10:07 Erdogan soramaýarmyka? | |
ERDOGAN SORAMAÝARMYKA?
Publisistika
Žurnalist Baryşlar üçin umumylykda on dokuz ýyl azatlykdan mahrum edilme jezasy talap edilýär! 19 ýyl! Milli howpsuzlyk komitetiniñ (MIT) işgäriniñ gulluk borjuny berjaý edip ýörkä wepat bolandygy barada habar bermekligiñ jezasy tegelek 19 ýyl! - Seresapsyzlyk bilen adam öldürmegiñ şunça jezasy ýok… - Ýaragly adam ýaralamagyñ şunça jezasy ýok… - Garakçylygyñ-ýaragly talañçylygyñ şunça jezasy ýok… - Jynsy zorlugyñ, jyns çygryndaky zorlukly jenaýatlaryñ şunça jezasy ýok… - Ogurlygyñ şunça jezasy ýok… - Adam söwdasyny etmegiñ şunça jezasy ýok… - Döwletiñ pulyny gemirmegiñ, parahorlygyñ şunça jezasy ýok… -Adamy bikanun tussag astyna almagyñ şunça jezasy ýok… -Başganyñ emlägine zyýan ýetirmegiñ şunça jezasy ýok. -Duşman döwlete maddy ýardam etmegiñem şunça jezasy ýok. - Içalyçylyk etmegiñem şunça jezasy ýok… Kim aýdyp biljek? Baryşlar näme etdi? Onuñ günäsi näme? MIT şehidiniñ habaryny bermegiñ jezasy 19 ýyl. Şeýlemi? Eger şeýle bolýan bolsa: - Erdogan entek hiç kimiñ habary ýokka “MİT Liwiýada üstünlikli işleri amala aşyrýar” diýen habaryny eşitmedik-duýmadyk galmady… - Türkiýäniñ Ýokary halk mejlisinde (TBMM) metbugat ýygnagyny geçiren deputat Liwiýada MİT şehitleriniñ bardygyny aýdypdy… - Deputatyñ egindeşleri MİT şehidiniñ habaryny-fotosuratyny internetde-sosial medýada paýlaşypdy… - Manisanyñ çar künjüne şehidiñ jynazasyna gatnaşmaklary üçin habar salyndy… - Şehidiñ jynazasyna “Teşkilat” ýazgyly gül desseleri ugradyldy… Emma… MİT şehidiniñ at-familiýasyny ýazmadyk, maşgalasynyñ kimlerdigini mäkim etmedik, onuñ doglan ýerini görkezmedik žurnalistler üçin tutuş 19 ýyl türme tussaglygy talap edildi! Bary-ýogy bir habar sebäpli 19 ýyl jeza kesmek nämäniñ alamaty? Özü-de birmahal gözenegiñ añyrsynda ýatyp gören Prezident Erdogan “Bu nähili jenaýat? Bu nähili jeza” diýmeýärmikä? • ZORLUK BAR Baryşlar hakynda… Hukugyñ düýp ýörelgeleri aýak astyna alynyp, 19 ýyl jeza talap edilýär! Bir habardan iki sany etmiş çykarylýar: Jenaýat iş toplumynda şeýle diýilýär: - Hem Jenaýat kodeksiniñ (TJK) 329-njy maddasynyñ 1-nji bölegi esasynda jogapkärçilige çekilsinler. - Hemem MİT Kanunynyñ 27-nji maddasynuñ 3-nji bölegi esasynda soraga çekilsinler. Ýagny... Hem “Döwletiñ howpsuzlygy we syýasy bähbitleri bilen baglanyşykly gizlin maglumatlary aýan etmekde” hem-de “Ýörite gulluklaryñ işi bilen baglanyşykly maglumatlary paş etmekde" aýyplanyp jogapkärçilige çekilmeli! Ýogsa-da, şunça basyş etmäge bogunlary ysýan bolsa, bir habardan on etmiş çykarmaly ekeni-dä! Bu iş toplumynda adatdan daşary bir ýagdaý bar: MİT şehidi habary bilen prokuratura Baryşlary MİT Kanunynyñ 27/3-nji maddasyna esaslanyp tussag astyna alma kararyna geldi. Tussag astyna alynmagyñ özem şu madda esasynda amala aşyryldy. Jezalary ýerine ýerine ýetiriş kazyýeti-de (Sulh Ceza Hâkimleri) şu madda esasynda tussag astyna alma kararyny berdi. Birdenkä… Näme bolsa boldy… MİT Kanunynyñ 27/3-njy maddasy esasynda açylan iş topluma TJK-niñ 329/1-njy maddasy-da goşuldy. Şeýdibem… Umumy jezalar kazyýetine gitmeli iş toplumynyñ Agyr jezalar kazyýetine ugradulmagy gazanyldy. Şul ikiarada başga nämeler bolup geçdi? Mejlisde Jezalary ýerine ýetirme kanuny (İnfaz Yasası) ara alnyp maslahatlaşylýarka, gije sagat 03:00-da operasiýa geçirildi; MİT bilen baglanyşykly etmişler “günä geçişligiñ” daşyna çykaryldy! Bütin bularyñ diñe MİT şehidi habary üçin edilýändigine hiç kim meni ynandyrmaga synanyşmasyn. Baryşlaryñ jezalandyrylmagynyñ düýp sebäbi näme? Kanun oýunlary bilen syýasat ýöretme hukugy elinden alynan Prezident Erdogan “Bu zorluk nämäniñ alamaty?” diýenokmyka? • SYR GALDYMY BERI? Muña Türkiýe diýýärler... Bu ýurtda diñe žurnalistler günäkärlenýär! Döwletiñ howpsuzlygy meselesinde şolar ýaly sak bolýan bolsañyz, ýeri näme üçin onda halkyñ we syýasy partiýalaryñ wekilleriniñ jynaza gatnaşmagyna ýol berdiñiz? Ýeri, muña-da "kontrrazwedkanyñ kemçiligi" diýeliñmi; çakylykdan habardar bolan MIT-iñ işgärleri näme üçin jynaza gatnaşdylar? Eý-ho, partiýanyñ işgäri olary surata alyp dur, näme edip dursuñ diýip onuñ eline kakýan ýok! Köp sorag bar, iñ gowsy geçäýeliñ-le… Howpsuzlyga şolar ýaly üns berýän bolsañyz, merhumy MIT binasynda iñ soñky ýoluna ugratsañyz has dogry bolmazmydy? Olam hiç, “Teşkilat” ýazgyly gül desselerini ugratmak nämäniñ alamaty? Ýeri bolýa-la… Degişli ýolbaşçylar bu boýunça jogapkärçilik çekenok, olardan sorag-ideg edilenok, emma žurnalistlere 19 ýyl azatlykdan mahrum edilme jezasy talap edilmeli. Şeýlemi? Hawa, muña Türkiýe diýýärler, günäkär mydama žurnalistlerdir! Mundan iki ýyl öñ, 2018-nji ýylyñ 8-nji martynda 16-njy Jezalary ýerine ýetiriş edarasy (Yargıtay 16. Ceza Dairesi) şu karary çykarypdy: -“Gizlin saklanmaly maglumat köpçülige mälim edilip, hemmeleriñ bilýän zadyna öwrülen bolsa, ol eýýäm syr hasap edilmäge degişli däldir…” Şeýle-de bolsa, hiç hili alamatlarynyñ ýokdugyna garamazdan jenaýat iş toplumyna näme üçin zor bilen TJK-niñ 329/1-njy maddasy goşuljak bolunýar? Galyberse-de deputat Ümit Özdag hakyndaky Ankara prokuraturasynyñ taýýarlan iş toplumynda-da diñe MİT Kanunynyñ 27/3-nji maddasy orta atylýar! Nämeler bolup geçýär? Prezident Erdogan “Bary-ýogy bir habar sebäpli 19 ýyl türme tussaglygy bolarmy?” diýip soramaýarmyka? Soner ÝALÇYN. 28.04.2020 ý, "SÖZCÜ" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||