18:47 Gämiçiniñ ogly / hekaýa | |
GÄMIÇINIÑ OGLY
Hekaýalar
Derýanyň häzirki hanasy bilen käte mesirgäp, käte-de suwy çekilip mejalsyz halda näçe asyr bäri akýany bir özüne mälimdir. Köne ýazgylardan habarly adamlar onuň başky akabasyny üýtgedendigi, ol akabanyň gum basyp, gömlüp galandygy barada hem aýdýarlar. Ýöne sada halk welin, derýa elmydama şu ugry bilen akandyr öýdýär. Onuň üstünden eýläk-beýläk, gör, näçe adamlar geçendir! Şonda olaryň ýüregine bu häsiýetsiz derýa zerarly dowul hem aralaşandyr. Gämiçiniň öýi derýanyň kenaryna ýakynjak bir ýerdedi. Asla, ol möwsümleýin ýaşamak üçin gurlan çaklaňja jaýdy. Kä ol, kä bu kenaryna agyz urup, esräp akýan derýanyň ýakasynda düýpli tutum etmek, kaşaň jaý gurunmak howpludy. Derýa ugruny üýtgetse, azabyň reýgan bojakdy. Gapylaryna daňylgy läheň köpegiň sesine öýden çykan on ýaşlaryndaky garajürjen oglan näme haýyş bilen gelnenini aňan ýaly: —Kakam öýde ýok –diýip, soralmanka duýdurdy. —Ol haçan geler? —Bilmedim. Dostunyň ýaş toýuna gitdi. —Bu gün aňry ýüze adam geçirdimi? —Hawa, günortan äkidip geldi –diýip, oglanjyk jogap berdi. Sapar özleriniň duralgada garaşyp kän durandyklaryny, ahyrsoňy bärik gelendiklerini aýtdy. Bu ýerde ötegçi beýlebir köp bolmaýardy. Şonuň üçin gatnawyň belli bir kadasy hem ýokdy. —Derýa joşaly bäri duralga üýtgedi –diýip, oglanjyk kenardaky pürse daňylgy gämä garşy baş atdy. —Indi aňryk geçjekler şu ýere gelýäler. —Biz beýledigini bilmändiris. Awtobusdan düşen dessimize bärik gaýdan bolsak, derýadan geçip ýetişjegem ekenik –diýip, Şasenem ahmyrly dillendi. Gün öýleden agyp, alawynyň howry peselip, haýsydyr bir maýyl ýurtlarda bitýän apelsin diýilýän miwä çalym edip, aşak sallanyp ugrapdy. Hä diýmäne garaňky gatlyşjakdy. Derýa ýakasynyň gür ot-çöplüginde busup, gündiziň yssysyny sowan çybyn-çirkeýler örüşip başlapdy. «Ine, saňa çykalgasyz ýagdaý. Indi nätmeli? Yzymyza —ýaňy içinden ýöräp geçen obamyza gidip, gijäni şol ýerde geçirmelimi? Hawa, şeýdäýmesek gaýry alaç galmady öýdýän. Ol çaklaňja obada myhmanhana-da ýok bolsa gerek. Haýyş edip, oba adamlarynyň biriniňkide düşlemeli borus. Belki, şaýola çykyp, ötegçi ulaga münüp gideris. Aý, ýok, biziň obamyza gidýän ugurdaş ulag ýa duşar, ýa duşmaz. Onsoňam, ýolda irikgä bolup durmaga mejalymyz galmady. Menem ýadaw, Şasenem mendenem beter ýadandyr. Oňa häzir ýadamak hem bolmaýar» diýip, Sapar içinden pikir öwürdi. Ol hernäme-de bolsa bir inçejik umyt bilen garajürjen oglandan: —Öýde senden başga adam ýokmy? –diýip sorady. —Doganym bar –diýip, oglanjyk jogap berdi. —Ol ullakanmy? Gämi sürüp bilýämi? –diýip, Sapar içgin gyzyklandy. —Hawa –diýip, oglanjyk baş atdy. —Ýöne kakam oňa gämi sürmegi gadagan edýär. —Wiý, o näme üçin? –diýip, Şasenem geňirgendi. —Ol neme, neme-leý… –diýip, oglanjyk nähili düşündirjegini bilmän ýeňsesini gaşady. —Bihuda haýdap, gäminiň ýangyjyny tükedýär. —Bar, ony çagyr! —Ol uklap ýatyr. —Oýaraý. Bu wagtam ýatmak bormy?! –diýip, Sapar oglanjygy tijedi. Gapydan çykan ýetginjek, birbada ýiti ýagta gamaşan gözlerini owkalady. Soňra hezil edip gerindi. Onuň agajet hordugyna seretmezden, uzyndan çeýe göwresi «Tüýs iri adam boljag-ow!» diýdirýärdi. Çogdam-çogdam pezzik saçy, pökgerip duran gabaklary uzak uklandygyndan habar berýärdi. Ol gapynyň öňündäki çaklaňja teläriň pürsüne asylgy elýuwaryň aşagyna kellesini tutup, suw akydynyp ugrady. Şol wagt hem Saparydyr Şasenemi synlaýardy. Şeýdip, özüni rastlansoň, hoşamatlyk istäp jotduja guýrugyny bulaýlaýan köpegiň üstüne goşawujyna jemlän suwuny sepip goýberdi. Köpek silkindi. Ýetginjek hem oňa öýkünip, başyny silkeläp, hahahaýlap güldi. Onuň bu gülküsi tüýs jahyl gülküsidi. Gülesi gelip böwregi böküp durandygyndan habar berýärdi. Beýle gülki Sapary üşendirdi. «Muňa jan ynanyp bormuka?» diýip howsala düşdi. Başga ybaly çykalga hem ýokdugy üçin, mümkingadar mylaýym ýüzlendi: —Haýyş bilen geldik! Köpegi bilen basalaşyp, joşgunly gülýän ýetginjek gülküsiniň arasyny kesip: —Aýdyberiň –diýdi. —Bizi derýanyň aňry ýüzüne geçirip bilmezmiň? –diýip, ýadandygy mesaňa duýlup duran Şasenem sorady. —Geçirmän näme –diýip, ýetginjek ynamly aýtdy. Köpegini ýüpden boşatdy. —Ýörüň! Endik edinen borly, köpek dessine baryp gämä mündi. Onýança-da, garajürjen oglanjyk ýetginjege duýdurdy: —Kakam «Gämini elläýmesin» diýdi! —Işiň bolmasyn! –diýip, ýetginjek aýakýalaňlygyna ýeňiljek ýöräp barşyna jigisine jogap berdi. —Ol ony gulplap gitdi! –diýip, jigisi gygyrdy. —Açary nirede goýdy? –diýip, yzyna çalasyn öwrülen ýetginjek sorady. —Özi bilen alyp gitdi. Biraz oýlanyp duransoň, ýetginjek jigisine azymly buýurdy: —Lomy getir! —Getirjek däl! —Getir diýýän saňa! —Getirjek däl! Ýetginjek ylgap jaýa girdi-de, lomy egnine atyp çykdy. —Gulpy döwseň, kakam käýär –diýip, jigisi elewredi. Ýetginjek jigisiniň duýduryşyna ähmiýet bermän, gämä dakylgy zynjyry pürsdäki halka bilen gulplaýan goçak gulpuň agzyna lomuň ujuny sokup, bir gaňranda döwdi. —Çaý demle! Gowurmany gyzdyr. Men basym gelerin –diýip, jigisine görkezme berişdirdi. Gäminiň erňeginden giräýerli görünýän tolkunlar Şasenemiň howuny basdy. Onuň göwnüne bolmasa, derýanyň güwwüldisinde şeýleräk many bardy. «Men Jeýhun adyny ýöne ýere almadym. Jeýhun diýmek —telbe–däli diýmek. Maňa gözi düşende, ýüregine gorky aralaşmaýan adam az azdyr. Hany, göreli-bakaly, siz näderkäňiz? Şu çaklaňja gämä münüp, bir gögele ýetginjege täleýiňizi ynanyp, menden aman geçmek size başardarmyka? Men özümden ätiýaç etmedigi kim bolsa-da aýap goýmaýaryn. Siz babatda-da şeýle. Ýaňy durmuş guran täze çatynjalar diýip, geçirimlilik eder öýtmäň». Howsala aralaşan Şasenem, hamana, oňa düşnäýjek ýaly: —Derýa, jan derýa, sadagaň bolaýyn, bizi aňry ýüze sag-aman geçirewer! –diýip, derýa ýüzlendi. —Derýa ýalbarmaň. Sizi aňryk geçirjek men ahyryn –diýip, gämiçiniň ogly güldi. —Derýada girdap bolýarmyşyn –diýip, Şasenem ululy-kiçili öwrüm döredip akýan suwa howatyrly seretdi. —Girdabyna düşseň, derýa adamy ýuwudýarmyşyn. —Ol diňe gorkaklary ýuwudýar –diýip, ýetginjek ýene-de güldi. Ýetginjegiň özüni alyp barşy Saparyň çetini gyzdyrdy. «Ine, adamyň ykbaly şular ýalylar zerarly bulaşsa-bulaşyp ötägidýär. Bu wagt munuň gaňryşyna gaýtmazlykdan gowusy ýokdur» diýip, gaharyna basalyk berdi. «Aňryk sag-aman geçsek, munuň bilen hiç haçan gabatlaşmarysam. Beýle azaply boljagyny bilenligimizde, bu ýol bilen gaýtmazdyk. Alys hem bolsa, awtobusly giderdik». Oňa Pelwert obasynyň deňinde düşüp, biraz ýörägede, derýanyň boýuna barsaň, ol ýerden gämi bilen olaryň ýaşaýan Beşir obasyna aňsatjak geçip bolýandygyny aýdyp, gämi duralgasynyňdyr gämiçiniň öýüniň nirededigini salgy beripdiler. Köne duralgada garaşyp wagt ýitirmedik bolsalar, şowuna-da boljak eken. Olar Saparyň gullukdaş dostunyň toýuna —Saýat etrabyna baryp gaýdypdylar. Dostunyň saýlan gelinligi şelaýynlygy bilen Sapara-da, Şaseneme-de ýarapdy. Gatnaşygy ýitirmezligi dilleşip hoşlaşypdylar. Gäminiň yzyna oturdylan çaklaňja motoryň birsydyrgyn pyt-pyty, möwzäp akýan derýanyň güňlenç şaggyldysy bilen goşulyşyp ýüzüp ugradylar. Ýetginjek gämini okgunly sürýärdi. Göze görünmeýän, emma howpy duýlup duran elhenç suwasty jandarlar üznüksiz müňzäp bulandyrýan ýaly, towlanjyrap akýan läbik suw hiç haçan aňrysyna çykyp bolmajak uç-gyraksyz bolup görünýärdi. Belki-de, ol adama berlen gorky duýgusy zerarly şeýle görünýändir. Gäminiň yzynda ruly tutup oturan ýetginjegiň keşbi özüne göwni ýetýän ýaş bürgüde çalym edýärdi. Onuň köpegi bolsa, hamala diýersiň, howply akym bardygyny öňünden duýdurmakçy bolýan ýaly, gäminiň burnunda, suwa siňe seredip durdy. Ine-de, gämi haýsydyr bir ýumşak zady süsňäp, batly silkindi, motory öçdi. —Çägä batdyk –diýip, ýetginjek adaty gülküsi bilen şadyýan güldi. —Bolýan ýagdaý. Dogry dälmi, Alabaý?! –diýip, ýanyna ylgap baran köpeginiň mähnet kellesini sypady. —Men sizi ol kenara garaňky düşmänkä eltmek üçin, kakamyň gidýän ýoly bilen däl-de, göni alyp çykaýjak boldum. —Jan inim, sen bizi gaýrat et-de, kakaňyň gatnaýan ýoly bilen äkit! –diýip, Sapar ondan kinaýaly äheňde haýyş etdi. —Bolýar, şeýdäýerin –diýip, ýetginjek gämiden düşdi. Onuň beýtmegine Saparam, Şasenemem allaniçigsi boldular. Derýanyň düýbündäki nägehan ýuwudyp ýa-da okgunly akyma gark bolup, gämiçini ýitirip, çykalgasyz ýagdaýa uçrajak ýalydylar. Ýöne suwuň ýetginjegiň dyzyna-da çykmaýanyny görüp, köşeşdiler. Derýanyň ortasynda beýle ýerleriň hem bolýandygy olary haýran galdyrdy. Ýetginjek dyrşyp ite-ite gämini çägeden çykardy. Motory otlap, ýene-de ýüzüp ugrady. Ýaşyp barýan Günüň gyrmyzy şapagy derýa düşüp, tolkunlaryň ýüzünde birgeňsi öwüşgin döredýärdi. Ylla diýersiň, suw däl-de, altyn ergini akyp barýan ýalydy. Şasenem ýetginjegi synlaýardy. Şol pursat onuň ýadyna garryja aýallardan eşiden bir gürrüňi düşýärdi. Olar göwredäki bäbejik ilkinji gezek gymyldanda, ene boljak gelniň alnynda kim oturan bolsa, doguljak çaganyň häsiýetiniň şoňa çekýändigini aýdypdylar. Ýetginjek birdenem: —Bek ýapyşyň! –diýip gygyrdy. Onuň sesi motoryň pyt-pytydyr, tolkunlaryň güwwüldisini basyp, çasly çykdy. —Öňde girdap bar! «Bu giňiş derýanyň içinde ýüzmäge ýer gyt däl ahyryn. Bu kezzabyň edýänine seretsene. Töwekgelçilikden lezzet alýar. Bizi gorkuzyp, üstümizden gülmek isleýär» diýip, Saparyň jany ýandy: —Girdapdan sowlup geç! –diýip gygyrdy. —Indi giç –diýip, ýetginjek güldi. Gämi birdenem pese gaçan ýaly bolup pyrlanyp başlady. Ýetginjek gämini tolkunlaryň ugruna gönükdirip, badyny gataltdy. Gämi iň soňky güýjünde pyt-pytlap, girdabyň holtumyndan sypdy. Asuda akyma düşüp, belentli-pesli agaçlaryň sudury görünýän kenara gönükdi. Biraz wagtdan oňa ýetdiler. —Ine, geldik! —Ýetginjek kenara bökdi. Gämini çekip gyra ýanady. Gämiden düşüp bolansoňlar, Sapar ýetginjekden gaharly sorady: —Sen ýaňy girdaba bilgeşlän girdiňmi? —Ýok-la –diýip, ýetginjek şol öňki şadyýan gülküsi bilen güldi. —Men ony giç gördüm. Sowlup ýetişmedim. Gülýändigi üçin, Sapar onuň çynyny aýdýanyna ýa-da oýun edýänine düşünip bilmedi. —Haý, inim, inim, niredenem seniň bilen gaýtdyk. Hudaýy çagyra-çagyra, kenara zordan ýetdik –diýip, kinesini ýaňzytdy. —Siz ozal derýadan gämili geçip gören dälsiňiz. Şonuň üçin biraz gorkansyňyz –diýip, ýetginjek ýene güldi. —Ýogsa-da sen näme üçin beýle köp gülýäň? «Köp gülen bir aglar» diýipdirler. —Men, agam, hiç haçanam aglamaryn –diýip, ýetginjek barybir güldi. Ýetginjegiň gülküsi halys degnasyna degen Sapar ondan azymly sorady: —Hawa, bärik geçireniň üçin näçe tölemeli? —Hiç zat –diýip, ýetginjek gämini yzyna çalasyn öwürdi-de, derýanyň üstüni örten garaňkylyga siňip gitdi. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |