13:46 Gala -5: Maksat | |
5. Maksat
Romanlar
Seýitmyrady kamera getirip saldylar. Onuň aňy, ýüregi, ruhy çekilip düwlüpdi. Ol diýmeli zatlaram, diýmesiz zatlaram aýdanyny bilýärdi. Ýöne arada ýalan ýokdy. Ol gaýta özüni jemläpdi. Aňyrdan gün-güzeran, iş-alada diýip bir ýere jemläp bilmedik pikirlerini jemläpdi. Olary tertibe salypdy. Hakykadan hem ol türkmeniň hany diýen düşünjäniň başlanan döwri bilen, onuň gutaryş serhedini öň kesgitlemändi ahyryn. Ol serhet bolsa, gelip-gelip, Bukawinadan gaýdyp gelen döwürlerinde gutaran eken. Ol şu ýerde agyr oýa batdy. Onda ol tä bolşowiklere goşulýança, nämä ynsyndy, nämä ymtyldy. Nämäni maksat edindi. Seýitmyrat henizem özüni sülçiniň öňünde oturan ýaly sorag gidip duran ýaly: – Ol döwrüň maksady pynhandyr. Ony aýdyp bolmaz. Adamyň hiç kime aýdyp, düşündirip bolmaýan syrlaram bolmaly ahyryn – diýdi. Soň krowadyň bir burçuna gysylyp, ýumak ýaly bolup otyrdy. ...Seýitmyrat agyr urgy, sarsgyn sebäpli ýaradar bolup gelenden soň ony harby işden saglygy sebäpli diýen delil bilen düýpli boşadypdylar. Ýöne ol Köşüde ofiserleriň ýaşaýyş jaýynyň bir otagynda galypdy. Indi onuň eli boşdy. Yzganda, kakasynyň, ejesiniň ýanyna baryp, tä keýpden çykýança bolup ýene-de Aşgabada gaýdyp gelipdi. Aşgabatda onuň tanyşy örän azdy. Bar bilýäni ofiserlerdi. Şonuň üçin onda nirädir bir ýerlere başyny-aýagyny alyp gitmek duýgusy döreýärdi. Ol öýe-de, kazarma-da, ile-de syganokdy. Bir gün ony Köşi obasyndan atýatakda seýis bolup işleýän Gurban aga sadaka çagyrdy. Ol özüne, üst-başyna serenjam berip, gün guşluga galanda atýatakda işleýän beýleki ýaşulylar bilen sadaka bolýan ýere ugrady. Onuň tirkeşip barýan adamlarynyň ýaşulyragy Seýitmyrat köpden bäri, baryp Strawpoldan bu ýere geleli bäri tanalýardy. Oňa her kim «işan» aga diýip ýüzlenýärdi. Ýöne Seýitmyrat onuň çyn adyny «Annamyrat» diýip tutýardy. Ol Seýitmyradyň agasy, köşüdäki atly dwizonyň naçalnigi Annamyrat Öwezbaý ogly bilen atdaşdy. Ýöne olaryň häsiýeti başga-başgady. Agasy Annamyrat polkownikdi. Ol ýaşlygyndan başlap harby galyba giripdi. Ol özüni harby salyhatlylygyň iň ýokary derejesinde saklaýardy. aýaly rus gyzy bolansoň, rus düzgüninde ýaşaýardy. At, atly dwiziýanyň aladalaryndan başga durmuş, töwerek, il-gün onuň üçin ýokdy. Daňdan altynyň ýarynda polka geler, gije-de on ikiniň ýarynda öýüne gaýdar. Mümkinçilik bolanda günortan polkuň gapdalynda, umumy ýaşaýyş jaýy bilen sepleşip duran iki otagly, eýwanly jaýyna baryp naharlanar gaýdar. Eger mümkinçilik bolmasa onam etmezdi. Annamyrat Seýitmyrady gowy görýärdi. ylaýta-da agyr söweşden döşi haçly, iki sany ordenli gaýdyp gelmegi, Annamyrady buýsandyrýardy. – Sen otstawka çykma! – diýip, ol Seýitmyrady harby iş bilen baglylykdan saklasy gelýärdi. – Sen, entek ösersiň... Seýitmyrat oňa dogrusyny aýtdy. – Men öz saglygymy oňaryp bilemok, Annamyrat, seniň ýadyňa ösmek düşýär. agyrydan halys boldum. sen bileňog-a... Annamyrat öňem agyr ýüzüni sallady. – Özüň gör. Saňa bir zat diýseň, ýamanlyk bolýar. Näme ostawka çyksaň ýaraň ýeňleýärmi? Gir, gospitala, özüňi ýagşy bejerdýänçäň ýat. Soňam işle... Seýitmyrat tüýküren tüýküligini yzyna aljak däldi. – Nädýär, meniň atdaşym. Käýemän oňýarmy – diýip, Annamyrat ala bilguşagyna gysdyrylan synlaryny goýberip, uzyn çäkmenini çykaryp kakdy. Soňra agyr, gaba burmaly telpegini eline aldy-da, saman, ot-çöp garyndylaryny çöpleşdirip, ilki telpegini, soň donuny geýdi. – Aý, polkownik adamdyr-da. Olara men belet. Adam köp wagt komandir bolsa, soň öz kakasyna-da käýinip, azgyrylyberýär. Annamyrat kaka-da, meni henizem esgerjagazdyr öýdýär. Onsoňam, aganyň käýinji inä dermanmyş diýýärler. Käýemäge agam bolmadyk bolsa näderdim. Ýaşuly ylalaşdy. – Weý ýogsa-da, men senden bir zat soraýyn-la. – Soraň, soraň Annamyrat aga. Annamyrat aganyň bir häsiýeti bardy. Ol aýtjak zadyny ilki ellerini hallanladyp, kelteräk suratlandyrýardy. Soň ony dili bilen diýýärdi. Häzirem ol polka tarap elini salgady-da, günbatara bakan yrandy. – Bu biziň polkownigimiziň ýanyna ak saçly, nurana ýigit gelýär. Dili çalgydyrak. Tatary bolaýmasyn diýsem iş wesi ýomudam ýaly. Şol kim bolmaly. Seýitmyrat işan aganyň aýdyň, çil-çil gaýma-gaýma ýüzüne, ýagty, bigünä duran boýuna birlaý garady. – Bilmedim. Duşmadym. Işan aganyň gapdalyndan barýan ýagdy seýis diýilýän arryk-durruk kişi sakalyny sypalady. – Ol, şol Ýomudskiý diýenleridir. Athana-da bardy. – Garaş Nikolaýewiç – diýdi, kemendir. Şol bolmaly, şol, şol. Kemendiriň özi diýdi. Işan aga köçäniň çatrygynda sägindi-de: – Weh, şol Ýomudskow ol – diýdi – Özä bijaý sowatly bolmaly. Olar Nikolaý patyşa bilen saçakly gatnaşykda bolmaly – Ol ýere garady-da, özbaşyna gürledi – Äl, öz-ä salamly, söhbetli. Şol-dur-da diýdi. Şol onda... Köçeden araba ýola öwrülen ýeriňdäki Köşi ýabynyň güzerindäki uly garagajyň saýasyndaky adamlary görüp, Seýitmyrat «Işan» aganyň ýüzüne garady. – Sadaka şu ýerdemi? Ýaşuly güldi. – Bular Köşiniň bir topar binamys işsizleri. Aldygyna uruş, aldygyna dawa. Aýtmandyrmy könekiler: «Binamysa günde toý» diýip. Bular şeýle bir halk, ýatan çöpüň başyny galdyrmazlar. Itiň garyby özlerem. «Itden ajam ýok, dynjam ýok» diýenleri. Iti kowup kölegesinde ýatarlar. Häzirem sadaka baryp, garynlaryny göjäp gelerler Seýitmyrat gyzykdy. – Olar how, bir zat oýnaýanam ýaly-la. Ýaşuly elini gaýta-gaýta silkdi. – Şolaryň oýnam gursun, ýüzem... Olar märekä golaý baranda ýaş ýetginjek ylgap gelip, ýaşula elini uzatdy. – Kaka, salowmaleýkim. Ýaşuly ogluna elini berse-de, ýüz bermedi. – Haý, ýüzüň gursun, ataňa nälet. Işsiz bidöwletleriň arasynda görünme diýmedimmi saňa. Ýaş ýigit beýlekiler bilenem iki elläp görüşdi. – Ýaňja geldim-däräý. Seniň ýanyňa barýardym. Gurbuş kaka geldi-däräý. «Şol ýaby diýip ýatmasyn. Sadakanyň aýat-töwirine eýelik etsin» diýip, saňa agzyna gelenini käýedi. Soň meni gyssap iberdi. «Bar, çaltyrak çagyr» diýip. Işan aga günbatara elini salgady. – Gurbuş kakaňa gutaran diýerler. Näme işsiz barmy. Oba doly molla – Ol agzyny towlady – Gör-ä, ony, özi ýaly işsiz bardyr öýdýär – Ol gyssandy – Ol gelen bolsa goýmaz, gyssana;yň... Seýitmyrat küýüni küştçilere dikdi. – Kaka Eli kel Sazagy burça gabap utup barýar. Ýogsa, Sazagyň elem gowy. Eli kel zulum oýnaýar. Ýaşulynyň başyndaky telpegiň burmalary titräp gitdi. – Eliňem bilmen, seliňem. Ugra athana. Men barýançam butnaýma. Ýaş ýigit özelendi. – Şu oýny göreýin, kaka. Onsoň atýatakda ertire çenlem otur diýseň... Adamlar hürre ördüler. – Ana, wah bolmady – Ol märekä tarap gygyrdy – Kim? Kimdir biri: – Eli kel ýene masgara boldy – diýip jogap berdi – Sazak ner ahyr-aý. Seýitmyrat köprüden geçdi-de, garagajyň aşagyna baryp, dere batyp oturan pälwansypat ýaşulynyň garşysyna çökenini özem duýmady. Soňam: – Salawmaleýkim, uly-kiçi, garry ýaş. Myhmana bir döw oýnadyň. Sadaka barýas. Küşt dikildi. Sazak ýeňiji pälwanyň haýbaty bilen töweregine garady. – Çaý barmy? – Soň tüýlek, monty barmaklary bilen bir pyýadany aldy-da – Me, sadaka gitseň! – diýip, bir öý süýşürdi. – Me, saňa-da, çaý – diýip, Seýitmyrat hem ony gaýtalady. Olar bäş sapar biri birlerini gaýtalap göçdüler. Üç sapar hem çöp çalyşdylar. Tagtanyň üstünde mallar gyzyl ýaýyrt bolup ýatyrdy. Seýitmyrat Don kazaklarynyň atly söweş usulyny saýlap aldy. Ol söweş usulynyň manysy, bir kiçeňräk topary baýdaga sürüp, duşmany aljyratmak, soň gapdaldan başga bir güýji oňa goldamaga sürmek, bilniksizlikde, aralykdan, hiç kimiň pikir etmeýän ýerindenem zarba urmak. Ol «Don teoriýasyny» diňe bir okamak däl, köp söweşlerde ulanyp, uly ýeňişlerem gazanypdy. Ol söweş taktikasyny küşde geçirip, ony ezberlik bilen oýnap, heniz ýeňmedik sapary ýokdy. Ol perzini öňe çykardy. Soň aklara jogap edip, atyny gyra süýşürdi. Ortadaky pyýadanam bir öý öňe sürdi-de, oňa-da berk goranyş berdi. Sazak perzi bilendi. O at bilen perziniň ýetjek öýlerini tapanokdy-da, perziniň ýerini çalyşdy. Şol barmana-da at bilen öňde gapan edilip gurlan pyýadany aldam, başyna belany satyn aldy. Onuň atam gitdi, gutam gitdi. syrty durşuna açylyp, patyşasynyň sypara ýeri galmady. – Şa! – O nähili şa bolýarmyş? Muňa serediň-ä. – Ýene şa. Onuň daşynda hozanak bolup gygyryşýanlar lapykeçlik bilen: – Tur küştden – diýip, gygyryşdylar. Sazak utulanyny boýnuna alsa-da, ýerinden turmady. – Bu nähili bold-aýt – diýip, çöplerini düzeden boldy. Soň – Üç sapar. Soň elimi galdyrýan. Ol beýleki döwlerde-de masgara bolup utuldy-da elini galdyryp ýerinden turdy. Seýitmyradyň garşysyna köse, başy şypyrmaly kişi geçdi. Kimdir biri: – Tur-ow, agsak sen küşt bilýäňmi? – diýip onuň ýeňsesine çaldy. Seýitmyrat ýerinden turdy-da, sag eli bilen sag gözüni süpürdi. – Men küştçi bilen oýnajak. Kim küştçi bolsa, sadakadan soň şu ýere gelsin. Hakyky oýun şonda bolar. Ol sadaka barýan märekä goşulyp gitdi. gazanlaryň bugaryp duran howlusynda ony ýene «işan» aga garşylady. – Gel, geç, inim. Dalbaryň aşagyndaky düşege geç – Onuň özem onuň ýanyndaky düşege çökdi. – Gurbuş kaka, adamlar-a gelendir-ow – diýip, «Men «Tebärek» okabereýinmi» diýen manyda gydyrdy. Adamlar oturyşdylar. Annamyrat aga belent owaz bilen «Tebärek» okamaga başlady. Seýitmyrat «Tebäregiň» ortasynda ýaşulynyň birki gaýta ýalňyşanyny aňdy. Ol: «E-femen ýeemşiý muk-bben alä wejhihi ehdäää emen ýemşiý sewweýýenala syratyn mustakyýmin» diýen aýatda «wejin ehdi» diýip hetjikledi. Soňky aýatda «siýýet» diýip sakyndy-da başyny ýaýkady. Şonda Seýitmyrat: – «Siýýet wiju hüllezine kefru... » diýip ony düzetdi. «Tebärek» okalanda diňläp oturan adamlar bu kelte boýly, çal sepen, kirpi ýaly saçly, ullakan kellesini göterýän boýnuny almanyň sapagy ýaly edip oturan adama haýran galdylar. Şol arada kimdir biri: – Işan, gapdalyňdaky ýigidi tanamadyk-la. Ýeri, ýatagy bilen tanyşdyr ahyryn – diýip gygyrdy. Annamyrat aga Seýitmyrada belent bolmasa-da, onuň ata-babasyna belentdi. Şonuň üçin ony höwes bilen tanyşdyrdy. Ol edil «Tebärek» okan ýaly owaz bilen, burnuna salyp: – Adamlar, eşitdim,, eşitmedim diýmäň. Ine şu ýigide Yzgantly Gulmuş zergäriň ogly Öwezbaý gökleňiň ortanjy ogly Seýitmyrat diýerler. Bularyň asly tekede utamyşdyr, utamyşda nildir, nilde ýusupdyr, ýusupda garaýörmedir, garaýörmede uzynlardyr. – Baý-bo-ow, ol-a özümiziňki eken – diýip, şejere sanaşylanda özüniňkä gabat gelenleri ýerlerinden turdy. Işan aga olary saklady. – Öwezbaý gökleňiň uly ogly Annamyrat kemendir. Köşüdäki türkmen atly polkunyň kemendiri. Şonam bilip goýuň. Öwezbaýyň kiçi ogly Muhammetmyrat Yzgantda garaýörmäniň arçyny. Seýitmyradam, kimi gyzyklandyrýan bolsa, uly neçennikleriň biri. Ýöne ol ýakynda ostawka çykdy. Orsetden ýaradar bolup geldi. Ine, boldumy? – diýip, ol nahar çekmäge rugsat berdi. Seýitmyrat bilen sadaka gelenleriň ählisi gelip salamlaşdy. Onuň tiredeş çykanlary bolsa Seýitmyrady gujaklap, onuň ýaňagyndan ogşadylar. At ýüzi az kem husurly görünýän,keltejik durkuna gelşip duran çal sepen, äpet kellesini, gaçak gözleriniň akjyl, şikesli tarapyny aýasy bilen ýapyp, ol bir gysym bolup ýygrylyp oturan Seýitmyrat gür murtly agzyny eli bilen gaýta-gaýta tutup: – Sag boluň, ildeşler! – diýip, kürtdüribräk aýtdy. Nahar çekildi. Nahar mahaly adam has hem köpeldi. Soň doga okalmaly bolanda Işan aga kes-kelläm boýun gaçyrdy. – Adamlar, şu sapar gezegi myhmana bereliň. Myhman dogasy – del töwir! onuň sogaby güýçli bolarmyş. Seýitmyrat belent ses bilen doga okady. Şonda köşüli Çary kazy birwagt, Gökdepe galasynda Öwezbaý aganyň Orsete ugradyp barýan ogluna aýdyp bilmedik sözlerini aýtdy. – Oglum, özüň-ä orsuň ugruna gidip, ýoluňy urduran ekeniň. Ýogsa, Yzgantdan ýene bir Gurbanmyrat işan döräberipdir. Belki, erenler omyn diýip, ýoluňy düzedäýediň-dä – diýdi. Sadaka gelenler Çary agany makulladylar. Seýitmyradyň ýanyna orta ýaşlaryndaky ömür boýy çyzganyp at münüp, alamana gidip ýören ýaly, belent hyjuwly, nurana kişi gelip otyrdy. Onuň ýanynda iki sany ýaş ýigit hem bardy. Ol adam: – Annamyrat bolköýnegiň inim ekeniň-ow. Şol adyna aşna bolup ýören Seýitmyradymyz sen bolduň-ow – diýdi. Seýitmyrat tommak agzyny eli bilen tutup güldi. – Meniň adymyň özümden ulyrak bolmagy mümkin. Ýöne bolup durşumy synlada bahaňy özüň kesiber – diýdi. Ol gujurly adam: – Men şu Köşi obasynyň arçyny – Muhammetberdidirin – diýdi – Häzirem, ine, iki sany nökerim bilen geldim. Sen biziň yzymyza düşseň, yzymyza düş, öňümize düşseň, öňümize düş, biz seni alyp gitmeli. Buýruk şeýle. Seýitmyradyň adyna aşna bolup, onuň töwereginden aýrylyp bilmän duran adamlar aňka-taňka boldular. – Nirä-how, beýle, ol biziň myhmanymyz-a – diýip, Annamyrat aga, gözleri bilen arçyny ýuwdarly göründi. Arçyn elindäki gamçysyny ädigine şarpyldadyp çaldy. – Hany, Annamyrat işan, senem tur. Beý-le-beýle adamlary tapyp, Köşä getireniň üçin, sendenem hasabat soralar, senem, geý aýakgabyňy. Annamyrat işan gözlerini elek-çelek etdi. Onuň bagtyna arçyn öňürtiläýdi. – Ýörüň, öýe baralyň. Beýle adam Köşi arçynlygyna günde gelip durmaz. Oglanlar mal soýup otyrlar. Erejek bilen Hally bagşynam çagyrdym... Annamyrat işan hezil edip güldi. – Şeý diýsen-e, ah-ow. Sen adamlary garaguşam etjek, buýruk şeýle diýip. Seýitmyradam razylyk berdi. Ýöne ol Muhammetberdi arçyna bir ýagdaýy aýtdy. – Hol, ýolaýyrtdaky agajyň kölegesinde bir topar küştçi oturýandyr. Men olara «gelerin» diýip söz berdim. Onda olara özüň bahana tap. Ol nökerleriniň birine gamçysyny uzatdy. – Hydyr, sen bar-da Garagajyň aşagynda oturan düzzümçilere: «Myhmanyň işi çykdy ötünç soraýar. Ertir guşluk geler» diýip, aýdyp gaýt. Arçyn hezil edip güldi. – Olar bir topar işsiz. Ertir bolanda-da, birigün bolanda-da, olaryň göüi geçip baranok – diýdi. Seýitmyrat arçynlygyň paýtunynda Köşüniň ol başyndan bu başyna geçdi. Ol baga basyrylyp oturan bu gözel obany halady. Ýöne pesejik, wagtlaýyn jaýlar, her çatrykda guma bulaşyp, düzdüm oýnaşyp gününi, aýyny geçirýän adamlar, onuň göwnüne göçüp gitjek bolup goşuny daňan adamlary ýatladýardy. Ol Russiýanyň, Polşanyň, Germaniýanyň, Finlandiýanyň, Şwesiýanyň, Şwesariýanyň obalarynda bolup görüpdi. Şol obalarda adamlaryň eşretli ýaşamagy üçin hemme şertler bardy. Gowy, giň, çagylly ýollaryň uzaboýuny derek, çynar agaçlary bezeýärdi. Köçeler, ýanýollary bilen arassady. Öýler gül pükülen ýalydy. Misli ol öýlerde ýaşalman, güzeran dolandyrman, adamlar ýöne girip-çykýan ýalydy. Olaryň atly polky bir obanyň içinden geçip gitdi. Arçyn atlaryň yzy mesaňa bellidi. At tezegi, siýdik, köljerip-köljerip durdy. Ertesi Seýitmyrat şol obadan yzyna geçende, agşamky köçäni tanamady. Süpürilip, suwlanan köçe gül öwüsýärdi. Ýanköçe bilen aralykdaky ir-iýmişli baglar, aýratyn sungat edilip ýetişdirilen müň dürli güller janyňa hoş ýakýardy. Gözüň, ýüregiň buýsançdan doludy. Bu ýerde bolsa ýap, durnanyň suwy ýaly jany şypaly suw obanyň depesinden aşagyna akyp, geçip gidýärdi. Içimlik suw alynýanam, boýunda kir ýuwulýanam, suwa düşünilýänem, aýda-ýylda bir mal soýulsa garyn-içegesi dökülýänem şol bir ýabyň suwydy. Köşüliler akar suwuň haramy bolmaz diýip, özem şol ýapdan suw içer, malyny hem şondan ýakar. Näme üçin şol suwy kiçijik ýapjagazlara bölüp, tutuş oba ýetirip bolanok. Näme üçin obanyň ortasyndan hammam, pekarnýa, klub gurup bolanok. Näme üçin şu adamlar bilen gumuň eteginden ýer açyp, şu suw bilen ýylda iki, üç sapar hasyl, alyp bolanok. Näme üçin, obany durşuna bagy-bossana öwrüp bolanok. Adamlar etmäge iş tapanoklar-a. Nähili kuwwatly güýç işlemän dur... – Sen şu obada-da okadyňmy? – diýip, arçyn agyr oýa batan Seýitmyratdan sorady. Seýitmyrat oýundan açylýança, paýtun belent howlynyň işiginde saklandy. Içeri-daşary süpürilip, syrylyp, oňat suwlanypdy. Howlynyň ortasyndaky gür üzüm dalbarynyň aşagyndaky belent sekiniň üstünde halys düşekler ýazylypdy. Onda üç-dört sany aksakal otyrdy. Howlynyň bir gapdalyndaky takdyrda bir aýal çörek bişirýärdi. Işikdäki gazanlarda et gaýnaýardy. Başga bir jaýdan gowurmanyň tagamly ysy gelýärdi. Umuman semewardan bug göterilip, häzir ganata öwrülip, semewary uçuryp goýberäýjege meňzeýärdi. Seýitmyrady töre, düşege geçirjek boldular. – «Akmak asla dyzar, tentek töre» etmäliň, adamlar. Oýnasaňyzam, synasaňyzam soň, birneme sowaşamsoň, öz ygtyýaryňyzda. Häzir aljyrap, gysylyp otyryn – diýdi. Töre golaý ýerde oturan başy tahýaly kişi güldi. – Aý, inim, sen Öwezbaýyň ogly boljak bolsaň, aljyran wagtyň üstüňi basaýmasak, soň sen eýgertmersiň – diýip, degdi. – Türkmenleriň: Doňzy batgada bas diýenlerini etjek ekeniň – diýip, Seýitmyradam kem galmady. Olar jaýlaşykly oturansoňlar mesaýy gürrüňe başladylar. – Kakam dagy hem öz gowy görüşýän adamlary bilen degşerdi. Ýöne olar şeýle ýumşak, şeýle mähirli degşerdiler. Olaryň şol degişmelerini müň günläp ölçerip-dökseňem ýekeje gyňagyny, göwne degjek ýerini tapmazsyň. Indi, adamlar degşende, çürkemek, katda namysyna degmek derejesinde degişýärler – diýip, Seýitmyrat gürrüňiň edep ulgamyny çöşledi. Hälki tahýaly kişi başyny ýaýkady. – Heý, ogul, häzir adamlar edepden, beýlekiden geçdi. Häzir güzeran diýen zulmat depämizden ahyrzaman bolup indi. Iş ýok, adamlar gazanç edip bilenok. Özümiz-ä ors gelmänkä bäş-alty bolup dagyň aňyrsyna alamançylyga giderdik. Gowy atyň bolsa dag-a, onuň gürrüňi bolmazdy. Getirersiň mal baryny, gul-gyrnak baryny. Ine, onsoňam, geljek ýylyň şol günlerine çenli,arkaýyn ýaşarsyň. Arçyn onuň bilen ylalaşmady. – Aý, alaman dimesen-e, kaka – diýdi. – Sen getirseň, sendenem alyp giderler-le. Eger maňlaýyň gara bolup, bagtyňa baran ýagsa, ondan näme? Ýa-ha seniň läşiň gurt-guşlara şam bolar ýa-da sen kürtüň elinde, zyndanda çüýrärsiň. Yzyňda maşgalaň ,üň ýyllyk höziri, ýekeje günde awy-zäher bolar. Ýaşuly baş atdy. – Ol diýeniň dogrudyr. Ýöne, meniň diýjek bolýanym, olam bir işdi-dä. Häzir şoňa meňzeş işem ýok-da. Arçyn Seýitmyradyň ýüzüne garady. – How, bu adamlara hiç düşündirip bolanok. Özler-ä aç oturandyr. Emma şu ýerde gazanç bar, şuny eýdeliň, beýdeliň diýseň, hiç kime azap etmek hoş ýakanok. Adamlary bir ýere jemläp, agyzlaryny birikdirip bolanok. Annamyrat işanam olary makullap oturyşyna: – Wah, işlemeseler işlemän geçsinler-le, adamlar boş bolsa, bir söz-ä az, iki sözem köp olara. Öz ýanlaryndan namyslysyraşan bolşup, biri-birlerini gyryp, tükedip barýarlar. Ine, arada, dälilerden çaryýar diýen biri ganjyklardan birini bir kepiň üstünde öldürip, çür-çülpe çagalaryny taşlap, Mara gaçyp gidipdir. Öleniň hossarlaryna töwella-tagsyr etdik. Indi şol çaryýar hun getirse, ylalaşyljak. Emma ol ýarlykly garyp. – Gedaý diýsen-e. – Işlemeseň, syrtyňa iş hoş ýakmasa gedaýdanam beter bolarsyň. Adam toprak ýalanog-a. Onuň iýmeli yrsgyny Allatagala azabyň aşagynda goýupdyr, how. Hally bagşynyň gelmegi bilen gürrüň gutaryp nahar çekildi. * * * Muhammetberdi arçyn Seýitmyradyň diýenini edip, çarşenbe güni ilaty Köşiniň ortasyndaky beýik garagajyň düýbine çagyrdy. Köşi ilaty şu sapar bir üýtgeşik edebe mündi. Guşluk töweregi dört ýüz-bäş ýüz adam düzzüm meýdanyna üýşdi. Beýle zat heniz görlen ýagdaý däldi. Obada Seýitmyrat Öwezbaý ogly Köşä arçyn boljak bolýarmyşyn, öňki arçyn: «Meni mirap belleseň bolýar, arçynlygy özüň alyp gidiber» diýenmişin diýen gürrüňem ýaýrapdy. Halk şol gürrüňiň näderejede dogrudygyny biljek bolup üýşen bolmagam ahmaldy. – Aý, ol bir ýumruk ýaly, maýyp adam diýýärler-how, ondanam bir oba arçyn bolarmy? – Aý onuň akly güýçli. Kakasyna çekenmiş. Kakasy bijaý akyllymyş. Şol-da: «Adamlar orsa degsek, halky gyrgyna bereris diýip ilki aýdan». – Bu, Seýitmyrat diýenleri ondanam akyllymyş. – Akylly bolarmy, şu Köşä arçyn boljak bolsa. – Ol-how, komandir-ä. Nädersiň, tutuş Köşiňi, nyzama düzüp işe äkidip, nyzama duruzyp işden getirse. – Aýyňy bilemok, şonuň Gurhany ýatdan bilýäni, köşüliniň baryny gepde, düzzümde küştde ompa otyrdan-a çyn şonuň. Ine, şu günem, şol kişi bir iş goparar... – Şol bar bolaýsa-dy. Märeke kän garaşmaly bolmady. Guşluk çagy Köşi atly polkunyň komandiri polkownik Annamyrat, Köşiniň arçyny Muhammetberdi, Seýitmyrat hem-de ýene bir ýörite biçilip ýasalan ýaly, diýseň görmegeý, sypaýy kişi iki paýtun bolup geldi. Il-gün: «Dogrudan hem arçyn saýlawy boljag-ow» – diýip, pikir etdi. – Köşüliler! – diýip, arçyn aňkarylyşyp duran adamlara ýüzlendi. – Hany, oturalyň bakaly. Adamlar, takyr, gumak ýerde oturdylar. – Makullasaňyz bir teklip bar, esasan ýaşulylar, size degişli. Makul bilseňiz Seýitmyrat Öwezbaý ogluny Köşi arçynlygynyň agzalygyna alalyň. Öz ýaşulymyz hökmünde, aramyza kabul edeliň. Eger, şu teklibe kim yrza bolsa elini galdyrsyn. Oturanlar elini galdyrdy. Soňra ol Seýitmyrada söz berdi. – Gadyrly agalar – diýip, Seýitmyrat söze başlady. Men gep geplemäýin. Mende bir teklip bar – Köşi obasynda on sany adam öldürilip, gaçyp giden adam bar eken. Ol zat ata-baba bar. Adam başyna her işiň düşmegi mümkindir. Indi şol adamlaryň yzynda çagalary, maşgalalary hor-homsy bolup ýör. Ol biziň öz burnumyzyň kiri. Biz, gaýrat edip, kimiň näçe, näme güýji ýetse, hata belledip, ýygnap, şol Taňry bendeleriň bermeli hununy bereliň – Ol töweregine garap, Han Ýomudskini tapdy – Ine, bu perişde ýaly adama Han Ýomudskiý diýýärler – Ol agasyny görkezdi – Oňa-da bolköýnek Annamyrat diýýärler. Olaryň gelmeginiň iki sebäbi bar. Biri, siziň bilen görüşmekdir, ikinjisi adamlar, bu işlerde size maddy kömek etmekdir. Arçyn şol teklibe razy bolanlaryň elini galdyrtdy. Baý, garyp diýmän, Köşiniň halky elini galdyrdy. Seýitmyrat ýene-de birki ädim ileri süýşdi. – Köşi halky, meniň ýene bir teklibim bar. Aşgabat Türkmenistanyň baş şäheri. Ol harby işgärleriň, olaryň maşgalasynyň, kürt, pars, ermeni ilatynyň şäheri. Emma Köşi türkmenleriň merkezi bolsun. Bu ýerde diňe türkmenler ýaşaýar. Türkmenem türkmeniňkä geler. Şonuň üçin Köşini tertibe salmak gerek. Köşi ýabyny rejelemeli. Köçeleri düzläp, çäge dökmeli. Öýleriň gapdalyndan ýanýodajyklar çekmeli. Köçede mal, towuk saklamaly däl. – Şol-a dogry – diýip, töweregini gül ýaly saklaýanlaryň biri aýtdy. – Myhman-a däl, obamyzdan özüň utanýaň-ow. Bolmaz-a beýtmek. Seýitmyrat elini galdyrdy. – Obada işsiz adam kän. Işlemeseň gazanjam ýok. Gazanç bolmasa çagaňy nädip eklejek. Şonuň üçin, Köşiniň ortasynda çörekçi, hammam, zerur hyzmatlary ýerine-ýetirer ýaly dükan gurmaly. Onuň gurluşygynda iki ýüz-üç ýüz adam hak alyp işleýär. Ymarat gurulansoň, şol ýerde azyndan ýüz adam işlär. Ine, şol niýet bilen hem kimiň näçe güýji ýetse, gazna döredeliň. Ol ýene yzyna garady. – Şol gazna hormatly agamyz Nikolaý Nikolaýewiç Ýomudskiý müň çerwones, agamyz bolköýnek Annamyrat müň çerwones, menem müň çernowes goýýar. Eger, kim şeýle gazna razy bolsa elini galdyrsyn. Köşiniňň arçyny hem durup bilmedi. – Köşüliler, meniň, dogrusy, onça pulum ýok. Ýöne, menem ýüz çernowes, iki öküz bilen bir ýabymy şol gazna goýýaryn. Uly gowurdy turdy. – Mal hem goýup bolýarmy-how – diýip, gygyrýan hem bardy. – Bolýar, bolýar, arçynam goşd-a, malyny. Adamlaryň köpüsi näme diýjegini bilenokdy. Muny aňam Seýitmyrat olary gyssamagyň gerek däldigine düşündi. – Hökman häzir däl, adamlar. Indiki çarşenbä çenli oýlanyň. Indiki çarşenbede ýene bir üýşeliň-de, nämeden başlamalydygyny maslahat edeliň – diýdi. Şondan soň adamlara oýlanara pursat bermek üçin, ýygnanyşyk tamamlandy. Emma köşüliler welin wagty bilen dargamadylar. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Dirilik suwy -3: romanyň dowamy - 26.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -26: romanyñ dowamy - 08.12.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -20: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |