16:11 Gala -6: Ýeriň aşagynda gäwüşeýän ýylanlar | |
6. Ýeriň aşagynda gäwüşeýän ýylanlar
Romanlar
Gijäniň bir mahaly Seýitmyrady ýene-de sülçiniň alyna alyp geldiler. Indi ol özüni birneme taplady. Geçmişiň geň, gyzykly pikirlerine duýdansyz gark bolmagy onuň kellesiniň agyrysynam saplady. Şonuň üçin onuň keýpem, ruhy ahwalatam bir tap bardy. Bu sapar sülçi çalyşmandy. Şol çeýnäp çöregi agzyndan gaçyp barýan ýaly adam, ol özüniň atasynyň adynam aýdypdy, emma agyr kelleagyry sebäpli ol onuň şol sözüni gulagynyň duşundan geçiripdi. Sülçi kagyzlaryny stoluň üstüne ýaýradyp oturşyna, ýogyn gyzyl galam bilen ýazan hatlarynyň aşagyny çyzyşdyrdy. – Oturyň. – Sag boluň. Sülçi Seýitmyradyň hor ýüzüne, arryk bedenine ýakymsyz duýgy bilen, boýdan-başa seretdi-de, gelip onuň akjaryp duran gözüne bäbenegini sançdy-da saklandy. Seýitmyrat gözlerini gyrpyldatdy-da, soň näsag gözüniň gabagyny ýumdy. Soň oturgyja geçip oturdy. – Tussag Öwezbaýew, siz «Türkmen azatlygy» guramasyna uzak wagtlap ýolbaşçylyk edip gelipsiňiz. Şol guramany döretmek pikiri kelläňize nireden geldi we ol pikiri nädip ýoldaşlaryňyzyň arasynda ýaýratdyňyz? Seýitmyrat hakyky, onuň garaşýan soragynyň indi başlanýandygyna düşündi. Bu sülçä zora galan adam diýerler. Onuň janyny alyp barýandyrlar: «Sen esasy meselä geçeňok» diýip. Ol sülçiniň gözleriniň garagyna seretdi. Sülçi onuň gara-ala gözleriniň alynda durup bilmedi. – Men bu sowala öň jogap beripdim. Eger zerurlyk bolsa, ýene gaýtalaýyn. Sülçi ellerini daldalatdy. – Ol jogabyňyz bar. Ýöne ol kanagatlanarly däl. Siz esasy sowaldan sowlup geçipsiňiz. Siz häzir bar bolan, özem ýykgynçylykly gurama barada jogap beriň. Öwezbaýew ýene-de sülçiniň ýüzüne garady. – Size ýalan-ýaşryk sözler gerekmi ýa-da hakykat gerekmi? Sülçiniň aksowult ýüzi birden dym gyzyl boldy. sesi dowamly çykdy. – Tussag! Sowala jogap beriň! Seýitmyradyň hem demini peseldesi gelmedi. – Onda ýazyň. Aslynda «Türkmen azatlygy» diýen gurama ýok, bolubam bilmez. – Sebäbini aýdyň. – Sebäbi türkmen halkynda beýle düýpli pikir eder ýaly, ony alyp gider ýaly akyldar ogullar ýokdur. Olar heniz ýok. – Näme üçin? – Üçini şol. Olary, ýagny batyr, parasatly türkmeni patyşa hökümeti päle diýip bir gyrdy, graždanlyk urşy diýip bir gyrdy, bolşewik-menşewik urşy ýene bir gezek gyrdy. Bolşewik-baý kulak diýip gyrdy. Häzirem güzeranyny zordan dolaýan adamlar kulak hökmünde hem basylýar, hem sürgün edilýär. Aç, azasy alnan, güzeranyny dolandyryp bilmeýän adamyň ýadyna «Türkmen azatlygy» düşermi?! Onuň jan-jany çagalaryna berere bir döwüm zagara. Men şu ýerde bir pikir aýdaýyn. Şeýle beýik, akylly pikir-düşünjä hut şu döwürde Atabaýewiňem, Aýtakowyň hem ýetip bilmez. Olar hem çagalar öýlerinden, garyp güzerandan ýaňy geldiler ahyryn. Olar heniz alyp barýan işlerine düşünmese näme. Ýöne, şeýle gurama dörese, näsini aýdýaň. – Siziňçe, şeýle gurama ýolbaşçylyk edip biljek türkmen şahsyýeti dörärmi? Seýitmyrat pikirli başyny gussaly yrady. – Aý, näbileýin-dä, döwletiň şu binika, orramsylaryň oýnatgysy bolsa, ýolbaşçyň şol binika, Stalin boljak bolsa, näbileýin. Sebäbi, sebäbi, bu döwlet türkmeniň, diňe bir türkmeniň akyldar edermen ogullaryna, akyl-parasada, päk ahlaga ganym duşman bolar. – Howlukmaň, diýip, sülçi ýapyrylyp, ruçkasynyň ujuny şatyrdadyp ýazyp oturyşyna, ýetişmän aýtdy – Aýdyberiň. – Eger, ine, şu sözümi aýratyn belläň! Eger, ýene bir hokga çykaryp, her iki-üç ýyldan türkmeniň çynarlarynyň düýbüni omurmasa, onda elli ýyldan şeýle gurama dörär. Ýöne, olam tutuş SSSR boýunça dörärem, onuň soňuna sogan eker. Eger, her iki ýyldan, ýaňy boý alan çynarlary çapyp dursalar, altmyş-ýetmiş ýyl gerek bolar... – Nämä gerek bolar? – SSSR-iň ýykylmagyna. Sülçi ruçkasynyň sapyny dişledi. – Siz, sowet imperýasy ýykylar hem öýdýäňizmi? SSSR-mi ýykyljak? Seýitmyrat ýere garady. – Siz italýan dälisi Nastradamusyň poemasyny okaň. Özem şonuň ýüzden ýüzüsi dogry çykdy. Rus patyşalygynyň haýsy ýylda, haýsy aýda, haýsy sagatda nähili ýykyljakdygyny ol dogry aýdypdyr. Ol Tataryýa diýen gazaply ýurduň 1917-nji ýylda gan döküp kast edip döräp, 1924-nji ýylda imperiýa öwrülip, 1982-nji ýylyň güýzünde ýykyljakdygyny, näçe ýyl dowam etjekdigini ýazypdyr. Sülçi ýene ýazdy. – Siz şoňa ynanýaňyzmy? Gezip ýören bir telbe dälä ynanýarsyňyz. Emma halkyň beýik serdaryna ynanmaýarsyňyz. – Onuň aýdanlary meniň pikirim bilen gabat gelýär. Şonuň üçin ynanýan. – Siz samsyk, haramzada adam! Sülçi dommarylyp oturdy-da, ýüzüni çytyp gepledi. – Onda siz «Türkmen azatlygy» guramasyna gatnaşygyňyz bardygyn boýun almaýarsyňyz, şeýlemi? – Şeýle. Sülçi ýerinden turdy. Ol çalarak titreýärdi. Ol gazap bilen gelip ornunda oturdy. –Ýok, siz göniňizi aýdýarsyňyz. Men siziň bilen şunça ýumşak gürleşdim, bolmady. Siz öz hetdiňizi tanamadyňyz. Seýitmyrat hem zöwwe ýerinden galdy. – Graždanin sülçi! Diňläň eger men öz halkym, öz Watanym üçin «Türkmen azatlygy» diýen gurama döredip, onam siziň aýdyşyňyz ýaly, öz pikirimi halk üçin ýaýradyp, ykrar etdirip bilen bolsadym, bada-bat boýun alardym. Öz şeýle işim üçin at salardym, kerçem-kerçem etselerem, wah diýmezdim. Arman, men şol işi edip bilmedim. Men agyr hassa, bir gözüm ýok. Awstriýa-wenger frontyndan soň saglygymy ele alyp bilemok. Onsoň, onsoň şeýle alaçsyz, ejiz, gözgyny mahlugyň diýenini kim eder. Kim onuň yzyna düşer. Ýöne, men indi bir zada düşündim. Siz şeýle ynanýan bolsaňyz, men edip biljek ekenim, haýp, giç... Seýitmyrat halys daljykdy. Ýöne onuň labyzly, güýçli pikire gaplanan, gülle ýaly sözi rus dilinde şeýle güýçli ýaňlandy. Sülçi beýle dilewary, berk logikaly, parasatly, däne-däne pikirli sözi öň eşitmändi. Onda-da bir gysym bolup oturan «gözgyny, mahluk» türkmenden. Ol «Türkmen azatlygy» guramasyna girýän bäş adamyň sülçüsidi. Olar eýýäm boýun alypdylar. Sülçi näme diýse «Bolýar» diýip, «Gaýrat ediň, günämizi geçiň, men ýalňyşypdyryn. Indi beýle işiň gyrasynda görünmerin» diýip, aglap otyrdylar. Sülçi kagyzlaryny ýygnaşdyrdy-da, indi aýgytly, agşam öýünde «Şeýle ederin» diýen hüjümine geçmäge taýýarlandy. – Tussag Öwezbaýew. Gel, sesimizi gataltman gepleşeliň. Siz düşüniň sowet döwleti diňe, durmuş taýdan däl, ol tehnika, elektron tehnikasy tarapyndan hem ösen döwletdir. – Bilýän, «Sowet döwleti diýmek ýurdy elektronikalaşdyrmak» diýmekdir. Sülçi agyr ýüzüni galdyrmady. – Bilseňiz, gaty gowy. Siz meniň nämä basym edýändigime düşünmez ýaly, çaga däl. Geliň, akylly boluň. Esasy temadan daşlaşmalyň. – Baş üstüne! – diýip, Seýitmyrat baş atdy. Ol sülçiniň «Seni elektrik oturgyjynda-da oturdyp bilýän diýjek bolýandygyna gowy düşündi. – Onda men sizden ýene bir sapar soraýaryn «Türkmen azatlygy» guramasy haçan döredi we onuň baş maksady näme? Şoňa jogap beriň. Seýitmyrat indi pert-pert jogap berdi. – Beýle gurama aslynda döremedi. Aslynda, döräýen bolsa, hökman meniň habarym bolardy. Ýöne şeýle gurama döräýenem bolsa meniň habarym hem düşünjäm hem ýok. Sülçi faktlary onuň pikirine garşy goýup ugrady. – Berdi Kerbabaýew, Berdiýewler, Böriýew, Oraz Artykow, Akmyrat Orazow, Begjan Nazarow dagy bilen Berdiýewlere, Durdy çaýçyň çaýhanasyna, Berdi Kerbabaýewiň öýüne näçe sapar üýşdüňiz we bu meseläni näçe gezek ara alyp maslahatlaşdyňyz? Öwezbaýew oýlandy. «Däliniň müň gepi telek, bir gepi gerek» diýişleri ýaly, bu sülçiniň sözleriniň içinde oýlanmak üçin pikir bardy. Diýmek, urup, sögüp, hoşamaýlap, aldap otursalar şolaryň diý diýen zadyny aýdan adamlar hem bardyr. Olara tiz boşatmak barada wadalar berlendir. Olara hakykatdan hem şeýle boýun alan janly adamlar gerek. Belki, şeýle adamlar, eýýäm azatlykda gezip ýörendirler. Ýöne, goý, birwagtlar şu ýazgylary okanlar, «Häk, türkmenler syrtyna agram düşende namartlyk edipdir-ow» – diýmesin. Seýitmyrat ony boýun aldy. – hawa, Berdi Kerbabaýew, Berdiýewler, beýleki agzalar meniň gowy tanşym. Men olara baryp, çaý içdim, arak içdim, küşt oýnadym, degişdim, gülüşdim. Ýöne bir çäýnek çaý içeniňden, bir tabak çorba içeniňden «Türkmen azatlygy» diýen gurama bolmaýar ahyryn. Onuň üçin näçe-näçe azaplar gerek. Gör, näçe işler etmek üçin boş wagt gerek. Men bolsa jogapkär döwlet işinde işleýärin. Ertir ir sekizden, agşam giç sekize çenli işde, gözümiň jöwherini döküp, dikil gazyk bolup oturýaryn. Maňa dynç günem ýok. Onsoň ol diýýän adamlaryňy aýda, setanda görsem görýärin, bolmasa onam göremok, düşünýäňizmi?! Sülçi düşünip aňyrsyna-da geçýärdi. Onuň özem «Türkmen azatlygy» diýen guramany taýýarlamaga gatnaşypdy. Ýöne ol bu ýumruk bolup düwlüp oturan adama düşünmeýärdi. Toslamany elbetde, toslama bilen, ýalany ýalan bilen ýapmasaň, ol dogruçyllygyň, hakykatyň galypyna gelmeýärdi. Sülçem özünem biderek azap çekip oturanyny, garşysyndaky çal gözli, oýnatgy türkmeniň hem Biderek azap çekip, garşy duran bolup, akmaklyk edip oturanyny bilýärdi. Eger, ol bolýar, hawa diýip otursa, özüne-de, sülçä-de ýeňil boljakdy. Ýöne, sülçi oňa hakykaty aýdyp, bilenokdy. Öňündäki oturan hem sülçiniň görýän hakykatyna öldürseňem düşünjek däldi. Eger düşünäýse-de, seni it masgarasy etjekdi. Şonuň üçin sülçi ony täze faktlar bilen dalady. Sülçi papkasyny açdy-da, arapça gyşyk-myşyk ýazylan haty ýanynyň rus dilinde edilen terjimesini çykardy. Seýitmyrat onuň kimiň hatydygyny bada-bat tanady. Ýöne sesini çykarmady. Sülçi haty Öwezbaýewiň öňüne taşlap goýberdi. – Alyň, alyň, görüň. Siz bilmeseňizem, «Türkmen azatlygy» guramasynyň ýolbaşçysy Öwezbaýewiň harby ugry alyp gitmek bilen, Gökdepede, Bäherdende halkyň arasynda Merkezi Garagumda agzalar, Wefaýewiň, harby ugurda, şeýle hem Eýranyň Türkmensähra, Kümmetkowus şäherlerinde, Bekke Berdiýewiň razwedka gullugyny alyp gitmek bilen Mary oblastynda, Berdiýewiň, Kerbabaýewiň, Akmyrat Orazowyň, ideologiýa ugrunda, Meretdurdy Nagadawyň Aşgabatda, Begjan Nazarowyň Daşhowuzda, Gulmuhammedowyň Kerki oblastynda nähili ýykgynçylyk wagyz işlerini alyp barandygy baradaky habarlaryny, boýun almalaryny okap görüň. Olaryň ählisi, jemi sizden başga 34 adam siziň şol gurama ýolbaşçylyk edendigiňizi tassyklaýarlar. Muňa näme diýjek?! Seýitmyrat maňlaýyny süpürdi. Men häzir ol gürrüňe taýýar däl. Şonuň üçin az-kem, ýerime baryp oýlanmaga rugsat beriň. * * * «Diýmek, 34 adamy gabapdyrlar. Olaryň içinde türkmeniň gül ýaly ýigitleri bar. Eger, olar şeýle düşündiriş berýän bolsalar, olaryň başyna ahyrzaman goparylandyr. Ýogsa, olarmy, beýtjek...» Seýitmyrat kamerada ýalňyz ýatyşyna, bu biderek horluklaryň sebäbini gözledi. Emma näçe oýlansa-da, şol sebäbi tapyp bilmedi. Men ejizlemeli däl. Goý, olar näme pikir etse etsi. Meni kesim-kesim edip, dograp duzlasynlar. Bir başa, bir ölüm. Iki sapar-a öldürip bilmezler. Onam Bukawinanyň eteginde görüm. Gijäniň bir mahaly ony soraga çagyrdylar. – Oýlandyňyzmy? Näme netijä geldiňiz? Seýitmyrat sülçiniň ýüzüne göni seretdi. – Ol adamlary men gowy tanaýan. Olar beýle zatlary diýip bilmezler. Töhmet atýan bolsalar, olaryň öz işi. Sülçi titredi. – Öwezbaýew, siz mekir şagal, ýok, porsy şagal. – Hawa, men porsy şagal. Sebäbi siz ýalylaryň gapanyna düşemok. Siziň ýalan, toslama, bigaýrat wejeralygyňyza ýan beremok, hä diýemok. Şonuň üçin, ine, men, gaýratyňyz bolsa, atyň. Ol döşüni ýalaňaçlady. Siz bigaýrat. Sülçi altataryny gabyndan çykardy-da, ýene gabyna asaldy. – Gerek bolsa, it atan ýaly atar goýbererin. Ýöne, sen aýt, milletçiligiň ýalanmy? – Men milletçi, ol dogry! Sülçi birden galkyndy. – Seniň çarwalara guýy gerek diýip, aslynda galtamanlara mümkinçilik döretjek bolýanyňyz, olary sowet häkimiýetine öjükdireniňiz ýalanmy? – Ol ýalan. – Siz aklara gulluk edip, patyşa hökümeti ýykylansoň hem alty ýüz atly bir rota-da pyýada otrýad bilen gyzyl bolşewiklere garşy göreşeniňiz nädogrymy? – Ol dogry. – Soňra, soňra bolşewikleriň tarapyna sümlüp geçen bolup, dürli edaralarda işläniňiz ýalanmy? – Ol hem dogry. Sülçi ýerinden turdy. – Ine, şu jenaýatçylykly işiňiz üçin hem sizi on ýyl basyp bolar. Seýitmyrat indi sülçiniň ýüzüne-de garamady. – Basyň, basyň, basyp geçiň. Ýöne ahyr bir gün sizem jogap bermeli bolarsyňyz. Türkmen aryny köýdürýän däldir. Sülçi Skobelow, onuň bajysy, ejesi, türkmenleriň generaly öldürip, onuň bajysyny ejesini oba-oba aýlap zaýalaýyşlary, soň tä ölýänçäler gapdallarynda gul edip saklaýyşlary baradaky gürrüňi eşidipdi. Onuň ýaş aýaly, iki gyzy Aşgabatda-dy. Şonuň üçin onuň bu ganojak türkmenlerden gorkusy az däldi. Şony ýatlanda onuň endam-jany tisginip gitdi. – Näme, haýbat atjak bolýamyň? Näme, öz wezipesini berjaý edýän adama haýbat atjak bolýarsyňyzmy? – diýip, ol guran damagyny arçap bilmän, gyryk ses bilen aýtdy. Şol pursatda demir gapy açyldy-da içeri Döwlet syýasy uprawleniýesiniň naçalnigi Karuskiý girdi. Sülçi tas «Wä-ä! » diýip, özüni onuň üstüne zyňypdy. Onuň titreýşini gören maýoryň özi tisginip gitdi. Ýöne syr bildirmedi. Ol sülçiniň oturgyjyna geçdi. Kagyzalra birlaý göz gezdirdi-de, dodagyny çöwrüp, ýüzüni gagşatdy. – Işi gutaryň. Juda uzaga çekdirýärsiňiz. Suda taýýarlaň, işi. Sud aklasa-da, garalasa-da öz işi. Adamlar günäni bizden görmesinler. Ak näme, gara näme belli edilsin. Adamlary nähak kösemek, olaryň abraýyny, mertebesini peseldip, şahsyýetine zeper ýetirmek, sowet demokratiýasynyň iň halamaýan zady. Sülçi daş çykyp, oturgyç sorady. Gaty oturgyç alybam, stolyň bir çetinde ýapyrylyp, ýazmaga taýýar bolup oturdy. Karuskiý Öwezbaýewe ýüzlendi. – Siz Öwezbaýew, aýdyşlaryna görä pähimli adam bolmaly. Şonuň üçin-de, siz uly döwlet işlerinde işlediňiz, adamlar size ýakyn boldy. olar bilen durmuşda gatnaşyklar açansyňyz, iş salşansyňyz. Şonuň üçin olary bize gysgajyk suratlandyryp berseňiz. Seýitmyrat ýere garap oturşyna: – Suratlandyrar ýaly adam barmy? – diýip, mydyrdady. Ýöne bu hilegär tilkijigiň matlabyna düşündi. Olar Seýitmyradyň pikiri bilen olary awlap, olaryň ýaşyny kesjek bolýardy. – Men olary ýigrenýärin. Olar namart adamlar. Men harby komandir. Meniň adamlardan talabym başgaça. Olar meniň berk talabymdan gaty pes, ylaýta-da adamçylyklary pes adamlar. Maýor Karuskiniň çepek ýaly bolup giden sary gulaklary, şeýtanyňky ýaly bolup, çürelip depessine ýeteňkirläpdi. Öwezbaýewiň şikessiz gözi şoňa düşdi-de, gülümsiredi. Maýor bolsa oňa razylygyň hem-de özüne boýun sunmagyň alamaty hökmünde düşündi. – Aslynda Kerbabaýew kim? Siz bir oturylyşykda «Sen türkmen şygyrýetiniň şamçyragy bolarsyň» diýipsiň. Onuň döwlete, millete gatnaşygy nähili? Seýitmyrat birden gagşap gitdi. ol Kerbabanyň öýünde aýdypdy şol sözleri. Ýöne ol, ol sözi badyhowalyk üçin aýdanokdy. Ol ahun, durmuşy, gündogar akyldarlyk akabasyny, türkmen din, adat, dil, häsiýet hazynasyny köňül dünýäsine salan, durşuna milli ruhuň nagmalary buldurap duran bu adamy geljege degişli hasap edýärdi. Ol häzir köräp duranja süplükdi. Ol gelejekde açylmalydy. Geljekde ýanmalydy. Ol şol beýik ody görýärdi. «Beý, Berdiniň daşyna düýpli geçipdirler diýsene. Ony nädip halas etmeli...» Seýitmyrat maýora garap baş atdy. – Berdi Kerbabaýew, meniň goňşym. Ol gaty uly baýyň ogly. Özem Buharada okap ahunlyga ýeten. Juda heleýbaz. Beýle adamlar akmak bolýarlar. Akmak adamlar döwlet hakynda pikir edip bilmeýär. Olar: «Men hemme zadyň depesine çykdym. Indi durmuşyň hözirini görmeli» diýip pikir edýärler. Durmuşyň iň belent höziri diýibem oturylyşyklara, meýlislere, araga, heleýe, keýp çekmä düşünýärler. Ýogsa ol ahun, medrese gutaran, arak içmek, doňuzyň etini iýmek, heleýler bilen gezmek onuň üçin gadagan. Ol bolsa döwrebapsyrap keşbini üýtgedip jalaýlyk satýar. Men olar ýaly adamlary ýigrenýärin. – Onuň şygyrlary nähili? – diýip, baş atyp oturan maýor gyzygyp sorady. – Şygyrlary erbedem däl. Onuň bir erbet häsiýeti bar. Ol özbek, tatar dillerini gowy bilýär. Şolaryň goşgularyny türkmençä geçirip, öz adyny goýýar. Tatarlaram gaty milletçi. Onsoň bu samsyga «Sen milletçi» diýip ýörler. Olam «Milletçi diýmek näme?» diýip, gaýta-gaýta soraýar, menem «Seniň ýaly mahawyň düşünmeýän zady» diýdim. Onuň bir goşgusy bardyr, «Iç ýene-de, iç ýene» diýip. Ota Osmangaly diýip tatarlaryň bir reaksion şahyry bar. Şonuň: Guzlargyň kyzargynça, iç ýana-da, iç ýana, Bulgurda kan, kör kança, iç ýana-da, iç ýana, Anaň közýaşy munça, iç ýana-da, iç ýana, Şaýtan yşanmagança, iç ýana-da, iç ýana, Hadan Kelgan pygança, iç ýana-da, iç ýana. – diýen şygyry bar. Şony türkmençä geçirip, öz adyndan aýdyp ýör. Poemalaram ýedi ýaşly çaga goşgy goşan ýaly, ýöntem, ondan-mundan çöpleme. Heý, onsoň şeýle adam şahsyýet bolarmy?! Maýor sülçi bu sözleri kagyza geçirýänçä garaşdy. Soň ýene-de sowal berdi. – Bekki Berdiýew kim? Ol siziň pikiriňizçe nähili adam. döwlet derejesinde nämeler oňarýar? Seýitmyrat tas ýerinden turupdy. – Aý, näbileýin, döwlet derejesinde näme oňarjagyna bilemok, ýöne saçagyň, aragyň başynda pöwhe-pöwhe öwünmäge-hä gaty ökde – Ol maýoryň gürrüňine ynanyp ynanmaýanlygyny barlamak üçin başyny galdyrdy. Maýor oňa gulak asýardy. – Käbir adam bolýar, işleýär, azap çekýär. Emma hiç kim oňa «hä» diýmeýär. Emma käbir adam bolýar, onuň pöwhe, boş sözüne ynanýarlar. Iş edilmeli bolanda onuň nähilidigi belli bolup galýar. Berdiýewleriň Bekkisem, Kakajanam şeýle. Aslynda Mary halky boş-boş öwünmegi gaty halaýan, gysganç, bahyl halk. Olaram şeýle. Onuň daşyndan görseň, boýny galustukly, inteligent adam. emma haçan görseň karz pul sorap ýörendir. Öýünde iýmäge çöregi ýok. Alan pulunam gaýdyp bermez – Ol güldi – On sekizinji ýyl Funtikow ony ministrem etdi. Ol adamlar şonuň ýaly boş adamlar. Şonuň üçin häzirem işsiz, güýçsiz entän bolup ýörendirler. Olara taýýar, mugt, işlemän, azap etmän gazanylan zat gerek. Türkmenler olar ýala «Taýýar aşyň eýesi» diýýärler. Maýor, Seýitmyradyň ýüzüne seresaplyk bilen garady. – Siz ony döwlet derejesinde nähili görýärsiňiz. «Ine, üstünden bardyň, iblis. Sen ine, şundan gorkýarsyň. Saňa Atabaýew ýaly goçaklar gerek, pöwhe mahluklar gerek. Emma Berdiýewler siz ýaly kümsük haramzadalaryň çeýnejek çöpi däldir. Meniň häzir seni edişime seret!» Seýitmyrat aňynda ýyldyrym uran ýaly bolup giden oýdan soň, özüni ele aldy. – Gaýgysyz Atabaýew örän hüşgär hem akylly adam. ol Berdiýewleriň pöwhe, boş adamlardygyny derrew tanady. Olary döwletiň gyrasyndanam etdirmedi. Menem şeýle pikirde Berdiýewleriň hem bir oňarýan işi bolarmy, olara aragyň başynda boş gürle diýseň. Maýor elindäki kagyza seretdi. – Gulmuhammedow hakynda siziň pikiriňiz nähili? Seýitmyradyň kalby buýsançly lowurdady. Ol dünýäde Gulmuhammedowyň bardygyna buýsandy. «Goý, bizi näme etseler etsinler. Kakam aýtmyşlaýyn, ölen günümiz bizi türkmen aýallary dograr, emma Kerbabaýewi, Gulmuhammedowy indi dogurjak aýal ýokdur. Olaryň bir özi biziň ýalynyň müňüsiniň edip bilmejek zadyny eder. Ine, şolar yzymyzda galsa besdir...» – Gulmuhammedow, Gulmuhammedow – Ol ukudan açylan ýaly boldy – Hawa, ol görgüli çala sowat adam-da. Ýogsa, Leningradyň Gündogary öwreniş institutyny hem okady. Medrese gutaran, ýöne gaty ýöntem, garasöýmez. Adamlar ondan gaçýar, sebäbi onuň bir ýaramaz pikiri bar, «Hemme adam akmak, diňe men bilýän». Özem şeýle bir ýüzi ýyrtyk, edepsiz, nire bolsa burnuny sokjalap ýör. Ol biziň ýalylar bilen çemeleşýär. Döwleti, döwlet işini hasap edýän adam däl. Ýüreginde ýel bar, bir ýerde mesgen tutup bilmeýär. Bir görseň Kerkide, bir görseň Buharada, bir görseň Mazary Şerifde, bir görseň Aşgabatda. Döwlet işine yhlas edýän adam, şoňa umyt baglap, bir ýerini sypdyrman oturmaly. Ol bir gezip ýören diwan-a... Onuň goşgularynda, makalalarynda, hekaýalarynda ýöntemlik bar, çaganyňky ýaly. Ol hem pikir darlykdan. Maýor onuň sözüni kesi. – Nikolaý Nikolaýewiç Ýomudskä nähili garaýarsyňyz? Seýitmyrat sag eli bilen şikesli gözüni süpürdi. Bu ýagdaý onuň içki aşa tolgunmasynyň sarsgynydy. Ol beýik çynar ogla ýaman söz diýmäge onuň dili barjak däldi. Ýöne şu ýerdäki soraglarda onuň ady telim sapar ýatlanypdy. Diýmek onuň başyna-da jebirli günler inen borly. «Bagyşla, bagyşla, bagyşla!..» diýip, Seýitmyrat gowşak samrady-da, ýumşaksy gürledi. – Nikolaý Nikolaýewiç Ýomudskiý dyrnagyndan saçyna çenli graf. Onuň öýke-kinesi, näzi bir tonna. Ol öz-özüne ýaranyp bilýän adam däl. Duýgur, ynjyk, şeýle bir öýkelek welin, onuň göwnüni tapar ýaly däl. Ol asla türkmenleriň, Türkmenistanyň adamsy däl. Ol Lew Tolstoý dagy bilen oňuşaýmasa, bize el bermez. Ol özüni hemişe Rossiýada görýär. Bäri iki-üç ýyldan gelýär. Onda-da karary ýetenok. Onuň watany Rossiýa. Onsoň Towşana dogduk depe diýenleri. Ony meniň ýalylar tanabam bilmez. Sebäbi biz bir çarwa adamsy. Bir tabagyň daşyna bäş-alty bolşup üýşüp çorbany elimiz bilen iýmesek, biziň ajygan ýerimize barmaz. Emma ol adamlar jyrk gün oturar, emma kümüş çemçe, dürtgüç, pyçak, süpürgüç goýulmasa stoluň başyna barmaz. Karuskiý bu baha bilen ylalaşdy. – Dogry, Böriýew barada pikiriňiz nähili? – Böriýew çarwa adam. onuň aňy, ruhy çarwa. Ýöne ol zoraýakdan dilçi alym boljak bolýar. Emma alym bolmak üçin, ilki ýokary, rus ýa-da ýewropa kysmy medeniýetiň bolmaly. Böriýew dil barada kitap ýazan bolýar. Emma özi şiwe dilinde gepleýär. Öz diliňi oňarman, dil barada kitap ýazyp bolarmykan? Özüň sowatsyz bolup, sowat hakynda gürrüň edip bolarmyka? Onsoňam ol adam syýasy tarapdan juda sowatsyz. Ol döwründe, bu bolýan zada düşünmeýän bir mahaw. Onuň bar derejesi, «Ene dili» kitabydyr. Olam ýary azerbaýjançadan, ýary tatarçadan, ýary özbekçeden göçürme. Galan ýerine-de şolaryň ülňesinde türkmen poh-yrrahy salnan. Okar ýaly däl. Görseň janyň ýanýar. Seýitmyrat içinden Kümüşaly Böriýewe buýsandy. Oňa «Türkmen dili» kitabyny ýazdyranam, onuň ülňüsini sahypama-sahypa, bapma-bap ýazdyran hem onuň özüdi. Soň kitap taýýar bolansoň, ony gaýtadan berk talap bilen täzeden işledip, kitap edip çykaranam onuň özüdi. Ol Gazanfar Aliýewi hem goldapdy. Oňa harplygy üçin minnetdarlygam, hemaýatam gaýgyrmandy. Bu gün bolsa olar ýene onuň eline geçdi. – Onuň milletçilik häsiýeti nähili? Seýitmyrat az-kem sägindi. – Türkmenlerde medeniýet ýok. Olar başlamaly ýerini bilse-de, saklanmaly ýerini bilmeýärler. Kelleleri gyzsa, eňen tarapyna dagdan gaýdan daş ýaly. Samsyk, kelpeň, ýeňles gepem aýdýarlar. Bir görseňem gepledip bilmersiň. Agzyňa suw alan ýaly bolup oturandyr. Olaryň milli meselä garaýşam, milletçiligem, edil şonuň ýaly. Olar hakyky feodal psihologiýadaky adamlar. Derejesi, ady kommunist bolsa-da aň, düşünje, garaýyş feodalizm döwründäki... Maýor Karuskiý sagadyna garady-da başyny ýaýkap, ýerinden turdy. – Öwezbaýew, onda sen bir zat et. Sülçi saňa atlary, familiýalary berer. Sen şolar barada, howlukman ö pikiriňi ýaz. Sülçä aýt. Häzir bolsa tussagy ýadatmaň, dynç alsyn. Ol çykyp gitdi. Onuň giderine mähetdel sülçem kagyzlaryny şatyr-şutur ýygnady-da, saklawlary çagyryp, tussagy öz kamerasyna ugratdy. – Ol ganjykdan bolan haramzada – diýip, Karuskiý Öwezbaýew baradaky dokumentleri, sorag-jogap ýazylan sahypalary, habarlary, hasabatlary derňäp, gaharly aýtdy – Ony atsaň hem az. Içiňdäkini bilýär, haramzada. – Ol «Türkmen azatlygy» guramasyna gatnaşygy doly özem esaslandyryp inkär edýär. Eger sud etmeklik märekeli bolsa, onuň ähli syrymyzy paş etmegi mümkin. Karuskiý hor, ýylçyr ýüzüni sap-sary barmaklary bilen myžžyklap owkalady. – Ony ol meseleden aýryň. Ol milletçi, bolşewiklere garşy ýaragly göreşen, sowet döwletiniň ganym duşmany hökmünde sud etmeli. Ony bolsa onuň özi boýun alypdyr, şeýle dälmi? Tartarýan ýüzüni eýesine wepalylygyny bildirjek bolýan güjügiň ýalym-ýulumy bilen: – Şol deliller bilen ony atybam bolar. Ýöne on ýyldan köp kesip bolanok-da – diýdi. Maýor Karuskiý işi Tartarýana berdi. – Ine, Öwezbaýewiň işi. Gaty gysga wagtda örän howply syýasy wenezzyna hökmünde sud edip, başymyzdan sow. Ýöne, duşuşyk, azyk bermek, ýoldaşlary bilen duşurmak gadagan. Diňe suddan soň. Tartarýan bagtyýarlyk bilen baş atyp, ýerinden turdy-da, işi garbap aldy. | |
|
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -17: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -9: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Düýn düýn bilen gitdi - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -16: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek -6: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Şam ilinde - 17.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |