18:11 Gara ýyldyrym -20/ romanyň dowamy | |
20.
Romanlar
Eşret oýansa-da, aýnalyp bilmän heläk boldy. Huşundamy, düýşündemi, ýeriň astynda ýatyrmy, üstünde ýatyrmy – akyl ýetirip bilenokdy. Birden tümüň içi bilen başaşak gaýdýardy, çarhyň ýüpünden eli sypýardy. Ol aýylganç ses bilen gygyrýanyny bilýärdi, ýene öz sesini özi eşidenokdy. Aşakda, dikanaň düýbünde üýşüp ýatan ak süňkleri görýärdi. Töwerek tümlük-de bolsa, süňklerin agaryp ýatandygy Eşrediň gözüne ilýärdi. Ol letde kimin gaýyp gelşine häzir şol süňkleriň üstüne düşmelidi. Düşmänkä süňňün-de agyrynyň yzasyny duýdy. Birden ak süňkler ýom-ýok boldy, göwresiniň ýerde ýatandygyny bildi. Tümlük aýrylanoky. Töwerek gyzgyndy, Eşrediň süňünden göterilýän gyzgynlyk agzyndan howur bolup çykýardy. Kellesi ýumşak zadyň üstündedi. Maňlaýyndaky agyry ýüregini bulaýardy. Burnuna ýakymly ys degýärdi. Ol dikananyň düýbünde ýatandyryn öýtdi. Kellesiniň aşagyndaky ýumşak zady saýgaryp bilmedi. Ýassykdyr güman etdi, geň galdy. Ol zat ýylydy, ýakymlydy. Soňra ol ýüzüne el degýändigini saýgardy. Ýüzüne suw sepildi, ýakymly ys artdy, Eşrediň burny gijedi. Asgyrjak bolanda, süňňüniň agramyny, agyrsyny duýdy. Garankylyk aýrylmady. Ol dandanlar huşuna geldi. Ýagyş ýagýardy. Siňňitli ýagşyň şybyrdysy diňe ertir çagynyň asudalygyny aňlatmady. Eşret ondan durmuşyň tukatlygyny duýdy. Onuň ýaşamaga höwesi ýokdy. Biri beýlekisine meňzeş agyr hem umytsyz günler ony halys irizipdi. Ýagşy güne, erkinlige çykjagyny bilseň, onda zorluga, süteme mert durup döz gelse-de boljakdy, emma Eşredi näbelli ýagdaý köseýärdi. Onuň diridigi Ispendiýar begiň bireýýäm ýadyndan çykan bolmagy-da ähtimaldyr. Diridigini oňa ýatlatjak adam beri barmy? Gotur pürsiýanyň erki ýetmez. Gotur pürsiýanyň bolşunda Ryzanyň ýadaw ýabysyna meňzeşlik bar. Olaryn ikisi-de durmuşdan ýadapdyr, olaryn ölmäge-de erkleri ýetmeýän bolsa gerek. Eşret düýnki ahwalaty ýatlady. Jardan süýrenip çykyşyny bilýärdi, Ryzanyň oba tarap ugrany-da ýadyndady, ýene çukura öz aýagy bilen ýöräp gelenini hakydasyna getirip bilmedi. Uzak gynamalardan soň ysgyna-huşa gelsin diýip taşlanyp gidilen bolsa bilýärmiň? Herne, aşagyna köne keçäniň bölegini ýazypdyrlar, üstüne donuny atypdyrlar. Garaňkyda ýatyrka, kellesiniň aşagynda ýumşak hem ýyly zadyň bolandygyny unutmandy. Ony ýassykdyr öýdüpdi. Häzir çukuryň içine esewan boldy, ýassyk görmedi. Baş ujunda suwly küýze, el ýaly çörek, köke mis okarada ýüzüniň ýagy gyrpaklap giden nahar durdy. Üst-başyndan, kirli telpeginden ýakymly ys göterildi. Ol ys sonar meýdanyň ysyna meňzeşdi. Eşret haýran galdy. Bu ýakymly ys tümlükde ýatyrka-da onuň burnuna urupdy. Maňlaýyndaky ýaranyň töweregini arassalapdyrlar, ýag çalypdyrlar. Birden ak öýmeli gyz hakydasyna geldi. Bu zatlar şol gyzyň işimikä diýdi. Dogrusy, pikirini tassyklamaga ýaýdandy. Jahan ýagtylanda, çukuryň üstünde gyzyň özi peýda boldy. Ol hemişeki bolşy ýaly, töwerekden ätiýaçlydy, görejinden eýmendiriji ýitilik aýrylmandyr. Kellesine atan gara ýüpek ýaglygynyň iki ujuny alkymynyň aşagynda daňypdyr. Gözi elek-çelek bolsa-da, çukuryň içine dikanlap seredenden soň, töweregi unutdy. Eşret oňa: – Git – diýdi. Gyzyň düşünmeýändigini aňyp, eli bilen düşündirjek boldy. – Hyzmat etdiň, Taňyrýalkasyn... git, indi gidäý. Gyz ýylgyrdy. Onuň dişleri ap-akdy, maýdady, boýnundaky akja monjuklaryň düzümine meňzeşdi. Ýumry göwüsleri aşak-ýokary galyp, onuň tolgunýandygyny äşger etdi. Ol bir zatdan hantama ýalydy. «Meniň süýji sözüm bar, oňa-da sen düşünenok». Eşret: eglenmez, gider diýdi, ol Eşrediň diridigini gördi, ynjalandyr, gider. Gyz çukuryň içine merdiwan sallady, gaýdyrylyp aşak düşdi. Aýagyndaky burny jaýty ýumşak köwşi kiçijekdi, gelşiklidi. Oňa derek topuklary ýumrudy. Kiçi geýminiň aşagy bujaklydy, içi howaly ýaly tolkun atdy. Süňňüniň ýeňilligi onuň lybasyna-da ýeňillik berýärdi. Olaryn hersi çukuryň bir tarapynda durup, biri-birine garady. Gyzyň çekgesindäki, dodagynyň gyra-syndaky ýygyrtlar onuň ötüşendiginiň alamaty bolup göründi. Emma uly gözlerindäki, gelşikli dodaklaryndaky näziklik entek sowulmandyr. Eşret: – Kim sen? – diýdi. – Gorkanokmy? Çyk bu taýdan, duýsalar ýaman bolar. Gyz Eşrediň gepleýşinden lezzet alýan ýaly ýylgyrdy. Çukura düşensoň, ýagty ýalançynyň ätiýajy tükenen dek, bigam göründi. Onuň bigamlygy Eşredi gorkuzdy. – Git, çyk bu taýdan, özüni horlarsyň. Gyz Eşrede golaý baryp sakga durdy. Indiki hereketiniň amatyny onuň ýüzünden aňjak bolýan dek, ýiti-ýiti seretdi. «Akyly ýerinde bolmasa, nätmeli bolar?». Eşret diwara ýaplandy, ätiýaçly garaşdy. Gyz onuň maňlaýyndaky ýara elini ýetirdi. Barmagyny assa ýöredip, ýaranyň töweregini basyşdyrdy. Agyryny öz teninde duýan ýaly ýüzüni çytdy. Soňra juda gysbylygyndan, göwüslerini has ýumry görkezýen mahmal keltekçesiniň etek kisesinden guty çykardy. Başam barmagyny sokup, akjyk ýagyň çyrşagyny ýara çaldy. Onuň ýüzünde-gözünde edýän işinden hoşallyk bardy. Edenini az gördi. Gursagyndan ikinji gutyny alyp, onuň içindeki suwy Eşrediň üstüne sepdi. Ýakymly ys çukuryň içini doldurdy, dünýä ýaýrady. Eşret ýalbardy. – Mundan zyýat durma, uýam, gideweri. Eşret biynjalyk boldugyça gyz öwrenişdi. Iýilmedik owkaty üm bilen görkezip, başyny ýaýkady, gynanjyny aýan etdi. Uzak eglenmän gotur pürsiýanyň geljeginden bihabardyr. Eger habarly bolsa, pürsiýandan çekinýän däldir. Neneňsi ýagdaý bolanda-da, ol çaltrak çykyp gitse amatlydy. Gyz iki elini yzly-yzyna agzyna ýetirip, iý diýen yşarat etdi. Eňegini süýndürip, barmaklary bilen owurdyny çökerdi. Ol Eşrediň horlananyny görkezýerdi. Eşret gyssanmaç başyny atdy. – Iýerin, iýerin, zat goýman – diýdi. Diýip durka-da, bu naçar lal bolmasyn diýen pikir kellesine urdy. Pikirini tekrarlaýjak degerli alamat görerin öýdüp gyza siňe-siňe garady. Gyz hoşal ýylgyrdy, gelşi ýaly çukurdan çalasyn çykyp gitdi. Gyzyň ýumry göwüsleri Eşrediň göz önünden aýrylmady. Onuň ýumşak barmaklarynyň tenine degendeki ýakymy ýaş ýigidi bir dem süýji duýga maýyl etdi. Depesinden dabanyna çenli, on iki sünnüniň her bogumynda dörän sarsgyn zynjyra düzülip geçip gitdi. «Bu dünýäde seniň görjegiň näme diý, Eşret. Seniň ynsabyňa kim düşünjek, kim sarpa goýjak. Hünkaryň ala göz arwatlaryny guçan, Görogly, bize nyşan görkez, maslahat ber, zaňňar. Gelin-gyza gezek gelen-de, ýaş ýigidiň messebi niçik bolar? Bir başa bir ölüm diýeýjekmi? Bu ýalançyda sapa bilen jepa goşalanyp gelýändir diýjek bolsaň, biz-de bahana tapman durmarys. «Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna» diýäýsek, ýolumyzdan çykyp, «namart zaňňar» diýip käýinip durasyň ýok-la...». Gotur pürsiýan ony aýak ýoluna alyp çykanda ýagyş diňipdi. Bulutly asman ilerdeki daglary görkezmedi. Eşret baga hyrydar garady, gyzy görmedi. Agaçlar ýaprakladygyça, bag gürelip barýardy. Bol ygaldan soň, sonar meýdanyň paşyrdap oturyşy ýaly, agaçlaryň ýiti reňkinde doýgunlyk, juwanlyk alamaty bardy. Şahalarda jürküldeşýän guşlaryň sesi bagyň sapasyny, töweregiň imisalalygyny artdyrýardy. Eşrediň agyr göwresi ýeňledi, ýaşamaga bolan höwes dolanyp geldi. Ýakymly tolgunma damarlaryndan akýan gana ýylylyk berdi. Ony bu gün çukurda galdyrdylar. Uzakly güni gijäniň gelerine garaşma bilen geçdi. Ol aldanmady. Aýak ýygnanyp, mal-garanyň sesi ýatanda, çukura merdiwan sallandy. Çybşyldy, ýakymly ys gyzyň gelendigini duýdurdy. Onuň ýelgini gyrada galpyldap duran Eşrediň ýüzüni ýelpäp geçdi. Çukuryň içi ýylady, diňe garaňkylyk galdy. Eşret garaňkylyga şükür etdi. Gözler birek-biregi görmedik halatynda elleriň hereketine erkinlik aralaşýardy. Ol golaýdan gyzyň dem alşyny duýdy. Soňra sermenýän barmaklar Eşredi tapdy, onuň maňlaýyny sypady, üstüne gül ysly suw sepdi. Ýumşak eller gözüni, duluklaryny, gyrçuw eňegini sypady. Gyzyň ýyly demi Eşrediň ýüzüne urýardy. Dem alşy gataldy, çaltlandy. Barmaklaryň ujy titredi. Eşret pynhan äheňde: – Sen kimin gyzy? – diýdi. – Adyňy-da bilemok. Gyz Eşrediň zynjyra baglangy elini ýuwaşlyk bilen galdyryp, egniniň üstünde goýdy. Eşrediň eli mymyjak geýime degdi. Tisgindi. Gyz eginlerini towlady, matanyň ýumşaklygy bilen gyz teniniň ýumşaklygy garyşdy. Ýakymly gowşaklyk Eşrediň süňňüne ýaýrady. Ol henize deňiç beýle ýakymy duýmandy. Birinji gezek onuň eli gyzyň bedenine degipdi. Gyz oňa ýumry göwüslerini güjeňledi. Ýüpek lybasyň aşagynda olar titredi. Eşret gyzyň alkymyny sypady, gyz özüni onuň gujagyna oklady. Eşrediň goltugyna ot düşene döndi. Ol gyzyň bilinden tutup özüne tartdy. Ýalanaç, salkyn göwse gyzgyn dodaklary degdi. Ýelmeşen iki beden düýbi çapylan pudak ýaly aşak gaýtdy. Zynjyryň şakyrdysy, gapdala zyňlyp döwlen küýzäniň sesi ümsüm dünýäniň depesinden zenzele bolup indi. It üýrdi. Eşret gyzy itekledi, lampa özüni ýere goýberdi. Gyz eglenmän çukurdan çykdy. Itiň sesi galdy, töwerege ýene öňki ümsümlik aralaşdy. Gyz gaýdyp gelmedi. Eşret egirt dartgynly pursatdan soň gowşan süňňüni ýerden galdyrman ýatyşyna «Herne, Hudaý sowdy» diýdi. Ol süýji lezzetiň ortasyndan binesip galany üçin sakçy köpege, golundaky zynjyra käýinmedi. Baş goşan oýnunyň howsalasy oňa indi ýetişdi. Duýlan bolsak, olar gyzy-da öldürerdiler. Gyzy öldürmezlige hiç hili esas görmedi. Olaryň ornunda özüm bolsam-da, öldürerdim diýdi. Ar-namysyň kadasy şeýledi. Şol kadanyň ganly düzgünini äsgermän, töwekgellige ýüz urşuna Eşret haýran galdy. Şol bir mahalda-da, ýüreginiň pynhan ýerinde gyzyň dolanjagyna umyt saklady. Gyz ol gije gara bermedi. Ertesi-de ony kärize äkitmediler. Gotur pürsiýan çukurdan çykaranda howluda Ryza duran ekeni. Onuň egnindeki gyrmyzy jähekli, ýakasyna goçbuýnuz salnan agar çäkmen Eşrediň ünsüni çekdi. Ryza muny duýdy. – Türkmenlerden dedeme ýeten serpaý, berk zat ekeni – diýip, çäkmeniň bir syýyny galdyrdy, emaý bilen sypady. – «Türkmenlerden ýaňa agyran ýerim ýokdur – diýerdi. – Olaryň kalby giň, türkmeniň häsiýetini biljeň bolsaňyz çölüne çykyň» diýip sargardy. Dädem ýomutlaryň guýusyny-da gazyp beren adam. «Niýetini ýagşa tutup çölüne barsaň, goýun kysmy, hakyna kaýyl, merhemetli adamlary görersiň. Dag bilen seri bolmaz – diýerdi. – Türkmen daga çyksa, daşy gabalan möjege dönäýer. Sebäp, biz olary möjekdir öýdýäris. Dädemiň sözüne bu ýurtda akyl goýýan az-az. – Soňra Ryza Eşredi başdan-aýak synlady, ýöne hal-ýagdaýyny soramady. – Men dowzahyň bardygyna şükür edýän. Her kim dowzahda öz eden günäsi üçin ýansa gowy... Ol gün biraz öte geçäýen-de bolmagym ähtnmal. Sen menden göwün edýän bolma, ýagşy ýigit? – Göwün edemde üýtgejek zat näme diý. Agyr ýük urlan düýe janawar öýke bilen ýüzüni kese-kese sowan bolýar. Düýekeşiň nä derdi... – Dünä: boýnuň egri diýseler, heý meniň dogry ýerim barmy diýipdir. Düýe akylly haýwan, öz egrisini bilýär, adam bilmez, bilse-de boýun almaz. Adamyň başyndan bimöçber sütem inende, ýüregi daşa döner ekeni. Ähli zady öz betbagtlygynyň çägi bilen ölçär ekeki. Kişiň etmişini seljerjek-de bolup duranok, gaýta ony öz betbagtlygyna dahyllydyr öýdýär, öz islegine laýyk jezany saýlap tutýar. Kim-de bolsa biriniň jeza çekýändigini görse, hamala, derdi ýeňläýjek ýaly. Şol häsiýet özümde-de bar. Körpe gyzym kürtleriň eline düşdi. Sekiz ýyldyr, derek ýok. Kürt obalaryna ýekän-ýekän aýlanyp çykdym. Owganlara satandyrlar diýdim, ideg-soragy bes etdim. Nedir owganlary Eýrandan kowdy, ýitgimden derek çykar tama bilen ýene gulagymy gabardyp gezdim, çykmady... Geçen gije ýatyrkam, öz ýanymdan pikir öwürýän: E-eý, Ryzaguly, seniň gyzyň aýatda diri bolsa, bir näkesiň gapysynda gyrnakdyr diýdim. Eýran-da bir bozulan ýurt, munda il çapýan, ýurt çapýan gytmy. Eýsem-de bolsa, şol adamlaryň gabahat işi üçin seniň gyzyň jeza çekmeli-dä? Sen şony unajakmy diýýän. Eýranlylar öz bähbidine gezek gelende gahardan paýhasa ýakyndyr. Bu dünýäde bolýan adalatsyzlygy ahyr pellede düzetmek Allanyň işidir. Ol dowzahy ýene ýere ýaradan däldir. Ryza öz derdini aýdanda barha kiçeldi, derdiň alamaty ýüzüne-gözüne çykdy, has-da garry göründi. Eşret öz atasyny göz önüne getirdi. Ol näme diýýärkä? Bagyň gyrasynda ak öýmeli gyzyň peýda bolmagy Eşrediň erkini aldy, ol gapdalynda Ryzanyň duranyny unutdy. Gyzdan gizlin yşarata garaşýan ýaly gözüni aýyrmady. Ryza: – Naçaryň dili ýok, lal – diýdi. Eşret biperwaý boljak boldy. – Ispendiýaryn nämesi? – Agasynyň gyzy. Ýetim. Enesi-atasy owganlaryň elinden öldi. Owganlar-da Eýrana pes ýagy bolmady. Eýran çökdi-i, Eýran batgada ýatyr. Hudaýyny ýitiren ýurduň gününe it aglasyn. Eýranyň tagtyna çykan özüni Jemşitdirin öýdýär. Jemşidiň Hudaýy başgady. Gadym zamanda Eýranyň üstüne aýylganç boragan inipdir. Keramatly Ormuzd Eýrana täze mekan taýýar edip goýupdyr. Howasy maýyl, topragy bereketli ýurdy saýlapdyr. Jemşit halky yzyna tirkäp, sapaly mekana gaýdypdyr. Bu batgadan Eýrany çykarjak barmy?! Gyzylbaşyň bili omruldy. Ysmaz göwräni süýremäge Nediriň takaty ýetmez. Nedir gelmişek. Awşarlar Eýranyň ýyrtyk geýimine düşen ýamadyr. Bir mahal awşar iliniň baýdagynda ak laçynyň şekili bolanmyş diýýärler. Laçyn uçmak üçin ýaradylan jandar. Nedirin-de uçasy geler. Eýrany götererden guşuň ganaty ejizdir, oňa ýolbarsyň bilindäki güýç lazymdyr. – Ryza Eşrediň diňlemeýänini, ähli ünsüniň gyzdadygyny bilse-de, ýaş ýigidiň töwekgelligine geň galmady, sebäbi gyzyň bolşundan, garaýşyndan ýakymsyz aç-açanlyk duýdy. – Lal bolany üçin oňa hyrydar ýok. Elbetde, begiň öz gyzy bolan bolsady, hyrydar tapylardy. Beg ol naçara mülk-de bermez, gara şaýy-da rowa görmez. Barlylar ony idemez. Garamaýak bilen garyndaşlygy beg namys biler. Ýeri, munuň gyrnakdan tapawudy nämemiş?.. Ryza derwezeden çykmanka gotur pürsiýan Eşredi çukura saldy. Eşret özüni kötekledi: «Akmak sen, ejize ganym sen. Haram oýna baş goşan eş-şek sen! Sende wepa-da bolmaz, sapa-da bolmaz. Zyba kimin halal maşgala göwün bereniň çyn bolsa, bu oýnuň näme, Eşret? Şeýtanyň aldawyna gitdiň». Dili bu sözleri aýtsa-da, entek öz ýanyndan belli-külli karara gelip bilenokdy. Gyzyň açyk göwüsleri ýadyna düşende, ýaş ýigidiň bedeninde gyjynma döreýärdi. Ol Göroglyny ýada salýardy. Öwez ogluna Gülruh jany alyp gelýän Göroglyny ýatlaýardy. Säher çagy Gyratyň syrtynda ýatan näzenini synlap zaňňaryň göwni bozulýar, haram keýpiň humary onuň kalbyna ýaman niýetin tohumyny taşlaýar. «Ä-äý, bi keýpiň derdeseri zor bolmaga çemeli. Görogly kimin gerçegi ejizledenden soň, sen näme diý». Eşret ak öýmeli gyzyň betbagtlygyna ynandy. Gyzyň, bolşunda kimedir birine bilgeşleýin ýamanlyk etmegiň kastyna çykan adamyň erjelligini aňdy. Eşrede kast etmek üçin-ä özüni beýle kemsitme duçar etmejegi belli. Eşret ol naçara näme ýamanlyk edenmişin. Ol şum täleýini öňi bilen-ä Alladan, galyberse-de, Ispendiýar begden görmeli. Ryza ýönelige gelen bolmaly däl. Ryza zeminiň astyny dörüp ýören adam, ýylanyň gäwüşinden habarlydyr. Ol ýaňky gyz babatda Eşrede duýduryş berip giden bolmasyn? Eşret gyzyň amatyna garap, ýene geljegini bilýärdi. Ol pahyr haram keýpiň yşgyna duşup, beýle hatarly işe baş goşmazdy. Onuň ýüreginde gahar-gazap, täleýine biperwaý garaýan adamlara ýigrenç bardyr. Şol adamlary toba getirjek bolýandyr. Neneňsi bolanda-da, biçäräniň etmişi gelşiksizdi, masgaralykdy. Eşret gelşiksiz ýagdaýa özüni şärikli saýdy. Ýaňadan käýinmäge oturdy: «E-eý, sen-ä dikduşdi adam ekeniň, Eşret. Haram keýpiň hyýalyna maýyl bolan Göroglynyň eden puşmanyny ýatla. Gül ýaly gyzlar bilen bir düşekde ýatyrlan halatynda, aralykda goýlan gylyçdan geçmedik ýigitleriň sabry-takady sende ýokmuşmy? Ýigitler bilen üýşülende, pynhan keýpiň arzuwyna maýyl bolup otursaň oturypsyň-da! Naçar maşgalanyň betbagtlygyna şärik bolasyn gelýärmi? E-eý, sen-ä eşek ekeniň, Eşret!». Ol çukuryň düýbunde düwdek bolup ýatdy. Gyzyň ýyly demi, ýumşak lybasyndan göterilýän ýakymly ys, has beteri-de, ýumry göwüsleriniň titräp durşy bitip barýan ýaranyň töwereginde dörän gijilewük dek, Eşredi erkine goýanokdy. Häzirki ýatyşy awuny penjesine gysan-da bolsa, tä gymyldysy galýança onuň üstünden aýrylman oturan ýyrtyjynyň bolşuna meňzeşdi. Eşret ýakymsyz, uýat duýgusyny öldürjek bolýardy. Onuň serine başga-da bir pikir geldi. Lal biçäre Eşret bilen baş goşup, ömürlik duzaga dönen ýigrenji howludan sypmagyň aladasyny edýän bolmasyn? Ýalnyzlygyň derdi etinden ötüp, süňňüne ornan gyzyň töwekgelligi neňensi geň-de bolsa, onuň bolşuny tasa getirmege naçaryň gözgyny ykbalyndan delil agtarsa boljak. Göwün islegini düşündireýin diýse, dili ýok. Seni duýgusyna maýyl etdi, hä diýmän boýnuňa kement taşlar. Soňra kementden sypmaga seniň ynsabyň çatmajagyna bil baglany üçin töwekgellige ýüz uran bolsa nätjek? Eşret öz bolşuna aklamaga delil tapmady. Sen haram keýpe maýyl bolan ekeniň, Eşret, diýdi. Naçaryň umydyna talaň salsaň, ömürlik ýüzüň gara bolar. Sen lal gyzyň yzyna düşüp, begiň bendiliginden dynanda-da, soňky borja kaýyl bolmarsyň. Seniň ýüregiňde Zybadan başga gyza orun ýok. Şuny bilip durkaň, naçary köseme. Haram nebsiňden el üz, haram keýp gursun!.. Gije çukura merdiwan sallandy. Eşrediň gözi zat görmese-de, çybşyldydan gyzyň düşüp gelýändigini bildi. Ýerinden galmady, burça dykylyp oturdy. «Wah, seniň dilin gepleýän bolsady, meniň dilime düşünýen bolsadyň, men seni saklardym, gaýtarardym». Gyz sermenmän, göni Eşrediň ýanyna geldi. Eşret: – Gözleriň gije-de görýän-ä däldir – diýdi, şol bada-da diýenine ökündi. Gyz onuň ýüz-gözüni sypady, üstüne gul suwuny sepdi. Eşret gymyldamady. Onuň gymyldaman oturyşyndan ýaramaz mamy çykaran ýaly, gyz howlukdy, özüni Eşrediň üstüne oklady. Gyzyň ýyly demi Eşrediň boýnunyň ýüzüne ýalyn bolup çabyrady. Ýigidiň ýüregine, bedenine ot berdi. Eşret gymyldamady. Gyz ony çekeläp başlady. Eşret maslygyň üstüne gonan çaýkeli göz önüne getirdi. Çaýkel maslygyň haýsy tarapyndan ütüp başlajagyny bilmän, onuň eýlesine-beýlesine geçýärdi. Häzir gyzyň bolşy şony ýatlatdy. «Alla jan, sabyr-takat bereweri! Eýýup pygamber, seniň çydamyň maň-da medet bersin». Gyzyň ýüpek lybasy, ýumry göwüsleri onuň çöpür basan ýüzüni sypady. Eşret gymyldamady. «Türkmen yňdarmadyr, bir ugra ýapa salanda, bady gaçaýýança oýlanmasy bolmaz. Bady gaçdygy bolmadygydyr, durar, iki aýagy ýere gömülen ýalydyr». Gyz göwüslerini ýalaňaçlady. Eşrediň ellerini gahar bilen garbap aldy, mämeleriniň üstünde goýdy. Ýumşak butlaryny Eşrediň butlaryna oýkady. Eşret gymyldamady. «Nireden sataşdyň sen, sataşman geçen». Gyzyň hereketi barha gözilginç boldy. Ol Eşredi garsa gujaklap, eňeginden agyz saldy. Onuň bolşundan aýylganç many duýsa bolýardy. Ol etmişiniň masgaraçylygyna düşünip, oňa şärik bolmakdan boýun towlaýan adama göz görkezjek bolýan ýalydy. «Demligime ýapyşmasa-da biridir». Gyzyň haşyldysy artdy. Bu haşyldy haram keýpiň oýnuna maýyl bolan adamyň sesinden üýtgeşikdi, onda gahar-gazap, janyýangynlylyk duýuldy. Soňra ol Eşredi bir gapdala ýykdy. Ýenjip başlady, tüýtmeledi, çem gelen ýerinden penje urdy. Iň ýamany, onuň çigninden agyz saldy. It kimin çyňsady. Ýokarda it üýrdi. Eşret gyzyň üstünden aýrylaryna garaşdy. Gyz aýrylmady. Elini işledýänini az gördi, depdi. Ahyry-da, gotur pürsiýanyň gündiz getirip goýan abat küýzesini Eşrediň depesinden inderdi. Küýzäniň döwükleri töwerege pytrap gitdi. Eşrediň dulugyndan ýyly gan akdy. Sakgal sapynyň başlanýan ýerindeki ýumry süňküň üsti dilnipdir. Gyz gidenden soňky ümsümlige din salyp ýatan Eşret göwrümine giňlik saldy: «Gyzyň urdugy Hudaýyň berdigidir, Eşret» diýdi. Sähel salymdan bolsa, başgaça pikire maýyl boldy: «Gyz gahary düýäniň gahary ýaly ýamandyr, aňsat sowamaz. Ol aldananyna, kemsidilenine çydamaz. Ispendiýar bege edýän gaharyny-da senden çykarar. Indi dependen gaýnag suw guýulsa, daş zyňylsa, ýatan çukuryna zäherli ýylan düşse, geň görmegin, Eşret...». Ertesi ikindin kärizden gaýdyp gelende Ispendiýar begiň gapdalynda gaba telpek türkmeni gördi. Ilki bada gözüniň görýänine ynanmady. Ispendiýar beg hokga çykarjak bolýandyr diýdi. Ýaş heleýiniň ýanyndan çykman ýatan bege oýun gerekdir. Adamyň kellesi boş boldugyça, başy dik bolar ekeni. Akyl deregine seniň kellende ýel öwüsýär, Ispendiýar beg! Eşret begiň gapdalyndaky durana içgin garadygyça, onuň türkmendigine ynandy. Egninde inçe dokalan mele çäkmeni bardy. Aýagyndaky ädik welin pürsiýanlaryňkydy. Ýüzi ýasydy, eňegi ýaýbandy. Agzy kiçidi, burny guşuň çüňki ýaly egrelip durdy, gözleri ýitidi. Eşret ýomut bolaýmagy-da ähtimaldyr diýdi, salam berdi. – Waleýkim essalam, bally, bi irişmeleriň ne bela, pürsiýanlaryň senden gorkusy az däl-ow, wä-ä... Ol keýp bilen güldi. Onuň gepleýşi dawa edýäniňki ýaly çaltdy, sesi belentdi, ýitidi. Eşret Ispendiýar begiň arkaýyndygyna haýran galdy. Gapdalynda türkmen durka, neneň ol arkaýyn bolup bilýärkä? Bu dünýede oýun köp, kim dost, kim duşman» seljerer ýaly däl. Käpir diýip Eşrediň goluny baglap, depesinden taýak inderýärler. Bu türkmen käpir dälmikä? Her näme-de bolsa, Ispendiýar begiň gapdalynda türkmeniň deň durup, gep urşy Eşredi buýsandyrdy. Türkmen madyrdap, parsça gepledi. Onuň sözüne Ispendiýar beg pöwhe gülksi bilen jogap berdi. Soňra ol gotur pürsiýana haýbat atdy. Gotur aýagy bişen dek zowzuldap, Eşrediň daşynda aýlandy, zynjyrlary aýyrmaga durdy. Türkmen: – Ä-äý, bi pürsiýan diýlen adam köwek-daýt – diý-di. – Dilini bilseň amat, bulary öwseň bolany. Dilini bilmeseň ýoluňdan ýöretjekmi diý. Seniň-de azamat göreniň çyn, bally. Biziň adymyz Küren, Küren aga diýseň-de gelişmän durmaz. Ispendiýar begiň-de saňa göwni ýetipdir, gazap ýigit ekeni diýdi. Ýalbarmansyň, aýagyna-da ýykylmansyň. Men-de bege diýdim, merdi ideýändirin, namardyň ýüzüne köz degsin diýdim. Küren şowhun bilen güldi, güleniniň sebäbini bege düşündirýän ýaly parsça gepledi. Eşrediň elini boşatsalar-da, ol bolýan ýagdaýa düşünmän, asmandan gaçan ýaly bolup durdy. Küren: – Beg bilen agyşdyk1, bally, seniň azat bolanyň çyn – diýdi. – Alaşany-da bererler, gün ýaşmanka kerwensaraýa barsak ýagşy. Gün ýaşandan soň pürsiýanyň towukdan tapawudy boljakmy diý, ýedi gapynyň aňyrsyndan gözlegin bulary. Ä-äý, men pürsiýany öz ýomudymdan-da zyýat bilýän. Ölen adamy ýere gömmän gaýdyşlary pis-daýt. Etini it-guş iýsin diýer-de, jesedi daga zyňar gaýdar. Soň-da süňküni çöpläp ýörendir, halta salar-da Maşada ýollar. Alyp giden adamyň ynsabyna seredýär, Maşada ýetmän orta ýolda zyňyp gaýdýanlar-da barmyş. Eşret alaşasyny münüp durka, baga tarap esewan boldy. Ak öýmeli gyzy görmedi. Gynanmady, gaýta onuň çykmanyna şükür etdi. Gotur pürsiýan başyny galdyrman, begiň buýrugyny eşitmäge häzir bolup durdy. Onuň üçin Eşret ýatakdaky maldan enaýymy, boşat diýildi, boşatdy. Nirä gidýäni, kim bilen gidýäni oňa atyň gulagy ýaly. Ol kemteresinden Eşrediň ýüzüne-de garamady. Ispendiýar beg Küren bilen hoşlaşdy. Biri-birinden gaty gepläp, soňra-da bile güldüler. Küren Eşrede: – Begiň diýýän gepini eşit – diýip gygyrdy.– «Elliden geçen erkek ýaş gyza öýlenmese, ýüreginde arman galar» diýýär. Ispendiýar beg mertebesi peseler öýden bolsa gerek, Eşrede garamady, uzak eglenmän, baga tarap ýöneldi. Eşret oňa ýigrenç bilen garady. Galadaky naçar gyz diktumşuk begiň ýadyna-da düşýän däldir. Derwezäniň öňünde garry pürsiýan Küreniň atyny saklap duran ekeni. Olar üç atly bolup, aşakdaky oba tarap sürdüler. Küreniň keýpi çagdy. – Pürsiýan heleýler tenine surat çekdirýärler – diýdi.– Astrabatda özüm-de gördüm. «Bi göwsündäki guşlarda ne alamat bar?» diýdim, «Saýranda görersiň» diýdi. – Küren buduna şapbat urup güldi. – Bularyň musulman boluşlary-da geň-daýt. Ol soňra Astrabat şäherinde at alşyny gürrüň bermege başlady. Eşret öz pikirine gümrady. Garaňky çukurda ak öýmeli gyzyň tenini görüp bilmedi, ähtimal, onuň teninde-de surat bolandyr. Surat göräýen bolsa-da, Eşret ony adam ogluna aýtmazdy. Erkekler magtanan çagy aýal maşgalany kemsidýändiklerine düşünenoklar. Barybir Eşret ak öýmeli gyzyň önünde özüni ýazykly duýdy. Küreniň, Ispendiýar begiň sözlerini eşidende, onuň ýazygy has-da artýardy. Öz-özüni kötekledi. Haram duýga maýyl edip, naçaryň derdini artdyrdyň. Hudaý uranyň öň derdi gytmy. Günä iş bolmadygyna şükür et, eýsem-de bolsa, meýliň bardygyny duýdurdyň. Eýse, sen naçaryň pikirini, islegini bilýärmidiň? Belki-de, ol seni bendilikden boşadyp, seniň sebäbiňe özi-de zyndan ýaly aýylganç galadan boşaryn öýdendir? Seniň soňky ýaýdanjyňdan özüçe many çykarandyr: «Meniň islegimi duýdy, gorkdy, erkege gelişmeýän namartlyga baş urdy» diýändir? Näme diýseň diýip oturmaly, Eşret ýazygyndan gaçmady. Duýdansyz miýesser eden azatlyga begenmelidi, telpegini asmana zyňmalydy, gaýta öňünde minnetli aş goýlan ýaly, ýaýdanjy artdy. Küreniň alçaklygy jogaby kyn matala öwrüldi. Ol Ispendiýar begden sypyp, Küreniň eline düşen bolmasyn?.. ________________ 1 Agyşmak – ylalaşmak. | |
|
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -17: romanyň dowamy - 23.10.2024 |
√ Duman daganda: Dumanlar, gümanlar... - 11.06.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Bäşgyzyl -30: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -2: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
√ Gala -8: Duşuşyk - 16.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |