20:30 Gala -2: Hakyda | |
2. Hakyda
Romanlar
Asyrlaryň aralygydy. Seýitmyrat Köşüdäki rus-ýerli mekdebe ýaňy barypdy. Häzir bolsa okuwçylara dynç alyş döwrüdi. Türkmen tebigaty telim aýlap minnete galyp, çakyr süňk ýaly jagyrdap ýatmasyna utanyp, bar näzikligini daşyna çykaran ýalydy. Tä Köpetdagdan çölüň başlanýan ýerine çenli jahan gül-gülälek bolup, owsunyp ýatyrdy. Bu ýyl adaty bolsa-da, onuň ýazy üýtgeşik gelipdi. Ot-çöp malyň ýelnine ýetýärdi. Ýüzi ýuwlup, endamyna ýagşy suw ýörän toklular tokarja guzular daga, ot-çöpüň içinde ýitip gidýärdi. Iň bärkisi, araba ýollar näme diýsene, şolar hem läle-reýhan bolup, ýol haýsy, yz haýsy, biler ýaly däldi. Öwezbaý aga şu jennet bossany kybaby düzlükde öz dowaryny bakyp ýördi. Onuň ortanjy ogly Seýitmyrat hem ýanyndady. Seýitmyrat ýedi ýaşyndan Yzgant molla okuwa berlipdi. Ata işan oglany üç-dört ýyl okatdy. Soňam Öwezbaý Gökleňiň ýanyna gelip, oglany Gökdepedäki medresä bermegi maslahat etdi. Emma Öwezbaý ony etmedi. Seýitmyrady Köşüdäki rus-ýerli mekdep-internadyna beripdi. Onuň uly ogly Annamyrat hem şu internatda okapdy. Häzir ol Orsediň bir şäherinde harby uçilişäde okap ýördi. Seýitmyrat Annamyratdan hem zehinlije çykdy. Internada gireni ýaňydyr welin, ýöne orsça gepläsi gelip durdy. orslaryň on-on bäş aýdymyny ýatdan bilýärdi. Özem, menem Annamyrat ýaly ors okuwyna gitjek diýýärdi. Häzir onuň kanikulydy. Şonuň üçin ol kakasyna kömek berýärdi. Ýöne muňa kömek diýseňem boljakdy, Öwezbaýyň mekdebi diýseňem... – Hany, sen maňa Şeýdaýynyň «Tartan tillerim» diýen goşgusyny aýdyp ber! – diýip, ýaşuly gündogar gapdaldan göterilýän tozana tiňkesini dikip sorady. Arap sözi boldy tiller güýesi, (mantyk eýesi) Indi ony hiç kim gelmez diýesi, Tartyşyp tört ýana süýrän tillerim. Öwezbaý aga ýaltananokdy. Ol Seýitmyradyň Magtymgulydan ýüz otuz, Kemineden elli, Mollanepesden elli, tutuş «Zöhre-Tahyr» dessanam onuň üstesine, Zeliliden otuz, Seýdiden on bäş, Mätäjiden elli şygyry ýatdan aýdýanynam az görýärdi. – Ondan zat bolmaz, ogul. Sen «Göroglydan» öwrenmedik goşgyňam bar ahyryn. – Kaka, kitabyň yzy ýok ahyryn. Onsoň men nädip yzyny öwreneýin. Ata işanda-da Köşüli mollalarda-da ýok. Ýaşuly ogluna gazaply garady. – Goý, peläket diýsäni. – Hawa, ynanaý. Ýaşuly taýagyny ogluna bulady. – Men ony aýdamok «Boljak ogul bogundan belli». Sen şumat näçe söz, näçe sözlem diýdiň. Emma şonuň ne şiresi bar ne parhy ne-de paýhasy bar. Nakylsyz söz akylsyz sözdür. Nakyllap, atalar-sözsüz, güýçli meňzetmesiz ýeke sözem diýme. Khiç kim gepiňi alga almaz. Oýlanyp, gepiňi gep edip, şeýle bir at welin, edil hyrlydan çykan ýaly bolsun. Bol. Seýitmyrat kakasynyň gaty çynydygyny bilýärdi. Sebäbi öýde-de şu gürrüňdi. Ejesi Enegyzam: – IL çagasyna nep öwretse, sen olara gep öwredýäň. Hakyt bidöwlediň çagasy et – diýip, adamsyna igenerdi. Şonda-da ýaşuly sapagyny goýanokdy. – Bolýar-laý kaka. – Bolýaryňy, bazarda sat. Maňa nesýe zat gerek däl. Seýitmyrat ahyr bolmajagyny bilip: – Näme gürrüň edeýin – diýdi. – Hälki aýdan sözleriňi dürdäne edip aýt. Seýitmyrat ýylgyrdy. – Sora-da, onda. Ýaşuly diňşirgenip durşuna, gepledi. – «Görogly» dessanynyň goşgularynyň hemmesinem-ä öwrenmänsiň. Seýitmyrat Erek dagyna tiňkesini dikip, bir salym sägindi. – Wah, kaka, «Mollasy köp bolsa toklusy haram öler» diýişleri ýaly, her kim okan bolup, ol kitaby aşyklynyň etine dönderipdirler-ä. Ol-how Esenalynyň alaşasynyň guýrugy ýaly, yzy joňkaryp dur-a. Ep-esli sahypasyny upbat alypdyr-a. Ata işandan soradym, olam agzyna bir gysym nasy guýup: «Ýok!» eden bolýar. Ol-how, görüne äkider welin adama kitap bermez. «Me» sözüni aýtsa dilinden syrygyp jany çykjag-a. Suwa ýykylsa-da «Al» diýmeseň elini bermez, şol hannas. Köşäde bardym. Kimden sorasaň edil ýere sokulan ýaly. Biz-ä atly bolduk «Göroglam pyýada» wiý. – Laňňasa sen oglum. Köp gepleýäň. Magtymguly näme diýýär: Az iýip, az ýatyp, sözüň az etgil, Köp söz seni il içinde har eýlär – diýýär. Şonça söze derek «Kaka «Görogly» kitaby aşyklyň eti ýaly sallam-sajak bolupdyr. Yzy alabaýyň guýrugy ýaly jontaryp dur. Yzyny gözlemedik ýerim galmady. «Görogly atly bizem pyýada» diýen bolsaň, sözüň jaýly bolardy. Seýitmyrat kakasynyň deminden sypmak üçin maýsalyga çümen sürä gözüni aýlady. – Serke, geçiniň öň aýagy ýaly bolup ummadan çykypdyr-a. Men onuň öňüne taýak taşlaýyn – diýdi. Tozan asmana ýagşy galypdy. – Haýwana azar berme. Sen ol tozana gara. Näme hekaýat gopýar. Seýitmyrat Aşgabat tarapdan bir çogdum atlynyň salgym bolup akyp gelýändigini gördi. – Kaka, olar-a bir topar atly. Özem bize bakan gelýär. Sürini gaýra kowaýynmy? – Degme. Atlylar maýsalygyň içinde sudur bolup ýatan ýoluň ugry bilen aşak tarapa aýak düzüp geçip gitdiler. Süriniň özi at depeşeginden çekinip, öz-özünden gaýra çekildi. – Kaka! Yzdan üç-dört sany agyr, açyk paýtun ýetip geldi Bu gün, erte Gökdepe etraplarynda patyşa Russiýanyň Türkmenistan oblastyndaky harby otrýatlaryndaky atly dwiziýalarynyň nyzam, söweş, tälim işleri boýunça uly ýörişi geçirilmelidi. Şol sebäpli Türküstan oblastynyň general-gubernatory Kuropatkiniň çagyrmagy boýunça Bütinrussiýa baş harby ştabynyň harby okrugynyň naçalnigi, şeýle hem ençeme ýokary çinli harby naçalnikler bu ýörişiň synçysy hökmünde aşgabada gelipdiler. General-gubernator öňdäki paýtunda, Moskwadan gelen uly myhman bilen ýanaşyp otyrdy. Ol Öwezbaý bilen tanyşdy. Öz ýanyndan bu parasatly kişä uly gadyr goýýardy. Ol Moskwaly myhmanyň ýüzüne garady. – Han-a, meniň akylly türkmen diýýänim – diýdi. Öten agşam myhmanlaryň kabul edişliginiň ahyrynda gürrüň türkmenler meselesine ýazypdy. – Türkmenistan dowzah, onuň adamlary hem ýabany, guduz açan gaplaň ýaly adamlar diýseler-de, aşgabat asudalyk. Olaryň bahary hem juda ajaýyp – diýip, Moskwaly myhman razy bolmak bilen belledi. Onuň keýpi kökdi. Ony ukusyzlyk heläk edýärdi. Emma aşgabada gelensoň onuň ukudan gözi açylanokdy. Ýatyp-ýatyp, juwanlyk keýpine dolanyp oýanýardy. Saglygy tut ýaly bolup, işdäsi kadalaşypdy. – Tomsy gazaply, ýoldaş general. Ýöne adamlary sada, gowy. Degmeseň degenoklar. Aralarynda şeýle bir parasatly gojalar bar, olaryň parasadyna aklyň ýetenok. Olar welin ýüzüniň ugruna aýdyp goýberýärler. Şeýle bir zehinli, heý goýaý.. Onuň bu sözleri kelleleri şerapdan gyzan adamlarda jedel döretdi. – Türkmen akylly bolup bilmez. Olary biz ýeňdig-ä – diýip, Aşgabat garnizonynyň baş ştabynyň naçalnigi badyhowa gürledi. – Akylly bolsalar ilk-ä goý, uruşmasynlar. Uruşdylarmy – ýeňsinler. – Dogry. Dogry!.. General-gubernator hurustal bulguryny barmagy bilen urup, jyňňyrdatdy. – Ýok, ýok. Siziň diýýäniňiziň hersi aýry meseledir. Uruşmak meselesine hemme türkmen deň garamandyr. Meselem, Öwezbaý diýen bir türkmen: «Adamlar, uruşmalyň. Rus goşunyna garşy urşup, ýagşylyk gören ýokdur!» diýipdir. – Öwezbaý!? – diýip, Moskwaly general hetjikledi. Emma onuň aýdanyny tutan bolmandyr. Ine, bu mesele. Ikinji ýeňilmek meselesi, türkmenler regulýar goşunyň garşysyna ýönekeý gylyç, orak, pil, palta bilen çykypdyr. Berk düzgünli goşun nire, pil-palta nire?! Şonda-da ruslar gör, näçe ýitgi çekdiler. Otaga dymyşlyk aralaşdy. – Öwez-ba-aý, akylly kişi eken. Gör, onuň tapýan sözüni. «Ruslara garşy söweşip heniz ýagşylyk gören ýok.» Ol geniý. Iň bärkisi Napalýondan-a akylly akylly eken. Sebäbi bu söze düşünmek üçin köp sowat, köp tejribe gerek. Onuň sowady bir barmy? General-gubernator oýa batdy. Soň başyny ýaýkap: – Ertir gala aýlanmaga gideris!... Bu çözgüde oturanlaryň ählisi şat bolupdy... – Han-a, şol, şol. – Ol paýtunça ýüzlendi. – Şonuň ýanyna sür. – Kim ol? – Öwezba-aý! – Arman dilmaç ýokdur. Dilma-aç! Getiriň. Paýtun durdy. – Näme sowal bereliň? – diýip, general-gubernator ýoldaşlarynyň ýüzüne garady. – Gökdepe barada. Gökdepe hakynda sora... Kurapatkin elini ýaşula bakan salgady. – Kel, kel, munda, kel. Başy agyr telpekli, egni indi peti ýagşy giden gyrma donly goja assaja ýöräp, paýtuna garşy geldi. – Amanmysyňyz baýarlar. – Näme diýýär? Ýaşulynyň ýanyndaky bolşundan hem kiçijik görünýän Seýitmyrat durup bilmedi. Rusça, dury ses bilen: – Ol siziň aly jenaplaryňyz bilen salamlaşýar. Size hormat goýýar. General-gubernatoryň gözleriniň içinde çyra ýakylan ýaly boldy-da, haýran galma bilen myhmanlaryň ýüzüne garady. – Sen rusça gowy gürleýäňmi? – Ganymat. – Onda ataňa aýt. – Ol meniň kakam. Gökdepe urşunda näçe türkmen ölüpdir. Ýaşuly üç barmagyny görkezdi. – Üç adam – diýip, oglanjyk terjime etdi. Myhmanlar geň galma bilen biri-birleriniň ýüzüne garanjaklaşdylar. – Ýo-ok, men Gökdepe urşunda diýip soraýaryn, näçe adam gyryldy... – Üç adam! – diýip, oglanjyk ýene nygtady. Kurapatkin «Öwünenim biderek bolaýmabilsedi» diýen tolgunma bilen, papagyny galdyryp, giň owadan maňlaýynyň derini ýaglygy bilen gaýta-gaýta süpürdi. – Aý, ýok-la, meniň özüm «alty müň adam gyryldy» diýip, Moskwa maglumat iberdim ahyry. Oglanjyk generalyň sözlerini atasyna terjime edip berdi. Ýaşuly ýüzüni aşak salyp nämedir bir zatlar mydyrdady. – Näme diýýär!? – diýip, general-gubernator gyssady. – Baýar aga, seniň diýýän ol adamlaryňy türkmen aýallary bir wagt dogurdylar. Emma Gökdepe galasynda ölen üç adamy – Gara batyry, Gönübegi, Gurbanmyrat işany dünýä inderjek aýal ýokdur. Men şolary aýdýan. General-gubernator haýran galma bilen ellerini gerdi-de. – Men aýtmadymmy?! Diýdi. Paýtun bir ugrajak ýaly etdi-de, ýene edil ýaşulynyň gabat garşysynda saklandy. – Öwezbaý, bu seniň ogluňmy? Seýitmyrat terjime etdi. – Hawa. – Näçe ýaşynda? – On ýaşamaly. General-gubernator paýtundan düşdi-de, baryp Seýitmyradyň elinden tutdy. Ony gojanyň ýanyna eltdi. – Aýt, kakaňa, şu oglany maňa bersin. Men ony Orenburgyň kadet korpusyna okuwa iberjek. – Seýitmyrat terjime etdi. – Soňam, türkmene han etjek. Ýaşuly başyny atdy. – Bolar, bolar. Kurapatkin çynar ýaly uzyn boýuny, mähirden doly ak ýüzüni, owazasy nurdan çaýpanyp duran ullakan gözlerini balkyldadyp ýylgyrdy-da, ak ýüpek ýaly barmaklary bilen oglanyň ullakan başyny sypalady. – At münüp bilýäňmi? – diýip, indi Seýitmyradyň özünden sorady. – Münýänem, çapýanam, idedýänem. Öwünip aýtsam şu etrapda menden gowy çapýan bardyram öýdemok. Çapan atym baýrak alýandyr. – Kimiň atyny çapýaň? – Şiraly kakam seýis. Aýlawa diňe meni salýar. – Molodes, molodes. – General-gubernator goltuk jübüsine ap-ak ýüpek salkymy ýaly bolup duran barmaklaryny sokdy-da iki sany eliň aýasy ýaly kagyzy gyssanmaçlyk bilen oglanjygyň gara ýüňden örülen gotaz ýalyjak elleriniň aýasyna gysdyrdy-da, yzyna ugrady. Gidip barşyna-da: – Adyň näme? – diýip, sorady. – Seýitmyrat Öwezbaý. Yzgant 1889-njy ýylda doglan diýip bir deminde jogap berdi. General-gubernator paýtun ugransoňam: – Ýagşy, gepleşdik, gepleşdik – diýip, ap-ak ellerini galdyrdy. – Batyr bol, parasatly bol, gaýratly bol... Generallar, ylaýta-da Moskwadan gelen myhman Kurapatkiniň bu hereketini haýran galma bilen oňladylar. * * * Ertesi Öwezbaý aga dowary başga ugra sürdi. Ol juda az, bolmasa-da gürlänokdy. – Kaka – diýip, Seýitmyradyň gepläp-gepläp, ýüregi ýarylyp barýardy. – düýünki baýaryň beren iki ýüz çerwesine näme alarys-aý? Ýaşuly sesini çykarmady. – Kaka, düýünki baýar aga, «Batyr bol, parasatly bol, gaýratly bol» diýdi. Şony näme üçin diýd-äý? Ýaşuly öňden hekgerip barýan boýny jaňly serkäni nazarlap, «Häýt, häýt!» diýip goýberdi. Soň ogluna garady. – Azyrak keple. Ýüregiň ýarylyp barmasyn. Şu üç zady bek belle. Birinjisi, sözde dymmagy başar. Sözläbilseň ýagşyny sözle, bolmasa lal aç. Ikinjisi, tilkiniň adam görse müň sapalagy bardyr. Şonuň birinjisi görünmezlikdir. Üçünjisi, göremok, bilemok müň belany sowar. Hele-müçik bolýança, göremok bilemokdan ýagşysy bolmaz. Dördünjisi – Ol serkä ýene-de «ähim-ühüm» etdi – dördünjisi öljek bolsaňam, dogryňy aýtmalydyr. Seýitmyrat ýene-de kakasynyň sözüni böldi. – Bäşinjisi, garganyň çagasymy? Ýaşuly gözüni çal serkä dikip durşuna başyny atdy. – Bäşinjisi, saklyk pähimlilikdir. Hany, şol tymsaly indi özüň aýt. Seýitmyradyň diýeni boldy. ol gezek alanyna hezil edip güldi. – Öň zaman bir ýurtda ýeke balasyny gaz çagasy ýaly eziz görüp ýören bir garga bar eken. Ol garga öz çagasyna mydam öwüt berer ýörer eken. – Eý, eziz balam – diýer eken. Iki aýakly, iki gara sudur bolup gezip ýörenlere adam diýerler. Biziň ganym duşmanymyz şolardyr – diýer eken. – Şol şilliň belalar golaýyňa gelip, egilse, gaçgyn. Olar egilip ýerden daş alyp, seni urjakdyr – diýer eken. Onda garga çagasy: – Ol daşy aňyrdan alyp gaýdan bolsa näme, ýanyma gelip egilmese nätmeli – diýen... Garganyň çagasy ýaly sak bolmak, her bir zadyň pikirini öňünden edip goýmak ýagşydyr. Küşt oýnalanda «Öý göçümi» diýen bir zat bardyr. Akylly adamlar öýünde, gije ýatmazynyň öň ýanynda ertirki oýnajak küşdüniň pikirini eder. «Ol ony göçer welin, menem ol çöpümi berer-de, ony güpbasdy ederin» diýer. Ertesem, şol oýny oýnap, ýoldaşyny utar. Oňa-da «Öý göçümi etdi» diýerler. Beý diýmek, «Öýünde oýnapdyr, bu ýerde şony ýola goýdy» diýmekdir. Her bir meselede «Öý göçümiň» bolsun. Aňyrdan iki sany atly esger atlaryny gorguna berip geldiler. – Şu günde, ertirde bu ýerlerde goýun bakmagam,, geçmegem bolanok. Yzyňyza gidiň. Seýitmyrat olardan «Näme üçinligini» sorady. Olar oňa jogap bermediler. Muňa ýaş oglanyň gahary geldi. – Soň bir gün, han bolanymda-ha meniň bilen başgaça gürleşersiňiz welin diýdi. Ýaşuly ogluna buýsanç bilen garady. – Onda han boljag-ow, oglum – diýdi. Seýitmyrat kakasyny ýene sowala tutdy. – Kaka, han bolmak üçin nähili şertler gerek. Ýaşuly hälki serkäniň indi birneme köşeşenini gördi-de: – Hälki atlylar üçin ynjalykdan düşýän eken. Görýäňmi, haýwanam jogapkärçilik çekýär. Atlylar bäri ýöneldem welin, kararyny ýitirdi, ine, han şonuň ýaly bolmaly. Raýatyndaky her bir adam rahat bolmasa, rahat bolup bilmez. Gadym wagt bir han bolupdyr. Ol bende soňky deminde: «Oglum, men jan berenimden soň, düýşüňe girip üçünji gije habarymy ýetirerin» diýipdir. Emma on bäş ýyldan soň oglunuň düýşüne girip habaryny ýetiripdir. Şonda ogly: – Kaka, sen maňa «Jan berenimden soň, üçünji gije düýşüňe girip, habarymy ýetirerin» diýipdiň-ä, ondan bäri on bäş ýyl geçd-ä, näme hekaýat gopdy diýen. Şonda ol han: «Wah, oglum, oglum, ýadyňa düşýärmi, uly ýapdan bir köpri saldyrypdym, şol köpriniň deşigine bir toklynyň aýagy gidip, döwlüpdir. Ine, şu on bäş ýylymy diňe şonuň bilen çytyraşyp geçirdim» diýen. Han diýmek aňsat däldir. Raýatynda bir bende aç otursa, hanyň iýeni bokurdagynda tegek bolýan bolsa, şol hakyky handyr. Nurberdi han görgüliniň naharyny öňüne alyp, iýip bilmän oturan mahalyny kän gördüm. – Öwezbaý, belki, Alla aç-horlar üçin günämi ötsün-dä – diýerdi, görgüli. – Her lukmany agzyma salanymda garybyň, ýetimiň haky ýadyma düşüp, bir gysym iňňe iýen ýaly bolýan – diýerdi. Emma berip bilmezdi. Alla bermese, Alla doýurmasa, han beribem, doýrubam bilmez garyp-gasary. Ýöne han biçak adalatly hem parasatly bolmalydyr... Ýaşuly oglunyň ýüzüne garady. Ogly agyr oýa batan ýalydy. Garaja gözlerini ýere çümdüren ýalydy. – Men saňa hanyň nähili bolmalydygy baradaky bir hekaýaty beýan edeýin... Seýitmyrat gulaga öwrüldi. – Biziň tekämiziň Nurberdiden öňki hanyna Garoglan han diýerdiler.ol onbegilerden, ýagny Nurberdi hanyň tiresindendi. Ol adam şeýle batyr, edermen, paýhasly kişidi. Öň Ahalyň ileri böwri kürtleriň elindedi. Häzirki Gökdepäň, Pöwrizäň, Çüliň, sekizýabyň ýokarsy Aşgabadyň ilersi bilen şolaryň elindedi. Ony Garoglan han olaryň elinden gaňryp alandyr. Özem, parsyň, kürtüň Garoglan han diýseň, duran ýerinde siýdikläbererdi. Şonuň üçin ol ýerleriň indi türkmeniňki bolanyny olaryň boýnuna ýagşy goýdy. Söweşden soň ýap-ýap suw, ekere kenar-kenar ýer tekäniň hasabyna geçdi. Şony deň-derman paýlaşmagyň maslahatyny etmek üçin Garoglan han teke hanlaryny Gökdepä çagyrýar. Men «Han» atdalylary eňip barýar, Gökdepä. Han aga olary dogramadan, düýe çaldan gerk-gäbe edýär. Soňam maslahat başlanýar. – adamlar, ine indi aşgabat, Pöwrize, Çüli, Gökdepe ilersi, gaýrasy bilen tekäniňki boldy. Sekizýap, Altyýap, Çüli suwy, Pöwrize suwy, Gowdan suwy, Köşi suwy indi biziňki boldy. Içere suw, ekere ýer bol. Şol ýerleri, suwy nähili paýlamaly tirelere. Näme ekmeli? Bazary nähili guramaly. Salgyt näçe bolmaly, geliň şol barada bir döwletli maslahat edeliň. Men sizi şonuň üçin çagyrdym. Garoglan han öz pikirini açyp başlan mahaly goňşy itleriň biri ýaňja nahary çekilen ojagyň başyna geldi. Öňden ojagy garawullap ýatan ala köpegem, ony gabanyp «Hyr» çekip ugrady. Şol barmana-da eşek ýaly iki sany it dik garpyşdy. Hälki maslahata üýşen hanlar hem ýerli-ýerden zöwwe-zöwwe turşup, it urşuny synlamaga ylgaşmazmy. – Aý, ol it basar-la. – Ýok, gara-ala basar – bolşup gykylyklaşyp başladylar. Düşekler boşap galdy. Döwletli maslahat etjek hanyň ýeke özi gugaryp otyr. Ol bir salym oturdy. Soň hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady-da, ýerinden turup, öz bolýan öýüne girdi. Aýalyny çagyrdy. – Heleý, oglanlara aýt, derrew öýler söküp, düýelere ýüklesinler. It urşuny öz hanlarynyň sözünden gyzykly görýän bidöwletlere han bolup bolmaz. Indi biziň hanlygymyz tamam boldy. Itler urşup bolandan soň, essine gelen tekeler, töweregine garap haýran galypdyrlar. Ne hälki döwran ne düşek ne-de öý bar diýýär. Töwerek gum-gukluk. Her kim öýli-öýüne dargapdyrlar. Garoglan han şol gelişine Aşgabadyň gündogaryndaky Köne gala diýen ýere gelip, ýük ýazdyryp, ýurt tutunýar-da, ýaşaberýär. Onbegiler hem ony ýeke goýmazlyk üçin göçüp gelýärler. Soň bir gün eden işlerine utanyşyp, ýören hanlar Garoglanyň alnyna gelip ötünç soraýarlar. Han aga olaryň günäsini bagyşlasa-da, olara baş bolmaga miltem etmeýär, teke hansyz galýar. Tekeler üýşüp, «Geliň, han aganyň daşyna gala salyp bereliň» diýip, Garoglan hanyň mülküniň daşyna pagsa haýat aýlap başlaýarlar. Her gün ýüz elli, iki ýüz adam palçyk edip, depeläp, ýokary çykaryp, taraşlap şol galanyň gurulmagynda der saçyp işlär eken. Käteler, käteler Garoglan hanyň özem adamlaryň arasyna çykar eken. Ine, şonda bir ýigide onuň syny oturýar. Ol ýigit palçyk depeleýän eken. Günlerde bir gün: – Sen inim, palçykdan çyk-da, meniň yzyma düş – diýip, ony nahar-şora göz-gulak bolýanlaryň ýanyna berkidýär. Gala gurlansoňam, ony ýanyndan goýbermeýär. Ol ýigide hanlygyň tilsimlerini, ili dolandyrmagyň köne gürrüňlerini, öz başyndan geçiren wakalaryny birin-birin gürrüň berýär. Haçan-da ol ýigidiň özi gepiň-sözüň içine aralyşaberensoň teke hanlaryny Gökdepä ýygnadýar. – Adamlar, men siziň hanyňyzdym. Ýöne size han bolup başarmadym. Ine, indi, meniňem ýolumyň soňy göründi. Şonuň üçin size bir ýigit getirdim. Ol onbegilerden. Ýaş ýigit. Ýaşam bolsa, men oňa hanlygyň, ili il etmegiň, halkyň öňüne düşmegiň ugur-utgasyny öwretdim. Oňa Nurberdi diýýärler. Men şol oglany özüňize han saýlamagyňyzy teklip edýän – diýýär. Garoglan han Aşgabada göçüp gidensoň tutuş teke Orazmämmet Atalyga tutunyp ýaşaýardy. Oräzmämmet han tekäniň hany bolmasa-da asylly hem agyzly juda parasatly adam bolany üçin halka özüni aldyrypdy. Şonuň üçin adamlar edil ot alan ýaly bolşup: – Bize Orazmämmet Atalygyň hanlygy bolar. Biz şony han saýlajak diýiş’ip, güne örüberipdirler. Onsoň. Ses daga goýulsa Orazmämmediň han saýlanjagy ikuçsyzdy. Garoglan han hem onbegilerden, öz kowumlaryndan han saýlananyny kem görenokdy. Şonuň üçin salany Orazmämmediň özüne saldy. Beýik ynsandyr, oňa ýetesi näme bar. – Orazmämmet jan ýöne, hany onuň özi näme diýýär. Hany bir diňläp göreliň ahyryn. Orazmämmett han Garoglan hany beter sylaýardy. Onuň bir sözi Orazmämmet üçin kanundy. Şonuň üçin ol han aganyň sözüne şol bada düşünipdi. Adamlar hem muňa düşündiler. Şonuň üçin gykylyk asmana göterildi. – Diňlemek gerek däl. Sese goýmaly. Il ogly boljak bolsa, ile boýun sunmaly bolar. Orazmämmet Atalyk sag goluny edep bilen galdyrdy. – Doganlar, sylagyňyza, ynamyňyza gaty köp Taňry ýalkasynym bardyr. Ýöne bir zada düşünişeliň doganlar. Han bol diýeniň bilen han bolup bolýan däldir. Han bolmak üçin üç zat gerekdir... Öwezbaý aga iş ýerde düýünden bäri «han bolmak üçin näme gerek» diýip özüni horlap ýören oglunyň ýüzüne garady. Ogly tutuş süňňi bilen gulaga öwrülip otyrdy. Hawa, şonda Orazmämmet Atalyk: – Han bolmak üçin üç zat gerekdir – diýdi. – Birinji bilen, han boljak adamyň myhman gaýtarara güzeranyny dolara, ile mätäç bolmaz ýaly mal-baýlygy bolmalydyr. Ine, mende mal-da ýok, baýlyk-da. – Nurberdide hem ýok şol-a – diýip, biri dyzmaç gürledi – Nurbedide bolmasa, onuň kakasynda bar. Ata bilen han ogluň yrysgy aýry bolmaly däldir. Ikinjiden, Nurberdiniň akylly aýaly bar. Meniň aýalym gowy däl. Han boljagyň aýaly gowy bolmalydyr. Üçünjiden, han boljagyň arslanyňky ýaly batyr ýüregi bolmalydyr. Nurberdi heniz ýaş, emma gapdalynda biz bar-a. Bu halk bar-a. Bara-bara, onuň özem ýürekli ýigit bolar. Şonuň üçin, doganlarym, Garoglan hanyň sözüni ýykman, Nurberdini han saýlalyň... Bu teklibi goldanlar az bolmady. Kim elini, kimem telpegini galdyryp, öz sesini berdi. Şeýdibem, Nurberdini «Han göter» edip, han ornuna geçirdiler... Seýitmyrat gulajygyny keýkerdip, diňläp oturyşyna gürrüňiň paýawlanyny duýdy-da, kakasyna garady. – Onda düýünki baýaram: batyr bol, parasatly bol, gaýratly bol, men seni türkmene han etjek – diýip Orazmämmet hanyň sözüni gaýtalandyr-da. Ýaşuly otdan doýan süriniň maýsalygyň içinde biýara bukulgy garpyz ýaly, togalanyp ýatyşyny makullady. – Belki, bähbit bolsun-da – diýdi. Şu ýerde Seýitmyrat böwrüne müňküldi bolup giren bir zady kakasyndan soramasa ynjalmaýardy. – Kaka, sen orslary köpden bäri tanaýarmyň? – diýdi. Ýaşuly mys-mys güldi. – Men olary tanap-tanaman, guda boljak aladam barmy? Orsuň öz güni, meniň öz güzeranym... Seýitmyradyň çynydy. – Aýt, kaka, köpden bäri tanaýaňmy, men başga zat sorajak senden. Ýaşuly baş atdy. – Tanarça-ha boldum, näme? – Onda sen aýt kaka, ors ýalançy halkmy? Ýaşuly oglunyň bu sowalyna düşündem, ony haladam. Şonuň üçin dürs jogap berdi. – Orsda ýalançylyg-a bolmaz. Ilk-ä boýun almaz, boýnuna alansoňam, öler welin şony berjaý eder. Seýitmyradyň gollaryna ganat biten ýaly boldy. – Onda men ors bolup dursa türkmeniň hany bolaryn, kaka! Ine, görersiň... Ýaşuly elini sakalyna ýetirdi. – Belki!... * * * Bu gün Seýitmyrat üçin hem gussaly hemem begençli gündi. Öwezbaý aga ogluny alaşasynyň arkasyna alyp Gökdepe duralgasyna alyp barýardy. Gökdepäniň üsti bilen Bakuwa barýan otly ikindinara Gökdepä gelýärdi. Emma ýaşuly ogluny Işekşenden has ir alyp çykdy. Düýn Aşgabatdan gitmeli haty düzedilip, eline berlensoň ony Kurapatkiniň özi kabul edip bir sagatlap dilmaçsyz gürleşip oturypdy. Şonda general-gubernator oňa: – Sen halkyňyz söýýärsiňmi? – diýip, bir täsin sowal beripdi. – Örän! – diýip, oglanjyk müň söze sygmajak pikiri ýeke sözde beýan edipdi. – Eger Gökdepe galasyndaky söweş şu gün başlanan bolsa, sen kimiň tarapynda bolardyň. Seýitmyrat çekinip durmady. – Öz halkymyň tarapynda. Onda-da iň öňdäki tarapynda. Kurapatkin örän nurana adamdy. Ol röwşen atyp duran gözleri bilen oglany makullady. – Öz halkyny söýmän, beýik ogul hem, beýik şahsyýet, beýik serkerde-de bolup bolmaz. General-gubernator oglany ýene-de sowala tutdy. – Sen öz halkyňy gowy görýäniňi nädip subut etjek. Seýitmyrat bir burçda ullakan kreslo çümüp, bir elinde horjunyny, bir elinde bolsa goýun taýagyny tutup duran kakasyna garady-da gap-garaja ellerine tiňkesini dikdi. Ýöne ol häzir çorlyja barmaklarynam, kirli dyrnaklarynam görenokdy. – Men öz halkymyzyň müňe golaý aýdymyny, müňden gowrak atalar sözüni ýatdan bilýän. – Molodes. – Onsoňam, men öz halkymy gaty söýenim üçin, onuň wepaly ogly bolup, derdine ýaramak üçin ýaşlygymdan özümi berk tutdum. Onuň dilini, rus dilini, pars dilini suw içen ýaly öwrendim. Öz halkymyň söwer ogly bolmak üçin siziň bilen dost boldum... General-gubernatoryň gözleri uçganaklap gitdi. – Sag bol, dostum, sag bol. Şuny dogry aýtdyň. Men seniňem, tutuş türkmen halkynyňam dosty, dosty... Kurapatkin ýaglygy bilen ýalkymly gözlerini gaýta-gaýta syldy. – Ýene bir, özem iň soňky sowal. Ýeke özüň ýat ýurtlara gitmekden gorkaňokmy? Seýitmyrat başyny atdy. – Men ýeke däl-ä. Allatagala meniň bilendir. Onsoňam ýüregim ýanymd-a. Ýüregimiň içinde bolsa halkym, kakam, ejem, doganlarym bar... General-gubernator boldum etdi-de nämedi bir kagyza gol goýup, ýanynda häliden bäri dim-dik duran kömekçisine berdi. – Taýýarmy? Esger ýerinden turdy-da: – Taý-ýar, siziň aly hezretleriňiz – diýdi. Soň şol kagyzy aldy-da generala uzatdy. – Bolar, bukjanyň ýanyna çatyp iberiň. General-gubernator ýerinden turup, oglanyň ýanyna geldi. Oňa ak posalak elini uzatdy. – Alla ýaryň bolsun. Ertir otly bilen ugrarsyňyz. Gökdepe stansiýasynda garaşyň diýdi-de, çep elini goltuk jübüsine salyp ondan bir gysym çerwones çykaryp, oglanjygyň eline gysdyrdy. – Bu dostuňdan saňa minnetdarlyk sowgady. Meni, meniň sözümi ýadyňdan çykarma, sen türkmeniň beýik, akyldar hany bolarsyň... – Sag boluň. Siziň aly jenabyňyz! Bu gürrüňler berlen sowallar, oňa berlen çaga jogaplary Seýitmyrady halys ýadatdy. Şonuň üçin ol gitjegine, eline berlen pullara känbir begenibem bilmedi. Ýöne gürrüň munyň bilen tamam bolmaly däldi. Esasy synag öňdedi. Onuň pikir edişi ýaly boldy. Öwezbaý aga ogly bilen Türküstan oblastynyň general-gubernatorlygynyň iki gat kaşaň jaýyndan çykyp, onuň gabat garşysyndaky köçäniň içersindäki ýaş arça baglaryna bakan gadam goýdy. Olar rus arçasynyň saýasynda goýlan giň aýtymly, uzyn-uzyn tagtalar kakylan oturgyja geçdiler. – Kaka, me! – diýip Seýitmyrat elindäki bir gysym puly kakasyna uzatdy. – Näme, ol? – Pul, dört ýüz çerwones. – Dört ýüz?! – diýip ýaşuly başyny ýaýkady. – Ýanaral joşma kemini goýmandyr. Gaty kän pul. Seýitmyrat hem begendi. – Kaka, gaty känmaý? Şuňa näçe goýun alyp bolar-a? – Ýarty süri. – Näçe at alyp bolar? – Elli at alyp bolar. Seýitmyrat sygyryp goýberdi. – Haý, peläket, goýaweri, edepsiz bolma. – Ol puly gaýtadan sanap, egnindäki asylan gaýyş torbasynyň düýbüne atdy. ony öz eli bilen ýöriteläp tikipdi. Soňra ullakan, agyr telpegini çykaryp, onuň içinden ýaglyk çykardy-da, Ahalyň gyry ýaly ýaýylyp ýatan maňlaýyny gaýta-gaýta süpürdi. Soň ogluna garady. – Näme diýişdirdiňiz, hany gürrüň ber bakaly. Seýitmyrat daşa ýazylan ýaly bolup duran hälki söhbetdeşligi, gylyny gymyldatman kakasyna gürrüň edip berip başlady. – Sen öz halkyňyzy söýýämiň? – diýdi. Menem «Örän» diýdim. Ýaşuly ogluny saklady. – Ol nähili örän bolýarmyş? Ondanam bir gep bolarmy? Ol uly adamyň ýanynda kelpeňlik eden bolaýma? Seýitmyrat ýukadan tommuk dodaklaryny hasam tommartdy. – Ýok, kaka, men dogry aýtdym. Ty lýubi swoý narod! Diýlende, janyňda baryny edip «Oçen» diýseň türkmençe «Janymdanam artyk söýýärin» diýen manyny berýär. – Ýanaral onsoň näme diýdi? – Eger Gökdepe urşy häzir turan bolsa, sen kimiň tarapynda bolarsyň – diýdi. Ýaşuly tolgunyp başyny galdyrdy. Emma oglunyň ýüzüne garamady. Ol telpegini tas başyna atypdy. Soň: – Hawa! – diýenini özem duýman galdy. – Menem: «Öz halkymyň tarapynda, onda-da, öň tarapynda bolardym» – diýdim. – Soň? – Ýanaralam: «Öz halkyňy söýmän beýik ogulam, beýik şahsyýetem, beýik serkerde-de bolup bolmaz» – diýidi. Ýaşuly bu sözi makullady. – Muny dogry diýipdir. Ol soň agyr oýa gitdi. «Gör gadymdan bäri şeýle-de, türkmeni urup, onuň eline-aýagyna künde, boýnuna zynjyr urup, şeýle eziz adamy-da oňa gözegçi edip goýýarlar. Bul ýanaral türkmen bolan bolsa, hökman perişde bolardy. Gör, onuň tapýan sözüni, özem ýumruk ýaly oglan bilen. Türkem hany: «Itiň bidöwleti güjük bilen oýnar» diýip, bular ýaly gödek oglan bilen salamlaşmazam...» – Soň ol: «Öz halkyňy gowy görýäniňi nädip subut edip biljek?» diýdi. Menem: «Öz halkymyň gaty köp aýdymyny, atalar sözüni ýatdan bilýän. Şol aýdymlarda halkymyzyň umytlary bar. Şol umytlara garyşyp ýaşaýan» diýdim. – Ol kakam birden käýäýmesin diýip, dogrusyny aýtmady. Ýaşuly sesini çykarmady. – Soň «Ýaşlykdan öz halkymyň gowy, akylly, edermen ogly bolmak üçin çalyşýan. Halkymy söýmesem, oňa buýsanmasam beýle edip bilmezdim. Soňam, siziň bilen dost boldum» diýdim. – Häýt, oglanlyk, edipsiň-dä. Onyň tekepbirlik ahyryn, aýyp dälmidir. Ol kim, sen kim, häli?! Seýitmyrat birhilije ýylgyryp, begençli gürledi. – Ýok, kaka, gaýta ol şeýle bir begendi, gözüne ýaş aýlanyp gitdi. Sag bol, doýdum, sag bol – diýdi. – Şony dogry aýtdyň. Men seniňem, tutuş türkmen halkynyň dostydyryn. Alla şaýatdyr, ýamanlygym ýokdur – diýdi. Öwezbaý aga dikelip otyrdy. Onuň özem bu söze az tolgunmady. – Ýeri, onsoň? – Onsoň «Ýat ýurtda ýeke özüň gitmäne gorkaňokmy?» – diýdi. – Ýaşuly oglunyň ýüzüne garady. – Menem: «Men ýeke däl, Allatagala meniň bilendir!» – diýdim. – Soň gelip elleşip hoşlaşdy. Jübüsinden çykaryp şu pullary berenini özüňem gördüň. Ertir otla çykyň – diýdi. Ýaşuly ýerinden turdy. Ol öýe gelýänçä, sesini çykarmady. Diňe aýalyna: «Oglanyň şaýyny tutuň» diýip, egnindäki haly horjuny onuň eline tutdurdy. Seýitmyrat diňe öýdäkiler bilen hoşlaşdy. Sebäbi onuň Orsete, ors okuwyna gidýändigini ile ýaýmak, häzirki wagtda akyllylyk däldi. Oňa düşünjegem bardy, düşünmejegem. Şonuň üçin goja ogluny oba örmänkä alyp gaýdypdy... Ýaşuly atdan Gurbanmyrat işanyň guburynyň ýanyragynda düşüp, onuň şyhmütirini ýere kakdy. – Ýöri! Olar tirkeşip, köne galanyň içindäki depäniň üstüne çykdylar. Ýaşuly jaýly oturyp, ýüzüni kybla öwrüp, «Tebärek» okady. Soňam doga-dileg etdi. – Bu ýerlerde şehitler ýatandyr, köşek. Sen şolary nirede gezseňem ýüregiňde göterip gezgin. Soň bir gün, eger arassa bolsaň, olar hem seni depelerinde götererler. Seýitmyrat bir ynjalyksyzlyk tapdy. – Kaka, aý kaka, Gökdepe halkyny ýeňen, soň gan çaýkan halkyň elinde okaýar – diýip, olar meni ýigrenmezlermi? Olar meni dönük hasap etmezlermi? Ýaşuly gözleriniň giň aýtymlary bilen şu şehithanany kürümläp alaýjak bolýan ýaly, töweregine howsala bilen garady. Soň ýere bakdy. – Bilmedim-dä? – diýdi. – Bularyň özlerem günäleri bilen sogaplaryny kepen edip ýatandyrlar. Olaryň seni ýazgarmaga elleri degýän däldir. Ýöne bir zady bil. Öz sogabyňam, öz günäňem indi gazanmalysyň. Şonuň üçin günäden daş boljak bol. Mydama Allanyň tarapynda dur. Şeýtanyň gabadyna-da, ýoluna-da hergiz barmagyn, barmagyn. Seýitmyrat başyny atdy. – Kaka, «Olar günälerini, sogaplaryny kepen edinip ýatandyrlar» diýdigiň näme? Ýaşuly sowal üçin oglundan ýene-de razy boldy. «Ölmeseň-ä...» diýip, soň «Alladan daş düşmäýin...» diýýän ýaly içini gepletdi. – Olar diwany, ölümi satyn alandyrlar. Olar gyltyma kowalaşanlardyr... – O näme üçin? – diýip, Seýitmyrat ýene sowala tutdy. Ýaşuly howluganokdy. Otla, çenli wagt kändi. Ol beýnisi bekemese-de, «Boljak oglan bogundan (sesinden) belli» diýişleri ýaly heniz jüýjeliginden «Gy-g-gy-ga!» edýän çagajygyň ruhy şu ýatanlaryň ruhy bilen çatlyşdyryp goýbereýin diýen niýet bilen ony şu ýere alyp gelipdi. Ine, indi oglanyň özi sowaldan böküp, şol diýlen ýere barýardy. Öwezbaý aga ýuka gabaklary bilen jezwerlenen goýun gözlerini aýalary bilen sypalap goýberdi. Onuň ýukadan dommy dodaklary pikirli tommardy. – O näme üçin şol. Olara orsa garşy uruşmak gerek däl – diýildi. Türkmen dünýäniň bu gidişine, bir uly döwlete arka diremelidi. Goňşy Eýran – köne duşman. Soňam olaryň hem ýagdaýy seniňkiden ybaly däl. Owganystan, bu bir çöpe jan bitdi ýurt. Iki jahan owarrasy bolup, gününi zordan dolaýa. Gazagyň, özbegiň özüňden beter. Iňlisiň nepi ýok-da, gepi kän. Ýogsa, olam «gel, bäri »diýip dur. Ine, ors geldi. Özüň ýaly illeriň içinden geçdi. Olara «Ýüzüň üstünde burnuň bar» diýmedi. Gel-gel, liňkerip, sen öňünden çykmalymy? Goý geçsin gitsin. Aý, näme zyýany degdi. Demirýol çekdi, türkmeniň düýşine girdi. Alaman, talaň, «Kürt gelýär-de, pars gelýär» gepiňden dyndardy. Çuwal-çuwal bugdaý, halta-halta ony getirip döküp dur. Demriniň, kömrüniň, agaç-tagtasynyň höziri bir başga. Oglanlara okuw, iş açyp dur. Özi gelip içiňi-daşyňy gorap dur. Ine biziňkiler hiç aýlandyryk etmediler. Orsuň öz puluna gala saldylar. Şeýdibem orsuň öňünde durdular. Agyr topy-tophanaly goşunyň öňünde gyrkylyk bilen, toňkatyr bilen durdular. Seýitmyrat kakasyna düşündirjek boldy-da, sowalyny täzeledi. – Kaka, olaryň şol edişi nädogrymydy. Ýaşuly doňup otyrdy. – Olaryňky nädogry däldir, oglum. Olar il-ýurduň ogly, barysy bir türkmen. Şol ýerde orta atylan niýet nädogry. Az bolup mensinmek bar, güýçsüz bolup degsinmek bar. «Suw görmän tamman çykaryp» duşman görmän, güýç görmän guduramak bar. Şonuň şeýle boljagy aýdyldy. Emma hiç kim gulak asmady. Dykma serdar-da, Orazmämmet Atalygam, ýene köp-köp adam her dürli tymsal bilen jigerini ýakyp aýtdy. Emma dogrusyny diýenler, boljagy, geljegi öňünden aýdanlar akmak, dönük hasapladylar. Iň ýaman ýerem, ors ýeňenden soň günäkär tapylmady. Sebäbi biriniň hemmämiz bir bitewidik. Günämizem, sogabymyzam birdi özem özümiziňkidi. Günäkär hem özümiz, gahryman hem özümizdik... Seýitmyrat ýene-de bir sowal bermekçi bolýan ýaly bolup gobsundy. Ýöne kakasynyň badyny bozmaýyn diýdi. Ýaşuly säginen badyna-da saklanyp bilmedi. – Kaka, kän adam gyrlanmydyr? Ýaşuly ýumuk gözlerinden iki düwme ýaş goýberdi-de başyny yrap-yrap oturdy. Soň ýuwaşja, ýerden çykan ýaly hasratly ses bilen: – Kändir, bala, kändir – diýdi. Seýitmyrat düýnkini ýatlady. – Arada ýanaral aga-ha «Alty-ýedi müň» – diýdi. Ýaşuly aýalary bilen gözlerini syldy. – Ýok, alty-ýediň işi däldir. On-on bäş müň diý, men hä diýerin. – Ol dikeldi. – Ölenler-ä ölenler, basa-baslyga düşüp, dyr-pytrak bolanlar näme. Aýal-gyzlar näme, ýaş, neresse çagalar näme? Ýaşuly elendi. – Olam owarram diýiň, gül ýaly gelinlerimiz, seretmäge dözmän ýören uly gyzlarymyz, läle ýaly aýallarymyz, şol haram gurrumsaklaryň eline düşdi. Olaram, näçe wagtlap aýal ysyny almadyk ynsapsyzlar – Ýaşuly hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady. – Ana, indi her içerde, her öýde şol gurrumsaklaryň tohumy, gahatçylyk ýylynyň çekirtgesi ýaly, ösüp, örňäp barýar. Şol ýeri bagryňy daglaýar, şol ýeri... ýöne näme alaç etjek... Seýitmyrat kakasynyň bu sözlerini eşitse-de oňa kän bir düşünmedi. Ýöne ol ýene sowal berjek boldy, emma kakasy öňürtiledi. – Ine, olaryň türkmeniň öňündäki geljekki nesilleriň öňündäki günäleri. Özleri öldi gitdi, emma türkmeniň gelejegini oda taşladylar. Ýeňjegiňiz bilmeýän halyňa, şeýle harapçylygyň boljagyny göz öňüne getirmejek halyňa uruş nämäňe gerek. Uruşmak, ýeňmek üçin yzyňda berkakar iliň, döwletli döwranyň, sarsmaz dükanyň bolmalydyr. Olaryň döwletem, yrsgalam eliň aýtymy ýaly galada boldy. il bilenem ara kesildi. Şeýdibem bagtymyza baran ýagdy... Seýitmyrat hem gezegini geçirmedi. – Kaka, sen ýanaral aga üç adamyň adyny aýtdyň. Olardan Gurbanmyrat işan-a bilýän. Ol ganjyklaryň serdary, han-ha, mazaram dur – diýip, ol gum bilen gyryň aralygyndaky, daşyna insizje pagsa haýat aýlanan gubura tarap ümledi. «Öwlüýä eliňi uzatmaly däl» diýilip, çagalykdan onuň, aňyna guýlupdy. – Hawa. – Ýaşuly seretmese-de görüp duran ýalydy. Şol tarapa başynam öwürmedi. – Gönübek diýenlerem, belli sazanda, «Burnaşagy» döreden. – Hawa. – Ýöne, şu gara batyr kim-aý? Ýaşuly depäniň günorta çetindäki, başujynda uly gara daş ýatan mazary görkezdi. – Han-a, şol gara daşyň astynda Gara batyr ýatandyr. Olaram türkmeniň mert ogullarynyň biridir. Ýaşuly howlukman Gara batyr barada gürrüň berdi. – Ýöne, sen bir zady unutma. Olar ölse-de ruhy diridir. Kyn günüňde seni ýeke goýjak adamlar däldir. Şony unutmagyn, hergiz. ...Gün öýlä agypdy. Ýaşuly horjunynyň agzyny açdy-da, bir tegelek nan, gowurmaly garnyny çykardy. Soň bilinden ýaglygyny çözdi-de ony otuň üstüne ýazdy. Çöregi iki bölüp, birini oglunyň, beýlekisini öz öňünde goýdy. Soň gowurmaly garnyň agyz daňysyny açdy-da bilinden ak saply owadan pyçagyny alyp, gowurmanyň üstki bölegini dörjeleşdirip goýberdi. – Bismilla, alyber. Ataly-ogul howlukman nahar edindi. Soňra ýaşuly ýene-de Gurhanyň «Tebärek» süresini belent owaz bilen howlukman okady. Soň ogluna ümledi. Seýitmyrat Yzgantly Ata işanda okan ýyllary «Tebäregi», «Ýasyny», namazy toý ýerinde, sadaka ýerinde aýdylmaly dogalary ýat bekläpdi. Ýöne olary okamaly bolan ýerem ýokdy. Şonuň üçin olary ýüreginde göterip ýördi. Kakasynyň «Hany senem bildigiňden oka» diýmesi ony begendirdi. Ol kakam «Bu oglum, ýat ýerlerde kapyr bolup dinini imanyny undar-ow» – diýip gorkup ýörmesin diýen manyda «Ýasyna» başlady. Ýaşyly gulagyna ynanmajak boldy. «Sen «Ýasyny» nireden öwrenip ýörsüň» diýäýjek-diýäýjek boldy. Soňam oglunyň näzikden kuwwatly, basymy, şekili sözi jaýba-jaý, demi, heňi dürs owazyna gulak gereninem duýman galdy. Sebäbi «Tebäregi» bilse-de «Ýasyna» güýji ýetenokdy. Ol gaty kyn hem agyr dogady. Ony okanyňda süňňüň, ruhuň däl, ýerde ýatan çakyr süňkler hem tisginip , tisginip gidiberýärdi. Seýitmyrat «Ýasynyň» ortasyna ýetende birhili ini erbet tisgindi. Onuň göz öňüne üýtgeşik, üýtgeşik ymaratlar gelip geçdi. Soňra ýüzi gara gazanyň içi ýaly ýalçy bolup giden, ýalaw ýaly gözleri hanasyny böwsüp barýan kişi onuň alyna gelip durdy. Onuň üsti-başy gara gandy. Bir elinde hyrly, bir elinde inçejik türkmen gylyjy bardy. – Men şol, Gara batyr diýleni, köşek hiç zady alada etme. Özüm ýetişerin kyn günüňde... Soňra ýüzi ýylmanak, mähirli gözleri näzli gülüp duran adamy görkezdi. Onuň hem ýüzünden akan gan sakalyny, döşüni ezip dur. – Olam, Gönübekdir. Degsiniňde bizi ýatlagyn... Soňra onlap, ýüzläp märeke, durşuna gala bolup ör boýuna galdy-da, «Ýasynyň» soňy gelende ellerini göterdiler. Doga tamam bolandan soň, barysy gözden gaýyp bolandan soň, barysy birden gaýyp boldy. – Muhammet aleýhim essalamdan, onuň kowumlaryndan tä, Gara batyra, Gönübege, Gurbanmyrat işana, şu ýerde iliň-günüň namys ary diýip janyny gurban edenleriň jaýyny jennetden et Allajan. Okalan «Tebärek» dogasynyň, «Ýasyn» dogasynyň, sadakalaryň sogabyny olaryň ömür depderinde ýaz. Şol sogaplaryň haormaty üçin olary gabyr azabyndan halas et, beýik Perwerdigär, omyn. Öwezbaý aga oglunyň dogasyna boýun bolup, ellerini göterdi. Soň ýuka dodaklaryny tommartdy-da doga okady. – Al, ogul bu-da ak pataň bolsun, beýik Ýaradan ýaranyň bolsun, bu şehitlerem, erenler, pirler «Omyn» diýsin... Soňra ol çöregiň galan bölegini, gaýry horjuna saldy. Ýaglygyny ýerden alyp, silkip-silkip, epläp biline çekip daňdy. – Ýöri, gideli. Olar duralga barandan soň, salymyny bermän otly hem geldi. | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -4: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -25: romanyň dowamy - 09.11.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýola taýýarlyk - 23.08.2024 |
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Dirilik suwy -4: romanyň dowamy - 27.04.2024 |
√ Janserek -6: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Atbaýrak: Galtamanlar - 10.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |