, burnuny çekdi-de, ýene-de çagany höre-köşeläp ugrady. Emma bäbek diňjege çalym etmeýärdi. Ol gaýta enäniň göwnüne bolmasa hasam örjeýän ýalydy. -Hany-hany, köşejik, köşejik!-diýip ene ilkibada ähli mähir-muhabbeti bilen höre-köşelese-de, soňabaka äheňi ýene-de boş hem biperwaý sözleri hetjiklemäge syrykdy. Soňabaka bolsa kejebesi darykdygyça onuň biperwaýlygy içiýangynly gahara ýazdy. Hemme zat üçin; şu hinde demikmegiň bäri ýany bolup oturandygy üçinem, hiç kimden delalat tamasyz göwniçökgünligi üçinem, bujagaz çagajygyň bolsa çirkin sesi bilen öňem gapyşan dünýäsini has hem oýmaga sokýandygy üçin-de…onuň jany ýandy. Bu duýgusy sebäpli onuň ýüreginde elindäki çaga nähilidir bir nejis, ýelmeşik ýigrenç döredi. “Edil ýöne bu çyr-çyr gygyrýan, haram tohumy zyňakgetdin, üstündenem şu otyrýeriniň astyndaky kesek bilen tapbatlaýsaň-da… -Gap, indi ölmänkäň!-diýip ene şerraý sesi bilen ýüzüne azgyryldy-da, ony silterläp goýberdi. Soňam birhili ýylanyň “haşşyldysyna” kybapdaş haşlady. -Häýk, haramdan bolan haramzada tohum! Ýöne bu sözi diýeni hem şoldy welin, oslagsyz onuň gözüniň öňünde Nurmyrat janyň bäbejik keşbi peýda boldy. Onuň bütin durkuny ökünç, ýaňky sözleri diline alandygy üçin ummasyz ahmyr hem-de günäsine düşüneniň şeýlebir çensiz-çaksyz azaby gaplady. Gujagyndakyja misli, öz Nurmyrady dek, ony has mäkäm bagryna basdy-da, ýüz-gözünden öpüp-ogşap, samrap başlady: -Wah, bagyşla, bagyşla, balajygym! Wah, bagyşla! Men kempiriň gözüni ýeňsesinden çekmeli. Men üflis ülhidi dardan asmaly, şalpar dilini kökünden köwlemeli. Bagyşla, balam! Kurhany-Kerim ýaly, perişde-melek ýaly päkizejige “haramzada” diýmäge het eden dilimden meni jähennemde asyp goýmaly. Günämi öt, balajygym! Aglamasana, goýsana! Wah, diňäýsene! Öz müýnünden ýaňa-da göwnüne bolmasa herreleninden soň çaga has hem çasly aglap başlan ýalydy. Bu hem onuň garym-gatym duýgularyny öňküdenem beter bulamak etdi. “Wah, Hudaý jan-eý, haçan şu näletsiňen ýaşaýyşdan, halys eden şu näletkerde duýgulardyr-pikirleriň etimi iýmeginden dynarkam?! Alla jan, Hudaý jan, men bendäňi özüň halas edeweri, penaňa alaweri!” Halys lapykeç bolan görgüli birsellem dünýäni undup perwerdigärden medet diledi. Doga-mynajatdan haraý gözledi. Emma bu oňa hiç hili teselli bermedi. Haka nalyş etmegi zerarly onuň ruhdan düşmekligi artmadam-kemelmedem. Şol bir öňki boluş. Ertirden bäri aňyrydr-ýüregi ýeke pursadam dynç almadyk ene indi tüýs igledi. Ol assajadan gözlerini ýumup çyrlaýan çagany gapdalyna goýdy-da, mejalsyzlyk bilen bir ýanyna agdy. Bykynyna dirän bajak ynjalyksyzlandyrsa-da, gymyldamaga ýagdaýy bolman soň, süýşmedi. Diňe bir pursatda ähli ysgyny gidip deramatsyz galan göwresini nähilem bolsa garaz oňaýlyrak ýerleşdirmek üçin gurşun guýlan ýaly agyr aýaklaryny uzatdy. Kellesi gum dykylan hum deýin agyrdy. Tenine galtaşýan islendik zat oňa tükeniksiz yza berýärdi. Ene zoraýakdan eline erk etdi-de, tirsegini kellesiniň aşagyna dykdy. “Indem hiç kim, hiç zat azar bermesedi. Şu ýatyşyna, şeýdip ölüp gitse. Ölüp gitseň…” diýip ol ýadap gelip ýatmak hakynda oýlanýan ýaly, süýjülik bilen pikir öwürdi. Onuň bu pikirini ikelläp goldaýan dek goladan guýlana meňzeş, agyr gabaklary ýuwaşjadan gözleriniň üstüni örtüp başladylar. Bu hinde oňa bu mahal hiç zat süýji uka gitmäge päsgel bermeýärdi. Diňe gulagynyň agzynda çyrlaýan çaga onuň eýýäm uky bürüp ugran aňynda oňaýsyzlyk döredýärdi. Emma soňabaka ol muňa-da öwrenişdi. Çaganyň agysy pessaýlap-pessaýlap ilkä niredendir bir uzakdan, uzakdan gelýän sese öwrüldi. Soňam haýallyk bilen eşidiler-eşdilmez “jyňňylda” öwrüldi-de, ahbetinem ýitip gitdi. Indi ony hiç zat bimaza etmeýärdi. Hemme zat ýitipdi. Nurmyrat, Juma, Keýikjemal, Nazar, Aýsenem, ýanýoldaşy neresse, Stalin, Gitler, Hudaý, sazlar, läleler, ýatlamalar, pikirlerdir-duýgular… Barysy bu hiniň daşynda galypdylar. Hiniň içindäki oňa täsirini ýetirip biläýjek ýekeje diri zat-bäbejigiň sesi bolsa, indi onuň gulagyna ýetmeýärdi. Hiç zat! Hiç zat ony uklap, ölüp, galmakdan saklap biljek däldi… …Emma birdenkä onuň niresindedir bir ýerinde, köňlüniň haýsydyr bir iň pynhan, iň ýaşyryn burçunda kimdir biri şeýlebir gussaly hem şeýlebir pessaý pyşyrdan ýaly boldy: -A bäbejik näme?! Sen öläýseň onuň bilen näme bolar ahyry?! Ene gözlerini ýalpa açdy. Şol demde ol öz göwnüne bolmasa ýagty jahana täzeden inen ýaly boldy. Hamana hiç hili ýitgi hem, hiç hili hasrat hem bolmadyk ýaly…Nurmyrat janam, Juma janam ýitirim bolmadyk ýaly, Keýikjemal hem gülüp-oýnap ýören gyzjagaz ýaly…Enäniň kalbynda giden bir uç-gyraksyz ajaýyplyk duýgysy döredi. …Bu nähili ajaýyp ahyry, eger-de saňa bir çagajygyň, bir özüňe meňzeş ynsanyň ömri, geljegi bagly bolsa! Bu jennet ahyry! Onsoň heýem şeýle ajaýyplygy, şeýle jogapkärçiligi taşlap ölüp gidibermek bolarmy?!… Özüniň nämeleri oýlanýandygyna, nämeleri duýýandygyna dynnym ýalyjagam düşünmeýän ene çagajygy gaýtadan goltugyna aldy-da, huwwalap başlady. Özem göwnüne bolmasa çagajyk şu gezek uklaýjak ýalydy. Ýok asla-da ol gümürtiksiz, jinnek ýalyjagam gümansyz hökman uklaýmalydy. Emma çaga uklamady. Ol hatda sesini hem peseltmedi. Bu ýagdaýa ene indi çyny bilen aljyrap başlady “Bir emelini tapyp daşaryk çykmasak, çagany doýurmasak, bu görgüljik aglap-aglabam ölüp gider…Hudaý jan-eý, daş edewersin-eý!” Enäni öz pikiriniň anyk hem düşnükli rehimsizligi gorkuzdy. Çagany gidiräýse…Ýene-de bir gezek ählije zadyny gidiräýse, ýaşaýşa bolan höwesini aldyraýsa. Ýok, ýok, daş etsin. Beýle zady kelläňe-de getirmeli däl! Beýik Biribar indi beýle adalatsyzlyga ýol bermez . Sebäbi…sebäbi… Enäniň dodaklary neresse çaganyňky ýaly, kemiş-kemiş etdiler… “Sebäbi indi ýene-de bir gezek şeýle bolaýsa oňa diňe asylaýmak galýar. Hudaý ýol bermez. Haktagala men görgülini penasyna alar…Onsoňam…” Enäniň gözlerinde aýgyt uçgunjyklary göründi: “…Onsoňam men göreşerin. Geçen sapar hemme zadymy boýunsynyklyk bilen, edil gandally gyrnak ýaly, jyňkymy çykarman aldyrdym. Bu gezek welin, barymy-ýogumy orta goýup göreşerin. Sebäbi kör hem hasasyny bir gezek aldyrýandyr. Men göreşerin. Hökman. Hökman. Hemme zada garşy göreşerin. Şeýtana-jynlara garşy hem, maňlaýygara täleýime garşy hem, bujagaz ikimizi bendi eden şu gara ýere garşy hem…eger gerek bolsa ähli zadyň emir edijisi hökmürowan Taňra garşy hem…Çünki meniň indi ýaşasym gelýär. Çünki bu bäbejigiň ýaşaýşy hem meniň ýaşamagyma bagly… Pikirini bir ýere çugdamlamak üçin ene üznüksiz çyrlaýan çagany emaý bilen gapdalynda goýdy. Soňam ýerkümäniň işigidir öýden tarapyndan seresaplyk bilen bajaklarydyr, sazak-ojak böleklerini aýryşdyryp, köwüp başlady. Ol birbada gaty höwesli işledi. Emma soňabaka onuň aňyndadyr-duýgularynda ýene-de hälkisi ýaly küteklik, bihöweslik peýda boldy. Bedenini-de lagşadyp barýan, bimöçber argynlyk doldurdy. Şolaryň täsiri bilenem ol assajadan iş depginini gowşatdy. Haýalladygysaýy hem gabaklary gurşun guýulýana dönüberdiler. Bir tüýsli çaganyň tükeniksiz, ýüregedüşgünç jägildisi hem ony gozgaman ugrady. Ahyr soňy-da ene nädip irkilendigini özem duýman, gözlerini ýumdy-da, alasarmyk uka batdy. Bäbejik bolsa şo-o-ol çyrlady ýatdy, şo-o-ol çyrlady ýatdy… xxxxx …Ol oýananda adatdan daşary ümsümlik zerarly oýandy. Gözüni açanyndanam göreçlerine dolan tümlük ony hopukdyrdy. Gözleriniň açykdygyny duýsa-da tümlük sebäpli olar entegem ýumukdyr öýdüp, aljyrady. Gözlerini hanasyndan çykara getirip, petretdi. Gyssanjyna gabaklaryny ýetişibildiginden gyrpmaga başlady. Birdenem özüniň nirede ýatandygy ýadyna düşdi. Ol bada-bat köşeşdi. Göwni aram tapyp, uludan dem aldy-da, dikelip oturdy. “Daş edewersin Hudaý jan! Sähel ýelýürek bolsa ine şunuň ýaly, her ýatyp-turanyňda bir-ä ölüp-direlmeli-dä!…” Şu pikiri eden ene has jaýlaşykly oturmak üçin gozgandy. Şol pursadam onuň eli sagynda ýatan düwünçege galtaşdy. Şol bada enäniň aňy ýyldyrym çakan deýin ýagtylyp gitdi. …Çaga! Eý Alla jan-eý, oňa näme bolduka? Bi nämäniň gum-guklugy?… …Çagany, onuň aglamaýandygyny indi aňşyran ene ot alana döndi. Düwünçegi garbap aldy-da, bir demde arlygy kiçijik göwrejigiň daşyndan sypyryp taşlady. Kinniwanja tenjagaz näme üçindir saň-gatydy. Özem enäniň aýalaryna bir bölejik buzdan enaýy täsir etmeýärdi. Dem-düýtsüz bedende ýyly ýokdy… Öz çaklamasyndan ýaňa depe saçy üýşen ene ellerine erk edip bilmän saňňyldap, çagajygy ýüzüniň deňesine göterdi. Ähli erki-durky, tutuş dünýäsi bilen jebis ýumulgy kiçijek agyzdan çykýan howa yrgyldysyny syzmaga çytraşdy. Emma bäbejik dem almaýardy. Ol özüne ynanman ýene-de bir näçe gezek dulugyny we gulagyny çaganyň agzyna tutdy. Emma beýdeni bilen jansyz bedenjik herekete girmedi… Ýeke pursatda kalby edil ýumurtga togalabermeli düp-düzi bolan ene, hiç zatsyz, boş mäzlere öwrülen gözlerini gabat garşysyna dikdi-de, bäbejigi ynjytmajak bolýan ýaly, assyrynlyk bilen çepine goýmaga synanyşdy. Emma hiç ebeteýini tapman sagyna geçirdi. Soňra uzyn salan aýaklaryny öňüne ýygnady-da, eňegini dyzyna goýdy. Onuň göwnünde bu mahal hiç zat ýokdy. Gynanjam-hasratam, Hakdan närazylykdyr, oňa gaharam…Diňe boşluk. Diňe tüm-garaňky boşluk…Şol boşlugyň merkezini eýeläp oturan göze görünmezek bir doňýüregem ellerine bir gysym çüýdür-çekiji alypdyr-da, ýeke-ýekeden onuň ýüregine çüý yzyna çüý kakýardy. …Düňk! Biri! …Düňk! Ýene-de biri! …Düňk!... Enäniň zordan gymyldaýan pikirleri diňe şol bir urgyda ýürege telpegine çenli çümýän çüýleri sanamak bilen meşguldy. …Düňk! …Ýene-de biri!… Ýürekden jyzlap çüwdürilýän gyrmyzy gan bolsa enäniň tutuş kalbyny, bütin dünýäsini gark edip barýardy…Ene bu soňsuz agyra çydamady. Saçlaryny penjeledi-de, içigip-içigip aglap başlady. Haçan-da özi ýatyrka bäbejigiň aglap-aglap, jan berendigi kellesine gelende bolsa, onuň içinde ýangyn tutaşana döndi. -Owf! Owf! Men nädeýin –eý!- diýip ol aglamjyrap oturyşyna içinde köreýän ody daşyna üfläp öçürmäge synanyşýan ýaly, howurly “öwfüldäp” ugrady. Ömralla-da köşeşmerin öýdüp, köp aglady. Hatda ahy-naladan ýaňa kellesi hum ýaly çişip, bokurdagy tüýdük bolup gideninden soňam, onuň ýaňaklaryndan hasratly damjalar syrykmagyny dowam etdi. Emma ähli zadyň soňy bolşy deýin, ahbetin ene hem öz agysyna usurgady. Ilki onuň “horkuldysy” sojama öwrüldi. Soňra “myşlap” ugrady. Iň soňunda-da, “myşlamasy” hem kesilip, tepbet boldy. Şol pursatdan başlabam, ene özüniň näme edýändigine-de, nirededigine-de düşünmesini goýdy. Onuň bedeni aňyndan aýratyn durmuşda, pikirlerdenem-duýgulardanam üzňe ýaşap ugrady. Aňydyr-duýgulary hiç bir hereketsiz doňup galypdylar. Bedeni bolsa özüne gerekli wagty uklaýardy, dynjyny alandan soň oýanýardy, gan aýlanyş peselip, bir ýeri guruşsa, gurşugyny ýazmak üçin, gozganýardy, gymyldaýardy. Otyrýer ýadasa gyşarýardy, arka ýadasa, ýanyn ýatýardy… Özem her pursatda, her demde suw bilen iýmit talap edýärdi. Aňy halas bolmagyň ýoluny agtarmaga mejbur etjek bolýardy. Özüniň beýdip hiç hili dyrjaşmasyz, göreşsiz, ine şu hiniň içinde, küle gömlüp galan közjagaz ýaly, sönüp gitmäge razy däldigini aýdyp, ýüregi galkyndyrmaga synanyşýardy. Emma öçen ruh dynnym ýalyjagam yrgyldamaýardy. Ene diri jesede dönüpdi. Öňem bu garaňky hiniň içinde wagty biler ýaly däldi welin, ind-ä ene asylam wagt duýgusyny ýitiripdi. Asla wagt hem ony beýleki zatlar deýin jinnek ýaly-da gyzyklandyrmaýardy. Gelniň gadam urşy dek, haýaljykdan ýaşaýyş onuň bedenini terk edýärdi. Açlyk-suwsuzlyk zerarly, her demi bilen ýaşaýşyň hökmanylygy – ysgyn-deramatdan gaçýardy. Megerem ol şeýdip janyny halas etmäge birjik-de synanman ölüp hem giderdi. Emma günlerde bir gün onuň depesinde pillerdir-kerpiçleriň biri-birine we agaç böleklerine degýän sesi hem gykylyk-galmagal eşidildi. Enäniň ýüregi gobsunyp gitdi. Özüniň ýene-de şol ýokaryk, ýagty asmanyň astyna, bu garaňky, dymyk, gysyp-gowurýan hinden giň dünýäniň tämiz howasyna çykjakdygy hakyndaky pikir onuň ýüregini “şatlyk” diýilýän ýakymly alas-gopaslykdan doldurdy. Şol bada göwnünde emele gelen ummasyz takatsyzlykdan ýaňa ençe günläp sabyr-kanagatly oturylan bu hin ony demikdirip-mynjyradyp başlady. Ine indi näçe wagt bäri bu ys dymyljap dursa-da, ene diňe şu pursat bäbegiň üýtgän jesetjiginiň ysyny duýdy. Burnuna hapylap uran ys onuň ýüregini bulady. Başyny aýlady. Özüniň nijeme günläp jesetjige ýanaşyp ýatandygy hakyndaky pikir bolsa, göwnüni allajy wehimden dolduryp, endamyny buz ýaly etdi. Özüni bärden halas etmeklerine şeýlebir gyssandy welin, ol tasdanam ulili bilen “waý eje!” diýip gygyrýardy. Emma kelesine gelen buz ýaly sop-sowuk pikir ýene-de onuň kalbyny lam-jim etdi. “Ýeri çykardylaram-da, soň näme? Soň sen ol ýerde näme işlejek ahyry?! Soň näme ahyry? Ýene-de adamlaryň arasynda tenha özüň galmakçymy?!…” Enäniň gözlerinde ýaňy bir oýanyp ugran ýaşaýyş höwesi ýene-de, doňdy. Soňam ýuwaşjadan, peselip-peselip öňki kaddyna bardy. Ol ragbatsyz başyny jesetjigiň gapdalynda goýdy-da, bir gysym bolup ýygryldy. Edil halas edilýän özi däl ýaly, biperwaýlyk bilen gözlerini ýumdy… …Ýerkümäni gazýan, günüň şöhlesiniň reňkindäki sap-sary, çypar esgerler ony şeýle ýagdaýda-da tapdylar. Ol özüniň halas edilmegine hiç hili pitiwa etmän ýatan soň, esgerler onuň başyny galdyrmaga-da haly ýokdur öýdüp, göterdiler-de, çukurdan çykardylar. Geň galaýmaly zat, şeýle aýylganç ýer titremesinde-de ýykylman, aman galan şol garry tut agajynyň kölegesine eltip, oturtdylar. Esgerleriň gazaga meňzeş gyýyk göz biri, hossarlyk bilen eline suwly mytarany tutdurdy. Başga bir murtlak hem döwüm gara çöregi çykaryp berdi. Ene ýagyrnysyny tuduň sütünine berip oturşyna bu zatlary näme etmelidigine düşünmeýän ýaly, elindäkilere mölterlip seretdi. Ol birhili özüniň henizem diridigini, henizem özüne çörekdir-suwuň möhümdigini aklyna sygdyryp bilmeýärdi . -Жуй, мат! Ты пожуй!- diýip gazylan çukurdan bäbejigiň hem ejesiniň jesedini çykaryp duran esgerleriň biri nebsagyryjylyk bilen oňa ýüzlendi. Sözlere düşünmese-de olaryň mähirli äheňine, özüne garaýan rehimdarlykdan we meneklerdir-düwürtiklerden doly bu çypar ýüze ene birhili eräp gitdi. Titir-titir edip mytaradan suw owurtlady-da kümşuldedip, kempi dodaklary bilen çörek çeýnäp ugrady. Ilkinji dişlem bokurdagyna tegek bolup, ony düwündirdi. Emma ol özüne zor salyp nany çeýnedi. Çeýnedigiçe-de, agzynyň içi sülekeýden dolup işdäsi açyldy. Aňyrsy ýalmanyp durdy. Şonuň üçinem bujagaz çörejik garnyny doýurman diňe birnäçe gün bäri uklap ýatan açlygyny oýardy. Nanyny iýeninden soňra ol ýene-de hantamaçylyk bilen garabaşlaryna gaý bolup işleýän esgerlere gözüniň gyýtagyny aýlady. Olaryň hiç haýsy enä üns bermediler. Enäniň açlygy bolsa hasam güýjedi. Asyl ýene-de birje döwüm tötekden, ýene-de şapbat ýalyjak nandan özge pikiri hem galmady. “Goňşularyň aman-abat galanynda dagy bogazdan ötürer ýaly heý, bir zatjagaz ýokmuka?” diýen pikir bilen ol ýerinden turdy-da, yra-dara köçä çykdy. Hemişe güler ýüz bilen garşy alynýandygy sebäpli iň köp barýan öýi bolan Welli kellere tarap mytdyldap ugrady. Ýöräp barşyna-da ol Aşgabady etekläp oturan Köşiniň iň uly köçeleriniň biri bolan öz köçelerini tanamady. Niräni görseň ýykan-ýumranlyk, tozap ýatan haraba, köki-damary bilen gopan garry agaçlar… Ene diňe hakydasyna zor salyp, çen bilen bu giden kesek üýşmekleriniň kimiň jaýy bolandygyny tanaýardy. …Hanha, üstüne erik ýykylan üýşmek… Orazbibi görgüliniň tünegi. Töwereginde esgerler işläp ýörler… Häý, görgüli, görgüli, öňki göreniň azmydy diýsene?! Dyrnak ýaly ekizleriňi ýeke özüň ulaltdyň, ýoldaşyň pahyr-a inçekeselden ýogaldy. Ogullaryň urşy sag-aman sowup gelenleri hem ýaňydy ahyry… Ine-de beýle boldy. Ene togtaman, esgerleriň deňesinden geçdi-de, köçä ýykylan uly söwüt agajynyň daşyndan aýlandy. “Wah-wah-eý! Nepes pahyryň oguljygy Amanýaz neressäniň söwüdi hem ýykylaýpdyr-ow! Wah-wah-eý, neresse iň soňkuja hatynda-da, dolanmajagyny bilen dek: “Söwüdimiň bir suwuny gysganmaweriň!” diýibem ýazypdy…Häý, neresse…Ýogsa-da Nepesiň özüne näme bolduka? Ene az salym aýak çekdi-de, gabat garşysyndaky diwaryň galyndylaryna umyt bilen seretdi. Emma ol ýerde janly-jemende ýokdy. Ol ýüzüni sallap, ýene-de ýoluny dowam etdirdi. Şondan soň ol asla her ýykylan jaý hakda oýlanmasyny hem, onuň kimiňkidigini ýadyna salmasynam goýdy. Wellilere bolsa aýagyny ädesi gelmän başlady. Çünki ol ýerde-de eýgilik tapmajagyna düşünipdi. Şoňa görä-de ol öňünden çykan ilkinji çatryga sowlup, nirä barýandygyna hem düşünmän ýöräp ugrady. Ep-esli ýöräninden soň bolsa ol birdenkä on-on bäş ädim öňündäki gaýda-gaýmalaşyga gözi düşüp kürtdürdi. Esgerlerdir, ýonekeý adamlaryň haýdaşyp işleýän ýeri umumy ýaşaýyş jaýynyň howlusydy. Mawut çadyryň aşagynda ýatan ulyly-kiçili jansyz göwreleri saýgaranyndan ene hyrra yzyna öwrüldi-de, özünem haýran galdyran alňasaklyk bilen köçeden gitdi. Az-kem haýdanyndan soňra ol daljygyp, ýene-de öňki dähedem-dessemine geçdi. Ýöräp barşyna-da hiç bir sebäpsiz, birdenkä özüniň entegem diridigine, şol çadyryň astynda ýatanlaryň biri däldigine begendi. Ýöne bada-badam aňynda dörän bir sowuk hem ajy pikir onuň begenjini lapykeçlige öwürdi. “Ýeri, diri bolanyňda näme? Indi sen hiç kimsiz, hiç zat ahbetin!” Emma welin, bu duýgusy-da uzak durmady. Ony ýene-de ýaňky açlygy gaplap aldy. Şonuň üçinem ol ädimini biraz ýygjamlatdy. Mundan çalt ýöremäge bolsa ragbaty ýokdy. Çatryga sowulmakçy bolanda bolsa araba goşulan düýeleriň kerweni pete-pet gelip, ony säginmäge mejbur etdi. Tä, şol, arabalarynyň üsti basyrylgy çadyryň aşagyndan tozan siňen, saň-gaty aýaklar somalyşyp duran eýmenç kerwen deňesinden ötüp gidýänçä-de ene şol dodagyny müňküldetdi durdy. Onuň: “Imanyňyz hemra bolsun, musulman bendeleri! Imanyňyz hemra bolsun, musulman bendeleri!” diýýän pyşyrdysy bolsa kerweniň astyndan göterilýän ýol çaňyna garyşyp, ýitip gitdi. Kerweni geçirip ene ýoluny dowam etdirdi. Ahyrynam şeýdip gezip ýörşüne ol arassalanan, giň meýdançada dikilen çadyrlaryň üstünden bardy. Meýdança dumly-duşdan esgerler ýaralylary getirýärdiler. Ak ýektaýly adamlar bolsa bir ýerde durman ýaradarlaryň daşlarynda pyrlanýardylar. Özi ýöräp gelendigi zerarly oňa hiç kim üns bermedi. Ol: “bärde gyzgyn nahar dagy bermeýärlermikä?” diýen pikirde nazary bilen töweregini dörüp ugrady. Birdenem onuň gözleri iki ädim öň ýanynda, bir eli boýnundan asylgy dört-bäş ýaşlyja, aglamjyraýan oglanjygy höre-köşeleýän görmegeý gelinde büdredi. -Goý hany, oglum! Aýp bolar-a! Eliň agyrýandyram welin, onda-da beýdip gözüňden akdyryp otursaň, bu adamlar näme diýerler?! “Bü-ýä jögi ekeni, ýöne aglap dur, geliň şunuň ejesine sögeliň, ol gorabam bilmez” diýerler. Oglanjyk welin, ejesine gulak asmaýardy. Şol aglap durdy. Enä näme üçindir bu jübüt ýarady. Olaryň bolşuna mähri gidip, geçdi-de, gapdallarynda çugutdyryp oturdy. Üns bilen olaryň gürrüňlerine gulak gerdi. Birsalymdan soňra ejesiniň ähli höre-köşesine per bermedik oglanjyk ahyry dil ýardy: - Eje ajygýan! Onuň agyly jümlesine gelin görgüli monça boldy. -Wiý, ajygýan bolsaň, aglamak nämä gerek? Häzir beräýerin.-diýip gelin gapdalyndaky torbadan çaklaňja düwünçek çykardy. Çözüp, bir döwüm gaty nan aldy. Ony ogluna berdi. Soňam: “özüme-de alsammykam” diýen terzde ikirjiňlenip durdy. Emma gysgandy. Düwünçegi yzyna saldy. Birdenem enäniň özlerine çiňerilip seredýändigini gördi-de, uýalyp gitdi. “Wah açdyr, bu görgüli!” diýen pikir bilenem torbadan ýene-de nan çykaryp, ene uzatdy: - Al ýeňňe, iýip otur!- diýip hödür-kerem etdi. Gelniň çöregini hatda özündenem gysganýandygyny görüp otursa-da, ene özüne erk edip bilmedi. Çöregi aldy-da, iýip ugrady. Gelin ony utandyrmazlyk üçin özüne-de çörek alyndy. Olar seslerini çykarman, iýdiler. Bolanlaryndan soňra ene bilen gelin-ä töwir galdyrlar. Oglanjyk bolsa ýene-de aglamjyramaga başlady. Enäniň bu gelne hasam syny oturdy. Şonuň üçinem töwirden soň onuň söz açaryna garaşman, özi ilki habar gatdy. -Gelin diýýän-ä, nirden bolarsyňyz? -Şu obaly-la ýeňňe! -Hä, şeýlemidi. Bujagaz…ogluňdyr-la?-diýip ene oglanjyga ümledi. -Hawa ýeňňe, eli döwläýdi. Derman-däri etdilerem welin, çydamaýar-da. Çaga-da. -Wah gelin şony diýsene. Uly bolup çydar ýaly däl-ä bu külpete!…Ýogsa-da, gyzym, seniňkiler bir aman galdylarmy?… Ene şeý diýeninden gelniň gözlerinde gubar göründi. Bokurdagy dolan dek birseldem dymdy-da, pessaý jogap gaýtardy - Uluja oglum bilen, bujagazlaryň kakasyna-ha diwar nemetdi…-diýip gelin ýuwdundy: -ýaňyja-da körpeje gyzjagazym lukmanlaryň elinde… Gelin yzyny aýdyp bilmän dymdy. Ene-de dymdy. Şeýdip olar dymyşyp köp oturdylar. Ahbetinem gelniň özi uludan bir demini aldy-da, dymyşlygy bozdy: -Nätjek ýeňňe, berýänem Hudaý, alýanam Hudaý, ýene-de saklaýanam Hudaý. Edenine şükür diýip, ýaşabermeseň başga alaç ýok-da… - Hawa-la gelin! –diýip ene gelniň sözlerini makullanynda birhili ol sözlere özem ynanyp gitdi… Soňra bolsa olaryň gürrüňleri ýene-de sorag-jogaba syrykdy. Şeýdibem bir-birine iç döküşmekden rahatlyk tapýan ýaly, biri-birleriniň hatda atlarynam bilmeýän bu zenanlar şol gürleşdiler oturdylar, gürleşdiler oturdylar… xxxxx …Ine şeýdip Ýaşaýyş ähli zatdan üstün çykýar. Ähli aýylgançlyklara, garşysyna göreşýän garaňky güýçlere garamazdan beýik Adamzat ine şeýdip şu enedir-gelin ýaly, olaryň çagalarydyr-ýanýoldaşlary ýaly, ýönekeý adamlaryň üsti bilen ýaşamagyny dowam edýär. Sanýetmez asyrlar şol akyp durlar, olaryň tükeniksiz akymy-da täze-täze döwürleri-zamanalary döredýärler. Zamanalaryň göwsünde bolsa öz şahsy şöhratparazlygyny gandyrmakdan özge maksady bolmadyk ganasuwsan Isgender Zülkarnaýnlar emele gelip, tutuş halklara gan ýuwutdyrýarlar. Giden ülkeleri weýran edýärler. Emma barybir halklar gyrylsa-da, Adamzat — oýlanmaga, söýmäge, gowulygy-erbetligi seljermäge ukyby bolan pähimli jandar — Adam, ýaşamagyny dowam edýär. Soň ýene-de asyrlar geçýär. Ýene-de Çingizlerdir-Temirleňler, Napoleonlardyr-Leninler, Stalinlerdir-Gitlerler döräp, olar ýene-de Adamzadyň daşyna geçýärler. Emma barybir Beýik Adamzat olaryň barysyny başyndan geçirip, ýene-de öňküsi deýin ýaşamagyny dowam edýär. Ýene-de öňküsi ýaly, ol ähli oda ýakylan Jordano Brunolary bilen, diriligine soýulan Nesimilerdir, halk üçin baş goýan Syraklary bilen öňe ymtylmagyny dowam edýär… | |
|
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -10: Çarhy-pelegiň oýny - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||