09:32 Futbolçylaryñ adaty bolmadyk belgileri | |
FUTBOLÇYLARYÑ ADATY BOLMADYK BELGILERI
Sport we turizm
• Samorano we 1+8 belgisi Iwan Samorano Italiýanyň «Inter» toparyna gelip goşulanda, şol wagt hüjümçilere adat bolan 9-lyk belgini saýlaýar. Soňra topar Roberto Bajony we şol döwürler dabarasy dag aşan Ronaldony hataryna goşýar. Bajo özüne 10-lyk belgini, Ronaldo bolsa Samoranodan 9-lyk belgini alýar. Şundan soňra Samorano adaty bolmadyk işe baş goşýar we 18-lik belgini saýlaýar. Ertesi gün bolsa sanlaryň arasyna + belgisini goýup, meýdança çykýar (1+8-iň 9-lygy aňladýandygy öz-özünden düşnüklidir). Toparyň ýolbaşçylary iki hüjümçiniň arasyndaky meseläniň çözülendigine guwanyp, oňa şol belgide oýnamaga rugsat berýärler. Futbol dünýäsindäki bu özgerişligi amala aşyran Samorano bäsdeşinden her bir ugurda-da asgyn gelmän, ajaýyp futbol möwsümlerini geçirýär. Onuň şol belgisi «Inter» toparynyň muzeýinde şol günlerden ýadygärlik hökmünde saklanýar. • Zerouali we 0 belgisi Marokkoly futbolçy Zerouali Şotlandiýanyň «Aberdin» toparyna goşulan wagtlary onuň familiýasyna topardaşlary gülüşýärdiler. Sebäbi «Zero» sözi iňlis dilinden terjime edilende, 0 sanyny aňladýardy. Zerouali bu ýagdaýa gowy tarapdan seredýär we özi üçin 0 belgini saýlaýar. Ol «Aberdin» toparynyň düzüminde şu belgi bilen oýnaýar we taryha 0 belgide oýnan ilkinji futbolçy bolup girýär. Emma ol Şotlandiýanyň toparynda ýekeje möwsümi geçirýär. Iň gyzykly tarapy hem onuň şertnamasynyň gutaran ýyly (1998-nji ýyl) FIFA 0 belgide oýnamagy gadagan edýär. «Aberdin» bolsa Zeroualiniň «meşhur» 0 belgisini ulanmazlyk şertinde mydamalyk saklaýar. Hakykatdan hem, bu belgide başga hiç bir futbolçy islese hem oýnap bilmeýär. • Kampos we 9-lyk belgi Meksikanyň «Meheko» toparynyň derwezeçisi Horhe Kampos 9-lyk belgide oýnap, futbolyň taryhyna girýär. Ol 16 ýaşa çenli hüjümçi bolup oýnaýar, soňra bolsa derwezeçilige geçýär. Oňa haýsy topardan teklip düşse hem 9-lyk belgide oýnamagy şert edýän eken. Kampos öz futbol ýolunyň dowamynda hiç haçan 1-lik belgide oýnamadyk az sanly derwezeçilerden biridir. Ondan şu belgi barada soralanda, hemişe: «Bu belgi meniň ýaşlygymy ýatladýar. Diňe şol sebäpden hem özümi gowy duýýaryn» diýip jogap berýän eken. Ol futbol äleminde täze sahypa açan derwezeçilerden biri bolup ýatda galýar. • Bular üç belgili sanlarda oýnadylar Awstriýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Andres Herzog UEFA tarapyndan üç belgili sanlarda oýnamaga rugsat berlen ýekeje oýunçydyr. Ol özüniň ýubileý, ýagny 100-nji duşuşygynda şu belgide meýdança girýär. Awstraliýanyň milli ýygyndysy AFK-nyň düzümine goşulan wagtlarynda birnäçe futbolçylar ýygyndy toparda üç belgili sanlarda oýnaýardylar. Özleriniň täze yklymdaky başky oýunlarynyň birinde Tomas Oar 121-lik belgide meýdança çykýar. Ilki-ilkiler FIFA muňa rugsat berýär. Soňra bolsa AFK-nyň resmi talaby bilen FIFA Awstraliýanyň ýygyndysynyň oýunçylary üçin beýle belgilerde oýnamagy gadagan edýär. Meksikanyň «Çiwas» toparynyň hüjümçisi Adolfo Boatişta çagalygyndan başlap 100-lik belgide çykyş edýär. Futbolçynyň belgileriniň aşagyna ejesi aradan çykandan soň, onuň köplenç ogluna aýdan jümlesi—«Bofo my Angel» («Bofo—meniň perişdäm») diýlip ýazylypdyr. Taýýarlan: Narly ATAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |