22:00 "Eseriñize" prezentasiýam | |
"ESERIÑIZE" PREZENTASIÝAM
Publisistika
Bir gün… “Jüpbeli” lakamy bilen tanalýan ysmaýylaga jemagatynyñ belli wagyzçysy Ahmet Mahmut Ünlü maña jañ etdi: - Atatürk meselesinde ODATV-ä reportaž bermek isleýärin! Geñ galdym. Ýeke söz jogap gaýtarmankam sözüniñ üstüne goşdy: - Halkymyzyñ añyny gaty kän bulaşdyrýarlar. Kärdeşim Baryş Pehliwan Jüpbeli hojanyñ öýüne gidip ondan reportaž aldy. Jüpbeli şeýle diýdi: – Watany Mustapa Kemal halas etdi. Muny halas edene nädip duşman boljak. Ony halamadyksyran bolmagyñ näme manysy bar? Meselem, halyflygy ýatyranda-da, iññän eserdeñ hereket edipdir. Şol wagtyñ şertlerini bilmän peýdadyr zyýanyñ hasabyny edip bolmaz... Atatürküñ halypamyz Mahmut ependiniñ halypasy Hajy Aşykkutly ependä beren rugsatnamasy bar... Ol Ankara gidip, Atatürk bilen duşuşypdyr, şonda ol "Biz nämüçin seniñ ýaly adamlaryñ Kuran okatmagyna rugsat bermäliñ..." diýipdir. Atatürk synlandyr, tanandyr, bu adam hakykatdanam dini ýoýujylardan däl, hakyky din adamy, Kuran okatmakçy, şoñ üçinem oña rugsat beren bolmaly... Meniñ şular ýaly bilýän näçe sany ýerim bar... Meselem, tefsir ýazdyrmagy... Buharyny terjime etdirmegi... "Bu millet näme okaýanyna düşünsin" diýmegi... Elmalyly Hamdi Ýazyr ýaly şol günüñ saýlama ehlisünnet alymyndan birine ýazdyrmagy... Din işleri ministrligini gurmagy we goldamagy... Şu ýerde namaz okaýarys, şu ýerde Kuran okaýarys, zikir edýäris. Alla munuñ üçin jan eden, pidakärlik çeken ähli eždatlarymyza rehmet etsin. Atatürke duşmançylyk edip, bulaşyklyk döretmegiñ hiç kime peýdasy ýok... • JÜPBELIDENEM YZA GALMAK Nagyşbendiligiñ halidi şahasyna degişli ysmaýylaga jemagaty berk konserwatiw ýörelgelere bagly dini toparlardan biri... Ýokardaky pikirler bu jemagatyñ adamy Jüpbeli Ahmet hojanyñ Atatürk hakyndaky garaýyşlary... Şunuñ üstünde durup geçmekçi: Stambuluñ Kabataş oglanlar liseýiniñ ýatakhanasynda Atatürküñ portretini pyçaklan çagalaryñ bolşuny ODATV halkyñ dykgatyna ýetirdi. "SÖZCÜ" gazeti habary derhal baş sahypasyna goýdy. Wakanyñ 114 ýyllyk taryhy bolan baýry liseýleriñ birinde bolup geçmegi sarsgyn döretdi. Atatürke gönügen ýigrenjiñ nähili gahar-gazap döredýändigi wideoda görnüp dur. Ýeri: - Liseýiñ birinji synp okuwçylary haýsy ruhy ahwalda Atatürküñ suratyny pyçak bilen eleme-deşik edýär? - Bu ýigdekçeler Anadoluda nähili bilim-terbiýäni aldy? - Atatürküñ suratyny pyçaklap ar alýandyryn öýtmegi bu oglanlaryñ gulagyna kimler guýdy? - Bu oglanlary Atatürküñ suratyny pyçaklajak derejede bitakat, gylyksyz, agressiw edip kimler ýetişdirdi? Rehim-şepagatsyz linç medeniýetini nireden edindikä bu üç çaga? Çagalardan biri Atatürküñ suratyny yzly-yzyna pyçaklap durşuna şeýle diýýär: - Çagasam ýok eken, hiç nebsim agyranok. Azyndan üç çaga! Bu jümle olaryñ haýsy syýasy atmosferadan täsirlenýändigini görkezmeýärmi? Garşymyzda täze "taslanan" ýaşlar bar, hatda FETÖ-çy "altyn nesildenem" yzagalak zannyýaman nesil... • KIMIÑ BILINDEN ÖNEN ESER Waka 29-njy sentýabr güni Respublika baýramçylygy gününde bolup geçýär! Bar ýigrençleri Atatürküñ üstünden atanak çekmek... Ol bezzat çagalar Respublikamyza-da, onuñ baýram edilip bellenmegine-de garşy, gözlerinde oky bolsa urjaklar! Bu çagalaryñ gözlerini kim "kör" etdi? Portreti pyçaklaýan ýigdekçäniñ kakasy Anadoluda bir etrabyñ bilim bölüminiñ müdiri! Portreti pyçaklaýan ýigdekçäniñ ejesi-de Anadoluda bir şäheriñ bilim bölüminiñ müdiri! Bilim ministrligine wekilçilik edýän iki pedagogyñ çagasy Anadoluda haýsy täsiriniñ astynda galyp, Stambulda Atatürküñ suratyna bar hylty bilen pyçak urar ýaly derejä geldi? Munuñ üstünde durmagymyz gerek dälmi? Hudaý bersin! "A Haber TV" we "Sabah" gazeti habari şeýle berdi: “ODATV-nyñ wagtyny peýlän Atatürk prowokasiýasy elinde ýaryldy! Wakanyñ bolan ýeri Kabataş oglanlar liseýine däl-de, Saryýer munisipialetine degişli ýer.” Ýazýan zatlary durşuna ýalam, ýöne dogry hasap edeliñ, bu nämäni üýtgedýär? Mesele liseýiñ bir okuwçysynyñ Atatürküñ portretine dowamly pyçak sünçmegi we ýanyndakylaryñ ony oñlamagymy? Muña meñzeş wakalarda häkimiýet we onuñ mediýasy ýalan-ýaşryklara ýüz urup, hakykat bilen ýüzleşmekden gaçýar. A düýp mesele bolsa, bu çagalaryñ psihologiýasynyñ nirede, nädip bozulandygy? Jansyz portretden hyltyñy çykaryp, pyçak sünçmek akyla sygjak iş däl... Çagalar ýigrenç beslemegi, warwarizme ýönelmegi nireden öwrendi? Eden etmişlerine bir ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy garaşýanam bolsa, ýetişip barýan çagalaryñ tussaghanalara girmegini islämzok. Biziñ isleýänimiz - häkimiýetiñ öz "bilinden önen eseri" bilen ýüzleşmegi... Biziñ isleýänimiz - Atatürke arka çykma babatda Jüpbeli kimin mert bolmagy... Bilim ministrligi bilen bir hatarda häkimiýet gulagyna pagta dykyp gezerin öýtmesin. Dymmak - kabul etmek, bolýan bu gabahatlyklary oñlamakdyr. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 12.01.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |