16:48 Gala -9: Ömrüň beýany | |
9. Ömrüň beýany
Romanlar
Seýitmyradyň bir özi kamerada ýalňyz otyrdy. Ol indi ajyganokdam, suwsanokdam. Ol haçan ýatyp, haçan turýanynam bilenokdy. Öň lorkuldap duran kellesem agyranokdy. Ýöne ne ölüden, ne galyp diriden, iki jahan owarrasy bolup ýatyrdy. Onuň zyndana girenine, bäş ýyl bolup indem altynjysyna gidipdi. Oktýabr ortalap barýardy. «Nesip bolsa, öňde ýene dört ýyl wagtym bar. Çykmadyk janda umyt bar» diýipdirler. Belli, belki... Nesip tartyp, şol gara gözlere, eziz didarlara Alla sataşdyrsa. Belki «Oktýabryň on ýyllygy» diýip, günä geçilme yglan edilse, boşadylmasagam, ýylymyz azadylsa...» Seýitmyrat hasap ýöretmeýärdi. Emma Kümüşaly Böriýew ýene näçe ýylynyň, näçe aýynyň, gününiň, sagadynyň, minudynyň galanynam hasaplaýardy. Onuň kellesi durşuna sandy, hasapdy. – Ýene näçe galdy? – diýip, doňuz ýatagynda araba ders ýükläp duran Orazmämmet tutuş göwresini gulaga öwrüp diňleýärdi. Kümüşaly ýaltanman sanlary hetjikleýärdi. Iň gyzykly ýeri, doňuz ýatakdan gaýdylanda-da Orazmämmet ýene-de «Näçe galdy?» diýip gara çyny bilen sorady. – Indi bolsa-a! – diýip, ol galan wagty aýdýardy. – Wol-le, şujagazam ýerde dört sagat kemelipdir. Şeýtdiräkkän, gyzgalaňlyja iş berseler, wagt zut geçip gitjeg-ä. Şu wagt geçmän heläk edýär. Bir gün nämüçindir, türkmenler bir ýerde işlemeli boldy duruberdi. Özi dynç günidi. Tokaýdan öň ýatyrylan gury agaçlary sanýaly hojalyk blogynyň öňüne çekmeli boldy. Dogry, olaryň töweregi saklawlydy. Ýöne saklaw uzakdady. Tokaýyň şol bölegi bolsa lageriň tikenli simleriniň içindedi. Olaryň ýanynda Budagow, Pronin, Taurow, Lowow hem bardy. Ýöne olar gury agaç ýüklenen sanýa münmäge, at sürmäge höwesjeň bolup, her sanýa iki-ikiden münýärdiler. Her sapar gidip gelmek üçin iki sagada golaý wagt gerekdi. – E-eý, arkadaglar! – diýip, Begjan Nazar elindäki töňňäni ýere taşlady-da üstünde otyrdy – «Dälä galdy bulama»k boldy. staliniň bajysyny s... Onuň sosializiminiňem, komunizminiň hem, KGB-niň hem, partiýasynyň hem, häk, şu bara bajyjygyny myžžyk edip, julkuny çykaryp s... Böriýew Begjanyň sözlerindäki dilewarlygyna begenýärdi. Häzir hem ol monça ýylgyrdy. – Begjan, bally şu Solowki türmesine-de bir söksene, bally. Bir janym gönensin. Ýöne, heýwere gowy sök. Begjan ýerinden turdy-da düwlen ýumrugyny ýokary göterdi. – Bajysynyň ýelnine ýelberdigim, haramzada, çöpdüýbi murtuň Kareliýesiniň bajysyny... Onuň Solowki türmesiniň kameralarynyň gara deşigine... Onuň götberen, tök wenezzyna naçalnigi maýor Asepterini... – Boldy bally, boldy. içimi sowatdyň. Emma Begjan köşeşmedi. Ýerinden çyzganyp turdy-da bir berk töňňäni eline alyp, ýatan gury berýozany zarply orup başlady. – Me, saňa haramzada murt. Me, saňa haramzada Ýežow, me, saňa Solowki, me, me, me... Seýitmyrat oýa batyp otyrdy. – Goý, Begjan, beýle bagt indi bize ýa tapdyrar ýa tapdyrmaz. Soň içiň hümledip oturan wagtyň hemaýat bolar ýaly, döwletli gürrüň edeliň. Meselem, Gaýgysyz biziň ýagdaýmyza nähili garaýarka, Berdi Kerbabany nätdilerkä? Berdiýewler, Akmyrat, Oraz, Allanazar, Muhammet, Meretdurdy dagy nähili söwda düşdilerkä? Orazmämmet Wafaýew kellesindäki gulakçynyny geýip, çykaryp, geýip çykaryp oturşyna: – Bu ýyl ol haramzada günä geçermi, geçmezmi? – diýip, umumy sala salýan ýaly gürledi. – Haý, näbileýin-dä? – Hiý, ballym beý diýme – diýip, ol Kümüşalynyň ýüzüne närazylyk bilen garady. – Öz-ä geçamaly. Ýöne syýasy tussaglar oňa degişli bolarmy, bolmazmy, şony bilemok. – Gowja pikir etseň, şol akmak şa ilki bilen syýasy tussaglary boşatmal-a. Olar heýwere köp peýda getirerdi. Şolar şol haramzada minnetdarlyk üçinem köp iş bitirerdiler. Wefaýew Kümüşala gözüni aýlady. – Minnetdarlyk ýerine, me, şuny alar – diýip, ol çyraly, hor uzyn eli bilen iki satanynyň arasyny gysymlady – Men oňa iş ederimni. Şu ýerden bir sypsam, Alla jan, özüm dörederin indi, «Türkmen azatlygyny». Soňam şuny edişime seret. Seýitmyrat Orazmämmediň elinden tutdy. – Hany, köşeş. Biz indi şeýdip oturmalyň. Oba bir habarjyk ýetirjek bolmaly. Staline, Ýežowa hat ýazalyň. Şu ýerdäki ähli işden habardar bolup, biri-birimize hemaýat berjek habarlary bereliň. Özem açyk aýtmaly däl. Bir syrlyja söz tapalyň. Bu gürrüň Kümüşala ýarady. – Dogry. Gaýgysyz, Nedirbaý diýmän, bir diýeliň. – Dogry – diýip, indi birneme köşeşen Begjanam olaryň hataryna gelip oturdy. – «Türkmen azatlygyna» iki diýeliň. Berdä, murt, ýok şahyrlar. Berdi bilen Garaja, doganlar, han... – Onda bu dowzahhana näme diýjek? – Oňa üç diý. Onuň şol doňuz oglusyna üç bir diý. – Haramzada murta ýedi diýeliň. Onuň swinýasyna hem sekiz diýeliň, bormy? – Adamlar, eger ölsek, razy boluň mert öleliň. Seýitmyradyň bu sözi adamlaryň gulak çekgesine ýumruk bilen berlen ýaly etdi. Ylaýta-da Orazmämmet ýumruga döndi. Sanýanyň süýrenip, töňňelere degýän sesi, atlaryň güpürt-tapyrdyny Seýitmyrat eşitdi. – Turalyň. Ol «Halk dostlary» göwnüne hiç zat getirmesin... ...Olar tokaýdan gaýdanlarynda: – Allajan, ediniň ýedisini itler iýsin, Hudaý jan. Ikiziň üçi bolsun. Eý, dostlar üçüň dädesini gurtlar iýsin. Aý, Hudaý, meni myradyma ýetirgeý – diýip, Wafaýew gara çyny bilen hiňlenmäge başlady. Soňam, lagere giriljek bolnanda: – Indi näçe galdy? – diýip, Kümüşalydan sorady. Pikiri gorjawlaman Kümüşaly, bada-bat hasaplap bilmedi. – Eý, gutaran ýomut, bar owarra bol-daýt – diýip, ol elini silkip, içeri girip gitdi. Seýitmyrat şol günleri ýatlap bir ýagdaýy duýdy. – Walla, käte-käte üýşseň, ömrümizden warsaky aýdyşaýmasaň, başga bir diýere zadam galjak däl. Eýsem, men näme etdim, ýatlaýar ýaly... Ol oýlanyp ýatyşyna, öz geçmiş ykbalyndan gaty näşükür boldy. ...Il aýal alýar, bäş-on çaga galdyrýar, yzynda. Guýy gazýan bar. Bag ekip, iline gara bag galdyrýany bar. Watanynyň namys aryny gorap, iliň gözüniň alynda janyny gurban edýän bar. Han bolup, beg bolup, iliniň mertebesini göterip ölýän bar, Nurberdi han ýaly. Magtymguly ýaly iline şygyr doly diwan galdyrýany bar. Gönübek ýaly beýik-beýik sazlary galdyrýan bar... Seýitmyrat özüniň ejizligine, biçäreligine gaty gynandy. – Eý, Allam! – diýdi-de bir gysym bolup, surnugyp galdy. * * * Seýitmyrat häzir hakydasyna getirip bilmese-de, ol käte-käte geçen günlerini ýatlap buýsandy. 1924-nji ýylda Seýitmyrat uly wezipede işleýärdi. Ol Türkmen obkomyň çlenidi. Ony Türkmenistan özbaşdak respublika bolsa ýer, suw hojalyk komissarlygyna bellemek barada mesele goýulupdy. Onuň ady makullanyp, özem Türkmenistan Sowet Sosialistik respublikasynyň 1-nji gurlutaýyna delagat saýlanypdy. Emma, nämüçindir onuň badyna Magtymgulynyň «Abraýdan aýrylar, bozulan ile baş bolan diýen sözi düşdi-de, öz kandidaturasyny aýyrmagy sorap, Paskuskiden haýyş etdi. – Men bir ýarawsyz, maýyp adam. Maňa azap bermäň. Ol ýalan sözlänokdy. Ýigrimi ikinji, ýigrimi üçünji, ýigrimi dördünji ýyllarda hasaplap görseň, Seýitmyradyň işe çykan wagty barmak büküp sanaýmalydy. Ol mydama öýde, mydama hassady. Şonda inisi Muhammetmyrat bir gelende dözmän: «Aga, uluja oglum Rahmany ýanyňa al. Hiç bolmanda çaýyňa sereder, dükandan nan getirer. Derman-däri gerek bolsa-da, birine halyňy aýtmaly bolsa-da ýeňil aýakdyr. Kömegi deger...» diýip, ogluny onuň ýanynda goýup gidipdi. Oňa bir neme pul galdyrypdy. Dogrusyny aýtsaň, onuň öýünde iýmäge bir döwüm çöregiň tapylmaýan wagtlary bardy. Eýsem, kelle agyra, aýak agyry güýçlenip ýatan adamda gazanç näme işlesin. Oblispolkom Öwezbaýewiň ýagdaýyndan habarlydy. Paskuskiý 1923-nji ýylyň 5-nji fewralyndaky karary bilen «1922-nji ýylda ýazuw dolandyryş işlerini türkmen diline geçireni üçin» diýen delil bilen, öz fondundan 80 müň manat beripdi. Häzirem Seýitmyrat sagat däldi. Şonda-da, «Hiç bolmanda günüm üçin» diýip, gymyldap ýördi. Ol gowgaly, dartgynly, ýokary talaply, ertirden agşama çenli aýak üstünde durup, güni bilen ile akyl boljak bolup halys durmaga ýagdaýy ýokdy. Oňa düşündirdiler. – Sen delegatlykdan bir boýun gaçyrma – diýip, Paskuskiý oňa ýalbardy – Görýäň-ä adam ýok. Senem bolmasaň... Seýitmyrat oňa boýundy. – Janym bilen. Men nirä gideýin – diýip, ol olary köşeşdirdi. Gurlutaýdan soň Atabaýew ony kakyp alyp, haýyna, waýyna bakman Magaryf halk komissarlygyna belledi. Ol her näçe akylly, duýgur, dilewar bolsa-da, şu Gaýgysyz diýen adama hiç diýşi ötmeýärdi. – Men seni bellemedim. Indi sen wezipäňi itiň öňüne ataý. Emma ki, işiňi oňarmasaň, menden ýagşylyk tamasyny etme – diýip, ýarym türkmençe, ýarym rusça, ýarym degişme, ýarym haýbat bilen etjegini eder goýbererdi. Onsoň, maýryklanyp, ýanyp-bişip, süýrenip ýören Seýitmyratdyr. Ýöne Seýitmyradam bergidar bolup galmady. Tatarystana, Özbegistana, Moskwa adam iberdi. Olara kitap baryny getirdi. Özi Paskuskiý bilen Bakuwa gidip, kitapdan ýüküni tutup geldi. Halk komissarlygynyň karary bilen iki ýerde: Maryda aýallar, Aşgabatda okuw institutyny açdyrdy. Ýurtda müň ýerde likbez (sowatsyzlygy ýok etmek baradaky kurslary) açmaga buýruk berdi. Olardan başga-da orta bilim berýän maldarçylyk, medisina, mugallymçylyk, tehniki hünär tehnikumlaryny açdy. Türkmenistan durşuna okuw jaýyna öwrülip barýardy. Ýaşlary fabirik-zawod mekdeplerine okamaga çekýärdiler. Mekdepleriň gapdalynda internatlar açylýardy. Olarda okuwçylara nahar, ýatmak üçin ýer, okuw kitaplary berilýärdi. Eýýäm, ýene bir ýyldan bilimli, hünärli ýaşlar ýetişip başlapdy. Emma Seýitmyrat bu işi ahyryna çenli ýetirip bilmändi. Bir gije ony Atabaýew ýanyna çagyrypdy. Onuň ýanyna Seýitmyradyň özem barjak bolup ýördi. Oňa niýetläp bilim komissarlygynyň hasabatyny hem taýýarlapdy. Hasabat begendirijidi. Şony bahanalap, bu ugra ýene birneme pulam aljakdy. Ol öz ýany bilen ýene özüne gelen bir hatam alyp barypdy. Gaýgysyzyň keýpi ýokdy. – Ine, meniň hasabatym. Ine-de, şu haty oka. Haty okap, Gaýgysyz hahahaýlap güldi. – Wot tibe, wot tibe! – Ine görýäňmi? Mugallymlarymyz şeýle, okuwçylarymyz nähili bolarka? Olaryň okan haty Daşhowuzuň Porsy raýonyndan Onbaýew diýen mugallymyň hatydy. Ol öz hatynda: «Ýoldaş komissar öňki iberen otuz alty harpyňy, tap gowy edip öwretdim. Indi ýene näçe harpyňyz bolsa, arkaýyn iberiň. Ýoldaş Atabaýewiň öwredişi ýaly, heýwere gowy edip öwretmäge söz berýän...» diýip ýazypdyr. Seýitmyrat gaýgysyza degdi. – Ýoldaş Atabaýew, men Magaryf komissarykam, sen mugallymlara öňki harplaryňyzyň üstüne ýene harp ibererin diýipsiň. Hany, şol harplaryňdan bize-de ber, göreli – diýdi. Gaýgysyz «Şu bozulaýmasyn» diýip, suw bilen darap, zordan doňduran bir goşawuç iňňe ýaly bolup duran saçyny tas barmaklary bilen elläpdi. Ýöne oňa el degirseň bujurygynyň artjagy ýadyna düşäýdi. – Walla, şu saçymy ýa syrdyrmaly ýa-da ýelim-selim tapyp, bir zat etmeli. Güni bilen kellämi elläp bilmän geçýän. Içigara, özem şony elläsim gelip dur. Seýitmyrat ýylgyrdy. – Nedirbaý aga bilen çalyşaýarlar. Ol senden edepliräkdir. Gaýgysyz her tarapyna bir ullakan garaluw gysdyrylan ýaly gözlerini ýyldyratdy. – Şonuň adyny tutm-ow. Adyny agzasaň geläýýär – diýdi-de, ýumrugyny agzyna tutup güldi – Ýöne özüne aýdaýma. Ýaňja gitdi. Ol ýerine geçip oturdy. – Seýitmyrat! – Gaýgysyz ýüzüni kürşertdi-de, depesindäki iňňeleri elläp goýberdi – An, bary, güni bilen saklanyp biderek boldy – Indi haram ölen geçiň tüýi ýaly... – Çöpüri ýaly! – Hawa, çöpüri ýaly, dagar ýatar. – Öwezbaýew! Ýa sen şu ýere gel ýa-da men gitjek. Walla, kessin... Ol dogany Muhammetguly Atabaýewden «bahaly», «walla kessin» diýen iki sözi miras alyp galypdy. Şolary ýeri gelse, gelmese-de aýdyp goýberýärdi. Seýitmyrat gaýgysyzyň çynydygyny aňdy. – Men nirä? Sen nirä? Gaýgysyz ýerinden turdy-da ýandepderçesini portfeline saldy. – Ýa sen maňa milli mesele boýunça geňeşçi bolup gel ýa-da meni ýanyňa al. Meniň kelläm, aklym bu işlere çatmaýar. Men esger, Garagumyň alaňynyň gerşini ýassanyp, atyş diý, gideýin. Men bugalter. Owadan gyzlaryň arasynda, çot kak, irden dokuza gel, agşam altyda gaýt, dynç güni öýüňde sakgalyňam syrman ýat diý, men oňaraýyn. Emma bilim, saglygy saklaýyş, ylym, milli mesele, şahyr, bagşy, ýok meniň işim däl. Olaryň näzi dagysy nähili. men, men olary... Ol agyr myşlady. Seýitmyrat hem çyna geçdi. – Men gelip bilmen, ýoldaş Atabaýew. Ol ara salym salmak üçin, ýerinden turdy. – Oh, ýogsa-da, men saňa täze at tapdym. Gaýgysyz iki sany «garalysyny» hanasyndan çykara getirdi. – Däldirediňmi? – Ýok, däldirämok. – Tohumyňda däldiräniň bardyr. – «Akmak asla dyzar, tentek töre» – Däli! Şol wagt içeri TSSR MIK-niň başlygy Nedirbaý Aýtakow girdi. – Sögüşmäň-ow – Ol işigi görkezdi – Bar, jaýyň öňüne seret, bütin Aşgabat Gaýgysyz sögüşýär diýip, üýşüp gelipdir. On sanam, jan Nedirbaý, ýet, olar gyrlyşdy – diýip... Gaýgysyz ýüzüni eňşetdi. Seýitmyrada garady. – Adyny tutma, geler diýmedimmi. Al tutsaň – Soň ol Nedirbaýa garady – Bul adam däli, däli. Men-ä muňa janymy ýakyp öz ýagdaýymy aýdýan. Ol bolsa, «Saňa gowy at tapdym» diýýär. Nedirbaýa geregem şoldy. Gijäniň bir wagty bolansoň, ol «ýör gaýdaly» diýip, Gaýgysyzyň ýanyna gelipdi. – At tapsa, al, bary bir öňki familiýaň amanat. Adyň amanat. Kakaň ady amanat. Ýogsa seniň çyn adyň, Italmaz Gökowiç Täjow bolmaly. Seýitmyrat mys-mys edip güldi. Nedirbaý hem gözüni gypyp: – Näme ýalan diý, öňki doganyň durman, şun-a Ezraýyl däl, item almasyn diýip, eneň saňa Italmaz dakypdyr. Ýöne internatda «Net, kaýgy ýok, şatlandy bar» diýip, bir terbiýeçi gyz dakypdyr, adyňy. Serdarowiçiňem amanat, familiýaňam Muhammetgulynyňky, ýalanmy? Gaýgysyz öýkelän boldy. – Goý-how, ýomut, sen-ä oýun edersiň, bu Öwezbaýyň gep emeni bolsa, ony çyndyr öýdüp, oturan-turan ýerinde aýdar ýörer. Ýöne täze adyny aýtsyn, halasam, aljak. – Konstantin Sergeýewiç Atabaýew! Seýitmyrat bu ady joşgun bilen aýtdy. – Gül ýaly! – diýip, Atabaýew ýylgyrdy – Bolmalysy şol. Bu üýtgedip gurmany özümizden başlamaly. Türkmen-ä Gaýgysyz diýer. Beýlekiler aýdybersin. Gaýgysyz adyna begendi. – Bolýar, ýöne şu Nedirbaýa-da «Nefeodr Artamonowiç» diýen ýaly bir at dakalyň – diýdi. Nedirbaý hem güldi. – Erbet däl. Meniň-ä adymyň amanat ýeri ýok. Ýöne ertir ýadyňa düşse, aýt, men şol ady göterjek – diýdi. Gaýgysyz «garalylarynyň» birini Nedirbaýa «Hälki tabşyranymy aýt» diýýän manyda ümledi. Olar Seýitmyrat bu ýere gelmänkä-de duşuşypdylar. Şonda Gaýgysyz bu işiň özüne gaty agyr düşýändiginden zeýrenipdi. – Stol ýumruklamaly, talap etmeli ýerinde oňarjak. Emma adamlara indi ideýa, inisiwatiwa, paýhas bermeli. Şu zady şeýle et diýmeli. Men welin şoty şykgyldatmadan başga zady öwrenmändirin – diýip, öz ýagdaýyny aýtdy. – Men saňa bir ideýa sataýynmy – diýip, Nedirbaýam oňa degdi. – Sat, ideýa bolsa häzir geçjek. Respublika näçe ideýa bolsa demine sorup dur. Ylaýta-da milli ruhy götermek üçin, bu gatap galan garry illi götermek üçin medeni, milli täze ideýalar gerek. – Onda, belle, Öwezbaýyň ogly Seýitmyrady ýanyňa çagyr-da Ýa gel, ýa men gitjek diý. – O näme diýdigiň? – Ol Maňa milli mesele boýunça geňeşçi bolup gel diýdigiň. Bu pikir Gaýgysyza hoş ýaksa-da, ony beýle etmäge bogny ysjak däldi. – Bu ideýaň geçmez. – Näme üçin? Gaýgysyz stoluň üstünde ýatan galamy eline aldy-da, oýnap başlady. – Häzir respublikada kadaly işleýän zat, bilim ulgamy. Olam, blogadarýa. Öwezbaýyň ogluna. Türkmenistan häzir bilim ojagyna öwrüldi, özem ýok ýerden. Şeýle azap eden ýerinden alsam, Öwezbaý gynanar, Öwezbaýsyzam bilim gynanar. Nedirbaý meseläniň beýle tarapyndan geldi. – Goý, bilimem özi kurirwat etsin. Gaýta, oňa köp haýry deger. Seniň eýläňe geçip, onça, beýläňe geçibem munça kömek alyp biler. Sen ony şeýt. Gaýgysyz ýene-de müýnürgedi. – Ol komandir, men esger. Şol adamdan sussum pes. Onda, men ony çagyraýyn. Senem üstüne gel. Şeýdip, ikiläp alaly ony. Häzirem, Nedirbaý bu dilleşigiň sepini bildirmän otyrdy. – Sen, Seýitmyrat, Gaýgysyzyň diýenini et. Sen, seniň kelläň şu ýere gerek. Milli meseläni özüň galdyraýmasaň, barymyz ors ahyry. – Özi gerek däl-l-eý. Kellesi gerek – diýip, Gaýgysyz güldi. – Kellesini goýsun-da gidibersin. Seýitmyrat ýuka dodaklaryny tommartdy-da gözlerini ýere dikdi. – Bilim ulgamyny nädeli? – Bilimem, şu ýerden özüň alyp git. Näme kömek gerek bolsa, Alla kessin, bereýin. Seýitmyrat elini uzatdy-da, Nedirbaýa: – Şaýat boluň, baý aga! – diýip, ýylgyrdy – Başlyklar ýalançyrak bolýandyr. Öz pikiri geçen Nedirbaý: – Ýok, ýok – diýdi-de, çykyp gitdi. gaýgysyzam zatlaryny ýygnap, işikden çykjak bolanda: – Saçym, dogrudanam gaty bulam-bujarmaý – diýdi. Seýitmyrat ýylgyrdy. * * * Seýitmyrat on günläp işe çykmady-da, öýünde işledi. Ol onunjy gün diýlende Gaýgysyzyň huzurynda dikeldi. – Ine, Konstantin Sergeýewiç. Meniň teklibim. Gaýgysyz «Dakan adyny ýadyndan çykarmandyr-ow» diýip, onuň ýüzüne gyrlyk bilen garady. – Eý, şu Aýtakowa nähili at dakdyg-aý. Her gün maňa «Konstantin Sergeýewiç» diýen bolup ýürege düşýär. aýtsan-a, şony bir duzlaýyn-la. – Bilemok. Gel. Ünsümizi sowmaly. Bu meseleler gaty çynlakaý mesele. – Ine, meniň teklibim! – diýip, ol kagyzlary Atabaýewiň öňüne süýşürdi. – Ýok, özüň oka hem düşündir. Seýitmyrat jaýlaşykly oturdy-da, kagyzlary eline aldy. – Biz Türkmenistan abraýly ýurt bolsun, milli respublika bolsun – diýsek, onda meseläni şundan başlamaly. – Birinji. Türkmenistanyň atly şahyrlaryny Aşgabada getirip, gazet-žurnallara işe ýerleşdirmeli. Olara öz ideýalarymyz barada, çagyryşly şygyrlar ýazdyrmaly. Olary hemme taraplaýyn goldamaly. – Kimleri? – Berdi Kerbaba, Ýakup Nasyrly, Garaja Burun, Mollamurt, Gulmuhammedow, Baýram şahyr, Nury Annagylyç, Durdy Gylyç we başgalar. – Bu bir. Ylalaşýaryn. – Ikinji. Magtymgulynyň, Zeliliniň, Seýdiniň goşgularyny köp tiraž bilen çap edip, halka ýetirmeli. – Kim edip biler? – Magtymgulyny Kerbaba, Seýdini, Zelilini Gulmuhammedow. – Bu iki. Kabul edýän. – Üçünji. Likbezleri, aň bilim işini gaty güýçlendirmeli. – Mysal üçin? – Mysal üçin, medreseleri aýyrmaly. – Wot, munyň dogry! – diýip, Gaýgysyz ýerinden turdy – Muhammetgulynyň bir makalasy Orsetde, magaryf žurnallarynyň birinde çap edilipdi. Şolam şu teklibi orta atypdy. Seýitmyrat, sag gözüni süpürdi. – Gaýgysyz, geçmişden gelýän ojaklary ýykmak aňsatdyr. Emma gaýtadan galdyrmak aňsat däl. Medresselerem şeýle. Medreseler geçmiş ata-baba halk aňynyň iň beýik gazanan zady. Ol kowçum-kowçum nesilleri sowatly etmegiň, halk parasadyny, edep ulgamyny, halk döredijiligini gorap saklamagyň howurly ojagy boldy. medrese halk aňynda öwlüýä öwrülen ýer. Emma indi medrese bilen beýik demokratik, swilizasion döwlet gurjak şahsyýetleri terbiýeläp bilmez. Indi döwür, tehniki, tehnologik, elektrikleşdirilen, durşuna maşyn bolup duran zamana garşy barýar. Emma medrese Gurhan, doga, töwir bilen boljak. Ony üýtgetmegem mümkin däl. Şonuň üçin medresäni aýyrmankak, ýerine ondan hem haýyrly bir zady bermeli... Gaýgysyzyň aňynda Muhammetguly Atabaýewiň nohurly, gyzylarbatly, bäherdenli, köşüli mollalar bilen bu meselelerde gyrlyşara gelip jedelleşişleri, «Mawara-i Bahri-Hazar» gazetinde bu baradaky dawa, jenap Belýaýewiň olary köşeşdirjek bolup azara galyşy aýandy. Gaýgysyz ol zatlara düşünmese-de Muhammetgulynyň tarapyndady. Bu gün ol meseläni Seýitmyrat şeýle bir düşünikli düşündirdi welin, Muhammetgulynyň şol wagtky janykmasy oňa indi düşünikli boldy. – Gaty dogry, dostum. Dogry halk aňynda galan bir zady ýykmak üçin, oňa ondan hem gowy zady bermeli. Dogry, indi näme etmeli? Aýt! – Bilim! Bilim! Bilim! Ähli obada, edil medresäniň gapdalynda ak mekdepler gurmaly. Goý, ýene dört-bäş ýyl olar paralel, ýagny barabar okasynlar. Onsoň, haýsysyny halkyň ykrar edýändigini özüň görersiň. Aşgabatda, Maryda, Çärjewde, Daşhowuzda hem mugallymçylyk institutyny, hem pedagogik rafbaglary, tehnikumlary açmaly. Ors bize nadandyr öýtsün ýörsün. Biz welin orsuň öz serişdesine şeýle bir bilim eýýamyny döretmeli, birküç ýyldan, nädersiň, beýik türkmen aňy wulkan bolup atylyp dursa... Gaýgysyz ýylgyryp baş atdy. – Dalşe. – Dördünji. Türkmeniň gowy, akylly ogullaryny Moskwa döwlet unwersitetine, Leningradyň Gündogary öwreniş institutyna okuwa ibermeli. – Dogry. – Bäşinji. Dogry bolsa, Moskwada Reutowa şäherinde pagta işleýän, ýüplük egirýän bir fabrika bar. Şol ýerde türkmen oglan-gyzlary üçin mekdep-internatyny açmaly. Oňa-da Nikolaý Nikolaýewiç Ýomudskini direktor goýmaly. Kadrlar ýetişensoň özümizde-de şeýle fabrika açmaly. Gaýgysyz güldi. – Gör, kelle! Bu zatlar seniň ýadyňa nireden düşýär, eý, sen geniý. Sen beýik geniý. Dogry, ertiriň özünde karar taýýarlamaly. Seýitmyrat stoldan çala saýlanyp duran boýuny ýene-de stoluň üstüne atyp, has kiçeldi. – Altynjy. Türkmenistanyň geologik ýagdaýyny öwrenmek üçin, akademik Gubkiniň ýolbaşçylygynda beýik alymlary şu ýere çagyrmaly. – Dogry. – Ýedinji. Türkmenistanyň ösümlik dünýäsini öwrenmek üçin akademik Fersmany, biolog alymlary şu ýere çagyrmaly. Goý, barlasynlar. – Sekizinji. Akademik Bartoldyň ýolbaşçylygynda taryhçylar toparyny şu ýere çagyryp, olardan türkmenleriň geçmiş taryhyny açmagy, aýdyňlaşdyrmagy haýyş etmeli. Olaryň türkmenleriň taryhy baradaky işleriniň on tomluk kitabyny türkmen dilinde çykarmaly. – Dokuzynjy. Türkmen sazyny öwrenmek üçin akademik Uspenskini Türkmenistana çagyryp, türkmen bagşylarynyň sazyny ilki nota, soň plastinka geçirmeli. – Aperin! Ol Gaýgysyzyň ýüzüne garady. – Şu iş has möhümdir, ýagny dokuzynjy SSSR Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde türkmen geologiýasy, biologiýasy, taryhy, sazy, etnografiýasy boýunça ylmy teoretiki, ylmy-praktiki konferensiýa geçirmeli. Gaýgysyz owadan gabaklaryny garalylarynyň üstüne örtüp, oýa batdy. Soň, galamyny stola urdy.. – Wot tak. Ilki olar ýagşy öwrensin. Soň netijäni SSSR Ylymlar akademiýasy jemlesin, dogry. Seýitmyrat kagyzdan gözüni aýyrman: – Türkmenisan indi öwrenilmeli, indi açylmaly. Onam biz başlamaly. – Gör, şu Uspenskinem dogry tapdym. Men ony tanaýaryn. Ol geler, hökman geler. Ýöne, ýöne... Seýitmyrat Gaýgysyzy ýadadandyryn öýtdi. Şonuň üçin gyssandy. – Onunjydan, bir-ä, respublikan bagşy sazandalar ansamblyny döretmeli. – Hany, kim bar oňa? – Çagyrmaly. Jaý bermeli. Iş şertini döretmeli. Şahyrlary çagyrýarys-a. Olaryň täze döwür, täze zaman hakyndaky şygyrlaryny kim aýdym edip halka ýetirsin. Täze döwri bilbil owazy bilen kim halka ýetirsin. Şolar. Çagyraly, iş, jaý, aýlyk bereli. Olar geler. Gaýgysyz sesini çykarmady. – Ondan başga-da, Aşgabatda türkmen teatryny açmaly. – Teatr? – diýip, Gaýgysyz geň galyp Öwezbaýewiň ýüzüne garady. – Häzirmi? Seýitmyrat gara çyny bilen: – Milli teatry bolmadyk respublikadanam bir respublika bolarmy? Teatry bolmadyk şäherdenem bir şäher bolarmy? Gaýgysyz öňündäki kagyzlary tertipleşdirip başlady. – Ind-ä bolaýdyň öýdýän. – Iň esasy galdy. Onunjysy, türkmen dilini milli dile öwürip, Türkmenistanda ýaşaýanlaryň ählisiniň şol dili bilmegini gazanmaly. Gaýgysyz ýerinden turdy. – Rus dili näme? Şol bolanokmy? Seýitmyrat: – Rus dili bolar. Rus dili döwletara, halkara gatnaşyklar dili bolar. Gaýgysyz gapdala ýöneldi. – Men gabyz boldum, gapdaldaky otaga bir girip çykaýyn. Senem bir çaý buýur, garbanar ýaly zady bilen... ...Gaýgysyz çaý gelýänçä ýene diňläp başlady. – On-a boldy. Öz-ä az däl, häzirlikçe ýoldaş Öwezbaýew. Şulary... Seýitmyrat işikden çaý, ýany bilen garbanmaga odur-budur getiren gyza garap: – Ýene bir uly mesele bar. Respublikada bir dälihana, inçekesel keselhanasyny açmaly. Adamlar juda urgulary akdy. Olaryň beýnisi, ruhy, ahlagy hapalandy. Ol gyz gidensoň Gaýgysyz ýylgyrdy. – Nähili gördüň? – Nämäni? – diýip, Seýitmyrat geň galma bilen oňa seretdi. Gaýgysyz işigi görkezip: – Ýaňkyja gelni. Saýlap bilipdirinmi? – diýdi. Seýitmyrat başyny ýaýkady. – Dälihana! Düşündiňmi, dälihana, soňam raýonda bir keselhana açmaly. Medisina institutyny, bu ugurda işlejek kiçi kadrlar okar ýaly, medrafbaglar, üç, bäş, aýlyk, bir ýyllyk kurslar açmaly. Ine, men gutardym. Gaýgysyz bularyň baryny sözme-söz ýazyp otyrdy. Ol şol ýazyp oturşyna, ýylgyrýardy. – Erbet däl-how ýaňky. Ýaman kän seretdiň welin, bolmasa şoňa öýleneýin. Seýitmyrat ýene kagyzyna garan boldy. – On ikinji mesele, ýoldaş Gaýgysyz Atabaýewden heleý barada azrak oýlanyp, iş barada köpräk pikir etmegi haýyş etmeli. Gaýgysyz öňki endigi boýunça ýazybam başlady-da, soň nämäniň nämedigine göz ýetirensoň, ýazanlarynyň şol ýerini çyzym-çyzym etdi. Olar çaýy öňlerine alan badyna Gaýgysyz minnetdar bolup: – Sag bol, gardaş – diýdi. – Örän minnetdar. Bu saňa, maňa uly abraý bolar diýdi. Seýitmyrat elindäki çaýly gaby mejimäniň üstünde goýdy-da, elini eline aldy. – Gaýgysyz, biz geçeris, türkmen galar. Şu wagt ýagşylyk biziň elimizden gelýär. Halka edibilen ýagşylygymyzy edeli. Ine, şeýle bir zaman geler. Elimizden hiç zat gelmez. Şonda köp zada ýetişmändigimize gynanmaly bolmaly. Biziň halkymyz ýagşylyga mynasyp halkdyr. Sen oňa ýagşylyk etseň, ol seni unutmaz. Gaýgysyz derläp çaý içip oturşyna: – Bular seniň pähimiň. Sowetiň geljekki mejlisinde men muny yglan edeýin. Goý beýlekilerem bilsin. Soň, soň men «Milli meseläni dolandyryş» bölümini döredeýin. Şol bölüm diňe şu ideýalaryň üstünde işlesin. Sen meniň milli mesele boýunça kömekçim höküminde, şol bölüme gözegçilik et. Ony ugrukdyr. Bir aýyň dowamynda şol on bir mesele boýunça näme etmelidiginiň maglumatyny beriň. Işi ýerine ýetirmegiň planyny düzüň. Soňam, her mejlisde edilen iş barada hasabat beriň... – Bolar, be çeşim (gözüm üstüne). Gaýgysyz Seýitmyradyň ýüzüne dykgatly garady. – Inçekesel bolnisasyn-a, Köşiniň depesindäki baýyrlyklaryň arasyndan açarys, ýöne dälihanany nireden açsak gowy bolar. Seýitmyrat Gaýgysyzyň nirä kakdyrýanyny biljek boldy. – Men ak goňur däl-ow. – Ýok, ýok, meniň gara çynym. Sen halky gowy bilýärsiň, geňeşmeli. Seýitmyrat ýylgyrdy. – Türkmenlerde Ak goňuryň sagyny sanaýmaly diýen bir gep-ä bar. – Ak goňur nirede bolmaly? – Gökdepede. Gaýgysyz makullady. – Ýeri gowy bolsa, suw bolsa, şol ýeri bolar. Şol ýerden açaly. Olar işikdäki gyz gap-gaçlary alyp gitmäge gelende, ýerli-ýerden ýylgyryşdylar. Ol gyz hem utanyp: – Siz şu gün örän şadyýan, Kostantin Sergeýewiç! – diýip, ýylgyrdy. – Onuň sebäbi sen, Aloçka. Sen örän owadan. Biziň ýaly garrylara ýöne gülüp, size seredäýmekden başga ýagdaý galanok – diýdi. Ol gyz: – Eý, Allam, siziň garry bolaýşyňyzy – diýip, gözüni güldirdi. – Siz ýene ýüz ýyldanam garramarsyňyz – Ol ýüzüni galdyrdy-da – Ýene çaý getiräýeýin – diýip, sorady. Gaýgysyz «Gerek däl» diýen many-da elini galdyryp, başyny ýaýkady. * * * Türkmenistan halk komissarlar sowetiniň ýolbaşçylygynda milli medeniýetiň birden pajarlap ösmegi ýönekeý halkyň arasynda Atabaýewiň abraýyny asmana çykardy. Emma şeýle galkynyş gaýry milletlerden bolan adamlara ýaramady. Respublikany türkmen ruhuna salmak, türkmen diliniň hökmünlygy, türkmen intelligensiýasynyň ähli ýerde öňe tutulmagy her günde Moskwa telim-telim arzalaryň ýazylmagyna sebäp bolýardy. Şol arzalaryň köpüsi degişli çäre görmek üçin Atabaýewiň özüne iberilýärdi. Emma Atabaýew olara baş galdyranokdy. Gaýtam «Milli mesele» bölümini, Öwezbaýewi her gün diýen ýaly gyssap, işi çaltlandyrmagy talap edýärdi. Eýýäm, şol ýylyň ahyrynda Sowetiň mejlisinde Öwezbaýew birinji mesele boýunça «Türkmenistan ylmy-edebiýat jemgyýetiniň» döredilip, oňa Geldiýewiň, Gulmuhammedowyň, Kerbabaýewiň, Berdiýewiň, Sähedowyň, Şamyradowyň, Pereňliýewiň, Garaja Burunowyň, Mollamurtyň agza edilendigini habar berdi. – Olaryň iş, jaý, aýlyk-günlük ýagdaýy nähili boldy! – Hemmesiniň jaýy bar. Kerbabaýew, Mollamurt «Tokmakda», Kerbabaýew, Burunow «Türkmenistanda», beýlekiler hem döwlet edarasynda. Işsizi, jaýsyzy ýok. – Bolýar! – diýip, gaýgysyz razy bolup aýtdy. – Ýagşy goşgular goşýarlar. – Onuň üstesine, «Türkmenewedeniýe», «Edebiýat» žurnallary çykyp başlady. Olary özüňizem okaýansyňyz. – Ikinji mesele. – Magtymgulynyň şygyrlar diwanyny ýygnamak, çap etmek Kerbabaýewe tabşyrylypdy. Düýn onuň bilen çap etmeli goşgulary saýladyk. Indi basym iş ýola düşer. Zelili – Seýdi kitabyny, her şahyry özbaşdak kitap etmek Gulmuhammedowa tabşyryldy. Onuň şygyrlary taýýar, ýöne öňünden okyja ýüzlenme hat bolmaly. Ony Gulmuhammedow ýazmaly. Ol kesel. Şonuň üçin az-kem garaşmaly boldy. Ol şu gün şol makalany getirdi., kitaplar basym çap etmäge iberiler. Ýene bir ýagdaý, olam Samoýlowiçe «Türkmen edebiýatynyň taryhyndan» göwrümli makala buýurdym. Şol makala taýýar. Ony «Türkmenewedeniýäniň» birinji sanyna bereris. – Üçünji mesele. – Türkmenistanyň birleşen obalarynda sowet mekdeplerini açmak barada siziň rasprýaženiýäňiz taýýar. Täze ýyl býužete goşulsa, geljek ýylyň sentýabryndan müň mekdep, iki institut, bäş uçilişe, ýedi tehnikum açylar. – Dördünji mesele. – Moskwa döwlet unwersiteti, Leningradyň Gündogary öwreniş instituty bilen hat alyşyldy. Olar taýýar, emma bi ztaýýar däl. Ony özüňiz hem bilýärsiňiz. – O barada soň. Onuň esasy sebäbi Leningrada, Moskwa maşgalasyny taşlap gitmäge türkmenlerden döwtalap ýokdy. Seýitmyradyň özi Leningrada gitmäge isleg bildirdi. Emma Gaýgysyz ony unaman «Bu mesele entek dursun» diýipdi. – Bäşinji mesele doly çözüldi. Ýomudskiý Reutowadaky hünär mekdep-internatyna direktor bolmaga hat üsti bilen razylyk berdi. Magaryf halk komissarlygy häzirlikçe elli oglan-gyzy bu mekdebe taýýarlady. Olaryň okuwy geljek ýylyň sentýabryndan başlanar. Olary biz awgust aýynda ibereris. – Soň. – Altynjy, ýedinji, sekizinji mesele boýunça siz habarly. Akademikler Gubkin, Fersman, Bartold öz ugurlary boýunça Türkmenistana gelmäge razydyklaryny hat üsti bilen habar berdiler. Ýöne olar Ylymlar akademiýasynyň çözgüdini soraýarlar. Ylymlar akademiýasy bu möhüm işi geljek ýylyň planyna goşmaga razylyk berdi. – Bolýar, bolýar. – Uspenskiý gelmäge taýýarlanyp ýör. Häzir saglygy birneme gowşapdyr. Ýaza garaşýar. – Dokuzynjy mesele! – Dokuzynjy mesele SSSR Ylymlar akademiýasy tarapyndan goldanyldy. Olar bu meseläni bölekleýin öwrenilmeden öň seretmegi göz öňüne tutýarlar. – Onunjy mesele! – Ony geljek ýyl gozgamaly etdik. Häzir Sahy Jepbaryň ýolbaşçylygynda aýdym-saz kružogyny açdyk. Ol işläp dur. Emma beýleki uly mesele, ol döwlet býužeti bilen bagly bolar. – Teatr? Keselhanalar, dälihanalar? – Teatr üçin iki ýyllyk kursy geljek ýylyň sentýabryndan açarys. Oňa Türkmenistan boýunça şol işi başaraýjak adamlardan saýlama başlandy. Okuw ýylyna çenli elli adam taýýar bolar. Dälihananyň ýeri, Inçekesel keselhanasynyň ýeri belli edildi. Olar keselhanalar saglygy saklaýyş komissarlygynyň içerki rezerwleriniň hasabyna gurlup başlanyldy. Şu gün şolaryň ýagdaýy barada raportlary aldyk. Men olary şu dokladymyň yzyna çatýaryn. Medisina institutynyň, beýleki okuw jaýlarynyň smeta-dokumentasiýa, kadr meselesi býužete girizilmek meselesi geljek ýyl çözülmeli. Ýöne bize bagly işler edildi. Atabaýew razy boldy. – Ine, adamlar şeýle işlemeli. Öwezbaýew gije sagat üçde meniň öýüme jaň edip, meni turzup, bir dokument barada jedelleşýär. Meni günüme goýanok, bizar edýär. Gije sagat üçde respublikanyň komissarlar sowetiniň başlygynyň öýüne jaň edip, ony bimaza etmek gowy däl. Olam adam. ýöne şeýtmek, işe gowy, halka gowy. Ol öz bähbidi üçin jaň edýär. Emma bizde şeýle bir işgärler,halk komissarlary bar, iş wagtyny nähili geçirjegini bilenok. Ol öňünde duran bir petde kagyzy Döwlet planlaşdyryş komitetiniň jozzuk ýüzli başlygynyň öňüne taşlap goýberdi. – Hakykatyna seredeniňde, şu kagyzlary siziň ýüzüňize urmaly. SSSR Döwlet planlaşdyryş komitetinde meni it masgarasy etdiler. Ýyl tamamlanyp barýar. Emma siziň edaraňyz ýarym ýyllyk hasabatam geçirip bileňizok – Ol gaharly gygyrdy. – Oturma, tur, ugra-da, on günüň içinde täzeden işläp, hasabatyňyzy tabşyryň. Komitetiň başlygy stolyň üstüni sermenekläp, bir gujak kagyzy bagryna basyp çykyp gideninden soň ol, ýene Öwezbaýewe tarap elini salgady. – Seýitmyrat Öwezbaýewiň elli kilogram agramy bar, onuň kyrk dokuz kilosy akyldyr – diýdi. Ine, bize nähili adamlar gerek, ine biz nähili işlemeli! Ol Öwezbaýewden özgelere gitmäge rugsat berdi. Soň ikiçäk galansoňlar Seýitmyrat başyny ýaýkady. – Ýoldaş Gaýgysyz, sen meni gaty öwdüň welin, ýene bir kyn ýumşuňy boýnuma basjak bolýaň öýdýän. Gaýgysyz çaý buýurdy. Soň Moskwadan getiren ýörite sowgadyny oňa berdi. Eline altyn sagat dakdy. Çaý gelenden soň oňa bir käse çaý hödürledi-de, göni meselä geçdi. – Sen, Seýitmyrat, Döwlet planlaşdyryş komitetini alsan-a. Seýitmyrat ör-gökden geldi. Ýöne Gaýgysyz ony gepletmedi. – Moskwa gidýän ýeke-täk möhüm dokumentler. Emma, her sapar, her sapar gaýdyp gelýär. Oňaranoklar. Şu sapar şeýle bir ýüzümi gyzdyrdylar. Namys etdim. Barsam ýaňky «gyzyl doňuzy ataryn» diýdim. Atjagam däl, kowup goýberjek. Ýerine geç. Gaýgysyz Seýitmyradyň stoldan çala saýlanýan ýüzüne garady. Seýitmyrat Gaýgysyza düşündi-de, ýylgyrdy. – Öň bir düýäni toýa çagyrypdyrlar. Ol habary eşidip, düýe pahyr bagyryberipdir. Onuň töweregidäki haýwanlar: – Ýer-ow, düýe, sen-ä toýa çagyrýarlar. Senem begenmäge derek, ýöne bagyryp dursuň – diýenler. Şonda düýe görgüli: – Meni toýa çagyrýan bolsalar, ýa odunlary gutarar, ýa suwlary – diýen. Menem seniň öwnüşiňden «ýa oduny gutarandyr, ýa suwy» diýdim-le – Ol soňam – Bolar-la – diýdi. – Men onda häziriň özünde karar taýýarladaýyn... Seýitmyrat elindäki käsäni goýdy. – Howlukmaly Gaýgysyz. Sen maňa tutuş komiteti däl-de, komitetiň bir bölümini ber. Ýöne «Moskwa gidýän kagyzlaryň ählisi Öwezbaýewden geçmeli» diýip buýruk beräý. Gaýgysyz böwrüne diň saldy. – Näme üçin? – Üçinini soň bilersiň. Işiňi bitirsem bolýar-da, tutuş komiteti üýtgetmek nämä gerek. Gaýgysyz stoly ýumruklady. – Men bir okda üç towşan awlajak bolýan. Hem-ä ýaňky «gyzyl hyşdyň doňzyň» gümüni çekjek, hemem seni birneme ýokary göterjek bolýan, hemem işi öňe iterjek bolýan. Seýitmyrat başyny ýaýkady. – Howlukma Gaýgysyz. Sen bedew ata münüp barsaňam, onuň jylawy şol «gyzyl hyşdyň doňuzlaryň» elindedigini unutma. Türkmen aýtmanmy «Çölde çopany urma, gyrda baýary bardyr» diýip. Olaryň baýarlarynyň nirededigini, kimlerdigini unutma. Öň bir saparam Gaýgysyz Nedirbaý bilen otyrka assyrynlyk bilen özleriniň özleriniň nähili ýolbaşçylyk edýändiklerini sorapdylar. Ondan hoş söze garaşypdylar. Şonda-da Seýitmyrat: – Gaýgysyz gardaş, Nedirbaý, tüweleme uly iş edýäňiz, berekella. Ýöne şu münüp barýan bedewiňiziň uýanam öz eliňizde bolsady... diýipdi. Şondan soň Seýitmyrada beýle sowal berilmändi. Ýöne, ol bu sözüni ýene-de gaýtalady. Emma Gaýgysyz oňa düşündirjegem bolmady. Onuň bilen razylaşdy. * * * Döwlet planlaşdyryş komitetine geçenden soň, Seýitmyrat bir zada düşündi. Bu ýere respublikanyň ketdelerinniň aýallary, dogan-garyndaşlary şeýle bir üýşüpdir. Olar hasap-hesibi bilýärmi, oňa seredýän adam ýokdy. Bu ýer gaýry milletleriň ýapyk merkezine öwrülip gidipdir. Özem, ýekeje türkmenem ýokdy. Emma şeýle ýagdaýda Atabaýewiň diýýän şol dokumentleriniň hem şeýle ýagdaýda, iberilmegini uly gahrymançylyk hasaplamalydy. Ştatlar şeýle bir çişirilipdi, oňa serenjam berýänem, göz-gulak bolup bolýanam ýokdy. Eden etdilik, başyna goýberilipdi. Seýitmyrat bu ýere bomba bolup geldi-de, partlady. Ol gele-gelmäne Atabaýewiň wekili hökmünde ştatlaryň düzümini talap etdi. Ol komitete gelen badyna, komitetiň ştatynyň ylalaşyp bolmajak derejede çişirilendigini, şol bir wagtyň özünde «öli janlaryň», ýagny işlemän hak alýanlaryň 13-niň üstüniň açylandygyny hat üsti bilen Atabaýewe mälim etdi. Onuň özi döwlet planlaşdyryş komitetiniň maldarçylyk bölümini saýlap aldy. Bu bölümi oba hojalygyny bilýän işgärler bilen berkitdi. Gije diýmän, gündiz diýmän işlemek bilen, komitetiň işiniň bir taba getirilmegini gazandy. Respublikanyň dörän gününden bäri döwürde, ilkinji sapar Döwlet planlaşdryş komitetiniň ýarym ýyllyk hasabatyny Moskwa gepsiz-gürrüňsiz kabul etdi. Soňabaka Öwezbaýewiň özem şu ýere işe geçirilenine gynanyp durmady. Ol oba hojalygy kän bir bilip barmasa-da, türkem çarwasynyň ýagdaýyndan habary bardy. Türkmenistanda maldarçylygyň segsen bäş prosenti çarwaçylyk usulynda saklanýardy. Onuň on dört prosenti obadady, şäherlerde bolsa bir prosenti bardy. Respublika goýunyň, geçiniň düýäniň ýurdydy. Sygyr maly derýa boýlarynda, subtropik zonada bolany üçin, onuň sany beýle bir kändi. Emma tutuş Garagum dowar malynyň mekanydy. Daglyk ýerlerde geçi maly kändi. Ine, şeýle hazynany döreden, ony baýlaşdyrjak bolup, ýagy-ýesir bolup ýören adamlaryň hossary ýokdy. Häzirki wagtda mally bolmak, guruply bolup, özüni saklamak juda kyndy. Seýitmyrat Işekşen diýen obada ýaşaýan kakasynyň ýanyna gidende, olaryň görýän güni synlaýardy. Çarwada ýaşamak zulumdy. Olar Ajy guýularyň suwy bilen mallaryny suwlajak bolup, görgi baryny görýärdiler. Guýy – çarwanyň Hudaýydy. Şonuň üçin garagumdaky guýulary öwrenip başlady. Olaryň sanawyny aldy. Dag eteklerindäki uzynly-gysgaly kärizleri aldy. 1925-nji ýylyň maglumaty bilen Respublikada guýularyň 212-niň, kärizleriň 73-niň bardygy belli boldy. ýurtda goýunlaryň iki ýarym milliony, sygyrlaryň 900 müňüsi, düýeleriň ýedi ýüz müňüsi, geçileriň 75 müňüsi, ahal teke atlarynyň 17 müňüsi bardy. Ol bar bolan guýylary, kärizleri şol mallara bölende, hersine bir damja suw ýetmeýändigine göz ýetirdi. Mundan başga-da, ol guýulardan, kärizlerden ilat hem peýdalanmalydy, ekinleri hem suwarmalydy. Şonuň üçin ol bu ýagdaýy rus dilinde örän paýhas bilen beýan edip, SSSR Halk komissarlar sowetiniň başlygyna, Türkmenistan Halk komissarlar sowetiniň başlygy Atabaýewe, SSSR Planlaşdyryş komitetine hat ýazdy. Ol özüniň hatynda: «Türkmenistanyň maldarçylyk örülerinde tebigy we emeli derýalar ýok. Garagum çöli jöwzadan ýaňa kepäp ýatyr. Ýurtda bolsa şunça mal bar. Şol mallar ajy we süýji suwlardan suwarylýar. Maldar bu ugurdan örän uly kynçylyk çekýär. Şonuň üçin çöldäki guýularyň sanyny müňe ýetirmek, kärizleriň sanyny ýüze ýetirmek üçin 1927-nji ýylyň başlarynda bu ýagdaýa hemaýat eder ýaly serişde goýbermegiňizi soraýarys...» diýip ýazdy. Emma onuň hatyna nämüçindir seslenýän ýokdy. Şonuň üçin ol täze hatlary ýazyp, degişli guramalara ibermäge ýaltanmaýardy. Ahyr soňunda ol Atabaýewe «Ýurdy suwlulandyryş» gyramasynyň ýanynda guýy, käriz gazyjy trest döretmegi teklip etdi. Şol terst bu guramanyň içki rezerwleriniň hasabyna döredilse-de, işi şowlap gidiberenokdy. Ýurtda guýy ussalary, kärizgenler örän azdy. Mundan başga-da garagum gadymdan bäri baýlaryň arasynda bölüşilendi. Her baý döwlet adamlaryna öz ýerinden guýy gazdyrybam duranokdy. Iň ýaman ýeri, häzirki wagtda Garagum, basmaçy diýlen adamlardan myglymdy. Halkyň, ilatyň olardan gözi gorkandy. Onsoň guýy ussalary Garaguma işe gidenden gitmäni ybaly görýärdiler. Komitetiň işi ugrukdy diýseň, bölüm agyr ýagdaýda işlemeli boldy. Bolşewikler baýlary, çarwalary ýok etmek, obalary birleşdirmek baradaky ýowuz karary çykardylar. Seýitmyradyň: «Guýulary ýok etmegiň, çarwalary bozmagyň, maldarlara zulum etmegiň respublikanyň ykdysady ýagdaýyna uly zarba boljakdygy, halk aňynyň, psihologiýasynyň bu ýagdaýa taýýar däldiginiň, şonuň üçin türkmenleriň dürli ugra, hatda daşary ýurtlara hem dargap gitmeginiň mümkindigi» barada dürli döwlet guramalaryna iberen haty, edil çägä suw sepilen ýalydy. Ol ahyry, işiň soňunda Halk komissarlar sowetiniň başlygy Atabaýewiň ýanyna bardy. Gaýgysyz, nämüçindir keýpsiz, ýüzüni sallap otyrdy. Şonda-da ol Seýitmyrady gadyrly garşy aldy. – Geleniň gowy boldy, ýüregim gysyp otyrdy. Seýitmyrat oňa ýakynrak oturgyçlaryň birine geçdi. – Gaýgysyz! – diýip, sözüni ýumşaksy başlady. Gaýgysyzyň argyn ýüzi, hasratly «garalylary» üýtgeşik balkyldady. – Öwezbaýew, meseläň agyr bolsa, kineli bolsa şu gün aýtma. Meniň diňläre ýagdaýym ýok. Seýitmyrada geregem şoldy. Ol Gaýgysyzyň namysyna degseň, garadan gaýtmaz däli öküz ýaly edip gaýdýandygyndan habarlydy. – Ýok, Gaýgysyz. Menem çydamok. Seniň bu bolşewikleriň halys halkyň depesine çykdy. – Bes et. – Diňle! Öň Türkmenistany Orset basyp aldy, hiç zat etmedi. Soň Türkmenistany bolşewik basyp aldy. Olara garşy göreşen bolmady. Lenin diýen haramzada çöpdüýbiniň Türkmenistany basyp alanyna indi sekiz ýyl boldy. hany şol wenezzynanyň wadalary. Olar gaýta ýurdy mugt çig mal diýip sagyp otyr. Tüf, ýüzüne şonuň. Yzynda bir topar ogrymygoýup gitdi. olar halkyň namysyny parçalap, indem bokurdagyny bogýar. – Çykyň, şu ýerden. – Gaýgysyzyň sesi gaplaňyň arryldysy ýaly eşidildi – Men, men... Seýitmyrat onuň ýüzüne göni garady. – Senem şolaryň biri. Çölde guýulary weýran edýärler, kärizleri weýran edýärler. Çarwalary wagşylarça weýran edýärler. Emma, azaryňa däl. Sen özüň şoňa gol çekipsiň. Gaýgysyz ýerinden turup, ýumruklaryny düwüp, däli öküz ýaly bolup Seýitmyrada tarap gaýtdy. Onuň bagtyna, oturgyçlaryň birine büdräp, köwşi aýagyndan gaçdy. – Sen, sen mahluk, çoga. Şolar saňa öz halkyňy goramaga gol çek, öz halkyňy wagşylarça parçala diýse, şonda-da sesiňi çykarman gol çekersiň. Sen, hakyky wagşy! Sen hakyky bolşewik. – Dur, çyk! – diýip, Gaýgysyz demi-demine ýetmän sojady. Işikde Nedirbaýyň peýda bolmagy bilen hyrra yzyna dolandy. Seýitmyrat işikden çykyp gitdi. Atabaýew ony üç sapar ýanyna çagyrdy. Emma Öwezbaýew onuň ýanyna barmady. Gaýta: Meni öz islegim boýunça işden boşatmagyňyzy soraýaryn diýip ýazan arzasyny, komitetiň başlygynyň stolynda goýup gaýtdy. Üç-dört gün geçenden soň Komitete Atabaýew geljekmiş diýip, oda –köze düşüp başladylar. Atabaýew işiň ahyragynda geldi. Ol göni Öwezbaýewiň bölümine girdi. – Hany, gel, ýaraşaly! – diýip, içeri girip gapyny ýapanyndan soň, ol üç sagat çemesi wagtdan çykyp gitdi. ýöne Seýitmyrat ony ugratmaga çykmasa-da Gaýgysyzyň ýüzi açykdy. Olaryň ol ýerde näme gürrüň edendiklerini ne it bildi, ne guş. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -32: romanyň soňy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -18: romanyň soňy - 22.07.2024 |
√ Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Gala -9: Ömrüň beýany - 16.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -31: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Faraon -33: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Türkmen aty - 16.08.2024 |
√ Bäşgyzyl -9: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Köne mülk -12: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |