11:23 Gala / roman | |
GALA
Romanlar
SÖZBAŞY* Taryhdan mälim bolşy ýaly, sowet hökümeti öz eýeleýän territoriýasyndaky halklaryň, şol sanda türkmenleriň hem iň zehinli hem edermen inteligensiýa wekillerini «Halk duşmany» diýen töhmet bilen ýok edipdi. Seýitmyrat Öwezbaýew hem şeýle adamlaryň biridi. Ol 1889-njy ýylyň 10-njy maýynda Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda doguldy. Onuň kakasy Öwezbaý Gökleň gurply adam bolupdyr. Seýitmyrat ilki oba mekdebini, soňra Köşi obasynda açylan rus hem ýerli milletler mekdebini tamamlapdyr. Soňra ol Orenburgyň kadet korpusyny hem-de Ýelzewetgrad uçilişesini tamamlap, patyşa Russiýanyň goşunynda gulluk edip, ştabs-rotmister derejesine mynasyp bolýar. Türkmenistana dolanyp gelenden soň ol Köşüdäki türkmen diwizionynda gulluk edip, soňra rus hökümediniň wekili hökmünde Persiýada (häzirki Eýran) bolmaly bolýar. Birinji jahan urşy başlanan badyna türkmen atly polkuna goşulyp Awstriýa frontynda Bukawinada söweşýär. Teke atly polkunda söweşen Seýitmyrat Öwezbaýew ençeme ýokary derejeli sylaglara mynasyp bolýar. Uruşda ýeten şikesler sebäpli ol soňra türkmeniň zapas eskadronyna iberilýär. Ahal polkuna komandirlik edip, bolşewikleriň garşysyna göreşýär. Magtymguly hanyň, Gaýgysyz Atabaýewiň hormatyna mynasyp bolýar. 1920-nji ýylda Seýitmyrat Öwezbaýew ene dilinde ýekeje kitaby bolmadyk türkmen halkyny hatly-sowatly etmek üçin köp işleri edipdi. Ol Bakuwa gidip ol ýerden birnäçe kitap getirýär. Azerbaýjanly mugallymlaryň biziň respublikamyza gelip, mugallymçylyk etmekeklerini gurnaýar. Oba ýerlerinde täze açylan mekdepler üçin kadrlar taýýarlamakda birnäçe işler geçirdi. Hat-da ol az wagt Magaryf halk komissary wezipesini hem ýerine ýetirdi Sowet hökümetiniň ganym duşmany hökmünde ýygnalan türkmen intelligensiýa wekilleriniň arasynda Seýitmyrat Öwezbaýew hem 1932-nji ýylyň 1-nji maý güni ýygnalar we Staliniň konslagerleriniň biri bolan Solowki lagerine taşlanýar. On ýyl azatlykdan mahrum edilip, alty ýyl syýasy tussag hökmünde saklanan Seýitmyrat Öwezbaýew gaýtadan 1937-nji ýylda «Atuw jezasyna» höküm edilýär. Höküm 1937-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda ýerine ýetirilýär. 1. Zyndan Nirededir bir künçde demir işik yňranyp, aşyl-magşugyna ähli zoruny görkezip açyldy. Soňra bokurdakdan tüweleýlenip, eňterilýän gakylyk eşidildi. Ahyram, aýak sesleriniň gysgajyk çybşylda meňzeş, kümsükje sesi guýa gaçan ýaly bolup gitdi. Agyr, çoýun krowatda içine simap dykylyp, daşyna gara biýz çekilen ýassyga başyny goýup ýatan kiçijik adam tamakinçilik bilen gulagyny gerdi. Soňra öz synasyny az-kem dikeltdi-de, arryk towugyň ýumurtgasy ýaly akja ýumruklaryny agyr, ullakan kellesiniň aşagyna goýdy. Alagaraňky çyg zyndandan, onuň her bir sakçysy, möýi, düşdüşisi bu ýatan adam üçin tanyşdy. Ol çep gözüniň içi syh-syh demirler bilen ýagşy bentlenen, daşyny çyg, zeý, tozan, kir baglan, Taňrynyň bol şöhlesine, edil satyn alan ýaly, bahyllyk bilen, edil derman ýaly edip içeri goýberýän aýna dikip goýberdi. Rus halky, her näme gowşak bolsa-da, türme gurmaga juda ökdedi. Bu çygly, beýlesi iki, beýlesi üç ädimlik kamera, onuň, her açylyp-ýapylanda zähräňi ýara edýän agyr demir işigi, dört sany men diýen degenek jahyl bolaýmasaň, ýerinden butnadybam bolmajak krowat her bir bendiniň bagryny penjelär ýaly onda zyndan diýen düşünjä galan ömründe näletler okap geçer ýaly edilip gurlupdy. Hajat üçin gapyrjak, ýeňil galaýy kürüşge her göreniňde aňryňy bäriňe getirýärdi. Bu zyndanyň ysyny diýsen-e. Adam zyndan diýen zady görmese-de ol şeýle bolmaly, ol ýerde jenaýatçy ýatyr, şonuň üçin onuň içi, gözenegi, işigi, poly, patalogy eýle bolmaly, krowat beýle bolmaly diýip, ony suratlandyrybam biler. Onuň suratlandyrmasynyň gabat gelmegem mümkin. Ýöne, eý, aman, zyndan diýlen sütemhananyň ysyny diýsen-e. Zyndanyň ysyny, onuň dowzahyňkydan hem müň kerem erbet ysyny bagry zyndanyň derdine sile-sile bolup giden adam biler. Zyndanyň ysy ýülügiňe ornaýar. Onda bir ýyl oturan adam ölenden soň hem, onuň çakyr süňklerinden zyndanyň ysy geler durar. Ine, şol ysy zyndan diýen dowzahyň dagyny egni bilen çekmedik adam beýan edip bilmez... Ine, ors halky her bir bendiniň ölse-de ýadyndan çykarmajak şol ysy döretmegi şeýle bir ökdelik bilen başarypdyr welin, ýöne «sadap ussadyňa» diý-de goýaý. Ony beýan etmäge başga söz tapmarsyň... Işik şakyrdady. Emma açylmady. Bendi kameranyň içinde seredilýänini duýdy. Ol gymyldamady. Bir salymdan agyr işik jygyldap. Ses etdi-de, açyldy. – Bendi, Seýitmyrat Öwezbaýew, eliň arkaňa, koridora... Bendiniň ölen ruhunda, süňke dönen göwnünde, Kesarkajyň gömülip gideniňki ýaly gatap giden ganynda nähilidir bir näbelli yşgalaň oýanan ýaly boldy. ol esger çulumlygy bilen tertiplije krowatyndan usullyk bilen turdy. Soň endik bolup galan maşykjagazyny edip, bilini eginlerini, boýnuny ýazdy-da, işige bakan ugrady. Begeneni üçinmi ýa-da indi çep gözem ebgarlyk tapyndymy ýa-da halsyzlyk öz diýenini etdirdimi, ol erbet entirekledi. – Bendi, Öwezbaýew! Eliň arkaňa. Çykalga, marş! Gözegçiniň bu zarply, eýmenç sesi bendini özüne getiren ýaly boldy. ol durkuny dikeltdi-de, ýassygynyň gapdalynda ýatan, köne başgabyny eliniň ugruna, ýeňiljek alyp çykalga haýdady. Bendi, onda-da Seýitmyrat Özezbaýewiň ýagdaýyndaky bendi üçin, şu pursat iň «bagtly» diýilýän pursat bolsa gerek. Ol älemiň ähli nejasy yslarynyň iň elhenji bolan ysdan, ýalňyzlykdan, özüniň pikirleriniň elhenç zabun bendiliginden sähelçe-de bolsa boşamak, jennetdenem gowydy. Ol gök asmany, baglary, ot-çöpleri yraýan şemaly görmeli... Onuň gadyryny gadyrlylar bilenok. Wah, şol arassa howany diýsen-e. Bendini her postda bir saklap, bellik ede-ede. Ahyry howla çykardylar. Ol ýeňi bilen gözlerini ep-esli tutup dursa-da öýkeni häzir juda işdämenlik bilen arassa, çygly salkyn howany açgözlük bilen emýärdi. – An-a, an-a, Öwezbaýyň dogmasam-a gelýär. Seýitmyrat Orazmämmet Wepaýewiň sesini tanady. Onuň mähir dünýsinde ýyldyrym ýaly bir üýtgeşik zadyň uly böwüsgin bolup atylany duýuldy. – Sesiňe döneýin, didaryňa döneýin, eziz gardaşym. – Ol henizem Orazmämmediň didaryny tapman, köne türme eşigindäki hor-homsy, meňzeş adamlary çal-çul bolup duran ýalňyz didesi bilen daraklap durşuna, nädedir bir zatlar saýrady. – Türkmençe sözleýän diliňe döneýin, doganym. – Gel-dä, näme, göwnüň ýetmeýän ýaly hekgerip batysyň. – Gürrüňçiler! Tükediň! Wepaýew ala-mula bolup duran adamlardan bir gyra çykdy. Seýitmyrat ýumşaklyk bilen onuň ýanyna bardy. – Täzelik bar. Alaka bagyň iýmişini Ýagodany kakyp taşlapdyr. Ýerine Kirpini (Ýežowy) doňdurypdyr. Yş açylaýmagy ähtimal. Öwezbaýew dommy dodaklaryny bezbeltegiö ýumurtgasy gysdyrylan ýaly, has hem tommaltdy. – Her-nä, bähbit bolsun-da – diýdi. Orazmämmet özüne tarap ýuwaşja süýşüp gelýän Böriýewe gözüniň gytagyny aýlady. – Şu-da, öz-ä bar zatdan habarly bolmaly. Böriýew oglanlara seredýän gözlerinde gaýnap duran şirinligi olaryň köňüllerine susaklap paýlajak bolýan ýaly begençli ýüzlendi. – Hoş gördük. – Täzelik bar diýip Wepaýew oňa-da çalaja hüňürdäp aýtdy. – Alaka bagyň iýmişini kakypdyr. Ýerine syçany goýupdyr. Böriýew sada adamdy. Onuň gazak kybap ýüzi, ullakan gulaklary birhili göze gelmän dursa-da, ýüzündäki mähir, näçe aç, hor bolsa-da burk urup durdy. ol hem juda hor görünýärdi. Onda-da ýene Seýitmyrat Öwezbaýewden ganymatdy. Öwezbaýew ýöne kelle bolup ýatyrdy. Bekki Berdiýew oňa dünýäň kellesi diýýärdi. Böriýew bolsa: – Hä, dünýäň kellesi diýdiňmi? – diýip, hetjikleýärdi. Şonda Wepaýew: «Aý, buý-a ýene bulaşdyragady» diýip, mys-mys gülerdi. Häzirem şeýle boldy. nämedir dil, edebiýat baradaky pikir-hyýallardan ýaňa egni ýegşerilip duran Böriýew «Alakaňy», «Miwäňi», «Kirpiňi» näbilsin. Ol töwerege gamgyn nazar saldy-da. – Eý, alaka-da galmaz, iýmişem, dünýäniň özem – diýdi. – Soň birden üşerildi. – Ol haramzada, çöpdüýbi näletkerde Ýagodany aýryp, Ýežow diýen bir ýeksuruny goýupdyr-a. Seniň iki dogup bir galanyň... Wepaýew gulaklaryny hekgerdip jontuk gaşlaryny emelsizje gerdi-de: – An-a, aýtdyma, bu bulaşdyrar diýip, bula bulaşdyragady. – soň ol Böriýewiň hor ýüzüne janyýangynlyk bilen garady. – Ýene-de dilçi diýjeksiň. Ýoldaş Stalin seni wagtynda zyndana atandyr. Ýogsa, barja dilimiziňem işini görerdiň. – diýip, hezil edip güldi. Böriýew saýhally ýüzüni has çynlakaý görnüşe getirdi. – Öz-ä, nähilidir bir yş bar. Gowy habar. Gawulygynyň sebäbi, hereket bar. Hereket arassalaýyşdyr. Derýa-da akyp dursa, arassalanar... Öwezbaýew sesini çykaranokdy. Bu habar onuň üçin oýlanmagyň täze bir ojagydy. Ol ýerine baryp, bu pikirleriň düýbüne ýetýänçä oýlanmalydy. «Ýöne, murtam-a «Gowy iş etdiň, sag bol!» diýip öňkini aýran däldir. Bir ýerinde nägiläligi bardyr. Ýa-ha köp basýaň ýa-da az basýaň ýa-da basanlaryňy ýok edip bileňok?! Ine, onuň nägiläliginiň çeşmesi, bu ýerde başga pikir ýokdur...» Ýöne ol öz pikirini daşyna çykarmady. Bendileri hatara duruzdylar. Soň olary ýedi adamdan bölüp, kömekçi hojalyklara iberdiler. Seýitmyrat Wepaýew bilen bir topara düşdi. Galan bäş adam başga milletiň wekilidi. Şolaryň arasynda Öwezbaýewiň öňki kamerada oturan ýoldaşlary Turow bilen Lowow hem bardy. Lowow Öwezbaýewi görüp begenýärdi. – Send kak dela!? – diýip, ol gelip elini, Seýitmyradyň egnine goýdy. – Ço-to, pohudel-li, ty? Seýitmyrat Lowowy gowy görýärdi. Emma Turowy welin beýle bir halap baranokdy. – Turow – haramzada, adam ýamanlaýar. Şonuň ýanynda hüşgär bolawer – diýip, Lowow Seýitmyrada otursa-tursa ägä bolmagy sargyt edýärdi. – Olary kartoşka alyp gitdiler. Seni özüm soradym, doňuz ýatagynda çüýrän kartoşkanyň porsusynyň ýanynda görümiz gazylmandyr. Seýitmyrat üçin doňuz ýatagy bolsun, kartoşka saýlamak bolsun, agaç aýyrmak, odun çekmek bolsun, tapawudy ýokdy. Ol şol ýeke adamlyk elhenç dowzahda galmasa, hiç bolmanda ondan az wagtlyk dynsa-da bolýardy. Şonuň üçin ol doňuz ýatagyna gidýänine , hasam begendi. Diýseň diýmeseňem, Lowowyň aýdýanlary bir heňe gelmän duranokdy. Güýz şu lageriň bendileri giden meýdanyň kartoşkasyny ýygnap, getirip uly-uly ýerzeminlere dökýärdiler. Gyş, soň ýaz çykansoň hem şol ýerzeminden bitin kartoşkalary iş edip saýlap, halta-halta edip, hojalyk blogy diýen ýere getirýärdiler. Ulag ýokdy. Kartoşka saýlamak juda hapa işdi. Bendiler balaklarynyň agzyny dyzlaryna çenli çermäp, çüýräp, gaýnap duran batga öwrülen kartoşkalygyň içine girip, porsan lödereleri elleri bilen elläp bitin kartoşkalary saýlamalydy. Ol batgalygyň şeýle bir agyr ysy bardy welin, edil beýniňi çogduryp gelýärdi. Seýitmyrat nämüçindir, şol ysa halys çydamaýardy. Onuň çakyzasy gozgap özünden gidýän mahallaram az däldi. Şonuň üçin ol doňuz ýataga düşenini kem görenokdy. Ylaýta-da, onuň ýanynda Orazmämmedi ol durmuş hazynasy hasaplaýardy. Bu adam sähelçejik wakanam döwlet derejesindäki gürrüň derejesine ýetirip bilýärdi. Özem şeýle bir sakdy. Häzirem: – Akgulakdan arajygyňy açawer, Özem baryp ýatan-eý, eý, haramzadadyr. Diliň lal et, söne-söne öçewer-eý, Ol maýor Asepter hanyň köňül-eý, şadydyr. Seýitmyrat özünden on-onki ädim ilerde eli agyr pilli şalpy-şaltak bolup ýatan ýatagy arassalap ýören Wepaýewiň sözlerine düşündi. – Ol näme, aýdym aýdýar-a? – diýip, Lowow biline dynç bermek üçin dikelen Seýitmyratdan sorady. Seýitmyrat onuň ýüzüne garady. – Näme soradyň? – Wepaýew aýdym aýdýamy? – Eşidemok-da – diýip, Seýitmyrat elini silkdi. Soň çalaryp ýatan sag bäbenegini aýasy bilen tutdy-da, ýylgyrdy. – Adam sähel ýeri üýtgese-de şat bolýar. Ine, sen meni doňuz ýataga işlemäge getirdiň, men şonda-da şat. Işleseň ruhuň göterilýär, ruhuň göterilse-de aýdym aýdasyň gelýär. Lowow ony tassyklady. – Batka, sen aýt. Ýagodini aýryp, Ýežowy goýdular. Bize nähili bolarka, şony düşündirip bersen-e. Seýitmyrat tussaglaryň ählisini gyzyklandyrýan bu sowaly şeýleräk düşündirdi. – Biziň günämiz SSSR jenaýat kodeksiniň maddalary boýunça seljerilen. Günälerimiz boýnumyza goýulan. Iş kesilen. Ine, maňa on ýyl iş kesildi. Men, indi alty ýylymy oturdym, ýene dört ýylym galdy. Ony Ýagoda bolsa-da Ýežow bolsa-da, Wepaýew, kim bolsa-da Stalin aklap biler. Onda-da «günä geçme» yglan etse... Lowow gaşlaryny bürüşdirdi. Onuň ak, popuş ýüzi, etlek dulluklary titiräp gitdi. – Tor-uw, ony Stalin etjekmi? Etmez – diýip, gaharly aýtdy. – Ol ganjygyň ogla. Aňyrdan aýalaryna tüýkürüp gelen, Wepaýew Seýitmyrada seretdi-de, Loowowa gaňryldy. – Sen-ow, halkymyzyň beýik Serdaryna näme diýjek bolýaň? – Ol pilini ýere taşlady-da, onuň agaç sapynyň üstüne özüni goýberdi. Soň arkaýyn gürledi. – Ýoldaş Stalin beýikdir! Ol kimi islese şony ýalkap biler. Ol biziň arkadagymyz, ýekeje umydymyz bar olam şoňa baglydyr. – Ol gözüni aňk-taňk bolup duran Taurowa gypyp goýberdi. – Şeýle dälmi, ýoldaş Taurow. Taurowyň elindäki pili ýere gaçdy. Ol ýerde ýatan piliniň sapyny tutjak bolup, egiljiräp durşuna: – Da, da, tak toçno. Hawa! – diýip mydyrdady. – Men şahyr! – diýip, Orazmämmet pilini aşagyndan alyp, ýerinden turdy. – Şeýle hem men türkmen bagşysy. Şonuň üçin öten agşam howandarymyz Stalin barada ajaýyp bir goşgy goşdum. Men häzir size şony aýdyp edip aýdyp bereýin. – Ol sägindi. – Iň gynandyrýan ýeri. Men ony rus diline terjime edip bilemok. Şonda-da... Ol piliniň sapyny barmaklaryny dutaryň gapagyna kakan ýaly edip, çalyp başlady. – E-e-eý, ýaranlar! Butparazlar butdan tapsa myradyn, Myradyny doňuzdan diläp almazmy, – E-e-eý, ýaranlar! Stalin diýip gam çekmegin bratym, Çeken zarlaň ol zalym-a-a-a barmazmy?! Seýitmyrat başyny ýaýkady. – Ot bilen oýun etme – diýdi-de soň beýlekiler düşüner ýaly serdar hakda gowy aýdym – diýdi. Olara günortan ýuwunda meňzeş kelemli çorba, gara çörek, suw berdiler. Agşam bolsa ymlyk ýagşy garyşansoň, olary sürüp, bolýan zyndanhanalaryna alyp gitdiler. * * * Kömekçi hojalykda emgenip işlemegi Seýitmyrady ýagşy surnukduran bolarly. Ol agşam ýerine gyşaran badyna ymyzgandy. ...Köne gala ümürlenip görünýärdi. Ýykylan ýykylmadyk diwarlar sudurlanyp, birhili iniňi jümşüldedýärdi. Adamlar bu ýerlerden aýlanyp geçýärdiler. Seýitmyrat kakasynyň gapdalynda durdy. Öwezbaý aga elindäki taýagyna söýenip, alyslara garaýardy. – Men saňa Gara batyryň gürrüňini berdimmi? – diýip, ol ogluna garady. – Berdiň, berdiň. Öwezbaý aga aýasyny gözleriniň üstüne kölegelendirip, köne gala bakan garady. Aňyrdan gyr bilen dagyň aýtymyny dolduryp, bir tozan tüweleýläp, ýetip gelýärdi. Ýaşuly ogluna garady. – Ýene bir bela-ha ýetip gelýär. Eýgilik bolawersin-dä hernä. Hany, senem bir seret, gözüň ýaşyrakdyr. Seýitmyrat özlerine bakan ýetip gelýän atlylary saýgardy. – Eýgilig-ä däl, kaka. Ýöri olaryň öňünden bir sowlal-a... Ol birden töwereginde kakasynyň ýokdugyny duýup galdy. Oňa çenli kimdir biri ony gylyç bilen parran böldi-de, atyna kakdyryp, öňe okduruldy. Atlaryň toýnugynyň astynda galan Seýitmyrat, iň soňky ysgyny bilen: – Ka-ka-ka! – diýmäge zordan ýetişdi-de, garaaňky ummanyň düýbüne düňküldäp düşdi. – Tussag Öwezbaýew! – Kimdir biri alagaraňky yşygyň aşagynda depgileýärdi. Seýitmyrat özüniň beton poluň üstünde ýatandygyny ýaňy duýup galdy. Ol özüni zordan dürsäp, açyk gapa seretdi-de «Ka-ka!» diýip goýberdi. Gözegçi öz dilinde erbet sögündi. – Saňa aýdylýar, çykalga! Eliň arkaňa, marş. Öwezbaýew yra-dara ýöräp, çykalga tarap ugrady. Ony türmäniň naçalnigi maýor Asepter geň hoşamaýlyk bilen kabul etdi. Onuň ýanynda aýratyn bölümiň ygtyýarly wekili Kasenberg otyrdy. Olaryň keýpi kökdi. Seýitmyrat zyndanyň ysyndan halys bezigen burny bilen bugdaý aragynyň tamdyr çöregiňkä ýakynyrak, özboluşly bozgunç ysyny yly-uly hyjuw bilen duýdy. «Bu eýýamlarda-da arak-parak içýän bar oguşýan» diýip, ol gysgajyk oýlandy. – Gel, otur, kapitan! – diýip, Asepteri ýumşaklyk bilen aýtdy. Soň çüýşe stakany ýarpy edip, arak guýdy. – Al, iç. Seýitmyrat üçin indi bary birdi. Hälki düýş oňa indi bar zady aýan edipdi. Onda-da mundan on ýyl öň, Erkeçsiýende gara guma duwlanan kakasy habar beripdi. Öňde bir türkmeniň ölüme alyp barýarkalar «Iýip öljekmi, iýmän öljekmi?» diýseler «Iýip öljek» diýişleri ýaly Seýitmyradam şol bulgury başyna çekip ölenini kem görmedi. – Ölenimde-de mert ölerin! – Al, iç. Seýitmyrat arakly stakany bir demde başyna çekdi-de, bu günki doňuz ýatagynyň tot-tozany, kir-kimirsi siňen ýeňini agyr-agyr ysgady. Arak onuň bokurdagyna, gulaklaryna, tutuş nerwi aýlawyna urdy. Burnundan zogdurylyp gaýdan güýçli ysa ol çydaman, birki gaýta erbet titredi. Içgi şol demiň özünde ony hälki düşen garaňky girdabyndan ýedi gat asmana alyp çykdy «Indi öldürseler, öldüribersinler, yzymda oglumyň aglap galjak gümany ýok...» Asepteri oňa edil duran ýerinde demir oturgyç berdi. – Otur, maslahat bar. Seýitmyrat oturgyja çökdi. – Öwezbaýew, saňa näçe ýyl berdiler? Seýitmyrat gepiň nireden aýlanjak bolýanyna düşünmedi. «Bu nämäniň samsyk sowalyka? Ýa oýnajak bolýarlarmyka?» – On ýyl! – diýip, ol ara dem salman jogap berdi. – Hawa, on ýyl, özüňem syýasy tussag. Seýitmyrat sesini çykarmady. – Az-a däl! – diýip, aýratyn bölümiň ygtyýarly wekilem mydyrdady. Kabinetiň içi dymykdy. Şonuň üçin kabinet eýeleri meseläni tiziräk çözenlerini kem görenokdylar. Asepteri göni gürrüňe geçdi. – Sen komandir, Öwezbaýew. Bizem şeýle. Biziň janymyz, ganymyz birdir. – Maksadymyz hem birdir! – diýip, Kasenberg hem gapdaldan heň goşdy. Asepteri onuň daraw-daraw gyzgyl öwsüp duran ak derli ýüzüne garady. – Hawa ganymyzam, maksadymyzam, janymyzam bir bolmaly. – Ol sägindi-de, işikde yş ýa-da gowalaňlyk barmy, ýokmy, barlaýan ýaly bolup, işigi açyp soň ýene batly ýapdy. Soňra aýratyn bölümiň ygtyýarly wekiline garady. – Häzir ýagdaýlar üýtgedi. Ýežowyň täze görkezmesi geldi. Alty aýyň içinde tussaglaryň sanyny düýpli azaltmaly. Özüň bilýäň günä geçme ýok. Ýyllary azaltmak barada Ýokary Sowetiň direktiwasy ýok. Indi özüp oýlanyber. Iş gowy däl. Seýitmyrat bu adamlaryň gap-garaňky gürrüňleri oňa ýürekleri awap aýtmaýandyklaryna düşünýärdi. «Näme, bular türmeden gaç!» diýjek bolýarlarmyka ýa-da: – Sen biziň üçin gymmatly adam. Seni tussaglar hem sylaýar. Saňa ynanýarlar. Sen köp dili bilýäň... Bir salym hiç kimden ses çykmady. Seýitmyradyň dodaklarynyň içine hoz goýlan ýaly boldy. onuň agyr gabaklary birden ýellendi-de, gaşlary gerlip-gerlip gitdi. Ol şikesli gözüni aýasy bilen awuşýança owkalady. – Bize seniň ýaly abraýly aralykçy gerek. Özüň bilýäň. Köpüsi dil bilenok. Şonuň üçin tussaglaryň köpüsiniň ýagdaýy bize mälim däl... «Bularyň mus-musunyň» soňy beýle boldow. Aslynda-ha Seýitmyrada tussaglaryň arasynda agent bolmagy öňem telim sapar teklip edipdiler. Ýöne Seýitmyrat olardan örän ýumşaklyk bilen gaçypdy. – Näme diýýäň? – diýip, Asepteri onuň üstüne siýjek ýaly bolup, sömmelip, depesinden garap durşuna, sorady. Seýitmyrat başyny galdyrdy. – Oýlanyp göreýin. – Elbetde, elbetde – diýip, aýratyn bölümiň ygtyýarly wekilem oňaa bat berdi. – Oýlananyňa degýän mesele... Asepteri öz oturgyjyny Seýitmyradyň dyzlarynyň ýanyna goýdy-da, oňa dyzlaryny degirip oturdy. – Bize agentem gerek.. – Hökman gerek – diýip, Kasenberg ony tassyklady. – Ýöne, sen düşün, bize seniň ykbalyň gymmatly. – Ol çilim otlandy. Soň ony yzly-yzyna demine dartdy-da, burnundan, agzyndan zogduryp goýberdi. Çilimiň tüssesi Seýitmyradyň gözüne urdy. Ol aýasy bilen gözlerini owkalap, baş atdy. – Men saňa aýdaýyn, basym şeýle bir möwsüm başlanar. Şonda degerli deliliň bolmasa, doganyňam halas edip bolmaz. Şonuň üçin bize sen barada degerli, ygtybarly delil gerek bolar. – Hakyky delil gerek bolar – diýip, Kasenberg ýene gaýtalady. – Nähili delil? – Seýitmyrat özüne gelen ýaly bolup sorady. – Ýagny sen «Ýoldaş Staliniň syýasatyna garşy giden tussaglaryň ýürek matlaplaryny gara niýetlerini paş etmekde, lagerdäki tussaglaryň arasyndaky tertip-düzgüni berk saklamakda... Özüniň mynasyp goşandyny goşdy we pylança adamyň boluş ýagdaýy, özüni alyp barşy barada gizlin maglumat berdi...» diýip. Kasenberg hem olara golaý süýşdi. – Şolam bir iş ahyryn. Geljegi bilen seni lagere işe-de alyp bolar. Soňam... Asepteri howlukmaç dowam etdi: – Soňam, iniň işiň suda geçirilende goldaw haty bereris. Şolam ölüm derýasynyň üstünden geçmegiňe paýapyljagaz bolar. Seýitmyrat sesini çykarmady. Ol agyr-agyr dem aldy. Ullakan kellesini, gytyk saçyny, henizem dürbüsi durlanmadyk gözüni gaýta-gaýta sypalady. – Häzir bir zat möhüm, janyňy halas etmeli. Onuň üçin delil, onda-da berk delil gerek... Seýitmyrat ýerinden turdy. – Düşündim, oýlanyp göreýin... Maýor hem onuň bilen deň dem bolup durşuna: – Wagt ýok, oýlanmaga wagt ýok, gyssan, gaty gyssan, ertiriň özünde jogabyňy ber – diýdi. Kasenberg hem ony tassyklady. – Bu ýerde oýlanar ýaly näme bar, ýa «bor», ýa «ýok», gutardy... – Ýok, «ýok, ýok» bolmaz, «bor, bor» bolsun... Olar sakçyny çagyrdylar. Sakçy tussagy alyp gidenden soň. Asepteri ýene-de bir çüýşe arak çykardy. – Şu tilkini bir ele salyp bolsa, onsoň ýüregiň ýerine düşjek. Ýogsa bu lagerde adamlar müň dilde gepleşýärler. Köpüsi düşnüksiz. Ine, şu günüň özünde Wafaýew diýen tussag öz dilinde ýoldaş Stalin barada aýdym aýdypdyr. Agentleriň ikisi ol barada habar berdi, ýöne şol aýdymda näme diýilýänine düşünmändirler. Ýaňky bolsa, barysy aýan bolardy. Şonuň üçin şu haram tilkini ele salmaly. Kasenberg özüne uzadylan stakany eline aldy-da, zalp bilen başyna çekdi. Soň gözüni-gaşyny çytyp: – Siz delil meselesinde dogry aýtdyňyz. Onuň ömrüni halas etmek meselesinde hem şol deliliň ähmiýeti kiçi bolmaz. Otagyň yşgy köreklendi-de, öçdi. Munuň işi tamamlandy diýen manysy bardy. Naçalnik bu ýagdaýa öwrenşiklidi. Şonuň üçin otluçöp ýakyp, arakly çüýşäni bir ýerlere dykdy. Işigiň agzynda duran Kasenberge nähilidir bir zat aýtmakçy boldy, emma agyr gapyny daşyndan gulplap, panus köreksi ýagtyldylan koridorda düşenden soň diýjek sözünem unutdy. * * * Içen aragy Seýitmyrada oňat täsir etdi. Onuň gözi ýerine gelen ýaly boldy. tutuş synasy gurplandy. Iň esasy zat, onuň pikir gazanynyň astynda ot ýakylan ýaly boldy. Pikirler, oýlar hyjuwlandy, ýalkymlandy. Ol özüne edilen teklibiň düýbündäki daşjagazlary aýasyna alyp, saldamlap başlady. – Agentlik hiç. Olar islendik adamdan agent ýasap biler. Ony soramanlarynda-da, özleri özleri hyzmatyny teklip edip oturanlaram az däl. Ýöne bularyň müň sözi telegem bolsa, bir sözi, «Basym sany azaltmaly, täze görkezme, günä geçme ýok, näme etmeli» diýen sözleriniň dogry bolmagy ahmal... Ol krowatyň üstünde kiçijek göwresini gaýta-gaýta gozganjyratdy. – Onda Ýežow: «Tussaglaryň deň ýarysyny ýok etmeli» diýen ýaly görkezme beripdir. Ýöne nädip ýok edersiň? Delilsiz, zatsyz atyb-a goýbermersiň. Delili bolsa ýaňkylar tapmaly. Şonuň üçin olaryň bu diýýäniniň hem janynyň bolmagy mümkin. Seýitmyrat «Agent bolmak» baradaky teklibiň üstünde durmak hem islemedi. – Bir başa bir ölüm. Bary bir diri bolup sanda däl, öli bolup görde däl. Mundan öleniň müň paý abraýly bolmagy mümkin. Öwezbaýew özüniň täleýnamasyny düzüp goýupdy. Barybir, onuň üçin ömür ýokdy. Ol ýene-de dört ýyldan zyndandan boşadam-da, şonda elli bir ýaşynda bolýar. Ine, oba bardam-da, nirä gitsin? Kimiňkä gitsin? Nirede, näme işlesin? Ol obada-da, Aşgabatda-da özüne ýer tapmaýardy. Özüne hödürlenjek iş, özüniň alnyndan çykjak durmuş indi oňa ýatdy. Ol munça kemsidilip, munça depelenip, munça döwülip, weýran edilip, indem baryp özüni şeýle derejä ýetiren häkime gulluk etsinmi? – Ony etmek üçin iki ýüzli wenezzyna bolmaly! Aý, ýok-la... Seýitmyrat gutarnykly karara geldi. Ol ikiýüzli wenenzzyna bolandan, bu öňem Hudaý urup, gözünem garga çokan bendeleri satandan ölenini müň esse abraýly görjekdi. Onsoňam, şu bendileriň köpüsiniň umydy Seýitmyratdady. Olar Seýitmyradyň edebine, sözüne, lebzine ýetik bolupdylar. «Arkamyzda Öwezbaýew bolsa, bizi ynjydyp bilmezler» diýýärdiler. Bir sapar kömekçi hojalykda bir gürrüň boldy. – Bu adamlar eşek kowalap, mal ogurlany üçin bu ýataga gabalanok. Olaryň öz ynamy-ynanjy bar. Olar şonuň üçin otyrlar. Olary Lenin, Stalin tipli adamlar bilen deňeşdirip bolar. Şo beýik Serdarlar hem edil şu adamlar ýaly, öz ynançlary üçin türmede-de, sürgünde-de boldular. Emma bu gün dünýä halklary olary depesinde baýdak edip göterýär. Şonuň üçin bu adamlara zulum edenleriň özi, gürrüňsiz zulum görer. Sebäbi Taňrynyň güni darydan köp, ýol uzak. Ykbalyň kime nähili garajagy belli däl. Bu gürrüňiň bolmagyna sebäp bolan waka Aşgabatly syýasy tussag Begjan Nazarowyň mertebesine degilmegidi. Ony nämedir bir zandyýamanlykda aýyplap, maýor Asepteri öz hemşerilerine öler ýaly etdirip ýençdiripdir. Bu waka bolsa bada-bat tutuş lagere ýaýrapdy. Begjan Nazarowyň özem juda janagyryly gezýärdi. Ol nähak basylmagy bilen hiç ylalaşyp bilmeýärdi. Sähel zat bolsa tisginip galmasy bardy. Dilem, edil ýylanyň dili ýaly, zäherlidi. Bir çakaýsa, awusy ölmeseňem ýadyňdan çykmaýardy. – Biz orsuň aragyny içip, bajysyny kän dula bakdyrdyk. Ors şony hiç ýadyndan çykaryp bilenok diýip, kimdir bir «Ak gulaklaň» birine degişen bolupdyr. Olaram «Rus halkyny masgaralaýar, adamlaryň arasynda milletçilige meçew berýär» diýip ýamanlapdyrlar. Soň bir gün Gökdepe galasy barada gürrüň gidende: «Ak gulaklar» «Skobelow Gökdepäni alan bolsa, meniň atam Moskwa gelip Twer myhmanhanasynda onuň läşini seripdir. Onuň ejesini, on dört ýaşly bajysyny Gökdepä äkidip, galany goran türkmen ýigitleriniň ýeke-ýekeden aşagyna salandyr. Soňam tä ölýänçä gapysynda gyrnak edip saklandyr...» diýip, güpüläpdir. Ine, bulam durnanyň üstüne durna diýenleri bolup Begjanyň depesiniň deşilmegine sebäp bolupdyr. Öwezbaýew türmäniň naçalniginden başlap, Staliniň özüne çenli şikaýat ýazdy. Şonda maýor Asepterini balagyna ýagşy goýberer ýaly gorkuzypdyrlar. – Ýoldaş maýor, siz türkmenleri kän tanaňyzok. Nazarowyň aýdanlary ugrunda ýogam däl. Eşidişime görä, siziňem on dört ýaşly gyzyňyz bar diýýärler. Ahmal bolmaň diýipdi. Maýor onsuzam, Garagum, Türkmenistan diýseň, kerk gören syrtlan ýaly siýdikläberjek bolýardy. Türkmenler dowzahdanam beter jöwzaly, ýylan-içýan kükreşip ýören gumursow çölde wagşyýana ýaşaýan halk diýip, onuň gulagy ýagşy gandyrylandy. Şonuň üçin, şol mahal sesini çykarmasa-da, o öz ýanyndan türkmenler bilen erjeşmezligi şert edinipdi. Bir sapar bolsa: – Skobelow, onuň bajysy, ejesi baradaky habaryň esaslary barmydyr? – diýip, Seýitmyratdan çemini tapyp sorapdy. Seýitmyrat hem-ä ýoldaşynyň sözüni ýalana çykarmazlyk üçin, hemem bu ýagdaýdan türkmenlere galkan ýasamak üçin ikuçly söz bilen berçinläpdi. – ol köne gürrüň, ýoldaş maýor. Ýöne türkmen aýtsa, galat aýtmaz... Maýoryň özem Öwezbaýew bilen «sensireşip» gepleşip bilenokdy. Oňa hemişe «siz» diýip ýüzlenýärdi. Onuň ak patyşanyň goşunynyň ofiseri, «Swetaýa Anna», «Swetoý Stanislaw», «Krest» ordenleriniň eýesidigini ol gaty gowy bilýärdi. Ol sylaglar baýramçylyklarda «Ýaşasyn, ura!» diýip el çarpanyň üçin berilýän ýubileý orden medallar däldi. Olar janyňy orta goýup, başyňyz gylyjyň astyna salanyň üçin berilýärdi. Maýoryň oňa diňe bir gözi gitmän, ata-babasynyň ruhy bilen ruhy garyşanda, bu ýumruk ýalyjak, bir gözi ak patlawuk türkmeni sylasy, hormatlasy gelýärdi. Emma bu duýgulary lowurdap daşary çykardan has berk kapaslarda ýatyrdy. ...Seýitmyrady gijäniň bir mahaly ýene-de naçalnigiň kabinetine alyp geldiler. Bu sapar Asepteriniň ýeke özüdi. Ol oturgyjam hödürlemedi. Gürrüň gysga boldy. – Oýlandyňmy? Siz razymy? – Ýok-la, ol bolmaz. Men razy bolman. Maýor ýerine geçip oturdy-da, kellesini, jylk sary ýüzüni titiretdi. – Naprasno, naprasno! – diýdi. – Siz nämäni utdurýandygyňyza soň düşünersiňiz. Siz ot bilen oýun edýärsiňiz... Ol başga zat diýmedi-de, garawullary çagyrdy. Dowamy bar >> * Bellik: Sözbaşydaky Seýitmyrat Öwezbaýewe degişi maglumatlar Çоluk Möwlаmоwa degişli internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy. | |
|
√ Duman daganda: “Garakçylar kerwen görse begener” - 02.06.2024 |
√ Dirilik suwy -27: romanyň soňy - 27.05.2024 |
√ Duman daganda: Düýn düýn bilen gitdi - 26.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -2: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -10: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Atbaýrak: Galtamanlar - 10.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -3: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -4: romanyň dowamy - 13.09.2024 |
√ Bäşgyzyl / roman - 11.09.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |