16:25 Gahrymanyñ gelni / hekaýa | |
GAHRYMANYŇ GELNI
Hekaýalar
Ertirki boljak dabarany ýazmagy redaksiýa maňa tabşyrypdy. Giç öýlänler oba gelip ýetdim. Gahrymanyň ady öňden maňa tanyş bolsa-da, onuň doglan obasyny birinji sapar görýärdim. Kesesinden syn edäýmäge üýtgeşik zat ýok, görüp ýören obalarmyzyň biri ýaly oba. Elektrik çyrasy, radiosy bar. Depesi şifrli hem şifrsiz kerpiç tamlaryň üstünde dikelşip duran telewizor antennalary görünýär. Obanyň ortasyndan uly köçe geçýän ekeni. Agşamara baramsoň onuň ugry gaýda-gaýmalaşyk adam. Myhmanhanada eglenmän köçä çykdym. Iki gyrada bir meňzeşräk eýwanly jaýlaryň hatary uzalyp gidýär. Töwerek-daşda çagalar oýnaşyp ýör. Ýoldan geçýän ulaglaryň yzyndan galýan tozan şemalsyz howada mahaly bilen dargasy gelenok. Çaň-tozan golaýdaky agaçlaryň ýapraklarynyň üstüni ak örtük bilen basyrypdyr. Men üç-dört aý bäri oba garasyny görmedigem bolsam, häzir bu zatlara onçakly gözüm eglenmedi. Olar maňa ýakymlydy, ýöne obada önüp-ösemsoň adaty görnüş bolup görünýärdi. Onsoňam, biraz howlukmanam duramokdym. Garaňky düşmänkä gahrymanyň ýadygärliginiň oturdylan ýerini synlamakçydym. Ol ýer myhmanhanadan uzak däl ekeni. Uly ýoldan bolaýsa on-ýigrimi ädim sowaşyk, at gaýtarym giňlikdäki meýdança. Golaýda arassalapdyrlar, gyrak-çetde guran ot-çöpleriň üýşmekleri ýatyr. Meýdançanyň gaýra çetinde gahrymanyň adam boýundan beýigräk býusti daşyna ak mata örtülgi dur. Ertir Ýeňiş güni. Bu arassa meýdana goňşy obalardan, golaýdaky şäherden köp-köp adam geler. Uly obanyň ýerden ýöräni ýygnanar. Dabara hasam çagalaryň göwnünden tursa gerek. Olar ýadygärligiň öňünden hatar tutup geçjek awtomatly esgerlere höwes bilen serederler. Top-tüpeň atylanda gorkmaklaram ähtimal, ýöne bu dabara olaryň hemişe ýadynda galjagyny bilip durun. Töwerege ser saldym. Ýadygärligiň boş meýdanyň öňünde goýulmagy maňa düşnüksizem bolsa, hiç kimden häzir soramaýyn diýdim. Sorasam nätanyş adam hökmünde adamlaryň özara gürrüňden ünslerini sowmagym mümkin. Ýadygärligiň öňünde dört adam durdy. Olaryň biri başy seleň telpekli ýaşuly, beýlekileriniň ýaşy, çakym çak bolsa, otuz bilen kyrkyň aralygynda bolmaly. Uzyn boýly biri başardygyndan gahrymanyň keşbini suratlandyrdy. Onuň aýtmagyna görä Nazaryň orta boýy bolupdyr. Agaçet, ýöne süňklek ekeni. Gepläninden ýylgyranyny kem görmändir. Setanda-seýranda gahary gelip, betine tutsa köşeşdirmek iş bolardy diýende töwerekdäkiler baş atyp onuň aýdanyny tassykladylar. Nazar entek ýetginjeklikdenem oňly saýlanmadyk mahaly, onunjy klasda okap ýörkä fronta gidipdir. Mugallymlar üçin henizem ol okuwçy Gylyjow Nazar, klas žurnalynda-da ady hemişelik galmaly edildi diýdiler. Uzyn boýly adam has gyzyşdy: — Men-ä walla, pronta ugralanda-da beýlekiler ýaly şoň bir geplänini bilemok. Mölterip bir hili ýylgyryp duran-a göz öňüme gelýä... Oňa görä kelteräk biri ýadygärligiň daşyndaky ak matany sypalap: — Suratçy meňzedip bilen bolaýsa bolar weli... — diýip gürrüňi başga ýana sowdy. Onuň şübhesi duranlary ýekän-ýekän geplemäge mejbur etdi: — Muny ýasan ussa-ha ýaş oglanmyş diýýäler. — Wah, menem şony bilemsoň şeý diýýän-dä. Ozalynda Nazary gören adam ýasaýan bolsa, göwnüňe jap-jaý boljak weli... — Hany başlyk dagy görüp halanmyş diýýäler-le. Ýene uzyn adam gepledi: — Başlygyň öz-ä Nazary gowy tanamalydyr. Şolar gospitilde-de bile ýataýypdyrlar öýdýän. — Biçem däl özi. Hol gun şu uly köçä-de Nazaryň adyny dakaýsak diýip gürrüň gozgan ilki başlykmyş. Şol mahal köçeden geçip barýan aýagy ýalaňaç oglanjygam sowulyp olara goşuldy. Gelşine ilki býusta seretdi, soňam gürrüňiň näme barada barýandygyny biljek bolýan ýaly gepläniň agzyna garap başlady. Gezek ýaşula geldi. Ol örän wajyp zat aýdara çemeli ýagdaýda bir-iki ädim öňe ätläp, duranlardan saýlandy. Başlamanka adamlaryň ýüzüne birlaý seretmäge-de ýetişdi. Soňam bada-bat olaryň şübhesini ýatyraýjak ýaly örän ynamly äheň bilen her sözüne agram salyp gepledi: — Oh-how, adamlar, özi şuny ýasan ussa ýaşam bolsa ýeser bolmaga çemeli. Ýadyňyza düşýän bolsa, Nazar neresse ediljek şu ýerden pronta ugrandyr. Ol soňra aýagyny basyp duran ýerine seredişdirip: — Allajanlarym, eger ýalňyşmaýan bolsam, ynha, şu meniň häzirki duran ýerimde purgun durdy — diýdi. Ýaşuly uzyn adama elini uzadyp dowam etdi: — Garly, seň duran ýeriňde-de Nazar ejesi pakyr bilen durdy dälmi? O aňyrdanam köneje salma geçýärdi. Şu ýadygärligiňem şol salmaň bir raýyşynyn üstünden düşen bolaýmagy gaty ähtimaldyr. Uzyn adam geplemän diňe öwran-öwran baş atdy. Ýaşuly säginip, soňam başky pikirine dolandy. — Ýaş diýsenizem, ussaň şu zatlary bilişine meň-ä synym oturdy. Bi ilerki giňişlikde-de köne mekdebiň jaýy bolardy. Sonabakalar ganym sarygarynja agaçlaryny iýip gutaraýypdyr. Uruş gutaraýan uçurlarynda ýykmaly boldy. Ýaşulynyň ýüzünden gözüni aýyrman duran oglan inçejik sesine bat berip bardygyny bildirdi. Ol: — Şu taýdan ýene mekdep salýalar-da — diýdi. Duranlaryň özüne seretmeklerinden sözüme ynanmajak bolýandyrlar diýen many çykaran ýaly ol çaga erjelligi bilen gepledi: — Ynanmasaňyz mugallymdan soraýyň, şu gün aýtdy. Ýaşuly çaganyň howsalasyna düşünip, köşeşdiriji äheňde: — Gowy edýäler salsalar, köşeş — diýdi. Emma çaga köşeşmedi, gaýta kalbyndaky ähli begenjini aýdaýmasa ynjalmajak ýaly göründi: — Mekdebimize-de Nazaryň adyny dakýalar... Ýaşuly ýadygärlige gaýtadan garap: — Bi ýigit goç ýigitdir, goç ýigide bolsa edeniň azdyr — diýdi. — Ynha, görersiňiz weli, men-ä şol ussa ýigit Nazaryň ediljek özüni ýasadymyka diýýän. Sebäp diýseň, oň elinde Nazar neressäň prontdan ýollan suraty bar diýip uly oglum aýtdy. Oglanjyk ýene durup bilmän: — Şo suraty oňa Nazaryň gelni beripdir-dä — diýdi. Bu söz duranlara üýtgeşik bir täsir etdi. Olar oglana ýalta seretdiler. Oglanjyk bolsa ahyry ululary haýran galdyranyna begenýän şekilde çaga ýönekeýligi bilen ýylgyrdy. Emma duranlaryň ýüzünde şatlykdan nam-nyşanyň ýokdugyny görende gözlerini petretdi, soňam bada-bat günäsini boýna alan dek süllerip aşak bakdy. Munuň bilen çaga garaýan gözlerdäki düşnüksiz hem duýdansyz gahar köşeşmedi. Ýaşuly «sen nireden çykdyň» diýen manyda birinji gezek oglanjygyň ýüzüne çiňerildi. Bir zatlar diýerli göründi. Soňam gapdala elini silkip goýberdi weli, onuň bu hereketi, ýumruk ýaly oglana düşündirip durmak nämä gerek diýen manyny berdi duruberdi. Ol duranlara yşarat berýän ýaly ardynjyrap gitme bilen boldy. Oglanjyk henizem butnaman durşuna dargap barýan adamlara seredýärdi. Her niçigem bolsa, uzyn adam onuň gapdalyndan biperwaý geçmedi. Oglanyň üstüne eglibräk durdy-da herreldi: — Gaýdyp ýaňkyň ýaly samsyklaýmagyn. Nazaryň gelni ýokdur! Ol germeçli ädimlerini urup, ýoldaşlarynyň yzyndan ýetdi. Oglanjyk weli, henizem butnaman durşuna oňa garap hyrçyny dişledi. Gözjagazlary tes-tegelek boldy. Hamala, bigadyr adamlara gowy habarlar aýdyp begendirmek üçin alada galanyna gynanýan ýalydy. Meniň düşünişimçe uzyn adamyň käýinji ýerliksizdi. Keseden gelen bolsamam oglanjygyň mamladygyny tassyklamaga delilim bardy. Nazar fronta gidende yzynda ýaş gelniniň galandygyny aýdypdyrlar. Ol uruş gutaranda garaşypdyr, iki ýyl geçipdir, garaşypdyr. Ahyry ýalňyz galan juwan maşgala goňşy obadan bir adama durmuşa çykypdyr. Indi onuň ýetişen gyzy, ýigit çykan ogly bar diýdiler. Dogry, adamlaryň ýaňky bolşuny göremde menem şübhelenmän durmadym. Hemme aýdylýan gürrüň dogry bolup hem duranok ahyry! Belki, uzyn adamyň sözünden soň çaga-da aldananyna ökünýändir! Men oňa has golaý bardym. Ol maňa geňirgenme bilen seretdi, duluklary gyzardy. Ýaňky habary üçin gele-gelmäne menem üstüne haýbat atyberer öýden bolmagam ähtimal. Şu ýagdaýy aňyp ýylgyrdym. Çaga bolsa gaharyna bäs gelip bilmedik ýaly agaçlaryň arasynda garasy ýitip barýan adamlaryň yzyndan garap: Şoň-a gelni bar... — diýdi. Bu söz ulularyň öňünde çaganyň iň gowy subutnamasydy. Men oňa kemsiz ynandym. Çaga ululardan göwni galansoň meniňem ýüzüme ätiýaçly garady-da, ýaňky adamlaryň ters ugruna ylgady gitdi... Aý aýdyň gije başlandy. Men henizem ýadygärligiň gapdalynda durdum. Oba adamlary bolsa, hamala, ertirki dabaradan öňürti mazaly dynç almagy ýüreklerine düwen ýaly köçeden ýygnanypdylar. Meýdançada diňe men. Kellämde ýüz dürli hyýal. Ertirki dabaranyň beýanyny nähili başlarkam?.. Şu günki gürründen başlasam kem bolmajak ýaly bolup dur. Ýaňky bolan wakany gaýtadan göz öňüme getirýän. Kimi ýazgarmaly?.. Duruň, duruň... Ahyry şeýle pikir kelläme gelýär. Öňi bilen urşy ýazgarmaly! Öz pikirime gümra bolup durkam meýdançanyň aňrybaşyndan bir aýalyň assa basyp gelýänini gördüm. Ýüregim gopdy gitdi. Kimkä? Biraz çete çekildim. Aý aýdyň gije bolsa-da, men onuň ýüzüni oňly saýgaryp bilmedim, ýöne daş keşbinden ýaş aýal däldigini aňdym. Ol haýal ýöräp gelşine ýadygärlýgiň öňünde saklandy. Bürenjeginiň gyrasyny egni üstaşyr yza serpende, dolmuş göwre has daýandy. Ol bäş minut çemesi sarsman durdy. Sözleriniň arasyny bölüp bir zatlar diýdi, arman ýoldan geçip giden maşyn zerarly näme diýenini eşidip bilmedim. Soňam bir ädim öňe süýşüp, ak matanyň ýüzünde ellerini gezdirdi. Onuň tutuksy sesi eşidildi: — Nazar, hany ýüzüňi bir göreýin-le... Gapdala seretsem başy açyk ýigit haýdap ýetip gelýär, ýaňky geçen maşyndan düşen bolsa gerek. Ol maňa ünsem bermedi, göni ýadygärlige tarap geçip gitdi. Barşyna-da säginmän býustyň daşyndaky matanyň sargysyny çözmäge durdy. Ak mata syrylyp ýere düşdi. Men aý ýagtysyna başy pilotkaly esgeriň asmana ümzük atyp duran keşbini saýgardym. Aýal bada-bat yza çekildi. «Bu senmi» diýen manyda esli salym sesini çykarman durdy. Uzak aýralykdan soň öňünde duran adamyny indi tanamaga ýetişen ýaly, birden topulyp ellerini onuň egnine taşlady. Gahrymanyň daşdan ýasalan kükregine kellesini goýup gymyldaman durdy. Belki, ol şu pursat gahrymanyň ýüreginiň gürsüldisini eşitjek bolandyr! Şundan soň ol elleriniň aýasy bilen daşyň ähli ýerini sypalap çykdy. Özi hem aglaýardy. Meniň üçin onuň bu bodşy «munuň synasynyň kem ýer-ä ýokdur-da» diýip ätiýaç edýän ýaly göründi. Ol başyny galdyryp gapdalda duran ýigide çalarak öwrüldi-de: — Eliň-gözüň dert görmesin — diýdi. Şundan başga bir agyz söz aýtman, assa ýöräp gelen ýoly bilen yzyna gitdi. Men tä onuň garasy ýitýänçä seredip durdum. Ahyram ýaňky ýigidiň ýanyna baryp: — Kim ol aýal? — diýdim. Nätanyş ýigit adaty bir bolup duran zady habar berýän äheňde: — Gahrymanyň gelni bolmaly, goňşy obadan gelipdir — diýdi. Gahrymanyň gelni... Diýmek, maňa aýdylyşy dogry bolmaly. Golaýyna baryp, onuň ýüzüni görmänime gynandym, sebäp ertir ol dabara gelmese gerek. Belki, meniň ony gaýdyp hiç mahal görmezligimem ähtimal. Eger ýüzüne ýygyrt düşüp, kyrkdan geçen aýaly göräýemde-de, barybir men oňa ynanmaryn. Meniň göwnüme, ol hemişe gelin bolmaly, sebäbi hoşlaşyp söwer ýarlaryny söweşe ýollanlarynda olaryň bary gelindi. Meýdançada ýene daşyna ak mata örtülen gahrymanyň ýadygärligi galdy. Ol ertirki duşuşyga garaşýardy... 1968 ý. | |
|
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |