19:07 Enweriniñ ussatlygy | |
ENWERINIÑ USSATLYGY
Edebi makalalar
Käbir ýagdaýlarda gaznaly, seljuk soltanlary köşk şahyrlarynyň edebi çekişmesine gatnaşypdyr. Şalaryň gatnaşmagynda geçen edebi çekişmeler kähalat garaşylmadyk geň-taň wakalara baý bolupdyr. Bir gezekki Soltan Sanjaryň gatnaşmagynda geçen edebi çekişmede täsin şu waka bolup geçipdir. Bir gün Soltan Sanjar köşk şahyrlaryny ýygnap, olara şeýle ýüzlenipdir: “Hormatly şahyrlar, siz meniň adymy şygyrda ussatlygyňyz bilen ebedileşdirdiňiz. Munuň üçin men size gaty minnetdar. Ýöne men aradan çyksam siz nähili duýguny başdan geçirersiňiz, galamyňyz näme ýazar, şony bilesim gelýär”. Soltan Sanjaryň bu sözünden soňra bir şahyr çykyp, Soltan Sanjaryň ölümini betbagtçylygyň başy diýip, ikinji biri kyýamatyň nyşany diýip, üçünji şahyr bolsa soltanyň ölümini adalatyň soňlanmagy hökmünde beýan edip, elegiýa okapdyr. Garaz, köşk şahyrlarynyň her biri Soltan Sanjaryň ölümi hakynda biri-birinden gynançly elegiýa aýdypdyrlar. Gezek Emir Muizzä ýetipdir. Ol Soltan Sanjaryň ölümini agyr hasrat şeriň şalygynyň başy, adamzadyň bagtyýar ýaşaýşynyň tamamlanmagy, kyýamatyň gopmagy atlandyryp, ajaýyp elegiýa aýdypdyr. Şahyrlaryň hemmesi Emir Muizziniň ölümine bagyşlanan bu elegiýany poezinyň iň ýokary ussatlygy hasaplapdyrlar. Şahyrlar Emir Muizziniň bu elegiýasyndan başga kämil bir goşgynyň bardygy hakynda asla pikirem etmändirler. Gezek ýaşajyk Enwerä ýetipdir: Ol soltanyň ölümini asla bolup bilmejek hadysa hasaplap, beýle şum habary kyýamatyň gopmagy atlandyryp, Soltan Sanjaryň ölmändigini, onuň Allanyň buýrugy bilen başga bir älemdäki dinsizleri dine salmak üçin jesetden janynyň çykyp gidendigini beýan edip, goşgy okapdyr: Ýok, ýok, Soltan Sanjara öldi diýmen, Ýalan şum habary ilede ýaýman. Şahym ölse, jahan lerzana geler, Galat diýmäň, derhal kyýamat bolar. Gitdi soltan, däldir ömrüniň soňy, Eýelemek üçin başga älemi. Diýibersinler, düzelmek ýok küýkä, Iman eder, ýene bir azan taýpa. Hak mekanna gitdi Jahan soltany, Şoň üçin jesetden aýryldy jany. Enweri mertleriň ölmeýändigini baky ýaşaýandygyny nygtapdyr. Edil ýaňy Emir Muizziniň elegiýasyny iň kämil şygyr hasaplap oturan şahyrlar Muizziniň şygrynyň Enweriniň poeziýasynyň ýanynda hiç zatdygyna göz ýetiripdirler. Enweriniň şygrynyň kämil gamgynlygyna şahyrlar, hatda Soltan Sanjaryň özi-de gözýaşyny saklap bilmän aglapdyr. Şol wakadan soňra, Soltan Sanjar buýruk bermese-de, şahyrlaryň ýolbaşçysy Emir Muizziden Enwerä geçipdir, çünki Seljuk soltanlygynda şahyrlaryň iň ussady şahyrlaryň ýolbaşçysy (Emiri şuara) bolýar ekeni. Garaz, çaç harpykdan saýlanypdyr.Şu ýerde şu hakykatam nygtamak isleýärin. Seljuk soltanlygynyň köşgünde Emir Muizzi, Emir Enweri dagy köşk poeziýasyny ölmez-ýitmez derejä ýetiripdirler. Haçanda 1157-nji ýylda Seljuk soltanlygynyň hökümdarlygy Horezm şalara geçip, ol hökümdarlar Enwerini öz köşgüünde gulluk etmäge çagyrýarlar. Emma Emir Enweri olaryň gulluk etmek teklibini inkär edipdir. Munuňam üstesine, Enweri Seljuk soltanlygynyň ýykylmagyna bagyşlap, “Horasanyň gözýaşy” diýen örän kämil poemasyny ýazypdyr. Emir Enweri bu poemasynda Horezm şalara Heý-hat, düýnki gullar bu gün şa boldy, Şeýdip, jahany hasrat gaplap aldy... diýip ýazyp, olary kemsidipdir. Emir Enweri dagy Seljuk soltanlaryny öwüp, Ýerden alyp, Asmana çykarsalaram, agyr pursatda hem bu ussat şahyrlar Seljuk soltanlygyna wepaly bolupdyrlar. Emir Enweri ýaly şahyrlaryň ussatlygy hem wepadarlygy üçin, dünýä poeziýasy altyn harplar bilen olaryň adyny ölmez-ýitmez diýip ýazypdyr. Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |