19:50 Erdoganyñ ýatdan çykaran iki şahsy | |
ERDOGANYÑ ÝATDAN ÇYKARAN IKI ŞAHSY
Publisistika
Sabiha Sertel… Uçramadyk haksyzlygy, ezýet-horlugy galmadyk zenan. Ýurduny taşlap gitmäge mejbur edildi. Soñam Türkiýä girmegine rugsat berilmedi. Watan küýsegini gidermek üçin "türk ýurdy" diýip Azerbaýjanda ýaşady we 1968-nji ýylda aradan çykdy. Mazar daşyna: “Ölsem görmezden umyt etdigim feýzi, ýazylsyn sengi-gabrymda, watan mahzun, men mahzun.” Sabiha Sertel žurnalistdi. Okkupasiýa döwründe Stambulda Halide Edip bilen mitingden mitinge ylgamady, “Büyük Mecmua” žurnalyny çykardy. Žurnal iñlisleriñ buýrugy bilen ýapyldy. Halide Edip köp göze-dile düşýän Sabiha Serteli (we onuñ žurnalist adamsy Zekeriýa Serteli) başlaryna bir bela geläýmesin diýip, Nýu-Ýorkuñ Kolumbiýa uniwersitetine okuwa ugratdy. Serteller Nýu-Ýorkda-da boş ýatmady. Mühendis Hamdi, Salih Zeki, Taşköprüli Ysmaýyl beýler bilen bilelikde Türk raýdaşlyk jemgyýetini (Turkish Welfare Association) gurdy. Guranlaryñ arasyndaky ýeke zenan bardy, olam - Sabiha Sertel. Jemgyýetiñ birinji başlygy-da şoldy. Birinji eden işleri - Azat-edijilik urşuna kömek etmek üçin toplan 92 müñ dollarlaryny Ankara ugraymak boldy. Ikinji eden işi bolsa, Nýu-Ýorkda musulman gonamçylygyny açdy. Mazar daşlaryna ýarymaýyñ şekilini goýdurdy. “Birlik” gazetini çykardy. Gürrüñ berjek zatlarym gutarmady: • AKDIK TEKLIP BERDI Türk raýdaşlyk jemgyýeti (Türk Teavün Cemiyeti) ABŞ-na göç eden birinji nesil türkleriñ guran ilkinji jemgyýetçilik guramasy we Nýu-Ýorkdaky ilkinji türk lobbisidi... Wagtyñ geçmegi bilen Nýu-Ýorkda türkleriñ ilaty artdy. Türk Hars (Medeniýet) bileleşigi ýaly guramalaryñ sany ýigrimiden geçdi. Bularyñ biri-de Türk jemgyýetleri federasiýasydy. Başlygy Muhittin Akdikdi. Missuri uniwersitetini tamamlap, Bilim ministrliginiñ dürli bölümlerinde işlän Akdik 1960-njy ýylda Tehas uniwersitetiniñ talyplarynyñ gutardyş gününde söz sözlemek üçin çagyrylanda şu pikiri orta atdy: “Nýu-Ýorkda "Türkevi" ("Türk öýi") açalyñ.” Teklipden soñ türk guramalary bina satyn almak üçin pul toplamaga başlady. Emma ýeterlik pul jemläp bilmändikleri üçin goýbolsun edildi. Aradan kän wagt geçmedi: ýetmişinji ýyllar... Türkiýe-ABŞ gatnaşyklary haşhaş (neşe) önümçiliginden Kipr urşuna çenli mazaly bulaşdy. Nýu-Ýorkdaky türkler lobbi işlerini bir merkezden dolandyrmak üçin “Türkevi” maksatnamasyny orta atdy. Şol wagtyñ Daşary işler ministri Ihsan Sabri Çaglayangiliñ goldawy bilen 2.3 million dollara Nýu-Ýorkda bina satyn alyndy. Bina 1958-nji ýylda gurlan, 12 gatly we 45 metr belentlikdäk kompýuter tehnologiýasy "IBM"-iñ adminstratiw merkezidi… • ATATÜRK ADYNDAKY MEKDEP 1977-nji ýylyñ 3-nji oktýabry. Daşary işler ministri Ihsan Sabri Çaglaýangil we Maliýe ministri Jihat Bilgehan dabaraly ýagdaýda “Türkevi” merkezini açdy. "Türkevi" 29-njy oktýabr respublika baýramy mynasybetli BMG-nyñ türk delegasiýasynyñ eýeçilik etmeginde uly bir resepsiona guramaçylyk etdi. Dabaraly açylyşa BMG-nyñ baş sekretary Kurt Waldheim başlyklaýyn, 149 ýurduñ wekili, amerikan kongresiniñ agzalary, "Oskar" baýragynyñ eýesi Joan Fontaine ýaly tanymal şahslar gatnaşdy. "Türkevi" merkezinde Fikret Mualla, Şakir Ejzajybaşy ýaly suratkeşleriñ sergisi açyldy. Gynansak-da... Türk çagalaryna bilim berýän Atatürk adyndaky mekdebi-de öz içine alýan merkeze 1980-nji ýylyñ 12-nji oktýabrynda "ASALA" hüjüm etdi, dört adam ýaralandy. 2006-njy ýyl. "Türk öýüniñ" ýanyndaky bina 5.5 million dollara satyn alyndy. Iki bina 2017-nji ýylda ýykylyp, 1.1 gektar ýerde 291 million dollar harçlanyp, 36 gatly, 171 metr beýiklikde täze bina guruldy. Erdoganyñ geçen gün dabaraly ýagdaýda açan "Türk öýüniñ" taryhy kyssasy, ine, şeýleräk... Şübhesiz... Dünýäniñ iñ uly maliýe merkezi bolan Manhettende BMG-nyñ ştab-kwartirasyndan "Empire State", "Broadway"-den "Times" ploşadyna goñşy bolup oturmak heýjanlandyryjy duýgy. Hem... Erdoganyñ açylyşda Demireli, Çaglaýangili ýatlamagy we binany birinji satyn alanda pul kömegini eden Kipr türkleriniñ Prezidenti Ersin Tatary açylyşa çagyrmagy gutlanmaly zat. Käşgä Serteldir Akdige-de minnetdarlyk bildiren bolsady... Şeýle-de... Täze binada läle motiwli tradision arhitektura bezegleri ulanyldy diýilse-de, şol ýere golaý ýerdäki "Trump Tower" aýna binasynyñ arhitektura gurluşyny gaýtalamak nämäniñ alamaty? Nirden tapdyñyz "Perkins Eastman" ýaly gurluşyk şereketlerini? Binanyñ diñe ady däl, käşgä, arhitektura gurluşy-da “Türk” bolsa bolmaýamy. Ýeri: 1971-nji ýyldan bäri işläp gelýän Atatürk adyndaky mekdep täze binada-da öñki ady bilen işleýär dälmi? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 22.09.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |