12:35 "Futbol" diýlende näme ýadyňyza düşýär? | |
"FUTBOL" DIÝLENDE NÄME ÝADYÑYZA DÜŞÝÄR?
Elbetde, bu sorag berilende köp adamyň ýadyna häzirki wagtda dünýä belli futbolçylar K.Ronaldo, Messi, Neymar... ýa-da Ýewropanyň ady belli futbol toparlary FC.Barselona, Real Madrid, Juwentus ýaly toparlar düşýändir. Bu futbol toparlarynyň hem futbolçylarynyň hem oýunda güýçlidigine sözüm ýok. Ýöne häzir ýoň bolan haýsydyr futbol toparyna ýada oýunçysyna janköýerlik etmek häsiýetim ýok. Geň galmaň! Hakykatdanam häzir hiç oýunça ýa topara janköýerlik edemok. Sebäbi men haýsydyr bir daşary ýu rtly oýunça dälde, "Aman, Çary, Serdar..." diýip futbolda öz türkmen oglanlarymyza janköýerlik edesim gelýär... Arzuwda bulam... Başdaky gürrüňe dolansak. Menä "futbol" sözi agzalanda 2002-nji ýylda Ýaponiýa we Günorta Koreýada geçirilen futbol çempionaty ýadyma düşýär.Şol wagtlar 9-ýaşymdadym. Köçede oglanlar bilen oýnaýan futbolymyzda,telewizordan gören şol çempionatdaky ýurtlaryň atlaryny öz toparlarymyza, oýunçylaryň atlarynyň ýadymyza galanlaryny hem özümize dakyp oýnaýardyk. Köplenjem men Braziliýaň milli ýygyndysynyň şol wagtky oýunçysy Ronalda "bolup" oýnardym. Bir gezegem toparymyz utulmaga başlansoň men: "Bu oýun hasap däl,karam bolýa. Men Ronalda. Ronalda bolsa hijem utulmaýa. Ronaldaň toparynyň derwezesinden munça gol geçirip bolmaýa. Gollaryňyz hasap däl!" diýip dawa başladym. Toparymyzyň derwezesi bolup hyzmat edýän iki sany kerpiçiň her haýsyny bir gapdala zyňyşdyrdymda "Ynha biziň derwezämizem ýok. Gollaryňyz köýdi" diýdim. Oýnap ýören topumyzyň meňki bolanyndanmy ýa başga sebäpdenmi bilmedim garşydaşlarymyzyň beýleki oýunçylary närazy hüňňürdeşdiler diýäýmeseň başga üýtgeşik zat etmediler. Ýöne aňyrky köçeden gelip biz bilen oýnaýan,bizden iküç ýaş uly Guwanja welin "gollarynyň köýeni" gaty agyr degen bolmaly.Ol alkymyma dykylyp geldide "Näme diýdiň? Gaýtala hany!" diýip gahar bilen aýtdy.Menem birä "Gollaryňyz köýdi" diýenimi bilýän. Birem Guwanjyň çep eliniň ýokaryk (Guwanç çepbekeý. Häzirem obada Guwanç atly köp bolansoň "Haýsy Guwanç?" diýilse "Guwanç çepbekeý" diýilýä.) galanyny bilýän. Bir seretsem men futbol boýunça dünýä çempionatynyň final oýnunda Braziliýanyň düzüminde oýnap ýörün. Ronalda, Ronaldinio dagy hem meň ýanymda ylgaşyp ýörler. Stadionda bolsa Nury Meredowyň "Ökde oýunçy diýen adyň bar. Derwezä ur sen bir top ýadygär."-diýen aýdymy ýaňlanyp dur... Ýüzüme sepilen suwa özüme geldim. Stadion nire,beýleki nire... Häzirem köçämizde 9-10-ýaşlaryndaky oglanjyklar köp tüweleme. Futbol oýuny hem telewideniýeden yzygiderli görkezilip dur. Ýöne köçede futbol oýnaýan welin näme üçindir ýok... "Her döwür-bir döwür" diýlenidirdä... Ýogsada "Futbol" diýlende näme ýadyňyza düşýär?! | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||