16:28 Gala -7: Oýlanma pursady | |
7. Oýlanma pursady
Romanlar
Seýitmyrat bu gün halys bolup ýadapdy. Ysgynsyzlyk, kelle agyry ýene-de ony halys edýärdi. Onuň üstüne, bu gün ondan ýene-de öliniň soragyny etdiler. Patma bajy, Serdar aga, Berdiýewleriň öýdeniçeri, Berdiniň çaýhanasynyň garawuly Bekgen aga bilen ýüzleşdirdiler. Onuň ýadynda galan Patma bajynyň: «Hawa, onuň öýünde del-del adamlar yzly-yzyna ýygnaklar guradylar. Men olara çaý eltenimde: «Türkmen azatlygy» guramasyny döretmeli» diýişip oturanlaryny eşitdim» diýdi. Öwezbaýew Patma bajynyň ýagdaýyna düşündi. Ol güýçli kötege daňlan bende bolmaly. Ol barada şondan artyk oýlananyňa-da degmeýändigine Seýitmyrat düşündi-de, Seýitmyrat ony bagyşlady. Iň bärkisi Seýitmyrada: «Siziň öz hyzmatkärleriňiziň aýdanlary bilen ylalaşýarsyňyzmy?» diýibem soramadylar. Bekgen aga, Serdar aga daga aňy giden, garyp tirýeki bendelerdi. Olar hem oýlananyňa degenokdy. Ýöne, Seýitmyrat basym suduň boljagyny aňdy. Ol suduň nähili ýagdaýda boljagy, haçan, nirede boljagy belli däldi. Özüne haýsy madda bilen aýyp bildiriljeginem çen edip bilmedi. – Aý-waý-eý – siýip, Seýitmyrat düşegiň üstünde ebgar ýatyşyna, hasratly oýlandy – Her zat edenlerinde-de şundan-a oňat bolar. Juda Hudaý tutan bolsa atuw bererler. Atsynlar. Meniň öňki sülçä sanan adamlarymkydan süýji däldir meniň janym. Yzymda gara gözli dilberim çülpe-çülpe çagam aglap galjak gümany ýok. Onuň üçin kerçäp-keçäp, nireleri gowuz bolsa, şoňa dykybersinler. Şu ýerde ol pikirini täze ulgamlara tarap uçuryp goýberdi. Özüniň şu ömri üçin möhüm, gymmatly bolan wakalara, on altynjy, on ýedinji, on sekizinji ýylyň özüni şahsyýet hökmünde güberçekledip orta çykaran ýyllara gaýdyp geldi. Üýtgeşik myhman Ol ýaňy ostawka çykyp, Köşi obasyna baryp gelipdi. Şonda Muhammetberdi arçynyňkyda Hally bagşyny diňlän, ýaşulylar bilen uzak gije mesaýy söhbetleşenden soň onuň Köşi halkyna goşulasy gelipdi. «Şu ýerden howly satyn alaýyn-da, il-gün bilen bolubereýin» diýipdi. Onuň bu obanyň adamlarynyň arasynda bolup, olara kömek beresi, hemaýat edesi gelýärdi. Ýöne onuň bu pikiriniň,bu maksadynyň düýbi deşikdi. Ähli parasat şol deşikden jogurdap, näbelli ýere akyp ýatyrdy. Ol öz çemsizje otagynda, heniz özüni, pikirini jemläp bilmän oturşyna, işigiň kakylýanyny eşitdi. Geýnip, işigi açdy. Işikde agasynyň adýudanty, ýaş ýigit durdy. ol ak telpegini çykaryp salamlaşdy. Soň telpegini geýip, sag elini gulagynyň ýanyna ýetirdi. – Onuň alyhezretleri polkownik Annamyrat Öwezbaýewiç, sizi öz öýüne gyssagly çagyrýar. – Bolýar! – diýip, Seýitmyrat adýudanty yzyna gaýtardy. Soňra graždan eşigini geýip agasynyňka ugrady. Ol ýolda: – Agamyň näme ýumşy bolup biler ýa-da maňa atlylaryň rotasyny teklip etjekmikä? – diýdi – Ýa obadan, beýlekiden habar geldimikä? Ol dalana girdi-de, köwşüni çykardy. Içerden rus dilinde hümürdi eşidilýärdi. Dalana gelnejesi çykdy. Ol birhili şadyýandy. – Ahyr geldiňmi? Gel ahyryn! – Ol yzyna bakan girdi-de Seýitmyrat geldi – diýip, içeri habar berdi. Annamyrat inisini işigiň agzynda hormat bilen garşylady. Onuň ellerini iki eliniň aýasyna alyp ýüzüne mähir bilen garady. – Seýitmyrat, gel-ä, jigim jan – diýdi – Soň onuň elini goýbermän, içeri alyp gitdi – Seni bir del myhman bilen tanyşdyrjak... Ol myhman hem ýerinden turup içeri girmeli adama garaşyp durdy. – Ine, ine – diýip, ol adam Seýitmyrat bilen görüşdi. Ýagşy boldy, ýagşy boldy – diýip, türkmeniň haýsydyr bir tiresine rus basymyny berip aýtdy. – Inim Seýitmyrat. Özi bolsa ştabs-rotmister. «Swýatoýa Anna», «Swýatoý Stanislaw» ordenleriniň, Söweşjeň «Georgiý» ordeniniň kawaleri. Indem ostawkada. – Ýagşy, ýagşy, ýaşyň uzyn bolsun. Ýagşy – diýdi-de, myhman oňa: «Ordeniň haýsy dereje» diýdi. – Üçünji derejeli. Myhman begendi. – Ýagşy, ýagşy. Ol ordenleri Türkmenistanda-ha däl, Polşada, Rossiýada-da iň gaýduwsyz, iň batyr adamlaryň azajygy alandyr. Olar heýwere abraýly ordenlerdir hä. Patyşalyk ordenlerdir, hä. Gaty gawy bolupdyr, ýaşyň uzyn, ýaşyň uzyn- diýip, begençli aýtdy – Bu ordenler berlen wakalar heýwere gyzykly bolmaly. Gürrüň berersiňiz. Gezek onuň özüne ýetdi. – Bu biziň beýik, akyldar agamyz graf, Nikolaý Nikolaýewiç Ýomudskiý. Seýitmyrat sag eli bilen şikesli gözüni gaýta-gaýta süpürdi. – Tanyş bolanyma örän şat, graf – diýdi. Gürrüň türkmençe, rusça gideni üçin, ol rusça ýüzlendi. Muny graf halamady. – Haýp, türkmen dilini ýitirmegin. Gawy dildir, beýik däldir-ha. Ata-baba ruhumyz dilimizdedir – diýdi. Seýitmyrat sesini çykarman görkezilen ornuna geçdi. Stol dört adamlykdy. Özem juda ýokary talabyň derejesinde serwizlenendi. Altyn çaýylan gap-gaçlar, üç dürli salat, üç dürli balyk, gyzyl, gara işbil, tamdyr çöregi, kellebaşaýak, kömelek Seýitmyradyň bu eýýamlarda gören zady däldi. Stoluň ortasynda fransuz konýaklary, rus araklary gelşikli çüýşelerde buldurap durdy. Annamyrat sagadyna garady-da, diwara berkidilen telefony galdyrdy. – Polkownik Öwezbaýew. Soýedinite polkownikam Oraz serdara. Oňa polkownigiň gidendigini habar berdiler. – Horoşo – Komutatordan polkownikden nämedir biz zatlar soradylar. – Da, da. Soýedinite. Ol ýogyn garnyna zordan ilteşýän öý pižamasyny ýokary çekip durşuna: – Häzir gelýär – diýdi. Nämüçindir häzir gürrüň alyşmaýardy. Graf Ýomudskiý owadan, dik didaryny güjeňläp, ýaňy ak sepip başlan owadan, ýüzüne gelişýän saçyny barmagy bilen darap, bu iki dogany gaýta-gaýta synlaýardy. Ol ahyry ýylgyrdy. – Men diýýan, bu iki dogany bir çanak alakgada diýýan, garsaň, soň şondanam adam ýasasaň, biçak baha iki adam emele geljek eken diýýan. Hakykatdan hem, diýmezçe däldi. Annamyrat-ha eginlek, görmegeý ak ýüzli, uly burunly, salpy dodagy durşuna görk berýän çynar ýaly syrdam, daýaw kişidi. Seýitmyrat bolsa ýumruk ýalyjady. Özlerine-de dogan diýer ýaly däldi, biri bugdaý reňk, Annamyrat ap-akdy. Işik açyldy-da Annamyradyň aýaly göründi. – Oraz serdar geldi. Nahar alyp berjek. – Ýagşy bolar – diýip, Ýomudskiý aýtdy – Ajap-da ýagşy bolar. Oraz serdar ýadaw halda içeri girse-de, keýpi kökdi. Ol Ýomudskiý bilen gujaklaşdy-da derli ýaňagyny onuň ýaňagyna taýly gezek degirdi. – Salam, agam. – Waleýkim essalam – diýip, myhman onuň bilen salamlaşdy. Oraz serdar keltejik, gujurly bedeniniň astynda puržin bar ýaly, silkinip-silkinip akyp, ilki Annamyrat, soň Seýitmyrat bilen salamlaşdy. Telpegini asgyja gysdyryp, ýakasynyň iliklerini gowşatdy-da, edil myhmanyň garşysyna, sag töre geçdi. – Şu gün-ä yssy – diýip, ol ýene-de iki iligini açdy. Nahar çekildi. – Moskwadan, Petrgraddan şeýle bir maglumatlar gelýär. Russiýanyň niresine seretseň, iş taşlaýyş, köçä ýaragly çykmak. Bir ahyrzamanyň-a ysy gelýär – diýip, oraz serdar gürrüňi janlandyryp ony döwrüň iň wawwaly ulgamyna gönükdirip goýberdi. Annamyrat öý eýesi hökmünde çüýşeleri açyp, hrustal gapjagazlara tarap uzatdy. – Kim näme islese. Nikolaý Nikolaýewiç çalajadan: – Konýak – diýdi. Oraz serdar konýakly çüýşä seredip, ýüzüni turşutdy. – Maňa arak guýsana, Annamyrat. Annamyrat özüne-de, inisine-de konýak guýundy. – Onda ilkinji söz agamyzyňky, özem türkmençe gürläliň. Oraz serdaryň sözüni beýlekiler hem makullady. Graf konýakly gabyny alyp ýerinden turdy. – Doganlarym, sizi heýwere göresim geldi. Size duşup göwnüm hoş boldy. men ene watan, eziz türkmen hem siziň üçin bulgur göterýärin. Siziň saglygyňyza. Birinji bulgur. Çakyşdyrylman içildi. – Haçan geldiňiz, Nikolaý Nikolaýewiç – diýip, Oraz serdar öňündäki owadan gaba balyk, işbil, mesge goýup durşuna sorady. Seýitmyrat bu del myhmany haýran galma bilen synlaýardy. Bu adamyň ak ýüpek ýaly owadan barmaklary çemçäni, çarşagy şeýle näziklik bilen tutýardy. Ol çemçäni, pyçagy gaba degirmän örän owadan, ussatlyk bilen alýardy-da dodaklarynyň arasyna eltýärdi. Ol misli iýmeýän ýalydy. Dodaklaram, eňegi, agzy gymyldamaýan ýalydy. Oraz serdar çemçesini sowusly gaba ýagşy batyryp, dökän-saçan edip, agzyna eltip, hopurt edip ýuwdanda Seýitmyrat tas ýerinden turupdy. Ýöne özüni wagtynda ele aldy-da, bir salym iýmän oturdy. Annamyrat çüýşeleri ýene-de aýlady. – Men düýün, mundan bäş-alty gün öň geldim. Piterdedim. Soň Moskwa oglanlaryň ýanyna geldim. Soňam Bakuwyň üsti bilen Gyzylsuwa geldim. Obada birki gün bolup, soň Aşgabada gaýtdym. Gelibem, Annamyrat jany göreýin diýdim. Ol meniň inim bilen bile okanda öýe baryp, özüni ýagşy öwrenişdiripdi. Indi ol meniň gardaşym ahyryn. Ilki bilen gardaşyňka barmasaň, bolmaz-a. – Onda, menem birki agyz söz aýdaýyn – diýip, Oraz serdar eline arakly bulguryny alyp, ýerinden turdy – Men şu bulgury agamyz, Annamyrada-da, maňa-da köp duz çörek beren, hossar çykan, türkmeniň beýik çynar ogly Nikolaý Nikolaýewiçiň saglygyna içjek – Ol Annamyradyň ýüzüne garady – Türkmeniň betbagt günlerini görme kemimiz galmady, agam, indi onuň bagtly günlerini görmegem miýesser etsin. Nikolaý Nikolaýewiç hem ýerinden turdy. – Köp-köp ýagş-y-y. Ýaşyň uzyn bolsun. Olar ýene nahara başladylar. – Moskwa neneň? Piter neneň? Şony gürrüň bersen-e agam. bolşewikleriň gara çynymy ýa-da biderek gan-da pyçaklykmy? Ýomudskiý süpürgiç aldy-da, onuň gyrasyny epläp, oňa barmaklaryny, soň aşaky dodagyny degirdi. – Şu sapar olaryň heýwere çynlary. Bu sapar olar patyşany agdarman köşeşmeseler gerek. Ine, meniň pikirim. Şu ýyl bolmasa, geljek ýyl hökümet agdarylar. Bu bolsa ors halkynyň pikiri. Patyşa hökümedi, aslynda şeýle bir gowşak eken, onuň Moskwany, Piteri goramaga-da, tertibi, düzgüni saklamaga-da güýji ýetenok. Şeýle bir lagşapdyr, bagtyna boran ýagyp dur, haýp. – Annamyrat sesini çykarman gaplara içgi aýlady. Oraz serdar ýanyp duran otlukly gözlerini bulgurlaryna aýlady. – Bolar, bolar. Men işe-de aýlanmaly – diýdi. Soňam, şol äheňi bilen – Indi biz nätmeli? Nähili bolar? – diýip, howsalaly sorady. Nikolaý Nikolaýewiç az-kem derçirän ýüzüni el ýaglygyny çykaryp, syrdy. Soň, ähli ünsüni elýaglygyna berýän ýaly, aşak seretdi. – Oglanlar! – Ol başyny galdyrdy – Orset üýtgär. Ors halkyny sizem tanaýarsyňyz, bizem tanaýarys. Onuň ýüregi turup, eline tüpeň alsa, gaýduwy ýok. Olaň serdaryna Lenin diýýärler. Ol heýwere güýçli adam. şeýle bir zatlar ýazyp, ors halkyny ynandyrdy. Onuň eline içi okly ýarag berdi. Nyşanany «Ine, sizi asyrlap horlan Romanowlaryň eždatlary. Sizem olardan ýurdy basyp alyp, aryňyzy alyň» diýdi. Indi, indi orslar sözünden dänmez. Olar Leniniň yzyna düşer – Indi. Biz nähili bolmaly?! Türkmenistan, türkmeniň beýik ogullary nirede bolmaly? Siz oýlanýarsyňyzmy?! Nikolaý Nikolaýewiçiň sözi Seýitmyrada agyr täsir etdi. Ol ýeterlik maglumatlary bolmany üçin Russiýadaky ýagdaýlary jikme-jik bilmeýärdi. Emma şol ýerdäki söweşjeň ruhuny milli namys derejesine ýetip, öz iline gelen bu adamyň sözünde üýtgeşik ýokuşmaklyk bardy. Şol ýokganlyk Seýitmyrada bada-bat geçdi. Ýöne ýaşy boýunça-da, müçesi, derejesi boýunça-da bu ýerde iň kiçi adam bolany üçin, ol sesini çykarmaýardy. Oňa kakasy mydama: «Kyrka ýetýänçäňiz märekede söz sözlemäň» diýerdi. Öňem, türkmen kyrkyna ýetmedik adama märekede söz bermez eken... – Biz näme, biz gullukdaky adam. ýa eýläk, ýa beýläk bolýança, biz näme edeli. Ýöne Rossiýadäki wakalar bize-de täsir edýär. Goşun birahat, ýolbaşçylyk ediji düzüm birahat. Keýp ýok. Serhet ýakasy. Onsoň biz näme edeli. Ýöne menem, Annamyradam, rus komandirlerem ýagdaýy bilip durus. Patyşa ýykylsa, biz ony saklap bilmeris. Ýykylan patyşada bizi saklap bilmez. Onsoň biz näme etmeli. Seýitmyrat oturyp bilmedi. – Türkmen, Türkmenistan, nähili bolmaly, galany owarram-la – diýdi. Nikolaý Nikolaýewiç begendi. – Ine, şol barada oýlanyň. Patyşa ýykylsa, oňa birigen ülkeler dargar. Sebäbi Lenin: «Ähli halklar, milletler, ülkeler özbaşdak bolmaly. Olar Rus patyşasynyň boýuntyrygyndan, demir zynjyryndan boşap, milli ýoly, öz saýlap alan ugry bilen gitmeli» diýip dur. Biziň türkmen halkymyzyň ýoly nähili bolmaly? Oraz serdar iliklerini ötürişdirip başlady. – Bize ýol görkez, graf. Biz bir harby adam. şondan başga düşünjämizem ýok. Näme etmelidigini aýt, şonam ederis – diýip, sagadyna gaýta-gaýta seretdi – Işe-de görünmeli. Nikolaý Nikolaýewiç tabaklar çekilip, soň getirilen kofeden çalaja owurtlady. – Men aýtsam, patyşa ýykylan badyna türkmenler özbaşdak milli respublikasyny dokument esasynda jar etmeli. Özüne ýolbaşçy saýlamaly. Respublikanyň häsiýetini, syýasy ugruny yglan etmeli, bu bir. Ikinji bilen, öz respublikaňy goramaly. Onuň üçin uly harby güýç gerek. – Güýç bolar – diýip, Oraz serdar ýerinden turdy. Men on müň adama çenli regulýar goşun tapmaga söz berýärin. – Ýagşy, ýagşy! – diýip, Nikolaý Nikolaýewiç begendi – Üçünji bilen, täze döreýän respublika öz şäheri gerek. – Aşgabat näme? - diýip, Oraz serdarr telpegini diwara berkidilen demir asgyrçdan sag elini alyp, kellesine geýmän, çep eline birki gaýta urdy. Ýomudskiý kofe gabyny eline alyp, şonam Aşgabada tarap uzatdy. – Ol wagt Aşgabadyň eýesi köp bolar. Şonuň ýaly wagt Eýranyňda, Owganystanyňda Aşgabada dökülmegi mümkin. Paatyşa ofiserleri, munça goşun nirä gitsin. Bosgun bolmagy ahmal. Aslynda-da Aşgabat häzir hem türkmen şäheri däl. Bize türkmen şäheri gerek. Azyndan on müň at saklar ýaly bazamyz, şonça goşuny, pyýada goşuny, halky saklar ýaly azyk gerek. Siz şol ýagdaýlar barada pikir etmeli. «Alyň, alyň, boldy, boldy» diýlende agzymyzy açyp durmalyň. Biz etmesek, ony kim etsin. Oraz serdar gitdi. Aga-ini hem-de Nikolaý Nikolaýewiç ýygnalyp, üstüne üzüm, nar hem-de gawun getirilen stoluň başynda galdy. Seýitmyrat gaýta-gaýta şikesli gözüni süpürdi. – Nikolaý Nikolaýewiç, meniň bir pikirim bar. Eger diňleseňiz aýdaýyn. – Ýagşy, ýagşy, aýdyň, aýdyň – diýip, ýaşuly elindäki nary kiçijik pyçak bilen kesip durşuna başyny atdy – Ajapda diňläris... Seýitmyrat ýere seredip ýuwaşja sözledi. – Siz akylly pikirler aýdyp, gözümizi açdyňyz. – Ýagşy, ýagşy. – Siziň türkmen şäheri diýeniňiz hem gaty dogry. Şol ýere Köşi obasy taýýarlansa, nähili bolar – Annamyradam, Nikolaý Nikolaýewiç hem ellerindäki nary kesmän, az-kem diň saldylar – Hem Aşgabada ýakyn. Hem atly polk bar. Iými, ot-çöpi, beýleki gerek zatlary şu ýere üýşürip bolardy. Annamyrat onuň bu pikirine garşy çykdy. Ol inisine gözüni alartdy. – Heniz gaýa ýok, gopuz ýok. Suw görmän tamman çykaryberme. Bujagaz günümizden edersiň. Nikolaý Nikolaýewiç sesini çykarmady. – Men soňuň, patyşa ýykylsanyň gürrüňini edýän. Patyşa ýykylsa, seniň polkuň kime geregi bar. Han özüm, soltan özüm bolarsyň ahyryn. Men şol döwrüň gürrüňini edýän. Ýöne biz nirede nämämiziň baryny bilmeli ahyryn... – Ýagşy, ýagşy. – Ol başga gürrüň. Emma häzir däl. – Häzir hem biz «Eý, Allam, patyşany ýyk. Bize-de eşret ber» diýip oturman, aýlanyp, hereket etmeli. – Ýagşy, ýagşy. Berekella. – Şonuň üçin bir ýagdaý bar. Köşiniň arçyny meniň tanyşym. Şonuň bilen maslahatlaşyp, Köşiniň ortasynda uly hammam, çörek bişirilýän, kir ýuwulýan, aýakgap, nal çüýleýän, at esbaplaryny oňarýan jaý gurmaly. Özünem, gerek wagty on müň adama hyzmat eder ýaly bolmaly. Köşüniň ýollaryny abatlap, çagyl dökdürmeli. – Serişdäni nireden almaly. Seýitmyradyň derisi giňäp başlady. – Serişde, men şoňa müň çerwones goşant goşjak. Sen goşsaň, agam goşsa, Oraz serdar goşsa, galanynam halkdan ýygnarys. Halky işlederis. Ony men öz üstüme alýaryn. Men ostawka çykdym. Şony iş edinjek. Maňa başga iş gerek däl. Köşi ýabyny arassalatjak, her sapar birbada bäş ýüz müň atlyny ýakyp bolar ýaly howdanlar gurdurjak. Emma näme edýänimi, näme üçin edýänimi hiç kim, Oraz serdaram bilmeli däl. – Ýagşy, ýagşy. Ajap bolar, Ýöne birden näme hemaýat zerur bolsa, aýtmaly. Seýitmyradyň äheňi ýumşady. Ol şol äheň bilen agasynyň ýüzüne garady. – Men Köşiniň miraby bilen bu zatlar barada geňeşeýin. Ol makullap, pylan gün adamlary üýşürip, «geliň» diýse, sizem şol maslahata barsaňyz, bu bir, ikinjiden bir gazna döredilse, şol gazna heriňiz näçe eçilseňiz, onam şol ýerde gowşursaňyz. Ine, onsoň bu iş meniň ýa-da arçynlygyň däl-de, döwlet derejesindäki iş bolar. – Ýagşy, ýagşy – diýip, Nikolaý Nikolaýewiç bu uly başlangyja begenip aýtdy – Men, size Köşüden bir howlam satyn alyp bereýin. Siziň guramaňyz şonda otursyn. Adamlar, gerek wagty sizi bir ýerden tapmaly bolar-a, şonuň üçin. Sagadyna garan Annamyrat ony makullamady. – Howlyny Büzmeýin obasyndan satyn almaly. Entejik bu ýerde göze dürtülip durmasyn. Onsoňam Köşi adamlar gaty ugursyz, kümsük – Ol şu ýerde atly polkda işlän döwründe bu obanyň adamlaryna ýagşy belet bolupdy. Ýa atyňy, ýa otuňy, ýa iýmiňi, ýa eýeriňi ýa-da başga bir enjamyňy ogurlamasalar, olaryň güni geçmez. Ele salaýsaňam: «Agam, özüňem iýip otyrsyň-a, bir eýer alanymda näme, dünýä gapyşýarmy?» diýip, ýüzüňe jikgerilip oturandyr. Ol bez-bez bolansoň bu sözi aýdypdy – Olar biziň pulumyza howly satyn aldy diýmäge hem ýaltanmaz. Şonuň üçin Büzmeýinden alynsa, maslahat beýleki guralsa, Gökdepe, Bäherden, gum içi, aşgabat gapdaly gelip biljek. – Heýwere bolar, ýagşy bolar! – diýip, Ýomudskiý Annamyradyň sözüni kabul etdi. Nikolaý Nikolaýewiç, ýanaral, arçyn sözünde durdy. gazna-da döredildi. Büzmeýinden jaý-da satyn alyndy. Seýitmyrat hem gaýrat etdi. Eýýäm şol ýylyň güýzünde çörek bişirilýän uly seh, hammam, azyk dükany, at esbaplaryny bejerýän, aýakgap rejeleýän, nal kakýan dükanlar girdeýji alyp başlanyldy. Şondan soň ol adam öldürip gaçyp ýören on köşüliniň deregine hun töläp, olary oba getirtdirdi. Seýitmyrat Köşi ýabyny Ahal, ýanaral Skobelow, käriz köçeleri boýunça, üç ugurdan dik aşaklygyyna ýap çekip, akdyrdy. Giňişräk ýerde üçüsiniň ugrunda-da ini-boýy ýüz ädimlik howdan gurdurdy. Ýollaryň boýunda derek, porsagaç, garagaç ekdirdi. Onuň esasy eden işi obanyň gaýrasyna ekdiren ýüz gektarlyk ýorunja meýdany boldy. soňam Köşüden tä öwlüýä, gündogaram atly polk aralygyna on müň düýpden-de köpräk bag ekdirdi. Köşüniň ýabynyň bir goluny şol bagyň içinden akyp, bagyň ortasyndaky howdana guýar ýaly etdi. Köşi obasynyň howasy üýtgän ýaly boldy. adamlar Seýitmyrady Hudaý sylan ýaly syladylar. Olar gapdalynda dag ýaly bolup sazak üýşüp ýatan çörekçiden lowurdap duran ak çöregi alanlarynda, olar dünýäde her hili sahawatyň bolup biljekdigine ynandylar. Uny Seýitmyradyň özi tapýardy. Suw boldy. ýorunja gowy boý alýardy. Ekilen baglar, öserini alypdy. 1917-nji ýylyň ýazynda ýorunja iki-üç sapar orlup, ýarysy küde edilip basyldy, ýarysy polka, gumly baýlara satyldy. Ondan gazna ummasyz pul girdi. At esbap dükany, köwüşçi, nalçy dükanlaryny işledýän ermeniler hem gazna ep-esli girdeji berýärdiler. Gazna Seýitmyradyň gatnaşygy ýokdy. Ol arçynlygyň elinde saklanýardy. Seýitmyrat mugtuna, pensiýa puluna atly polkuň umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýardy. Ol iki gulagyny Russiýa gerip ýatyşyna, baýam däl, garybam däl halyna özüni bagtly saýýardy. Şol del myhman oňa uly umyt, uçara ganat beripdi. Jarnama Ahyr soňunda Nikolaý Nikolaýewiçiň diýen güni geldi. Patyşa hökümetiniň ýykylyp, häkimiýetiniň Sowetleriň eline geçendigi baradaky habar ýyldyrym ýaly bolup, dünýäde düňk ýasady. Şol günüň agşamsy Nikolaý Nikolaýewiç Ýomudskiý, Oraz serdar hemem Seýitmyrat Büzmeýin obasynyň ýarysyny tutup ýatan giň, bagy-bakjaly howlynyň töründäki giň otagda stoluň başynda oýa batyp otyrdylar. – Goý, iki dilde-de bolsun. Ilki özümizde ýakyn rus dilinde bolsun. Soň Seýitmyradyň özi türkmençä terjime eder – diýip, Oraz serdar teklip etdi. Seýitmyrat ýazyp başlady. – «Türkmenistaan ähliumumy milli respublikanyň häkimiýetiniň Jarnamasy ...1917-nji ýylyň ... oktýabrynda türkmen we beýleki halklaryň boýnundan gyzgyn (otly) gandal bolup, ony garaňky zulmatda zor bilen saklan rus patyşa hökümeti ýykyldy. Romanowlaryň zalym hem-de ganhor dinastiýasy bolşewikler tarapyndan zabt edilip agdaryldy. Halk serdary Lenin tarapyndan patyşa hökümeti tarapyndan gul edilip saklanan halklara azatlyk berildi. ...1883-nji ýylda rus regulýar goşuny (ýolbaşçysy general Skobelýew) tarapyndan wagşylarça sütem, zorluk bilen basylyp alnan türkmen halky, Türkmenistan rus patyşasynyň ýykylmagy bilen azat boldy. rus patyşasy bilen Türkmenistanyň arasynda zorluk bilen baglanan şertnamalar şu günden doly we gutarnykly güýjüni ýitirýär. 1. 1917-nji ýylyň ... oktýabryndan Türkmenistan özbaşdak, garaşsyz we eldegirilmesiz Türkmenistan respublikasy diýilip jar edilýär...» Jarnama taýýar bolandan soň onuň aşagyna Respublikanyň başlygy Han Ýomuddkiý, başlygyň orunbasary Oraz serdar, başlygyň orunbasary Öwezbaýew Seýitmyrat diýlip gol çekilipdi. Şondan köp wagt geçmänkä, Büzmeýinde 1-nji türkmen maslahaty – gurultaýy çagyryldy. Onda bu jarnama okaldy we sese goýuldy. Şol maslahatda Türkmen meselelerini çözmek üçin komitet döredildi. – 1917-nji ýylyň 10-14-nji maýynda Aşgabatda «Bütintürkmen gurlutaýy» boldy. Oňa ýene-de Han Ýomudskiý başlyk, 23 adam hem çlen saýlanyldy. 1917-nji ýylyň 16-njy iýunynda ähliumumy türkmen maslahaty çagyryldy. Onda respublikanyň ýolbaşçylary geçen gysga döwürde edilen işler barada hasabat berdiler. – Gadyrly doganlar respublikany dolandyryş komitetini döretmek zerurlygy ýüze çykýar. Şonuň üçin 16 adamdan ybarat komiteti döretmek teklip edilýär – diýip, komitetiň işini, onuň hat-petek meselesini alyp barýan Seýitmyrat Öwezbaýew yglan etdi. Komitete girýän esasy adamlar Han Ýomudskiniň, Oraz serdaryň, Öwezbaýewiň, Magtymguly hanyň, Kakajan Berdiýewiň, Hajymyradyň we beýlekileriň adyny sese goýdy. Ahalyň etraplaryndan, Tejenden, Mary welaýatyndan gelen adamlar umumylykda bu adamlara ses berdiler. Komitetiň başlygyna Magtymguly han saýlanyldy. Komitet doly güýjünde işläp başlady. Oraz serdar Seýitmyrat Oraz serdary mydama nämüçindir, birhili ynamsyzlyk, şübhe bilen ýatlaýardy. Oraz serdar meşhur Dykma serdaryň ogludy. Ol berk bedenli, örän dogumly, keltejik dykyz göwresini edil dag barsy ýaly eserdeňlik bilen, salykatly götermegi başarýan kişidi. Olam edil Annamyrat ýaly, Russiýada okap, onuň köp şäherinde gulluk edip maýor derejesi bilen Türkmenistana, Türküstan oblast harby ştabyna gelipdi. Türkmen, rus, pars, iňlis dillerini suwara bilensoň, ol ştabda juda gymmatly adam boldy. çalt-çaltdan wezipä, çine eýe boldy. Rus patyşasy tagtyndan aganda-da ol rus armiýasynyň polkownigidi. Oktýabr rewolýusiýasyndan soň Türkmenistandaky harby düzgün dargapdy. Uzak-uzak ülkelerden gelen harby adamlar, edil sülgüniň jüýjesi ýaly bolup, dürli tarapa dyr-pytrak bolup gitdiler. Oraz serdar näme-de bolsa, abraýyny saklady. Ol Türkmen komitetiniň çleni bolup, tutuş harby ugra ýolbaşçylyk etdi. 1918-nji ýylda Türkmen oblast ispolkomyna garşydaş, «Wagtlaýyn ispolnitelnyý komitet» hem döredildi. Onuň başlygyna sagçy es-er Frunkikow saýlanylypdy. Bu komitete es-erler, ak gwardiýaçylar, burjuwaz milletçi hakyna tutmalar, köne esgerler girýärdiler. Olaryň güýji ulydy. Aşgabadyň türmeleri, garnizonlary, öňki harby jaýlar aragatnaşyk ulgamlary, haşamly mebellerden doly otaglar olaryň elindedi. Olar otla, ýollara gözegçiligi doly ellerine alypdylar. Şol döwürde Türkmen milli komitetiniň hem güýji az däldi. Köşiniň atly polky durşuna olaryň elinde-di. Köp ýarag, at, iým, atlaryň esbaplary şolara galypdy. Seýitmyrat indi Magtymguly han, Oraz serdar bilen bile işleýärdi. – Häzirki wagtdan her näçe düşüniksiz bolsa-da, bir zat düşünikli – diýip, Oraz serdar Magtymguly hana gaýtalap-gaýtalap düşündirýärdi. – Biz Daşkent tarapdan uly ýagy bolup gelýän bolşewiklere garşy bir özümiz göreşerden ejiz. Şonuň üçin Funtikowyň komiteti bilen bile söweşmegimiz gerek. Türkmenistany şol beladan halas etmek üçin ähli mümkinçilikden peýdalanmaly. – «Köprüden geçýänçäň doňuza aga diýjek» diý-de gönüle. – Aga diýmeli bolsa, aga diýmeli. Sebäbi olarda Moskwa, Daşkent, Gyzylsuw, Bakuw bilen habarlaşylýan serişdeler bar. Demir ýoluň açary hem şolaryň elinde. Magtymguly han Oraz serdaryň sözüni makullady hem-de ony Milli türkmen goşunynyň baş komanduýuşiligine belledi. Seýitmyrat Öwezbaýew döwletiň ýolbaşçysy höküminde, onuň goragyna çykman biljek däldi. Öňki ştabs-rotmister bu baradaky pikirini aýdanda, Magtymguly hanam, Oraz serdaram ony makullady. Seýitmyrat söweşe gitmäge rugsat alandan soň alty ýüz jigide, şeýle hem bir rota esgere komandirlik edipdi. Söweş Çärjew şäherinden başlanypdy. Amyderýanyň köprüsi dowzahyň agzyna dönüpdi. Ondan şeýtan kysymly, elleri ot sowrup duran gyzyl gwardiýaçylar wulkan kimin atylyp, atylyp, çogýardylar-da, «Degene gözüm menden» däl diýip, türkmen jigitleriniň üstüne eňterilýärdiler. Her näçe söweşseňem, her näçe jan gurban berip, jan alsaň-da, olar azalar ýaly däldi. Bu gün olaryň sabyny azaltdym diýseň, ertir oňa on esse köpelýärdiler. Özlerem, diňe bir demir ýol ulgamyny däl, garagumyň gollarynam, edil çekirtge ýaly basyp gelýärdi. – Yza çekilmeli. Oraz serdar kem-kemden yza çekilmäge buýruk berýärdi. Esasy güýji türkmen jigitlerinden bolan esgerler Üçaja çenli yza çekildiler. Soň Mary yzda galyp, Tejende berk goranyş ulgamy guraldy. Bu ýerde ýene bir uly güýç. Eziz hanyň atlylary bardy. Eziz han Şol haramzada äjit-mäjitler Tejenden ýokary geçmez diýip, Oraz serdary ynandyrypdy. Emma jygba-jyga gelende Eziz han hem ileri, guma çekildi oturyberdi. Bir sapar: – Seniň bajyňy s... haramzada çapyk. Seni edişime seret – diýip, Oraz serdar dişlerini gemirdi-de Seýitmyrada tutunypdy. Bu Tejeniň haram şagalyna bak. Men Tejenden ýeke ädimem gymyldajak däl diýýärmişin. Tejen watanymyş. Türkmenistan näme? Aşgabat, Ahal näme onda! Biz öýümizden-ilimizden geçip, nämäniň hatyrasyna jan alyp jan berip ýörüs. Ýaşyna ýaş diýseň, akly goýalyp yzyna nöker tirkäp, «Men handyryn!» diýip ýören haramzada näme diýjek. Seýitmyrat Oraz serdara beletdi. Ondan her zada garaşaýmalydy. Ol Ezizden beýdip ýanan bolsa, dat Eziziň gününe! Ol heniz söweşe gaýtmanka, Oraz serdar bilen duşuşypdy. – Seýitmyrat, sen meniň golastymda bolarsyň. Meniň «dur» diýen ýerimde durarsyň – diýip, Oraz serdar gaty berk aýtdy – Eşitdiňmi? Soň başga hili bolmasyn. Seýitmyrat hem Oraz serdaryň sarsak pikirlidigini, käte «degene gözüm mende däl» edip goýberýändigini, kimdir biriniň gepine gidip, uly maksatlary puja çykaryp, ideýalary, satyp goýbermeginiň hem mümkindigini bilýärdi. Şonuň üçin ol hem Oraz serdary dula gysdy. – Serdar, senem iň owunjak zada çenli, barysyny meniň bilen geňeşersiň. Eger, «eşitdim, eşitmedim» diýme, ýekeje ýerde ýurduň ykbaly mensiz çözülse, men yzyma gaýdaryn. Oraz serdar soňyny saýman: – Bolar. Men razy! – diýdi. Ol Eziz meselesinde-de Seýitmyrat bilen geňeşdi. – Nädeli?! Seýitmyrat oýlanmazdan, ýüregindäkini diline aldy. – Serdar, onsuzam, türkmen ýigitleri kerçem-kerçem bolup ýatyr-a. Eziz bilen bir uruşmaly. Ahal tarapa gitmese, gitmän geçsin. Tejende galanda-da gül ekesi ýok. Ýöne biz biderek ganjaryşmaly Eziz bilen. Seýitmyradyň agyr söweşlerde jan berýän gül ýüzli ýigitleri, akýan al gany görüp jiger-bagry para-para bolýardy. Ol her bir damja ganda onlap enäniň, ýan ýoldaşyň, bajynyň, gyz balalaryň dady-perýadyny, «Waý!» diýen ýürek ýaryjy hasratly agyny görüp durdy. ýöne jan süýjem bolsa, watan, erkinlik, namys-ar ondan has keramatlydy. Bu zatlar şirin janyňy bereniňe degýärdi. Ertesi Seýitmyrat ömründe hiç haçan unudulmajak haýran galma duş geldi. Ol otly boýunda gatyrly hindileri künjaradan edilen ýaly başgaply iňlisleri görüp aňkarylyp galdy. – Bular näme? – diýip, ol adýudantyndan sorady. – Olar iňlis goşuny, siziň aly hezretleriňiz. Hut, Oraz serdaryň çagyrmagy boýunça gelip döküldiler. Seýitmyradyň demi tutulan ýaly boldy. gaharyna çep gözüniň damarlary erbet sanjady. Ol hyrra yzyna öwrüldi-de Oraz serdaryň ştabyna bardy. Serdar general Molloson bilen kofe içip, derçiräp otyrdy. Seýitmyrat özüni saklajak boljak bolýanlara barmysyňam diýmän içeri girdi. Oraz serdar bagtlydy. Ol Seýitmyradyň gelenine begenýän ýaly bolup, oňa garşy gönükdem. Oňa eýerip Molloson hem ýerinden turdy. – Dur, Oraz serdar – diýip, Seýitmyrat pert-pert, gaharly gepledi – Aýt, bu gatyrly kişiler näme? Oraz serdar güldi. – Olar iňlis goşunlary-da, bu-da gene... Seýitmyradyň düşündiriş diňläsi gelmedi. – Menden bidin näme üçin çagyrdyň. Men aýtmadymmy, meniň bilen geňeş diýip. Näme, meni özüňçe göreňokmy? – Aýtjakdym. Gyssandym. Funtikow bilen... Seýitmyrat iki ädim yza tesip, gylyç aýlar aralyga çekildi. – Oraz, sen näme üçin bir zada düşüneňok. Doňzuň agy näme, garasy näme. Ahyr biriniň gol astynda boljak bolsaň, öwrenişen ýagymyz, ruslar bilen bolubermeli ekenik-dä. Oraz serdar çaşkasyny stoluň üstünde goýdy. – Görýäň-ä, ruslar bizi nähili horlady. Ýene, ýene, şolaryň satanynyň arasyna girmelimi biz, Seýitmyrat. Sen gaharlanma, düşün. Türkmen öz erkinligini gorap biljek däl. Men gynanýan, daşyndan güýç bolmasa, Türkmenistan ýene-de Gökdepä dönjek. Men gowusy bolsun diýip etdim. Seýitmyrat badyny peseltdi. – Oraz – diýip, ýumşaksy seslendi – Sen namany bozduň. Men indi seniň bilen galyp biljek däl. Hana, jigitler, hana esgerler, hana-da atyň, ýaragyň... Ol sag elini sag gulagynyň ýanyna ýetirdi-de, otagdan çykdy. – Seýitmyrat, dur, düşün! Ol içerden gelýän sese gulak asmak hem islemedi. Öwezbaýew özüne degişli atlylary, esgerleri bir ýere jemledi. – Esgerler, men size bir ýagdaýy aýtjak. Din-imanymyz, namys-arymyz bilen watan goragyna çykdyk. Söweş meýdanynda jan alyp, jan berdik. Emma, ine, bu gün bize geňeşmän ýurda iňlisleri saldylar. Ertir, kim bilýär, ýurt satylsa, onam bilmän galsak. Men bu hapa işlere gatyşyp biljek däl. Sak boluň, maňa-da, watana-da, ýurda-da, namys-aryňyza-da çirk getirmediňiz, sag boluň. Men siziň hemmäňize minnetdarlygymy bildirýärin. Men indi siziň komandiriňiz däl. Öz ýerime orunbasarym Çary Geldiýewi goýýaryn. Kimiň söweşesi gelse, şonuň bilen galar. Kimiň gaýdasy gelse, rugsatdyr. Öwezbaýewiň sag goly bolup ýören Serhen elini galdyrdy. – Ýoldaş komandir, siz bar diýip geldik söweşe, siziň ýok ýeriňizde ýekeje salymam durjak gümanymyz ýok. Biz seniň öli ýeriňde öli, diri ýeriňde diridiris- diýip, gygyrdy. Onuň yzy bilen tutuş otrýad, şol sözi gaýtalady. Seýitmyrat şondan Aşgabada gaýtdy. Yz ýanyndan ýurdy bolşewikler aldy. Günleriň birinde Seýitmyradyň işigi gaty-gaty kakyldy. Gijäniň ýarydy. Bu günler Aşgabadyň içi buýr-bulaşykdy. Ol daş işigi açjagynam, açmajagynam bilmän durka, kimdir biriniň «Seýitmyrat aç!» diýýän sesem gelen ýaly boldy. Ol ses Annamyradyň sesine şeýle meňzeşdi. – Häzir! – Ol ylgap baryp, işigi açdy. Işigiň aňyrsynda Oraz serdaryň gaýzygan, ýadaw ýüzi göründi. Olar salamlaşdylar. Seýitmyrat nämüçindir, Oraz serdar bilen äbede-jüýje bolup baranokdy. Ýogsa Oraz serdar ýaşy, wezipesi, derejesi ýokary halyna Seýitmyradyň mertebesini saklaýardy. emma soňky iňlisli waka Oraz serdary Seýitmyradyň düşünjesinde gaty peseldipdi. – Seýitmyrat! – diýip, Oraz serdar tördäki oturgyçda dyzyny epdi – Ine, ýurt elden gitdi. Yhlas etdik. Umyt bagladyk, emma bary puç boldy. Ýurt ol akgulakdan beýleki akgulaga geçdi. Sen şonda dogry aýtdyň. Bu doňyzlaň agy näme, garasy näme. Ýöne, soňkusy gaty elhenç, ganhor. Men öz borjumy berjaý etdim. Söweşdim, ýöne mert söweşdim, ýeňildim. Indem Eýrana geçip barýan. Kerwen ýola düşdi. Sen şu ýurtda jebir, jepa görme kemini goýan dälsiň. Men seni gaty gowy görýän. Meniň içki dünýäm seniň pikir edişiň ýaly däldir. Ine, ýörite geldim, gardaşym. Aňyrda ýerem, malam, mülkem, baýlygam ýeterlik. Belki, güýç toplap, garry watany halas etmek üçin ýene bir silkinip bolar. Gideli. Seýitmyrat dik durdy. ol Oraz serdary iň soňky sapar synlady – Ýok, Oraz – diýip, ýuwaşja aýtdy – Men halkym bilen bolaýyn. Şonuň diri ýerinde diri, öli ýerinde öli. Meniň ne oglum, ne aýalym, ne öýüm, ne malym, ne pulum, baýlygym bar. Halkymdan, watanymdan başga hiç zadym galmady. Men indi ondan aýrylmaýyn. Oraz serdar laňňa ýerinden galdy-da, gelip Seýitmyrady gujaklady. Ýöne gaty berk gujaklady-da, gözüne urlan ýaly bolup, çykyp gitdi. «Kakabaş, ýurda iňlis getiren, Eziz hany «Aşgabada maslahata gel» diýip, içi halyly, oňat bezelen wagona mündürip, ol wagonyň aýnalaryny, gapylaryny berk çüýledip, äkidip Kaspi deňzine gapgaran, söweşip, söweşip, ýurdundan el ýuwan, üstünden, ganyň, deriň, aragyň hem-de türkmen sährasynyň awara şemalynyň ysy gelip duran günäniň hem-de bir owurt sogabyň ojagy, gara dagy – Oraz serdary ol kän küýsedi. Emma tapyp bilmedi. Bolşewik Bolşewik diýende Seýitmyradyň ýadyna uçilişede bile okan Wanýa Karabaý diýen kursdaşy düşýärdi. Ýelzawetgrat harby uçilişesi ýapyk okuw jaýydy. Onuň içinde bolýan zatlar bilinmese-de, tutuş ýurtda bolýan zatlar her bir kursanta, ofisere düşüniklidi. Ony uçilişäniň derwezesiniň öňünde topar-topar bolup kursant ýigitlere garaşýan şäherli gyzlar getirýärdi. Uçilişäniň mugallymlary getirýärdi ýa-da kimdir başga birleri ýörite iş edinýärdi. Öz-ä ýurtda bir tibirdi bolsa, şol pursat tutuş uçilişe eşidýärdi. – Gör, gör, bolşewikler molodsy! – diýip, Karawaý şol bada ylgap gelýärdi – Seýit eşitdiňmi? Bolşewikler, ah, molodsy. Basym, basym, indi az galdy – diýip, şeýle bir hyjuwly aýdýardy welin Seýitmyrat haýran galýardy. Ol asyl, şol pursadyň özünde bolşewikleriň arasyna uçup gidiberjek ýalydy. Uçilişede Karabaý ýalylara ynanyp, hä berip, içiňi döküberer ýaly hem däldi. Olaryň içiniň, pikiriniň nähilidigini bilip bolanokdy. «Bolşowikler, bolşowikler» diýip, tersiräk gürrüň edenleriň üçüsini uçilişeden gürüm-jürüm edipdiler. Seýitmyradyň özem baryp 1905-1906-njy ýyllaryň çaknyşyklary, «Lenin, bolşewikler» diýen düşünjäni baryp, Orenburgyň kadet korpusyndan bäri öwenip, yzarlap gelýärdi. Asyl, öwrenmäniňde-de, orsuň şondan başga gürrüňi ýokdy. Düşünenem, düşünmedigem, bir owurt arak içenem, arak içmedigem şol bir «patyşa. Lenin, bolşewik, menşewik» gürrüňini depeläp-depeläp, myžžygyny çykaryp ýördi. Ýöne Seýitmyradyň ýüregine seretseň, öňem, soňam şu «bolşewik» diýen gürrüň onuň ýüregine-de, aňyna-da sygmaýardy. Şol düşünje onda bir ýakymsyz zady iýip, indem gaýtaraýmasa, ynjalmajak ýaly duýgy döredýärdi. Bolşewik diýleni, «Eşegiň akyllysy enesine aşar» diýen gürrüňi ýatladýardy. Bolşewikler, Seýitmyradyň düşünjesi boýunça bir topar Allasyny, din-imanyny, ynsabyny ýitiren wenezzynalardy. Bir topar iş hoş ýakmaz binamyslardy. Olar üçin hudaý, watan, ar-namys, patyşa, halk, zähmet çekmek, halal gazanç etmek diýen düşünjesi doly weýran edilen bidöwlet adamlardy. Olar ýaly ýalýagylary Rossiýada şeýle bir köpelipdi, şeýle bir köpelipdi, asyl, olar äjit-mäjit ýaly, çogup-çogup çykyp durdy. Şeýle ýalýagylary açdy, içigarady, kim işleýän bolsa, kim gowy ýaşaýan bolsa, kim azap edýän bolsa, kim gowy iýýän bolsa olaryň gözi, olaryň ýigrenji şolardy. Şeýdip, olar gaty uly gara güýje öwrülipdi. Özlerem, bihaýalygyň, göripligiň, binamyslygyň şeýle bir ýokary derejesine göterildiler. Özlerem öz aralarynda zynjyr ýaly birleşip, biri-birlerine bagly bolup galdylar. Indi. Olaryň arasyny böwser dagy eder ýaly däldi. «Işsiz inegini owkalar» diýen ýaly, olara güýmenje gerekdi. W.I.Lenin olara rewolýusiýa diýip bir güýmenje tapyp beripdi. Leniniň patyşada ary barydy. Patyşa onuň özüne kast etjek bolan saňsar inisiniň günäsini geçmedi. Lenin şonda aglap, «Eje jan, sen dur, men patyşanyň balajyklarynyň bagryny otlaryn» diýip söz beripdi. Ýöne, ejesi şonda bu oglundan hem adamçärçilikli işiň çykmajagyny duýup, onuň sözlerine haýygyp: – Diýýäniň näme näme Wolodiýa, Alla saklasyn. Doganyň Alla kesek atdy. Jezasynam aldy. Bu ýerde patyşada näme günä bar. Alla näme, patyşa näme? Heý patyşanyň çagajyklarynyň hem bagryny otlap bolarmy, toba diý. Toba – diýip, gaýta-gaýta içine tüýkürip çokunypdy. Ýöne bu garyp göwün enäniň doňbagyr oglunyň sözüni Iblis bada-bat göterip, «Omyn!» diýipdi. Lenin şol «proletarýat» ýagny «zynjyrdan başga ýüki ýok» diýilýän äjit-mäjitleri diňe bir rus patyşasyna däl, rus halkyna, gül ýaly abraýly, mertebeli jemgyýetine, tutuş Rossiýa garşy goýupdy. Patyşa Alla ýakyn adamdy. Patyşa halkyň atasydy. Häzir Seýitmyradyň ýadyna bir türkmen rowaýaty düşdi... ...Gadym wagtda bir adyl, adamkärçilikli patyşa bardy. Haýp, onuň aýaly ýogalypdy. Onuň akylly weziri ýumşaklyk bilen oňa bolar ýaly aýal gözleýärdi. Ahyr soňy şol diýilýän aýal tapylýar. Wezir bir gürrüňçilikde öz ýagdaýy bilen muny patyşa duýdurýar. – Beýik, şahymyz, plan ýerde görkli, görmekli, edepli, eli, dili bal ýaly, ýüzi nurly, köňli ýakymly bir zenana bar. Ähli halaýyk şol maşgala size mynasyp diýip gürrüň edýär. Eger «hä» diýseňiz, şony alyp gelsek, bir synlasaňyz – diýen. Ýekelik derdini çekip ýören patyşa muňa garşy bolmaýar-da: «Synlap göräýeris» diýýär. Wezir begenýär. Birdenem hälki patyşa: «Ol zenanyň özi haýsy ýurtdan» diýip soraýar. Göwnüne hiç zat getirmedik wezir: – Ol-a öz ýurdumyzyň pylan welaýatyndandyr – diýýär. Şonda patyşa: – Wah, bolmad-ow! – diýenmişin. Wezir ondan nämesiniň bolmandygyny soranda: – Meni Allatagala patyşa edipdir. Patyşa halky öz ýurdunyň aýallarynyňam erkekleriniň hem, külli raýatynyň atasydyr. Olar meniň ogul-gyzlarymdyr. Men gyzyma öýlenip bilmerin-ä – diýipdir. Bir sapar Iwan Karawaý onuň bilen bile uwalneniýä, şähere gitdi. şonda olar bir bagdaky restorana girip, az-kem garbandylar, rus şerabyndan birki bulgur göterdiler. – Bilýäňmi – diýip, karawaý ýene şol heňe başlady – Bolşowikler ýurdy alsalar, ýurtda baçgaça ýaşalar. Hawa, isleýşiň ýaly. Kimiň baýasy gelse, baýar. Her kim öz maksadyna ýeter. Şonuň üçin özüňi bolşowiklige taýýarlamaly. Biz onuň öň hatarynda bolmaly. Olar, molodes, patyşaňdanam çekinenok, türmäňdenem, sürgüniňdenem. Gerek bolsa, olar ölümdenem gorkmaýarlar, wot, tak. Gezegi Seýitmyrat aldy. – Wanýa, men bir zada düşünemok. Olar patyşany ýok etjek diýýärler-ä. Patyşasyzam ýurt bolarmy? Adamyň Allasyz ýaşap bilmeýşi ýaly, halk, ýurt patyşasyz ýaşap bilmez-a. Patyşa ýerdäki Hudaý-a. Patyşa halkyň atasy ahyryn. Heý, ata-da el galdyryp bolarmy? Men şoňa düşünemok. Karabaý bulgurly elini ýokary göterip, şeraby çaýkady. – Eto ýorunda! Lenin patyşa bolar. Lenin halka bagt berer. Lenin halky öňe kommunizme alyp gider. Seýitmyrat ýylgyrdy. – Ol patyşany ýok edip, täze patyşadan bagt gözlemegiň nämesi bähbitli. Ondan, Lenin akylly bolýan bolsa, patyşany ýykman, ýurda gan çaýkaman, halky wagşyýana jebre sezewar etmän ýurdy düzetmäge, halky bagtly etmäge, döwleti gülletmäge kömek beribersin. – Eto ýorunda! Halk, täze durmuş, täze bagt, täze patyşa, täze rewolýusiýa isleýär. Görersiň, proletariat öz islegine ýeter. Seýitmyrat ýerinden turdy-da: – Onda seniň Leniniňem, rewolýusiýaňam, proletariatyň hem ýorunda! – diýdi-de çykyp gitdi. Şol günüň agşamy ony içilişäniň direktory ýanyna çagyrdy. – Öwezbaýew, men senden garaşmandym – diýip, ýüzünem galdyrman aýtdy – Sen kursantlaryň arasynda bolşewikleri, olaryň işini wagz edýärsiň – diýip, üç sany kursantyň maglumaty bar – diýdi. Seýitmyrat ýylgyrdy. – Näme ýylgyrýarsyň bu zat saňa gülküli bolsa-da maňa hasratly. Döwlet seni ekläp-saklap, okadyp, adam edip, bu gün sen onuň sakalyna tüýkürýän bolsaň, men seni uçilişede saklap bilmerin. Hany, geç, otur. Me, kagyz, ýaz düşündirişiňi... Seýitmyrat stoluň başyna geçdi-de edil, bir yzyndan ýagy gelýän ýaly ýazyp başlady. – Howlukma! – diýip, general oňa maslahat berdi. Iş gaty çynlakaý iş. Biz bu barada baş ştaba çenli, belki onuň aly hezretleri Saryň özüne çenli hasabat bermeli bolarys, howlukma. Emma Seýitmyrat howluganokdy. «...Men türkmen halkynyň wekili. Türkmenler patyşany ýerdäki Alla, halkyň atasy hasaplaýarlar. Öz ataňa el gaýtarmakdan, oňa el, dil ýetirmekden uly günä ýokdur. Menem halkymyň şol paýhasyna berk uýýaryn. Öz ýurdumy, halkymy, onuň patyşasyny iň beýik keramat hasap edýärin. Meniň üçin şol üç mukaddesligi goramakdan, gerek bolsa olar üçin şirin janyňy gurban etmekden mukaddes zat ýokdur. «Bolşewikler» diýilýäni maňzy çüýrän, iş ýakmaz, bir maksady, umydy we gelejegi bolmadyk ogrularyň, ganhorlaryň, kezzaplaryň, ynsaby, namysy, gaýraty bolmadyk erkekleriň, arakhor, jelep, loly, şermende aýallaryň wagşy şaýkasy hasaplaýaryn. Lenini bolsa öz şahsy ary üçin halky, watany, patyşany bulamaga taýýar näkes hasap edýärin. Men ynsabym, messebim, maksadym we ynanjym boýunça hiç haçan olara ýakyn ýa-da olaryň tarapynda bolup bilmerin. Emma şolara garşy elime ýarag alyp göreşmäge mydam taýýar. Ýelizwetgradyň harby uçilişesiniň üçünji kursunyň kursanty S.Öwezbaýew.» General kursantyň düşündirişini dykgat bilen okady-da, «Bul adam meni oýnajak bolýan bolaýmasyn!» diýýän ýaly, başyny galdyryp, ýaş ýigidiň ýüzüne garady. – Men saňa öz garaýyşlaryňy ýaz diýdim, bu näme? Seýitmyrat ikinji sapar hem şeýle manyly haty ýazdy. – Ýene, şony ýazdyňmy? – diýip, general balkyldap duran gözlerini kursanda dikdi. Seýitmyrat ýerinden turdy. – Ýoldaş general-polkownik maňa ýüz sapar ýazdyrsaňyz hem şeýle mazmundaky düşündirişi alarsyňyz. Sebäbi meniň ýüregim, garaýşym we maksadym şeýle. General myssa ýylgyrdy. Resmi däl ýagdaýda: – Otur, otur! – diýip, aýtdy. Ol adýudantyna çaý buýurdy – Ikimiziň hem pikirimiz bir çykdy, berekella. Ol ýumşaklyk bilen Seýitmyrady nädip «Türkmenistan» diýen ýerden okuwa gelşi barada, gürrüňe çekdi. – Men munuň üçin general-gubernator Kurapatkine minnetdardyryn. Ol maňa «Men seni türkmene han ederin» diýdi. Men şol eziz adamyň ynamyny ödejek bolup diňe bäşlik bilen okaryn we gaýrat edip edepli ýaşaryn. General ýakynda Petrburgdan gelipdi. Şonuň üçin «Kurapatkin» sözi tanyş bolup eşidildi. Ol ýaş kursantyň çaýa, ýagly, ýumşak peçenýä berýän ünsüni sähel sowdy. – Kim diýdiňiz? «Kurapatkin» diýdiňizmi? – Hawa Kurapatkin. Ol Türküstanyň general-gubernatory. Şol meni okuwa iberen. – Siz ony nireden tanaýarsyňyz? – diýip, ol çaýly gabyna-da el uzatman, iki eliniň aýalaryny biri-birine degirip, sorady. Seýitmyrat 1899-njy ýylyň aprel aýynda, Gökdepäniň eteginde kakasy, ýanaral özi bilen baglanyşykly wakany gyzykly edip aýdyp berdi. Ýanaralyň beren iki ýüz çerwnesini hem ýatdan çykarmandy. General haýran galyp diňledi. – Gör nähili oňat, gör nähili oňat – Ol çaýly käsesini eline aldy-da, begençli garady. – Sen bilýärmiň, Türküstünyň öňki general-gubernatory Alekseý Nikolaýewiç Kuropatkin häzir kim?! Seýitmyrat gözlerini tegeledi. – Bilmeseň, bilip goý, ol Russiýanyň harby ministri. Ýakynda men onuň kabul edişliginde-de boldum. Seýitmyradyň keýpi bozuldy. – Wah, bolmandyr! – Hä, näme? – diýip, general hezil edip güldi – Näme üçin bolmandyr? Seýitmyrat ýygryldy. – Ol meni «Türkmene han ederin» diýipdi. Ol Aşgabatdan giden bolsa, meniň ýüzüme hiç kimem seretmez... General hezil edip, hahahaýlap güldi. Generalyň köpden bäri görüp-eşitmedik gülküsine adýudant, zarp bilen içeri girdi-de aňkarylyp galdy... Ondan bäri köp ýyllar geçdi. Bolşewikler baradaky şol pikir Seýitmyradyň özi ýaly ulaldy, güýçlendi, ýyl-ýyldan ondan hem çuňlaşdy. Seýitmyrat bolşowikleri, bolşowik döwletini, jemgyýetini örän paýhas bilen yzarlap bir netijä geldi. «Bolşowige jan çekeniň muzdy gara gylyç» eken. Ylaýta-da olara serdar bolup ýören Lenin diýilýän adamyň zalymlygynyň, haýynlygynyň, ganhorlygynyň düýpsüzligine göz ýetirdi. Leniniň gözi rewolýusiýa diýip gygyran 10-15 millionynyň gany bilen doýanokdy. Seýitmyrat ýigriminji ýyllaryň başynda Leniniň Zinowoýewe, Laşkewiçe ýazan bir hatyny okap, ýakasyny towlady. «G.E.Zinowoýewe, şeýle hem Laşkewiçe we Merkezi komitetiň beýleki çlenlerine. Ýoldaş Zinowoýew. Biz Wolodarskidäki köpçülikleýin terror ölşügi barada, oňa Piteriň işçileriniň jogap bermek isleýändikleri barada hem-de siziň (hut siziň özüňiz däl-de piterli çekistler, pekistlermi) olary saklaýandygyňyz barada edil şu gün MK-da eşitdik. Çözgüdiňize garşylyk bildirýärin. Biz özümizi ylalaşdyryp goýýarys, eger-de Sowetiň rezolýusiýasyna köpçülikleýin terror bilen haýbat atylanda-da haçan-da iş rewolýusion köpçüligiň inisiatiwasy barada gidende, ähli düzgün boýunça ony saklarys. Munuň özi beýle bol-ma-ly däldir! Terrorçylar bizi esgi hasaplaýarlar. Wagt harby häsiýetlidir. Rewolýusiýa garşy işi, aýratyn-da Piterdäki işi, şoňa meňzeşleri goldamak we çözmek gerek. Salam! Lenin...» Leniniň şeýle haýykdyryjy hatyndan soň onuň «Sowetler ýurdynda» gyzyl terror şeýle bir möwç alypdy, Allanyň özi abraý bersin diýäýmelidi. Şondan tä Seýitmyrat şu ýere getirilýänçä 30-40 million adamyň gany gara ýere gark bolupdy. Bular, Seýitmyradyň logiki çaklamalary, hasabat guramalarynda gizlin saklanýan sanlardy. Emma hakykatda bu san 60-70 milliona barýardy. Indi, geljeginiň nähili boljagyny bilýän bir Allady. – Stalin diýilýän paňkelle Hudaýsyz, gopbam, haramzada çöpdüýbä «edýäniň däl» diýýänem ýokdy. Ýöne Allanyň özi «bolşewik» diýen ýowuz bela, towpyk beräýmese, bendesi oňa çäre görüp biljek däldi. Magtymguly han... Seýitmyradyň gözüne uky gelmeýärdi. Ol oýlandygyça, ýene täze-tääze keşpler, sahnalar, durmuş wakalary onuň göz öňünden geçýärdi. Ol ölümini boýnuna alypdy. Bularyň «Mustapa» diýmän «mus-mus» edip ýörüşlerinden, özüne ölüm jezasynyň garaşýandygyny syzýardy. Bular hem halkyň boýnundan inen musalladyň biridi. Olara «Edýäniň näme?» diýýänem ýokdy. Olara serenjam berip, hasabat soraýanam ýokdy. Şonuň üçin «Edeni öz ýanyndan gider gabanyň» diýenleridi. – Aý, bulardan günde bäş wagtdan başga zat çykar – diýip, demir krowatda bir gysym bolup, düýrügip ýatan Öwezbaýew oýlandy. Onuň üçin dünýäde iň şirin zat, ýatlamady. Ol ýatlamalaryň ummanyna çümdigisaýyn bu dünýä, onuň süýji günlerine bagly bolandygyny duýup, sähel wagtam bolsa, bagtly bolýardy. Ýöne, ýene sähel salymdan ony äkidip atsalar, bu ýatlamalar hem onuň bilen ölmelidi. Şonuň üçin ol ýaşandygynyň, ömür sürendiginiň şaýatnamasy bolan şol ýatlamalardan ganmaýardy. Ondan aýrylyşasy gelmedi... Onuň göz öňüne Magtymguly hanyň agras, salyhatly, şol bir wagtda onbegilere mahsus gopbaşy ýüzi geldi. Ol Magtymguly hany öň kän tananokdy. Ýöne Oraz serdar ony agzyndan düşürmeýärdi. Haýsy mesele ýüze çyksa, «Han-a, Magtymguly han bar-a», «Han agany ýazmadyň-a» diýýärdi. Seýitmyrat Büzmeýin, Aşgabat maslahatlaryna Magtymguly hanyň adyny hut, Oraz serdaryň talaby boýunça goşupdy. Emma ol adam maslahadyňa-da gurlutaýyňa-da gelmändi. 1917-nji ýylyň 10-14-nji maýynda Aşgabatda açylan «Bütintürkmen gurlutaýynda» oblast ispolkomynyň çlenligine 23 adamdan ybarat dolandyryjy agza saýlanylypdy. Onuň başlyklygyna Han Ýomudskiý saýlanylypdy. Iýun aýynda geçen gurlutaýda bolsa, Magtymguly han saýlanylypdy. Dogry, «Garaşsyz Türkmenistana kimi başlyk saýlamaly» kimi han, ýagny başlyk saýlamaly diýen mesele Ýomudiskini hem, Oraz serdaram, Seýitmyradyň özünem köp oýlandyrypdy. Şonda Han Ýomudskiniň üstünde durupdy. – Ýok – diýip, Nikolaý Nikolaýewiç özi üçin iň agyr, aýtmasy kyn bolan sözi aýdypdy. Ol hiç haçan «Ýok» diýip bilenokdy – Meni öz halkym tananok. Kim özi üçin köp azap çekse, halk şony gowy görýär. Türkmenlerimiziň heýwere gawy bir rowaýaty bardyr. Eje haýsy ogly üçin azaby köp çeken bolsa, ukudan kän galan bolsa, şony gowy görermişin. Men türkmen halkym üçin azap çekmedim. Şonuň üçin bu gün onuň tagtyna çykyp döwlet ýöretmäge ynsabym çatmaz. Men döwlet ýöretmäge ynsabym çatmaz. Men döwleti dolandyryp bilmeýärin. Men bolmaz... Şondan soň Eziz hanyň üstünde döwneldi. – Ýok-däýt – diýip, Ýomudskiý aýtdy. Oraz serdar öň Eziz hany sylardy. Şonuň üçin Nikolaý Nikolaýewiçiň sözüne «Hä» diýmedi. – Näme bolman. Tutuş Tejende şonsuz guşam uçanok. Tertip-düzgün gowy. Türkmenistany oglanlar ýetişýänçä tertip-düzgünli saklasa, galanynam wagt görkezer-de. Şonda Seýitmyradam aýgytly sözüni aýdypdy. – Adamlar, wagt yza gaýtmaýar. Türkmen häzir Tejen bakan däl-de, demokratik geljege bakan barýar. Garaşsyz Türkmenistan ertir dünýä çykmaly. Uly-uly, beýik-beýik döwletler bilen gatnaşykda bolmaly, ylymyň, bilimiň, tehnikanyň uly ýollaryny açmaly. Eziz hanyň şol belentlige galmaga bilimi, sowady, gurby ýetermi. Bize ýurdy, halky şol belentlige göterip biljek adam gerek. – Ýagşy, ýagşy, heýwere ýagşy... – Dogry – diýip, Oraz serdaram ylalaşdy. – Eziz hanyňdan-a ol zatlar çykasy ýok. Ýöne adam as, süýre, ýenç diýseň-ä oňarar – Ol ýene-de şol bir ýeri depdi. – Onda Magtymguly han näder. Hiç kimden ses çykmady. – Wagtlaýyn! «Taýak gelýänçä, ýumruk» diýenleri ýaly. Oglanlar ýetişse çalşyrmak kyn däl. Ol Nurberdi hanyň ogly, telim ýyllap oblast polisiýasyna ýolbaşçylyk eden. Maýor çini bar. Rusça ýokary bilimli. Ýokary medeniýetli. Türkmeniň namys-aryny, din-imanyny sylaýar. Iň esasy zat, Ahal ili ony bijaý sylaýar. Oňa gulak asýar. Ony «Ýaşulym» diýip hasap edýär. Eger şol patyşa bolsa, gapdaldan at goşjaklar hem «ýok» diýmezler. Şeýdip, ýurdumyz, eýeli ýaly bolar. Soňunam, näme, görübermeli ahyryn... Edil, ol sapar bolmasa-da Magtymguly hany Garaşsyz Türkmenistana ýolbaşçy goýmak meselesi kem-kemden il içinde ýaýrady. Il ony öz ýanyndan makullady. Ýurdy bolşewik alandan soň hem, bu gürrüň ýatanokdy. Seýitmyrat bu aralykda galmady. Ol Tejenden gaýdyp gelenden soň ýene-de ideldi. Ýöne bu sapar ony öňden tirkeşip ýören Paskuskiý idedi. Ol şol wagt Zakaspi oblast ispolkomynyň jogapkär işgäridi. Şonuň üçin ol öz dostuna uly ynam bildirip, türkmen jigitlerinden Gyzyl Goşun döretmegi haýyş etdi. Onsuzam, şu gapma-garşylykda näme etjeklerini bilmän ýören, hossarsyz atly jigitlere Seýitmyradyň nebsi agyryp ýördi. Ol şu bahana bilen öňki türkmen atly polkuna olaryň ählisini ýygnady. Olaryň atyna ot, iým, özlerine eşik, ýarag, esbap berdi. Şeýdibem, ol 1919-njy ýylda Türkmenistanda türkmen jigitlerinden ybarat Gyzyl Goşun döretdi. Emma olara uzak ýolbaşçylyk edip bilmedi. Ony Aşgabat şäher we uezd rewkomynyň başlyklygyna bellediler. Şol ýyllar güýç köpdi. Emma pikir, paýhas, parasat azdy. Seýitmyrat şol ýagdaýdan gowy peýdalanypdy. Ol öýke-kine, gorky, düşünişmezlik edip giden parasatly türkmen ogullarynyň günäsini geçmegiň, olary aşgabada ýygnamagyň aladasyny edýärdi. Özünem, hut bolşowikleriň berk karary esasynda berjaý etmegiň aladasyny edýärdi. Şol mynasybetli bu mesele barada Oblast rewkomynyň 1920-nji ýylyň 19-njy martynda bolan türkmen maslahatyna teklip bilen ýüzlendi. Onuň teklibine «Türkmen halkynyň pikirini bilmezden günä eden doganlarymyzyň günäsini gutarnykly geçmek we olary yzyna çagyrmak meselesi öňe sürülýärdi». Bu mesele Zakaspi oblast rewkomynyň maslahatynyň karary bilen doly kabul edildi. Şeýdibem, Oraz serdaryň, Han Ýomudskiniň, Hajymyradyň, Bekki Berdiýewiň, Goçguly hanyň... günäleri doly geçildi. Olaryň ählisi Türkmenistana çagyryldy. 1920-nji ýylyň 27-nji martyndaky 1-nji türkmen maslahatynda Magtymguly han meselesi ýene-de orta goýuldy. Ol oblast boýunça ýörite komissiýanyň başlyklygyna saýlanyldy. Seýitmyradyň pikiriçe, Magtymguly hany rewolýusion ulgam boýunça ýurduň başyna getirmek mümkin däldi. Emma ähli meselä ygtyýarly bolan oblast komissiýasyndan ýurduň ýolbaşçysy bolup boljakdy. Halk şoňa-da garaşýardy. Emma, nämüçindir Magtymguly han türkmen maslahatlaryna-da, rewwoýensowetiň işine-de gelenokdam, gatnaşanokdam. Ýöne ýurdy baştutansyz goýmak bolanokdy. Häzir bolsa türkmenlerden bu beýik wezipä milt edip biljegi ýokdy. Sebäbi türkmenler edil Magtymguly han ýurda ýolbaşçy bolan hasap edýärdi. Wagt bolsa gyssaýardy. Şonuň üçin Magtymguly hany ýurduň ýolbaşçylygyna belemegi çaltlandyrmak üçin ol Oblrewkomyň çlenligine gyssagly bellenilýär. Onuň ugryny tapyp, ýurda ýolbaşçy bolmaga yrmak üçin onuň köne tanyşlary Öwezbaýewi, Paskuskini, Baranowy hana töwella iberýärler. Şol bir wagtda onuň göwnüni, ýüregini ýumşatmak üçin oňa 5 million manat puly hiç bir hasapsyz bermek karar edilýär. Şol töwella, munuň ýaly gadyrlanyp durmak han agany ýumşadypdy. Ol oýlanýardy, pikirlenýärdi. Ýöne, belli netijä gelip bilenokdy. Günleriň birinde Seýitmyrady han aganyň ideýändigini, oňa «Bir gelip gitsin» diýip, aýdandygyny habar berdiler. Dogrusy, bolşewikler Türkmenistany alsa-da, rewolýusion komitetler döredilse-de, bu zatlar oglan oýunjagy ýaly bir zat bolup durdy. Halk özbaşyna-dy, bolşewikler özbaşynady, rewolýusion komitetler özbaşynady. Olaryň arasynda ýelim, baglanyşyk, berk ýelim, tertip Magtymguly hanyň berk eli, çözgütliligi, salyhatly pähimi bolar öýdüp umyt edýän Oblrewkomyň ýolbaşçylygy bu habara gaty begendi. Seýitmyrady şol bada tapyp, ony paýtunly Hankärize iberdiler. – Ýoldaş Öwezbaýew, gaýrat ediň, şu sapar han agany ýurda ýolbaşçy saýlalyň! – diýip, Paskuskiý özelendi. Magtymguly han ol günler Gökdepe bilen Bäherden aralygyndaky sapaly mes topragy bolan ýerde, kakasy Nurberdi manyň mülkünde ýaşaýardy. Ahal ili Nurberdi han ýarawsyz wagty, oňa özleriniň hormatyny, minnetdarlygyny bildirmek, şeýdibem han aganyň göwnüni awlap, derdine hemaýat etmek niýeti bilen şol ýere käriz çekip, howuz gurup, ýer açyp, bag ekip beripdi. Nurberdi han soň şol ýere göçüp barypdy. Ol mülk kakasy amanadyny tabşyrandan soň, Magtymguly hana galypdy. Seýitmyrat Hankärize agşamara bardy. Olar iş, ýagdaýlar barada çaý başynda söhbetleşip otyrdylar. – Bularyň, çynymydyr? – diýip, Magtymguly han agras ýüzüni galdyrman sorasy. Seýitmyrat ýagdaýy düşündirdi. – Olaň gara çyny, han aga. Sen ýaly bi adamy köpri edäýmeseler, her kim bir kenarda ygyşyp ýör. Edýän işlerem, etmeýän işlerem ýok. Bolşewik diýen bedeberrewler, «Ura» diýip çoz diýseň, «Al» diýseň bir zat eken. Iş guramaly bolanda elleri poha batan ýaly. Bir topar atasy urup, enesi käýýän işýakmazlar-da. Bidöwletden döwletli ýasamak üçin, özüň bilýäňä, näçe-näçe özň ýalyny köpri etmeli, sütün etmeli, esas etmeli. Özlerem, şol ýygnak, ýygnak, ýygnak. – Ahyry bir zat boljakmy, özi? Seýitmyrat gönüledi. – Özüň barsaň, bir zat bolaýmasa, ýogsa, näbileýin-dä... Han oýlandy. Soň ýekedyza galdy-da, ýüregindäki matlabyny çözdi. – Olar meni azara goýup, näme käri hödürlejek bolýarlar, şony aýt. Ahyry näme bolmaly? – Ahyry, han aga, meniň düşünşimçe, sen türkmeniň onda-dda rewolýusion, bolşewik Türkmenistanyň başlyk diýseler başlygy, han diýseler hany patyşa diýseler patyşasy bolmaly. Iň ýokary wezipä çen tutýarlar. Öz-ä senden ýokarda şu jelegaýda adam bolmaly däl. Han: – Hym-m – etdi-de, ýene jaýly oturdy. – Eger bolsam, öz elim, öz ýakam bolarmy? Diýenim, diýen, aýdanym aýdan bolarmy, ýa gadymky bir jany ýanan bendäniň «Şa, seniň diýeniň Tähranda galdy» diýşi ýaly bolarmy, sen olaň içinde, şonam bir aýdyp ber, şunça bolanyna görä. Seýitmyrat sesini çykarmady. Hanyň sesi ynjyly çykdy. – Inim, kakam Nurberdi han hem seniň kakaň Öwezbaý pahyrdan geňeş, akyl sorar eken. Şu wagt menem, görýäň-ä, geňeşe mätäç bolup otyryn. Sen maňa bir maslahat geňeş ber ahyry. Seýitmyrat ýylgyrdy. – Han aga, iki bolup küşt oýnarsyň-a. Sen oturarsyň, gapdalyňa-da üýşendir bir topar. Ony göç-ä, muny göç. Eýtmeli-de, beýtmeli diýýärler. Göçen-ä sen bolarsyň, oýnanam olar. Ine, seniň ýagdaýyň şeýleräk bolaýmasa... Han oýlandy. – Eýtmesem, näme? Seýitmyrat yzyna boş barmakdan çekindimi ýa-da dogrusyny aýtdymy: – Onda, ýok ederler! – diýdi. Han oýa batdy. Birdenem, möwjäp gelen gaharyny zordan saklap; – Sen, oglan, gepi «Bolýa» bilen «Ýoguň» arasynda goýma-da, aralygrak pikir tap-da, munça akyl bolanyňa görä. Ýa ýokmy ol?! Hanyň gaharynyň gelendigini duýan Seýitmyrat: – Han aga – diýdi. – Aralyk bir pikir bar. – Aýt-da şony, kep çagaladyp oturman. Seýitmyrat ýygjamlanyp oturdy. – Sen meniň bilen Aşgabada git. Adamlar bilen görüş. Haçan-da iş jygba-jyga gelende «Gaýgysyzy görkezýän» diý. Men oňarmaryn, emma şol oňarar – diý. Han dymdy. – Näme, ol oňararmy? Seýitmyrat baş atdy. – Ol adam bir pöwhe, çoçarak kişi-dä. Hälki ýaly bolanda, küşdi özüm oýnadymam, utdumam diýer otyr-da. Onda iniňki ýaly türkmen namysjaňlygy, inçeligi ýokdur. Han hys-hys edip güldi. – Gör, Öwezbaýyň oglunyň tapýan kepini – diýdi. – Dogry aýdýarsyň köşek. – Ol hem-ä türkmen ady bar, hem olaryň öz adamsy. Togsan prosenti ors ruhly. Ýöne Täç gök serdaryň ogly, kommunist, bolşewik. Aýdanyň ýerine düşer. Il içinde akyldar bolup galarsyň... Magtymguly han Seýitmyradyň aklyna eýerdi. Türkmenistan özbaşdak respublika, Gaýgysyz halk komissarlar sowetiniň başlygy bolandan soň, ol eden ýagşylygyny gaýtarmak üçin, bir nemes gamasyny sowgat alyp, Magtymguly hanyňka Hankärize geldi. – Han aga, ýagşylygyňa sag bol, şu tüpeňem menden sowgat bolsun! – diýdi. Magtymguly han tüpeňi aldy-da: – Gaýgysyz, ol akyl meniň aklym däl, ol Öwezbaýyň ogly Seýitmyradyň aklydyr. Sen näme minnetdarlygyň bolsa, şoňa aýt. Ýöne, men saňa bir maslahat bereýin. – Beriň! – diýip, Gaýgysyz kömejigiň gözi ýaly ullakan, balkyldap duran gözlerini oňa dikdi. – Sen şuny pugta diňle. Ýurdy ýurt edeýin diýseň, türkmene ýagşylyk edeýin diýseň, abraý alaýyn, ýalňyşmaýyn, namysly-arly işläýin diýseň, Seýitmyrady ýanyňa al. Olar dymdylar. – Şuny berk belle. Magtymguly şahyrdan soň Seýitmyrat ýaly akyldar ogul bolan däldir. Akyldar adamlar özüni gorap bilýän däldir, sen ony gora. Şonda beýik abraýa eýe bolarsyň. Gaýgysyz şonda sesini çykarmandy. Ýöne han aganyň diýeninem tutupdy. | |
|
√ Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy - 16.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
√ Duman daganda: Wulkan oýanýar: Kim öler, kim galar?! - 16.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -6: romanyň dowamy - 12.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -14: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
√ Dirilik suwy -3: romanyň dowamy - 26.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |