06:51 Gaplañyñ gahary / hekaýa | |
Gaplaňyň gahary
Hekaýalar
Bir gezek kakam meni goraghana ýatymlaýyn alyp gitdi. Ol goraghananyň başlygydy. Men şonda dokuz ýaşlarymdadym. Daň atyp barýarka, kakam: —Nepes, tur, tur! –diýip oýardy. Ýaňy Gün dogup gelýärdi.Dag agaçlarynyň ysy garyşan howa ýakymlydy. —Oňa seret! –diýip, kakam ilkinji gün şöhleleri düşüp, diýseň owadan görünýän gaýa tarap goluny uzatdy. —Hol, çagalary bilen barýan gaplaňy görýärmiň? Ýuwaşja ýöräp, aňyrlygyna—pese inip barýan alabeder gaplaňa gözüm düşdi. Onuň yzynda iki sany çagasy hem bardy. Olar ejesiniň guýrugyny oýnap, birgeňsi tagaşyksyzja ýöreýärdiler. Onýança sürüji hem oýandy: —Näme bar-aý?! –diýip gyzyklandy. —Gaplaň –diýip, kakam jogap berdi. —Aý, ýog-a? —Hawa, zolak-zolak, ullakan gaplaň. Ýanynda iki sany çagasy hem bar –diýip, men kakamyň sözüni tassykladym. —Edil häzir hol dagyň ýapgyt ýerinden aşak düşüp gitdiler. —Menekli diýsene, bizde zolakly gaplaň köpden bäri duşanok –diýip, sürüji meniň sözüme düzediş berdi. —Ýok–how, zolak-zolak, uly gaplaň –diýip, kakam ýylgyrdy. —Serhetden bärik geçen bolaýmasa... Biz gaplaňy ýagşyja synlamak üçin goş-golamlarymyzy tizden-tiz ýygnaşdyryp, maşyna mündük-de, dagyň ýapgytlanyp jülgä inýän ýerine gitdik. Jülgä girmek üçin aşak düşüp, başga ýol bilen barmalydyk. Bu biziň bir sagat töweregi wagtymyzy aldy. Gün guşluk boluberende gaplaňyň inen ýerine aşyp, töweregimize ünsli äňedip ugradyk. Birdenem edil öňümizde, gyrymsy agaçlaryň arasynda biri-biri bilen basalaşyp oýnap ýören gaplaň çagalaryna gözümiz düşdi. Olar oýna şeýle bir gyzygypdylar welin, biziň maşynly golaýlaryna baranymyzy-da aňşyrmadylar. Näme üçindir olaryň ýanynda uly gaplaň ýokdy. —Hany olaryň enesi? –diýip, men töwerege bakjakladym. —Enesi şu golaýdadyr. Belki, aw peýläp ýörendir –diýip, kakam jogap berdi. Ýuwaşja sürüp, gaplaň çagalaryna mümkingadar ýakyn bardyk-da, maşyny öçürip, olary synlamaga durduk. Alabederje gaplaň çagalary biri-biriniň guýrugyndandyr aýagyndan dişläp, hezil edinip oýnaýardylar. Olaryň ýumşak, mymyjak tüýleri şeýle tämizjedi. Gözleri jylk-saryja, aýaklarynyň iç ýüzüdir garynlarynyň aşagy ak, beýleki ýerleri bolsa gyzgylt reňkdedi. Garamtyl-goňur zolaklar bilen dikligine, tä guýruklarynyň ujuna çenli zolaklangydy. Biziň olary synlap näçe oturanymyz belli däl, birdenem maşynymyz sarsyp, yranyp gitdi. —Ýer titreýärmi? –diýip, sürüji kakamyň ýüzüne äňetdi. Sebäbi daglyk ýerde wagtal-wagtal ownuk sarsgynlar bolup durýardy. Onýança-da, güňlenç arrylda tisginip gitdik. Arryldynyň yz ýany bilen maşynyň aýnasyndan ene gaplaňyň mähnet kellesi göründi. Ol art aýaklaryna galyp, öň aýaklary bilen maşynyň böwrüne batly-batly urýardy. Kakam: —Maşyny otla! –diýip, sürüjä buýurdy. Maşyny otlap, birden gaplaňy basaýmazlyk üçin ýuwaşlyk bilen yzlyn ýöräp ugradyk. Gazaba münen gaplaň maşynyň öňüne geçdi-de, kapoty penjeläp urup başlady. Onuň öňe geçmeginden peýdalanyp, badymyzy gataltdyk. Gaplaň bizi ep-esli aralyga çenli gahar–gazap bilen ugradansoň, köşeşip, çagalarynyň ýanyna dolandy. —Ynha, gaplaňly-da bolduk! Ýöne juda gaharjaň ekeni. Aljyradaýdy –diýip, sürüji ýüzüniň derini syrdy. —Ol bizden çagalaryny gabanyp şeýdýär –diýip, kakam düşündirdi. —Indi bir ýerde düşläp, ertirlik çaýymyzy bir içeliň. Maşyndan düşüp görsek, böwrüniň reňkleri dyrnaçaklanyp gopupdyr. Kapot ýemşeripdir. Çaý başynda kakam: —Ata aga aýtsag-a, begener –diýdi. Ata aga diýilýäni ýurdumyzyň haýwanat dünýäsini öwrenýän belli alymdy. Wagtal–wagtal bir hepde, on gün ýaly goraghananyň her ýer–her ýerräginde gurlan çatma jaýjagazlarda ýeke özi ýaşap, janly-jandarlaryň durmuşyny içgin öwrenýärdi. Baryp aýdan dessimize, Ata Öwezowiç: —Beýle bolsa, ony maňa görkeziň! –diýip haýyş etdi. Ýanyna surata düşürýän gural, bir-iki günlük azyk-suwluk tükelläp, goraghana ýatymlaýyn gaýtdy. Biz Ata agany hem alyp, ýene-de şol jelegaýa—Köpetdag goraghanasyna ene gaplaňy gören ýerimize geldik. Emma hernäçe gözlesek-de, ony tapyp bilmedik. Gözlegimizden netije çykmansoň, Ata aga lapykeç boldy: —Ol eýýäm serhetden aňryk aşandyr. Beýdip, aňsatjak ýerden gaplaňly bolarys öýtmäň. Onuň üçin goraghanany ýörite taýynlamagyňyz, aýrakdyr umgalaryň, gulanlaryň, ýekegapanlaryň sanyny köpeltmegiňiz, uly gaplaňlar ýaşar ýaly şert döretmegiňiz gerek! Eger olar, birden aw tapman, hojalyk malyny parçalaýsa, onda mal eýesine çykdajyny tölär ýaly gazna bolmaly. Bu zatlary iki-üç bolup däl-de, köpleşip, döwlet möçberinde etmeli. Onsoňam, araçäkden geçen il gaplaňyna göz gyzdyrman, gaplaňy özüň edinip, öz gaplaňyňy goýbermeli. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Bagtymyzyñ başy bolsun-da... / hekaýa - 22.12.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |